ÝALTANYÑ OGLY
Gadym zamanlarda türkmen obalarynyň birinde, Ýalta diýen bir adam ýaşaýan eken. Ol adam şeýle bir ýalta eken welin, asyl öz adyny aýtmaga-da ýaltanypdyr. Şonuň üçin oba adamlary oňa Ýalta diýip at goýaýypdyrlar. Bu ýaltanyň aýalyna bolsa Sansyz diýer ekenler. Ol öz adamsyndan hem on esse dagy ýalta eken. Bu iki ýalta är-aýal örän garyp günde ýaşapdyr. Olaryň ne iýer ýaly çöregi, ne-de bir düşenere düşekleri bareken.Olar bir döwüm nan diläp gelse, her kim işigini ýapar eken.
Her kim olara:“Sizem , il ýaly işläň, halal gazanç edip ýaşaň“ diýip, käýinse-de, Ýalta:
--Ýok, ýok, ýaltaçyly maňa ata-babalarymdan mirasdyr. Men olaryň bu mirasyny aýap saklap, geljekki kowumlaryma ýetirmeli! - diýip, niräniň ýok gürrüňlerini tapar eken.
Günleriň bir güni bu iki ýaltanyň bir ogly dünýä inipdir. „Öň bu iki ýaltadan bizar bolup ýördük. Indi olaryň üçünjisem doguldy. Olar üç bolup, bizi öňküden beterräk bizar etse gerek“ diýip, adamlar oglanjyga Bizar diýip at dakypdyrlar.
Haýran galaýmaly, Bizar şeýle bir çalt ösüpdir, sähel günde ers-mers bolup barýarmyşyn. Özem juda akylly eken.
...Günlerde bir gün Bizar meýdanda ygşyldap oturan ýetişen bugdaýy görüpdir-de, ondan orup bilenini orup, arkasyna ýükläp öýlerine getiripdir. Bu gdaý eýesi muny görüp, tas jany çykan eken. Ol oba adamlaryny toplapdyr:
--Waý, dat, ýeteweriňň, meniň bugdaýyma galtamanlar çozandyrla-how, il-gün. Kömek bereweriň!..
Ol adamlary ýaltanyň oraçasyna alyp gelipdirAdamlar Ýalta bilen onuň aýalyny çagşamakdan sulbasy galan oraçasyndan süýräp, daş çykarypdyrlar.
-- Görüň, seniň dogmaň näme iş edýär.Meniň gül ýaly ýetişen bugdaýymy orup gaýtdy. Biz öň ikiňizden bizar bolup ýördük. Indi ol dogman galanyň has mojugyny çykarýar. - diýip, agyzlaryna geleni aýdyp, bugdaýy alyp gaýdypdyrlar. - Eger indikile şeýle zatlar çyksa, ogluňyzy güm ederis.
Adamlar dargaşansoňlar Bizar bir ýerlerden çykypdyr.Ol kakasyna:
--Kaka jan, ol bugdaýy sen ekmänmidiň? - diýip sorapdyr. Ýalta bolsa
-- Ýok-la! - diýip, ogluna zordan jogap beripdir.
Bizar bu eden işine juda utanypdyr. Ol gaýdyp bugdaýly peliň gyrasynda görünmändir.
Bizar bir gün geçip barýarka, onuň ýoly bir ajap bagyň üstünden düşüpdir. Bu bagda baly goýalan dürli-dürli miweler gözleriňi gamaşdyryp duran eken.
Bizar baga girip, şol miwelerden bir uly sebedi dolduryp, öýlerine alyp gelipdir. Ýolda ony bagyň eýesi tutupdyr-da, erbet käýýäp, miweli sebedi alyp , oglany bolsa kowup goýberipdirMuňa Bizaryň gaty gahary gelipdir.Ol öýlerine gelip, ýarym günläp yralap, kakasny zordan oýarypdyr-da:
--Kaka, aý kaka, çeşmäniň gapdalyndaky ajaýyp bag bar-a, şony sen ekdiň gerek! - diýipdir.
Ýalta aga bolsa:
-- Bagyň näme, men seniň bagyňam bilmen, bossanyňam. Maňa azar berme! - diýipdir-de, ýene beýlesine öwrülip ýatyberipdir.
Bizaryň beýle oturasy gelmändir. Ol seleň sährada otlap ýören dowar sürüsiniň arasyna barypdyr-da, seniz bir goýny arkasyna göterip, öýlerine getirip, soýupdyr, etini gazana salyp, gowrup başlapdyr.Şol wagtam, süriniň eýesi özüniň çopan-çoluklary bilen gelip, Bizary suwa salma ýenjipdirler.
--Gaýdyp, süriniň golaýyna gelseň, bizden oňlulyga garaşma!
Tagamly gowurmanyň ýakymly ysyna Ýalta bilen aýaly hem başlaryny galdyrypdyrlar. Gaharyna ýarylaýjak bolup duran Bizar:
--Kaka, ýaşyl sährada agyp-dönüp otlap ýören süri seniňki dälmi? - diýipdir.
-- Ýok, ogul, şol süri-hä meniňki bolmaly däldir! - diýip, süýşenekläp, zordan gowurmaly gazanyň ýanyna baryp, ondan aýaly ikisi ýagly omaça alyp, ony ýatan ýerlerinde iýip ýatyşyna, göwni bir ýaly gürläpdir.
-- Onda şol suwly ýaby-ha sen çekensiň?
--Ýok, ýok! - diýip, Ýalta gazandan ýene bir ýagly gapyrgany alyp, lak-luk atypdyr.
Bizar şeýle bir geň galypdyr, şeýle bir utanypdyr.
--Kaka jan, eýsem, sen bu dünýä gelip, näme iş bitirdiň?
-- Bize ata-babadan galan miras- ýaltaçylykdyr. Meniň atamam, atamyň atasam, onuň atasam agyr ýalta bolupdyr. - diýip, Ýalta gazandan ýene bir ýagly gapyrga alyp durşuna aýdypdyr. - Olar ol ýaltaçylygy bize galdyryp gidipdirler. Indi olaň ýoluny men dowam etmesem, sen ýöretmeseň, meniň ata –babamyň yzy ýiter.Senem şony bilip goýgun. Meniň oglum boljak bolsaň, ýurt ýaltasy adyna eýe bolmalysyň.
Kakasynyň bu sözlerine Bizaryň gaty gahary gelipdir.Ol goňşularyna baryp, olardan kakasynyň ekäýer ýaly melleginiň, mülküniň bolup, bolmandygyny sorapdyr.Oňa akar ýabyň boýundan topragy edil mesge ýaly ýeri görkezipdirler. Goňşulary, bu ýeriň Ýalta ata-babasyndan miras galandygyny, ýöne telim ýyl bäri bu ýeriň ýaňagyna agaç azalyň dişiniň degmändigiüçin ýylan-içýanyň , tilki-şagalyň mesgenine öwňrülip gidendigini aýdypdyrlar. Dogrudan hem bu mülk uly jeňňellik bolup gidipdir.
Bizar güýzüň başlarynda şol jeňňelligi otlapdyr.Ene akardan gol alyp, ýap çekipdir.Ýabyň üstünden köpüri gurupdyr. Soň galan-gaçan agaç-ugaçlaty köwläp aýrypdyr. Ýerini baryp, gyşa çenli tekizläpdir, ilden öküz alyp, ýerini telim gaýta sürüpdir, dersläpdir, ýene sürüpdir. Heniz baryp-na, güýz düşmänkä ýeriniň ýaryna güýzlük bugdaý, ýaryna-da miweli agaçlaryň nahallaryny oturdyp çykypdyr
.Ol gyşy bilen ýerinden çykman, azap baryny edip, ýerine hyzmat edipdir. Ekinini gyşda-da dersden, suwdan hor etmändir. Ýaňy maýsalap ugran bugdaýyny mal-garadan elin gorapdyr.
Bizar şeýle bir berdaşly, syrdam, görmegeý, diýseň jigerli, zähmetsöýer ýigit bolup ýetişipdir. Il ony görenler:“Görseňizläň, bu oglan-a, hakykatdan hem külden ot dogular bolupdyr“ diýýän ekenler.Iň täsin ýeri, Bizar näçe işlese-de, hiç ýadamany-ýaltanmany bilmändir. Ol gijesi-gündizi diýmän yerini bejerip-besläpdir.
Ýaz çykypdyr. Bugdaý ekiln ýerlwer edil, bolsady ekilen ýaly bolupdyr. Tomus bolsa bugdaýy ýygyp tükeder ýaly däl eken. Bizar ondan özüne geregini alyp, galanyny obadaşlaryna mugtuna paýlapdyr. Ondan galanyny mala, pula çalşypdy.
Howa ýagşy gyzansoň bolsa ol mülküniň gyrasyndan özüne jaý galdyrypdyr. Onuň guran jaýyny görmäge göz gerek eken.
Onuň eken nahallary hen bol suwly, mes ýerde örňäp, şol ýylyň özünde miwe görkezipdir. Geljek ýyl bu sähra gara baga öwrülipdir. Bizaryň maly hem gidäen sährada ine-gana otlap, suwlap, aga - ýana ýaýnap ýörüpdir. Ol şonda-da ýaltanmandyr. Azabyny gaýgyrmandyr.
Bu halalhon, azapgöý ýigide öz gyzyny berjeklerem tapylypdyr. Emma Bizar gaty akylly, janypkeşden asylly bir maşgala öýlenipdir. Onuň bagtyna ol gyz diýseň adamkärçilikli, mähriban bolupdyr. Şonuň üçin aýalynyň maslahaty bilen, kyn görse-de, Bizar ýalta ejesini, kakasyny özüniň jnnet ýaly mülküniň içindäki köşk ýaly jaýyna göçürip getiripdir. Aýaly bu iki garryny öz ene-atasyndan hem ezizläp saklapdyr.Olaryň kem zady bolmandyr.
Köp wagt geçmänkä Bizar şu etrapdaky abraýly, döwletli adamlaryň hataryna goşulypdyr. Günleriň birinde olaryň ekiz ogly bolupdyr. Olara Yhlas hem Myrat diýip at goýupdyrlar. Muňa tutuş obadaşlary begenip, Bizaryň işiginde görlüp-eşidilmedik toý tutupdyrlar.
Yhlas bilen Myrat sähel wagtda ösüp, ulalypdyr. Olar bir gün:
-- Kaka, aý, kaka! Bu ajaýyp bagy kim ekdi? - diýip sorapdsyrlar.
--Men ekdim, oglum.
Myradam Yhlasdan kem galmandyr.Olam:
-- Kaka, ol asman ýaly bolup ýatan bugdaýly meýdan kimiňki! - diýip sorapdyr.
-- Biziňkidir, oglum.
-- Onda şol görünýän süri-süri dowarlar kimiňki?
--Biziňkidir, oglum.
--Kaka, bu suwly ýaby kim çekdi?
--Kakaň, oglum.
Yhlas bilen Myrat şeýle bir begenipdir.
-- Kaka, menem ulalanymda şu sähralygyň bar ýerine bag ekerin.
Ýap çekerin. Meniňem seniňki ýaly bagym, bugdaýly meýdanym, süri-süri malym, beýik, owadan jaýym bolar. - diýip, Myrat buýsançly aýdypdyr.
Yhlas hem ondan kem galmandyr.
--Meniňkem bolar. Menem, edil kakam ýaly adamlara gaty kän zat paýlaryn.
--Berekella, köşeklerim! - diýip, Bizar wagty hoş bolup aýdypdyr.
--Dünýä inip, bu dünýäniň eşretinden ganyp, soňam boş gitmek bolmaz., balalar.
Oglunyň, agtyjaklarynyň bu gürrüňini diňläp oturan Ýalta aga bolsa manysyz, dereksiz geçen ömri üçin başyny armanly ýaýkapdyr:
-- Sen şonda meniň diýenimi etmän, oňardyň, oglum. Sen hak aýdýarsyň bu dünýä gury gelip, boş gitmekden utançly zat ýok eken - diýipdir.
31-nji ýanwar 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty