ÝAŇYKENT DÖWLETINIŇ TARYHY
(miladydan öňki III–II müňýyllyklar)
1. Ýaňykent şäheriniň ýerleşişi we gurluşy
Biziň müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşap öten ata-babalarymyz beýik şäher medeniýetlerini döredipdirler. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda gülläp ösen şäherler we şäherçeler ýaşamagyny bes edensoňlar müňlerçe ýyllaryň dowamynda-da ýok bolmak, guma garylmak prosesini başdan geçiripdir. Çünki, diňe ýaşamagyň taryhy däl, eýsem ýok bolmagyň hem taryhy bar. Diňe ömrüň däl, eýsem ölümiň hem taryhy bar. Ajaýyp köşk-ymaratly şäherler ilki haraba öwrülipdir, soň bolsa harabalar hem ýykylyp-ýumrulyp, üstüni gum basyp, depelere öwrülip gidipdir. Şonuň üçin hem häzirki döwrüň ylmy gadymy şäherleriň adynyň yzyna «depe» sözüni goşýar. Arheologiýa depeleri öwrenýär. Sebäbi bu ylym olary biziň häzirki duran wagtymyzyň nukdaýnazaryndan, olaryň şu günki ýeten ýagdaýynyň jähetinden bakyp öwrenýär. Bu hili bakyşda geçen wagt bilen häzirki wagt bir zada öwrülýär.
Mundan tapawutlylykda taryh biziň beýik geçmişimizi şol döwrüň öz wagtynyň nokadynda durup, şol amala aşyp duran taryhy dowamaty ol entek gidip durka, hamana ony gapdalynda synlap duran şekilinde öwrenmelidir. Bu iki ylmy aňyň duran wagt nokatlary bir-birinden tapawutlanýar. Arheologiýa geçmişiň özi däl-de, netijesi, özem maddy-fiziki netijesi bilen iş salyşýar. Diýmek, ol taryhy indi gutaran, tamamlanan hadysa hökmünde öwrenýär. Bu aň häzirki wagt nokadynda dur. Taryh bolsa geçmişi entek dowam edýän hadysa hökmünde öwrenýär. Diýmek, bu aň öňki wagt nokadynda dur.
Taryh ylmy özüniň geçmişe şeýle gatnaşygynyň arheologiýanyňkydan düýpli tapawudyny oňat aňlamalydyr. Munuň geçmişi açmakdaky möhüm gollanma ähmiýeti we manysy bar. Arheologiýa öz öwrenýän harabalaryna, depelerine we tümmeklerine örklenen ylymdyr. Taryhy diňe bir beýan etmek däl, eýsem düşündirmek üçin şol örkden üzülmek gerekdir. Örkden üzülmek diýmek bu ýerde soňky janly taryh bilen arheologiki ýadygärlikleriň arabaglanyşygyna ýüzlenmek, şeýdip hem, olary janlandyrmak diýmekdir. Şu hem geçmişi dowam edýän hadysa hökmünde görüp bilmekdir.
Şu ýerden bu ylymlaryň arasynda hytaý diwary bar diýen netije çykaryp bolmaz. Arheologiýa başlaýar, taryh ony dowam edip ahyryna çenli ýetirýär. Biri geçmişiň yzlaryny çalýar, beýlekisi şol yzlar esasynda geçmişiň özüni tapýar. Şonuň üçin hem bularyň şol bir zady aňladyşy-da tapawutly bolmalydyr. Biziň türkmen arheologiýamyz geçmişiň şäherlerini we şäherçelerini, umuman, ýaşaýşyň bolan ýerlerini depe diýip atlandyrýar we bu sözi degişli ýeriň adynyň yzyna goşýar. Çünki olar häzirki wagtda, ýagny arheologiýanyň wagtynda dogrudanam depeler bolup durýar. Taryh ylmy bu «depe» sözi bilen pikirlenmeli däl. Çünki, ol gürrüňi edilýän ýerleriň entek depe däl wagty bilen meşgullanýar. Şuny göz öňünde tutup, men taryhy ýazanymda depe sözüni ulanmakdan ýüz dönderýärin. Şunlukda men Oguz han şäher-döwleti bilen Ýaňykent şäheriniň arasynda tapawut goýýaryn. Bu tapawut jeset bilen diri adamyň arasyndaky tapawutdyr.
Diňe Ýaňykent şäheriniň taryhynyň häzirki güne ýetip gelen maddy galyndylar boýunça göz öňüne getirilmegi halatynda, diňe şonda arheologiýanyň adalgalaryna we aňlatmalaryna, sap arheologik manyly obýektlere ýüzlenmek maksadalaýyk bolar. Şeýle halatlaryň biri-de Ýaňykent şäheriniň ýerleşiş we gurluş ýagdaýy, ýagny onuň synasy bilen baglanyşyklydyr.
Syna daşky görkezijidir. Ýogalan adamyň içki dünýäsi – akyl, zehin, gylyk-häsiýet we beýleki aýratynlyklary barada jeset boýunça pikir ýöretmek akyla sygarlykly zat däl. Emma onuň daşky sypatyny – beden aýratynlyklaryny jeset doly diýen ýaly özünde saklap galýar. Şeýle kyýasdan ugur alyp, men Ýaňykendiň esasynda okyja Ýaňykent şäheriniň ýerleşişini we gurluşyny göz öňüne getirmäge ýardam etmekçi. Ondan öňürti bolsa taryha göz ýetirmekde düýpli tapawutly bu iki obýektiň ýaşy barada aýdaýyn. Ýaňykent şäheriniň ýaşy mis-daş we bürünç eýýamlary öz içine almak bilen takmynan 2,5 müň ýyla ýeten bolmaly. Ýaňykent bolsa indi dört ýarym müň ýyl bäri garalyp otyr. Diýmek, şäheriň depä öwrülenine şonçarak wagt geçipdir.
Baryp miladydan öňki IV müňýyllygyň başlarynda düýbi tutulan Ýaňykent şäheri häzirki Kaka etrabynyň (Altyn asyr etraby) çäginde ýerleşipdir. Ýeri gelende aýtsak, Kaka, Altyn Asyr etraplarynyň, umuman, Ahalyň ilkibaşky ady Içoguzdyr. Ýaňykent şäheri Köpetdagyň eteginden akýan Mäne çaý we Çäçe çaý diýlip atlandyrylýan derýajyklaryň aralygynda düýbi tutulan şäherdir. Şeýle uly şäherler şol döwürde Köpetdagyň eteginde az bolmandyr. Edil şol töwereklerde biz özüniň meýdany boýunça Ýaňykentden hem uly bolan Namazga şäheriniň galyndysyny – Namazgadepäni görüp bilýäris. Emma has soňrakky asyrlarda şol ýerde gonamçylygyň gurulmagy sebäpli Namazga gowy saklanmandyr. Namazganyň bu keç ykbaly taryhyň nämedigi barada öz düzedişini girizýär: Taryh – munuň özi ähli bolan-geçen zatlar däl-de, eýsem olaryň diňe ýeriň ýüzünde we adamlaryň hakydasynda saklanyp galan bölegidir.
Ýaňykent şäheriniň synasynyň galyndysy bolan Kentdepe barada arheologiýa ylmy näme diýýär? Kentdepäniň umumy meýdany 26 gektardyr. Ol öz töweregini gurşap alýan düzlükden 17-22 metr belentlige galyp dur. Şol bir wagtda-da onuň ýaşyny aňladýan medeni gatlaklar ýeriň 8 metr çuňlugyna çenli gidýär. Diýmek, Ýaňykent şäheriniň taryhy ömri biziň günlerimize çenli takmynan 30 metr belentlige siňip saklanyp galypdyr.
Kentdepäniň harabalygy ýumurtga şekilindedir. Şu şekiliň çäklerinde birnäçe tümmekler – içki depejikler çöketlikler bilen ýanaşyp gidýär. Depeleriň öz döwründe – Ýaňykent şäheriniň ýaşaýşy döwründe beýik binalar bolandygyny, çöketlikleriň – peslikleriň bolsa ol binalaryň arasyndaky ýollar, köçeler, geçelgeler, jaýlar bolandygyny bilmek kyn däl. Garaz, geçen 6 müň ýyl öz etjegini edipdir, wagt ýa-da has türkmençe aýdanyňda, pelek beýik şäherden diňe sudur galdyrypdyr. Arheologlarymyz onlarça ýyla çeken irginsiz gazuw-agtaryş işleri bilen bu sudury belli bir derejede aýdyňlaşýan, emma şonda-da kemis syna öwürdiler. Ýadygärligiň günorta tarapyndaky iki gapdaly ýapgytly çýketlik Ýaňykent şäheriniň uly derwezesi ýerleşýän girelgesiniň galyndysy bolmaly. Sebäbi hut şu ýerde derwezäniň galyndylary ýüze çykaryldy. Çöketligiň gündogar ýüzündäki ýapgydy arheologlar «Misli depe», günbatarsyndaky ýapgydy bolsa «Sokuly depe» diýip atlandyrdylar. Çöketligiň iň peselip gidýän çäkleri birwagtky şäher meýdançasy bolan bolmaly. Sebäbi munda hiç hili adam eliniň yzy bildirmeýär we bu ýer töwerek bilen deňeşdirilende 5 metr peslikdäki derejäni aňladýar.
Harabalygyň iň belent tümmekligi gündogar taýda ýerleşýär. Belentlik bolany üçin muny «Diňli depe» diýip atlandyrdylar. Bu bölek iň irki ýurt tutulan ýer bolmaly, özem Ýaňykent şäheriniň iň ösen döwründe – bürünç eýýamynda hut şu ýerde şäheriň eýeleri bolan «asylzadalaryň etraby» hem-de ybadathana merkezi ýerleşipdir. Şäheriň çäginiň ep-esli bölegini günbatar ýüzde ýerleşýän «mähelleli etrap» eýeläpdir. Bu ýerde Ýaňykendiň şäher ilatynyň aglaba bölegi oturýan eken.
«Diňli depäniň» günorta-günbataryndaky depe «Mazarly depe», demirgazygyndaky depe bolsa «Diwarly depe» adyny aldy. Hut şu «diwarly depäniň» edil demirgazyk-günbatar gabadynda «kiçi meýdança» ýerleşipdir. Kiçi meýdança şäheri onuň demirgazyk böleginden görnetin aýrybaşgalaşdyrýar. 2,5 gektar giňişligi tutýan kiçi meýdançada körükleriň, küreleriň zaýa çykan küýzedir gap-gaçlaryň ummasyz köp galyndylary tapyldy. Küreleriň sany 60-a golaýlaýar. Kürelerden başga-da, gözledigiňçe, ýerden saýlanyp durmaýan körükleriň sany köpelýär. Şonuň üçin hem bu etrap «senetkärler etraby» diýen ady aldy.
Ýaňykent şäheriniň galyndysy bolan ezeli oguz-türkmen döwletiniň içki gurluşy ýokarky ýalydyr. Şäher galyndysynyň dürli ýerlerinde 60-70-nji ýyllarda geçirilen anyk gazuw-agtaryş işleri dünýä ähmiýetli açyşlaryň üstünden eltdi. Ol açyşlar: a) şäheriň monumental gurluşyga degişli äpet derwezesiniň açylmagy; b) merkezi ybadathananyň çäklerindäki ruhany kümmedinden öküziň we möjegiň altyn kelleleriniň tapylmagy; w) «asylzadalar etrabyndan» hatly möhüriň tapylmagy we beýleki tapyndylar Ýaňykendiň dünýä ähmiýetli şäher bolandygyny görkezdi. Ýaňykent şäheri adamzat medeniýetiniň ilkinji ojaklary hasaplanylýan Şumer we Hindistan ýaly ýurtlaryň aralygynda ýerleşýän beýik bir şäher bolup çykdy. Özem bu şäher ýekelikde oturan şäher bolman, eýsem bürünç eýýamynda Türkmenistanda birgiden şäher medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýärdi. Şonuň üçin hem açyşlaryň we tapyndylaryň esasynda Ýaňykent şäheriniň hojalyk durmuşy, ruhy ýaşaýşy, jemgyýetçilik gatnaşyklary we onuň Gadymy gündogaryň beýleki medeni ojaklary bilen baglanyşygy ýaly ylmy meseleler işlenildi. Häzirki wagtda bu meselelere bitewülikde seretmek we türkmen halkynyň ezeli eýýamlardaky taryhy ösüşini bitewülikde göz öňüne getirmek zerur iş bolup durýar. Şundan ugur alyp, men Ýaňykent şäheriniň taryhyny türkmen döwletliliginiň emele geliş taryhy hökmünde göz öňüne getirýärin. Ýaňykent türkmeniň iň ilkinji paýtagt şäheri boldy. Paýtagt şäheri derejesine ýetmek üçin Ýaňykent mis-daş we irki bürünç eýýamlarynda Günorta Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda bolup geçen maddy, jemgyýetçilik, hojalyk, demografik we ruhy ösüşleri özüne siňdirdi. Netijede ösen bürünç eýýamynda ol ajaýyp syýasy, medeni merkeze, paýtagt şäherine öwrüldi.
2. Ýaňykent döwletiniň deslapky ösüş taryhy
(Garrykent döwri)
Mis-daş we irki bürünç eýýamy miladydan öňki IV–III müňýyllyklary öz içine alýar. Hut şu döwür hem Ýaňykent şäheriniň deslapky ösüş taryhy bilen gabat gelýär.
Mis-daş eýýamynda Kent şäherçe derejesinde bolupdyr. Şol döwürde eýýäm külalçylyk önümlerini öndürmeklige niýetlenen küreler gurlupdyr. Kentdepäniň arheologik gözýetiminde küräniň galyndylary tapyldy. Küräniň golaýynda puhorly jaý – ýagny dürli ybadatlar ýerine ýetirilýän jaý ýerleşipdir. Puhor diýip türkmenler örän gadymy eýýamlardan bäri içi ýörite ojakly ybadat ýerine aýdýarlar. Çünki gadymy ata-babalarymyz ojagyň başynda ybadat edipdirler.
Ybadat jaýlary adatça, köp otagly jaýlaryň içki bölegi bolup durýar. Şonuň üçin hem puhorly jaýyň ýa-da otagyň bir gapdaldaky diwar goşa diwar görnüşindedir. Türkmenistanyň mis-daş asyrlary döwründäki şäher – jaý gurluşynyň möhüm aýratynlygy: ýaşaýyş jaýlary ýa-da mähelle jaýlary birnäçe otaglardan ybarat bolup, bular bitewi bir tutuş ymarata birigýärler. Şol ymaratyň içine girýän otaglar öz aralarynda ýuka – ýeke diwar bilen bölünýär, tutuş ymaratyň bitewi daşy bolsa goşa diwar şekilinde salynýar. Puhorly jaýyň bir diwarynyň goşa bolmagy onuň çetki jaýdygyny we ondan aňyrda açyk meýdanyň – giňişligiň başlanýandygyny görkezýär.
Jaý gurluşygynyň şeýle usuly hatda häzirki türkmen aňyna doly laýyk gelýär. Adamyň ýaşaýşy babatda öý maşgala düşünjesiniň aňladylmasydyr. Bir öý bir maşgalany aňladýar. Bu hili many aýratynlygy hem gürrüňi edilýän döwrüň maşgala – ýaşaýyş özboluşlylygy bilen doly gabat gelýär. Türkmen giňişlik pikirlenmesine şu hili göz öňüne getirmäniň mahsuslygy we onuň baryp müňlerçe ýyllar mundan ozalky ýaşaýyşda öz amalyny tapandygy täsindir. Munuň özi aň tarapyndan giňişlikleriň özleşdirilmegi we aslynda boş giňişlikleriň adam tarapyndan hut ýokarky obraza laýyklykda doldurylmagy meselesinde häzirki aň bilen aňyň arasynda baglanyşygyň bardygyny görkezýär. Bu diňe birbada göze ilmeýän, aňlanylmagy üçin üşügi talap edýän baglanyşykdyr, syrly, içki baglanyşykdyr.
Şeýle baglanyşygyň şunça müň ýyllap saklanmagy mümkinmidir? Elbetde, mümkindir. Üýtgeýiş, özgeriş ösüş dialektikasynyň diňe bir tarapydyr. Barlyga üýtgeýiş näçe mahsus bolsa, üýtgemezlik hem şonça mahsusdyr. Bu ikisiniň deň hökmürowanlygy bar. Diňe olaryň ikisinem tutup almaga üşük gerek. Onsoňam dile garanda aň has haýal özgerýär. Diliň üýtgemegi asla-da, aňyň üýtgemegi däldir. Köne aň täze dil serişdeleri arkaly ömrüni dowam etdirmegidir. Galyberse-de, eger daşky, göze görnüp duran baglanyşyklar saklanýan bolsa, näme üçin içki, has kynlyk bile üzülýän baglanyşyklar saklanmaly däl? Men häzir daşky baglanyşyklar diýenimde mis-daş we bürünç eýýamlaryndaky gaplaryň ýüzlerindäki nagyşlar bilen häzirki halymyzyň nagyşlarynyň birligini göz öňünde tutýaryn.
Garrykendiň ýaşaýjylarynyň jaý we kümmet gurluşygynyň daşky görnüşi täsindir we özboluşlydyr. Jaýlar we kümmetler – içi jesetli desgalar ýarym egremçe ýa-da süýnmek aýlawyň ýary görnüşinde salnypdyr.
Jaý – ömür, kümmet – ölümden soňky ömür. Şonuň üçinem, bu desgalaryň adamlar üçin aýratyn aňyýet we ruhyýet ähmiýeti bar. Dogrudanam, bu desgalar näme üçin başga hili däl-de, ala-böle şu şekilde ýerine ýetirilipdir?! Türkmeniň häzire çenli gelip ýeten aň we ruhy tejribesiniň, ýaşaýyş endikleriniň manysy nukdaýnazaryndan seretseň, bu ýerde uly syr bar. Köneleriň aňynda dürli derejelerdäki aýlawlar edil göni çyzyklar we gönüburçluklar ýaly uly many ähmiýetine eýe bolupdyr. Munuň sebäbi bolsa adam aňy ýaňy kemala gelip ugran döwürlerinde bu prosese iki zadyň – Aýyň we Günüň aýratyn täsir edenligindedir. Eýsem-de bolsa, bu ýerde üçünji şekil hem – adam gözüne sygýan gözýetimiň hem täsiri bar.
Aýam, Günem, gözýetim hem tegelek, aýlaw şekilindedir. Biz adamzadyň şu üçlügi gaty ir döwürden ylahylaşdyrandygyny, olara çokunandygyny bilýäris. Şoňa laýyklykda hem olar öz ýaşaýyş giňişliklerini-de (bu ýere, elbetde, kümmet hem girýär) ýarym egremçe görnüşinde bina edipdirler. Aýlaw şol bir uşlybyň tükeniksiz gaýtalanmagydyr, ýagny tükeniksizlik, soňsuzlyk, ýagny bakylykdyr. Ýöne bu ýerde men bakylyk taglymatynyň, pikiriniň has köne, ezeli derejesiniň bardygyny tekrarlamalydyryn. Diňe soň-soňlar – ylahylyk maddy dünýäniň zatlaryndan aýrylyp, diňe howaýy düşünjelere geçirilende, bakylygyň ikinji manysy ýüze çykypdyr.
Bu soňky – miladydan öňki I müňýyllygyň açyşydyr. Şonda adamlar öz derejelerinden ýokary – ölümiň gutulgysyzlygyna, maddy dünýäde bakylyga orun ýokdugyna göz ýetirdiler we Hudaýy (hudaýlary) öz deňlerinden ýokary – ýerden arşa geçirdiler hem-de bakylyga ymtylyp başladylar.
Ondan öň bolsa bakylyga ymtylma diýilýän zat ýokdy, çünki maddy dünýäniň özi bakylyk hökmünde kabul edilýärdi, ölüm bardy, emma ölümiň ruhy tejribesi ýokdy. Sebäbi adam aňy ölümi pellehana hökmünde däl-de, bir ýaşaýyşdan başga bir maddy ýaşaýşa geçiş diýip kabul edýärdi. Hut şonuň üçin hem ata-babalarymyz Aýa-Güne – maddy zatlara çokunypdyrlar, hut şonuň üçinem olar ölüm bile ömrüň arasynda çäk goýman, ýaşaýyş jaýlaryny-da, kümmetlerini hem şol bir şekilde gurupdyrlar. Başgaça aýdylanda, ikisini-de bir giňişlik, bir dünýä diýip kabul edipdirler. Olaryň şu hili aňyny tanamak üçin kümmediň mazar bilen aratapawudyna üns etmeli.
Kümmet – ýeriň ýüzünde ýa-da aşagynda gurlan ýaşaýyş jaýydyr. Diýmek, adam ömri göz ýummak bile gutaranok-da, ol diňe ikinji bir maddy giňişlige geçýär. Şu ýerde maddy giňişlik sözüne aýratyn ähmiýet bermek gerek, ýogsa biziň ata-babalarymyza nädogry düşünmegimiz mümkin. Elbetde, aňyň şol wagtky – howaýy pikirlenmä ornuň az bolan derejesinde olarda öz manysy boýunça şu dünýäden tapawutlanýan «o dünýä» baradaky garaýyş döräp bilmezdi. Çünki o dünýä – bu eýýäm hyýalyýetiň önümidir. Atalarymyzyň aňy bolsa bütinleý anyklyk we maddawylyk häsiýetine eýe bolupdyr.
Täsin ýeri, biziň garrykentli ata-babalarymyz özleriniň toýun bişirýän körükleridir kürelerini-de, çörek bişirýän tamdyrlaryny-da, çokunýan ojak-puhorlaryny-da egremçe şekilinde gurupdyrlar.
Eýsem-de bolsa, Ýaňykendi gazan arheologlar şu möhüm aýratynlyga näme üçin ähmiýet bermedilerkä? Munuň şeýle sebäbi bar: hakykat boş, ýalaňaç barlyk däldir, hakykat şol barlygyň keşbidir. Fakta üns bermek üçin, haýsydyr bir hadysalary fakt hökmünde kabul etmek gerek. Fakt bolsa maddy zat däl-de, onuň aňa gelýän keşbidir. Şol keşp bir adamyň aňyna ilkinji gezek gelýär we beýlekilere habar berilýär, onsoň ol umumy kabul edilen pikir derejesine ýetirilýär we şondan soňkular bu hadysany fakt hökmünde kabul edýärler.
Hakykaty açmak – barlygyň täze görnüşini açmakdyr.
Ýaňykendiň ýaşaýjylarynyň dünýägaraýşyny, aňyýetini has aşaky medeni gatlaklardan tapylan tapyndylar oňat görkezýär. Men şeýle tapyndy diýip eždatlarymyzyň ýasan gaplarynyň ýüzlerindäki dürli şekilleri we çyzyklary göz öňünde tutýaryn. Bular dürli öwüşginli sary çyzykly, şeýle-de gyzyl çyzykly gaplardyr. Alymlaryň ýazmagyna görä, şeýle uslypdaky çyzyklar Garrykendiň gündogarynda ýerleşen Göksüýri şäherçesinde tapylan çyzyklara meňzeýdir. Olaryň arasynda üçburçluklar, parallel liniýalar, ýalaňaç depeden tapyndylara meňzeş goňrumtyl-gara çyzyklar bardyr. Munuň özi degişli döwürde Garrykendiň ýa-ha Göksüýri we beýleki şäherçeler bilen medeni-hojalyk aragatnaşygynda bolandygyny, ýa-da hatda Garrykendiň şol ýerden göçüp gelenleriň hasabyna öňküsinden hem ulalandygyny görkezýär. Bu täze medeni merkeziň, welaýatlardan gelýänleriň hasabyna ulalýan paýtagtyň emele geliş prosesini aýdyň görkezýär. Medeni-hojalyk, syýasy, ruhy taýdan merkezleşmek juda ir döwürlerden başlanypdyr. Geometriki şekillerden başga-da bu ýerde tekeleriň, barslaryň suratlary köp duş gelýär. Bulardan başga-da tekeleriň kiçijik heýkelleri, kiçijik aýal heýkeljikleri irki Garrykendiň medeni we ruhy ýaşaýşynyň alamatlary bolup durýar. Aýal heýkeljikleri saman gatyşykly toýundan ýasalyp, daşy angob – suw degip zaýalanmakdan goraýan suwuklyk bilen suwalypdyr. Olaryň daşyna dürli nagyşlar hem çekilipdir. Aýallaryň boýnundaky monjuklar gaty oňat bildirýär. Şoňa garamazdan gaty irki – mis-daş asyrlara degişli heýkeljikler ýaramaz saklanypdyr, olaryň ownuk-uşak bolanlary köpdür.
Degişli döwrüň kümmetleriniň gazuwy eždatlarymyzyň däp-dessurlaryny, ylaýta-da adam jaýlamak dessurlaryny oňat görkezýär. Islendik dessuryň aňyrsynda bolsa ony ýerine ýetirenleriň dünýägaraýşy, ruhy düşünjeleri mesaňa görnüp dur. Meýitleriň daş-töwereginde saklanyp galan boýra yzlary boýranyň jaýlanyş dessurynda ähmiýetli bolandygyny görkezýär. Merhumlaryň başuçlarynda palçykdan we daşdan ýasalan mytaralar, misden temen, mis pyçak, on sany pöwrize isgene goýlupdyr. Daş-töwerekde dagap ýatan goýun süňkleri hem bu ýerde sadaka bermek dessurynyň geçirilendigini görkezýär.
Bu ýerde esasy bellemeli zatlaryň biri gap-gaçlaryň ýüzündäki nagyşlar bilen baglanyşykly. Degişli nagyşlaryň içinde türkmen halysynyň esasy nagşy bolan göllere meňzeş şekiller esasy orny tutýar. Ol şekilleriň has irileri daş-mis asyrynyň dürli döwürlerine degişli hasap edilýär. Nagyşlaryň ownamagy we çylşyrymlaşmagy daş-mis eýýamynyň gutaryp, bürünjiň başlanýandygynyň alamaty hökmünde teswirlenýär. Eýýäm Namazga I döwründe, ýagny miladydan öňki IV müňýyllykda Ýaňykendiň birnäçe gektar ýeri eýeleýän uly merkeze öwrülen bolmagy mümkindir.
Şondan soňky döwürde Ýaňykendiň çäkleri çalt giňelip ugrapdyr. «Senetkärler etrabynyň» düýbi tutulýar. Bu döwürde endamy dürli gara çyzyklar bilen bezelen aýal heýkeljikleriniň ýasalmagy dowam etdirilipdir. Ýaňykendiň umumy meýdany şol wagt 12 gektara ýetipdir.
Ýaňykendiň ulalmagy, esasan, göksüýrülileriň göçüp gelmeginiň hasabyna amala aşypdyr. Sebäbi mis-daş eýýamyň ahyryna degişli gatlaklarda heýkelleriň we geometriki şekilleriň göksüýri uslyby has agdyklyk edýär. Göksüýrüliler esasanam Ýaňykendiň günorta böleginde ýer-ýurt tutunypdyrlar. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlary öň dökülen küller bilen ýanaşyk gidýär. Diýmek, adamlar birwagt şäheriň çeti hasaplanan ýerlerde ýurt tutunypdyrlar. Ýaňykendiň günortasynda degişli döwürde salnan jaýlar we kümmetler hem göksüýrülileriň elinden çykana meňzeýär. Bular içinde puhory bolan köpöýli jaýlar hem-de tolos – tegelek görnüşli kümmetlerdir. Bularyň juda gürelmegi, şol bir wagtda-da Ýylgynly ýaly şäherçeleriň edil şol döwürlerde boşap galmagy Ýaňykendiň ilatynyň juda çalt köpelendigini görkezýär. Şeýdip, türkmeniň ilkinji paýtagty döräp ugraýar.
Mis-daş eýýamynyň ahyrlarynda – IV–III müňýyllyklaryň sepgidinde gaplaryň ýüzündäki nagyşlar has hem ownaýar. Ol sözüň hakyky manysyndaky haly nagyşlaryna öwrülýär. Munuň özi olaryň inçeleşendigini, owadanlaşandygyny we has hem kämilleşendigini aňladýar. Gazuw tapyndylarynyň arasynda mata dokalýan tara agaç bölekleriniň tapylmagy ata-babalarymyzyň mata dokamak bilen meşgullanandygyny anyk görkezýär. Goýnuň ýüňünden dokalan matalaryň türkmen halysynyň nusgalaryny özünde saklandygy ikuçsuzdyr. Şeýle-de gürrüňi edilýän döwre mermerpisint daşdan ýasalan mytaralar, bişirilmedik toýundan ýasalan, ýüzi atanak we haçja şekilli inedördül sekiller, oturan haldaky aýaly şekillendirýän heýkeljikler degişlidir. Öňki döwür bilen deňeşdirilende heýkeller has kämildir. Aýallar inçeden näzik suratlandyrylypdyr. Olaryň burunlary örküçli edilipdir, gözleri bolsa badam şekillidir, zülpleri burum-burum burulyp gidýär. Bularyň bary asly göksüýrüden bolan adamlaryň elinden çykan bolmaly. Ýöne şol bir wagtda-da Ýaňykendiň medeni ýaşaýşynda Ýaňykendiň günbatarynda ýerleşen Gara şäherçesindäki sungat uslyplarynyň täsiriniň hem bardygyny aýtmak gerek. Bu iki uslyp biri-birinden çala tapawutlanýar we bir bitewi medeni ülňüli – ezeli türkmen medeni ýaşaýşyny kemala getirýär. Ol ýaşaýyş ülňüsi däp-dessurda özboluşly kümmetleriň we köpöýli jaýlaryň salnyşynda, dürli mis önümleriniň özboluşlylygynda, daşdan ýonulyp ýasalan mytaralarda özüni bildirýär. Diňe häzirki dürli taýpalarymyzyň hersiniň özboluşly haly gölleriniň bolşy ýaly, Ýaňykentden günbatardaky şäherçeleriň ilatynyň gaplara salan nagyşlary ownuklygy we näzikligi, inçeligi gündogardaky äherçeleriň ilatynyň salan nagyşlary iriligi, gözedolulygy hem-de aýdyňlygy bilen tapawutlanýar. Men bu ähli tapyndylaryň eždatlarymyzyň bitewi ruhy barlygyny nähililik bilen emele getirýändigini, bulardan nähili dünýägaraýşyň aňladylandygynyň we munça zadyň biziň şu günki ruhumyz bilen haýsy arabaglanyşyklarynyň bardygynyň teswirini Ýaňykendiň ösen döwrüni sinhron derňew edenimde giňişleýin bererin. Häzir bolsa Ýaňykendiň kemala gelşiniň diahron synyny dowam etdireli.
Arheologlaryň Namazga IV diýýän döwri III müňýyllygyň başlaryndaky irki bürünç eýýamydyr. Bu döwür Ýaňykent şäheriniň has hem beýgelip başlan wagtydyr. Irki bürünç zamanynda şäheriň diwarlary gurlupdyr. Olaryň iň irki gurlanynyň ini 1,9 m. Diwar 46-49x20-22x15-16 sm ülňüdäki çig kerpiçlerden gurlupdyr. Häzirki wagtda bu diwaryň 5 metre ýetýän belent ýerleri saklanyp galypdyr. Diwar şäher galasynyň daşky goranyş haýat-aýlawy bolup durýar. Gazuw işleri geçirilende, bu ýerde 2,5 galyňlykdaky medeni gatlak açylyp, ol ýerden geometriki keşdeli gaplar tapylypdyr. Häzirki wagtda diwaryň jemi 60 metr uzynlygy saklanyp galypdyr. Diwar köp wagtlap saklanyp, ol öňe çykyp duran inedördül dik gapyrgalar bilen owadan bezelipdir.
Beýleki iki diwaryň biriniň uzynlygy 20 m, beýlekisiniňki 26 metr töweregidir. Bu diwarlar tutuş däl, olar başky uzyn diwaryň üstünde, ony esas hökmünde ulanylyp gurlupdyr. Diýmek, olar has giçki döwürlere degişli bolmaly.
Iň giçki gurlan dördünji diwaryň beýikliginden bary-ýogy 2 metr galypdyr, onuň ini bolsa 1,9 metre ýetýär. Diwarly depäniň aýratynlygy turuwbaşdan bu ýerde belent bir ybadathana-köşk bolan bolmaly diýen pikiri döredipdi. Dogrudanam, arheologlar bu ýerde köşk-ybadathananyň galyndylaryny açdylar. Munda irki bürünç eýýamynda ybadathana merkezi işlän bolmaly. Emma bu ýerde soňky ösen bürünç eýýamynda ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr we ybadathanany doly dikeltmek diňe soňky ymaratlary aýranyňda mümkindir.
Irki bürünç asyryň Ýaňykent şäherine degişli ýadygärlikler şäheriň demirgazyk ýüzünden tapyldy. Bu ýerde daşky diwary egrelip gidýän 10 metr uzynlykdaky howly we köpöýli jaýlar ýüze çykaryldy. Bu diwar jaýyň deňinde onuň bir diwary bolan bolsa, jaý gutaransoň, ol jaý bilen deň belentlikdäki haýat bolup gidýär. Şu köpöýli jaýlaryň hem daşky – köçe tarapdaky diwarlaryndan belli bir aralykda inedördül dik «gapyrganyň» diwardan öňe çykarylyp goýlandygy geň galdyrýar. Munuň özi birnäçe ganatdan ybarat gara öýüň ganatlarynyň sepleşişini ýada salýar. Ýöne gara öýde bu jaýdakydan tapawutlylykda öňe çykyp duran dik gapyrga bolmaýar. Türkmen dilinde bu gapyrga şekil öňe çykyp duran dyrnak görnüşinde hem aňladylýar. Bu diwar haýatyň uzaboýundaky köçäniň ini 2 metre ýetipdir.
Ýaňykendiň irki bürünç asyrlara degişli medeni gatlaklarynda çig kerpiçden örülen diwarlaryň galyndysy, kä ýerde ýeri suwagly otagjyklar, külalhanalar, käbir körük galyndylary, mazarlar, olaryň içinden bolsa ýüzi gazma nagyşly toýun sekiller tapyldy. Bu medeni gatlak degişli döwürde külalçylygyň ýene bir gez ýokary galandygyny görkezýär. Özem gaplardaky nagyşlar barha we barha ownamak hem-de böleklenmek bilen külalçylykdaky beýik öwrülişik: gaplar öň el bilen ýasalan bolsa, indi külal çarhy döredilipdir we işe girizilipdir. Şol bir wagtda-da nagyşsyz – keşdesiz toýun gaplary köpelipdir. Munuň näme manysy bar?
Bu külalçylygyň kämilliginiň alamatydyr. Çünki senet kämil dälkä önüme her hili nagyşlar çekilip owadanlaşdyrylýar.
Özüňiz hem oýlanyp görüň: eger öndüren önümiň kämil bolsa, nagyş oňa diňe zeper ýetirýändir, nagyş bilen bezemek – senetçiligiň ilkinji basgançagydyr, gadymyýetde haýsy ýerde surat çekilen bolsa şol ýer başlangyçdyr. Bu çaganyň diwara surat çekmegi gowy görşi ýaly bir zatdyr, çaga ýigit çykyp diwara surat çekmez.
Nagyşly gaplaryň esasy düşegi gyzyl reňk bolupdyr.
Türkmen halysynyň düşegi hem gyzyl reňkdedir.
Şu gyzyl düşegiň üstünden gaplaryň ýüzünde atanaklar, haçjalar çekilipdir. Çyzyk gara-goňur reňk bilen geçirilipdir. Bulardan başga-da içi nokatly iki ýaý şekilindäki günüň, pişme şekiliniň, üçburçlugyň alamatlary giňden ýaýrapdyr. Muňa Ýaňykendiň günbatar we gündogar taraplaryndaky şäherçelerde dörän uslyplaryň gatyşygy hökmünde seredilýär. Bu suratlardan başga köpsanly haýwan şekiljikleri we adamsypat heýkeljikler hem degişli döwrüň maddy we ruhy medeniýetiniň aýratynlygyny düzýän adaty zatlardyr. Ýaňykendiň medeni-syýasy merkezi – paýtagt şäherine öwrülen döwründe hem şu zatlaryň duşýandygy hem-de olaryň many teswirini şol ýerde berýändigim üçin, men bu gürrüňi häzirlikçe şu ýerde galdyrýaryn.
Irki bürünç eýýamynda Ýaňykentde nähili jaýlaryň gurlandygyny göz öňüne getirmäge bizde mümkinçilik bar. Köpöýli jaýlaryň gurluşyk uslyby bu döwürde hem dowam edýär. Olaryň içinde giň öýli jaýlar köp bolupdyr. Hojalyk jaýlary bolsa göwrümi boýunça kiçijik bolupdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň ortarasynda ýerden sähelçe ýokary galdyrylan inedördül dikme ojaklar ýerleşipdir. Birnäçe öýler bir-birine ýanaşyk ýerleşip, umumy däliz bilen birikdirilipdir. Öýleriň iň ulusynda ortarada puhora meňzeş ýarym egremçe şekilli ojak gurlupdyr. Bu jaýyň ybadat jaý bolmagy mümkin diýdirýän aýratynlygyň biri-de onuň diwarlarynyň içinde ýörite sekilleriň gazylyp ýasalandygydyr. Iňňän gadymy döwürlerde şeýle sekillerde, adatça, ybadat dessury üçin gerek bolan zatlar ýerleşdirilipdir.
Gönüburçly başga bir jaýda hem puhoryň – ojagyň üstünden baryldy. Ýöne bu ojak öňki ýaly, ýarym egremçe şekilinde däl-de, inedördül görnüşde ýasalypdyr. Puhoryň dört erňeginde toýun sütünjikler dikilipdir. Arheologlar şeýle ymaratlaryň Göksüýrüde köp duş gelýändigini belleýärler.
Ýaňykentde ybadat jaýlaryň gapdalyny adatça hojalyk jaýlary we howlular, hapa-hupur dökülýän çukurlar gurşap alýardy. Şeýle ybadat jaýlaryndan hem aýal heýkeljikleri köp tapylýar. Gürrüňi edilýän jaýdan eli çagaly aýaly şekillendirýän adaty bolmadyk heýkeljigi tapypdyrlar.
Irki bürünç eýýamyň Ýaňykent şäherini oňa degişli medeni gatlagyň derejesindäki kümmetler hem oňat häsiýetlendirýär. Kümmetler ýaşaýyş jaýlarynyň daşky diwarlaryna täze diwarlary birikdirmek ýoly bilen gurlupdyr. Kümmetleriň öýleriniň birinde iki sany adam yzly-yzyna jaýlanypdyr. Olaryň başujunda bäş sany toýun we iki sany daş mytara, daş monjuk we isgene goýlan eken. Biraz soňrak bu öýüň gapdalyndan ýene bir öýjagaz salnyp, onda çaga jaýlanypdyr. Arheologlar bu ýerlerini gazyp, has aşakdaky çuňluga düşenlerinde, diwarlary gazma sekillerden doly öýüň üstünden bardylar. Sekiller hatja şekilinde ýasalypdyr. Jaýyň goňşy otagyndan inedördül toýun tagtlar tapyldy.
Bu zatlaryň bary irki bürünç eýýamynda bu ýerde kiçijik ybadat jaýyň bolup, soňky eýýamda onuň ýerinden (üstünden) ýaşaýyş jaýlarynyň salnandygyny görkezýär.
On ýylyň däl, ýüz ýylyň däl, müňlerçe ýyllaryň dowamynda bolup geçen zatlaryň gürrüňi gidýändigi sebäpli, ymaratlaryň biri-biriniň üstünde gurlandygyny geňläp oturasy iş ýokdur. Bir bina öňki ýumrulyp, gum bilen doly gömülensoň, gurlan bolmaly. Ýöne hatda soňky adamlaryň özleriniň nämäniň üstünde ýurt tutandygyny biläýen halatynda hem, bu ýerde geň zat ýokdur. Şol döwrüň adamlarynyň öz eždatlary bilen bitewüligi saklamak islegi oňat bildirýär. Bu hususanam, gonamçylyklaryň häzirki döwürdäki ýaly ýaşaýyş çäklerinden daşarda däl-de, öýleriň gapdalynda gurlandygyndan hem oňat görünýär. Şu tarapdan degişli eýýamdan galan çaga gonamlary täsindir. Adamlar çagalary edil ýaşaýyş jaýlarynyň diwarynyň aşagynda gazylan mazarlarda jaýlapdyrlar. Bir çaga bolsa hatda gazanyň içinde jaýlanan eken. Şeýle dessur, elbetde, döwrüň aň-düşünjesini görkezýär.
Kümmetlerde toýun we daş mytaralar, bürünç ýüzükler, daş we hakyk monjuklar tapyldy. Mermerpisint hekden ýasalan uzyn şemdanyň tapylmagy hem täsindir.
Ýaňykendiň irki bürünç eýýamyndan galan iň esasy ymarat uly derweze we onuň gapdallaryndaky belent diwarlardyr. Onuň golaýynda şol döwre degişli kiçeňräk ybadat merkeziniň galyndylarynyň üstünden baryldy.
Şeýlelikde, irki bürünç eýýamynda Altynyň gurluşynda we ilatynyň ýaşaýşynda merkezi şäher alamatlary kemala gelip ugrapdyr. Bu alamatlar Garrykendiň töwerekdäki şäherçeler bilen bolan gatnaşyklarynda has oňat ýüze çykýar. Bu gatnaşyklar syýasy, medeni, durmuş-ykdysady we ruhy taraplarda doly dowam edipdir. Biziň günlerimize şol gatnaşyklara şaýatlyk edýän ýekeje maddy şaýatnama – dürli gaplar gelip ýetipdir. Milletimiziň ezeli taryhy üçin gaplaryň aýratyn ähmiýeti bar. Munuň özi döwrüň ýüzüdir, onuň maddy we ruhy ýaşaýşynyň umumylaşdyrylan keşbidir, jemgyýetiň şu ugurlarda ýeten derejesidir. XX asyryň dünýäsinde kompýuter nähili orun tutýan bolsa, daş-mis we bürünç eýýamlarynda toýun gaplar şeýle orny eýeläpdir. Şonuň üçin hem toýun gaplaryň ýaýrawy arkaly şol eýýamlaryň şäherleriniň arasyndaky maddy we ruhy-medeni aragatnaşyklary dikeldip bolýar. Garrykentde duş gelýän uslypdaky toýun önümleri günbatar tarapdaky Akdepede, Täze Nusaýyň we Gökdepäniň golaýyndaky şäherçelerde, häzirki Serdar şäheriniň golaýyndaky Goçdepede, Parawda, hatda Dehistanyň çäklerinde hem tapyldy. Munuň özi günbatar etraplarda ýerleşen özboluşly welaýatyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Namazga, Göksüýri ýaly şäherçeleriň Ýaňykent bilen arabaglanyşygyny hem toýun önümleriniň ýaýrawy arkaly göz öňüne getirip bolýar.
Irki bürünç asyryň möhüm göze ilýän aýratynlyklarynyň ýene biri Ýaňykent içki durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Salnan ymaratlara we olaryň ýerleşişine syn etseň, degişli döwürde ösen jemgyýete mahsus bolan jemgyýetçilik gatlaklarynyň kemala gelip ugrandygyny görüp bolýar. Düýpli gurluşygyň nusgasy bolan ybadat merkezi ýüze çykypdyr. Bu bina adaty hem baş-baratsyz gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Bu bolsa dürli etraplaryň ilatynyň arasyndaky aň-düşünje, emläk we synpy tapawutlara ünsi çekýär. Galyberse-de, irki bürünç eýýamynda ýekegat körükleriň köp sanda duş gelýänligi şäherde senetkärler gatlagynyň dörändiginden habar berýär.
Zähmet bölünişigi bolup geçipdir. Çalt aýlanýan külal çarhynyň oýlanyp tapylmagy senetçiligiň ösmegine güýçli täsir edipdir. Munuň özi Ýaňykendiň merkezi şähere öwrülmegine hem-de töweregindäki şäherçeleri ykdysady, medeni we ruhy täsirinde saklamagyna getiripdir.
Taryhy makalalar