21:45 Ýaşasym gelýär | |
ÝAŞASYM GELÝÄR
Goşgular
Gara gözlüm, gül görküňe guwanyp, Gollaryňy gysyp ýaşasaym gelýär. Sözleriňe, ýylgyrşyňa daýanyp, Dertlerimi kesip ýaşasym gelýär. Näzi onuň iň ullakan hilesi, Ýeke söze ýumşaýandyr kinesi, Dünýä gelen arzuwlarmyň şinesin, Saçlaryňa sapyp ýaşasym gelýär. Edebiň, utanjyň köňlüňe nikap, Aýdan görk alypsyň, güneşden bekäp, Gursaga el goýup, etseň-de ejap, Seni bagra basyp ýaşasym gelýär. Lebleňde eresem ysyňdan ganyp, Kuýaşa baglansam gussadan tänip, Biserhet gözleriň kenarna gonup, Mähiriňi susup ýaşasym gelýär. Razy, gabanyber her ädim derňäp, Razy, garşylagyn gollaryň çermäp, Emma, bir islegim seň bilen örňäp, Seniň bilen ösüp ýaşasym gelýär. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||