02:17 Ýatlamanyñ beýany | |
ÝATLAMANYŇ BEÝANY
Edebi makalalar
Allaýar Çüriýewiň «Ýürek ýatlamasy» («Magaryf» neşirýaty, 1986 ý.) kitapçasynda Türkmenistanda Sowet häkimiýetiniň döredilmegi we pajarlap ösmegi ugrunda janlaryny orta goýup göreşen ajaýyp adamlar hakda. Beýik Watançylyk urşunyň gerçekleri, şu günki günüň zähmet gahrymanlarynyň durmuş we zähmet ýoly hakda tolgundyryjy söhbet açýan publisistik oçerkleriň ýigrimi bir sanysy ýerleşdirilipdir. Žurnalist A.Çüriýewiň türkmen halkynyň geçmişinden habar berýän publisistik oçerkleri ýazyp başlanyna indi eslije wagt geçdi. Ol geçmişden habar berýän publisitik oçerkleri ýazmak bilen, okyjylar köpçüligine çala mälim, hat-da heniz mälim bolmadyk wakalaryň birnäçesiniň üstüni açdy. «Ýürek ýatlamasyndaky» oçerkleri okanyňda, türkmen halkynyň geçmişi göz öňünde janlanýar. Rewolýusiýadan öňki türkmen halkynyň gören horluklary, halky sowatly etmekdäki uly kynçylyklary, rewolýusiýadan soň rus halkynyň berýän doganlyk kömeginiň şu güne çenli uzalyp gidişi teswirlenilýär. Kitapçadaky oçerkleriň dürli-dürli temalara degişlidigine garamazdan, bir logiki akym yzarlanylýar. Ýöne näme üçindir awtor soňraky arhiw dokumentlerinden ýüze çykaran täze tapyndylaryny kitapça ýerleşdirmändir. Awtoryň «Ýaş kommunist» gazetiniň 1986-njy ýylyň 23-nji awgustyndaky «Muhammetguly Atabaýew» atly makalasynda ilkinji türkmen magaryfçysynyň durmuş ýoluny açyp görkezýän köp sanly dokumentler barada habar berýär. Şu ýerde ýene-de bir meseläni orta atasymyz gelýär. Olar M.Atabaýewiň doglan ýyly baradaky, soňraky tapylyp, kitapça girmeik bir dokument dogrusynda. Demirgazyk Osetiýa ASSR-nyň Içeri işler ministrliginiň Merkezi döwlet arhiwinden tapylan şahadatnamada: «Hijri ýyl hasaplaşygy boýunça 1306-njy ýylyň remezan aýynda Nohur obasynda Atabaý Hajy oglunyň hem-de onuň aýaly Bally Remezan gyzynyň ogly boldy. Oňa hem Muhammetguly diýip at dakdy» diýlip ýazylypdyr. Şahadatnamany Durun pristawlygynyň kazysynyň we halk sudunyň wezipesini ýerine ýetiriji Hojaly molla Myratberdi ogly arap hatynda öz goluny goýupdyr. 1902-nji ýylyň 12-nji maýynda bu şahadatnama gol çeken Durun pristawy kapitan Ýomutskiý 1306-njy ýylyň milady ýyl hasabynda 1888-nji ýyl bolýandygyny belläpdir. Türkmen Sowet ensiklopediýasynyň 1-nji tomunda bolsa, M. Atabaýew 1885-nji ýylda eneden doglan edilip görkezilýär. M.Atabaýewiň öz eli bilen dolduran anketasynda bolsa, 1887-nji ýylda doglan diýlip ýazylypdyr. Ynha, awtor şu zatlary aýyl-saýyl edip, kitapça girizen bolsa hem-de M.Atabaýewiň dogluş şahadatnamasynyň nädip Demirgazyk Osetiýa ASSR-ine düşendiginiň üstüni açan bolsa, kitapçanyň gymmaty has-da artardy. Žurnalist A.Çüriýew şu günlerem arhiw dokumentleri bilen işlemegini dowam etdirýär. Onuň Muhammetguludyr Gaýgysyz Atabaýewler, Artykgül Tekinskaýa, Annajemal Hydyr gyzy we kitapça giren beýleki gahrymanlary baradaky toplan täze tapyndylary gaty kän. A.DURDYMÄMMEDOW. «Oktýabryň ýalkymy» gazeti, 17. II. 87 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |