11:03 Ýaz ýagşy | |
Oguljemal ÇARYÝEWA
Goşgular
▶ ÝAZ ÝAGŞY Dünýäm teşne, Zemin gurak, yzgar ýok Rehnet laýyn sorar baglar soluplar. Dag tarapdan şemal urup umyt bar, Güwläp inse bölek-bölek bulutlar. Ýüzüm tutdum şemalyna, ysyna, Belki, peşgeşidir bize pelegiñ. Gök gürlände çakyp giden ýyldyrym, Señ nuruña suwa düşmek dilegim. Oda aşyk perwana deý geldim men, Ýaz nuruna giñden açyp gujagym. Uly dünýä kiçi dünýäñ elinde, Ýaz ýagmyry, çöz ahyry bujagyñ. Duman kimin kän azaşdym jahanda, Göterjek ýok, orta menzilde ardym. Bu durmuşda bir miweli daragt men, Ýaz ýagşy, seniñ mähriñe zardym. Göz boldumy, dil boldumy bilmedim, Ýapraklarym ýaýylmady yşkyña. Şytyr-şytyr edip geçdiñ deñimden, Meni oklap şol öñküje gyş güne. Giñ jahanyñ gamyn alyp topuga, Ak ýagyşa onki süññüm ezjekdim. Iller näme diýse goý, şony diýsin, Päkligimi señ laýyña gömjekdim. ▶ MÄHRE SADAGA Rehim etseñ ykbal girer sazyña, Seniñ rehmet keremiñe sadaga. Göwnüm girdi bu dünýäniñ sazyna, Sen ýalkasañ, men aldyrman badaga. Golumdan çek, göter meni ezizim, Hyzmatyñy az etdimi keniziñ. Senuñ ýagtyñ ýaşadyp ýör henizem, Başym gurban saña barýan gadama. Senden ýyly ýetdi ~ her dem begendim, Kä gowşatdyñ, käte dartdyñ kemendiñ. Men bir otda bagty gelen semender, Ýüzümde nur, gözüm meñzär sadaba. Men bir jeren, sen beýewan eýýäm bol, Umyt meýin guý badama-haýýam bol, Matalymyñ çözgüdinde söýýän bol, Dünýäñ petiş bolsa ~ bolsam otaga. Göwnüm ýazy küýsär, sen bir ýaýla bol, Men bir guşuñ, guş sürüden saýla bol, Huzuryñsan üşäp geldim, maýla bol, Senden gelýän yssy mähre sadaga. ▶ ÝAR INDI Pany dünýä, senden razy synym bar, Yhlasymdan kalba dolup nur indi. Sazyñ piri, saña tagzym eý Gambar, Mukam tapdym, göwne girdi tar indi. Tanañ siz, bu ýerler ýaryñ ülkesi, Topragy göýä bir tylla külkesi. Aşyk bolsañ göwnümdäki mülke sen, Jahan daragtynda miwäm bar indi. Yşk ýolundan habar ~ Zeýnel Arabyñ, Men ýarymy idäp bir gün bararyn. Höwesim ganat bol, söýgim - ýaragym, Orta çykdy ýanyp duran nar indi. Bilýän awy oñar bu gün tarlanyñ, Şol dereden eşitdim şiriñ arlanyn. Dogry gelen keýik bolar gurbanyñ, Bola bilmeb özge ýerde har indi. Suwlar agsa aýyp dälmi kenara, Mirap bol-da akymymy penala. Özûñ böwüs, diwar düşse sen ara, Çözgüdini saña goýdum ýar indi. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |