ÝAZGYT
Annabaýram neresseden galan ýalňyz ýadygärligi – ogly Hommat paýtagtda alty-ýedi ýyl okap gelip, obalaryndaky hassahanada lukman bolup işe başlandan Döndügözel eje-de toýuň aladasyny edip ugrady. Hommadyň:
– Entek işim bilen, daş-iç bilen bir öwrenişeýin-ä. Howluda haýsy zadyň nirede ýatanyny bilemok, ile gülki bolmak üçin märeke edeýinmi?! – diýip, janykmasyny dagy, Döndügözel eje, diňlejegem bolmady.
– Şunça ýyllap okuwyň diýip azar bermedim. Okuwyny gutardy, oba geldi, ind-ä özünden biler-le diýdim, olam bolmady dämi, gezek meňki! Hälem: „Pylany gerek“ diýseň-ä, diýeniň, ýogsa-da, hana, Küllek daýyň körpe gyzyny berjek diýýä. Özüme goýdugyň Gülendam jany töre geçirýän…
* * *
Gülendam gelin gelen gününden täze ojagy bilen garyşyp-gatyşyp gidiberdi. Gaýynenesidir ýanýoldaşy Hommadyň göwnüni tapjak bolup, şo-ol, hysyrdandy ýördi. Öňdenem garyndaşlyklary bolandanmy, ýa gelniň yhlasy bilenmi, Döndügözel eje-de ony gyzy ýaly gördi.
Hommada welin, birbada, täze durmuşa öwrenişmek kyn düşdi. Uzynly gününi işde geçirip gelensoňam, kitaby bilen boldy. Oglunyň bolşy näler iňkis etdirse-de, Döndügözel eje niýetini ýagşa tutdy. Ýanýoldaşynyň sowuklygy barada ýeke agyz dil ýarmasa-da, käteler, ikiçäk otyrkalar, ötünç soraýan ýaly, gelnine göwünlik berdi. “Ine, nesip bolsa eliňe bäbejik alarsyň welin, ähli zat düzeler gider. Agtyjagym sizi ysnyşdyrar, bular ýaly ýagdaý ilçilikde bolaýgyçdyr, hi-iç gyýylma“ diýip, öwran-öwran gaýtalady.
Garrynyň aýdyşy ýaly-da boldy. Gyzy Gülnarjygyň dünýä inmegi bilen Hommat göz-görtele özgerdi. Wagtynyň köpüsini, öňküleri ýaly, iş stolunyň başynda däl-de, gyzjagazynyň, gelniniň ýanynda geçirmäni çykardy. Onuň bu bolşuna gelnindenem beter Döndügözel eje begenip, ganat baglaýjak bolýardy.
Şeýdip Gülnarjyk özi bilen öýe şatlyk-şowhun getirdi. Emma, bu owadan durmuş juda gysga dowam etdi. Duýdansyz derde ulaşan Gülendam gelniň aralaryndan sogrulyp gitmegi bilen ýaňy bir bazara öwrülip ugran içeri boşana döndi. Ykbalyň ýowuz oýnundan bihabar, günüň-gününe dürlüje oýunlary tapyp, özi duýmazdan, ýüreklere melhem edýän çagajyk kakasydyr enesiniň bu dünýädäki iň uly baýlygyna öwrüldi. Gyzjagazyna imrinip, Hommadyň gussasyny az-kem unudýandygy Döndügözel ejä teselli berýärdi. Şonuň üçinem ol käýarym Gülnarjygy özündenem gabanyp goýberýändigi üçin oglundan göwünem etmezdi.
Dogrudanam Hommat soňabaka gyzjagazyna şeýlebir öwrenişdi welin, käwagt enesi bilen oýnap, „gel-geline“ üns bermese-de öz ýanyndan ony gysganardy. Goňşy-golamyň çagalary „oýnatjak“ bahanasy bilen alyp gidip, işden gelende Gülnarjyk öňünde bolmasa dagy, Hommadyň ýüregi ýarylara gelerdi...
…Hommadyň obadan gaýdyp, welaýat hassahanasynda işe başlan döwürleri Gülnarjyg-a eýýäm orta mekdebiň bäşinji synpynda okap ýördi, Döndügözel ejäniň ýurduny täzelänine-de iki ýyl töweregi bolupdy. Şol döwürlerem Hommadyň durmuşynda Aýgözel peýda boldy…
Aýgözel Hommat bilen hassahanada, bir bölümde işleýärdi. Onuň durmuşa çykman oturmagynyň sebäbi baradaky gürrüňlere Hommat gulak gabartjagam bolmazdy. Ol ýeke bir zady – Aýgözeliň diýseň göwnaçyk, agras, asylly gyzdygyny bilýärdi. Nädip, nähili bolanyny özi-de duýmazdan, Hommat Aýgözel bilen ysnyşdy gitdi. Soňabaka olaryň gatnaşyklary çyna ýazyp ugrady. Ýöne Aýgözelli meselede Hommadyň ýüregine agram salýan uly bir güýç bardy. Ol güýç – gyzjagyzyna bolan söýgüsidi. Bu barada pikir edende Gülnarjygyň mährine, çagalyk söýgüsine ikilik edýän ýaly, öz-özüni örtärdi. Muňa esas ýogam dädi. Her näçe boýun alasy gelmese-de, ol öň diňe gyzjagazyna degişli hasaplap ýören ýüreginden kem-kem Aýgözel üçinem ýer ýasap ugrapdy. Ol ýeriň göwrümi bolsa, günsaýyn ulalýady. Söýgüsiniň Gülnarjyga sähel kemterlik etmeginden welin Hommat ähli zatdan beter gorkýardy. Şonuň üçinem ol Aýgözeldir Gülnar bilen boljak şol gürrüňi yza çeke-çeke iki ýyl dagy gezdi.
Bir günem böwet ýaryldy, suw agdy. Ýüregini bire baglagada, Gülnara ähli zady aýtdy. Oňa bu durmuşyň ýalanyny-çynyny, ajysyny-süýjüsini deňeşdiripler düşündirdi. Entek gutarnykly netijä gelmändigini, eger özi göwnemese hiç hili ädim ätmek niýetiniňem ýokdugyny telim gaýtalady. Bu baradaky pikirini soramak üçin Gülnaryň çagalykdanam doly saýlanyp ýetişmedik bigünä gözlerine seredendenem, aýtjak sözleri agzynda doňup galdy. Ol gyzjagazynyň gözlerinden: «Kaka, indi senem meni taşlap gidýäňmi? Beýder ýaly, menden aýak-aldygyna gaçar ýaly, size näme ýamanlyk etdim?» diýen soragy okady. Şolam Hommadyň gutarnykly netijä gelmegi üçin ýeterlik boldy.
Şondan soň Gülnaryň gözlerinde şu çaka çenli saýgarylmadyk gussa hemişelik peýda boldy. Hiç haçan elimden gitmez öýdüp ýören, ýeke-täk özüne degişli hasaplan baýlygyna – kakasynyň mährine, söýgüsine başga-da biriniň dalaş edip bilmeginiň mümkindigine ol şonda ilkinji gezek göz ýetirdi.
Hommat welin şol gürrüňden soň bu mesele barada beýnisine agram saljagam bolup durmady. Edýän hereketiniň dogrudygyny-nädogrudygyny seljerjegem bolman, Aýgözel bilen hoşlaşdy. Her näme-de bolsa, ýüreginiň başga zatlar diýip durandygy sebäpli, Aýgözeliň söýgüden, mähirden doly dünýäsinden alysa – paýtagta göçüp gaýtdy...
* * *
Edil kakasy ýaly, Gülnaram lukmançylyk ugrundan okuwa girdi. Gulpagyny tasadyp ýörenje Gülnarjyk Hommadyň gözüniň öňünde ulugyz çykdy. Ýöne, öýüň işlerini, biş-düşi birwagtlar elinden alsa-da, Hommat üçin ol şo-ol, çagalygyna galypdy. Şonuň üçinem okuwdan soň, joralary bilen nirädir bir ýerlere gitmeli bolaýanda-da kakasynyň yzyndan baryp, alyp gaýtmagyny Gülnaryň özem gaty görmezdi, joralaram geňlemezdi.
Şol günem Gülnar hemişeki ýaly, agşam naharyndan soň, kakasyna çaý demläp getirdi-de, gapdalyna geçip oturdy. Onuň hereketlerinden, özüni nähilidir oňaýsyz alyp baryşyndan bir zatlar aýtmaga hyýallanýandygyny Hommat derrew aňdy.
– Hawa, gyzym, aýdyber, bir zad-a diýjek bolýaň sen.
Islendik gürrüňe-de çekinmän, sähelçe-de säginmän başlaýan Gülnar kakasy söz açansoňam, nämeden başlajagyny bilmän çekinjiräp oturdy.
– Hä, gyzym?! Aýdyber, ýa bir zat boldumy?
– Aý, ýok, kaka, bolan zad-a ýok.
– Onda näme?
– Neme, kaka… Ertir bile okaýan gyzlarymyzyň biri çykýar.
Hommat birbada gyzyna düşünmedi.
– O nähili? Okuwdan çykýamy? Nämüçin çykýar?
Gülnar hezil edinip güldi.
– Ýo-o-ok, kaka, okuwdan çykanok, durmuşa çykýar. Bizem şoň toýuna toparymyz bolup gidýäs.
Hommadyň çep gursagynda bir zat sanjyp giden ýaly boldy. Ýöne, gyzyna syr bildirmezlige çalyşdy. Ol şol sanjyny aýralygyň duýduryşyna meňzetdi. Gülnaryňam bir gün haýsydyr bir ýigit bilen durmuş gurup, şu ojagy terk edip gitjekdigi barada şonda ol belki, ilkinji gezek çynlakaý pikir etdi.
Her näçe howlugsa-da, Hommat toý ýere biraz gijä galyp bardy. Ol baranda Gülnar dagy ikibir-üçbir bolup, gaýdyp gelýärdiler. Bir ýigit bilen egin degirişip gelýän Gülnary görübem, Hommat gyzynyň düýn, toýa yzyndan barmazlygyny ýalbaryp diýen ýaly haýyş edip oturyşynyň sebäbine düşündi.
Şondan bir ýyl geçip-geçmän Hommat uly toý tutup, dünýädäki ýalňyz baýlygyny ýaňky uzyn boýly ýigide berdi goýberäýdi…
Hommat toýuň ertesem, birigünem, soňky günem, çaga ýaly, Gülnaryň gelerine garaşdy. Gelmejegini, onuň birmahallar, gijelerine basyrganyp, aglap oýananda gürsüldäpjik, howsalalyja urýan ýürejiginiň indi diňe özüne däl-de, başga birine-de degişlidigine, (onda-da köp böleginiň şonuňkydygyna), özüne degişli böleginiň bolsa ýyl geçdikçe kemeljekdigine gözi ýetip dursa-da, dördünji gatda ýerleşýän iki otaglyja jaýynyň äpişgesinden boýnuny süýndüripler garaşdy...
Gülnar ahyr bir gün geldi. Şonda Hommat begençden ýaňa ýüregi sogrulaga-da, patlap, ýere gaçaýar öýtdi. Çaga ýaly bökjekläp, jaýyň içinde zowzanaklady ýördi. Gülnaram bir eýläk, bir beýläk geçip, başagaý bolup ýören kakasyna seredip, özüni ulaldan diwanynda, gussalyja ýylgyryp, sesini çykarman otyr.
Aşhana üç-dört ýola boş girip-çykansoň, Hommadyň çaý oturtjak bolup ýörendigi ýadyna düşdi. Kitirini suwdan dolduryp, gaz plita goýagada, kükürt alaýyn diýip, yzyna öwrülendenem, eýýäm-haçan iç işikde duran Gülnara gözi düşdi. Doňňara-daşa öwrülip durşuna aýdan sözleri gulagyna ho-ol, alyslardan bir ýerlerden gelýän ýaly bolup duýuldy.
– Hä, Gülnar? Nirä?
– Kaka… neme... men... Men howlukmajrak. Okuwdan gelýädim-de, habar tutaýyn diýip sowulaýdym.
Hommadyň damagy doldy. Eliniň aýasy bilen gözüniň ýaşyny sylyp durşuna, entek ot ýakmandygyna garamazdan: „Kükürdiň tüssesi düşdümi, nämemi?“ diýip, Gülnardan nazaryny gaçyrdy. Bolşuna görä, ýylgyrjak boldy. Ýöne onuň beýtmesi iň agyr perýatlardanam gözgyny bolup göründi. Bu görnüşiň ýeke dikrarynyň ýürejigine agram salýandygy ýadyna düşende öz jigeriniň yzasyny basmarlady.
– Bor, gyzym, howlukmaç bolsaň, gitmeli... Men näme… Men gowy-la. Nirä gideýin men? Ine, öý-ä özüň görýäň... sensiz diýmeseň… şo-ol, öňküje öý. Menem, ýanymda sen ýok diýmeseň, şo-ol, öňküje kakaň… Bir-az içim gysjak bolýa, olam hiç. Seň ýagdaýlaň gowy bolsa bolýa, gyzym. Ýöne, şeýdip, gelip durgun, hoşmy? Işe-de bar. Jaňam et. Öýüňde telefon ba dämi?
Gülnar başyny atdy.
– Hawa, kaka, bar. Jaň eder duraryn, hökman jaň ederin.
Şondan soň Hommat hiç zat diýmedi. Başarmady. Ragbaty ýetmedi. Gülnaram elýaglygy bilen gözüniň ýaşyny süpürdi-de, sesini çykarman, çykdy gidiberdi…
Şol gün Hommat, ýeke dikrarynyň ýap-ýaňyja-da ýylgyrypjyk oturan diwanyna geçip, pikire çümüp oturyşyna, ýazgydyň öz egnine ho-ol, birmahallar atan ýapynjasyny – ýalňyzlygyny Gülendam gideli bäri, ilkinji gezek boýun aldy. Beýnide at çapýan sansyz pikirleri bilen kowalaşa-kowalaşa-da gijäni çirim etmän geçirdi. Ertesi irdenem iş ýerine jaň edägede, birki günlük rugsat aldy. Hasyr-husur geýnibem, göýä, duşundan geçip giden günleriň yzyndan ýetmäge howlugýan ýaly, ala-basgy bolup, gugaryp galan otagyndan çykyp gaýtdy.
Myrat HUDAÝGULYÝEW.
Hekaýalar