22:41 Ýazha-ýaz! | |
ÝAZHA-ÝAZ!
Goşgular
Oňat döwür boldy, indi goşgyny depder-depder edip, çem gelen ýazýar. Ýüreginde bolmasa-da hoş duýgy, Zehinden binesip çöňňeler ýazýar. Her ýyl yglan edilende bäsleşik, Öňürdikläp hem ylgaşlap, säpjeşip, Utanç-haýaň serhetinden ätleşip, Daýylar, daýzalar, ýeňňeler ýazýar. Ýarty kerpiç bilen maňlaýna berseň, Bulanan beýniler durlanar belkem, Dälihana girip çykandyr görseň, Aklyndan azaşan telbeler ýazýar. Gowy goşgam çap edilýär çendanlar, Hiç kim oňa baha bermez, geň galmaz. Çemeçiller, söwdagärler, dellallar, Bir söz bilen aýtsak, hemmeler ýazýar. Eger çynyň bilen joşmasa göwnüň, Waspyn edip bormy bagtyýar döwrüň, Sakgalyn-sarmygyn galama öwrüp, Garrap, sandan galan töňňeler ýazýar. Meger alyp gaçýan borly hyýallar, Öňler keşde çekip, gaýma gaýanlar, Ýüz ýyl owal ärden galan aýallar, Hem kazy-kelanlar – selleler ýazýar. Şygyr döretmek kyn örtenmän, ýanman, Dogry sözüň aýtman, öz syryň ýaýman, Şahyr dostum, neçüýn otyrsyň ýazman, Gör-ä, bu gün senden öňňeler ýazýar. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||||
| |||||||