19:51 Ýazyjylyk kesbi | |
ÝAZYJYLYK KESBI
Edebi makalalar
Erih Koş (15.04.1913, Saraýewo ş.), ýugoslaw (asly ýewreý serb) ýazyjysy. Belgrad uniwersitetiniñ hukuk fakultetini tamamlayar. Ýugoslawiyanyň Halk-azat ediş goşunynyň ofiseri bolýar. "Oduñ içinde" atly ilkinji hekayalar yygyndysy 1947-nji ýylda çap edilýär. Onuň ilkinji eserleri faşizme garşy partizanlaryň göresi baradadyr. "Tif" (1958), "Torlar" (1967) atly romanlary, "Heläkçilik" diyen powesti psihologiki realizmiň däplerinde ajayyp adam baradaky şahyrana öwüsgünde ýazylypdyr. Erih Koşuň döredijiliginde satira uly orun tutyar. "Beyik Jadygöý atly äpet kit hakynda powest" (1956), "Gar hem buz" (1961), "Atlar" (1971) diýen romanlary we hekayalar ýygyndylary ahlak belentliklerini gorap, meşançylygy paş edýär. Şeyle hem Erih Koş tankydy-publisistiki ýygyndylary bilen hem meşhurdyr. * * * Nämüçın beýle bolýarka, nä sebapden köp kişi ýazyjy bolmagy arzuw edýärkä? Gül ýaly başarýan, gyzygam, abra- yam her hünarçe bar kärleri barka-da nämüçin nälet siňmiş ýazyjylyga höwes edýärkäler? Üstesine ýazyjylykda şol abraýa, ykrar edilmä ýetip-ýetmejekleri hem gümana. Nämüçin dört diwara sygmajak sagdyn, ukyply pyýadalar ýazyjy boljak bolup dyrjaşyp ýatyrkalar? Olaryň ýazyjylyk stolunyň başyndan galman, dümtünip oturyşlaryny göz önüne getirmegem kyn. Nämüçin bir giden ene-ata çagalarynyň önünde heniz şarňyldap duran düz yollary saylamaga mumkinçilik barka, bu kötel ýoldan gidenlerini isleýärka? Elbetde, bu yerde mesele diñe şöhratparazłykda, näbeletlikde, delilsiz göwün ýüwürtmede dal bolsa gerek. Bu arzuw-isleg köplenç çynlakaý hem päk yürekden edilýär. Kä kişi öz durmuşyny payhas eleginden geçirmegiñ we ony netijeli, manyly etmegiñ höwesinde galama ýapyşýar. Ömürlerini takyk ylymlara bagyşlan alymlar üçin sungat bilen meşgullanmak yaşlyga dolanmak, ony täzeden ýaşamak ýaly bolup görünýär. Üstünlıgıñ innezek awçylaryna bolsa sungat git mümkinçilikleri bolan aw meydany ýaly görunýär. Of bagty çüwüp awy ganly bolaysa başga hünärlerde ýyllap zähmet çekip gazanmaly ýeňşinj, edil lotereya biledi utan yaly, bir gezekde gazanyp biläýerin öýdýär. Harby kişi bolsa, parabat döwürde bir peýdaly iş bilen meşgullanyp ömrüni doldurmak isleýär. Syýasy işgär bolsa ýazyjylyk bilen özünden soňa saman sözlerden başga näme-de bolsa bir zat galdyrmagyň arzuwynda. Garaz, edebiýada ýüzlenýän her kimiň bir delili bar. Ýöne delil arzyly maksadymyza ýetirýärmi? Bir fransuz ýazyjysy "Adam aýagy sekmedik ada-da ýalňyz galan adamyň edebiyat bilen meşgullanasy gelmez. Sebäbi edebiýat hemişe başgalara täsir etmek islegi bilen döreýär. Bu iş bilen meşgullanýanlar bolsa ýüzlenýän köpçüliginden seslenmä garaşýar” diýip örän jaýdar aýdypdyr. Ýazyjylyk bilen baglanyşykly Wolteriň bir dostuna ýazan hatyny hem mysal getiresim gelýär: "Siz şahyram, ýazyjam bolarsyňyz. Bu siziň isleýäniňiz üçin şeýle bolar öýtmäň, muny tebigatyň özi isläni üçin bolar. Ýöne şonda siz rahat durmuşda ýaşaryn diýip pikir edýän bolsaňyz, öte ýalňyşýarsyňyz. Ýazyjylyk, aýratynam talantly adamlar üçin islendik başga bir kärden has köp ejir çekdirýär. Eger bagtyňyz çüwmän, ortarak ýazyjy bolsaňyz, bu işe baş goşanyňyza ömür boýy ökünip gezersiñiz. Eger üstünlik gazansaňyz şo bada duşmanlaryňyz dörär we siz hemişe ýigrenç bilen näletlenmek uçudynyň gyrasynda gezersiňiz. Meşhur ýazyjy aýal De Stal ýazyjy bolmasa galan ömrüniň ýarsyny bermägä taýýardygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam edýär: “Şöhrata ýeterin diýen umyt bilen ädilýän ilkinji ädimler şatlykdan doly bolýar. Ýazyjy özüniň adynyň dile düşýändigine, jemgyýetde öz ornunyň bardygyna begenýär. Emma ol şöhrata ýetende eýmenç ýalňyzlyk gurşap alýar. Ýazyjy öňküje durmuşyna dolanyp barsa, hezil etjekdir welin, indi giç. Ony öz ornunda durmaga mejbur edýärler. Ol hökmän ýene täze üstünliklere ýetmeli. Betbagt ýaşaýyş, näletsiňen kär!" Bütin dünýe hereketde gaýnap joşýar. Ýazyjy näme işleýär? Hakyna seredende edýän işi ýok. Ýeke özi näme üçindigi belli däl, çagalykda öwrenenlerine wepaly otyr. Erkek kişiler, aýallar, maşgalalar, goş birikdirenler, maşgalany bozanlar, gaçgaklar, ganhorlar, öğlenmeler, uruşlar, ösüş hem yza gaýdyş, bagtyýarlyk, betbagtçylyk we ş.m. zatlar bilen meşgul. Üstesine-de toslama. Bu zatlar barada onuň ýazany kime gerek? Nä akyl bilen ol bu zatlary dörüşdirip otyr. Onuň toslama dünýäsi kime derkar? Ýazyjy öz-özüne "Sen barypýatan akmak. Kitap yzyna kitap ýazýaň. Näme üçin? Näme kitaba gytlyk barmy? Baryp-ha Süleyman patyşa-da kitabyň köplüginden nägile bolupdyr. Sen geň iş bilen, beýlekileriň pikiriçe bolsa döwürden yza galan iş bilen meşgullanýaň" diýer. Bu näletsiňen käriň toruna düşenler üçin töweregini gurşaýan zatlar, adamlar özüniň asyl manysyny ýitirip, ýazyjy üçin ýazar ýaly materiala öwrülýär. Asmandaky bulu- dam ýöne bir bulut däl, köçäň gyrasynda ösüp oturan gülem. Bularyň bary geljekde ulanmak, gaýtadan işlemek üçin gurluşyk materiallary. Öňküňizdenem gowy ýazjak bolup yhlasyňyzy gaýgyrman ýörşüňize edýän işiňiziň lezzet getirmeýändigini duýarsyňyz. Ondan-a guýy gazanyňyzam aňsat görner. Durmuşy mümkin boldugyça hemmetaraplaýyn görkezmek niýetinde jan çekýän wagtyňyz bu nälet siňen käriň hakyna seredeninde, sizi durmuşyň çet-gyrasyna taşlap, diñe keseden synlap durmaly edendigini bilip galarsyňyz. Töweregiňizdäki ähli zatdan edebiýatyň ysy geler durar welin, siz şeýle bir berçigersiňiz, diñe işiniz däl, durmuşyň özem ýigrenji görner. Beýleki hünärlerden tapawutlylykda bu käre näçe ökdelediňizçe, ýekeje şowly setiri, ýeke-täk jaýdar sözi tapmak üçin şonça-da köp zähmet çekmeli, wagt sarp etmeli bolarsyň. Eger bu göreşi taşlaýmasaňyz, ýeňleniňizi boýun alaýmasaňyz ýaşamaga wagtyňyz galmaz. Siz ähli çakylyklardan ýüz öwürmeli bolarsyňyz. Dostlaryňyzyň hemmesini diýen ýaly, hatda köne ülpetlerinize çenli ýítirersiniz. Dynç alyşlardan, işsiz oturmakdan, güýmenjelerden dynarsyňyz. Ýuwaş-ýuwaşdan bu käre mahsus psihiki hem fiziki keseller basmarlap ugrar. Siz ne syýahata, ne teatra, ne kino, ne konsertlere, ne kitaba... wagt taparsyňyz. Kitaby öňkiňiz ýaly lezzet bilen okamarsyňyz-da, ýeňiljek göz gezdirersiňiz, öňünden-soňundan az-owlak okap, käriňize görä baha berersiniz. Eger kärdeşleriniziň biri okanyňa degýän bir zat ýazan bolsa gözügidijilikden, gorkudan agaryp-gögerersiňiz. Ahyrsoňunda hem ýadawlykdan, berçigmekden içinizdäki joşuñ ysgyndan gaçyp ugrandygyny aňarsyň. Eýsem bu siziň arzuw eden soňlamaňyzmydy? Eýsem, şeýle işden joşup bolarmy? Käşgä döredijilik işi Pegasyň üstünde Parnasyň bulutlarynda uçmak ýa-da hüýr-perileriň goşluşyp aýdýan aýdymynda arfa çalan ýaly bolsa. Romantikleriň asmandan asan döredijilik joşgunyny realist Flober "yzygiderli, gündelik bir näçe sagatlap stoluň başynda oturmak" diýip anyk kesgitläpdir. Bu zähmetiň üznüksiz azapdygyny onda-da kanagatlanma-da, şatlygan getirmeýän azapdygyny belläpdir. Çünki uzak günki eden işiňi gijeki närazylyk melegi kül-peýekun edýär. Bu nälet siňen käri öwredýän ýörite okuwam yok. Munda diplomyňdanam hiç hili peýda ýok. Sende ne bir ynam bar, ne-de durnuklylyk. Her goşgy, her hekaya, her kitap gutulgysyz täze problema. Her täze kitap bu hökman täze synag, her ýazylmadyk kitap bolsa ondanam beter ýakymsyz zat synagdan boýun gaçyrmak. Ýazyjy hiç wagt özüni ýeňiji duýmaýar, hiç haçan hem eden işinden doly kanagatlanmaýar. Okyjylar näme? Gýote "Kim azyndan million okyjysy bolar öýtmeýän bolsa, goý, eline galam almasyn" diýipdir. Emma ol million okyjy, hemişe şonuň bilen gorkuzylýan san-sajaksyz kelleli gorkunç jandar dälmi? Şol eýmenç ajdarhadan gorkularyna käbir ýazyjylar pil süňkünden galdyrylan diñe çykyp goranmak isläpdirler. Olar okyjyny düşünjesiz haýwan diýip atlandyryp, diñe özleri üçin ýazýandyklaryny aýdypdyrlar. Emma olara görä batyrraklary hem köpräkleri öz okyjylary üçin ýazýandyklaryny aýtsalar-da ony anyk göz öňüne getirip bilmändirler. Şonuň üçin hem olar "Kim üçin ýazyjylygyň ejirini hem kemsidilmelerini çekýän?" diýip irginsiz gaýtalapdyrlar. "Kitap ony satyn alýan bir näçe müň adam üçin ýazýarynmy? Olaryň meniň kitabymy alyp-almaýandygyny, okap-okamaýandygynam anyk bilemok?" diýip özlerini gynapdyrlar. Senin üstüň bilen söýýän gyzlaryny agşamlyk restorana çagyrar ýaly pul gazanýan habarçylar üçinmi? Ýa-da ýazyjylyga özlerini sizden has gowy düşünýän hasaplaýan agras sypat tankytçylar üçinmi? Ýa-da duşan wagtlary okandyklaryny görkezmek üçin kitabyňa ýeňil göz gezdirip çykýan has ýakyn dostlar hem garyndaşlar üçinmi? Ýa-da "ýazylýamy ýazýas" diýýänlerdenmi? Çünki özümiz öz eserimiziň iñ ilkinji, iñ talapkär okyjysy, onuň baha kesijisi. Niçigem bolsa-biz näme üçın ýazýarys? Biziň ýazyjylyk ejirmiziň öweztőlegi barmy? Bu sowala jogap bermek ýeňil, çünki sowalyň özi ýalňyş. Öweztölegi diñe o dünýede jennetiň hözirini söz berýän dinden başga hiç zatda, hiç yerde yok. Aslynda biz öz isleýän hem başarýan zadymyzy edýäris. Ähli kişi ýaly biz hem öz ukybymyza görä ýa-da başgalaryň maslahatyna eýerip, käte säwlik bilen, käte-de ýalňyşyp şu käri saýlap alýarys. Nämüçin biri şahtaçy, ýene biri synagdan geçirýän uçarman, kä kişi bolsa howply atom energetikasy - bilen meşgullanýar. Käbirleri bolsa ägirt uly jogapkärli syýasy wezipelere ýetmäge - ymtylýar? Megerem, olara başgasyny saýlara ýol yokdur ýa-da ömürleriniň aygytlaýjy döwürlerinde daşyny gurşap alan ýagdaýlar şoňa itekländir ýa-da olaryň zandy şoňa laýykdyr. Onsoňam, heý. arzuw edýän käriňdäki kemçilikler seni - ýarpy ýolda saklap bilermi? Eýsem, şahtaçynyň çekýän kynçylyklary, başyny alyp - duran howp oňa işini taşladyp bilýärmi? Her döwür ýazyjynyň öňünde täze meseleleri goýýar. Şonuň çäklerinde hem ýazyjylar nämüçin ýazyjylyk bilen meşgullanýandyklarynyň sebäplerini hem e delillerini tapýarlar. Diýmek esasy zat - sabyr etmegi başarmakda! Ýazyjylyk wezipämiziň betbagtlyklaryna we kemsidilmelerine döz gelmekde. Öz boýnuňa düşenini alyp gitmekde we ynanmakda. Nämä ynanmakda? Megerem, ömrüň gorkularyndan azat edýän, ony nähilidir peýda hem many bilen dolduranymyza ynam berýän wezipämize ynanmaly. Ýogsa, wezipe - bu zähmet, zähmet - bitirilen iş, bitirilen iş bolsa ömürden güýçlüdir. Çünki ol owal başdady. Durmuşy we dünýäni hem döreden şoldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |