12:05 Ýazyjy mekdebe geldi | |
ÝAZYJY MEKDEBE GELDI
Ýatlamalar
Geçen ýylyň baharydy. Aşgabatda çagalar we ýetginjekler kitabynyň Bütinsoýuz hepdeligine uly taýýarlyk görülýän günleridi. Bu waka bilen baglanyşykly respublikamyzyň görnükli çagalar ýazyjylarynyň döredijiligi hakynda telewizion gepleşikler berlip başlanypdy. Redaksiýamyza çagalaryň bir toparyndan hat gelip gowuşdy. Olar ýazyjy Nazar Geldiýew hakdaky gepleşige tomaşa etmek isleýändiklerini ýazýardylar. Bu barada ýazyjy bilen gepleşmegi maňa tabşyransoňlar, onuň ugruna çykdym. Redaksiýanyň ýumşuny aýtdym. Ol birsalym sesini çykarman durdy. Soňundanam: - Men hakda gepleşik etmek hökmanmyka? – diýdi. Men gepleşige özüniň körpe okyjylarynyň tomaşa etmek isleýändiklerini ýaňzytdym. Ýazyjy bada razylaşdy: - Eger şeýle bolsa, çagalaryňam bir raýyny ýykyp bormy? Ertir meni gökdepeli körpeler duşuşyga çagyrýarlar. Eger meýliňiz bolsa, bile ötägideris. Biz şol gürrüňleşen günümiziň ertesi ýazyjy Nazar Geldiýew bilen Gökdepäniň Ýaňgala obasyna tarap ýola düşdük. Men Ýaňgala barýanymyza az begenmeýärdim. Bu obada Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Çary Täçmämmedow ýaly türkmen saz sungatynyň ägirtleri dünýä inipdi. Nazar Geldiýew bolsa ýolboýy bu obanyň taryhyndan, onuň edermen adamlarynyň täsin ykbalyndan gyzykly gürrüň berýärdi. Men ýazyjynyň oba adamlary hakda beletçilik bilen berýän gürrüňlerine haýran galdym. Asyl soň görüp otursam, ýazyjynyň çagalyk ýyllary şu obada geçen bolsa nätjek?! Bizi obanyň mekdep okuwçylary dabaraly garşyladylar. Olaryň bary Nazar Geldiýewiň daşyny gallap aldylar. Men olaryň kesesinden synlap durşuma ýaş tapawudyna garamazdan, köne dostlar ýaly gürleşip duranlara bir tarapdan gözüm gitse, ikinji tarapdan, saçy çuw ak, ýüregi çagalara mähirden doly bu ajaýyp adamynyň, çagalaryň söýüp okaýan gowy ýazyjysynyň ykbalyna guwanman durup bilmedim. Kinooperator ýoldaşym bolsa bu dabaraly görnüşi ýetişibildiginden surata alýardy. Boýunlary gyzyl galstukly, döşleri oktýabr nyşanly çagalar ýazyja sowal yzyna sowal ýagdyrýardylar. - Nazar aga, täze kitabyňy sowgat bersene?! - Pioneriň üçlük almaga haky barmy? - Nazar aga ilkinji goşgyňyz näme hakynda? - Täze ýazan eseriňizden birini okap beräýseňiz-le?.. Ýazyjy Nazar Geldiýew bolsa olaryň sowallaryny jogapsyz goýanokdy. Soňra çagalar ony öz klaslaryna aýladylar. Gyzlar çeper ellerinden önen nepis sungatlaryny görkezseler, oglanlar çeken suratlarynyň sergisini görkezdiler. Mekdepdäki duşuşyk uzaga çekdi. Ýazyjy çagalar bilen hoşlaşandan soň, bizi birwagtlar lummurdap akan Sekizýabyň boýuna aýlanmaga çagyrdy. Bu ýabyň suwy indi ozalkysy ýaly däl, mazaly çekilipdir. Ýazyjy oýa batyp oturyşyna, nazaryny uzaklara gönükdirdi. Belki-de, ol çagalyk ýyllaryny ýatlandyr. Şol gün ýazyjy özüniň “Sekizýabyň mukamy” atly kitabyndaky gahrymanlaryň prototipleriniň ençemesi bilen bizi tanyşdyrdy. Nazar Geldiýew edebiýat meýdanyna çagalar şahyry hökmünde aýak basdy. Onuň otuz ýyl mundan öň, 1954-nji ýylda ilkinji goşgular ýygyndysy çap edilipdi. Ýygyndy “Gyzyl galstuk” diýip atlandyrylypdy. Soňra kitap yzyna kitap döräpdi. “Biziň hojalygymyz”, “Bäşimiň syýahatlary” çagalaryň söýüp okaýan kitaplaryna öwrüldi. Nazar Geldiýew ençeme ýyllap respublikamyzyň neşirýatlarynda işledi. Ol siziň söýüp okaýan kitaplaryňyzyň ençemesine redaktorlyk etdi. Bu ýaşuly ýazyjy ulular üçinem eser döredýär. Onuň pesalary esasynda goýlan spektakllar respublikamyzyň teatrlarynyň sahnalarynda tomaşyçylaryň gyzgyn söýgüsine eýe bolup gelýär. Çärjewiň oblast sazly-drama teatry özüniň ilkinji möwsümini N.Geldiýewiň “Seýdi” spektakly bilen başlapdy. Howa, üstümizdäki ýylyň noýabrynda altmyş ýaşy arka atýan, saçlary çuw ak, ýüregi mähirden doly ýazyjy Nazar Geldiýewiň döredijiligi barada näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Ol irginsiz işleýän ýazyjy. Ýakynda bolsa onuň uruş ýyllary hakda gürrüň berýän romanyny okyjylar höwes bilen garşylady. ...Men onuň bilen hoşlaşyp durkam, altmyş ýaşly ýazyjynyň “Pioner” žurnalynyň okyjylaryna näme arzuw edýändigini soradym. Ol: - Ýaş nesil atalaryň ýoluny mynasyp dowam etdirijiler bolmaly. Munuň üçin oňat okamaly, il-günüňi, ene topragyňy söýmeli. Men körpe dostlarymyň sagdyn ösmeklerini, hiç haçan uruş atly nägehany görmezliklerini isleýän – diýdi. Bu çagalaryň söýgüli ýazyjysynyň, Beýik Watançylyk urşunyň weteranynyň sözleridi. Allaýar ÇÜRIÝEW. “Pioner” žurnaly, №11. 1984 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |