10:58 Ýazyjylyk bilen bagly henekler | |
ÝAZYJYLYK BILEN BAGLY HENEKLER
Degişmeler
☻Gögele ýazyjy we saýtyň administratory Ilkinji hekaýajygyny ýazan gögele, edebiýat saýtynyň administratory birnäçe gezek onuň ýazanyny saýtynda goýmakdan ýüz dönderenden soň oňa şahsy hatyň üsti bilen nägilelikden doly, öýkeli sowal ýollaýar: “Aýtsaňyzlaň, meniň bu hekaýamyň haçanam bolsa ahyryn-da bir gün siziň saýtyňyzda goýlaryna umyt barmy?!”. Administrator jogap iberýär: “Elbetde. Biziň hemmämizem ahyrynda bir gün başy ölümli bende! Menem baky däl!”. ☻Ýazyjy we o dünýä Ýazyjy ölýär. Dessine-de behişdiň derwezesiniň öňünde peýda bolýar. Ony Jennetiň garawuly Ryzwan perişde garşy alýar-da, ondan: -Ýazyjylaryň uçmahyna düşesiň gelýärmi ýa-da dowzahyna?!-diýip soraýar. Ýazyjy Ryzwandan özüne ilki dowzahy görkezmegi haýyş edýär. Bada-badam aýylganç bir ýere düşýär. Ol ýerde milliardlarça adamlar kompýuteriň başynda oturyşlaryna ala-başagaý bolşup, klawiaturada aýagaldagyna nämedir bir zatlar ýygýarmyşlar. Olaryň barmaklarynyň işleýşinden ýaňa ol ýer diňe ala-şakyrdy bolup durmuş. Ol haýdap işleýänleriň arasynda-da elleri gamçyly gyzylgöz melgunlar iki ýaňa ylgaşlap, badyny çala haýalladany suwasalma ýenjip: -Çaltrak bol! Çalt-çalt, sargytçyň bellän wagtyna bary-ýogy bäş minut galdy!-diýşip gygyryşýarmyşlar. Bu gorkunç ýerden elheder alan ýazyjy özüne jenneti görkezmegi haýyş edipdir. Iň geň galdyrýan ýeri, ol dem salymyň içinde edil ýaňky dowzaha çalymdaş ýerde peýda bolupdyr. Şol bir tükeniksiz adamlar, şol bir kompýuterler, ala-şakyrdy, goh-galmagal, eli dürreli melgunlaram şol öňküleri ýaly gygyryşýarmyşlar: -Çaltrak bol! Çalt-çalt, sargytçyň bellän wagtyna bary-ýogy bäş minut galdy!... Agzy öwelip galan ýazyjy Jenneti Ryzwana tarap öwrülipdir-de sorapdyr: -Bü ýazyjylar üçin dowzah bilen jennetiň tapawudy nämede?! Ryzwan kibtini gysýar-da, göwnübir jogap gaýtarýar: -Jennetdäkileriň ýazan zadyny neşir edýärler… ☻Zehin ody Ýaş şahyr birnäçe sany şygyr ýazýar-da, olary pikirini bilmek üçin adygan şahyra ýollaýar. Şygyrlarynyň ýany bilenem şeýle hat ýazýar: “Men bu şygyrlary zehin oduna ýanyp-bişip ýazdym. Indem olary haýsy neşirýatda çap etdirsem şowly bolar?!”. Meşhur şahyr ýaş kärdeşine şeýle jogap ýazypdyr: “Men siziň döredijiligiňizi iňňän dykgatly öwrendim we olary haýsy otdan emele gelen bolsa şol ýalyna-da zyňmagyň iň oňat çykalga boljakdygyna göz ýetirdim”. ☻Jyn we beýlekiler Ýazyjy, korrektor we redaktor üçüsi, dynç güni derýanyň kenarynda balyk tutup otyrkalar içi jynly çüýşäni çykarypdyrlar. Olar jyny azat edenlerinden soň jyn olaryň her biriniň bir dilegini berjaý kylmagy boýun alypdyr. Ýazyjy birinji bolup: -Meniň Nobel baýragyny alasym gelýär!-diýipdir. Jyn: -Mesele däl! Senden beterlere-de berilýär-le, o diýýäniň!-diýäkge elini çarpypdyr welin, ýazyjy zym-zyýat bolaýypdyr. Soňra korrektor dillenmäge howlugypdyr: -Men bolsa dünýäniň iň abraýly mediaholdinginde, aňrybaşy ýokary aýlykly wezipede işläsim gelýär. Jyn ýene-de “meselesi ýok, munyňam” diýäkge ýaňky hereketini gaýtalapdyr. Korrektoram gürüm-jürüm bolupdyr. Onsoň jyn näme üçindir sesini çykarman oturan redaktora sowally garapdyr-da: -A sen näme isleýäň, halasgärim?!-diýip şelaýyn sorapdyr. Redaktor, şol bir oturyşyny üýtgetmän, ýeňsesini gaşapdyr-da, hümürdäpdir: -Äý näme isläýin-aý?! Hudaýa şükür, meniň hemme zadym bar. Ýöne gazetiň ertirki sanyny çapa taýýarlamak üçin ýaňky ikis-ä maňa gaty gerek bolar-aý. Şoň üçinem şolaryň ikisinem yzyna getiräýsene… ☻Gün tertibi Meşhur ýazyjydan habarçy onuň gün tertibini aýdyp bermegi haýyş edipdir. -Günde sagat 11-de oýanýan…-diýip ýazyjy gürrüň berip başlapdyr:-12-de ertirlik edinýän, soň elektron poçtamy barlaýan, soň dost-ýarlarym bilen jaňlaşýan, soň seýilgähe gezim etmäge çykýan, onsoň günortanlyk naharyny iýýän, soň gijeki kluba gidýän, onsoň gelip telewizora tomaşa edýän, soňam ýatýan. -A ýazmak bilen haçan meşgullanýarsyňyz?! -O nähili haçan?! Elbetde, ertesi gün…ýa-da soňkusy gün…ýa-da haçanam bolsa bir gün… ☻Görülmedik ýerler Ýazyjy Hindistan baradaky eserini edebiýat saýtynda goýmak üçin administratoryň salgysyna ugradýar. Administratordan oňa elektron hat gelýär: “Siz näme Hindistanda bolup gördüňizmi?!”. Ýazyjy yzyna jogaplaýar: “Belki siz “Ylahy komediýanyň” awtory Dante Aligýeridenem: “Dowzahda bolup gördüňizmi?” diýip sorarsyňyz”… ☻Ýazyjynyň işjeňligi Üç sany dost ýazyjy biri-biriniň öňünde öz işjeňlikleri barada öwünýärler. Birinjisi aýdýar: -Men bir günde 10 sahypalyk eseri kompýuterde ýazýaryn. Ikinjisi kem galyp barýan ýaly, öz işjeňligini güjeňlemäge howlugýar: -Men bir günde 20 sahypalyk eseri ýazýaryn. Üçünjisi hümürdeýär: -Menem bir sagat 100 sahypalyk eseri kompýuterde ýygyp bilýän…-diýýär-de, ol uludan dem alýar:-Ýöne gynansagam, meniň ýazanlaryma adam ogly okap düşünmeýär… ☻Galamhaky dawasy Ýazyjynyň täze hekaýasyny çap etmekçi bolýan neşirýatyň hasapçysy oňa yrsaraýar: -Biz diňe ýazylan zat üçin galamhaky töleýäris. Sözleriň arasyndaky boşluklar (probeller) üçin hiç zat tölemeris. Ýazyjy uludan dem alýar-da, jogap gaýtarýar: -Bolýar onda, men hekaýamy sözleriň arasynda boş ýer (probel) goýman täzeden işläp getiräýerin. Ýöne redaktor bilen soň özüňiz düşünişeweriň. ☻Ýazyjynyň kömegi Bir zehinli ýazyjy ýoluň ugry bilen ýöräp barýarka, bir kör görgüliniň dilegçilik edip oturandygyny görýär. Onuň öňünde “Batyl bendä sadaka beriň” diýen ýazgy bar ekeni. Ýöne näme üçindir oňa hiç kim sadaka bermän deňinden geçip gidýän ekeni. Ýazyjy dözmän ol bendäniň deňesinde saklanypdyr-da, sebetçesinden syýagalamyny çykaryp: -Getiriň, men size täze ýazgy ýazyp bereýin!-diýipdir. Onda kör ýazyjydan onuň kimdigini sorapdyr. Ýazyjy meşgullanýan kärini aýdanda, oýurganyp azsalym duran kör özüniň ýalan sözlemek islemeýändigini aýdypdyr. Ýazyjy: “Ýalan sözlemek gerek bolmaz” diýipdir-de, onuň ýazgysynyň arka ýüzüne täze ýazgy ýazyp berip, ötägidipdir. Ýazyjy gidenden soňam batyl görgüliniň sadaka gaby puldan dolupdyr. Onuň öňünde duran kagyz böleginiň ýüzünde bolsa şeýle ýazgy bar ekeni: “Bahar geldi. Ýöne men ony hiç haçanam görmerin…”. ☻Daşdeşen -Sen döwet galamyň bürgüdimi?!-diýip, ýazyjydan dosty sorapdyr. -Ýok, men klawişanyň daşdeşeni!-diýip, ýazyjy jogap beripdir. ☻Administratoryň zeýrenji Edebiýat saýtynyň administratory dostunyň ýanynda zeýrenipdir: -Menem Ýeriň ýüzünde köp zatlary bileniňden bilmäniň gowudygyny bilýärin. Ýöne, näme üçindir, saýtymda ýazan zatlaryny goýýanlar, Jahanyň ýüzünde iň bilmeli däl zady dürs ýazuwyň kadalary diýip hasap edýärler… ☻Ynjyk admin we ugurtapyjy ýazyjy Gögele ýazyjy edebiýat saýtynyň adminine öz täze ýazan hekaýasyny saýtda goýmak üçin ýollaýar. Admin hekaýany okap başlaýar: “...Mermer basgançakdan ýaş begzada düşüp gelýärkä, onuň öňünden basgançak bilen ýaşajyk hanym ýokarylygyna galyp gelýärdi. -Kofe içmek islemeýärsiňizmi? – diýip hanym sorady. -Ýok!-diýdi-de, begzada, hanymy şol duran ýerinde garsa gujaklakga, öpüp başlady...”. Admin: “Iňňän gowy” diýip jogap ýazýar-da, soňundanam belligini iberýär: “Ýöne, siziň bu hekaýaňyzda tebigatyň şekillendirmesi ýok ýalymy?!”. Gögele ýazyjy adminiň belligini hasyr-husur düzedýär-de, ýene-de ony admine ýollaýar. Admin gögeläniň hekaýasyny okaýar. “...Mermer basgançakdan ýaş begzada düşüp gelýärkä, onuň öňünden basgançak bilen ýaşajyk hanym ýokarylygyna galyp gelýärdi. -Kofe içmek islemeýärsiňizmi? – diýip hanym sorady. -Ýok!-diýdi-de, begzada, hanymy şol duran ýerinde garsa gujaklakga, öpüp başlady. Penjiräniň aňyrsynda bolsa baglar gülläp, guşlar jürküldeşýärdiler...”. Admin: “Ajaýyp!” diýip pikirini iberýär-de, ýene-de bellik edýär: “Diňe birje bellik, hekaýanyň personažlary azrak!” Gögele ýazyjy ýene-de kän eglenmän, hekaýasyny düzedýär-de, adminiň salgysyna ugradýar. Admin okap görýär: “...Mermer basgançakdan ýaş begzada düşüp gelýärkä, onuň öňünden basgançak bilen ýaşajyk hanym ýokarylygyna galyp gelýärdi. -Kofe içmek islemeýärsiňizmi? – diýip hanym sorady. -Ýok!-diýdi-de, begzada, hanymy şol duran ýerinde garsa gujaklakga, öpüp başlady. Penjiräniň aňyrsynda bolsa baglar gülläp, guşlar jürküldeşýärdiler. Bagyň içinde bolsa 10 sany daýaw, tüýlek pyýada gara dere batyp, demirýol relsini bükýärdiler...”. Admin: “Hasam ajap bolupdyr!” diýip ýazýar-da, ýene-de bellik edýär: “Diňe bu jadyly hekaýaňda gahrymanlaryň geljege bolan garaýşy beýan edilmändir”. Gögele ýazyjy ýene-de hekaýasyny çaltjak düzedýär-de, admine ugradýar. Admin okamaga başlaýar: “...Mermer basgançakdan ýaş begzada düşüp gelýärkä, onuň öňünden basgançak bilen ýaşajyk hanym ýokarylygyna galyp gelýärdi. -Kofe içmek islemeýärsiňizmi? – diýip hanym sorady. -Ýok!-diýdi-de, begzada, hanymy şol duran ýerinde garsa gujaklakga, öpüp başlady. Penjiräniň aňyrsynda bolsa baglar gülläp, guşlar jürküldeşýärdiler. Bagyň içinde bolsa 10 sany daýaw, tüýlek pyýada gara dere batyp, demirýol relsini bükýärdiler. Soňam, bimany ýagdaýda demir bükmekden bizar bolan daýaw, tüýlek pyýadalar: “Gümüne gitsin-laý! Munuň ýaly babasil biziň nämämize derkar! Gideliň-de, “Call of Duty” oýnalyň-la! Galanyny bolsa geljek günleriň birinde büküp dynarys-da” diýşip, ol ýerden gaýtdylar...”... ☻Jaýdar maslahat Gögele ýazyjy edebiýat saýtynyň admininden özüniň saýtda goýan hekaýalaryny çap etdirmäge hödürlemek üçin kime ýüz tutsa, has gowy boljakdygy hakynda maslahat sorapdyr. Öňem onuň çyrşaklaryny öz saýtyndan bozman, zordan saklanyp ýören admin saklanyp bilmändir. Gysgajyk hem çürt-kesik jogap beripdir: “Proktologa ýüz tut!”. Gögele ýazyjy geň galypdyr: “Näme üçin, proktologa?!”. “Ol saňa hekaýalaryňy näme etmelidigini has oňat maslahat berer!” diýip admin jogaplapdyr. ☻Goşmaça taýýarlanmak hakda maslahat Gögele ýazyjy täze ýazan hekaýasyny edebiýat saýtynyň adminine iberýär-de, ondan öz ýazan eseri barada pikirini soraýar. Admin sypaýyçylyk bilen öz nukdaýnazaryny düşündirjek bolup, salyhatly jogap ýazýar: “Dogrusyny aýdaýyn, siziň hekaýaňyz ony ýazmak üçin ägirt uly zähmet sarp edendigiňizi görkezýär. Ýöne siz ony has-da taraşlamak üçin, şeýle-de geljekki ýazjak zatlaryňyz has kämil bolar ýaly öýňüzde, işde, awtobusda barýarkaňyz, umuman wagt hem mümkinçilik tapan ýeriňizde juda köp okasaňyz has netijeli bolardy”. Gögele ýazyjy jogap bilen kanagatlanman has çintgeýär: “Siziň pikiriňize görä, bu maňa kömek edermi?!”. Adminiň sabyr-kanagaty ýetmän, ol çürt-kesik jogap ýazyp goýberýär: “Saňa kömek etjegini-etmejegin-ä bilemmok. Ýöne, sen okamaga başagaý bolup, ýazmaga eliň degmese, saýtyň okyjylaryn-a gaty gowy kömek ederdi!” ☻Ýazyjy bilen okyjynyň tapawudy Gögele ýazyjy edebiýat saýtynyň adminine maslahat salýar: “Meniň üýtgeşik bir, hemmeleri haýrana goýýan eseri ýazasym gelýär. Näme hakda ýazsamkam?!”. Admin çyny bilen oýlanyp, jogap ýazýar: “Ilki Dostoýewskiý, Magtymguly, Zelili, Mollanepes, Tolstoý, Hemingueý, Güntekin, Sagdy, Çehow, Bunin ýaly beýikleriň eserlerini okap çyksaň dogry bolardy”. Adminiň hatyny alan gögele ýazyjy yzyna öýkeli jogap ugradýar: “Men okyjy däl-de, ýazyjy...”. ☻Samsyk sowal we ýiti jogap Gögele ýazyjy edebiýat saýtynyň adminini gižželemek maksady bilen oňa samsyk sowal ýollaýar: “Aýtsaňyzlaň, näme üçin rus ertekilerindäki Ölümsiz Kaşşeýiň çagasy bolmandyr-a?!”. Admin säginmän jogap iberýär: “Sebäbi ol ýumurtgalaryny illeňki ýaly ýanynda götermän, agajyň şahasyna iltelen sandykda gizläpdir”. ☻Ýene-de bir samsyk sowal we ýiti jogap Gögele ýazyjy edebiýat saýtynyň adminine samsyklaç hat ýazýar: “Meniň itler üçin gorkunç kitap ýazasym gelýär welin, näme barada ýazsamkam?!”. Admin eglenmän, jogaplaýar: “Koreý aşhanasynyň tagamlary”. ☻Döwrebap maslahat Gögele ýazyjy edebiýat saýtynyň admininden maslahat soraýar: “Aýtsaňyzlaň, men lal adam barada täze hekaýa ýazmakçy bolýan welin, onuň şikesini nädip döwrebap görnüşde şekillendirsemkäm?!”. Admin eglenmän jogap ýazýar: “Laly şekillendireniňde: “Bu bendäniň ses kartasy öndürilende döwük ekeni” diýip ýazsaň döwrebap bolarmyka diýýärin”. ☻Edebiýat saýtynyň goşandy Edebiýat saýtynyň admini, saýtyň açylmagynyň bir ýyllygyna bagyşlap, ýubileý makalasyny ýazanda, onda öz saýtynyň şygryýetiň ösüşine ýetiren önjeýli goşandy barada şeýle belläpdir: “Biziň saýtymyz açylmazdan öň, saýtyň administratorynyň, ýagny meniň ýaşaýan obamdan bary-ýogy ýekeje şahyry hemmeler tanaýardy. Häzir bolsa biziň saýtymyzyň üsti bilen şahyrlaryň ýüzlerçesiniň şygyrlary okyjylaryň dykgatyna ýetirilip, şahyrlaryň sanynyň barha artmagyna uly goşant goşulýar...”. Adminiň bu makalasyny okan agzalaryň biri gyzyklanyp, oňa sowal ýazypdyr: “Dost, sen haýsy obada ýaşaýaň-aý?!”. Admin säginmän jogap beripdir: “Magtymguly etrabynyň Gerkez obasy”. ☻Çatryga düşen ýazyjy Bir ýazyjy ölüpdir. Onuň ruhy o dünýä baranda, bir seretse, çatrykda durmuş. Bir tarapynd-a jennet barmyş, beýleki tarapynda-da dowzah. Özüne-de ne perişdelerden, ne-de melgunlardan: “geldiňmi-gitdiňmi” diýýänem ýokmuş. Onsoň olam öz ýanyndan: “Äý dirikäm, ilden üýtgeşik günä eden däldirin-le!” diýip oýlanypdyr-da, behişde tarap ýöräp ugrapdyr. Emma, uçmahyň derwezesine ýakynlan dessine Erem bagynyň sakçysy Jenneti Ryzwan öňünden çykypdyr-da: -Aýatda käriň nämedi?!-diýip sorapdyr. -Ýazyjy.-diýip ýazyjy jogap beripdir. -Ýo, ýo. “Ýazyjylary jennete goýbermeli däl” diýip, ýokardan tabşyryk boldy!-diýip Ryzwan elini galgadypdyr. Şol pursadam ýazyjy, derwezäniň açyk yşyndan Erem bagynyň içinde gülleri ysgap, hüýr-melekler bilen “kowalaşdym” oýnap ýören, özünden ep-esli öň aradan çykan kärdeş tanşyny göräýipdir. Bu adalatsyzlyga ýazyjy oda-köze düşüpdir. Ol kärdeşine garşy barmagyny çommaldyp, gykylyk turuzjak bolupdyr: -Onda, hanha, jennetde ol näme işläp ýör?! Ryzwan gürrüňdeşiniň kimi göz öňünde tutýandygyny görmek üçin hatda yzyna-da gaňrylman, äwmezeklik bilen jogap beripdir: -Hymh! Onuň ýaly çyrşakçydanam (grafomandanam) bir ýazyjy bolarmy-aý?! ☻Ýazyjy we redaktor Meşhur ýazyjy bilen redaktor sataşýar: -Kitabyňyzy okadym... -Iň soňkynymy? -Menem şonuň dileginde... ☻Tanymal şahyr 1980-nji ýyl. Ýazyjylar birleşmesinde gazanylan netijeler barada çykyş edilýär. Nutukçy uly joşgun bilen habar berýär: -Bary-ýogy birnäçe wagt mundan ozal Garrygala raýonynda bary-ýogy birje şahyr bardy. Häzirki wagtda bolsa diňe şol raýonda 270 sany ýazyjy-şahyr bar... Oturanlaryň arasyndan biri öte geň galýar-da, saklanyp bilmän sorag berýär: -Kim-aý ol şahyr?! Nutukçy sakynman, ýüzüniň ugruna jogap gaýtarýar: -Magtymguly... ☻Diri ýazyjy Filologiýa fakultetiniň mugallymy talyp gyza sowal berýär: -Eger-de size islendik merhum ýa-da diri ýazyjylaryň biri bilen söhbetdeşlik guramak mümkinçiligi döredilse, kimi saýlardyňyz?! Talyp gyz ýakasyna tüýkürýär: -Tüf, tüf, toba, toba! Elbetde diri ýazyjyny. ☻Haýbatly sms Redaksiýa ýaş awtorlaryň birinden hat gelip gowuşýar: “Meniň hekaýamy çap etseňiz, ýene-de üç sanysyny size iberjek!”. Redaktor jogabyny ýazýar: “Bizi gorkuzyp bilmersiňiz!” ☻Döredijilik we kreatiwlik Döredijilik bilen kreatiwligiň arasyndaky tapawut nämede? Mysal üçin: Döredijilik – bu şokoladyň täze görnüşinden süýji (konfeta) taýýarlamak! Kreatiwlik – tezegiň daşyna owadan, şykyrdawuk kagyz dolap, gymmat bahadan satmak! Internet maglumatlarynyň esasynda işlenip, terjimesi biraz üýtgedilip alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||