09:07 Ýedi ýürekli gassap / satiriki hekaýa | |
ÝEDI ÝÜREKLI GASSAP
Satiriki hekaýalar
Men et kombinatyna işe girenimde, ilki-ilkiler zat alyp çykmaga gorkardym. Bir gün tünüň ýarynda, il ýatyp, it uklanynda özümi azyň astyna alyp, çeýnemek çeýnedim. «Eý, züwwetdin, nämä gorkýaň, mert bol ahyry. Bu işde ýürek gerek, ýürek!» diýip, özüme igendim. Biynjalyk bolup, içimi gepledip ýatyşymy aýalym Aýna aňypdyr. ― Gurt, saňa nä döw çaldy. Eýläk-beýläk agdarylyp, halys ynjalykdan gaçýaň özi-hä, aýtsana saňa bir zad-a bolýar? ― diýip, aýalym Aýna oýaly-ukuly ýagdaýda pyşyrdady. ― Aý, şu et kombinatynda işläbem, hiç zat alyp çykmaýanyma kemsinip, özümiň züwwetdinligimden käýinýän-dä ― diýip, ýene ýassygymy gujaklap pikire batdym. ― Gurt, sen akylyňa aýlanýançaň, işdeşleriňden «Žiguli» edinenleri bar. Nämeden gorkýaň? Özüňem erkek adam. Hany sende ýürek? Barybir, şol ýerde işleseň, almasaňam aldy diýerler. Gurduň agzy iýse-de gan, iýmese-de diýip, hol gün goňşymyz maňa gülen bolup ýaňzytdy ― diýip, Aýna aňyrsyna öwrülip ýatdy. Dogrudan hem bu işde ýürek gerek, ýürek. Iş smenam gutardy. Uzak oýlanyp durmadym-da, ýedi sany ýüregi kagyza dolap, öz ýüregimiň golaýynda gizledim. Şeýtdim-de çykalga tarap ugradym. Öňüňe düşüp ýapyrylyp barýan myrtar gara nebis gursun. Ýeri, alypsyň, taň edipsiň, goýnuň ýüregini alaý-da sen. Men bolsam öküziň ýüregini alypdyryn. Indem alyp çykmaga jigerim çatmajak bolýar. Ýaňky ýedi öküziň ýedi ýüregi garawully çykalga golaý gelenimde düňk-düňk, lars-lars, güt-güt edip işläp başlaberdiler öýdýän, ýa bu gohlar özümiň namartja ýüregimmikä, aý, garaz, gomalyp, ile mazamlaýan petekämde larsyldy güýjäp ugrady-how. Çykalga golaý gelenimde, gaýnan leňňeç ýaly dym-gyzyl boldum. Birdenem der basdy. Özem sowuk der. Şobada agzyma uçuk gaýnap, dodaklarym galoş bilen urlana döndi. Beýle boljak bolsa, munuň ýüregem gursun, süregem diýip, tas ýürekleri Dankonyň ýüregi ýaly edip, çep goltugymdan soguryp, garagulyň stolunyň üstüne oklapdym. Şol gezek gaýtmyşym eden bolsam, soňky görgüleri kim görsün diýsene. Hawa, onsoň, gyzardym, bozardym, jan howuljyma garawula ikinji gezek salam beripdirin, garaz, ýürekleri uly mertlik bilen alyp çykdym-ow. Dünýäde iň darajyk ýer iňňäň gözi diýseler, men ynanjak däl, biziň et kombinatyň geçelgesi ― ine, syrat köprüsi. Ýedi ýürek, ýedi ýyl ömrüme zyýan berdi-dä. Öýe getirip, ýürekleri gowrup, şor suwuna çörek batyryp iýdim, ýüregim ýerine geläýdi. ― Gurt, gorkupsyň öýdýän, bir stakanjyk «Ekstranam» jyňkyt-da şujagaz dogramçany çeýne bakaly ― diýip, öň maňa içirmeýän Aýnam allanäme bolup, ýalpyldap maňa hyzmat edýär. ― Keýwany, sen maňa beýle hyzmat etseň, maňa ruhy taýdan goltgy berseň, men kelle getrmeýänmi ― diýip, arak ýetip başlansoň, baý, gürlemek gürledim-ä. ― Giden ýerinden kelle getirmek är ýigidiň myradydyr, kakasy ― diýip, aýalym uly hyjuw bilen aýtdy. ― Bir zat bolsa, kelle getiren ýaly diýilýär-ä ― diýip, ol maňa gök çaýly käse uzatdy. Ertesi üç-dört sany kelläni halta atdym-da, gije kombinatyň haýatnyň gädiginden daşaryk oklap goýberdim. Kelle alyp gelen kişi özüňe belli, öýde özümi gaty arkaýyn duýýardym. Aýalymyň ýanynda dilim uzyndy. Sebäbi täzeje dilden kotlet iýipdik. Öýde menden akylly adam ýokdy. «Kakasy, özüň gowy bilýäň» diýip, aýalym zowzuldap, pelesaň kakyp, hyzmat edýärdi, beýni bişirýärdi. Täze-täze, tagamly dürli lukmalar, titremeler, «ekstra», süýji diller meni günüme goýarmy diýsene, böwregim böküp başlady. ― Böwregiň bökýän bolsa, Gurt han, etmeli işiň belli. Ertir ýigrimi-otuz sany böwrek getir, ýaglyja böwregiň lezzeti ap-aýrydyr ― diýip, Aýna agzyny tamşandyryp ýuwdundy. Soňra smenam gijesine düşýän güni tä başymdan aýagyma çenli göwrämde böwrek gizledim. Bu gezek onçakly gorkup durmadym. Dogumly-dogumly ädimläberdim. Çygjarmadymam. Gyzaryp-bozaryp, heläk bolmadym. Şeýlelik bilen, üçünji gezekki ogurlykdan soň gorky wessalam, uçanç-haýa tamam. Indi ogurlyk bilen ymykly bagrym badaşdy. ― Bagryň badaşany çyn bolsa, indi bagyr getir ― diýip, ýylgyrdy. Meniň Aýnam ýomakçydyr görseň, asyl ol men zat getirenimde, heziller edinip gülýärem. Çünki gülki adamyň ömrüni uzaldýar ahyry. Şoňa aýalym gowy düşünýär. ― Ine, keýwany, muňa bagyr diýerler. Al, gowur, kebap et, somsa bişir, isleseň, goňşulara sat ― diýip, getiren bagrymy orta okladym. ― Berekella, Gurt, görýän weli, sen garnyňy ahmal etjek däl-ow ― diýip, Aýna güldi. ― Garnymy ahmal etmeýän bolsam, ertir garyn getirin onda ― diýip, menem güldüm. Şondan soň Aýna ikimiz esli salym gülüşdik. Çünki gülüp, ömrümizi uzaltjak bolýarys. Ertesi esli garny garnyma salyp çykardym. ― Sen semrän ýaly?! ― diýişip, ýoldaşlarym garnyma ýumruk bilen pök-pök urup, gülüşdiler. Olaram gülüp, uzak ýaşajak bolýarlar. Garnymy iki sygyrlynyň süzme derisi ýaly gäberdip, gara dere batyp, soňky demimde özümi zordan öýe atdym. Aýalym özüniň jaý aýdylan sözi bilen ýadawlygymy aýyrdy. Ol: ― Tüweleme, kakasy, seni ýokarkyň özi ýaman gözden saklasyn. Sen-ä edil garna ýapyşan dalak ýaly ogurlyga berk ýapyşýaň-ow ― diýip, kuhnýada çaý gaýnadyp ýören ýerinden aýtdy. ― Heleý han, şol sözüň üçin ertir dalak getireýinmi? ― diýdim. ― Ýok, getirme, ony goňşular alanoklar, dalagyň hyrydary az ― diýip, Aýna aýtdy. ― Wiý, getiräý, başga zat alyp çykyp bilmedik günüň dalagam bolsa bolýar. Holodilnikde bagyr bar, şoňa goşup sataýaryn. Kim bilip dur ― diýip, Aýna çyny bilen aýtdy. Dalagam getirdim. ― Dalagy, Gurt, eneňlere beräýeli. Olaram hurşsyz oturmasynlar ― diýip, Aýnamyň kalbynda rehim-şepgat hem oýandy. ― Gurt, köpräk getirip dur, sen ýerden ýeke çykan dälsiň. Birgiden ilen-çalanyň bardyr, bilip goý, sen uzyn içegelisiň ― diýip, aýalym kethudanyň gürrüňini tapdy. Ertesi ýüz metre golaý içegäni aýaklarymdan başlap, tä eňegime çenli saradym. Daşyndanam oňatja geýindim. Çykalga ýetenimde garawul: ― Gurt han, içegäň aýagyňa çolaşýar-la. «Tiz kömek» çagyraýynmy ýa öýüňe özüň ýetip bilýärmiň?! ― diýip, bolşuma güldi. Goý, gülsün. Çünki gülki onuňam ömrüni uzaldýar. Ýagdaýym gülmezçe-de däldi. Içegäm aýagyma çolaşyp ýykyldym. ― Ine, Aýna han, muňa içege diýseň bolar. Bäş goýnuň içegesi ýüz metre golaý bolýandyr ― diýip, içegäniň bir ujuny aýalyma tutdurdym. Olam ýumak çözleýän ýaly daşymdan aýlanmaga başlady. ― Waý, başym aýlanýa, halys gözüm garaňkyrap başlady ― diýip, aýalym maňlaýyny tutup durdy. Soňra özüm öz okumyň töwereginde aýlanmaga başladym. Bu kärde işleseň, hemme senden hantama. Hatda siňeklerem depäňden aýrylman, ýolboýy yzyňa düşüp gelýärler. Awtobusa-da bile münýärler. Arada daşkyrak bir daýymyz menden öýkelänmiş. Oňa-da eltip, öýken satam öýdýän, etiň bahasyndan. Öňler maňa oturylyşyk bolanda: «Seň kelläň ýok» diýerdiler. Indi süýji dillem men, kellelem men. Ýürekli batyram menden törde oturdanoklar. Günlerde bir gün aýalym Aýna akylly bir zat aýdaýdy. ― Gurt, könelerimiziň aýtmadyk zady ýok, olaň sözüni doga edinip dakynybermeli, gözüňe sürme etseňem az ― diýip, ol döwletli bir maslahat bermekçidigini ýaňzytdy. ― Aýdyber, heleý han, iki gulagym sende ― diýdim. ― Aýtsam, «Baş bolmasa, göwre läş» diýipdirler. Sen kelle, şuňa meňzeş ownuk-uzak zatlary getirýäň weli, läş getireňok-la ― diýip, ol köp manyly gürledi. ― Dogrydanam, malyň başyny kesip alyp gaýdýan weli, başy bolmadyk mal läş bolup galýandyr-ow. Hiç şuňa üns bermändirin-ow. Ine, ünsden düşen zat ― diýip, pikire batdym. ― Indi öňki ýaly pyýada-ha däl. Ilki welosiped edindim, soň iki tigirli, az salymdan üç tigirli motosiklet satyn aldym. Häzirem gözüňe söweýin «Wolgam» bar. Muň ýanynda läşiň weji bolmaz ― diýip, içimi gepletdim. Gijäniň bir wagty jylka etden uly haltany mas dolduryp, agzyny gözäp, et kombinatynyň haýatynyň hälki gädiginden daşaryk okladym. Olam çöplügiň içine gütläp düşdi. Işikden çykyp, howlynyň arka tarapyndan aýlanyp bardym-da, etli haltany «Wolganyň» bagažnigine basdym. Getirdim öýe. Birdenem ýaňky etli halta: ― Ah, sen ogry! ― diýip, gygyryp galdy. Men aňk-taňk boldum. Aýalym-a çaşyp ýykyldy. Gije etli haltadyr öýdüp, meni tutjak bolup busup ýatan družinaçyny bagažnige basyp gaýdyberen bolsam nätjek. Biri maňa «Gaýdan döwlet bilen ürken düýäň öňünde duran özüň bolma» diýipdi. Meniň döwletim gaýtdy. Aýalym-a ýürek keselli boldy. Sekiz otagly ymarat elden gitdi. Maşynymy aldylar. Hernä döwlet gowy, maňa koloniýada bir krowat berdi. Işe pyýada alyp gidenok. Öňkim ýaly, gyzyldan dişsynçgymy ulanmaly bolamok. Borşdan, şiden soň dişiňde et galjak gümany ýok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |