13:02 Ýene Nowaýy hakynda | |
ÝENE NOWAÝY HAKYNDA
Edebi makalalar
Tä Garaşsyzlyk zamanamyza çenli Alyşir Nowaýynyň ömür-döredijiligini, onuň türkmen folklorynyň öňündäki baý hyzmatyny ylmy esasda derňän türkmen alymlarymyz bu beýik akyldaryň özbek klassyk şahyrydygyny ykrar edip, ylmy derňew etmäge mejburdylar. Emma Garaşsyzlyk zamanamyzda ylmy mejburlyk ortadan aýrylyp, taryhy, edebi şahslarymyzy doguçyl öwrenmäge mümkinçilik açyldy. Mysal üçin, halypa alym Rahman Rejepow SSSR zamanynda Alyşir Nowaýynyň “Şirin-Perhat” dessanyny çap edip, oňa sözbaşy ýazanda, özbek klassyk şahyry diýmäge mejbur bolupdy. 2009-njy ýylda “Garagum” jurnalynyň ikinji sanynda bu halypa alym Alyşir Nowaýy hakynda şu pikirleri orta atýar: “Türkmen edebiýatynyň we edebi diliniň esasyny goýujy beýik şahyr Alyşir Nowaýy 1441-nji ýylyň 9-njy fewralynda Hyrat şäherinde dünýä inýär” Haýp, filologiýa ylymlarynyň doktory Rahman Rejepow bu pikirini Garaşsyzlyk zamanamyzdan öň aýdyp bilmändi. Akademik Myratgeldi Söýegow Yrak türkmenleriniň çykarýan "Kardeşlik“ žurnalynyň 2012-nji ýylyň mart sanynda neşir etdiren “Alyşir Nowaýynyň dädesi Yrakly türkmenmidir?!“ atly makalasynda kazanly tatar alymy Şihäbeddin Marsana salgylanyp, Alyşir Nowaýynyň babasynyň türkmendigi hakynda şeýle diýýär: “Diýmek, Şähäbeddin Marsana görä, Alyşir Nowaýynyň baba tarapyndan dädesi Abdullah at türkmendir“. Yrak türkmenlerinde baba-ata, ýagny kakaň kakasy diýmegi aňladýar. Akademik Myratgeldi Söýegowyň tatar alymy Şihäbeddin Marsana salgylanyp aýdyşy ýaly, Alyşir Nowaýynyň babasy Yrakly türkmenlerden bolsa bu beýik akyldaryň türkmenldigine şübhelenmese bolar. Ylmy nukdaýnazardan halypa alymlaryň Nowaýa türkmen diýip getiren delillerini inkär etmek mümkin däl. Hatda çeper edebiýatymyzda hem Alyşir Nowaýynyň türkmen akyldarydygy öňe sürlüp başlandy. Ýazyjy Osman Ödäýew Alyşir Nowaýynyň ömür-döredijiligi hakynda 2009-njy ýylyň maý-iýunynda “Türkmen dili” gazetinde iki makala ýazyp, ol bu makalasynda Alyşir Nowaýyny türkmen-çagataý edebi dilini esaslandyryjy diýip belläpdir. Ol rumy-türkmen, çagataý-türkmen we osman-türkmen dillerini ene dilimiziň orta asyrlar döwründe atlandyrylyşy hasap edýär. Ýazyjy Osman Ödäniň bu pikiri geçen asyryň 70-nji ýyllarynda professor Nazar Gullaýew tarapyndan subut edilipdi. Alyşir Nowaýynyň döredijiligi türki-türkmen çagataý dilinde ýazylan, bu dil örän agyr, emma Nowaýynyň döredijilik dilinde oguz-türkmen diliniň ýiti duýulýandygyny akademik Bartold, Bertels ýaly halypa alymlaram ykrar edipdir. Biz “Türkmen gyzyna aşyk bolan Nowaýy” makalamyzda onuň türkmen bolandygy üçin türkmen gyzyny söýüp, müjerret geçendigini tekrarladyk. Biz bu pikirimizi subut etmek üçin onuň türki-türkmen çagataý dilinde türkmen gyzyna aşyk bolandygyny boýun alyp ýazan şygryny manysyny saklap, häzirki zaman türkmen diline terjime edýärin: Nowaýy, bir türkmen gülüne aşyk, Aýp kylmaň, kalbym weýran etdi yşyk. Alyşir Nowaýynyň türkmen gözeline aşyk bolup, onuň müjerret geçendigi jedelsiz hakykat. Bu beýik akyldaryň söýen gözeliniň häzirki Mary- Mar-u Şah-u Jahandan diýen çaklamany onuň Mary topragyna bolan aşa söýgüsi bilen düşündirmek bolar. Hatda Nowaýy: Göze sürtüp ölsem Mar-u Şah-u Jahan gerdi - Razy- dünýämge hemrah etse bu ajap ýurdy. - diýýär. Özi türkmen bolmasa Mary topragynyň tozanynyň iň hapasyny (gerd-iň hapa tozan) gözüme sürtüp ölsem razy diýermidi. Ol Merw topragynda doglan däl. Ýöne dogulmak hökmanam däl ahyry. Öz iliň, topragyň, söýen gözeliň topragy-ynha, Alyşir Nowaýa Merw topragynyň gerdini gözüme sürtüp ölsem diýdiren gudrat. Alyşir Nowaýynyň türkmenlere, türkmen topragyna bolan aşa hormatyny geçen gezekki makalamyzda hem aýratyn belläpdik. Şonuň üçin ol makalany gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Ähli aýdanlarymyzy jemlap, şeýle ylmy netije aýtsa bolar. Gündogaryň beýik akyldary Alyşir Nowaýy türkmen bolandygy üçin, bir türkmen gözelini söýüp, şonuň hatyrasyna öýlenmän müjerret ötüpdir. Döwlet ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |