ÝERIŇ ÝÜREGINI DIŇLÄN
("Heňňam hekaýatlary" toplumyndan)
Watan gujagyna seýran etmek gör nähili lezzetli, göwün göteriji! Gözüňe söweýin, türkmen ýurdunyň bolsa her daban ýeri, her bir künjegi keramat, gözden geçip, ýürege baryp ýazylýan owadanlyk-nuranalyk. Onsoňam ejdatlarymyz aýdyp gidipdirler-ä: „Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen“ diýip. Ylaýta-da, döredijilik adamyna „ýol ogly“ bolmak ýaraşýar. Barsaň, görseň, didarlaşsaň başga dünýä düşene dönüp, keýpiň göteriliberýär. Şondandyr „Giden getirer, oturan nyrh sorar‘ diýlen gepiň galanam. Ýandepderçäňdäki ýazgylara ser salyp, kopýuteriň başyna geçersiň weli, setirler öz-özünden akyp ugraberer.
Mende bir edähet bar. Baran ýerimde „Bizden öň bu jelegaýlara kimler gelip gitdilerkä, haýsy kişileriň aýak yzalry galdyka?!“ diýip oýlanýan. Bu gylyk goýny genhi-hazynaly goja Hazaryň kenaryna barsamam, gujagy gyrkylyk yzly, sary çägeli, depe-gollary müň bir syrly hem baýlyk-bereketli Garagumyň içine düşsemem, gadymy kitaplarda „Behiştden gözbaş alýan ýedi derýanyň biri“ diýlip agzalýan, bady-joşy bilen halk hakydasyna „däli Jeýhun“ bolup giren Amyderýanyň kenaryna dabanym degse-de „Gudrat görseň daglara bar“ diýdirýän Köpetdagryr Köýtendagyň jälge-zawalryny söksemem şeýle.
Soňky gezek „Dünýäniň gözi gidýän köl“ diýilýän Garabogaz aýlagynyň ýakasynda gurulýan karbamid dökünini öndürmeli topluma baranymda, baýry geologlaryň biri Naliwkin diýen familiýany agzady. Gep arasynda Hazar deöziniň gujagyndaky hem kenaryndaky mineral serişdeler, tebigy baýlyklar bilen bagly gürrüňde ady tutulan kişiniň kimdigini bilmek höwesi maňa köp kitaplaryň gatyny dördürdi, arhiw materilalaryny agtartdy, bilen-görenleri idetdi. Ahyram ynha, „XX asyryň tanymal adamlary“ at bilen rus dilinde mundan 20 ýyl çemesi ozal çap edilen kitapda Türkmenistany geologik jennetiň mekany hasaplan alyma degişli makalanyň üstünden baraýdym.
Baý-buw, gör-le muny! Ylym dünýäsinde diýseň meşhur alym ynha, näme diýip gidipdir: „Türkmenistanyň çäginiň içinden Aziýanyň ýüzüni görkezýän esay tektoniki çyzygyň geçip gidýär“.
1889-njy ýylyň 25-nji awgustynda Sankt-Peterburgda geologlar maşgalasynda doglan D.W.Naliwkiniň manyly ömrüniň agramly böleginiň Türkmenistan bilen bagly bolandygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. 1906-njy ýylda Peterburgyň iň bir abraýly okuw jaýyny-Tenişeskiniň telekeçilik uçilişesini, soňra 1915-nji ýylda Dag-magdan institutyny üstünlikli tamamlan gujurly, sowat ýüki ýetik ýigidi Geologiýa komitetine işe alýarlar.
1929-njy ýylda ony Geologiýa kartalary institutyna direktor belleýärler. Ine, şu ýerde-de onuň Orta Aziýa ýurtlaryna, ol ýerlerdäki mineral baýlyklara bolan gyzyklanmasy başlanýar.
1937-nji ýylda D.W.Naliwkiniň regaksiýasy bilen çap edilen geologik karta ylmy jemgyýetçilikde diýseň uly gyzyklanma döredýär. Çylşyrymly hem irgunsiz gözlegler netijesinde „dünýä inen“ bu gymmatbaha ylmy işde Orta Aziýanyň geografiýk ýerleşişine, esasanam geologik grluşyna aýratyn üns hem uly orun berlipdir. Sebäbi ondan öň alym Merkezi Aziýa, esasanam Türkmenistana birnäçe gezek ylmy hem iş saparlaryny edipdir.
Geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň ortalarynda bolsa bu alymyň redaksiýasy bilen Orta Aziýanyň giňişleýin geografik kartasy onlarça goşmaça sahypalar bilen çap edilýär.
1940-njy ýyllarda Ural sebitleriniň mineral baýlyklaryna geologoýa-agtaryş işlerini geçirmäge abyrsyz zähmetini bagyşlan, şeýdibem ýeterlik tejribe toplan, köp sanly ylmy derňewleri amala aşyran alym birnäçe hökümet sylaglaryna, ordendir medallara, ylmy atlara mynasyp bolýar. Soýuzyň Döwlet baýragyny alýar, SSSR Ylaymlar akademiýasynyň hakyky agzalygyna saýlanýar.
Alymyň uruşdan soňky döwürdäki ylmy gözlegleridir tejribe işleri gönüden-göni Türkmenistan bilen bagly bolýar. Iň esasam, D.W.Naliwkiniň biziň ýurdumyzda ylmy edaralary döretmekde biriren hyzmatynyň juda uly bolandygyny aýtmalydyrys. Alymyň 1946- njy ýyldan tä 1951-nji ýyla çenli aralykdaky ömri Aşgabatda geçip, SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Türkmenistan filialyny döretmek bilen baglydyr. 1946-njy ýylda ol bu filialyň ilkinji başlyklygyna saýlanýar. Şu döwürde abraý ýüki ýetik, tejribe gory doly alym Respublikada fiziki-tehniki, biologiýa, geologiýa, ykdysadyýet ýaly ylmyň has wajyp ugurlaryny döretmek hem-de ösdürmek bilen bagly meselelerde güýjüni-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekipdir.
1946-njy ýylda SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň alymlar geňeşiniň giňeldilen mejlisinde eden çykyşynda akademik Respublikada hebitdir tebigy gazy gözlemkde geologiýa işleriniň gerimini giňeltmegiň, esasanam Hazar deňziniň ýalpaklygynda hem-de oňa golaý kenarlarda, Etrek derýasynyň golaýlarynda, Kranowodsk bilen Gekişler aralygynda mineral baýlyklary agtarmagyň netijeli ugurlaryny ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekipdir. Şol bir wagtda-da içimlik suwuň gorlaryny agtarmagyň möhümdiginem ýatdan çykarmandyr.
Ýeri gelnde, akademik D.W.Naliwkiniň „Asyryň gurluşygy“ adyny alan Garagum kanalynyň ( häzirki Garagum derýasynyň) gurluşygynyň geofizika-geodeziýa işlerine diýseň işeňňir gatnaşandygyny hem ýatlamaly. Bu möhüm işlerde ol milli hünärmenleri ýetişdirmegiň möhümdigini hemişe ýanjapdyr hem-de bu babatda uly hyzmatlary hem bitiripdir.
1951-nji ýylda Türkmenistan Ylymlar Akademiýasy döredilende akademik D.W.Naliwkin ikinji bolup hormatly agzalyga saýlanýar. Umunan, alymyň Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň işiniň ugrugyp gitmegi üçin güýç-gaýratyny, zähmetidir ylmy başarnygyny, durmuş tejribesini hem aýamandygyny agzap geçmek hökmandyr.
Bu aýrtayn haýran galdyrýan täsinlik geologiýa ylmynyň bireýýämlerden bäri ünsüni özüne çekip gelýär.Ony akademik Naliwkin has aýdyňlaşdyryp gidipdir. Ol ylmy hadysa “Ural dagalryndan gaýdýan tektoniki guşak Türkmenistanyň üstünden ötüp gidýär“ diýlen kesgitlemedir. Düşündirilişine görä, bu tektoniki çyzyk seýsmiki howp bilen bagly däl-de, eýsem ýer gatlagynyň dürli çuňluklaryndaky tapdyrygsyz, diýseň gymmatbaha mineral baýlyklar bilen bagry badaşyklygy aňladýandyr. Bu kesgitleme Türkmenistan Taňry eçilen hazynalar ýurdy diýmekdir. Şonuň üçin hem bu topraga dabany kän degen akademik D.W.Naliwkin gypynçsyzlyk bilen „Türkmenistan geologik jennet ýurdudyr“ diýip gidipdir.
Eýsem jöwzadyr epgekli ýellere döşüni gerip, onda-da paý-u-pyýada halda Garagumyň ýumurtga gömseň dessine bişirýän gordan gyzgyn çägeleriniň içi bilen ýol söken, bu topragyň astyndaky baýlyk-berekedi açmaga howlugan, iň esasam, bu ýurduň halkyna hem tebigy gözelligine sejde eden bu şahsyýet kim?
Dmitriý Wasilýewiç Naliwkin SSSR Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň hormatly akademigi, Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň hem-de Başgyrdystan Awtonom Respublikasynyň ylymda at gazanan işgäri, Bütinsoýuz geografik we miheraologik birleşmeleriň hormatly agzasy, stratigrafiýa ylgamy boýunça toparlaýyn komitetiň başlygy, dünýä derejeli alym.
Akademik D.W.Naliwkiniň ady geologlaryň köp nesli üçin diýseň tanyşdyr hem mähribandyr. Öz döwründe bolsa bu adamyň ady tutuş Türkmenistanyň islendik künjeginde uly hormat hem mähir bilen tutulypdyr.
D.W.Naliwkiniň hiç wagt unudylmaz hyzmatlarynyň naýbaşylarynyň biri hem TSSR Ylymlar Akademiýasyny döredijileriň ilkinji kerwenbaşysy bolanlygydyr.
Şu ýerde meşhur alymyň „Garabogaz halas etdi“ atly ýatlamasyny getirmek juda gyzykly hem täsindir.
...1948-nji ýylyň güýzüniň başy. Şol agşam Respublikanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň kaşaň binasynda Garabogaz aýlagynyň baýlyklaryny gözläp tapmak hem-de senagat taýdan özleşdirmek meselesine bagyşlanan ýygnak ýarygijedenem aňry çekipdir. Birdenem „ýer goduklaýar“ diýlen habar gulaklary şaňladypdyr. Alymyň „1948-nji ýylyň Aşgabat ýer yranmasy“ atly monografik broşýurasynda ýazyşyna görä, şol ýygnakdan ir boşadylyp, soň öýüne gelip ýatanlaryň ählisi diýen ýaly wepat bolupdyr. Çekeleşikli ýygnakda ýarygijäni geçirenler bolsa diri galypdyr. Sebäbi ýygnak geçirilýän jaý seýsmiki taýdan berk gurlan eken.
D.W.Naliwkiniň öz ýatalamalrynda ýazyşy ýaly, tebigatyň apat inderen şol pajygaly gününiň hasratyny agzybirlik, gaýduwsyzlyk, birek-birege bolan mähir-dalda, başga Respublikalardan gelen doganlyk goldawy ýeňipdir. Alymyň özi hem goldan geldik hemaýatyny ýetiripdir, iň esasy, ylmy derňewleridir seljermeleri geçirip, seýsmiki ýagdaýy takyk anyklamak üçin gije-gündiz aladalanypdyr.
...Garabogaza aşmak hakyt „gara görgülik“ diýleni. Aşgabatdan Krasnowodskä otly bilen gelnenden soň, ymgyr çölüň içi bilen Garabogaz aýlagyna ýetäýjek bolsaň, köp hupbata dözmeli. Şaglap ýatan ýol-a ýok, birwagtky „Gürgenden Aktawa gidýän kerwen ýoly“ diýilýäni bilen ýüzüňi gaýra tutup gidibermeli. Şol gezek uly alymyň baştutanlyk edýän ylmy ekspedisiýasyna şol döwrüň „ZIS“ maşynyny bermek barada ýörite Moskwadan görkezme bolupdyr. Ýogsam näme, ol eksperisiýanyň sanawynda belli geologlardyr seýsmologlar, ýeriň tektonologiýasyny öwrenýän aznawur alymlar bar ahbetin! Ýýne ol maşynyň kuzowyna münüp, „hany, sürüber!“ diýeniň bilen ýol önäýenok. Akyp ýatan ürgün çäge tigriňi „ýuwudýar“. Onsoň sen maşyny däl-de, maşyn seni münýär. Aýagyňdan tä gaşyýa çenli ak kirşene gömlene dönüp, batan maşyny dyzanyp çykarmaly borsuň. Halys bolmajagyny bilseňem, düýedir alary, eşekleri goşup çekmelisiň. Tekiz takyrlyga çykansoň bolsa, Kemine şahyryň „Ýerden bir garyş ýokarda-da jennet bar eken-ow“ diýenine döner-maşynyň üstüne ýa-da kabinasyna gonarsyň. Şeýde-şeýde iküç günden Garabogazyň Hazar deňzine süsňäp girýän goly-aýlagy görner. Şoňa ýetäýmänkäler bolsa has gülkünjiräk waka bolar. Etek gumda dowar yzynda gezip ýören çopan bilen çoluk eşidilýän gürrüldä gulaklaryny tutup, hat-da „ýer diňläp“ diň salarlar. Sebäbi bu del ses olaryň ömürylla gulaklaryna degen närse däl-ä. „Aýrapylan“ diýlen bir uçýan guş bardygyny görenler bar“ diýlen gürrüň gulaklaryna degen, bolany! Ine, ýerde ýöreýän närse weli bu düňle çölüň içinde gezip ýören çarwa halky üçin erteki ýaly zat. Birdenem gürüldäp, parlap töweregini alazenzele edip gelýän görülmedik zada gözi düşen çopan bilen çolugyň hersi bir depäniň, hersi bir çöpüň aňyrsyndan çykan. Eýýäm agzyna uçuk gaýnan çoluk peltekläbräk sesleneh: „Çopan aga, ertekilerde agzalýan „demir ajdarha“ diýilýäni bolaýmasyn şu gelýän“. Oňa çenli del sesden tebil tapyp serpigen goýun sürüsine, depäniň üstündäki çopan goşuna gözi düşen „demirli kerwen“ togtaýar. Dagy nň, tüýdüge dönen bokurdakdan ötürere ajyja gök çaý hödür ediläýse kim bilýär? Belki bahasyny oňşup bolsa huruşlyk birki sany semiz öweç alyp bolar. Ýogsam sygyr konsewasy bilen gatap giden buhanka çörek halys mädä degdi ahbetin!
Ajyderýanyň etegindäki düňle çöl. Hawa, ýerli halk birwagtlardan bäri Garabogazy şeýle atlandyryp gelipdir. Şol çölde öňde-soňda görülmedik „ýerde ýöreýän demre“ gözleri düşüp, agzyny öweldip duran çopan bilen çoluk şonuň töwregindäkileriň käbiriniň hakyt türkmen dilinde gürleýänini ilki eşidip, soňam görüp, bukulyp oturan ýerlerinden kem-kem bärik boýunlaryny sozýarlar. Hiç hili howp-hataryň bolmajagyny anyk aňybam bu ýere ilki „dabany degen demri“ synlaýarlar. „Muny düýä süýredip ýöretmelimi?!“ diýibem janlaryny barlap görýärler. Özi ýöreýänini görübem çopan dillenýär: „birje gezek aýlap gelseýiz, bir daýaw işşek berýin, agalar!“. Onuň sözüne gülüşselerem, aýlap gelip, malyny mugt däl-de, nyrhyny berip alýarlar.
„Beýle sada, göwnaçykdan myhmansöýer adamlaryň ýurdunyň bihal däldigi düşnüklidir“ diýip, bu görnüşleri synlap oturan Dmitriý Wasilýewiç içini gepledýär. „Wagt geler, bu çopan çagalaryndan geologlar, himiýaçylar, nebitçiler çykar. Beýle ummasyz baýlygy bar halk sowatlam bolar, bereketlem“.
Ine-de, Garabogaz! Alymyň bu saparynyň netijeleri esasynda 1926-njy ýylda „Türkmenistanyň geologiýasyndan oçerkler“ diýen monografiýasy dörär. Bu işiň Orta Aziýa Respublikalarynda geologiýany ýola goýmakda hem-de mineral baýlyklary ýüze çykarmakdaky ähmiýetiniň biçak gymmatlydygyny nazara alyp, ol I.M.Prjewalskiý adyndaky baýraga mynasyp görler. Şol işiň agramly bölegi bolsa Garabogaza bagyşlanandyr.
Tutýan meýdany 18 müň inedördül kilometre barabar bolan bu täsin aýlag Türkmenistanyň esasy himiýa, çig mal hazynasy hasaplanýar. Sebabi Garabogaz aýlagynyň düýbünde Mendeleewiň periodik sistemasyna girýän elementleriň 60-a golaýy ýatyr. Hut şol sebäpdenem Ýer ýüzüniň alymlary Garabogazy bireýýämlerden bäri “Dünýäniň gözi gidýän hazynaly köl” diýip atlandyrýarlar. Dagy nä! Bişofit, epsomit, nahar duzy, glauber duzy, şeýle-de magniý hloridi, magniý sulfady, kaliý sulfady, astrahanit... garaz, “sanasaň yzy tükenmeýär” diýleni.
Garabogazyň düýbündäki baýlyklar nebiti gaýtadan işleýän hem-de himiýa senagaty üçin altyn pula alynýan çig mal serişdeleridir.
Aslyýetinde Hazar kenary nebitdir gazyň, mineral serişdeleriň beýleki onlarça görnüşleriniň abyrsyz gorlaryny gujagynda göterip ýatyr.
Iň esasam, Hazaryň çal tolkunlarynyň Garagumyň tyllaýy çägeleri bilen sepleşýän künjeklerinde dürli görnüşli duzlaryň egsilmez baýlyklary bar. Garabogaz köli bolsa dünýäniň iň seýrek duz känleriniň biridir. Ony senagat taýdan özleşdirmäge bolsa baryp-ha mundan bir asyr ozalrak girişilipdir. Anyk aýdanda, «Garabogazsulfat» döwlet trestiniň döredilmegi bilen çola künjek janlanyp ugraýar.Önümçiligiň möçberiniň kem-kem giňelmegi bilen trest önümçilik birleşigine öwrülýär. Döwrüne laýyk gurlan kärhanada duzlaryň onlarça görnüşi öndürilýär.
Tebigatyň geň-taňlygyna sered-ä! Garabogazköl aýlagyndan alynýan çig malyň öwezini wagtyň geçmegi bilen tebigatyň özi dolýar. Ýagny, bärde has şor deňiz suwundan alyp, her ýyl uly möçberli duzuň goruny döredýär. Aýlag bolsa altynly huma meňzeýär. Bärde ylmy dilde aýdanda, natriý, magniý sulfatlary, mirabilit, glauber, bişofit duzy, ýod, brom ýaly dünýäde seýrek minerallaryň ummasyz gorlary bar. Bu maddalar türkmen tomsunyň jöwzaly yssysynda suwuň güýçli bugarmagy hem-de tebigy şertlerde maddalaryň özboluşly çylşyrymly birleşmeleri netijesinde döreýär diýip, ylym kesgitli aýdýar.
Garabogazköl aýlagynyň tebigy baýlyklary alymlardyr hünärmenlerň takyk aýdyşlaryna görä, senagat önümçiliginiň onlarça görnüşi üçinem, iýmit senagaty üçinem, saglygy bejeriş zerurlygy üçinem... iňňän zerur. Şeýle bolansoňdünýäniň köp ýerleriniň senagatçylarydyr işewürleri esasan magniý maddasyny işläp çykarmaga gyzyklanma bildirýärler.
Bu ýerdäki çig maldan önjek magniý metaly hil taýdan iň soňky dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki ösen dünýäde magniý metaly esasan dürli görnüşli uçarlary ýasamakda iňňän zerur materialdyr.
Indi nahar duzy barada.
Islendik wagtda, islendik milletde, islendik ýurtda nahar duzsuz oňup bolmaýar. Türkmen diýýändir-ä halys oňlamaýan zadyna “duzsuz nahar ýaly” diýip. Ylym ýaşaýyşyň esasy şertiniň adam organizmi üçin suw bilen duzdygyny bireýýäm subut etdi ahbetin! Ynha, şol gurbany gitdigim duz bolsa Hazar deňzi bilen Garagum çölüniň sepleşigindäki Babahoja, Guwlyköl, Öküzbulak, Gowurdak, Soltansanjar, Uzboý, Hazar ýataklarynda bar. Senagat taýdan birwagtlar özleşdirilen önümçilige bolsa Guwlyduz kombinaty mysaldyr.Bu kombinatyň önümi diňe içerki hajatlarymyzy kanagatlandyrmak bilenem çäklenmän, eýsem daşary ýurtlara hem eksport edilýär. 1972-nji ýylda Bekdaşda (häzirki Garabogazda) natriý sulfat zawody işe girizilýär. Onuň esasy çig mal ýatagy bolan Garlyk käninde kaliý duzlarynyň 2 milliard tonnadan gowrak gorlary bardyr.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistany iň sagdyn adamlaryň, iň uzak ýaşaýan raýatlaryň ýurduna öwürýän hormatly Prezidentimiz ilatymyzy ýodlaşdyrylan duz bilen doly üpjün etmegi ýola goýdy. Sebäbi ýodlaşdyrylan duz adam synasynda döreýän köp keselleriň öňüni alýar, immuniteti ýokarlandyrýar, ömri uzaldýar.
“Garabogaz” diýilmegi köne adamlaryň gürrüňine salgylansaň hemem gadymy kitaplardyr degişli ýazgylary okasaň, Hazaryň inçejik-dilkaw bolup, aýlaga guýýan ýeriniň suwunyň deňziň adaty görnüşindäkiden has gara öwüsýänligindendir diýlip düşündirilýär. Dogrudanam, görer göze-de bu hadysa bes-belli bolup dur. Aýlagda çig mal hökmünde galit, glauberit, astrahanit, kristallaşyp toplanan gorunyň göwrümi 16 kub kilometre barabar bolan ýerasty duz şerebeleri hyzmat edýär. Kenara zyňylýan mirabilitiň önümçiligi ilkinji gezek 1910-njy ýylda ýola goýulýar.
Tebigatyň emri bilen Hazaryň suwy millionlarça ýyldan bäri Garabogaz kölüne guýulýar. Tomsuň depäňi gaýnadýan tüp yssysyna Garabogaz kölüniň suwlary bugaryp gidýär-de, mineral duzlar onuň düýbüne çökýär.
Ýerasty duz şerebeleriniň zawod şertlerinde öndürilmegi 1968-nji ýyldan başlanýar. Zawodda guýulardan sorulyp çykarylýan duz şerebeleri mirabilit sehinde emeli usulda sowadylyp, alnan mirabilit guradylyp, natriý sulfaty öndürilýär. Şeýle hem zawod şertlerinde bişofit sehinde magniýhlor şerebeleri işlenmek esasynda bişofit önümi alynýar, mirabilit şerebesi ýuwlup, lukmançylykda zerur bolan glauber duzly alynýar.
«Garabogazsulfatyň» esasy önümi hasaplanýan natriý sulfaty sintetiki ýuwujy serişdeleri öndürmekde, selýuloza — kagyz, aýna, himiýa senagatynda, matalaryň boýag işlerinde we başga-da birnäçe ýerde ulanylýar.
Glauber duzy natriý sulfatynyň suwynyň on derejeli (dekagidrat) kristallaşan gidratydyr. Ony ilkinji gezek belli nemes himigi we farmasewti J.R.Glauber mineral suwlaryň düzüminde ýüze çykarýar.
Gyş aýlary Hazar deňziniň suwy 60C-a çenli aşaklanda, mirabilit örän köp mukdarda Garabogaz aýlagynda çökýär. Garabogaz köli ýalpak bolup, onuň suwy Gün şöhleleriniň astynda güýçli bugarýar. Şol sebäpli Hazaryň deňiz suwuna garanyňda aýlagyň şerebeli suwunda duzlaryň düzümi 15-20 esse ýokarydyr. Kölüň 1 litr suwunda brom, kaliý, natriý, magniý mineral duzlaryň 200 gramy bardyr. Bu duzlaryň esasy görnüşi mirabilitdir. Noýabr-mart aýlarynda Garabogaz kölünde 6 million tonna çenli arassa mirabilitiň kristallary emele gelýär. Gyş aýlary aýlagyň üstünden hemişe öwüsýän güýçli ýel tolkunlar arkaly kristallaşan mirabiliti kenara zyňýar. Ine saňa Taňry eçilen taýyn önüm!
Ine, Garabogazyň altyn aýlagy, onuň daş-töweregi şeýle genji-känli mekandyr.
Ýene-de bir hakykaty aýtmaly. 1929-njy ýylda «Garabogazhim» tresti (häzirki «Garabogazsulfat» önümçilik birleşigi) döredilýňr. Bu täzelik hakykatda Türkmenistanda himiýa senagatynyň terjimehalynyň başlangyjy diýmekdir. Ine, şol trestiň döredilmeginiň başynda duranlaryň biri hem D.W.Naliwkindir.
Ýerasty kristallaşan duz şerebeleriniň önümçiligi bolsa 1954-nji ýylda ýola goýulýar. Akademik Naliwkin bu işe hem baştutanlyk edipdir.
Alymyň çap bolan 300-den gowrak işleriniň agramly bölegini Orta Aziýanyň, esasanam Türkmenistanyň geologiýa ylmyna bagyşlanandygyny öňem agzapdyk. Unudylmajak abyrsyz hyzmatlarynyň ýene-de biri hem Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Geologiýa institutyny döretmek ugrunda bitiren işleridir.
93 ýaşap dünýäden gaýdan akademik D.W.Naliwkiniň ylymlar ummanynda bitirip giden işleriniň bakylyk bolup galjak käbir mysallaryny söhbedimiziň soňunda agzamak parzdyr. Haýwanat dünýäsiniň 40, ösümlikler dünýäsiniň 3 görnüşi eden açyşy bilen baglylykda Naliwkiniň adyny göterýär. Kokşealatau dag gerşindäki 2 sany baky buz doňaklygyna, Fedçenko bu ýatagyndaky bir bölege, Täze Zelandiýanyň günbatar kenaryndaky deňiz burnagyna, şeýle-de Transaziýa tektoniki guşaklygyň bir düzümine akademik Naliwkiniň ady dakylandyr. Ol şeýle-de Türkiýäniň geologiýasyny içgin öwrenipdir, Demirgazyk Amerika, Çehoslowakiýa, Polşa, Şwesiýa, Hytaý ugurlary boýunça geçip, ol ýerleriň geologik aýratynlyklary hakda gymmatlydan diýseň derwaýys maglumatlary ýygnapdyr.
...Garabogaza baryp gördüňizmi?! Aýlaga 30 kilometr çemesi galanda „Ajyguýy“ diýilýän ýerdäki köprüden geçip, beýik depä çykarsyňam weli, dik alnyňda ak guwa meňzeş desga gözüňi gamaşdyrar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen 2014-nji ýylyň dekabr aýynda gurluşygyna başlanan karbmid zawodydyr. „Türkmenhimiýa“
döwlet konserniniň buýrmasy esasynda „Mitsibişhi Gorporation“ ýapon hem-de „Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A. S.“ türk kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan toplum Aziýa sebitinde iň iri taslamalaryň biridir. 2018-nji ýylyň dekabrynda işe giriziljek toplumda 900 golaý adam zähmet çeker. 60 gektar meýdana ýaýlyp gidýän toplum her ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürer. Türkmenistanda hebithiliýa pudagynyň barha pajarlaýandygyna anyk şaýatlyk edýän ol önümler tutuşlygyna diýen ýaly daşarky bazara ugradylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany 2030-njy ýyla çenli ösen senagat-industrial ýurduna öwürmek hakdaky taryhy konsepsiýasynda nebithimiýa, nebitgaz pudaklaryna uly ornuň degişlidigi bolsa güşnükli hakykatdyr.
Taryh bolsa hiç wagt üzülmeýär. Diýjek bolýanymyz, şol tebigy baýlyklarymyzy öz wagtynda gözläp tapmakda, senagat taýdan özleşdirmekde önjeýli işleri bitiren adamlar hemişe ýatlanmaga mynasypdyr.
Ine, ady Älem içinde aýlanýan şeýle alymyň ykbalynyň hem-de ylymlarda eden açyşlarynyň, bitiren işleriniň agramly böleginiň Türkmenistan bilen baglydygy juda buýsançlydyr.
...Ýatlamada galan ýazgylara görä, akademik D.W.Naliwkin jan tabşyrjak wagty şeýle diýipdir:
- Türkmenistan diýlen juda ajaýyp, ili mährem hem myhmansöýer ýurdy indi görmejegime gynanýaryn. Bu keremli topraga, onuň üstünde ýaşap ýören adamlara men hemişe başymy egip tagzym edýändirin!
Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
Edebi makalalar