19:37 Ýewropaň iň owadan gyzlaryna | |
ÝEWROPAŇ IŇ OWADAN GYZLARYNA
Goşgular
(Sähragül, Aknur, Gözel, Aýna, Maýa, Gülnar atly Ýewropaň iň owadan gyzlaryna) Sary gawun eräp ýatyr bakjada, Toý köýnegi çüýräp ýatyr bukjada, Wagty bilen tutulmadyk toýlaryň Nika ýüzükleri ýatyr tekjede. Arzuwlar büdredi nätanyş dile, Arzyly aýdymlar heňe gelenok. Içeriňden başga bar zat keseki, Maşgalaňdan özge ýeke hossar ýok. Galdy oýun mülki deň-duşlar bilen, Nädip beýle haram çykdy bijeler?! Syýasat pohuna taýan ataňyz Kelle döwüp, dik oturýar gijeler. Halas edip namys-mertebäňizi, Juwan ömrüňizi bagryna basyp, Sizi ne gün bilen çykardy ýurtdan, “Halk duşmany” adyn boýnundan asyp. Size başpena hem janpena beren, Ýewropada gyzýar şagalaňly ba:l. Ýöne ertir size näme garaşýar, Näme taýynlaýar geljekki ykbal?! Serhet yzda galdy, geçip bolanok, Ganat yzda galdy, uçup bolanok. Ýat ildeş, ýat ilde neýlesin, Mynasyp ýigit, Göwün küýsäniňi seçip bolanok. Bir beladan başyňyzy gutaryp, Has agyr kynçylyk tapaýdykmyka? Toýuňyzy ak sährada tutjakdyk, Ýa kökümiz bilen gopaýdykmyka? Nägile bolmaň siz ata-eneden, Öňem öňüňizde müýnümiz ýetik. Belki, soňun saýman gaýdanmyz üçin Öňümiz garaňky, yzymyz petik. Belki, bir gün öňümizde yş görnüp, Döneris mekana, tartyp nesibe. Belki, garaşýandyr ähli toý birden Azat Ýewropadan boşan ýesire. Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 10 | ||||||||||
| ||||||||||