22:43 Ýiti pero / satiriki hekaýa | |
ÝITI PERO
Satiriki hekaýalar
Ýazyjysumak kişi bolan bolup, oduk-buduk çyrşap, redaksiýalara, baý, irginsiz gatnadym-ow. Ahyrynda işim şowuna boldy öýdýän zatlarymyñ biri çykaýan ýaly-la. Hany, göreli, men öýe gelen adam bilen bir gürleşip göreýin. Neneñ, niçik, soñ belli bolar. Hawa, öýde eser çyrşap, kagyz garalap otyrdym. Gapy kakyldy. - Salawmaleýkim Gully aga! - diýip, ýanymyzdaky mekdebiñ mugallymy Eýeberdi öýe giräýdi. - Ýoldaş ýolbaşçy, siziñ peroñyz gaty ýiti ekeni - diýip, ol ýüzüni kürşertdi. Ýeri gelende bir zat aýtmaly, iller maña ýazyjy däl-de ýazuwçy diýýärler. Hawa, onsoñ men Eýeberdi mugallymy güller ýüz bilen garşy aldym. - Sag bol, ýoldaş mugallym, meniñ peromyñ ýitidigini, ine, diñe sen ilkinji gezek aýtdyñ - diýip, men oña minnetdarlyk bildirdim. Şeýle hem ony kürsüde oturtjak boldum. - Ýok, ýok, ýoldaş ýazuwçy, men oturyp biljek däl. Perosy ýiti ýazuwçynyñ öýünde otursañ çyr-çyr çyrlabersersiñ - diýip, ol gülmän-yşman aýtdy. - Sag boluñ. Men sizden gaty minnetdar. Meni öwüp arşa çykarýañyz. Hawa-da, peroñ ýiti bolmasa, kütek pero bilen nädip satira, ýumor ýazjak. Neneñ edip ile täsir etjek. Kütek pero bilen erbet tipleri guluñ ýaly gygyrdyp bolmaz ahyry - diýip, begenip ýüregimdäkijämi orta okladym. - Aýu, Bibi, gelsene bäri, eşitsene Baýryjanyñ klas ýolbaşçysynyñ aýdýanlaryny - diýip, kuhnýada jaz ýakyp oturan aýalyma gygyrdym. - Sag boluñ, mugallym, biziñ Gullymyzam-a kagyz köküni zaýalapdyr öz-ä. Enteg-ä zady çap bolanokdy - diýip, aýalym dylym-dylym etdi. - Oturyñ, oturyñ, ýoldaş mugallym - diýip, men Eýeberdä oturgyç görkezdim. - Aý, how, oturmaga inim ez-bezdir - diýip, ol ýaýdandy. - Çekinme-de otursana. Men tankydy zat ýazamda-da edil seni ýazman ahyry - diýip, mugallymyñ egnine elimi goýdum. - Siziñ peroñyz, ýoldaş ýazuwçy, soñky döwürde ýitileşäýdimi, ýa göwnümemi?! - diýip, Eýeberdi ýylgyrdy. - Sag boluñ. Minnetdar. Ähtimal, ýitileşendir. Men şu günler köp okap başladym. Illeriñ eserleri maña güýç berýär - diýip, Eýeberdini ýene oturtjak boldum, teý-ahyr etmedi. - Şu ruçkada, şu ýiti peroda gudrat bar-ow! - diýip, ol meniñ ýazuw stolumyñ üstündäki ruçkamy alyp alyp elinde saklap durşuna dodagyny dişläp, kellesini ýaýkady. - Berekella, ýoldaş mugallym. "Zer gadyryn zergär biler" diýenleri-dä. Şu perony men soñky döwürde ulanyp başladym. Munuñ ýaly pero bilen diñe ýazyjy Marietta Şaginýan ýazýandyr. Menem şolar ýaly ökde ýazyjy bolmak üçin şarikli ruçka bilen däl-de, şunuñ ýaly pero bilen syýa batyryp ýazyp başladym. Muña gadymlar doktor pero hem diýerdiler, ýadyñdamy - diýip, Eýeberdiniñ ýüzüne seretdim. - Şoña doktor pero diýip dogry at dakypdyrlar. Men siziñ ýiti peroñyzyñ awusyna çydap bilmän doktora-da ýüz tutmaly boldum - diýip, mugallym naýynjar görnüşde ýüzüni sallady. - Be, be, ine täzelik! Näme, meniñ ýazan eserimde size dahylly zat barmydy?! Aýtsana, dogan-garyndaşlaryñyzyñ degnasyna degýän biderek bir zat çyrşapdyrynmy?! - men Eýeberdiden çynymy edip soradym. Ol agraslyk bilen gabagyny galdyryp, meniñ aýalymyñ ýüzüne seretdi-de: - Daýza, biziñ Gully bilen özara gürrüñimiz bar - diýdi. Biz ikiçäk galdyk. Eýeberdi: - Dördünji klasda okaýan garagol ogluñ Baýry klasdaky oturgyçda pero dürtüp goýan ekeni. Menem bilmän üstünde oturaýan bolsam nätjek. Indi şondan bäri pero görsem gerşine alahekge gonan ýagyr eşegiñ bar-da, ýöne zagyrdyklap durun - diýip, Eýeberdi diwana gyşardy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |