Ymam Gazalynyň ogluna nesihatlary
- Oglum! Şu üç ybadatyňda hökmany suratda kalbyňy gorap sakla, aklyň we kalbyň başga ýerde bolmasyn! Ylaýta-da Kurany-Kerim okýarkaň, Rebbiňi zikir edýärkäň we namaz okaýarkaň. Şol üç ýagdaýda bir pursatlygam bolsa aklyňy we göwnüňi başga ýere böläýme. Allanyň huzurynda durandygyňy unutmagyn! Ýogsam ugruňy kybla öwürip, pikiriňem başga tarapa bakyp duran bolsa, munuň gymmaty az bolar. Ýüzüňi Yslamyň doglan ýeri bolan Käbä bakdyryp, kalbyňy-da Alla (j.j) bagla! Aýratynam aryflardan bolmak isleseň, sükütiň pikir, seredişiň nusga we dilegiň tagat bolsun. Çünki bu üç zat aryflygyň alamatydyr.
- Oglum! Kişi hakyndan diýseň hüşgär bolgun! Birje teňňe bergi zerarly kabul bolan birnäçe ybadatyň sogaby gider. Resuly Ekrem Pygamberimiz (s.a.w) bergili ýagdaýda aradan çykanlaryň jynaza namazyny okamazdy. Şeýtmek bilen maksady gurply adamlary merhemete çagyryp algysyny bagyşlar ýaly etmek bolupdyr. Mömin ynsan mümkin boldugyça bergä girmejek bolýandyr. Emma zerurlyk ýüze çykyp bergä girse we yzyna gaýdyp bermek şerti bilen alsa Allatagala oňa ýardamçy bolýandyr. Hatda yzyna gaýdyp berjek bolup jan edip ýörkä ölenem bolsa, kyýamatda Allatagala oňa ýardamçy bolar.
- Bela-betere şükür etmek gerekdir. Çünki küfür we günälerden başga bela ýokdur, başyňa düşen her bir kynçylykda bir bähbit bardyr! Alla seniň ýagşylygyňy seniň özüňden gowy bilýär. Şer hasap edýän birnäçe zatlaryň bardyr, emma olar köpüsi haýyrdan başga zat däldir. Haýyr hasap edýän biränçe zadyň bolsa durşy bilen şerdir. Iň salamat ýol ylahy takdyra kaýyl bolmak we her hili ýagdaýda şükür etmekdir.
- Oglum! Üns bermeli esasy zadyň biri hem kimler bilen oturşyp-turuşýanyňdyr. Şuny bek ýadyňda sakla, bir sebet alma içindäki bir çüýrük almany öňki ýagdaýyna getirip bilýän däldir, emma çüýrük almanyň ýekeje özi bir sebet almany çüýredip bilýändir. Hut şonuň üçinem diňe salyh amally kişiler bilen gatnaşyk sakla!
- Ýagşy dost gülüň ýagyny satýana meňzär, ýa satyn alarsyň, ýa ol saňa gülüň ýagyndan eçiler, ýa-da ýanynda durdugyňça ol hoşboý ys burnuňa geler durar. Ynsan öz eý görýänleri bilen biledir. Dünýäde kimi söýseň we kim bilen oturşyp-turuşsaň kyýamatda hem şolar bilen bile bolarsyň. Hut şonuň üçinem ylmy bilen amal edýän alymlaryň we salyhlaryň söhbetlerinde tapylyp durgun.
- Oglum! Durmuşda hemme zat Allanyň eradasy bilen ýöreýändir. Alla birini baý, birini garyp, birini sagdyn, birini näsag, birini alym, birini nadan edip ýaradypdyr. Dünýäniň dowamlylygy diňe şu sanalanlaryň ýerbe-ýer barlygyndadyr. Özüňden pes kişileri göreniňde, gabaryp olary özüňden kiçi görme. Sen olaryň ýerinde, olaram seniň ýeriňde bolup bilerdi. Ynha, hut şu pikir bilenem ýoksullar bilen dost bol. Olaryň öňünde mydama pes göwünli bolmaga çalyş! Adamkärçilik we yslam gymmatlyklaryny gorap saklagyn! Sagadat diňe şeýdip gazanylýandyr. Dünýä we ahyretde huzur isleseň hiç kimi ynjytmagyn! Özüňden ýaş birini göreniňde, “munuň günäsi meniňkiden az”, özüňden ulyny göreniňde, “munuň sogaby meniňkiden köp” diýen düşünjede gezgin. Bir alym göreniňde, “munuň ylmy bar, özüni halas edip biler”, özüňden düşünjesiz birini göreniňde, “bu bilenok, şonuň üçin Alla ony bagyşlar” diýip düşün! Hatda bir kapyr gören pursadyňam, soňky nepesi näbelli bolup durýandygy üçin, “Alla muňa din nesip etse, bütin günäleri bagyşlanar we hiç hili günäsiz Hakyň huzuryna çykar. Emma meniň iň soňky demim nähili bolarka?” diýip öz soňuňy oýlan! Özüňi nähili pes hasaplasaň, şonça-da Allanyň ýanynda gadyr-gymmatyň artar.
- Oglum! Eliňden geldigiçe din doganlaryňdan hyzmatyňy gaýgyrma! Çünki resuly Ekrem Pygamberimiz (s.a.w) şeýle buýurdy: “Kim mömin doganynyň ätiýajyny bitirse, Allatagala hem onuň ätiýajyny bitirer ”. (Buhary, “Mezalim”, 3). Başga bir hadysda Resuly Ekrem Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: “Kim bir musulmanyň aýbyny örtse, Allatagala hem dünýä we ahyretde onuň aýbyny örter”. (Müslim, “Birr”, 72)
- Akly-huşy ýerbe-ýer adam nebsine şeýle diýmelidir: “Meniň bar baýlygym – ýeke-täk ömrümdir. Bu baýlyk şeýle bir gymmatlydyr welin, alynan her dem gaýdyp yzyna dolanmaýar. Demimiz sanalgydyr we azalyp barýandyr. Şonuň üçinem nepesimizi ýerlikli tut we bu pany dünýäden ertir gidäýjek ýaly bol. Bütin beden agzalarymy haramdan gora we takwalyga ýapyş ”.
- Allahym! Ömrümizi sagadat bilen tamamlatdyr. Ylahy razylygyňa we jemalyňy görmäge nesip eýle! Ertir-agşam bizi parahatçylykdan aýyrma! Takwalygy bize azyk eýle, töwekgelligimizwe ynamymyzy özüňe gönükdir! Bizi Hak ýolundan azaşdyrma! Ybadat mynasyp diňe Sensiň! Seni nogsan sypatlardan daşda tutaryn! Saňa mynasyp gulluk etmedigim üçin zalymlardan boldum.
- Älemleriň Rebbi Allaha soňsuz şan-söhrat we jahanyň göz guwanjy Muhammet Mustapa sallahu aleýhı wessalama dogaýy salamlar bolsun!
Sözler