22:54 Ynan | |
YNAN
Goşgular
![]() Zeminime myhsyñ, sütün - asmana, Bagta - güýç, dert bolduñ ýürek gussama, Meniñ söýgi atly ömür kyssama, Kalbyñda bar bolsa çümmük deý ynam, Men seni hiç kime bermerin, ynan. Dünýäñ gursagyny taparyn döre, Köz bolsañ tutaýyn köre sen köre, Dözmezim, bir seni dözerin töre, Düýni, şugni bilen kalbym sygan. Men seni kiç kime bermerin, ynan. Geljegme ynamym, şu güne dalda, Labarint ýollardan çykargyn gel-de, Ýylgyr, gürle bagtym kalpda ýa dilde, Ýöne dymma, dünýäm, barlygam dymar, Men seni hiç kime bermerin, ynan. Ykbala reñk çaýan kebelek läläm, Seniñ barlygyñda ne ajap älem, Bagtymyñ bagtyna özüñ bar hälem, Alnymda Güneş hem Aý bolup dogan. Men seni hiç kime bermerin, ynan. Säherim sen, dowamatyñ guşlugny görüp, duýsak bu dünýäniñ hoşlugny, Senli günleñ berip mydam buşlugny, Ýaşasak bir bolup "Söýgi hem Ynam," Men seni hiç kime bermerin, ynan... Aýdym aýtdym ýalñyz çagym hiñlene, Şahyr boldum duýgularym diñlene, Gelse-gelsin ömür ölme deñlene, Ruhum tenden gidip goragña yñar, Seni asla, asla bermerin, ynan. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |