Aýjemalyň bu gürrüňi meniñ ýüregimi endiredip goýberdi. Men oňa biraz göwünlik berdim. Biz ýene durmuş, ykbal ýaly zatlar hakynda gürleşip otyrdyk. Gijäniň bir wagty boldy:
-Dogrudanam, gaty ýadapsyň öýdýän, ýatyp dem-dynjyňy alaý- diýip, oňa ýüzlendim. Emma özüm welin, şol wagtda onuň jadylaýjy gürrüňinden, özüne çekiji husny- jemalyndan mahrum bolmaklygy islemeýärdim. Aýjemal «bolýar» diýen manyda başyny atyp, ýatmak üçin ýer saýlaýan ýaly otagyň içine göz aýlady.
-Içerki otagdaky krowatda ýataý, men şu taýda diwanda gyşaraýaryn- diýdim. Ol «sag boluň» diýip, içerki otaga tarap ýöneldi. Emma aýnaly gapynyň öňüne baryp, içeri gözi düşende nämedendir ejap edýän ýaly aýak çekdi. Soňra maňa öwrülip:
-Içerki otagda özüň ýatsaň gowy bolardy- diýip, ýuwaşja dillendi.
-Näme üçin? «Myhman ataňdan uly» diýipdirler.
-Myhmançylyk hukugyndan çenden aşa peýdalanasym gelenok. Her halda ol ýerdäki krowat bilen sen gelnejemiň hususy-mülkisiň. Aýallar bolsa edil guşlar ýaly özi ýok wagtynda-da höwürtgesine başga biriniň gonmagyny islemeýärler.
Degişme äheňinde aýdylan bu sözleriň hakykata bap gelýändigini men ykrar etmeli boldum.
-Be , men meseläniň o tarapyna üns bermändirin, bolýar islän ýeriňde ýataý- diýip, men içerki otagdaky sandygyň üstüne galdyrylyp goýlan täze ýorgan-düşeklerden alyp çykyp, diwanda ýer saldym. Şoňa çenli bir çetde meniň hereketlerimi synlap duran Aýjemal gülümsiräp söz gatdy.
-Aýal bolan bolsaň, bir äri gönendirjek ekeniň, Ahmet. Eliň ýorgan-düşeksalmaga,aýallaryňkydanam gowurak gelşip dur.
Men içerki otagdan ýorgan-düşek göterip çykýarkam Aýjemal olary elimden alar, ýerini özi salar diýip çak edipdim. Emma aýal maşgala bolandygyna garamazdan, ýerini maňa saldyryp, bir çetde seredip durup, maňa göwni ýetmeýän ýaly beýdip degnama degmesi birneme gaharymy getirdi:
-Erkek bolup doglanma närazy däldirin- diýip, gödegräk jogap berdim.
Aýjemal degişmesine näme üçin beýle gödek jogap berenimiň sebäbini derrew aňdy.
-Bagyşla, Ahmet. Balyň tagamyny bilmeýän çaga ony ýekeje gezegem bolsa dadyp görmegi örän isleýän bolsa gerek. Menem ömrümde erkek adamyň özüme şeýle hyzmat edenini görmändim. Bu örän ýakymly bolýan ekeni.
Onuň bu sözlerinden soň ýüregimdäki kine çaýa atylan gant ýaly eräp gitdi. Biderek zat üçin gahar edenime ökündim.
-Şeý diýsene- diýip, men ötünç soraýan ýaly gülümsiredim, Aýjemal:
-Hawa, şeýle- diýdi-de, hamala erkeklerden mähir-şepagat görmänliginiň günäkäri men ýaly, gözlerime günäleýji nazar bilen garady.
-Bolýar, onda, menem ýerime baraýyn, senem rahat ýat-diýip, içerki otaga ugradym. Aýjemal:
-Rahat ýatyp uklajagyma şübhe ýok-diýdi.Dogrymy aýtsam, allaniçigsi bolup gowşap gitdim.
Emma entek meniň erkim duýgularymdan güýçlüdi. Eger şonda onuň bu aýlawly sözlerini düşünmezlige salyp duşumdan geçirsem, onuň ýene şu zeýilli aýlawly söz diýjegi gaty ähtimaldy. Şonuň üçin beýle äheňdäki gürrüňe soňky nokady goýmaklygy, öz ýanymdan makul bildim:
-Dogry, muňa şek-şübhe bolup bilmez. Sebäbi aramyzda hytaý diwarlaryndanam beýik hem-de berk zat bar.
-O nähili zat?-diýip, Aýjemal geňirgenip sorady.
-Ýaňyja özüň aýtmyşlaýyn «şertli düşünjeler» –diýdim.
Aýjemal jakgyldap gülüp goýberdi:
-Wah, şeýle diýsene, olar ýaly bolsa ýaşasyn şol şertli düşünjeler-diýip Aýjemal özüni düşege oklady.
Men içerki otaga girdim. Yşyklar söndürildi. Emma gijäniň bir wagtyna çenli irkilip bilmedim. Onuň hem oýadygyny duýup ýatyrdym. Görsem, ýaňy ýolda onuň kimdigini bilmekçi bolup dyrjaşyp gelýärdim. Emma öýde şunça wagtlap gürleşip oturybam, onuň kimligini anyklamandyryn. Pikir edip görsem, ol özüniň sahypjemallygy, pähim-parasaty bilen göwnümdäki ähli şübheleri kowupdyr. Gep-sözünden ahlak azatlygyna meýliniň ýok däldigi görnüp duranam bolsa, onuň hakykatdanam, şeýledigine meniň ynanasym gelmeýärdi.
...Men ömrümde beýle näzenin aýaly guçmandym, bir düşekde ýatmandym. Ol özüniň pamyk ýaly ýumşak, ýüpek ýaly ýylmanak ellerini boýnuma çolap meni özüne çekýärdi. Duýgulardan doly gyzgyn nepesi ýüzüme urulýardy. Men düýbünden başga bir älemde, başgaça lezzetiň gujagyndadym. Birdenem penjire batly-batly kakyldy. Tisginip oýandym, demim tutulyp, ýüregim gürsüldäp urýardy. Özümi dürsäp, seretsem, bir eýýäm daň atyp, otagyň içi ýagtylypdyr. Ýanymda bolsa hiç kim ýokdy. Ine, şundan soň hälki ahwalatyň düýşdigini aňşyrdym. Penjiräniňem düýşümde kakylanyna göz ýetirip, ýüregim ýerine düşdi. Emma şo mahal meniň ýatan otagymyň penjiresi edil düýşümdäki ýaly zarp bilen kakyldy.
«Ine saňa gerek bolsa, kimkä bu?» diýen howatyr bilen böküp ýerimden turdum. «Diýmek, penjire birinji saparam düýşümde däl-de, hakykatdan kakylan ekeni, men bolsa şonuň sesine oýanypdyryn-da» diýip, içimi hümletdim. Hasyr-husur geýnip öňdäki otaga çykdym. Diwanda Aýjemal uklap ýatyrdy. Gijesine ol köp agdarylan bolmaga çemeli- saçlary çöşlenip ýazylyp gidipdir, häli düýşümde boýnuma dolanan ap-ak bilekleriň biri ýorgandan çykyp aşak sallanyp durdy.
Penjire ýene kakyldy. Men ygtyýarsyz «häzir» diýip goýberenimi duýman galdym. Aýjemal tisginip oýandy tirsegine galyp:
-Näme boldy?- diýdi-de, içki köýneginden mesaňa görnüp duran göwsüni hasyr-husur ýorgan bilen ýapdy. Men aljyranymy bildirmejek bolup:
-Kimdir biri geldi, äpişgäni kakyp dur, sen içerki otaga gir-diýdim. Ol hem birneme alňasan ýaly etdi, elýetimdäki oturgyçdan köýnegini aldy-da, oňy-tersine seretmän geýdi. Şol mahal penjire ýene kakyldy. Men «Çaltyrak bolsana» diýip, ony gyssadym. Ol bolsa: «häzir»... diýip ýorgan-düşegini göterip, içerki otaga girdi. Men howlukmaç dalana çykdym, «kim?» diýip seslenenimem şoldy welin, derwezäniň aňyrsyndan aýalymyň tanyş owazy eşidildi:
-Ýaman köp garaşdyrýaň-la, kakasy.
Elimiň-aýagymyň ysgyny gaçyp, endamymy sowuk der basdy. Men ony beýle ir geler diýip pikirem etmändirin. Derwezäni açmazlygyň alajy ýokdy. Baryp açdym, Zyba ýylgyryp girdi-de:
-Kakasy, sag-aman ördüňmi?-dýip, elindäki düwünçegi maňa tuturdy.-Ine, saňa elin gaýmak bilen sary ýag, ejem berip goýberdi, toba, gyzyndanam giýewisi gowy görünýändir-dä. Haçan barsam, bu-da Ahmediň paýy, o-da Ahmediň paýy diýip tapan-tupanyny goýberýär.
Ol ýüzüme seredip, juda howsala düşenimi aňdy öýdýän, birden äheňini üýtgetdi:
-Weý, saňa näme bolýar, kakasy, gidenimi ýaman gördüňmi? Günin gaýtjagyňy bilen bolsam gitmezdimem, taýynjak maşyn bolansoň, Maýyçkany mamasyna görkezip gaýdaýyn diýip gidäýipdim. Hawa, mamasam agtygyny gaty küýsän eken, ony goýbermedi, «Çaga iki-üç gün arassa howada ýazylyp-ýaýnap oýnasyn, şenbe güni gelende alyp gidersiňiz» diýdi.
Men diňe şondan soň aýalymyň ýanynda gyzymyň ýokdugyny aňdym. Zyba sözüni dowam etdi:
-Agamyň şäherde şu günem irräk gaýtmaly işi bar eken, Menem onuň bilen gaýdyberdim. Oňa «öýe gir» diýsem «wagtym ýok» diýip etmedi.
Uzyn dalandan ýöräp, öýüň gapysynyň öňüne gelýänçäk, ol ýene bir zatlar diýip zeýrendi. Emma meniň gulagyma hiç zat ilenokdy. Muny aňan Zyba :
-Weý, gara çynyň bilen maňa gaharyň gelipdir öýdýän-diýdi.
-Gaharym gelme näme işlesin, Zyba... Saňa nähili düşündirsemkäm... Öýde myhman bar-diýip, müýnli ardyndym.
-Myhman bolsa gaty gowy, kakasy. Agşam hezet edip bilmedik bolsaň, bu gün ederis, ertirden bäri ýüzüňi açman duranyňyň sebäbi şumudy?- diýip, Zyba dälizdäki asawaçdan daşky eşiklerini asyp durka aýtdy.
-Myhman-aýal maşgala... Ýolda sataşdym... Saňa düşündirmegim gerek-diýip, üzlem-saplam dillendim.
-Aýal maşgala?-diýeninde Zybanyň sesi saňňyldap çykdy. - Nämäni düşündirmegiň gerek? Häzir özüm düşünip aňyrsyna-da ýeterin.
Ol şeýle diýdi-de, kürsäp içeri girdi. Onuň yzyndan menem girdim. Aýjemal içerki otagda, krowadyň ýanynda heýkel kimin doňup durdy. Emma onuň ýüz-gözünde ne gorky, ne-de aljyraňňylyk alamaty görünýärdi. Saçlarynyň ýarysy göwsünde, ýarysy-da sagrysynda seçelenip ýatyrdy. Ine, şunuň özi-de Zybanyň şübhesine esas bolmak üçin ýeterlikdi. Aýjemal çawuş çakan ýaly ýuwaş ses bilen: „Salamalik“ diýip dillendi. Zyba bolsa onuň salamyny-da alman, maňa alarylyp garady. Çäksiz gazapdan onuň dili tutulypdy. Men nämedir bir zatlar diýmekçi bolup, ýaňy agzymy açanymda ol şol dälisypat nazaryny menden sowup Aýjemala dikdi. Aýjemal bolsa dar agajynyň aşagynda jezasyna garaşýan mert günäkär ýaly şindem doňup durdy. Höküm sürýän bu dymyşlyk uly partlaýşyň öň ýanyndaky eýmenç ümsümlige çalym edýärdi. Ýöne bu partlaýyş şeýle bir uly gümmürdisiz ýüze çykdy. Zyba maňa öwrüldi-de boguk ses bilen:
-Bu nähili bihaýalyk?-diýdi.
-Hiç hili bihaýalyk ýok, Zyba, Häzir men barysyny düşündiriýen-diýip, men oňa ýalbardym.
-Düşnükli kemi ýok. Ýene nämesini düşündirjek, utançsyz!-diýeninde onuň dodaklary gaharyna tirpildedi.-Indi bu öý meniň üçin dowzah. Ýüzüňi Babaly görsün!
Ol dälize okdurylyp çykdy, ýaňyja çykaran üstki eşiklerini haýda-haý geýdi-de, tasanjyrap çykyp gitdi. Men Zybanyň häsiýetine belet bolsam-da, ondan beýle gödeklige garaşmaýardym, şonuň üçinem ol otagdan çykanynda menem biygtyýar yzyndan çykanam bolsam, onuň ýoluna böwet bolmak islemedim.
Men otaga gaýdyp girenimde, Aýjemal otagdaky stoluň ýanynda günäkär çaga ýaly başyny aşak salyp durdy.
-Munymyz-a gaty gelşiksiz boldy, Ahmet- diýip, ol uludan demini aldy.
-Aý, indi boljagy boldy-diýip, men bildirmediksirän boldum. -Ýogsa-da, sen näme üçin geplemediň? Aýtsaň, düşündirseň bolmazmydy, ahyryn? Ikimizde-de hiç hili günä ýog-a!
Aýjemal maňa birhili ahmyrly nazar bilen seretdi.
-Gaty sada ekeniň, Ahmet. Oňa men näme aýdaýyn? Aramyzda hytaý diwaryndan-da berk düşünjeler bardy, diýenimde ol ynanarmydy? Düýn agşam seniň maňa aýdan şu sözleriň bilen ony yanydyryp bolarmydy!
-Özüň bar zadyň şaýady bolduň, ahyryn Aýjemal. Her niçik ýagdaýda-da päkligi saklamak mümkin eken-ä. Eger Zybanyň ýerine bolanyňda senem ynanmazdyň?
-Her kim öz garyşy bilen ölçeýär diýen gep bar. Aýallaram ýüze çykan beýle ýagdaýy öz terezisinde çekip görüp, onsoň bahalaýar. Bu zatlary meniň mysalymda anyklamakçy bolsaň, onda düýnden bäri meniň terezimiň daşynyň birneme ýeňilräkdigini aňansyň.
Ol beýle diýmek bilen, meniň özi hakyndaky pikirimi bilmekçi bolýardy. Men muny aňamsoň oňa düşnükli äheňde şeýle diýdim :
-Eger gürrüň daşda bolýan bolsa , men Zybanyň daşyna-da, terezisine-de belet. Onuň daşy ýeňil däl ahyryn.
Aýjemal bir salym dymyp, soñ maña ahmyrly nazar bilen seretdi - de :
-Daşyň agyrlygyny onuň daşky görnüşine garap bilip bolmaýar, - Ahmet - diýdi - Ony terezide çekip görmeli. Ine, şu günki ýüze çykan ýagdaý daşy çekip görmek üçin gowy terezi boldy.
Men oýa batdym. Aýjemlyň gepiniň jany bardy. Zyba özüni meniň ýerimde goýup, netije çykaran bolmaga çemelidi. Men şu pikir bilen başymy galdyryp Aýjemala seretdim.
-Diýmek, men Zyba gaty ýetik däl ekenim-dä. Şeýle-de bir ýeňilkellelik etmek bormy. Ol meniň häsiýetimi gowy bilýär, ahyryn.
-Ol seniň häsiýetiňi bilýämi, ýokmy, onçasyny bilmedim. Emma bir zady gaty bilýän bolmaga çemeli-diýip, Aýjemal aşaky dodagyny dişledi.
-Nämäni?
Aýjemal aýtsammy-aýtmasammy diýen ýaly bir salym ýaýdanjyrap durdy-da:
-Çagakak biz «öý-öý» diýen oýun oýnaýardyk, belki, bu oýny özüňem oýnansyň?-diýdi.
-Hawa, oýnapdym, şunuň bilen näme diýjek bolýaň?
-Ýadyňda bolsa, bu oýunda çagalaryň her biri ýere uly dörtburç çyzyk çyzyp özüne öý edinerdi-diýip, ol sözüni dowam etdirdi. - Onsoň olaryň biri gaçyp, öz çyzygynyň içine giräýse, ol ýere başga biriniň girip, ony tutup çykmagy mümkin däldi. Sebäbi ol çyzylan çyzyk «öýüň» eýesinden başga biri üçin geçip bolmaýan diwar hasaplanýardy. Çagalar muny özleriçe hakykat diýip kabul edendikleri üçin, ol çyzykdan, hiç kim ätläp geçip bilmeýärdi. Sen, Ahmet, henizem şol çagalaryň hatarynda ekeniň.
Aýjemal sözüni tamamlap, maňa synçy nazar bilen garady. Men bu gepiň mundan öňki daş hem terezi hakyndakysy bilen bir pikirdigini şol bada aňdym. Ýöne men näme diýjegimi bilmän biraz dymyp durdum-da:
-Ähtimal, seniňki dogrudyr-diýdim.-Emma men bu meselede henizem şol çagalaryň hataryndadygyma begenýärin.
Aýjemalyň gözlerinde höwesmi-mähirmi bir uçgun ýylpyldady:
-Seniň şeýle adamdygyñy şunça ýyllap bile ýaşap ýören aýalyň bimeýänine haýran galaýmaly.
-Bilmäninden soñam gitd-ä.
-Ýalňyşyna düşünip, belki, gaýdyp geler.
-Ýok, gelmez . ol meni gowy bilmese-de, men ony gowy bilýän. Ol indi gaýdyp gelmez., gerek-ýaragy üçinem birini iberer.
-Aý ýok-la!-diýip, Aýjemal howatyrly dillendi.-Beýtmez-le.
Men geplemedim. Aýjemal ysgyndan gaçan ýaly oturgyja özüni goýberdi.
-Wah, men guraýyn, nireden saňa sataşdym. Beýle boljagyny bilen bolsaň, ýolda mündürmeseňem , juda bolmasa, şähere giremizde düşürip goýberäýen bolsaňam boljak ekeni. Adam öňünde näme bardygyny bilmeýär-dä - diýip, ol zeýrendi.
Men ondan beýle sözlere garaşmaýardym. . «Bu meni kimdir öýdýärkä? Aýalymdan gorkyma ony ýolda taşlap gaýdan bolsam, onda meni kim bolardym. Eger Zybanyň şeýtjegini öňünden bilen bolsamam, ony orta ýolda taşlap gaýtmazdym. Şähere goýup gaýtmaga-da meniň ynsabym çatmazdy».
-Seň bu gepiň-ä maňzyma oturmady, Aýjemal- diýip, men oňa tarap öwrüldim- Eger adam öňündäkini bilse näderdi, seniň pikiriňçe?
-Bilse, hiç kimem özüniň zyýanyna çapmazdy- diýip, ol nägile äheňde gürledi.
-Ýalňyşýaň, Aýjemal!-diýip, men oňa golaýrak bardym. Bilse-de, zyýanyna çapýan adamlaram bar.
Aýjemal meniň göwnüme degenini indi bilip galdy. Ol ýerinden galyp, maňa köp manyly seretdi:
-Bagyşla, Ahmet!
Men sesimi çykarman başymy atdym:
-Minnetdarlygymy saňa söz bilen beýan edip biljek däl. Özüň düşün... Indi men gideýin-diýip, ol jempiriniň iliklerini ildirdi. – Hoş!
-Hoş!-diýip, menem zordan dillendim. Dogrusyny aýtsam, şundan başga näme diýjegimi-de bilmeýärdim. Ol otagdan çykdy. Yzyndan menem çykdym, dälizdäki rezin köwşüni tapyp geýdi. Şundan soň men onuň ýuka geýinendigini bilip galdym. Ýöne men oňa galyňrak zat berip biljek däldim.
-Bu bolşuňa sen üşäýmeseň biridir?
Ol meniň kiçi dilden bärde aýdan bu sözümi şol bada aňdy:
-Zeleli ýok, jempirim galyň, üşemerin-diýip, ol hoşlaşmak üçin elini uzatdy. Men onuň elini gysýarkam aladaly soradym:
-Niräk barjak?
Aýjemal aşaky dodagyny dişläp, biraz dymyp durdy. Soňra:
-Nirädir öýdýäň, ejemlere baryp görerin-dä. Nähilem bolsa meň onuň perzendi, ahyryn-diýdi.
Ony derwezä çenli ugratdym, goňşulardan biri görer öýdüp yzyndan köçä çykmadym. Gaýdyp otaga girenimde öýüň birhili gugaryp galanyny duýdum. Ýaňy Aýjemal barka, Zybanyň öýden gidenligi o diýen bildirmändi. Indi bolsa, birden ýüregimi ýalňyzlyk duýgusy gurşap aldy.
***
Indi nätmeli? Bolan wakany akyl terezimde çekip, belli bir netijä gelmelidim.
Zybanyň häsiýetine belet bolanym üçin ony özümiň päkligime ynandyryp bilmejegime gözüm ýetýärdi. Şeýle-de bolsa bir synanyşyp görmegim gerekdi. Oturyp şeýleräk mazmunda oňa hat ýazdym:
«Zyba! Dünýäde ynam diýilýän beýik bir zat bar. Eger-de şol bolmadyk bolsa adamlara ýaşamak gaty kyn düşerdi. Sen maňa ynanman gaty ýalňyşýaň. On ýyl bäri bir ýassyga baş goýup, biri-birimiziň nähili adamdygymyzy bilmeli ,ahyryn!
Men oňa gije gelýärkäm ýolda duşdum. Öýünden, zalym ärinden gaçyp çykypdyr. Barar ýeri ýok ekeni. Şeýle bolansoň men ony köçede taşlap gitsem nähili bolardy? Senden gorkyma şeýtsem men kim bolardym? Men adamçylyk borjum boýunça ony öýe getirdim. Emma sen öýde ýok ekeniň. Şeýle-de bolsa, men ony myhman aldym. Her hili ýagdaý-da özüme erk edip biljegime gözüm ýetensoň ony myhman aldym. Adam öz edýän işini başgalardan gizlemegi mümkin. Emma özüñden gizläp bilmersiň. Şonuň üçin adam, ilkinji nobatda, özüne özi hasap bermeli. Menem öz şahsyýetimiň öňünde dogruçyl hem päk bolmaga çalyşýan. Häzirlikçe bu iş maňa başardyp gelýär. Mundan beýlesini-de göreris-dä».
Oňa pelsepe baryny ýazdym, kä ýerinde ýalbardym. Ýöne ol maña düşünmedi.
***
Ahmet aga sözüne dyngy berdi. Durmuşynda uly özgeriş goýan wakany ýatlany üçinmi, ýa-da uzak gürrüň berip ýadany üçinmi, onuň ýüzi birneme tukatlandy.
-Soňra nähili boldy, Ahmet aga?-diýip, men soradym.-Aýalyňyz bilen çyndanam aýrylyşdyňyzmy?
-Hawa, Zyba bilen aýrylyşdyk.
-Bä... Aýjemal bilen näme? Onuň bilenem gatnaşyk eden dälsiňiz-dä?
-Ýok, ýagşy ýigit, onuň bilenem hiç hili gatnaşygymyz bolmady- diýip, Ahmet aga gamgyn ýylgyrdy.
-Häzir bu gürrüňi goýaly inim. Mundan beýlesiniň özi bir dessan. Ony soň, bir oňaýy bilen gürrüň bererin. Häzir bolsa turaly, günorta naharyň wagtyň boldy.
Ahmet aganyň gürrüňiniň yzyny diňlemek üçin iki-üç günläp wagt peýledim. Ahyryn şeýle pursat hem geldi. Ertirki çaýdan soň ýene-de şol salkyn saýadaky oturgyça gelip oturdyk. Onuň keýpi kökdi. Men ýuwaşlyk bilen oňa wadasyny ýatlatdym. Ol ýylgyryp maňa garady-da:
-Görýän weli, inim, gürrüň bolsa, seňňem gözüň açylýar-diýip, Ahmet aga ýylgyrdy. Soňam çynlakaý görnüşe girdi-de, meni heýjana salan wakanyň yzyny ýatlap ugrady.
***
Maşgalany dargatmazlyk üçin meniň eden ähli tagallam puja çykdy. Zyba kes-kelläm ynanmady. Şeýdip men kanuny sallaha öwrüldim. Adam maşgalaly bolmazyndan öň sallahlygyň nämeligini bilmeýän ekeni. Maşgala durmuşyna öwrenişenden soň sallahlyk adama gaty degýän ekeni. Her niçik, dost-ýarlarymyň köplügi ýükümi birneme ýeňledýärdi. Olar meni tiz-tiz myhmançylyga çagyrýardylar, göwnümi götermäge çalyşýardylar. Şol dostlarymyň içinde ýüregime iň ýakyny, iň eziz görýänim Ýusupdy. Ýusup bilen mekdepdeş dostduk. Elmydama bile tirkeşýänimiz üçin deň-duşlarymyz bize Ýusup-Ahmet diýýärdiler. Ulalyp, öýli-işikli bolanymyzdan soň biziň dostlugymyz hasam berkedi. Ol şäher medeniýet bölüminiñ müdüri wezipesinde işleýärdi. Onuň Gülşat atly diýseň mylaýym, ýöne welin, az-owlak läligräk aýaly bardy.Ol meniň aýalym Zyba bilen dogan ýaly gatnaşýardy. Ýüsüp hem, Gülşat hem Zybanyň öýden gidenini eşidenlerinde deň gynandylar. Emma onuň gitmeginiň sebäbini aýdanymda bolsa, olaryň ikisem juda geň galdylar. Bu waka aýratynam Gülşada haýran galdyryjy täsir etdi. Şundan soň, ol maňa birhili gyzyklanmamy, bilesigelijilikmi, täsin bir garaýyş bilen seredip başlady.
Bir gün giçlikara olaryň öýünde otyrkak gürrüňden gürrüň çykdy-da, Gülşat:
-Weý, sen beýle iş edersiň diýip, ýatsam-tursam kelläme geljek däl-dä-diýip, gara gözlerini güldürdi.
-Diýýäniň näme, Gülşat! Indi senem maňa ynanmajak bolýaňmy?-diýip, öýkeli äheňde aýtdym.
-Goýsan-a, Ahmet, ahyrym...-diýeninden Ýusup onuň sözüni böldi.
-Bes et, Gülşat! Nämä gerek şu gürrüň. Men Ahmede gaty belet...
Är-aýalyň biri-birine seredişinden bu öýde öňem kesämden gürrüňimiň edilenini aňdym. Gülşat äriniň özüni dalanyna gahary geldimi, nätdimi, gönüsinden geldi oturyberdi:
-Sen Ahmede bu gün belet bolaýdyňmy? Öň näme belet däldiňmi? Düýn näme diýipdiň? Bir keseki aýala ýagşylyk etjek diýip, öz aýalyndan aýrylyşýan akmak barmy? «Bir emmasy bolmasa, guýruk munda nä ýatyr» diýmänmidiň?
Ýusubyň päki bilen mazaly gyrdalan ýaňaklary, ak tegelek ýüzi çym-gyzyl boldy. Ol ýag çalnan ýaly ýylmanak gara saçyny sypap, maňa birhili müýnli garady:
-Bu aýallar degişmä dagam düşünenok-laý- diýip ardynjyrady. Gülşat bolsa äriniň oňaýsyz ýagdaýa düşenine begenip otyrdy.
Wagtyň geçmegi bilen meniň aýalym bilen aýrylyşanlygym baradaky gürrüňlerem ýatdy. Özümem salahlyk bilen öwrenişip başladym. Emma gyzjagazymy gaty göresim gelýärdi. Ony ýatlanymda kyn ýagdaýa düşýärdim. Eger-de Zyba gyzymy maňa bermäge razy bolan bolsa, men galan ömrümi öýlenmän geçmäge razydym. Gyzym üçin meniň çekýän hesretlerimi Ýusup bilen Gülşat gowy bilýärdi. Olaryň durmuş guranlaryna on ýyl bolsa-da, henize çenli çagasy ýokdy. Öňler biziň öýmüze gelenlerinde gyzym bilen degişýärdiler, gülüşerdiler, onuň süýji dilliligine guwanýardylar. Ähtimal, şonuň üçindir meniň ugrumda alada baryny edýärdiler. Gülşadyň hossarlyk edişi hasam üýtgeşikdi. Ol her gün diýen ýaly ýa işime, ýa-da öýüme jaň edip habarlaşardy, hat-da näme biş-düş bişirýänine çenli aýdyp, gelip, bile nahar edinmäge çagyrýardy. Men bolsam olara günde-günaşa barybermäge ejap edýärdim.
Bir sapar iş gününiň soňragynda Gülşat hemişekisi ýaly jaň edip:
-Ahmet, nähili adam sen, bir hepdeden bäri gara bereňok. Işden çykyp göni biziňkä gel. Dostuň kömelek berip goýberipdir. Kömelekden kebap edip berjek, Entek onuň ýaly tagamly nahar iýip görenem dälsiň- diýdi.
Ýaňy başlanan ýazyň özi bilen alyp gelen bu ilkinji nygmatyny men örän gowy görýärdim. Muny Gülşat hem bilýärdi. Ýöne juda süwümsiz bolaýmaýyn diýen pikir bilen möhüm işimiň bardygyny bahanalan bolup ötünç soradym. Gülşat:
-Kömelek diýilse, janyň ýokdy-la. Indi näme üçin beýdýäň? Gelmeseň-ä bolmaz-diýdi.
Her näçe kyn görsem-de Gülşadyň sözüni ýykyp bilmedim. Bardym. Men baranymda Ýusup entek işden gelmän ekeni. Meni howluda Gülşadyň özi garşylady. Howlynyň içi gül pürkülen ýalydy. Hiç bir artykmaç zat göze ilmeýärdi. Hemme zat ýerbe-ýerdi. Bu salkyn howluda daşarda oturyp bolmasa-da, gül atyzyň ýanyndaky tagta sekiniň üstiniň tämizligine gözüm gitdi. Zyba gideninden bäri meniň öýümde guwanar ýaly beýle tämizlik, ýerbe-ýerlik ýokdy.
Gülşadyň egnindäki iri gyzyl gülli ýüpek matadan halady bardy. Juda ýaldyrawuk bu mata onuň salyhatlylygyna birneme kölege salýanam bolsa, Zybanyň kaddy-kamatynda gözüň eglenýärdi.
-Näme üçin bizden beýle gaçýaň, Ahmet?-diýip, Gülşat ýylgyryp öňümden çykdy. Salamlaşýarkak elimi birazlap goýbermän, şeýle mylaýym soraşdy welin, muňa men özümi birhili oňaýsyz duýup, gyzardym. Ol meni myhman otagyna alyp bardy. Otagyň içi gymmat bahaly mebeldir haly bilen bezelendi. Serwantlarda hrustal bulgurlar öwşün atýardy. Ortadaky stoluň üsti almadyr, narmy, garaz, dürli nygmatlardan doludy. Demlenilip goýlan çäýnegiň üsti akja polotensa bilen basyrlandy.
-Bä, mertebeliräk myhmanlara garaşýaňyz öýdýän-diýip, men stola yşarat etdim.
-Senden mertebeli myhmanymyz ýok- diýip, Gülşat gara gözlerini näzli süzdi. Şonda onuň peýkam ýaly uzyn kirpikleri ünsümi çekdi, kelläme olar emeli bolaýmasa ýagşy diýen pikir geldi.
Gülşadyň özüni alyp barşy, gepleýşi, umuman, ähli hereketlerinde onuň özüne mahsus bolan bir erkinlik duýulýardy. Onuň deňindäki başga aýallarda beýle erkinlik , ýaşyna gelişmejek läliklik ýaly bolup görünmegi mümkin. Emma Gülşadyňky bolsa, edil ýaş çaganyň erkinligi ýaly ýakymly duýulýardy. Ähtimal, şonuň üçinem maşgalada çaganyň ýoklugy Ýusuba onçakly bildirýan däldir. Gülşady synlap oturşyma: «Bu gözellik, bu özüne çekiji näzler wagty ýetip ýitäýse gerek. Ana şonda perzendiň ýeri bildirmän durmaz» diýip, öz ýanymdan pikirlendim.
Gülşat gelip, garşymda oturdy. Çäýnegiň üstündäki polotensany aýyryp, çäýnegi meniň öňüme süýşürdi. Men çaýy mazaly gaýtaryp, iki käsä guýup birini oňa uzatdym. Şonda Gülşadyň käsäni almak üçin uzadýan eliniñ çalaja titreýändigini görüp galdym. Men onuň ýüzüne içgin seretdim. Emma onuň ýüzünde hiç hili tolgunmanyň alamaty görünmeýärdi. Şeýle-de bolsa ýüregim onuň nämedir bir zada tolgunýandygyny duýýardy. «Ol näme beýle tolgunýarka?» diýip içimi gepletdim. „Ýa-da, Ýusup bilen aralarynda bir zat bolaýdymyka? Aslynda, meni näme üçin çagyrdyka? «Kömelek» diýdi, «kebap» diýdi. Diňe şonuň üçinmikä, ýa-da, Ýusubyň üstünden arz etjekmikä? Gülşat meniň özüni synlap oturanymy duýan bolmaga çemeli, ünsümi başga zada sowmak üçin meni gepe güýmemekçi boldy:
-Näme, ýöne dymyp otyrsyň, Ahmet? Gürläp otur.
-Näme hakda gürlejegimi bilemok-diýip, men kibtimi gysdym.
-Dilewarlykda senden öňe geçýän ýok. Gepläber-dä.
-Näme hakynda gürlesemem bolýarmy?-diýip, men degişme äheňinde aýtdym.
-Bolman näme, bolar. Gürläber. Dymyşyp oturmakdan ne peýda?-diýip, ol mylaýym ýylgyrdy.
-Onuň ýaly bolsa gepläýin-diýip, menem gülümsiredim. – «Görogly» dessanyny okapmydyň?
-Käbir böleklerini okapdym. Näme dessan aýdyp bermekçimi?- diýip, ol birneme geňirgendi.
-Hawa, degerli ýerinden bäş keleme aýdaýyn- diýip, men söze başladym.
-Eşider bolsaňyz, Görogly beg Weýeňňam şäherine baryp, Öwez jana: „Men seniň ataňyň çopanydym, onuň mende bir topar goýunlary, gullary galdy. Şolary saňa berip goýberjek“ diýip, aldaw bilen ony ýurdyndan alyp gaýdýar. Olar ýol söküp, bir ýere gelip ýetenlerinde, açlyk, suwsuzlyk zerarly ysgyndan düşen Öwez jan Görogla garap:
Çopan aga alyp geldiň, bu jaýa.
Goýun bilen pul diýgeniň rastmy?
Ýalan sözläp duşman bolma hudaýa.
Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? - diýip, zar-zar aglap bir söz aýdan ekeni. Şol diýleni ýaly kömelek diýdiň, kebap diýdiň, şo sözlerem çynmy? Ýa-da...
Gülşat jakgyldap gülüp goýberdi. Soňra:
-Ahmet, näme üçin beýle dessan başladyka, diýip otursam, onuň sebäpjigi bar eken-ow – diýdi. –Kömelek diýenimem, kebap diýenimem çyn. Az salym tagapyl et. Häzir hemmesi-de taýýar bolar. Ýöne welin, ony nähili bişirýänimiň syryny aýtjak däl. Stola getirenimden soň ony özüň aýdarsyň. Eger-de bilmeseň iýmersiň.
-Bolýar, iýmesem dessanyň dowamyny aýdar oturaryn- diýip, menem onuň degişmesine degişme bilen jogap berdim.
Gülşat aşhana tarap çykyp gitdi. Iňrik garalansoň, otagyň içi garaňkyrap ugrady. Ýusubyň işden gaýdýan wagty bireýýäm bolanam bolsa, henize çenli ondan derek ýokdy.
Gapynyň aňyrsyndan ýeňil göçýän aýak sesleri eşidildi. Gapy açylanda otaga Gülşat bilen bile işdäni açyp goýberýän ys hem girdi.
-Ine, kömelek kebap hem taýýar, Ahmet-diýip, Gülşat elindäki mejimäni stola goýdy. Soňra töwerek-daşyna birlaý göz aýlady. – Otagyň içi garaňkyrak ýaly-la. Yşygy ýakaýaly.
Ol çalasyn hem näzli bir hereket bilen baryp diwardaky wklýuçateli basdy. Depedäki owadan hrustal lýustradan ýaýran süýt ýaly ýagtylyk otagyň içine aýratyn bir görk berdi. Orta goýlan nahara gözüm düşende agzym suwjardy. Her biri şa käsäniň agzy ýaly ululykdaky kömelekler diňe göbegi alnyp bitinligine bişirilipdir. Göbegiň ýerindäki çukurjyk bolsa özünden çykan şerbetden doludy.
Ýaş oglan mahalymyzda, tapan kömelegimizi meýdanda ot ýakyp ataşgiriň üstünde şeýdip bişirip iýerdik. Şol mahallaram muňa kömelek kebap diýerdiler. Ol örän süýji bolup, tagamy henizem ýadymdan çykanokdy. Aradan köp ýyllaryň geçmegine garamazdan, ony görenimden işdämiň açylyp, agzymyň suwjarmagy, ähtimal, şonuň üçindir. Emma Ýusup gelmänkä naharyň çekilmegi meni birneme geňirgendirdi:
-Hojaýyna garaşmaly dälmi näme, Gülşat?
Gülşat soragyma jogap bermän, degşen kişi bolup, gepi başga tarapa sowdy:
-Hany, aýt bakaly. Bular nädip bişirilen? Ýaňky şertimiz boýunça bilmeseň iýmeli däl.
Hakykatdanam ot ýok, ojak ýok bu öýde kömelek kebap nähili bişirildikä, diýen sorag bir salym meni alada goýdy. Birden gaz plitanyň duhowkasy kelläme geldi:
-Eger ýalňyşmaýan bolsam, bular duhowkada bişirilen bolmaly.
Çakym dogry çykdy. Gülşat mylaýym ýylgyryp:
-Bildiň, kömelekler seniňki-diýdi. Soňra gidip aşhanadan iki sany tarelkejik,, iki jübüt wilka, pyçak getirdi. Serwantdan bir çüýşe konýak bilen iki sany bulgur hem alyp goýdy. Stola ähli zat iki-ikiden goýlup durulansoň üçünji adama garaşylmaýandygyny aňdym. Galyberse-de onuň hereketleri hemişekisi ýaly sagdyn, gelşikli bolsa-da, nämedir bir zada tolgunýany indi mesaňa duýulýardy. «Eger çakym çak bolsa, är-aýalyň arasynda bir üýtgeşik gürrüň bolup geçen bolmaly» diýip, men içimi hümledýärdim.
-Gülşat, sen meni myhmançylyga çagyranyňy unudaýdyň öýdýän-diýip, men gepiň bir tarapyny degişmä sowup, ýagdaýy anyklamakçy boldum.
-Näme üçin unudaýyn?
-Onda näme, bu enjamlay iki-ikiden goýuşdyrdyň?
Ol meniň gepimiň düýp manysyna indi düşünip güldy, maňa seretmezlige çalyşyp jogap berdi:
-Biz otagda iki adam-a...
-Ýusup näme? Oňa garaşmaýasmy?
-Ol gelmeýär.
-Eýgilikmi, beri, Gülşat? Araňyza tow düşäýen-ä däldir-dä?
Gülşat maňa sowugrak nazar bilen garady:
-Ahmet, häzirlikçe menden hiç zat sorama, haýyş edýän. Soňrak özüm aýdaryn... Hany, nahardan alyşdyryber. Konýagy-da aç, menem bir owurt içjek.
«Bä, gaty çynlakaý bir zat bolaýypdyr öýdýän. Içiniň ýanyp durany üçin içmekçidir-dä» diýip, öz ýanymdan pikirlendim. Konýagy açyp, iki bulgura-da deň guýdum. Öňler, maşgalamyz bilen gatnaşyk edýän döwrümizdäki oturlyşyklarda Gülşat öz bulguryna bir owurtdan köp guýdurmazdy, umuman, içmezlige çalyşýardy. Azajyk içäýse-de nar ýaly gyzarýardy. Şonda onuň ýaňaklary köz ýaly ýanyp, gözlerinden uçgunlar syçrardy. Şeýle ýagdaýda ol öz duýgularyna erk edip bilmeýän aýallara çalym edýärdi.
Bu sapar ol «köp», «az» diýmedi, bulgyryny mendenem öňürtiläp aldy-da:
-Hany, göter Ahmet-diýdi. Onuň bolşuna men öz ýanymdan geň galyp, bulgyrymy aldym. Ol elindäki bulgyryny synlap, oturşyna ýuwaş hem-de birhili armanly äheňde:
-Belki, bir gowy söz aýdarsyň, Ahmet-diýdi.
Oýlandym. Garaşylmadyk bu ýagdaýda tost aýtmak maňa birhili gelşiksiz duýulýardy. Emma meniň bir söz aýtmagymy Gülşat gaty isleýän ýalydy. Onuň göwnüni ýykmak islemedim:
-Gülşat, şu öýde, göwnüňiz ýaly giň öýüňizde köp oturlyşyklar etdik. Duzuňyzy köp iýdik. Köp tostlar hem aýdyldy. Şol sanda menem näçe gezekler aýdypdym. Eger ýadyňyzda bolsa, siziň maşgalaňyza bagyşlanan iň gowy arzuwlarymy beýan edipdm. Indi şol tostlardan başga hiliräk edip, täze sözler tapyp aýtmak gaty kyn...
-Bagyşla, Ahmet, sözüňi bölýän-diýip, Gülşat ýüzüme kinaýaly garady. – Şol aýdylan tostlar, göwnüme bolmasa, edil erteki ýaly ýary ýalan, ýary çyn. Adamlar ýüregindäkisini ýüze çykarman garşysyndaky ýek görýän adamynyň saglygyna içýärdiler...
-Bu sözleriň bilen meni iki ýüzlülikde aýyplajak bolýan-a dälsiň?- diýip, men hem onuň sözüni böldüm.
-Ýok, ýok, beýle däl. Tostuň başlanyşy adatda aýdylýan tostlara meňzäni üçin
dowamy-da şondan ileri bolmazmyka, diýip sözüñi böläýdim. Bagyşla! Gel, gowsy tost aýtman, ýüregimizdäki arzuwlarymyz üçin içäýeli. Ýüregiň düýbünde pynhan saklanýan arzuwlary, armanlary tosta goşup aýdyp bolanok, ahbetin.
Ol bu sözleri şeýle bir ýumşak, mylaýym äheň bilen aýtdy welin, ondan ynjamaklyga ýerem galmady.
-Bolýar. Men razy. Hany, onda göterdik-diýip, onuň teklibine sözsüz goşuldym.
Bulgurlarymyzy çakyşdyrýarkak ol maňa şeýle bir üýtgeşik nazar bilen seretdi welin, muňa men allaniçiksi boldum. Gönümden gelsem, köňlümde bir kiçijik şübhe hem peýda boldy. «Bä, bu garaýşyň manysy başgarak ýaly-la. Bu nähili beýle bolup biler?... Aslynda ol meni näme maksat bilen çagyrdyka?» diýip, men içimi gepledýärdim.
-Men-ä içdim. Sen näme tutup otyrsyň?- diýip, ol pikirimi böldi.
-Hä, menem içýän-diýip, bulgury başyma çekdim. Soňra ümsüm nahar iýmäge başladym. Kömelek kebap biçak tagamlydy. Ondan iýdigimçe işdäm barha açylýardy. Emma onuñ ýaňky garaýşy böwrüme dürtüp durdy. Men assa-ýuwaş ýagdaýy anyklamagyň ugruna çykdym:
-Gülşat, Ýusup nirä gitdi?
Gülşat aýtsammy, aýtamasammy diýen ýaly birhowa dymdy-da, soňra:
-Komandirowka-diýdi.
-Nirä? Umuman, araňyzda hiç zat bolanok gerek?
-Ýok. Onuň ýaly zat ýok. Ol agitbrigada bilen Garagumdaky çopanlaryň ýanyna gitdi.
-Şeýle diýsene. Men araňyzda bir bolgusyz zat bolaýdymyka, diýip gorkupdym. Bular ýaly bolsa ýaňy soranymda aýtmaly ekeni.
Gülşat geplemedi.
-Diýmek, onsuz içiň gysyp meni myhmançylyga çagyrypsyň-da?- diýip, men degşen boldum.
-Ýok-diýip, ol birhili ýadaw äheň bilen dillendi.- Men ol ýanymda bolan mahalynda-da ýüregimde giňlik ýok... Bütin ömrüm şeýle geçip barýar...
Men agzyma ýetirip barýan kömelekli çarşajygy çanagyň gyrasynda goýup, oňa sorag berdim:
-Bu näme diýdigiň?
Gülşat maňa manysyna düşünmesi kyn bolan bir garaýyş bilen garady. Bir zat diýmekçi bolup ykjamlanan dodaklary titredi.
-Bu näme diýdigiň, Gülşat?- diýip, men soragymy ýene gaýtaladym. Emma şol wagtyň özünde onuň ýerliksizdigini duýdum.
-Şuňa-da düşüneňokmy... Men ony söýemok...
-Geň zatlary aýdýaň, Gülşat. Ol saňa gaty mähirli ahyryn.
Gülşat ot bolup tutaşdy:
-Mähirli bolaýşyny! Bilýän onuň mährini. Bary ýasama! Mylaýymsyrap aýdýan sözlerinde çigit ýalyjagam hakyky mähriň ýoklugyny ýüregim syzýar...
Men näme diýjegimi bilmän birsalym dymdym. Oýlanyp görsem, Gülşadyň sözlerinde azda-kände hakykat bar ýalydy: Ýusup adamlar bilen gürleşeninde ne mährini, ne-de gaharyny ýüze çykarardy. Hemme kişi bilen bir meňzeş mylaýym äheňde sözleşmäge çalyşýardy. Emma onuň bu mylaýymlygynyň aşagynda nähilidir bir ýasamalygyň bardygy duýulýardy.
-Men araňyzyň beýledigini bilmändirin-diýip, oňaýsyz dymyşlygy bozdum.
Gülşat uludan demini aldy, soňra ýüzüni kese sowup:
-Menem seniň beýle nalajedeýindigiňi bilmändirin-diýdi.
-Nalajedeýin? O nähili men beýle bolýamyşym?
-Wah görüp dursuň-a. Men seni söýýän...
Ol şeýle diýdi-de, iki eli bilen ýüzüni tutup möňňürip goýberdi. Meniň bolsa dilim tutulan ýaly boldy. Bütin göwrämi birhili düşnüksiz duýgy gurşap aldy. Men şu ömrümde hiç haçan beýle aljyraňňy ýagdaýa düşmändim. Oňa näme diýjegimi, näme diýip göwünlik berjegimi bilmän ýöne sömelip otyrdym. Menden hiç hili seda çykmandan soň, Gülşat biderek azara galanyny aňdy öýdýän, ýuwaş, emma gaharly dillendi:
-Ahmet, git... Haýyş edýän, çyk, şu ýerden...
Men geplemän öýden çykdym. Köçelerdäki elektrik sütünleriniň yşyklary bir eýýam ýanypdyr. Özge wagtda bu yşyklar meniň göwnümi göterip, keýpimi kökleýärdi. Bu sapar bolsa, ne olar, ne-de ýüzümi sypaýan baharyň mylaýym şemaly ýüregimdäki dumanly duýgulary kowup bildi. Näme üçindir, bir aýyp iş eden ýaly öz-özümi ýazgardym. Adamlaryň gözüne görünmek islemeýärdim. Şonuň üçinem bolsa ähtimal, öýümiň daş bolmagyna garamazdan, awtobusa münmän pyýadalap gitmegi ýüregime düwdüm. Agras ädimläp gidip barşyma kellämde dürli oý-pikirler at salýardy. Haýran galaýmaly, bir adama lotereýada iki sapar utuş düşüşi ýaly meniň hem yzly-yzyna iki gezek biri-birini meňzeş bulaşyklyga düşenimi nätjek. Bu işler meniň erkime bagly bolmadyk ýagdaýda ýüze çykanam bolsa, özümi günäkär ýaly duýýardym. Şol bir wagtyň özünde iki garaýyş bilen, öz-özüm bilen jedelleşýärdim:
«Ýeri, näme üçin beýle boldy? Sen näme üçin iki sany gözel zenanyň yhlasyny gaýtardyň? Şeýdip dogry etdiňmi?» «Hawa, dogry etdim.»
«Kime gerek seniň bu dogruçyllygyň. Durmuş bir sahna mysaly dälmi näme? Perde ýapyklygynda näme iş edeniňi kim bilýär? Hiç kim. Emma perde tötänden açylyp bir tomaşaçy göräýse, barybir seniň hiç zat etmedigiňe ynanyp durasy ýok. Sebäbi sen sahnada aýal bilen ikiçäksiň. Sahnada aýal bilen erkek ikiçäk duşuşanlarynda, hökman gujaklaşýarlar, öpüşýärler. Muny hemme kişi bilýär. Şonuň üçinem sen bu düzgünden çete çyksaň hiç kes ynanmaýar. Aýjemal bilen edil şeýle bolmadymy näme? Aslynda sen, Aýjemaly näme üçin öýüňe eltdiň? Näme diýip, onuň üçin maşgalaňdan aýryldyň? Özümi ýagşylyk üçin pida etdim diýip, hondan bärisi bolup ýörensiň. Hawa, edil şeýle. Ýöne bu mesele juda bir seniň pikir edişiň ýaly hem däl. Ozalynda, sen bu işi diňe birine tüýs ýürekden ýagşylyk etmek üçin etmediň. Sen muny, ilki bilen, özüň üçin etdiň. Sebäbi sen özüňi rehim-şepagatly, mert adam saýarsyň. Ýeri, şeýle bolansoň sen nädip aýal maşgalany maşynyndan düşürip goýberjek. Eger şeýle edeniňde seniň rehim-şepagatlylygyň, mertligiň nähili bolardy? Öz nazaryňda özüň şol mertlik, asyllylyk derejesinden pese düşüp galardyň ahyryn.»
«Ýalan. Men Aýjemala duşanymda ol zatlar hakynda düýbünden pikir edemokdym.»
«Dogry. Pikirem eden dälsiň. Emma ol zatlar seniň ganyňda bolany üçin olaryň ygtyýaryndan daşa çykyp bilmännsiň. Ýeri, Aýjemaly öýüňe getireniňden soň köňlüňde dörän islegleriňi näme üçin bogduň?"
«Islegler? Ol nähili islegler? Eger şonda ýüregimde nähilidir bir isleg dörän bolsa, ony amala aşyrmaga päsgel berýän hiç zat ýok-da. Sahna ýapyk-da. Näme iş etsemem hiç bir tomaşaçy görmezdi. Hiç tomaşaçy hem ýokdy.»
«Ýok. Bir tomaşaçy bardy. Şonda seniň özüň hem sahnadaky gahryman, hem gahrymanyň hereketlerini synlap duran tomaşaçydyň. Seniň gahrymanyň bolsa göwni isläp duran işi etmäge seniň tomaşaçyňdan gorkýardy. Ýeri, Gülşady näme üçin ret etdiň?» «Ol meniň dostumyň aýaly.»
«Diňe şonuň üçinmi? Ýok. Bu gezek hem sen öz aladaňy etdiň. Öz nazaryňda özüňi pese düşürmek islemediň. Netijede, şeýle ajaýyp aýalyň göwnüni ýykdyň. Bu zatlaryň hemmesine sendäki ýüregiň bir ýerlerinde baslygyp ýatan ulumsylyk sebäpkär. Sen onuň ygtyýaryndan daşa çykyp bilmediň. Ýogsam, senem janly adam ähbetin. Seniň duýgularyň hem, islegleriň hem durmuşyň lezzetlerine ymtylýan adamlaryňkydan tapawut etmeýär.» «Sen näme diýip samahyllaýaň? Mende hiç hili ulumsylyk ýok,seniñ ulumsylyk diýýäniñ ynsap,mende ana şol ynsap diýen mukaddes düşünje bar.
Ynsanyň duýgulary, islegleri çäksiz ahyryn. Beýle çäksizligi ynsabyñ bilen çäklendirip bilmek
gerek! Men hem özüme erk edip, şeriň ýerine haýyr işi ýüze çykarýan»
«Şeriň deregine haýyry ýüze çykarýan diýsene. Gör, nähili owadan söz. Ýöne sen gatyrak gidýän bolaýma. Beýle sözler, beýle işler ähli kişiniň üns merkezinde duran uly şahsyýetlere gelişýär. Sen bolsa kim-aýt?»
«Men adam! Adam bolup hem galaryn.!»
Öz sesime tisginip gitdim, seretsem, soňky pikirimi seslenip aýdyp goýberipdirin.
Emma elmydama öz göwnüňdäki ýaly adam bolup galmak gaty kyn ekeni. Käte adamçylyga sygyşmajak işlere gabat geleniňde öz bolşuňdan üýtgäniňi duýman galýan ekeniň.
Şol wakadan soň hem Ýusup bilen dostlugymyz öňküsi ýaly dowam ediberdi. Ýöne welin, indi olara barmamy seýrekledipdim. Barsamam öňkim ýaly arkaýyn, şähdi açyklyk bilen oturyp bilemokdym. Gülşat bolsa özüni aramyzda hiç zat bolmadyk ýaly edip görkezmäge çalyşýardy. Munuň ýaly ýagdaýda aýal maşgala öz syryny paş etmezlik üçin elinden gelenini etmeli bolýan bolmaga çemeli. Men onuň hereketlerini assyrynlyk bilen synlaýarkam, şol gün onuň «Seni söýýän» diýenine ynanasym gelenokdy, sebäbi maňa onuň bolşy söýgä garanda keýpi-sapa meýilliräk ýaly duýulýardy. Şeýle-de bolsa oňa rehimim gelýärdi. «Adam pahyr gadagan edilen duýgularyny gizlemek üçin, gör, nähili ýasamalyklar etmeli bolýar» diýip içimi gepledýärdim.
Şol arada Ýusup maňa aýratyn duýgudaşlyk bildirip ugrady. Sallahlygyň möhletiniň gutarandygyny, indi bolsa öýlenmekligiň wagtynyň ýetendigini gaýta-gaýta ýatladýardy.
Günleriň birinde giç öýlän işden ýaňy gelip, geýimlerimi çalşyp durkam, Ýusup geldi.
-Ine şeýdip, duýdansyz geläýmesek seni asyl tapyp bolanok. Näçe gezek jaň hem etdim. Jogap berýän ýok-diýip, ol degişme äheňinde gürledi.
Men dostumyň ýörite idäp gelenine monça boldum. Barymy orta döküp, sallahlarça oňa hyzmat etdim. Birazyrak içenimizden soň, Ýusup daşdan aýlap gürrüňe başlady.
-Dostum, adamyň ömri derýadaky suw däl. Ol hasaply, çäkli. Şonuň üçin hem bar zat öz wagtynda bolsa ýagşy. Sen indi mundan soňam sallahlygyňa geziberjek bolsaň, gaty gelşiksiz bolýar.
-Ýeri, onda, näme maslahat berýäň?
-Öýlen. Basymrak öýli-işikli bol.
-Diýýäniň näme, dostum. Aýal diýilýäni-de bazarda satylýan zat däl, ylgap baryp getirer ýaly. Öňürti ony tapmaly, soňra birek-birege ýaramaly...
-Bäriňe seret -diýip, Ýusup sözümi böldi. -Sen bu bolşuňda ony tapmarsyň hem, oňa ýaramarsyň hem.
-Onda näme iş etmeli?-diýip, men güldüm.
Ýusup bir zadyň pikirini edýän ýaly dymdy. Soňra:
-Eger göwneseň mende bir teklip bar- diýip, ol gözlerime synçylyk bilen garady.
-Ýeri, nähili teklip?
-Ikinji mikroraýondaky biziň kitaphanamyza baryp gören-ä dälsiň... Şol ýerde bir ajaýyp zenan işleýär. Ony işe alanyma bir ýyldanam geçdi. Şu döwrüň içinde onuň ýekeje-de aýagyny gyşyk basanyny gören adam ýok. Isleseň eltip görkezeýin. Özüň gepleşip gör. Eger ol saňa ýarasa, galan işi özüm düzederin. Gudaçylyga özüm bararyn. Şeýdip menem bir sogap gazanaýyn.
-Bä, bu teklibiň-ä gulaga ýokman duranok. Ýöne ol maňa ýarany bilen men oňa ýaramasam nätjek?
Ýusup ha-ha-haýlap güldi.
-Ýaramajak gümanyň ýok, dostum. Seniň ýaly ýigit tapar-da olam ýaramazmy. Onuň hem seniň göwnüňden turjagy şübhesiz. Onuň ýaly bir kemsiz gözeli enesi seýrek dogurýandyr.
-Bä, tarypyny gaty ýetirdiň-le. Öte geçýän-ä dälsiň-dä?
-Öte geçemok, dostum. Baranyňda özüň görersiň.
-Onda ony haçan görüp bolarka?
-Ä-hä! Agzyň suwjaraýdy öýdýän-diýip, Ýusup gözlerini mekirlik bilen süzüp güldi-Haýyr işi gijä goýmak bolmaz. Ony ertiriñ özünde göräýeris.
Şeýdip men ertir günortanlyk arakesmeden soň Ýusubyň edarasyna barmaly boldum. Soňra bolsa kitaphana onuň bilen gitmeklige şertleşdik. Ýusup köp saklanmady. Men ony derwezäniň agzynda duran maşynyna çenli ugratdym. Ol mähirli hoşlaşyp gitdi.
Ertesi belleşilen wagtda men Ýusubyň edarasyna bardym. Ol maňa garaşyp oturan ekeni. Kabinetine girenimden ol öňümden çykyp görüşdi. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, ol maňa başdan aýak birlaý göz aýlap şeýle diýdi:
-Tüweleme, öýlenjegiň çyn-ow seň. Bezenib-ä bilipsiň. Galstugyň özüne on gyz aşyk bolarça bar .
Gülşüp daş çykdyk. Şonda men ondan:
-Haýsy maşynda gideris? Seniňkidemi ýa-da meňkide?- diýip soradym.Ýusup biraz dymyp durdy-da:
-Gowusy, herimiz öz maşynymyzda gidiberäli -diýdi. -Her halda ol meniň gol astymdaky işgärim. Seni yzyma tirkäp eltip tanyşdyrsam, meň üçin birhili gelişmejek ýaly, Ahmet. Gowusy men saňa kitaphanany görkezip yzyma dolanaýyn. Sen özüň girip, arkaýynja tanşyber.
-Be, düýnki wada başgaçady-la?-diýip, men onuň sözünden beýle tiz dänenine geňirgendim.
-Oglan bolmasan-a, Ahmet... Galstugyň gaty bogup duranokmy?-diýip, ol galstugymy birneme gowşatdy.-Ine şeýleräk bolsa gowy. Bäriňe seret, sen maňa ters düşünjek bolma. Wada wadadyr, dostum. Ýöne ilki onuň bilen özüň tanyş, soňra sawçylyk, gudaçylyk işlerini özüm oňararyn. Men oňa käbir zatlary çalaja duýduryp hem goýdum. Şu gün ol irden edara bir iş bilen gelen ekeni. Men ony çagyryp: «Seň ýanyňa bir dostum «Graf Monte Kristo» romanyny sorap barjakdyr. «Ýok», diýip, gaýtarmagyn. Öz-ä sallah ýigitdir. Sallahlaryň ýüregi ýuka bolýar, öýkelär“ diýip aýtdym. Ol birden nar ýaly gyzardy. Diýmek, nämäniň nämedigini duýdy.
Ýusup sözüni soňlap, ýüzüme synçylyk bilen garady. Men onuň pikirine goşulýanymy aňladyp, başymy atdym. Şeýdip her haýsymyz öz maşynymyza münüp, meniň üçin bilmesi kyn bir syra öwrülen şol gelniň işleýän kitaphanasyna tarap ugradyk. Ýusup öňde ýol başlap barýardy. Menem çatyryklarda ondan galmajak bolup haýdap otyrdym. Bar ünsüm ýolda bolsa-da, ykbalyň maňa kimi duşurjagy hakdaky pikir meni birneme tolgundyrýardy. Biz gitdigimizsaýyn şäheriň bir çetine çykyp barýardyk, köçe hereketi hem barha seýrekleşýärdi. Bir mahaladan soň Ýusup ýuwaş tormoz basyp saklandy. Menem onuň deňine gelip togtadym. Ol birhili syrly ýylgyryp:
-Gelendiris. Ana şol burçdaky jaý kitaphana. Maşynyňy şu ýerde goýsaňam bolar. Men gitdim. Işiň oňuna bolsun -diýdi-de, duran ýerinden yzyna dolandy. Maşyny ýola salýarka.- Heý, ýene ýadyňdan çykaýmasyn. maña « Graf MontaKristo» gerek diýmeli. Şondan soň ol seniň kimdigiňi biler. Netijesini giçlik gürleşeris - diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýusup gideninden soňam men birnäçe wagtlap maşyndan düşmäge gaýratym çatman oturdym. Durmuşda öňüňde goýan maksadyňa ýetmek üçin esasan ýüreklilik hem gaýrat gerekdigini men gowy bilýärdim. Emma aýgytly pursatlarda maňa şol ikisi ýetişmeýän ýalydy. Ýöne men özümi ýeňmegi başarýardym. Gerek mahaly olary ýok ýerden tapyp, ýüregimi suwlandyrýardym.
Men kitaphana girenimde ol ýerde hiç kim ýok ekeni. Hatda kitaphanaçynyň özem içerki kitap fondunyň jaýynda ekeni. Dogrudaky içerki jaýyň çala Aaçyk gapysyndan onuň aýak sesi eşidilýärdi. Men içerik eşidiler ýaly ardyndym. Içerden:
-Kim?_diýen ýakymly owaz eşidildi.
-Men... «Graf Monte Kristo» gerekdi -diýip, goýberenimi duýman galdym. Şol bada ol ýerden aýak sesi-de ýatdy, jogap hem bolmady. Bisalym suw sepilen ýaly dymyşlyk höküm sürdi. Soňra «häzir» diýen howatyrly owaz geldi we içerki jaýyň gapysynda onuň özi peýda boldy. Oňa gözüm düşende ilki ynanmadym, gözüme görünýändir öýtdüm . Ýok, gözüme görnenokdy.Ol hakykatdanam şol Aýjemaldy. Hawa, meniň sallah bolup galmagymyň sebäpkäri bolan Aýjemalyň hut özüdi. Ol öňküsine garanda birazrak doluşan ýalydy, emma mundan onuň gözelligine çigit ýaly-da zeper ýetmändir. Gaýtam öňküsindenem görmegeý sypata giripdir, ony görmäge göz gerekdi!
-Ahmet... bi sizmi?- diýip, ol haýran galyp gözlerini tegeledi.
-Hawa... Men- diýip, gyryljak ses bilen zordan dillendim. Şol wagt «Ýazgyt diýenleri çyn bolmaga çemeli. Bu aýal hem meniň maňlaýyma ýazylan bolaýmasyn» diýip içimi gepledýärdim.
Ol meniň bilen elleşip salamlaşdy, saglyk-amanlyk soraşdy. Göwnüme bolmasa, ol gaty tolgunýardy. Emma muny bildirmejek bolup jan edýärdi.
-Başlygyň gözellikde taýsyz bir işgärim bar, seni tanyş edeýin diýip getirdi. Seret, bu sendigiňi bilmändirin- diýip, oňaýsyzyrak ýylgyrdym.
-Eger mendigimi bilen bolsaňyz, gelmezmidiňiz?-diýip, ol öňküsi ýaly dilewarlyk bilen gürledi. Ol maňa duşan şol agşamsy ömründe birinji gezek görýän adamy bolmagyma garamazdan meniň bilen «sen» diýip gepleşipdi. Indi bolsa näme üçindir «siz» diýip gepleşýärdi. Ol indi özüni dürsäpdi. Maňa asuda mähirli garaýyş bilen bakyp durdy.
- Gelmän näme, gelerdim. Seniň şu ýerde işleýäniňi öňräk bilen bolsam, başlygyň aýtmasa-da gelerdim. Şeýle diýenimden ýüzümiň çalarak gyzaranyny aňdym. Aýjemalyň ýüzüne hem gyzyl çaýyldy. Ol ýüzüme birhili naýynjar seredip:
- Men siziň ýagdaýlaryňyzy daş gulakdan eşidip ýörin- diýdi.– Men zerarly birentek ejir çekdiňiz. Gözüňize nädip görünjegimi bilmän ýördüm.
-Sen zerarly däl, Aýjemal. Sen bir bahana bolduň. Köki çüýrük daragt sähelje şemala hem ýykylýar. Köki berk bolsa tupanda-da ýykyljak gümany ýok.
-Bilmedim. Garaz, bir bulaşyklygyň sebäpkäri bolan ýaly özümi gaty günäli saýýan.
-Gel, şu hakdaky gürrüňi bes edeli, Aýjemal. Başlygyň men hakymda näme diýdi, gowusy, şuny aýt.
Şeý diýenimde Aýjemalyň ýüzi birhili tukatlandy. Ol:
-Başlygym-diýip ikirjiňlendi. Soňra ýüzüni keseräk sowup gepledi. – Bir sallah dostum bar, ýanyña geler... diýdi. Ýöne men ony sizdir öýdemokdym. Hat-da başlygym bilen dostlugyňyzdan hem habarym ýok.
-Habarym ýok, diýsene. Dostum pahyr bolsa köne tanyşlary tanyş etjek bolup azara galyp ýör. .Elbetde, onuňam biziň tanyşdygymyzdan habary ýok bolsa gerek.
Aýjemal meniň şadyýan äheňimi goldamady. Hiç haçan ruhdan düşmäýän, islän wagty özüne erk etmegi başarýan bu zenan häzir birhili ejizlän ýalydy.
-Siziň ýeriňizde başga biri bolanda, belki, men özümi başgaça alyp barardym. Emma size ýalan sözläp biljek däl... –diýip ol dymdy. «Galanyny ine şu bakyşlarymdan düşünäýsen-e» diýen ýaly maňa birhili müýnli seretdi. Men bu ýerde bir syryň bardygyny şol bada duýdum:
-Näme gep, Aýjemal? Açygrak aýtsana.
Ýüregindäkini açyk aýtmaga ejap edýän ýaly ol dymyp durdy. Onuň owadan dodaklary çalaja titreýärdi. Men oňa ýene ýüzlendim:
-Saňa näme boldy, Aýjemal? Geplesene!
-Dostuňyz size näme diýdi?- diýip, ol uludan demini aldy.
-Ol-a artykmaç zat diýenok. Ýöne öňürti tanyş, soň özüm sawçylyk ederin. Şeýdip menem sogap gazanaýyn diýdi.
-«Sogap gazanjak diýdi» diýsene... Maňa bolsa bütinleý başga zat aýtdy- diýip, Aýjemal ýüzüni ýene kesä sowdy.
-Näme diýdi?
-«Söýgüliň dostuňyň öýünde bolsa, oňa ýetesi zat ýok» diýdi.
Meni ýyldyrym uran ýaly boldy. Bütin endamymy ýalyn gurşap aldy. Hawa, edil şeýle boldy. Sebäbi men bu gepiň manysyna şol bada düşündim.
-Şeýle diýsene- Sozup aýdan bu sözlerim öz gulagyma kesekiniň sesi ýaly bolup eşidildi. – diýmek, ol dostuny oýnaşyna öýerip, keýp çekmesini assyrynlyk bilen dowam etdiriberjek ekeni-dä. Dostuňdan tap diýenleri boldy duruberdi-le.
Aýjemal geplemedi. Ol günäsini boýun alyp, wyždanyny päklän adam ýaly maňa arkaýyn seredip durdy. Men bolsa henizem şol gurşap alan ýalnyň içinde tolgunýardym. Ýusuba bolan ýigrenjimiň çeni-çaky ýokdy. Ýüregimi barha güýçli gazap gurşaýardy. Eger-de şol mahal özüme ygtyýar bersem, baryp Ýusuby öler ýaly ýençmäge taýyndym. Hawa edil şeýle ýagdaýdadym. Dünýäde eý görýän dostuňyň saňa hyýanatkärdigini bilmekden agyr zat ýok bolsa gerek. Şol wagt bu zat maňa deňi-taýy ýok nejislik bolup duýuldy. Eger-de men aýalymyň biwepalygyny bilen bolsamam, beýle ýagdaýa düşmezdim. Çünki, aýallaryň ärine biwepalyk edýän hallary durmuşda bolýan zat. Onuň hem özboluşly sebäpleri bolýar. Mysal üçin, aýal ärini söýmeýär, şonuň üçin özüniň göwnüne ýaraýan adam bilen duşuşmagy isleýär. Emma dost hyýanaty nämä esaslanýar?! Men bolsa dostuma dönüklik etmejek bolup, onuň aýalynyň özüniñ«söýýän» diýenine-de pitiwa etmedim. Ol näme üçin maňa beýle nejislik edýärkä? Näme üçin?! Ganym gaýnap, gazap atyna atlanyp duranym üçin men birbada munuň sebäbine düşünip bilmedim. Kelläni durlap oýlanyp görseň, munuň ýönekeýje sebäbi bardy. Dostum özüniň abraýyna zeper ýetmezligi üçin, meni masgaralamaga taýyndy. Ol Aýjemaldan gorkýardy. Bir gün bolmasa, bir güni süýji posalaryň, lezzetli guçuşlaryň öwezine Aýjemal ondan nämedir bir zat talap eder öýdüp gorkýardy. Has dogrusy, ol bu gatnaşygyň soňunda durmaly boljakdy. Onuň ýaly zada bolsa Ýusubyň gaýraty çatanokdy. Ol wezipesinden, amanat gazanan abraýyndan gorkýardy. Eger Aýjemal äre baraýsa onuň abraýyna, wezipesine abanyp duran howp öz-özünden sowuljakdy. Bardy-geldi Aýjemalyň äri özüniň dosty bolaýsa, onda söýgülisi ýene gözüniň öňünde, onuň ygtyýarynda galjakdy. Şeýdip Ýusup bir ok bilen iki towşany urmakçydy. Men samsyk bolsa şunça ýyllaryň dowamynda onuň bilen dost bolup, dostumyň kimdigini tanamandyryn. Indi bu adam bilen nähili haklaşmaly? Bir salym bu hakda kelle döwdüm. Häziriň özünde onuň ýanyna baryp, nejisligini aýdyp, ýüzüne tüýkürip gaýtsammykam? Ýok, beýtsem bolmaz, onda şonuň bilen ähli zat gutarar. Ol menden aňsatja gutular. Munuň üstesine syry açany üçin Aýjemala-da gün bermez. Şonuň üçin oňa düýbünden başgaça jeza oýlap tapmaly. Ol şeýle bir jeza bolsun welin, ömri ötýänçä ýadyndan çykmasyn!
-Aýjemal, senden bir haýyşym bar-diýip, meniň beýle uzak dymmagymyň sebäbini özüçe çaklap duran Aýjemal ýüzlendim. – Häzirlikçe aramyzda bolan gürrüňi-de, ikimiziň öňden tanyşlygymyzy-da Ýusubyň bilmezligi gerek.
Powestler