Aýjemal Ýusup bilen aralaryndaky syry açyp, meniň ýüregimde nähili harasat gopduranyny aňan bolmaga çemeli, ýüzüme birhili müýnli seredip geplemän durdy. Ol meniň haýyşyma-da «bolýar» diýen manyda başyny atmak bilen jogap berdi.
- Oňa hiç zat aýtmarsyň gerek? Söz berýäň dälmi?-diýip, men haýyşymy ýene nygtadym.
Bu gezek Aýjemal ýüzüme batyrgaý seredip:
- Söz berýän-diýdi.
- Sag bol, Aýjemal-Men sözde beýan eden minetdarlygymyň üstüni ýetirmekçi bolup, onuň elini gysmak üçin elimi uzatdym. Ol sag elinde «Graf Monte Kristony» tutup durdy. Ol kitaby öňüme süýşürip, elini berdi.
Aýjemal bilen hoşlaşyp köçä çykanymdan soň elimde kitap bardygyny duýdum. Ony biygtyýar alyp çykypdyryn. «Bu nämäme gerek, öň okapdym ahyryn» diýip içimi gepletdim. «Ol näme üçin maňa parol höküminde başga bir kitaby däl-de, «Graf Monte Kristony» aýtdyka? Kelläňde näme bolsa diliňe-de şol gelýär» diýýärler. Ol şeýle görmegeý aýala al salanyna monça bolup, özüni
Graf Monte Kristo meňzedip ýörmikä? Örän gowy. Şeýle bolýan bolsa menem oňa Graf Monte Kristonyň oýnuny görkezmegim gerek. Graf hem özüne pent beren «dostlaryndan» şeýle ar alýar ahyry." Kitaby gaýtaryp bermek üçin yzymy dolandym. Gapynyň öňünde gelenimden ýene näme üçindir içeri girmäge ýaýdanyp, yzyma öwrüldim-de, maşynyma tarap gitdim. Köçedäki hereket gözüme öňküsinden has başgaça görünýärdi. Nazarymda şu adamlaryň içinde-de Ýusuba meňzeşleri bar ýalydy. Şonda ýüregim birhili ýalňyzlygy küýsedi. Adam-gara ýok, pynhan ýerde bir sellemem bolsa galasym geldi. Şonuň üçin iş ýerime baryp, bir bahana tapdym-da, jogap alyp, göni öýe geldim. Maşyny içeri sokup, derwezäni içinden gulpladym. Öýe girenimden eşiklerimi çalşyryp, özümi uly otagdaky diwana okladym. Bir seretsem, elimde henizem şol kitap. Näme üçindir ony maşynda-da, eşiklerimi çalşyran ýerimde-de galdyrmandyryn. Ony ýatan ýerimden ortadaky stoluň üstüne zyňyp goýberdim.
«Ýeri, indi nätmeli? Ol nejise nähili jeza bermeli?» Birden göz öňüme Gülşat geldi. Şol kömelek kebaba çagyrylan günüm aramyzda bolup geçen gürrüň gulagymda gaýtadan ýaňlandy. Kelläme gelen pikirden ýüregimiň gürsüldisi has batlandy. «Ýok. Ýok. Men beýle edip bilmen. Nejislige nejislik bilen däl-de, adalat bilen zarba urmaly.» Şol wagt telefon jyňňyrdady. Çaky, bu Ýusupdy. Ony ýüregim duýup durdy. Ol meniň Aýjemal bilen duşuşygymyň netijesini bilmäge howlugýardy. Ilki ol edara jaň eden bolmaly. Meniň ol ýerde ýokdugymy anyklap, öýe til edýärdi. Trubkany aljagymy-da, almajagymy-da bilmän ýaýdandym. Sebäbi şol wagt onuň bilen gürleşmäge ruhy taýdan taýýar däldigimi duýýardym. Telefon uzak jyňňyrdady. Trubkany almadym, çydap ýatdym. Telefonyň jyňňyrdysy dynansoňam uzak wagtlap ýerimden galman ýatdym. Emma kelläme hiç bir netijeli pikir gelenokdy. Ýusuba mynasyp jezany oýlap tapmak üçin ilki içimde möwç urýan gazabymy birazrak köşeşdirmegimiň, kellämiň bolsa sowukganlylyk bilen işlemegi gerekdigini aňyp, ýerimden turdum. «Tizräk öýden çykyp gitmeli, ýogsam, ol işinden çykdygy meniň ýanyma gaýdar» diýen pikir bilen howlukmaç geýinmäge başladym. Gaty howlugýanym üçin bolsa gerek, köýnegimiň düwmelerini-de dalanda ildirdim. Ýöne bu wagt maşynymy münmäge-de meýil etmedim. Köçä çykanymdan soň bolsa, nirä barjagymy bilmän birsellem ikirjiňlenip durdum. Maşynda daşrak bir ýere- garyndaşlaryň biriniňkä gidäýsem diýip hem küýlendim. Ýene pyýadalap gezelenç edenimi gowy görüp, köçäniň ugry bilen çalt ýöräp gitdim. Duralga baryp, çem gelen awtobusa münüp gitdim. Ondanam düşüp, başga birisine mündüm. Bir görsem, restoranda otyryn. Bu hereketlerimi, ähtimal, beýnimdäki ikinji bir merkez dolandyrandyr. Çünki meniň asla restorana girmek niýetim ýokdy. Onsoňam öýden çykanymdan bäri kelläm Ýusup hakyndaky pikirlerden boşanokdy.Restoranyň içi petişdi. Adam hem ol diýen köp däldi, zalyň ýarysy boşdy. Men äpişgäniň ýanyndaky stoluň başynda ýeke özüm otyrdym. Köp wagtdan bäri restorana girmänim üçinmi, özümi birhili oňaýsyz duýýardym. Gelşiklije ýaş hyzmatçy gyz
gelip, mylaýymlyk bilen «Näme buýurýarsyňyz» diýip sorady. Dilime gelşine görä «kömelek kebap» diýip goýberenimi duýman galdym. Hyzmatçy gyz geň galyp, mawy gözlerini tegeledi, soňra ýakymly ýylgyryp:
-Beýle nahar bizde hiç haçan bolanok-diýdi.
Men aljyraňňy ýagdaýdan çykmak üçin «Kömelek kebap bolmaýan restorany ilkinji gezek görşüm» diýip degişmä sowdum. Soňra menýudaky naharlardan birini, mineral suw hemde ýüz elli gram konýak buýurdym.
«Geň galaýmaly. Näme üçin men indi şol kömelek kebaba çagyrylan günümdäki wakalary ýatlaýarkam?»-diýip, içimi gepledýärdim. «Ýa-da, şol gün Gülşadyň meýiline garşy gidenim üçin puşman edýärmikäm? Ýeri, restorana näme maksat bilen geldiň? Konýak içmek üçinmi? Ýa-da keýpi-sapa bilen meşgullanýan adamlaryň keşbini synlamak üçinmi? Näme üçin beýe adamlar restoranlarda bolýar diýip hasaplamaly?“ Buýran zatlarymy hyzmatçy stola tarkyldadyp goýup başlanda pikirim bölündi.
-Işdäňiz açyk bolsun-diýip, ol gyz ýene bir gezek mylaýym ýylgyryp gitdi. Işdäm ýokdy. Şonda-da öňümdäki bifşteksi çokjalap başladym. Konýagy az-azdan guýup içip oturşyma töwerek-daşyma syn edýärdim. Restoranda artykmaç şowhun bolmasa-da, bu ýeriň özüne mahsus bolan durmuşyñ joşguny duýulýardy. Adamlar şu ýerde oturmaklygyň özüni hamala başgalara ýetdirmeýän bir mertebe diýip hasaplaýan ýaly özlerine gaty göwni ýetikdi. Birek-birege mylakatlylyk bilen söz gatylýanam bolsa, käbirleriniň ýüzünde tekepbirlik alamaty bardy. Menden bir stol aňyrda oturan garaýagyz gyz bilen saçlaryna ak girip ugran bolsa-da, otuz ýaşlaryndan geçmedik ýigidiň gürrüňi has alyşypdy. Emma gyzyň bulgurly elini salym geçmän, galdyrybermegi, ýigidiň bolsa saçlaryny tiz-tiz sypap, timarlaberişi gelşiksizdi. Olaryň sag tarapynda oturan üç sany ýigidiň şowhuny zala has şüweleň berýärdi. Olar gezek-gezegine tost aýdyp, bulgurlaryny çakyşdyrýardylar. Belki, olar biri-birine: «dostlugymyz bozulmaz, müdimilik bolsun» diýýändirler. Olar dostlaryñ arasynda dönükleri hem bolýandygyny entek bilýan hem däldirler. Kelläm konýagyň täsiri bilen işleýärdi. Gowusy, wagtynda bu ýerden gitmelidi. hyzmstçy gyzy çagyryp, hasaplaşdym-da, daşary çykdym. Giç öýläniň salkyn şemaly tenime başgaça bir rahat bagyşlady. Kelläm açylyp, pikirlerim aýdyňlaşan ýaly boldy. Ine, şol pursat mende Ýusuby, onuň hyýanatkär kalbyny ýaşyryp duran gözlerini bir görmek islegi döredi. Belki, bu isleg indi onuň bilen syrymy paş etmän gürleşmäge ruhy taýýarlygymyň ýeterlikdigini aňanym üçin dörändir. Galyberse-de, indi ol ozal meniň tanaýan, bilýän Ýusubym däldi. Ol bütinleý başga adamdy. Onuň başga adamdygyny men şu gün açypdym. Indi bolsa özümiň täze açyşymy oňatja synlamagy, onuň içki dünýäsi bilen daşky sypatyny deňeşdirip görmegim gerekdi. Şeýle maksat bilen awtobusa münüp, göni Ýusuplara ugradym.
Men olaryň howlusyna girenimde Gülşat suw kranyna uzyn şlangany ötürip güllere suw sepýärdi. Uly howlynyň iki ýan tarapyna ekilen dürli gülleri Gülşadyň özi yhlas bilen bejerýärdi. Onuň bar ünsi öz edýän işinde bolany üçin, meniň girenimi duýmady. Men oňa golaý baryp:
-Arma-da, Gülşat!-diýdim.
Diňe şondan soň ol gaňyrylyp seretdi-de perwaýsyz äheňde:
-Hä, geliň, bakaly- diýdi. Kömelek kebap wakasyndan soň ýanynda adamsy bolmasa, ol meni hemişe şeýle perwaýsyz garşylaýardy, Men hem oňa artykmaç hoşamat etjek bolamokdym. Emma bu sapar başga perdeden gopdum. Onuň elinden şlangany aldym-da, degişme äheňde söz gatdym:
-Gülleriň meniň elimden bir suw içsin, Gülşat, görseň, başgaça öwşün atar durar.
Ol meniň bu günki bolşumy geň görüp, ýüzüme synçylyk bilen seretdi:
-Ahmet, sen içgili ýaly-la, agzyňdanam ysy kükäp dur-diýip, ol seňrigini ýygyrdy. Men bolsa:
-Bä, içgilini anyklamaga ýaman ökde ekeniň. Öň huşagetirijide işläpmikäň öýdýän?!- diýdim.
Ol meniň bilen degişip durmaga meýliniň ýokdugyny bildirip, ýüzüni turşatdy-da, elimden şlangany aldy, soňra:
-Içeri giriber, dostuň öýde-diýdi.
-Dostumy göresim gelip gözüm çekip duranok-diýdim.
Gülşat geňirgenip gaşlaryny gerdi-de:
-Şeýlemi? Eýsem näme üçin geldiň?-diýdi.
-Kömelek kebap iýmäge geldim- diýip ardyndym. Gülşat maňa gazap bilen seretdi:
-Gaty rehimsiz adam ekeniň-diýip, ýüzüni kese sowdy. Şonda men hetdimden aşýanymy duýdum. Oňa geçen işi ýatladyp, köne ýaranyň üstüni dyrnamak näme gerek diýsene. Pikirlenip görsem, men öjümi almaly güýçli günäkäri goýup, ejiz bigünä ýapyşýan ekenim.
Şol arada içerden ýol-ýol pijamaly Ýusup çykdy. Ol maňa gözi düşenden:
-O, Ahmet! Şu gün seni gözlemedik ýerim galmady. Nirä ýitirim bolduň?- diýip, öňümden çykdy. Ony ilkinji gezek görýän ýaly, oňa içgin-içgin garadym. Onuň ýylmanak ak ýüzünden, asuda seredýän goýungözlerinden hiç zady aňyp bolmaýardy. Ol hemişekisi ýaly sowukganly hem-de hoşamaýdy. Elhepus, onuň içindäki nejislik daşyndan asla bildirenokdy. Ol ikimiziň şu gün günortan duşuşanymyza seretmän, meniň bilen elleşip görüşdi.
-Seni gözläp öýüňe-de bardym - diýip, ol içeri girip barýan aýalynyň yzyndan tizräk gidäýse, açyk gürleşerdik diýen manyda garady.
-Gözläniň üçin sag bol, dostum. Meni sen gözlemeseň, kim gözlesin, ýeke-täk howandarym sen ahyryn- diýip, onuň arkasyna kakdym. Birdenem içimiň ýangynlydygyny ol duýaýmasyn diýip, howatyrlandym. Hern-ä Ýusup sözlerimiň beýle göçgünlidigini agzymdan gelýän içginiň ysy zerarly başgaça düşündi.
-Oh-ow! Keýpiň gaty kök ýaly-la. Yşkdan serhoşmy, ýa-da şerapdan?- diýip, ol güldi. Men döşümi gaýşardyp:
-Yşkdan, dostum, yşkdan-diýdim.
-Bolubilýä, bolubilýä. Diýmek, saňa ol ýarapdyrda.
-Wah, nämesini aýdýaň, dostum. Mürçe-miýan, pisse dahan, bir apaty jan. Maňa örän ýarady.
-Özi-de gowy zat ahyry.
-Gowyň näme. Biçak üýtgeşik zat ekeni.
Soňky sözümi has göçgünli aýtdym, ýöne birneme öte geçýänimi duýup, dymanymy gowy gördüm. Ýusup bolsa ýüzüme synçylyk bilen seretdi, soňra hakykatdanam serhoş diýen netijä geldi öýdýän kellesini ýaýkap ýylgyrdy. Ol birden goýun gözlerini maňa dikdi-de:
-Näme diýsene, Ahmet-diýip ardyndy. – Häzirlikçe bu gepi Gülşadyň bilmäni gowy.
-Nämäni? Meniň öýlenýänimimi?
-Ýok, öýlenýäniňi bilibersin, Ýöne bu işe meniň goşulýanymy bilmäni makul.
-Näme üçin?- diýip, men geňirgenip soradym.
-Hm... Saňa nädip düşündirsemkäm- diýip, ol birsellem ikirjeňlendi. – Umuman, ol beýle zatlara goşulyp ýörmegi halanok.
«Näme üçin ol bu «haýyr» işini aýalyndan gizlejek bolýarka? Ýa-da asyl maksadynyň bilnip galmagyndan gorkýarmyka?» diýen pikir meniň kelläme geldi.
-Bolýar. Bilmesin diýseň, bildirmeris- diýdim.
Ol keýpi kök halda meni goltuklap, içeri girdi. Uly otagyň ortasyna goýlan stoluň başynda Gülşat oýa çümüp otyrdy. Şonda onda birhili nebsim agyrdy. Ýaňy biderek gepläp, göwnüne degenim üçin gaty puşman etdim. Biz girenden ol ýerinden turup, «geliň, geçiň» diýip, ýasama sypaýyçylyk bilen dillendi.
Ýusup aýalynyň tukatlygyny duýmadymy, ýa-da duýsada duýmadyk kişi boldumy, şadyýan äheňde gürledi:
-Heý, keýwany, dostumyzy gutlamaly boljak. Ol öýlenýär. Göwnüme bolmasa, Gülşadyň ýüzi birhili üýtgäp giden ýaly boldy. Emma şonda-da ol ýylgyran kişi bolup:
-Şeýlemi? Gutlaýan, Ahmet!-diýdi.
Oturdyk. Bir käse çaý içenimizden soň, Güşat palaw getirdi. Ýöne içgi çykarmady. Ýusup oňa birki gezek manyly seretdi. Gülşat bola äriniň garaýyşlaryna düşünmediksiräp oturyberdi. Ahyry Ýusup göwnündäkini açyk aýtmaly boldy:
-Gülşat, dostumyzyň şatlygyna bizem şärik bolmasak bolmaz. Bir çüýşe konýak getir.
Gülşat ýasama ýylgyrdy:
-Görýän weli, dostuňyň keýpi şeýle-de gaty kök ýaly-la.
-Gülşat, konýak bermeseň berme welin, ýöne meni beýle içip ýöräne saýma-diýip, men öýkeli äheňde aýtdym. Ýusup aýalyna gözüni alardyp seretdi-de:
-Gülşat oýun edýändir, Ahmet!-diýdi.
-Hawa, degişäýdim, göwnüňe getirme, Ahmet-diýip, ol äriniň sözüni tassyklady. – Häzir konýak hem bolar.
-Onuň ýaly bolsa getir konýagy- diýip men güldüm.
Özüme özüm geň galýardym Men öňler hiç haçan içgini höwes edip içemokdym. Emma häzir näme üçindir içesim gelip durdy.
Gülşat uly serwantyň bir ýerinden bir çüýşe ermeni konýagyny çykardy. Üç sany hrustal bulgur bilen ony stoluň üstünde goýýarka maňa gözüniň gytagyny aýlap goýberdi. Men bu garaýşyň manysyna şol şol bada düşündim. Ol «Görýämiň, üç sany bulgur. Seniň şatlygyňa menem goşulýan» diýdigidi.
Hakykatdanam, öňler ol beýle özara oturlyşyklar-da özi üçin bulgur getirmezdi. Äri özelenip hödür edeninde-de «Ýok içjek däl» diýip, berk durardy. Onuň bu saparky bolşuna Ýusup hem geň galdy:
-Bä, keýwany, ertir gün haýsy tarapdan dogarka?
-Haýsy tarapdan dogsa-da, men şu gün içjek. Ahmediň beýle şatlygy bolýan bolsa oňa goşulman bolmaz-diýip, Gülşat açyk ýüz bilen aýtdy. Emma onuň bu sözleriniň hem, ýüzündäki ýylgyryş alamatynyň hem aňyrsynda niçikdir bir gussanyň bardygyny ýüregim duýup durdy.
Birinji bulgury öý eýelerine söz bermän özüm aýdyp içdim. Olara-da içirdim. Ikinji bulgura nobat ýetende Ýusup:
-Rugsat bolsa, menem bir tost aýdaýyn-diýdi.
-Hawa, aýt. Dostumyzyň bagtynyň çüwmegini arzuw etmek gerek- diýip, aýaly söze goşuldy.
-Hökman, hökman...- diýip Ýusup söze başlady.- -Eziz dostum, Ahmet jan, sen meniň çagalykdan iň eý görýän dostumsyň. Maşgalaly bolalymyz bäri diňe meniň däl, maşgalamyzyň hem dosty bolduň. Şonuň üçin hem seniň bagtyň-biziň hem bagtymyz...
Ol şular ýaly, ýuwnuksyz sözleri başga-da tapdy. Eger bu sözleriň daşynyň süýjem bolsa, içiniň zäher gatyşyklydygyny bilmeýän bolsam, onda meniň dostuma hoşallygym ýene artardy. Bu taýsyz ikiýüzlilige çydap oturmak üçin elimdäki bulgury şeýle bir gysypdyryn welin, onuň gyralary aýama batyp gidipdir.
Ýusup sözüni tamamlap, bulguryny dabaraly göterdi. Men özüme zordan basalyk berip:
-Sag bol, dostum, sag bol-diýdim. Içdik. Gülşat hem bir ýuwdum içip, bulguryny stoluň üstünde goýýarka:
-Ahmet gelinligiň kimdigini-de aýtmadyň-a? – diýip, aýallara mahsus bolan bilegelsijilik bilen dillendi.
-Onuň kimdigini entek özümem bilemok- diýip, Gülşadyň ýüzüne ýylgyryp garadym: Ol geňirgenip:
Weý, bu näme diýdigiň?-diýdi.
-Adamyň kimdigini, nähilidigini bir bada bilip bolýamy näme? «Adamyň alasy içinde» diýip, biderek ýere aýtmandyrlar.
Ýusup meniň bu sözlerimden birhili üýşendi. Maňa synçylyk bilen esetdi. Ol bir zat diýmekçi bolup ardyndy. Ýöne Gülşat ondan öňürtiledi.
-Bu diýýäniň dogry, Ahmet. Ýöne men senden onuň içini däl, daşyny soradym. Özi nireden? Kimleri bar?
-Şeýle diýsene-diýip men gülümsiredim. – Niredendigi anyk. Şu şäherden. Enesi bar, atasy-da bar bolsa gerek. Ýöne äri barmy ýokmy, onçasyny bilmedim. Ýokdur çak edýän. Bolanda maňa durmuşa çykmaga razylyk bermezdi.
Gülşat häliden bäri ilkinji gezek gara çyny bilen güldi. Ýusup bolsa bu degişmäniň aňyrsynda bir syryň bardygyny aňan ýaly ynjalyksyzlanyp, yzly-yzyna ardyndy.
-Ahmet, sen se-serhoş ýaly-la, gepiň-sözüňem birhili... Gowusy, içmäni bes edäýeli- diýip, ol sen nähili görýäň diýen manyda aýalyna garady. Gülşat bolsa henizem jak-jaklap gülýärdi.
-Weý, munuň diýýänini, gyz! Äri bolsa, maňa durmuşa çykmaga razylyk bermezdi diýsene- diýip, Gülşat gülkisiniň arasynda aýtdy. Gülkiniňmi, içginiňmi täsirinden onuň gözleri bir geňsi şöhlelenip ýaňaklary bägül ýaly lowurdaýardy. Şol pursatda, meniň göwnüme bolmasa, dünýäde ondan görmegeý aýal ýokdy. Birden beýnime bir pikir geldi. «Äri bolsa maňa durmuşa çykmaga razylyk bermezdi» diýen sözleri içimden gaýtaladym. «A Gülşadyň özi nä? Ol razylyk berermidi? Diýýäniň näme? Kömelek kebaba çagyrylan günüm bu mesele aýdyň bolupdy ahyryn. Ewriko! Ýusuba mynasyp jezany tapdym!» Kellämde bu pikirler at salýarka ýüregimiň gürsüldisi barha batlanýardy. Has dogrusy, içimde bir ýowuz şeýtan dabara edýärdi. Men ýerimden tarsa turdum. Ýusup aňk-taňk bolup:
-Näme boldy-how? – diýdi.
-Özüň içmäni bes edýäs, diýmediňmi näme? Eýle bolýan bolsa men gaýtjak- diýip, özümi serhoşlyga saldym.
-Bolşuň nähili. Şu ýagdaýda nirä gitjek? – diýip, Ýusup hem ýerinden galdy. Meni oturtjak bolup çalyşdy. – Ýatyber, şu taýda.
-Ýatyp näme. Ýatjak däl! Näme meniň öz öýüm ýokmy? Aýalym bolmasa-da, öýüm bar. Öýüme gitjek- diýip, onuň elinden sypdym. – Sallahyň öýüniň hözüri ýok diýip pikir etme. Bar. Bilýäňmi, hözür nämede? Azatlykda, erkinlikde! Hiç kime garaşly bolmazlykda! Ol ýerde men özüm han, özüm soltan. Hiç kim maňa nädip ýörsüň, näme üçin içip geldiň diýenok. Islesem ýene içýän, islemesem aýdym aýdýan, islesem başga iş edýän. Sen bolsa beýle zatlary edip bilmeýäň. Sebäbi, bu öýde sen ýeke-täk hojaýyn däl. Bu ýerde goşa häkimýetlilik höküm sürýär. Belki, beýle-de däldir, belki, seniň üstüňden Gülşat höküm sürýändir...
Bir seretsem, Gülşat meniň bolşuma haýran galmak bilen gaşlaryny çytyp, gözüni menden aýyrman otyr. Men ony öňküdenem beter aňaldyp, dowam etdim :
-Bagyşla, Gülşat! Men seni öýkeletmekçi däl. Ýöne dostuma gaty haýpym gelýär, nebsim agyrýar. Ýaşlygynda, sallahlygynda nähili erjel, gaýratly, özdiýenli ýigitdi. Indi seret! Nähili bolupdyr? Ol indi seniň çyzan çyzygyňdan çykyp bilmeýän sada, mön, hatda nalajedeýin bir adama öwrülipdir. Hawa, hawa! Beýle sada adamy gündiziň güni eliňe çyra alyp gözleseňem tapmarsyň.
Soňky sözlerimiň äheňi manysyna ters gelýänini aňyp, birden dilimi dişledim.
-Ýeri, näme sem bolaýdyň? Monolgyňy dowam etdiriber – diýip, Ýusup kinaýaly dillendi.
-Besdir. Şunsy-da ýeterlik. Gaýtjagy çyny bolsa, ony ugradaý – diýip, Gülşat ärine ýüzlendi.
-Gaty gowy! Kowmasaňam gitjek, Gülşat!- diýip, men gahar bilen daşary çykdym. Meniň bilen tirkeşip çykan Ýusup halymsyran bolup gepledi.
-Bä Ahmet, gaty kesir ekeniň-aýt. Seniň beýledigiňi bilemokdym. Ýatyp gidibereniňde-de boljak ahyryn.
-Ýatjak däl, diýdimmi, ýatjak däl! – diýip, çürt-kesik aýtdym. Ol kinaýaly ýylgyrdy-da:
-Seniň beýle serhoş bolanyňy birinji gezek görşüm, Ahmet. Gaty geň zat – diýdi.
-Nämesi geň? Seniň ýaly mähriban dostumyň öýünde içip, keýip çeksem aýypmy näme? – diýip, sözlerimi sozup gepledim.
Ol meni tiziräk ugradanyny kem görmän:
-Ýok, ýok, aýyp däl- diýip, arkama kakdy.
-Hä, şeý diý. Gel, onda bir gujaklaşyp, hoşlaşaly, dostum– diýip, men ony ilki gujakladym. Soňra iki gulagyndan tutup ýüzüni özüme gönüledim.
-Waý, gulagym! Goýber! Goýber, diýýän! – diýip, ol agyrsyna çydaman özelendi. Şol mahal onuň ýüzüne tüýkürip, üstesine-de bir ýelmäp goýberesim geldi welin, ýöne özüme basalyk berdim.
. Ol bir emel bilen gulaklaryny elimden boşatdy-da, meni itip goýberdi.
-Baryp ýatan samsyk ekeniň-eý!
-Bagyşlap bilersiň, dostum. Entek kimiň samsykdygyny görübiris- diýip, men ondan daşlaşdym.
***
Men şol günüň ertesi irden oýandym. Kelläm durlananam bolsa, azrak agyrýardy. Ýöne öten agşamky özümi alyp barşym üçin çigit ýaly-da puşman edemokdym. Tersine, özümden juda razydym. Sebäbi özümi serhoşlyga salyp onuň işini görüpdim. Iň möhümi, men oňa mynasyp jezany oýlap tapypdym. Emma bu jeza hakda entek mazaly kelle döwmelidi. Ýogsa gaş bejerjek diýip, göz çykaranyň galar. Eger men ondan şeýdip öç alsam, onda Gülşat bilen Aýjemalyň ykbaly nähili bolar? Kesekiniň ykbaly bilen oýun edip bolýarmy näme?!
Şeýle pikire gidip, ertirlik edinip otyrkam, birden telefon jyňňyrdady. Çak edişime görä, bu Ýusupdy. Trubkany almaga ýaýdanyp, bir salym gymyldaman oturdym. «Ol maňa näme diýmekçikä? Öten agşamky bolşumy ýazgarmakçymyka? Ýa-da öýe aman-sag gelip ýetenligim hakynda özüniň ýasama mähribançylygyny beýan etmekçimikä?» diýip içimi gepledýärdim. Şol mahal kelläme başga pikir hem geldi:«Ýok. Ol men hakda ýasama däl-de gara çyny bilen aladalanýan bolsa gerek. Sebäbi öten agşam maňa bir zat bolaýan bolsa, onda onuň bar meýilleri puja çykardy. Şoňa görä, öten agşamky serhoşlugym zerarly meniň nähilidir bir bagtsyzlyga duçar bolmagym onuň bähbidine ters gelýärdi. Düşnikli.
Her kim öz bähbidini gözläp hereket etmeli bolýan bolsa, häzir onuň bilen tersleşmeklik, meniň üçin-de peýdaly däldi. Çünki men hem öz maksadymy üstünlikli amala aşyrmak üçin ara tow düşürmeli däldim. Trubkany göterdim. Şonuň özüdi. Ol salam-heligi-de, howlugyp:
-Alo, Ahmet, nähili? Ýagdaýlar oňatmy?-diýip sorady.
Men şähdaçyklyk bilen jogap berdim:
-Gül ýaly. Soranyň üçin sag bol , dostum.
-Beý, sen-ä meni gaty alada goýduň-ow- diýip, ol uludan dem aldy. Ýene nämedir bir zat aýtmakçy bolup ardyndy. Emma geplemedi. Göwnüme bolmasa, ol: «Saňa näme bolup ýör? Beýle içýän gylygyň ýokdu-la» diýmekçidi.
-Bagyşla, dostum- diýip, men ötünçli äheňde gürledim- Agşam birneme öteräk geçäýipdirin.
-Zyýany ýok. Ýöne...-Ol ýene sözüni soňlaman dymdy. Men:
-Ýönäň, näme? Göwnüňe degäýdimmi ýa? – diýip soradym.
-Aý, zyýany ýok. Arynyň zäherini datmadyk, balyň gadyryny näbilsin, diýenleri ýaly dostlugyň hem ajysyna-süýjüsine çydamaly bolýa – diýip, ol dilewarlyk satyp ugrady.
Menem onuň sözlerine monça bolan kişi bolup:
-Sag bol, dostum. Hakyky dost şeýle-de bolmaly. Men senden gaty minetdar- diýdim.
Şeýle äheňde ondan-mundan bir salym gürleşdik. Emma näme üçindir ol gürrüňi meniň garaşýan tarapyma sowanokdy. Aýjemal barada kelam agyz soranokdy. Soňundan gürrüňi özüm şol tarapa sowmaly boldum:
-Ýusup, indi ol işimiz nähili bolarka?
-Haýsy iş?- diýip, ol düşünmediksirän bolup sorady.
-Haýsy işdir öýdýäň. «Graf Monte Kristoly» meseläni aýdýan- diýip güldüm.
Ýusubyň birneme sesi açylyp ugrady.
-Hä, ony diýsene. Indi näme, ol iş diňe seniň gaýratyňa bagly.
-Onyň dogry. Ýöne meniň ony ilki oňatja tanasym, hüý-häsiýetine belet bolasym gelýär.
-Sen mamla. Bu işde howlukmaly däl. –Gepiniň äheňinden misil tutsaň, bu işe meniň haýal çemeleşmegim oňa ýokanokdy. – Ýöne howlukmasaň hem bolanok. Sebäbi başga biri senden öňürtiläýmegi mümkin – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
-Dogry aýdýaň. Şonuň üçin bu işde hem howlukmaly däl. Şeýle bolansoň bu tarapyna-da özüň kömekleşip goýbermeseň boljak däl öýdýän – diýip, men haýyş äheňinde aýtdym. Ol meniň haýyşymy birhili geňlän ýaly edip:
-Nähili kömek gerek?- diýdi. Men gönümden geldim.
-Eger kyn görmeseň, işden gaýdyşynyň kitaphanadan ony-da alyp, öýe taşlap geçäýseň... Men işden irräk gelip garaşyp oturaryn.
Ol sesini çykarmady. Trubkadan onuň agras dem alýany duýulýardy. Meniň soňky sözlerim oňa örän ýokuş degdi. Maňa geregi-de şoldy. Men bu sözlerim bilen onuň degnasyna dekmekçidim., gabanjaňlygyny gozgamakçydym. Aslynda, ol Aýjemaly maňa diňe kanuny aýallyga berip, özi gapdaldan oýnaş bolup galmaga razydy. Entek meniň Aýjemaly aýallyga aljak almajagym näbelli bolup duran bir wagtda ony maňa peşgeş hökmünde asla getirip beresi ýokdy. Ol:
-Sen entek öten agşamky serhoşlygyňdan açylmansyň öýdýän?- diýip hüňürdedi.
-Näme üçin beý diýýäň?- diýip, men geň galan bolup soradym. Ol gaharyna erk edip bilmän gürrüňimiziň başyndaky şertliligi-de unudyp, aç-açan gürrüňe geçdi:
-Men öz işgärime: «Ýör, seni bir dostumyň goýnuna salaýyn» diýip, nädip aýdaýyn?
-Bä, nätdiň-aýt, Ýusup. Men nämäniň pikirini edýän, sen nämäniň?- diýip, onuň gaharyny köşeşdirmäge çalyşdym. – Ahyrynda, men ir-u-giç onuň bilen gowuja tanyşmaly bolsam, munuň üçin öz öýümden arkaýyn ýeri nireden tapaýyn?
-Ol öz işiň, dostum. – Onuň äheňinden meniň niýetimiň halys ýürekdendigine ynanmanlygy bildirip durdy. – Galyberse-de bu zatlar telefon gürrüňi däl. Işe gitmeli wagt hem boldy. Hoş!
Ol trubkany goýdy. Men oýa çümdüm. «Işiňi ölçerip edeňok. Ahmet» diýip, men öz-özüme igendim. «Onuň gaharyny getirmek, degnasyna degmek nämäňe gerek. Beýtseň, wakalaryň mundan beýläkki ösüşine goltgy bermegiň ýerine, päsgel beräýmegiň mümkin. Ýeri indi nätmeli?»
Men şu sowalyma jogap tapjak bolup, günuzyn kelle döwdüm. Maksadym anykdy. Emma ony nähili ýol bilen amala aşyryp boljakdygy hakynda irginsiz pikir edýärdim. Käte pälime haý berip: «Ata-babalar: «Daş bilen urany, aş bilen ur» diýipdirler ahyryn» diýip içimi gepledýärdim. Emma dostumyň keşbi göz öňüme gelende gazap atyna atlanyp, ýene öz pikirime özüm garşy çykdym. Başga hili pikir öwürýärdim: «Ýok. Ýagşylyga ýagşylyk, ýamanlyga ýamanlyk! Eger-de biz daş bilen urany aş bilen urýan bolsak, onda ýamanlygyň tohumyny köpeltmäge şert döredip bereris. Ekin meýdanlarynda hasyla zyýan ýetirýän mör-möjeklere garşy nähili göreş alyp barylýan bolsa, durmuşda hem ýamanlygyň tohumyny guratmak üçin şeýle göreş alyp barmaly! Nejislik jogapsyz, haýynlyk jezasyz galmaly däldir!» Bu pikirim öňküsine garanda rüstemräk gelýärdi. Onuň täsiri bilen men etjek bolýan işimiň meýilnamasyny düzmäge başladym. Birini çalarak düzüp, ony öz ýanymdan makullap hem goýdum. Ýöne ony amala aşyrmak üçin Aýjemalyň kömegi gerekdi. Bu bolsa meseläniň iň çylşyrymly tarapydy. «Aýjemal meniň pikirimi goldarmyka?» diýip öz ýanymdan ikirjeňlendim. «Näme üçin goldamasyn. Ýusup bilen aralaryndaky syry maňa onuň özi açdy ahyryn...Açanda näme? Ol diňe wyždanynyň diýenini etdi. Emma ömründe menden birje gezek ýagşylyk gören aýal ömür boýy dostum bolup gelen adamyň maňa niýetlän hyýanatyna goşulmady. Şeýle, bolansoň, meniň hak işime onuň goşulaýmagy mümkin.»
Çak bilen hakykat biri-birine hemişe-de gelip durmaýar. Ony iş ýüzünde synap görmeli bolýar. Men ýüregimi bire baglap, işden irräk çykyp, Aýjemalyň işleýän kitaphanasyna bardym.
Gapynyň öňünde men kitap alyp çykyp barýan özüm ýaly bir ýigide duş geldim. Ol pälwan sypatly, görmegeý hem-de özüne gaty göwni ýetýän ýigitlerdendi. Ol menden salama garaşýan ýaly şeýle ýiti seretdi welin, oňa salam berenimi duýman galdym. Ol bolsa başyny çalaja atyp, salamymy aldy-da, geçip gitdi. Onuň beýle ulumsylygynamy ýa-da Aýjemalyň ýanyndan çykanymy meniň birneme ýüregim çişdi. Meniň ýerime Ýusup bolan bolsa gabanjaňlykdan ýarylaýjak bolardy diýip pikir etdim. Hakykatdanam Aýjemal gabanylýan aýallardandy. Ol diňe özüniň gözelligi bilen däl-de, alçaklygy, köp manyly gylyk-häsiýeti bilen hem özüne ýakyn bolan erkek adamyň gabanjaňlygyny gozgamaga ukyplydy. ". Ähtimal, Ýusup Aýjemalyň ýanyna gelip-gidip ol zeýilli ýigitlerden gabanmakdan irendir.Bir tarapy şonuň üçinmi onuň başyny bogup, özünden özgäniň eli ýetmeýän etmekçidir" diýip içimi hümletdim. Men içeri girenimde Aýjemal kitap alýan iki sany gyz bilen gürleşip durdy. Maňa gözi düşenden ol ýylgyryp salam berdi. Onuň ýylgyryşy şeýle bir enaýy, şeýle bir özüne çekijidi welin, men ony ilkinji gezek gören adam ýaly tolgunýardym. Dogrusyny aýdanda bu görk, görmeklik meni heýjana salýardy. Şol bir wagtda-da Aýjemalyň özüniň şeýle taýsyz gözelliginiň gadyryna ýetmän, tenini Ýusup ýaly adama bagyşlap ýörmegine haýpym gelýärdi. Gyzlar çykyp gidenden:
-Geliň, öýlenjek ýigit- diýip gözlerini güldürdi. – Näme beýle gaçdyňyz? Ýa-da gelinlik ýaramadymy?
Ol şu gün öten saparky Aýjemala düýbünden meňzänokdy. Ol indi meniň ilkinji gezek duşuran aýgytly, degişgen Aýjemalyň özüdi. Men ýarym çyn, ýarym degişme äheňde jogap berdim :
-Gaçamok, Aýjemal. Ine geldim. Hemme zady oýlanyşyp, ýüregimi bire baglap geldim. Indi galany saňa bagly.
-Maňa bagly? Ol näme-kä maña bagly zat?– diýip, Aýjemal gyzyklanyp sorady.
-Bu hakda arkaýyn gürleşmeli boljak- diýip, men oňa synçylyk bilen garadym - Men daşarda maşynda garaşjak, sen işiňi basymrak gutarjak bol.
Aýjemal kibtini gysyp, geňirgenip ýylgyrdy.
-Meniň iş wagtym gutardy. Häzir çykýan.
Men daşary çykdym. Ol hem kän garaşdyrmady. Men maşynymyň duran ýerine baryp yzyma seredenimde ol daşky gapyny gulplap, maňa tarap ugrady. Onuň ýörüşi-de keşbi ýaly biçak owadandy. Esli salym ondan gözümi aýyryp bilmän durdum. Şonda öz-özüme „Görýän welin, Ahmet, sen bu aýala göwünsiz däl ýaly-la“ diýdim. Ol meniň golaýyma gelip, ýüzüme soragly nazar bilen garady-da:
-Gitdikmi?- diýdi. Göwnüme bolmasa, ol diýseň tolgunýardy. Emma muny bildirmejek bolup çalyşýardy. Çaky, ol meniň näme maksat bilen gelenim bilen, nämeler diýjek bolýanym bilen gaty gyzyklanýardy. Maşyna münüp ugradyk. Ol meniň çak edişim ýaly yzky ýere däl-de, öňde meniň ýanymda oturdy. Şonda ol uludan bir demini alyp:
-Bu gezek hem benziniňiz gutaraýsa näderis? Ýene itip-itip ýörmeli bolarmyka?- diýdi.
Onuň äheňinden bu sözler ýöne bir degişme däl-de, ikimiziň hem durmuşymyzda düýpli özgeriş eden wakalary ahmyr bilen ýatlanýandygyny aňmak kyn däldi.
-Ýok. Bu gezek saňa maşyn itdirmen, Aýjemal. Ýöne bir işde maňa seniň kömegiň gerek – diýip, men gürrüňi maksadyma tarap burdum:
-Eger ol meniň elimden gelýän iş bolsa, hökman kömek ederin.
-Gelýär. Diňe seniň eliňden gelýär.
-Geň galaýmaly. Diňe meniň elimden gelýän iş nähili işkä? – diýip, Aýjemal maňa soragly nazaryny dikdi. – Häzir meni nirä alyp barýaňyz. Şol işe kömekleşdirmek üçinmi?
Ýogsa-da men nirä barmalydygy hakynda entek belli bir pikire gelmändim. Ony öýüme eltmäge nämedendir ejap edýärdim. Ýöne onuň bilen arkaýyn gepleşmek üçin bir boşlaň ýer gerekdi. Çak edişime görä, Ýusup özüniň arkaýyn gelip-gitmegi üçin Aýjemala boşlaňrak ýerden öý tapyp beren bolmaly. Diýmek, beýle ýer Aýjemalyň öz öýi bolup biler. Men şoňa yşarat edip dillendim:
-Gönimden gelsem, nirä barýanymyzy özümem bilemok. Eger mümkin bolsa ýa siziňkä ýa-da biziňkä baryp şu barada arkaýynja naslahatlaşaýsak.
Aýjemal birsalym oýa çümüp, sesini çykarman oturdy. Soňra bolsa kesgitli gepledi.
-Ýok. Biziňkä-de, sizikä-de barmak bolanok. Aýratynam meniňkä mümkin däl. Eger öý diňe arkaýyn gürleşmek üçin gerek bolsa, onda ol hökmanam däl. Islendik bir ýerde saklan, maşynda oturyp gürleşiberýäs. Biziň bilen kimiň nä işi bar.
Bu sözlerden soň Aýjemalyň maňa öýüni görkezmejekdigini aňdym. Ýöne mundan beýläkki işler üçin onuň öýüni bilip goýmagym gerekdi. Emma häzirlikçe munuň alajy ýokdy. Aýjemalyň maşynda oturyp gürleşmek hakyndaky teklibini kabul etmeli boldum.
-Örän dogry pikir. Häliden bäri meniň başym çykman gelýän meseläni sen aňsatja çözäýdiň. – Men onuň öýüni görmek niýetimiň puja çykany üçin lapymyň keç bolanyny duýdurmazlyk üçin wäşisiräp gepledim.
Maşyny saklamak üçin oňaýly ýer biziň golaýlaşyp gelýän uniwermagymyzyň öňüdi. Ol ýerde maşynlar üçin ýörite duralga hem bardy. Men maşyny şol tarapa sowdum. Duralgada maşynlar adatdakydan köpdi. Bu biziň üçin ýene-de oňaýlydy. Şunça maşynyň içinde bize hiç kim ünsem berjek däldi. Men maşyny saklap, motory söndürenimden soň Aýjemal:
-Aýdyberiň, Ahmet, iki gulagym bilen diňleýän- diýdi. Onuň sesi adatdakysyna garanda birneme sandyrap çykdy. Ol meniň diýjek bolýan zadyma sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ýüregime düwen işimiñ amala aşjagy, ýa-da, aşmajagy belli boljak wagtyň gelip ýetenine özüm hem az tolgunamokdym.
-Aýjemal – diýip, onuň göreçlerine seretdim. – Sen maňa bir zady bassyr-ýussursyz aýt. Onsoň men saňa göwnüme düwen zadymy aýdaýyn. Sen Ýusuby gowy görýäňmi?
Aýjemal ajymtyk gülümsiredi:
-Siz maňa on sekiz ýaşlylara berilýän soragy berýäňiz, Ahmet. Gowy görsemem, görmesemem men onuň bilen baglanyşykly. Siz «Gowy görmeýän bolsaň, näme üçin oňa baglandyň?» diýersiňiz. Munuň ýönekeýje, durmuş talap edýän sebäbi bar. Mätäçlik çekÿän mahalym ol maňa kömek etdi: işe aldy, ýaşamaga tünek tapyp berdi, maddy taýdan kömek etdi. Bu ýagşylyklar ýöne ýere edilmeýär ahyryn. Men olary näme bilendir gaýtarmalydym.
Onuň bilen meniň ylalaşasym gelmedi:
-Bu diýýänleriňe menem düşünýän, Aýjemal. Emma men başga bir zada düşünemok. Onuň „oýnaşyň dostuňyň öýünde bolsa has hem gowy“ diýeni bilen sen nähili razylaşdyň?
Men «söýgüliň» diýen sözi bilgeşleýin «oýnaşyň» diýip aýtdym. Emma Aýjemal oňa üns hem berenok. Ol uludan demini alyp:
-Alajym näme – diýdi. – Iň soňunda, menem ömürboýy onuň oýnaşy bolup galmagy islämok. Öz öýüm, öz ärim bolsa gowy-da.
-Elbetde, gowy. Munuň üstesine oýnaş hem bolsa, oňa ýetesi zat barmy?! – diýip kakdyrdym.
-Ýok, Ahmet. Siz aýallaryň häsiýetini bileňzok – diýip, ol ýüzüme seretmezlige çalyşdy. – Olar işi bitýänçä, ähli zada razy bolýarlar. Işi bitensoň ýagdaýa seredýärler. Eger meniň size meňzeş ärim bolsady, onda onuň ýalylara barmajygymdanam tutdurmazdym.
Aýjemal sözüniň soňunda ýüregindäkini aýdyp goýbereni üçinmi nämemi çym- gyzyl boldy. Göwnüme bolmasa, ol meni özüne öýlenmekçi, ediljek gürrüň hem şol hakda dälmikä, diýen tama bilen gelen ýalydy. Ediljek gürrüň bilen onuň örän gyzyklanýandygy, sowukganlylygyny ýitirip, tolgunýandygy hem şonuň üçin bolara çemeli. Men bolsa esasy gürrüňimi nämeden başlasamkam, diýen pikir bilen lam-jim bolup oturdym. Bu ýagdaý onuň umydyny puja çykardy.
-Bilýän. Siz meni almakçy däl – diýip, burulyp dillendi. – Erkekler ýoldaşy degen aýaly it degen tabak ýaly görýärler.
-Muňa her erkek her hili seredýär- diýip, men gürrüňi maksada tarap burdum. – Emma munuň ýaly ýagdaýda aýallar başga ýerden är gözläp ýöreninden öz aragatnaşyk edýän erkegine baraýsa akylly iş etdigi bolardy.
-Nämä kakdyrýanyňyza düşünýän - diýip, ol sähel gyjyndy.- Ýöne siz mümkin däl zady aýdýarsyňyz.
-Men kakdyramok hem-de mümkinçiligi bar zady aýdýan – diýip kesgitli gepledim.
Aýjemal maňa geňirgenip garady. Men gürrüňi aýlap oturman maksadymy göni aýtdym. Oña niýetimi jikme-jik düşündirdim. Ol sözümi gaty gyzyklanyp diňledi. Emma soňundan birhili ýaýdanjyraýan ýaly etdi. Eger ol bu işe baş goşmajak bolsa, onda "işiñ" puja çykjagy ikuçly däldi. Şol mahal men özüniñ bar baýlygyny humara goýup, ony utduraýjak gorkusy bolan humarbaz ýaly duýýardym. Hakykatdan-da bu "iş" nämesi bilendir humar oýnuna meňzeýärdi. Bardy-geldi men utduraýsam örän uly zadymy – arymy utdurjakdym. Şonuň üçin nähili ýol bilen bolsa bolsun, Aýjemaly bu işe boýun etmegim gerekdi.
-Nämeden gorkýarsyň, Aýjemal? Ýa-da bu işden soň Ýusup menden bütinleý ýüz dönderer öýdýärmiň? – diýip, men onuň ikirjeňlenýäniniň sebäbini anyklamaga çalyşdym.
-Ýok, Ahmet, tersine – diýip ol sus jogap berdi. – Şondan soň ol ähli zadyndan: aýalyndan, wezipesinden, öýünden aýrylar, maňa öýlenmäge-de mejbur bolar. Men bolsa özümi onuň boýnuna zorlap dakan ýaly bolaryn. Men ine şondan gorkýaryn.
Aýjemal barada men ýalňyşan ekenim. Ol meniň çak edişimden has beýik ekeni. Men ony Ýusup bilen şeýle aragatnaşykda bolansoň nähili ýol bilen bolsa-da oňa kanuny aýal bolup bilse, armany ýok diýip pikir edýärdim. Ýok, ol käbir ýeňleslige meýilli bolsa-da, birini mejbur edip är edinmek ýaly peslikden heder edýärdi. Ýusup bolsa ondan biderek gorkup ýören ekeni.
-Eh, Aýjemal. Saňa şeýle bir bil baglapdym. Bolmady, baryny puja çykardyň – diýip ahmyrly hüňürdedim.
Aýjemal birden özgerdi. Garaşylmadyk bir mähribanlyk bilen dillendi:
-Ahmet, men elmydama sizi ýatlanymda, eger şol adam maňa janyňy sogrup ber, diýse-de bererdim – diýip oýlanýardym. Siz maňa ýagşylyk etjek diýip maşgalaňyzdan aýryldyňyz ahyry. Bolýar. Eger siz şony isleýän bolsaňyz, men razy.
Begenjimden tas ony gujaklapdym. Oňa minnetdarlyk baryny bildirdim. Soňra Ýusuba garşy guraýan dildüwşigimiziň käbir jikme-jikleri barada şertleşip, bir çukura tüýkürdik. Şeýdip Aýjemalyň öýüne tarap ýola düşdük. Ol şäheriň çetiräginde ýaşaýan eken. Aýjemalyň aýtmagy boýunça dört gatly
jaýlardan biriniň öňünde maşyny sakladym. Maşyndan düşmezinden öň ol öýüniň salgysyny berdi:
-Ine şu ýerde. Birinji podezd, ikinji etaž, çep tarapdaky gapy. Ýatdan çykarmarsyňyz-a?
-Çykarjak gümanym barmy! – diýip begenjimden ýylgyrdym. – Ýöne gepleşişimiz ýaly maňa tizräk jaň etjek bol.
Aýjemal „bolýar“ diýen manyda gözlerini süzüp, başyny atdy-da, maşyndan çykdy.
Men işiň togsan dokuz essesi bitdi hasap edip, öýe gaýtdym. Galan bir essesi bolsa Gülşada baglydy. Eger ugruny tapyp çemeleşsem, onuň bu işden çetleşmejegine gözüm ýetýärdi.
Günler geçýär. Men Aýjemalyň jaňyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Emma Ýusubyň göwnünde-de şübhe döretmezlik üçin olaryň öýüne her gün diýen ýaly barýardym. Ony meniň Aýjemally meseledäki pikirim, niýetim gaty gyzyklandyrýardy hem ynjalykdan düşürýärdi. Göwnüme bolmasa, ony Aýjemalyň özünden alan maglumatlary kanagatlandyrmaýardy ýa-da oňa ynanmaýardy. Şonuň üçin bolsa gerek, menden içgin-içgin soraýardy, anygyny biljek bolup çalyşýardy. Men oňa „Erbet aýal däl ýaly, ýöne gylyk-häsiýetine birneme ýetik bolaýsam gowy boljak“ diýen terzde jogap berýärdim. Gülşat bolsa meniň öýlenjegim baradaky habary eşideninden bäri meniň bilen öňküsine garanda has mylakatly gepleşmäge dyrjaşýardy. Ýöne munuň ýasama mylakatlylykdygy görnüp durdy. Onuň entegem maňa göwni ýok däldi. Bu bolsa ediljek işiň oňa bagly tarapyny, wagty ýetende, amala aşyrmagyň mümkindigine mende ynam döredýärdi. Şonuň üçinem ony bu işe öňünden taýýarlamagyň geregi ýokdy. Hat-da oňa bu gepi öňünden aýtmak howplyrakdy. „Tamdyry gyzanda ýap“ diýipdirler ahyryn.
Aradan bir hepde geçip-geçmänka şol garaşylýan pursat hem gelip ýetdi. Men işden ýaňy gelip, eşiklerimi çalşyryp durkam, telefon jyňňyrdady. Trubkany göterenimden Aýjemalyň tanyş sesi eşidildi:
-Alo, boýdaş jan, bi senmi? – Onuň bu terzde gep urşunda ýanynda kimdir biriniň bardygyny aňdym. Menem sesim trubkadan daşa çykmaz ýaly ýuwaşja jogap berdim.
-Hawa, men, Aýjemal. Aýdyber.
Aýjemal iki gadyrdan boýdaşyň arasynda bolýan gürrüňiň bir bölegini ussatlyk bilen ýerine etirdi. Esasy aýdylmaly gepi soňundan diýdi:
-Seni doglan günüme çagyryp bilmän eden günämi şu gün ýuwjak. Ýoldaşyň bilen gelgin. Hawa-la, olam hökman bolar. Bu adamyň beýle oturlyşyklara wagty ýokmuşyn. Ýöne şu gün zordan boýun etdim.- Diýmek onuň ýanyndaky adam Ýusup bolmaly. – Ýok, ýok. Başga hiç bir del adam bolmaz. Siz ikiňiz, biz ikimiz. Wessalam. Hawa, şeýdip ikisini tanyşdyrarys. Eşidýärmiň, aşhanadan gelýän jyzyrdyny. Palawy onuň özi bişirýär. Hawa... Iňrik garalansoň sagat dokuzlara golaý geliberiň. Bolýar, onda garaşýas.
Ol trubkany goýdy. Ýerimden böküp turanymy duýman galdym. Özümi her näçe sowukganlylyk bilen saklajak bolsam-da, tolgunmam içime sygman ýüregimi bökdürýärdi. Sagada seretsem ýedä golaýlapdyr. Meniň ygtyýarymda iki sagatdan gowrak wagt bardy. Indiki wezipe şu wagtyň içinde Gülşady ele almalydy. Öň aýdyşym ýaly, muňa ynamym ýok däldi. Çünki meseläniň Gülşada bagly tarapyny çözmek üçin iki ýol oýlanyp goýupdym. Olaryň birinden netije çykmasa, ikinjisinden çykmalydy.Howul-hara geýinmäge başladym. «Şu gün ol öýe giç gaýtjaklygyny, ýa-da gaýtmajakdygy hakynda bir bahana tapyp Gülşada jaň edendir» diýip, içimi gepledýärdim. Birdenem kelläme: «Gülşat häzir öýde bolmasa nätjek?» diýen pikir geldi. Äriniň şu gün gelmejegini eşidensoň onuňam bir ýana gidibermegi mümkin. Eger şeýle bolsa, onda ähli işimiz pyrryk“.
Şu pikir bilen özümi bilmän telefona ýapyşdym. Trubkany Gülşadyň: «Alo, diňleýän» diýen sesini eşidenimden soň, ýüregim birneme düşüşdi. Tolgunmamy duýdurmazlyga çalşyp gürleşdim.
-Gülşat, öýde ekeniň-dä – diýdim.
-Men pahyryň barmana ýerim, batmana kölüm barmy näme – diýip Gülşat zeýrendi. – Ýogsa-da sen gitmediňmi?
-Nirä?
-Dostuň telefon edip, obada bir dostumyzyňkyd6a oturlyşyk bar. Şoňa gidýäs, diýip-dä?
-Meniň-ä habarym ýok – diýdim.
Gülşat biraz dymyp durdy-da :
-Geň galaýmaly – diýdi. Men:
-Geň galaýmaly zatlar entek öňüňde – diýenimi duýman galdym.
-Näme,näme?
-Men häzir barjak. Nämäniň, nämedigini şonda aýdaryn.
Gülşat geplemedi. Çaky, ol meniň beýle oslagsyz ýere barjak bolýanymyň sebäbini başga zatlara ýoran bolara çemeli, näme jogap berjegini bilmän dymýardy. Men «Dymmaklyk razylyk alamaty» diýen pikir bilen trubkany goýdum. Indi tizräk Gülşadyň ýanyna ýetmelidim.
Gülşatlaryň öýi howlukman gidilende-de on bäş minutlyk ýoldy. Entek wagtym ýeterlikdi. Şeýle-de bolsa, gatyrak sürüp barýan bolara çemelim, çatrykda duran Ýol gözegçisi jürlewügini çalyp, eliniň yşaraty bilen duýduryş berip galdy.
Maşynyň tizligini birneme peseltdim. Gözüm ýolda, elim rulda bolsa-da, hyýalym Gülşat bilen, soňra Ýusup bilen boljak duşuşyklary janlandyrýardy, ediljek gürrüňleri gulagymda ýaňlandyrýardy: , " lne men hä diýmän Gülşadyň ýanynda peýda boldum. Ol meni sowukganlylyk bilen garşy almaga çalyşýar. Bolsa-da, içinden tolgunýany mesaña bildiýär. Men gürrüň açýançam sabry ýetmän :
-Ahmet, eýgilikmidir?- diýýär.
-Eýgilikdir. Howatyrlanar ýaly zat ýok.
-Onda näme beýle howlukmaç geldiň?
-Howlukmaç däl, bir käse çaý içmäge geldim.
-Çaý içmäge?
-Bir käse çaý berseň besdir. Indi, barybir, kömelek kebap bişirip bermersiň. – Men şeýle diýenimde, onuň gözlerinden gazap uçgunlary syçrap:
-Bu gepi sen ikinji gezek gaýtalaýaň. Aýal maşgalanyň bir säwliginiň üstünden gaýta-gaýta gülmäge utanaňokmy?
-Utanýan, Gülşat. Özümiň sölpiligime, söliteligime utanýan.
Gülşadyň gözlerindäki gahar-gazabyň ornuny geň galyjylyk alamaty eýeleýär . Ol bir möhüm gepiň bardygyny añyp :
-Ýeri, aýdyber, Ahmet. Nämeler diýmekçi? – diýýär. Men ýürekden syzdyryp:
-Sözüme ynan, Gülşat, men kömelek kebaby biderek ýere ýatlamok. Şol günki eden akmaklygym üçin indi gaty ökünýän, puşmanym içime syganok - diýýän.
Gülşadyň ýüzünde kinaýaly ýylgyryş peýda bolýar :
-Akmaklyk däl, akyllylyk etdiň-ä, şonda.
-Şol wagt özümem şeýle pikir edipdim. Indi oýlanyp görsem, şondaky meniň bolşum tüýs akmaklyk ekeni, Gülşat.
-Şeýle eken-dä. Ýeri, indi näme etmekçi? – diýip, ol ýene şol kinaýa bilen ýylgyrýar.. Ol meni ahyrsoňy dyza çökerendirin öýdüp, içinden begenýär. Men onuň göreçlerine göni garap:
-Indi şol ýalňyşymy düzetmekçi .
Ol ýaňsa alyp ha-ha-haýlap gülýär.
-Bi, gep urşuň özüne gelinlik tapan, öýlenmekçi adamyň gepine meňzänok-la, Ahmet?!
-Gelinlik nire, zat nire. Bularyň bary seň äriňiñ hilesi ahyryn – diýip men jany ýanýan kişi bolup ýerimden turýaryn. Gülşat birden özgerýär, onuň ýüzi agaryp gidýär. Ýerinden turup, meniň garşyma gelýär.
-Ärimiň elinden hilebazlygam, başga işem gelýänini azda-kände duýýaryn. Ýöne ol saňa nähili hile edip biler, Ahmet? Ol seniň jana-jan dostuň , ahyryn?
-Dostluk mukaddes zat, Gülşat jan. Emma şeýle bir adamlaram bar, olar üçin dünýäde hiç hili mukaddes zat ýok. Äriň ana şolaryň hilinden ekeni.
-Bu nähili beýle bolýar? Düşnükliräk edip aýtsana, Ahmet. Näme gep özi?
Men onuň çigininden tutup, ýüzüne towakga bilen seredýän:
-Gülşat, dogryňy aýt. Meni gowy görýäniň çynyňmy?
Ol säginmän jogap berýär:
-Görýärdim. Indi göremok.
Onuň gözleri sözleriniň tersine oýnaklaýar. «Indi göremok» diýen sözleri bolsa
onuň ýüregi däl-de, ozal söýgüsi inkär edilen aýalyň buýsanjy bolmaly. Şonda men
ony gujaklap, bagryma basanymda-da hiç bir garşylyk görkezmejegini bilýärin. Emma men ony etmen. Meniň maksadym beýle zat däl, başga: „Häzir Ýusup özüniň keýphanasynda meslekdeş myhmanlaryna, ýagny, özi ýaly bir orramsy bilen onuň oýnaşyna garaşýar. Olaryň ýerine men bilen onuň öz aýaly goltuklaşyp girip baranda haly niçik bolarka?! Ine şuňa bir tomaşa etmeli! Munuň üçin nähili bolsa-da, Gülşady şol ýere bile barmaga boýun etmeli.
-Bolýar. Men muňa-da razy, Gülşat – diýip, men onuň «söýemok» diýenine ynanýan kişi bolýan – ýöne sen meniň bilen bir ýere barmaly, ana, şondan soň meni ýene söýjegiňe şübhe ýok.
-Nirä barmaly? – diýip,Gülşadyñ geň galmakdan ýaňa gözleri tegelenýär. Men gara çynym bilen:
-Meniň gelinligimiňkä – diýýärin.
-Seniň gelinligiňkä? – onuň dodaklary kinaýa bilen kemşerýär. – Näme üçin, ýa-da, sawçylygamy?
-Ýok, ondanam möhümräk iş üçin...
Gülşat «Näme üçin barýanymyzy ilik-döwme etmeseň gitjek däl», diýip, aýak diräp oturyberse nähili bolar? Onda syry soňuna çenli saklamak kyn düşermikä? Bolsa-da ony saklamaly. Sebäbi ol syryň nämeden ybaratdygyny bilesi gelse, elbetde, meniň bilen barmana razy bolar. «Aýallaryň ygtyýary bilesigelijiligindedir» diýipdirler. Gülşat hem gaty bilesigeliji aýal. Men onuň bu häsiýetinden peýdalanýaryn. Ol hökman razy bolar. Ine, şeýdip, hem Gülşat bilen ýola düşeris. Ýolumyzam gaty bir daş däl. Biz aýny belleşilen wagtda- sagat dokuzda şol dört gatly jaýyň öňüne gelip ýeteris. Bu iňrik garalyp, ýaňy yşyklar ýanan wagty bolar. Onsoň nätmeli? Onsoň maşyny şol podezdiň öňünde galdyryp, Gülşat bilen içe ýönelýäris. Basgançaklardan ikinji gata çykyp barýarkak, men Gülşada ruhy medet bermek üçin elinden ýuwaşja tutýaryn. Onuň eli ýüreginiň howsalasyny bildirip çalaja sandyraýar.
-Eliň titreýär-le, Gülşat. Gorkýarmyň näme?
-Ýok, ýüregim nämäň, nämedigini duýup başlady.
Ikinji gata çykyp, çep tarapdaky gapynyň jaňyny basýaryn. Ýanymda lal-jim bolup duran Gülşadyň ýüzüne seredýän: Onuň dodaklary adatdakysyndan hem gaýym gysylan, gözleri nämedendir howatyrlanan maralyň gözleri kimin bikýar. Gapy açylýar.
-Geliň, myhmanlar, giriň – diýip, Aýjemal bizi dälizde garşylaýar. Onsoň... Onsoň ol özüni nähili alyp barar? Ol bu pursata özüni bir eýýäm taýýarlan bolmaly. Şonuň üçin onda hiç bir üýtgeşiklik, aljyraňňylyk duýmarsyň. Ýöne ol boljak şermendelige güwä geçmekden gaçan ýaly bize Ýusubyň oturan otagyny ümläp görkezip, özi aşhana sümülýär. Şeýtse-de zyýany ýok. Galanyny özüm oňararyn. Iň möhümi sowukganlylyk. Ýogsa oňa aýtjak sözlerimi edil nyşana atylan ok ýaly edip diýip bilmerin...
Ine men sowukganlylyk bilen Gülşady goltuklap, içeri girýärin. Myhmany garşylamak üçin dürli nygmatdan doly stoluň aňyrsyndan turup gapa ýönelen Ýusup bize gözi düşenden aňk-taňk bolýar. Ol birsellem edil doňdurylan heýkel ýaly gatap galýar, ýüzi agyp-dönüp gidýär. Soňra hereketsiz, sessiz sahna janlanyp, diýaloglar başlanýar.
-Garaşýan myhmanyňyz, ine biz bolmaly. Nähili hezzet-hormatyňyz bolsa ediberiň.
-Nejis. Bu näme etdigiň boldy?
-Bu meniň Graf Monte Kristo boldugym, dostum. Eger meniň ýerime Grafyň özi bolan bolsa-da, seniň nykabyňy edil şeýdip ýyrtardy.
Oslanmadyk ýerden çykan bu hadysanyň düýp maňzyna entek doly göz ýetirip ýetişmedik Ýusup meniň bu sözlerimden soňra nämäniň nämedigini aňan ýaly bolýar. Onuň gözlerindäki gahar-gazabyň ýerini günäkäriň garaýşyndaky müýnlülik eýeleýär. Özüne ýigrenç bilen seredip duran Gülşadyň gözlerine gözi kaklyşanda bolsa gowşap, ýüzüni kese sowýar.
-Sen meniň günümi buladyň- diýip, ol güňlenç ses bilen dillenýär. Men oňa şeýle jogap berýärin:
- Sen öz gazan çukuryňa özüň düşdüň. Men bolsam seniň oýnaşyňa öýlenenimden aýalyňy alanymy makul gördüm.
Bu sözlerim onuň üçin ýene bir garaşylmadyk urgy. Ol gaňrylyp Gülşada garaýar.Gülşat bolsa ondan ýüzüni sowýar. Men ýoldaşymy nähili goltuklap giren bolsam, şeýdibem çykýaryn. Ine şunuň bilenem oýun gutarar...
Bir görsem, aşagymdaky maşyn ýoluň çetinde dur. Menem rula söýenip,
gymyldaman otyryn. Çaky, beýnimdäki merkezleriň biri kelläňde beýle oýlar bilen maşyn sürmek mümkin däldigini aňan bolara çemeli- hyýalymdaky wakalaryň jümmüşine girip ugranymda maşyny bir gyra çykaryp saklapdypdyr. Özümem, göýä diýersiň , bu zatlar hyýalda däl-de, hakykatda bolup geçen ýaly tolgunýaryn.
Şeýdip, ähli edilmeli işiň, aýdylmaly sözleriň zynjyry düzülipdi. Indi diňe hyýaldan herekete geçäýmek galypdy. Emma men ýerimden gozganamokdym. Meni ygtyýarymdan daşky bir güýç saklap durdy. Men içimden öz-özüme igenip balşadym: «Ýeri, Ahmet, näme işläp otyrsyň? Pylança günläp oýlanyp, «plan» düzüp, indi näme gaýratyň çatanokmy? Hany, seniň "ýagşylyga ýagşylyk, ýamanlyga ýamanlyk" diýen ýörelgä uýanyň? Ýa-da, sen daş bilen urany aş bilen urmakçymy? Heý, seni bir diýsänim».
Şu pikirler gop berip, maşyny otladym-da, Gülşatlara tarap sürdüm. Men «arym köýenden imanym köýsün» diýip, içimi gepledip barýardym. Emma olaryň öýüne golaýlanymda ýene şol ygtyýarymdan daşky güýç meni saklady. Göýä ol maňa: «Dur, Ahmet. Sen näme etmekçi bolýarsyň? Sen ýagşylyga ýagşylyk, ýamanlyga ýamanlyk, diýen bolup, peslige peslik bilen jogap berjek bolýarmyň?» diýen ýaly boldy. Soňra ol meni Aýjemala duşan şol ýatdan çykmajak gijä gaýtardy, onuň bilen şol gije edilen jedeli ýatlatdy: «Hany ýadyňa sal, Ahmet, şonda sen Aýjemalyň ahlak hakyndaky pikirlerine garşy çykyp, näme diýipdiň? Adamyň köňlünde her hili islegiň döremegi mümkin. Emma ýagşy adam adamçylyga dogry gelmeýän islegiň ýüze çykmagyna ýol bermeli däldir diýmänmidiň? Indi näme, sen özüňiň baýdak edinen bu pikiriňe garşy gitjek bolýarmyň? Ýa-da, sen şonda bu gepi ýöne bir aýal maşgalanyň öňünde özüñiň ýasama adamkärçiligiň bilen öwünmekçi bolup aýdypmydyň? Onsoñam sen Ýüsüpden ar aljak diýip, iki zenanyñ gününi bularsyñ, ahyry. Iñ ýakyn dostuny gaýgyrmadyk ol namart , gör, olaryñ başyna nä günleri salar. «Döwüşseň mert bilen döwüş, namardy kowujy bolma» diýip ata-babalar aýdyp geçipdir. Her ýeten namart bilen deň boljak bolup ýöremezler...»
Meniň içimi şeýle äheňde gepledýän güýç, ine şeýdip ygtyýarymy elimden aldy oturyberdi. Ýogsam, bir oýun gurap humardan çykjakdym. Bolmady. Şol ýerden yzyma dolanmaly boldum. Öýe gelip, özümi diwana okladym. «Be ygtyýarymybeýle elimden alan bu nähili güýç boldy?» diýip, öz ýanymdan pikir edýärdim. Oýlanyp otursam, bu güýç maňa öňden tanyş. Ol meniň ähli hereketlerime, isleglerime gözegçilik edip, durmuşda maňa hemişe ýoldaş bolup gelýän ekeni. Aýjemala duşan şol gijede-de, Gülşadyň kömelek kebaba çagyran günü-de meniň adamkärçiligimi heläkçilikden saklan şu güýç ekeni.
Men jaýyň petegine gözümi dikip, dürli oýlara çümüp esli wagtlap ýatdym. Telefon birnäçe gezek jyňňyrdady. Trubkany galdyrmadym. Sebäbi kimleriň jaň edýänini duýup ýatyrdym. Ol garaşmakdan halys iren Gülşatdy, ýa-da Aýjemaldy. Belki, ikisi-de jaň edendir...
* * *
Ahmet aga gürrüňini tamam edip, maňa ýadaw bir garaýyş bilen esetdi-de:
-Hawa, durmuşda adam ine şular ýaly wakalara-da gabat geler ekeni, inim- diýdi.
Göwnüme bolmasa, Ahmet aga gürrüňini howlugyp jemlän ýalydy. Meni wakanyň dowamy gaty gyzyklandyrýardy.
- Onsoň nähili boldy. Ahmet aga? Dostuňyz Ýusup soň siziň bilen habarlaşmadymy?
Ahmet aga biraz dymyp jogap berdi:
- Ýok. Şol gün Aýjemal hemmesini oňa aýdandyr. Onsoň ol meniň gözüme nädip görünsin?! Ýöne şol wakadan köp wagt geçmänkä Gülşat hem Ýusubyň edip ýören bar pyrryldyklaryny bilip, onuň bilen aýrylyşypdyr. «Bir-ä ýagşylyk, birem ýamanlyk ýatdan çykmaz» diýenleri ýaly şondan bäri Ýusup bilen ýüz görşemizok. Ýöne Aýjemal bilen salam-heligimiz bar. Ol hem oňat bir adam bilen durmuş gurdy.
Ahmet aganyň gürrüňi gaty täsir edeni üçinmi, nämemi, men näme diýjegimi-de bilmän otyrdym. Şol wagt bize tarap gelýän uzyn boýly, çal saçly adama gözi düşenden Ahmet aganyñ ýüzi ýagtylanyp gitdi:
- Anha, meniň dostlarymyň ýene biri gelýär – diýip, ol begenjine ýylgyrdy.
Soñy.
Reýimbaý SABYROW.
Powestler