10:27 Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa | |
YNSAP BIZDEN AÝRYLMASYN...
Hekaýalar
Özgelerden saýlanmak... Adamlaryň aňyýetiniň jümmişinde bolan iň gizlin islegleriň biri şu bolsa gerek. Ýöne, käbir ynsanlaryň jemgyýetiň ýekirýän häsiýetleri bilen saýlanjak bolmaklary gynandyryjy ýagdaý. Ynha, Sülgünem şeýle zenanlaryň biri. Dillerinden bal damyp, ýüzlerinden ýylgyryş ýagyp duran, ýöne ýüreginde "tüweleý turup, boran ýagýan” adamlardan. Emma ýaňky saýlanma diýlen zatda edil alaja ýüpüň gara sapagy ýaly, erbetlikde, onda-da aldamakda saýlanmany halaýardy. Ýalaňaç hakykaty aýtsak, aldamak Sülgünde endige öwrülipdi, ellerini hereketlendirip ynandyryjylykly gürlände adamlar onuň "düwen ýumrugyna” düşenlerini bilmän galýardylar. Ertesi güni iş salyşan adamlarynyň gargajakdyklaryndan, gözýaş dökjekdiklerinden, "il gargyşynyň Taňrynyň okydygyndan” Sülgüniň habary ýok. Sülgün ýaly adamlaryň edeni paşyp, "mäşiniň bişip” durmasy bolsa hatda onuň ýakyn joralaryny hem geň galdyrýardy. Ine bu günem Sülgün açyk goňur reňkli, çakylan garpyz çigidi ýaly süzgenekläp duran gözlerini süzüşinden özgeleriňkiden çalt işleýän hasap edýän beýnisinde özüçe atlandyrýan "täze taslamasyny” ölçeşdirip, kesişdirip gördi. Soňam sugun hamyndan tikilip, daşyna öküziň şekili çekilen goňur reňkli gapjygyny çykardy. Dynç alýan otagynyň burçunda ýerleşen ýumşak kürsä geçip, gapjygyň ýüpek sapagyny çöşläp, agzyny açyp, kürsüniň gapdalyndaky tahylyň üstüne gapjygy silkişdirdi. Onýança boş küýzä teňňe oklan ýaly şyňňyrdaşyp, ýalpyldaşyp duran zenan ýüzükleridir, ysyrgalary birbada görene "hih” diýdirýärdi. - Edil, hakyky gyzyl-da bular tüweleme, ah ýasamalyk, ýasamalyk... Sülgün şaý-seplere seredip otyryşyna kürsüniň arkasyny gaýyşdy. Soňam barmaklary bilen tahylyň üstünde ýandagyň pedesi ýaly üýşüp duran şaýlaryň içinden penjeläp, eline ilen ýüzügi alyp ýörüte reňk çalynyp, gaňrylan kirpiklerine ýakyn eltdi. Soňam gözlerini süzüp, uzyn burnunyň ujuna eltip ýüzügi ysgap gördi: - Aslynda, häzir hemme zat ýasamalaşyp barýan ýaly. Adamlaram, zatlaram. Bäh, möhürem edil özüniňki ýaly, ýasan mendä muny, hemme kişi başarmaýa bu işi. Hawa-da, "Oňaranyň ogly bolsun” diýipdirler... Sülgün beýle üýtgeşik sözleri gürläp bilşine özem geň galyp, uludan gülüp goýberdi. Boýunlarynda ýaldyraşyp duran monjuklarynyň ujyndan tutup, towlaşdyryp, tahylyň üstündäki şaýlara seredip otyrdy. Birdenem tarkyldap açylan gapynyň sesine towsup galyp, şaýlary gapjyga ýygnaşdyrdy. Oňa çenli özüni görmeseň "ýaş gyzdyr” didirýän inçejek owaz eşidildi: - Eje, öz-özüň bilen gürleşýäňmaý. Kim bar bärde şumat? Ýaýgyn eginlerinde et ýygnan, gysga aýaklaryny ýaltalyk bilen süýräp alýan, her ýörändä ördegi ýatladyp duran, sesi özüne gelişmeýän ýeke ogly Opbany gören Sülgüniň gür gaşlary maňlaýyna jemlendi: - Saňa näme kim bolanda, men saňa çörek tapmanyň pikirini edýän. Senem ynha ýatan çöpi galdyraňok, gün dogandan ýaşýança dulda otyrsyň, orta mekdebi gutaranyňa bäş ýyl boldy, belli bir işiň başyny tutup bileňok sen, ogul bolaýşyňy. - Eje, köne "heňiňe” başlama gaýrat etde, iş tapamokda, iş tapsam işlejekle, bilýäňä özüň. - Eýsem, "Ýatan öküze iým ýok” diýip eşitmediňmi sen Opby. Käwagt bir ýerlere köwşüňi süýräp giden bolup gelýäň, galan wagtam öýden çykman busup ýatyrsyň, onsoň biri saňa ynha şeýle iş bar diýip geläýermikä üstüňe. Men bazara gitdim, çöregi çeýnäp iýdirmeli boldum saňa, wah kär öwredip, gara zähmet çekdirmeli eken saňa ýaşlygyňdan, oňarmandyryn... - Gazanaryn eje, gazanaryn... Şol bir zady gaýtalap ýadan Sülgün elini bir salgap işikden çykmak bilen boldy. Onuň ýeke-ýalňyz ulaldan, körpelikden erkeledip, hiç bir "käriň azabyna” dözmedik ogly Opby ýatyp-ýatyp gyzaran gözlerini süpürişdirip, ejesiniň köwşüni geýip gapydan çykyp gidişini synlap perwaýsyzlyk bilen oturgyja gyşardy. Soňam gazan kellesini bir egnine gyşardyp ymyzgandy. ...Bazar "gyzypdy”. Tertipli ýerleşdirilen hatarlarda adyny tutan zadyň tapylýardy: mata-marlyk, altyn-kümüş, iýgi-içgi, mal-gara... Garaz bazaryň galmagalynyň arasynda Sülgüniň owadanlap daňynan elwan öýmesini eli bilen tutup, gabat gelen adamlary iteleşdirip gelişi ,,aldyrany bar ýalydy”. Ol ýöreýän ýoluna seretmän taksi awtoulaglarynyň ýanyna gelişine büdüräp gidýärdi, soňam bir zatlar diýip hüňürdäp, awtoulaglaryň durýan duralgasyna ýetip geldi. Şähere gitmek üçin hatara duran awtoulaglaryň biriniň sürüjisini çagyryp, sürüjiniň gapysyny açmagyna mähetdel täzeje ulagyň içine özüni oklady. Göräýmäge asylly türkmen maşgalasynyň beýle başagaýlygy düşýäniniň sebäbini bilmek üçin sürüji öz ýerine geçip yzyna boýnuny öwürdi: - Doganjan, eýgilikmidir? Bir zadyňyzy ýitirdiňizmi, ýa-da öýüňizdäkiler ýaranokmy?... Sülgüniň gözleri gyzardy. Süýrüden gelen giň maňlaýynda gasynlar peýda boldy, iki eli bilen ýantorbasyny gysyp otyryşyna jabjynyp, sakynyp gürledi: ---Sürüji, bol sür ulagyňy çaltrak, iki esse bahasyny töleýän. Sen näme sülçümiň-süýtmiň sorag ýagdyryp, gutarmaz bolduň. Bol, otla bu alkakmyş arabaňy. Sorag baryny berip saňa näme nirä barýanymyň gyzygy barmydyr! Sürüji ýaşuly ardynjyrap, goňur gözlerini tegeläp, äm-säm boldy. Sorag berenine ökünip, ulagyny uly ýola gönükdirdi. Soňam maňlaýynda ýerleşen aýnadan zenanyň keşbini, özüni alyp barşyny synlan, köpi gören ýaşuly sürüji:,,Şu bolşuňa keýigim, süýde däl-de, sülçä sataşmaly bolaýmasaň...” "...Pikir hakykata öwrülmek üçin döreýär” diýlen filosoflaryň ýörelgesi dogry ýaly. Bazara baryp, toý edinjek ýaş gyzy aldap, oňa ýasama gyzyl şaýlary esli bahadan satyp, yzyndan kimdir biri kowalaýan ýaly duýgy bilen ylgap awtoulaga münen Sülgüniň öýleriniň alkymynda düşüp galanyna iki gün bolmanka sülçüniň çakylygy ony aljyratman durmady. Siňek uçsa bildirjek ümsüm otagda, özüne berilýän soraglara jogap berýän Sülgün özüni arkaýyn alyp barmaga çalyşýardy. Ol barmaklarynyň erksiz sandyraýşyndanam beter eýýäm üýtgäp başlan sesiniň özüni satmagyndan gorkup ýuwaşlyk bilen, edaly gürlemäge çalyşdy: - Ýoldaş sülçi, men şol güni bazara umuman gitmedim. Uzynly güni öýümizde boldum. Bilýänsiňiz, howada şol güni bulaşyk boldy, ýagyşam damjalady. Meniň-ä yzgarçylyga aýaklarym gury agyrýar, hiç ýere çykyp bilemok onsoň. Şol günä başymam aýlanypdy, gan basyşym "oýnap durdy”... Sülgüniň her bir hereketi, gürleýiş äheňi, hatda gözlerini garşydaşyndan alyp gaçyşy hem ,,köp çarşenbäni” başyndan geçiren tejribeli sülçüniň ünsli nazaryndan sypmady. Garşysynda oturan zenandan "subutnamalaryň şasy” hasaplanan öz günäsini boýun almaklygyň çykmajakdygyna göz ýetiren sülçi pikirleriniň arasyny üzmän, Sülgüne seredip gürledi: - Siz Omar Haýýamyň meşhur sözlerini eşitdiňizmi: "...Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, ynsandyr bezegi zynaty gaşy”. Ýöne bäş günlik hasaplanýan bu dünýäniň bezegi ynsan bolsa, ynsanyň bezegi, adamy adam edýän zat nämekä? Heý bir pikirlenip gördüňizmi?! Bu soragymyza türkmen şahyry örän takyk şeýle diýýär: "...Adamzadyň mähek daşy, Ynsap bizden aýrylmasyn...” Her bir sözüni çintgäp, gözlerini garşydaşyndan aýyrmaýan sülçüniň aýdanlaryny Sülgün üns bilen diňleýärdi. Otagyň eýesiniň beýle ,,hüjümine” garaşmadyk Sülgüniň agysy tutdy, hemm edenlerini ogluny zada zar etmejek bolup edendigini, diňe ýeke balasynyň "bal günde” ýaşatmak üçin ençeme adamlary ,,çürkändigini” aýdyp berip, içini sowadasy geldi. Ýöne birden gorky duýgusy onuň endamyny jümşüldetdi. Nämede bolsa, ýekeje ogluny ýeke goýup gitmezlik üçin göreşmelidi, eden işini boýun almaly däldi. Sülçüniň ardynjyrap, söze başlamasy Sülgüniň ünsüni böldi: - Hawa, gelneje, ynsap her birimizi adam şekiline getirýän zynat. Ynha, diýeliň ömründe bir gezek durmuşa çykyp, bagtly bolmagy arzuw eden nowjuwan gyz bazara barýar, barybam, gözleriniň görejini küteldip, ençeme ýyllap keşde çeken puluna ýasama gyzyl alýar. Şeýle seretseň galpdygy bildirmeýän gyzyllara guwanyp, ellerine alyp, nika toýynda dakynmagy arzuw edip gelýän ýaş gyzyň şaýlaryny köpçüligiň içinden çykan nätanyş pyýada kakyp alyp gidýär. Biçäre gyz zaryn aglap, ykbalyna gargap hukuk goraýjy edara ýüz tutmaga mejbur bolýar. Hany, onsoň şu wakada adamy adam şekiline getirýän bezeg, zynat? Hany ynsap, hany wyždan...?! Sülçüniň sesi gaharly çykýanam bolsa, parahatdy. Onuň öz duýgularyna erk edişi, Sülgüniň ençeme aýlap pikirlenen ,,taslamasyny” şeýle parahat suratlandyryşy özüni örän akylly hasaplaýan zenany aljyratdy. Goňşularynyň bagyndan alma ogurlan çaganyň ejesiniň öňünde günäli otyryşy ýaly görnüş bilen Sülgün müýnli gözlerini garşydaşyndan pese bukup, bir nokada dikanlap seretdi. Emma, aldamakda şeýtany ýeňjek Sülgün per bermedi: - Men ýene-de bir gezek aýdýaryn. Men şol güni öýümizde boldum. Başym agyrdy... Özüniň çagyrylan wagty gelmeklige borçlydygyny boýun alyp, ajalyndan sypan guşuň ýüregi ýaly gürsüldäp duran ýüreginiň sesini biri eşidäýmesin diýip, sülçüniň otagynyň burçunda duran otyrgyçdan ýaňy ýerinden turanam şoldy welin ogly Opby iki sany ýansaklawly gapydan girdi. Onýança ýansaklawlaryň biri seslendi: "Ýoldaş sülçi, öňňünki ýaş gyzyň gyzyllaryny alyp barýarka saklanan ýigidi getirdik”... Öz "gazan çukuryna” özi bilen bile ogluny hem itekländigine düşünip galan Sülgün ýansaklawyň soňky sözlerini eşitmedi. Gözleri ümezläp, dodaklary titredi, ýantorbasyny tutup duran ellerini sandyradyp, bedenini erksiz halda ýaňyja turan oturgyjyna goýberdi. Gyýtak gözlerinden iki damja ýaş gaýtdy, gulagynda bolsa bu bolup geçýän zatlary üns bilen synlap duran sülçüniň janygyp aýdan sözleri ýaňlandy: - Ynsap bizden aýrylmasyn... | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |