YNSAP
Saçlary ýaňy çalaryp ugran garaýagyz, orta boýly, daýanykly bir kişi keselhananyň gür agaçlara basyrylyp oturan ýanýodalardan her gün irden çalarak agsaklap gezim edýärdi.
Onuň ätiýaçly basýan gadamlary, salyhatlylyk bilen aşak eglen kellesi, hat-da keselhananyň ala-mula pižamasynyň jübüsine sokulan hereketsiz elleri-de bu adamyň dabanlap geçen ömür menzilleri hakynda çuň oýlaryň girdabynda ýüzýänligine güwä geçýän ýalydy.
Indi ýarym aýa golaý wagtdan bäri onuň bilen bir palatada derdimizi paýlaşýarys. Onuň ady Ahmetdi. Ýöne hemme kişi onuň adyny hormatlap «Ahmet aga» diýip tutýardy. Aýtmaklaryna görä ol halk magaryf bölüminde işleýärdi.
Näme üçindigini bilemok welin, keselhana düşen günümden başlap, meniň ýüregimde bu adama aýratyn bir hormat duýgusy döredi. Ahmet aganyň hemmämiziň ünsümizi çeken ýene-de bir aýratynlygy- ony sorap gelýän adamlaryň yzy üzülmeýärdi. Men ozalam bir gezek näsaglap keselhana düşenimde, şu kysmy bir adam bilen bir palatada bolupdym. Aýtmaklaryna görä, ol uly wezipeli, hatyraly adamdy. Şonuň üçinem ony sorap gelýänler çenden-çakdan köpdi. Ýöne gelýänleriň birnäçesiniň ýüzünde ýaraňjaňlyga meňzeş ýakymsyz bir many bardy.
Emma Ahmet aganyň yzyndan gelýänleriň ýüzünde hiç hili ýaraňjaňlyk alamaty ýokdy. Olaryň tüýs ýürekden hal-ahwal soramaga gelen adamlardygy mese-mälim görnüp durdy.
Bir gezek Ahmet aganyň gybatyny etdiler:
-Öz-ä mendenem beter sölpi welin, diýseň gadyry bar.
-Näme, içigaraçylyk edýämiň, dost-ýary köp adam şeýle bolýandyr.
-Şol wagt palata Ahmet aganyň özi gelip girdi. Ol hiç zat eşitmedigem bolsa, biz özümizi birhili oňaýsyz duýduk. Ýaňyja ony: «Mendenem beter sölpi» diýip oturan adam özüni aklajak bolýan ýaly:
-Ahmet, aýak nädýä? Birneme gowlaşýamy?- diýip, şelaýynlyk bilen sorady.
Ahmet aga peşeneli ýüzüne gelşip duran, azajyk çal sepen murtjagazyny sypap goýberdi-de, mylaýym ýylgyrdy:
-Aý, gowlaşmasa, özünden görsün. Şu namart taýmadyk bolanlygynda menem bu taýda güýlünip ýatmazdym- diýip, ol agsaýan aýagyna urdy. Ahmet aganyň bu degişmesine gülüşdik. Şol mahal
palatanyň gapysy emaý bilen açylyp orta ýaşan, görmegeý bir aýalyň kellesi göründi.
Ahmet aga bärik bakyp oturany üçin ony görmedi. Ol aýal ýygralyk bilen içerik ätledi-de, palatadakylara ýekän-ýekän, göz aýlady. Ahmet aga gözi kaklyşanda, (ýeňsesindenem ony tanan bolmaga çemeli) ýüz-gözündäki çekinjeňligiň ýerine, şatlyk alamaty çaýyldy.
-Ahmet aga! -diýip, ol tolgunmak bilen seslendi.
Ahmet aga yzyna öwrülip seretdi-de, geň galyp, gaşlaryny gerdi:
-Aýjemal?!..Sen nireden düşdüň?
Aýal elindäki düwünçegi Ahmet aganyň golaýyndaky tumboçkanyň üstünde goýdy-da, tolgunyp dillendi:
-Sizi gatyrak nähoşlanypdyr diýip eşitdim-de, soramaga geläýdim. Tüweleme, ýagdaýyňyz oňat ýaly-la.
-Hä, hawa... Gowy-la, biderek azar edinipsiň-diýip, Ahmet aga birhili aljyran ýaly etdi. Haýran galaýmaly, mydama özüni salyhatly, sowukganly tutmagy başarýan bu adam, näme üçindir häzir aljyraňňy ýagdaýa düşdi. Hatda ol aýala oturmak üçin ýer görkezmegi-de unutdy.
-Ýeri gurgunçylykmydyr, çagalar neneň?- diýip, Ahmet aga sözüniň üstüni ýetirdi.
- Sag boluň, hemmesi oňatlyk, çagalaram ösýär.
-Ulusy näçinji klasda okaýar.
-Şu ýyl onunjyny gutarýar. Kakasy instituta saljak diýýär.
-Hä, hä, bolubilýä.
Diňe şondan soň, aýalyň, dik durany Ahmet aganyň ýadyna düşdi.
-Ih, näme aýak üstünde dursuň, Aýjemal?! Ine şu ýerde oturaý!-diýip, ol krowatynyň ýanyndaky oturgyjyň üstünde ýatan gazet-žurnallary alyp, ýassygynyň aşagynda goýdy. Aýal özi üçin boşadylan ýere geçip, ýaňy ornaşanda, Ahmet aga:
-Ýok , gowusy, ýör, daş çykaýaly, palatanyň howasy-da birhili petişräk ýaly-diýdi.
Zenanyň ýüzi nar ýaly gyzardy. Ol krowatlaryň üstünde aýaklaryny aşak sallaşyp, özüne tiňkesini dikip oturan näsaglara ötünç soraýan ýaly seretdi-de, Ahmet aga bilen tirkeşip, daşary çykdy. Olar palatadan çykanlaryndan näsaglaryň biri owurdyny pökgerdip, manny-manny etdi:
-Ine, size gerek bolsa hezillik. Ahmet aganyň şeýle oýunlary bardyr diýip, ýatsak-tursak huşumyza-da gelenokdy. Şeýle salyhatly adama beýle pynhan aragatnaşyk saklamak gelişýän zat däl. Şu mahal gelnejemiz geläýse, baý harasat gopar-da...
-Dyrnagyň aşagyndan kir gözleýän adam ekeniň-diýip, men onuň ýoknasyzlygyna gatyrgandym.-Belki, bir garyndaşydyr, tanşydyr...
-Baý, gaty sada ýigit ekeniň-ow, inim-diýip, gybatkeş jüýje-horazyňky ýaly edip boýnuny sozdy.
-Onuň nämesidigi görnüpjik dur-a.
Dogrymy aýtsam, Ahmet aganyň ol aýaly göreninden birhili aljyraňňy ýagdaýa düşenini ýatlanymda, özümiňem göwnüme güman gitmän durmady.
Şeýle-de bolsa, men ol gybatkeşiň mundan artyk ýürekbulanç sözüni eşitmezlik üçin daşary çykdym.
Keselhananyň trotuarlary asudady. Bu wagt gün guşlukdan agypdy. Ir salkynda gezim etmäge çykýan näsaglar bireýýäm palatalaryna sümülipdirler. Çolaryp galan trotuarlaryň birinden derweze tarapa eginme-egin ýöräp barýan Ahmet aga bilen ol aýala gözüm kaklyşdy. Näme üçindir mende Ahmet aga bilen bu aýalyň gatnaşygyna bolan bilesigelijilik barha artýardy. Adamyň tebigaty şeýle-dä –bir zat näçe şübheliräk bolup duýulsa, oňa bolan bilesigeljiligiň şonça güýçli bolýar. Ahmet aganyň özüm bilen arasynyň gowudygyndan peýdalanyp, ýeri gelende, bu bilesigeljiligimi kanagatlandyrmagy ýüregime düwdüm. Şeýle pursat köp garaşdyrmady. Agaçlatyñ aşagynda goýlan oturgyçlaryñ birine baryp oturanymam şoldy welin, Ahmet aga ol aýaly derwezä çenli ugradyp, göni maňa tarap gaýtdy.
-Tämiz howa çykypsyň-ow?!-diýip, ol ýanyma gelip oturdy. Onuň gözleri birhili kanagatlanmak duýgusy bilen ýanyp durdy. Ony sorap gelýän adamlaryň hiç biri-de onda beýle täsir galdyrmandy.
-Hawa, ...Daşary çykýas, içerik girýäs, garaz, eýdip-beýdip wagt geçirýäs-dä, Ahmet aga!-diýip, onuň gözlerine ýylgyryp seretdim. Ahmet aga birden tukatlandy, uludan demini alyp:
-Şeýle diýsene- diýdi. – Biz-ä wagt geçirýäs diýýäs, emma aslyýetinde, wagtyň özi uly ýolda elini göterip duran ýolagça ünsem bermän daz ýasap barýan maşyn ýaly bizi taşlap geçip barýar, inim.
-Dogry aýdýaňyz, Ahmet aga-diýdim. Onuň sözleriniň äheňinden, kalbynyň töründe uzak geçmişinden galan ýatlamalar bergiçip ýatan ýalydy. Indi onuň ýüregini dökmegi üçin bir kiçijik itergi gerekdi.
-Ahmet aga diýýän-ä, sizi sorap gelýän adamlaryň yzy üzlenok. Beýle köp dost-ýary nädip gazananyňyza biz-ä haýranlar galýas.
Ahmet aga çalaja ýylgyrdy-da:
-Balarynyň häsiýetini bilýämiň?-diýdi.-Ana, şol janawar näçe-näçe güllere gonup, bal bolýan nektar diýen maddany tapýar. Menem öz dostlarymy edil balary ýaly saýlap-seçip tapandyryn. Hakyk dostlar, ine, şunuň ýaly başyň ýassyga ýetende, ýa-da başyňa bir iş düşende belli bolýar.
Ahmet aga säginip, synçy nazarlary bilen maňa bakdy. Soňra sözüni ýene dowam etdi:
-Gepiň tümmek ýeri, ýagşy ýigit, seni meniň dostlaryma garanda-da ýaňy gelip giden aýal köpräk gyzyklandyrýan bolmaga çemeli. Sen sorap oturma. Men özüm aýdaýyn... Ol aýal meniň hiç zadymam däl! Sen nädogry güman edýäň.
-Be... nätdiňiz-aýt, Ahmet aga, men hiç zady güman edemok ahyryn- diýip, syr bildirmediksirän bolsam-da, ýüzüm lap-lap gyzyp gitdi.
-Özüňi aklap oturmagyň hajaty ýok han ogul. Men kimiň nähili pikir edýänini gözümiň gyýtagy düşenden bilmeýän bolsam, ýarym asyrlyk bu ýaşy, hiç bir manysyz ýaşandyryn-da?!
Men dogry sözüň garşysyna gidip bilmedim:
-Bagyşlaň, Ahmet aga. Adam diýen çig süýt emen-dä...
-Ine, munyň başga gep-diýip, Ahmet aga kinaýaly ýylgyrdy. – Indi ählijesini özüm gürrüň bereýin. Diňlejekmi?
- Wah, diňlejek-le.
Ahmet aga ýaňy çalaryp ugran gelşikli murtyny sypap, birsalym dymyp oturanyndan soň gürrüňe başlady.
***
Bu wakadan bäri dos-dogry ýigrimi ýyl geçipdir. Emma ony ýatlanymda göwnüme dek düýn bolup geçen ýaly. Şol döwürde men ýaňyja otuz ýaşyň bosagasyndan ätlän, syratly ýigitdim. Şol wagt hem häzirkim ýaly oblast halk magaryf bölüminde işleýärdim. Şoňa görä, raýonlara ýygy-ýygydan gidip durmaly bolýardy. Bir gün, eger ýalňyşmaýan bolsam, dekabr aýynyň ortalarydy öýdýän, oblastyň merkezinden daşrak bir ýere komandirowka iberdiler. Özümiziň täzelikde satyn alan «Moskwiç» maşynym bilen gitdim. Dogrymy aýtsam, şonda men göýä bir ýaş çagadym-da, maşyn bolsa meniň üçin bir oýnawaçdy. Entek oňat sürmäni başarmasam-da, ony uzak ýola münüp çykmagymyň sebäbi, ony çolarak ýerde hezil edip,"oýnap“ gaýtmakçydym.
Raýona gelenje günüm ähli işlerimi bitirdim. Myhmançylyga çagyran tanyş-bilişlerimden hem ötünç sorap, ýola düşdüm. «Gyşyň güni bir tutam» diýlişi ýaly men raýon merkezinden çykyp uly ýola düşýänçäm garaňky gatlyşdy. Çyralary ýakyp, gazy birsydyrgyn basyp barýardym. Asfaltlanan şa ýol maşynyň tigirleriniň aşagyndan çykyp gaçyp barýan äpet gara ýylana meňzeýärdi.
Peji işläp durany üçin, maşynyň içi gyzyp başlady. Öz tarapymdaky gapynyň aýnasyny çalaja açdym. Ýüzüme sowuk şemal çaldy. Howadan garyň ysy gelýärdi. Bir salymdan bolsa, çyralaryň yşygyna maýdalap sepeleýän gar göze ildi. Ýol daş, entek, elli kilometre golaý ýöremeli. «Öýe ýetýänçäm, ýol gaty typançak bolaýmasa ýagşy-da», diýip howatyr edýärdim. Sebäbi typançak ýolda gijesine maşyn sürmek meniň ýaly täze öwrenje üçin ýöne-möne zat däldi. Emma tebigat seniň islegiňe garap durmy näme, maýdalap ugran gar, indi petdeläp ýagmaga başlady. Adamçy düýäniň agzyndan syçran köpüge meňzäp ýere gaçýan gar şol wagtyň özünde eräp, ýoly ezip ugrady. «Heý, içigar munyň näme diýsene. Göreli bakaly, her näme-de bolsa, eýdip-beýdip, öýe ýeterin. Emma barýançam aýalymyň jany bokurdagyna geler» diýip aladalanýardym. Sebäbi Zyba süýdüň aklygyna-da müňkürlik edip, siňe syn edýän adam. Ol ähli zatdan howatyr edýärdi, diýseň howsalaçydy. Hat-da bäş ýaşlyja gyzjagazymyzyň aýagyna tomsuň jöwzasynda-da jorap bilen köwüş geýdirip goýberýärdi. Onuň bu bolşuna käte meniň gaharym gelip: «Edýäniň näme, çaganyň aýagynyň işini görýäň-ä, çykaryp zyň baryny. Goý, ýumşajyk gumda oýnasyn, aýagy hezil ediner» diýsem, «Goýaweri, kakasy, neneň çagany aýakýalaňaç daşaryk goýberip biljek. Dert aýakdan geler» diýerdi. Men oňa: «Ätiýaçlyk gowy zat, emma ony çakdan aşa edýän adam gaty ownukçyl bolýar» diýip, näler tabşyrdym. Ýöne aýdanlarym ýele sowrulýardy. Zybanyň diňe özüne muwapyk düşünjesi, içki dünýäsi bardy. Ol özüniň bir bolşy bilenem ýaşaýardy. Aramyzdaky duýgular hem öñkisi ýaly däldi. Haýran galaýmaly meňzeşlik: Adamyň ömri, onuň duýgular älemi edil çyrpynyp akýan derýa mysaly. Derýa hem başyndan aýagyna çenli hiç haçan bir tekiz akanok. Ol gözbaşynda biçak hyjuwly, akýar, gitdigiçe ýuwaşaýar, aýaga ýakynlanda bolsa, haýal akýar. Men ynsanyň ruhy äleminiň derýanyň akyşyna meňzeşdigi barada pikir öwrüp barýardym.
Birden haýran galmakdan ýaňa gözlerim şakäse ýaly tegelendi. Ýoluň edil ortarasynda başy açyk, çyplak geýnen bir aýal maşgala edil ýeri ýaryp çykan ýaly peýda boldy. Entek nämäniň-nämedigini aňymda aýlap ýetişmänkäm öz ygtyýarymdan daşary bir güýç bilen tormozy şeýle bir jan howluna basdym welin, typançak ýolda göni barýan maşyn birden keseligine öwrülip saklandy, şo mahalam gapynyň batly açylyp ýapylanyny, gapdalymdaky ýere biriniň özüni oklanyny aňdym.
-Tiziräk sür. Haýyş edýän.
Göýä harby permana boýun egýän ýaly maşyny dogrulap, ýene sürüp ugradym.
-Bagtyňyz bar eken, maşynyňyz ýoldan çykyp, tas jarlyga agdarylypdy...
Onuň sesi gaty tolgunýanlygy sebäpli sandyrap çyksa-da, örän ýakymlydy. Men özümi dürsänem bolsam, näme diýjegimi bilemokdym.
-Meniňem bagtym çüwüp, siz sataşaýdyňyz-diýip, ýoldaşym ýene dillendi.-Eger siz sataşmadyk bolanyňyzda yzymdan ýetip öldüräýmegi hem mümkindi.
Men oňa howatyrly seretdim. Ol seçelenip ýatan saçlaryny tertlpleşdirip, içini hümledip otyrdy.
-Kim sizi öldürmekçi bolýan? – diýip, bilesigeljilik bilen soradym.
-Ärim.
-Ärim?
-Hawa.
-Diýmek, öz öýüňizden gaçyp çykypsyňyz-da?!
-Hawa. Ýogsam...
Aýal bokurdagy dolup, gepläp bilmän dymdy, men häzir möňňürip goýberse gerek diýip çakladym. Emma ýalňyşan ekenim. Ol özüni derrew rastlady:
-Hawa, öldüräýmegi gaty ähtimaldy.
-Ýeri, adam öldüräýmek eşekden palan ýaly aňsatdyr öýdýäňizmi?
- Ol päliýamany siz bileňizok-da.
-Ony siziň özüňizem bilmeýän ekeniňiz-dä, ýogsam adam öldürýän adama äre çykmazdyňyz.
Gürrüňdeşim äheňimdäki kinaýany duýdumy, nätdimi, soň geplemedi. «Kime sataşdym, bi nähili aýal?» diýip, içimi gepledýärdim. «Äri näme üçin öldürjek bolýarka? Munuň özi gowy aýal bolanda ýagdaý şu derejä baryp ýetermidi?! Munuň bir «emmajygy» bolmaly. Garaz belany başyma satyn alan bolmasam ýagşydyr».
-Indi nirä barýaňyz?
Aýal uludan demini aldy:
-Näbileýin.
-Näbileýin diýmäňiz näme. Öýden çykanyňyzda ýüregiňize bir zady düwensiňiz, ahyry?
-Hiç zadam düwemok, diňe şol öýden sag-aman sypsam bolany.
-Şäherde garyndaşlaryňyz barmy?
-Ýok.
-Ene-ataňyz nirede?
-Şäherde.
-Şäherde?
-Be, size düşüner ýaly däl-le, ýaňyja şäherde hiç kimim ýok diýmediňizmi?
-Olar meni öýüne eltmeýärler. Şeýle bolansoň hiç kimiň ýokdugy-da.
-Şeýle diýseňiz-le.
-Hawa, atam öweý. Olam meni öldürmekçi bolanynda öýden gaçdym.
-Haýran galaýmaly. Häzir men hakda nähili pikir edýäňiz? «Şu adamam hem meni öldürmekçi bolaýmasyn» diýip, oýlanyp oturan-a dälsiňiz-dä?!
Aýal birden gaty gülüp goýberdi. Şeýle kyn ýagdaýa düşüp oturan adamyň beýle ýürekden joşup gülşüne haýran galyp, oňa ýiti-ýiti seretdim. Emma garaňkylykda onuň ýüzüni görüp bilmedim. «Näme üçin men beýle oýlanmaly?» diýip, ol gülkisiniň arasynda sowal berdi.
-Aýdyşyňyza görä, siziň üçin pyçak çarhlap ýören adamlar köpelip barýar. Şeýle bolansoň, menem gözüňize ganhor bolup görnemokmy?- diýip soraýan-da.
-Ýok, elbetde. Siz gowy adamsyñyz, gowy adamy bir görende bilse bolýar.
-Diýmek, siziňçe men gowy adam-da?
-Muňa çigit ýalyjagam şübhàm ýok.
-Ýeri, meniň nähili adamdygymy siz nireden bilýäňiz?
-Men muny haýsydyr bir duýgym bilen syzýan.
-Be-e... geň galaýmaly.
-Geň galar ýaly zat ýokmuka diýýän. Dogrusyny aýdanda, şeýle duýgy hemmämizde-de bar.
-Emma meniň bu duýgym siz barada hiç hili düşündiriş berenok?
-Araba münenden soň, aýdymamynam aýtmaly borsuň diýýäñiz-de. Özüm düşündiriş beräýerin.
-Bagyşlarsyňyz, men arabama mündürenim üçin düşündiriş talap edemok. Emma...
-«Emma adamyň tebigatyna bilesigelijilik diýen zat mahsus-da» diýmekçi bolýaňyzmy?
Başda men bu aýalyň osal däldigini aňypdym, bu gepden soñ ýalňyşmandygymy duýdum.
-Hawa, şeýle.
-Meniň özüm başdan-aýak gürrüň bereýinmi ýa-da siz sorag bilen meni gepletmekçimi?- diýip, ol edil köne tanşyna näzirgeýän ýaly kinaýaly gürledi. Men onuň kinaýasyny añmadyksyrap:
-Meniñ üçin tapawudy ýok- diýdim.
Ol geplemedi. Oňa seretmesem-de çala ýylgyrýanyny duýdum. Ol meniň nämäni bilmekçi bolýanyma oňat düşünipdi.
-Siz mamla- diýip, ol uludan demini aldy. --Kim hakda alada edýändigiňizi bilmäge haklysyňyz.
-Men näme alada edipdirin?
-Belki, indi edersiňiz?!.
Gözüm ýolda bolsa-da, bu sözleri aýdanynda onuň maňa assyrynlyk bilen seredýänini duýdum.
-Meň elimden näme gelsin?-diýip, men sowuk-sala jogap berdim.
-Şeýle diýseňiz-le? «Elimden näme gelsin» diýip, şähere baryp ýetenimizden soň, aýal maşgalany şu ýagdaýda köçä taşlap gitmersiňiz ,ahyry.
Men näme diýjegimi bilmän aladaly dymdym. Dogrysyny aýdanda, onuň beýle gönümelligi meni biraz aljyradypdy. Maşyna münen wagty «Bu nähili aýalka? Başyma belany satyn almadymmykam?» diýen gümanym çyn bolup barýan ýalydy. «Gowy adamy bir görenden tanasa bolýar, siz gowy adamsyňyz» diýmesiniň beýle emmajygy bar eken-dä» diýip, içimi gepledýärdim.
-Näme dymdyňyz?
«Toba, kime beýle näz edýärkä, ömründe hiç haçan görmedik, natanyş adamsynyň öňünde beýle teklip goýmaga nädip ýüzi çydaýarka?» diýip, içimden geňirgenýärdim.
-Bagyşlarsyňyz, siz meni bir ýakyn tanşyňyza meňzedýän-ä dälsiňiz-dä?-diýdim. Onuň ähli kinaýalaryna garşy ýönekeý jogap tapanyma öz ýanymdan begendim. Emma ok nyşanadan sowa geçdi. Ol meniň diýenimiň düýp manysyna düşünmedi-de, jakgyldap gülüp goýberdi. Çaga sadalygy bilen şeýle diýdi:
-Näme üçin beý diýýäňiz? Men sizi ömrümde ilkinji gezek görýän.
Onuň bilen gürrüňdeş bolalym bäri göwnüme iki hili adam bilen gürleşýän ýalydym. Olaryň biri pikir ýörediş ukybyna seredende örän pähim-parasatly, ikinjisi bolsa ýüregindäki dilinde, çaga ýaly sada. Onuň soňky sadalygy birhili ýüregimi eretdi. Hat-da, beren sowalymyň manysyny düşünmänine
begendimem. Häzir oňa hiç zat wada etmekçi dälem bolsam, sözümi «uýam» diýip başlap, onuň göwnüni göteriji hoşamaý gürlemekçi boldum. Emma gürrüňi nähili äheňde başlamalydygyny bilmek üçin ýoldaşymyň özümden uly ýa-da kiçidigini anyklamagym gerekdi. Emma garaňkyda onuň sypatyny saýgaryp bolanokdy. Şonuň üçin oňa nähiliräk äheňde ýüz tutmaklygy bilmän dymyp gelýärdim. Uzakdan şäheriň yşyklary göründi. Ýoldaşymyň ýaňy: «Aýal maşgalany köçä taşlap gitmersiňiz ahyry» diýeni indi meni çynlakaý alada goýdy. Yşyklar ýakynlaşdygysaýy aladam artýardy: «Nätmeli? Şähere ýetenimizden soň maňa azar bermäñ, maşyndan düşüň diýmelimi? Ýok, men muny aýdyp bilmen. Göni öýe eltäýsem nähili bolar? Ýok. Olam bolanok».Ýoldaşym meniň, içimi it ýyrtyp gelýäninden habarly ýaly dillendi:
-Ine, şähere-de ýakynlaşyp gelýäs.
-Hawa, öz-ä ýakyn galdy.
-Haýp... Maňa galsa, şu gijäniň garaňkylygy-da, ine şu ýolam hiç tükenmesedi...
Dogrymy aýtsam, men onuň bu isleginiň aşagynda nähili hyýallaryň basyrylgydygyny duýmadym. Şeýle-de bolsa, oňa başardygymdan wäşiräk jogap gaýtardym.
-Benziniň tükenmegi mümkin.
-Hä, elbetde. Ýöne menem gepiň gerdişine görä aýdaýdym-da. Ähli zadyň benzin ýaly ölçegli, çäklidigini bilýän-le. Hat-da adamlardaky rehim-şepagat, adamkärçilik duýgulary-da ölçegli. Olaryň hem öz menziline ýetende tükenmegi mümkin.
-Munyňyz nädogry.
-Nämeüçin nädogry bolýamyşyn? Ynha, häzir siz rehim edip, maşynyňyza mündürip gelýäňiz. Emma elmydama nätanyş adamyňyzy maşyna mündürip gezip bilmersiňiz ahyry.
-Näme diýseňizem, siziň adamyň mukaddes duýgulary hakyndaky pikirleriňiz dogry däl.
-Bilmedim-dä – diýip, ol birden tukatlandy.- Ýöne siz nähili adamkärçilikli adam bolsaňyzam, meni şu gije myhman alarsyňyz, ertir bolsa men başga ýerden pena gözlemeli borun.
Ýüregim erbet gowsunyp gitdi. Ol bu kiçijik jedelden ussatlyk bilen peýdalanyp, maksadyny açyk aýtdy. Men näme diýjegimi bilmän aljyradym, ol meniň ýagdaýymy duýan ýaly:
-Näme dymýaňyz? Ýa-da, myhman alarsyňyz diýenime gorkaýdyňyzmy? Ýogsa-da... aýalyňyz gaty gabanjaň dälmi?-diýip, ýuwaşja güldi.
-Onçasyny bilmedim, şu çaka çenli öýüme del aýal eltip göremok-diýip hümürdedim.
-Weý, muňa seret-le- --diýip, ol pyňkyryp goýberdi.- Gorkup oturmaň, özüm aýalyňyza oňat edip düşündirerin. Aýallaryň ýüregini aýallar gowy bilýändir.
Şu gepden soň, ýüregim biraz düşüşdi. «Hakykatdanam, aýallar bir-birine gowy düşünýärler, munuň özi nähili ýagdaýda sataşanyny jikme-jik gürrüň berse, Zyba-da ynanman durmaz ahyry» diýen pikire eýerip, ony öýe eltmäge içimden razy boldum. Şeýdip bu çylşyrymly mesele çözüldi. Indi ýene deslapky mesele-ýoldaşymyň nähili adamdygyny bilmek islegi dilimi gijedýärdi:
-Aýallaryň ýüregine diňe aýallar däl, oňatja gürrüň berilse erkeklerem gowy düşünýändir.
-Näme diýmekçi bolýanyňyza menem gowy düşünýän-diýip, ol uludan demini aldy.-Ýöne indi şähere geldik. Baryny gürrüň bermäge ýetişmesem gerek.
Dogrudanam, şähere gelip ýetipdik. Şu uly köçäniň soňuna baryp, saga-biziň
köçämize sowulmalydy. Galan aralygam bir kilometrden daş däldi. Indi öýe barýançak onuň kimdigini, nähili adamdygyny anyklamak mümkin däldi. Şonuň üçin artykmaç gürrüňe gümra bolman, ýolumy dowam etdirdim. Ýene-de bäş minutdan öýe bararys, kimdigini maňa aýtmasa, Zybanyň özüne aýdar ahyry- diýip, içimi gepledýärdim.
Köçämiziň başlanýan ýerine ýetenimizde maşyn birden öçüp galsa nätjek. Ýangyjy görkezýän datçige seretsem, benzin tükenipdir. «Ine saňa gerek bolsa. Oslanmadyk ýerden bolan bu işe seretsene. Bu uly köçäniň ugrunda tanyş-biliş sataşaýmasa ýagşy! Eger-de olardan biri bu ýagdaýda duranymy görüp kömege geläýse, kelle ýalaňaç, diňe bir jemреrde oturan del aýala gözi düşdügi gör, nämeler pikir eder?!» diýip howatyrlanýardym.
Adamyň ruhy ýagdaýy gaty tiz özgerýär. Birden bu biderek howsalanyň ýerine niredendir peýda bolan mertlik duýgusy eýeledi. Özümi beýle gorkaklygym, ätiýaçlygym üçin içimden ýazgarýardym. Ýoldaşym hem gürrüňiň nämededigini aňan bolmaga çemeli, degişen kişi boldy:
-Benzin tükense-de, entek sabyrymyz tükenmedi, galanja ýoly şonuň bilen alyp bolmazmyka?
-Gynansagam, sabyr diýilýän zady benzin ýerine ulanyp bolanok. Şonuň üçinem başga bir alajyny tapmaly-diýip, menem gürrüňi degişmä sowdum.
Wagt hem ýarym gijeden agypdy. Mundan soň maňa benzin beräýjek maşynyň geçjegi ikiuçlydy. Kelläme bir pikir gelip, maşyndan düşdüm. Gapyny ýapmazdan öň pikirimi ýoldaşyma aýtdym:
-Indi öýe geldik diýsegem boljak, ana görnüp dur, çep tarapdan dördünji jaý. Ýöne siz häzirlikçe bir azrak maşynda garaşyň. Men öýe baryp, egniňize geýer ýaly bir eşik getireýin. Onsoň öýe bararsyňyz. Men bolsam, goňşularyň birini çagyryp, maşyny iterip, öýe eltmesek başga alaç ýok.
Ol geplemedi. Men maşynyň gapysyny ýapyp öýe ylgadym. Derwezäniň öňüne gelip seretsem, yşyklar sönüpdir, bar ýer tüm garaňky. «Garaşyp-garaşyp ýatan bolmaga çemeli» diýip içimi gepletdim. Derwezäniň bir çetindäki jaňyň düwmesini basdym. Bir salym garaşdym, soňra yzly-yzyna birnäçe gezek basdym. Ýene garaşdym. Emma içerden ses-üýn çykmady. Öýde hiç kim ýok ýalydy. «Bä, bu nähili boldy. Zyba ukusyna beýle agyr däldi-le» diýip, içimi gepledýärkäm, kelläme birden başga pikir geldi. «Zyba öýde ýok bolsa gerek, derweze içinden däl-de, daşyndan gulplanandyr». Çakym dogry bolup çykdy. Derwezäniň gapysyny sermeläp görsem ullakan köne gulp elime buz ýaly bolup degdi. Bir ýagşysy- bu nuh eýamyndan galan gulpuň iki sany açary bolup, biri mendedi. Zybanyň pikiriçe, bu köne gülp täze çykan gulplara garanda, ygtybarlymyşyn, berkmişin. Täze gulplaryň islendigini ýaş çaga-da açyp bilýämişin. Ine, şonuň üçinem, Zyba bu gulpy atasy öýünden ýörite gidip getiripdi. Gulpy açyp, içeri girdim, dalanyñ yşygyny ýakdym. «Beý, bu nähili boldy indi» diýip, içimi gepledýärdim. Meni beýle alada goýan zat-Zybanyň nirä ýitirim bolandygy däldi. Men onuň häsiýetine gaty beletdim. Men iş saparyna gitdigim , olam oba-atasy öýüne ýumlugyberýärdi. Bu saparam şeýle edenligi ikiuçly däldi. Meni alada goýan zat başgady. Ol aýalymyň ýok wagtynda öýe keseki aýaly alyp gelmegimdi.
Bu ýagdaý maňa bagly bolmadyk pursatda ýüze çykanam bolsa, näme üçindir, özümi günäkär ýaly duýýardym. Öýe girip däliziň, garşydaky uly otagyň yşyklaryny ýakdym, soň dälize çykdym.
Ýene-de uly otaga girdim. Näme maksat bilen girip çykýanymy özümem bilmeýärdim. Uly otaga üçünji gezek girenimde ortadaky stoluň üstünde ýatan sygryň dili ýaly kagyza gözüm düşdi. Şonda Zybanyň hat ýazyp galdyranyny aňladym. Kagyzy alyp, hata göz aýladym: «Kakasy. Bardy-geldi bu gün gaýdyp geläýseň, howatyrlanyp oturma. Näme diýsene, sen gidensoň içim gysyp nätjegimi bilmän otyrkam, obadan agam maşynly geläýdi. Elinje ulag bolansoň, menem oba ejemi görüp gaýdaýyn, diýip, Maýyçkany alyp gaýdyberdim»... Hatyň yzyny okabam durmadym. «Agaň gelmedigem bolsa, bir ugruny tapyp giderdiň» diýip, hüňňürdedim-de, haty dört epläp jübüme saldym.
«Indi nätsemkäm?» diýip, içimi gepledýärdim. «Yzyndan oba baryp gaýtsammykam? Hany oňa benzin? Gijäniň bir wagty ony nireden tapjak. Bardy-geldi benzin tapylaýanda-da kyrk kilometre golaý ýere bu batgada gidip geläýmek oýunjak işdir öýdýärmiň? Bir ýerde bataýsaň nätjek»... Kelläme mundanam başga her hili hyýallar gelip, otagda bir salym huşsuz ýaly bolup durupdyryn. Birden maşynymda üşäp oturan syrly myhmanym göz öňüme gelip, dälize çykdym. Üstki egin-eşik asylýan asawaçdan özümiň köne paltomy alyp, daş çykdym. Indi men «Bu nähili boldy?» diýen öňki soragymy gaýtaladym. Onuň deregine «Aý näme bolsa, şo bolsun» diýip, samyrdap gelýärdim. Maşynyň ýanyna gelip, gapysyny açdym-da, elimdäki paltony ýoldaşymyň öňüne okladym.
-Şuny geýäýmeseňiz, başga zat tapmadym.
Ol çalt geýnip maşyndan çykdy.
-Ýörüň, sizi öýe elteýin. Soňra goňşularyň birini turuzyp gelerin.
-Bimahal çagy goňşulary bimaza etmek nämä gerek. Eger güýjüňiz ýetmese, bir çetiräk çykyň,
özüm itekläp eltäýerin- diýip, ol güldi.
-Sizem bimahal wagty oýnuňyzy goýuň, ýörüň tizräk!-diýip hüňňürdedim.
-Men oýun edemok, gara çynym- diýdi-de ol gapyny açyp, bir eli bilen ruly tutup, egni bilenem maşyny itekläp başlady. Menem maşynyň yzyna geçip, bar güýjüm bilen itdim welin, ol ýuwaş-ýuwaşdan tigirlenip ugrady.
Şeýdip, biz itenek-de- çomanak bolşup maşyny derwezeden içeri saldyk. Men derwezäni bekläp, ýoldaşyma «Içerik giriberiň» diýip, ýüzlenmekçi bolup seretdim. Ol gapynyň öňünde, yşygyň aşagynda meniň hereketlerimi synlap durdy. Ine, şonda, men onuň keşbini ilkinji gezek anyk gördümem welin aňkam aşyp, duran ýerimde doňup galdym. Elhepus! Men şu ömrümde beýle owadan aýal maşgala sataşmandym. Birhili oraşan düýş görýän ýaly hopukdym. Haýran galaýmaly ýeri-de, onuň gözi-gaşy biziň gündogarda owadanlygyň nyşanasy diýip ykrar edilen şar gara reňkde däldi. Ýaňy ýigrim bäşlerine gadam uran ýewropalylara çalymdaş bu mele gelniň bütin durky, kaddy-kamaty, ýüzi-gözi gözelligiň nusgasy hökmünde döredilen gadymy grek heýkellerine çalym edýärdi. Ol meniň özüne birhili aňkarlyp seredip duranymyň sebäbini aňan ýaly çalaja ýylgyrdy-da:
-Gelnejem uklap ýatyr öýdýän?!-diýdi. Men:
-Ol öýde ýok ekeni- diýip, dogrusyny aýtmaly boldum. Şonda sesim özümiňkä meňzemän gitdi.
-Ýok ekeni? – diýip, ol geň galmak bilen sorady.
-Hawa, onuň barynyň-ýogunyň bize peýda-zyýany ýok- diýip, men batyrgaý gürledim. Zenan kinaýaly ýylgyryp, synçy nazaryny dikdi. Men bu garaýşyň manysyna düşündim. Ol:
-Sallahlygyňyzy ýolda aýdaýan bolsaňyzam hiç zat üýtgemezdi- diýdi.
-Ýok-la, men sallah däl. Aýalymyň öýde ýoklugy bulam bir tötänlik- diýip hüňňürdedim.
Zenan ýyldyz dek lowurdap duran gözlerini süzüp güldi:
-Tötänlik diýseňiz-le, beýle tötänlikler tiz-tizden bolup durýan bolmaga çemeli.
Men onuň «tötänlik» sözüni aýalymyň öýde ýoklugy baradamy, ýa-da, öýe keseki aýaly getirenim baradamy, garaz, haýsy manyda diýenini bilmedim. Şonuň üçin onuň bu sowalyny jogapsyz galdyryp, sypaýylyk bilen öýe mürehet etdim :
-Hany içeri gireliň, bu ýerde üşäýdiňiz öýdýän.
Men ony yzyma tirkäp, myhman garşylanýan uly otaga alyp bardym. Haýran galaýmaly. Oňa bolan öňki şübheli garaýşymyň ýerine indi hormata meňzeş bir duýgy eýeledi. Munuň sebäbi düşnüklidi. Gözellik indi özüniň güýjüni görkezýärdi. Oňa seretdigim saýyn bu deňsiz-taýsyz kämil görküň öňünde özümi barha ejiz duýýardym. Pikir edip görsem, bu meniň ygtyýarymdan daşarydaky ýagdaýdy. Sebäbi ynsanyýet özüni bileninden bäri, gözellige mukaddes zat hökmünde sežde edip gelýär. Aýratynam, ynsanyň keşbinde ýüze çykan gözellik jilwesi, ynsanyň özüni tebigatyň döreden başga ähli gözelliklerine garanda-da köpräk ýesir edip gelýär. Bu hökmürowan güýç häzir meniň üstümdenem agalyk edýärdi.
Öý-ä ýyljak eken, indi bu toý lybasyny çykaraýsamam boljak – diýip, ol meniň köne paltomy egninden alyp elime berdi. Onuñ egninde ýewropça biçüwli mele reñkli köýnegiiniñ üstünden geýen , endamyna ýapyşyp, özüne gelşip duran, maýda dokalan ýukarak gyzyl jemperi bardy. Men paltony eltip dalizdäki asawaçdan asyp, dolanyp otaga girenimde ol henizem stoluň ýanynda aýak üstünde durdy. Töwerek-daşyny otlukly gözlerini aýlaýardy. Myhmanhana hökmünde ulanylýan bu otag aýalymyň islegine laýyk edip, birneme köne modada bezelendi. Garşydaky diwaryň ýarysyny eýeläp duran ulakan serwantda dürli gap-çanak, çäýnek-käse, üsti-üstüne münderlenip ýatyrdy. Howly tarapa bakýan penjirä gyzyl ýüpek matadan perde tutulandy. Bu otagdan äpişgesi köçä seredýän çaklaňja ýatylýan jaýa girilýärdi. Onuň iki ganatly aýnabent gapysyndan üsti ýumşak düşekli goşa krowat görnüp durdy. Ol ýere nazary düşen myhmanymyñ birden ýüzi gamaşdy. Ol birhili agyr oýuň aşagynda galan ýalydy. Şeýle-de bolsa, egnindäki gyzyl jemper onuň gyrmyzy ýaňaklaryny hasam gül reňkine girizipdi. Depesinde ikuç aýlap goýan garadan goňra ýakyn saçlaryndan al ýaňaklara seçelenip düşen tarlary şu tapda onuň keşbini perişan görkezýärdi.
-Näme aýak üstünde dursuňyz, otursaňyzlaň, Men häzir çaý goýjak.
-Çaý diýýäňizmi?- diýip, maňa seredeninde öňki tukatlygy aýrylyp, gözlerinde bir ýeserje uçgun ýylpyldady, birhili kinaýaly ýaly ýylgyryp:
-Çaýdan başga içilýän zadyňyz ýokmudy? - diýdi.
Men özümi birhili oňaýsyz duýdum. Myhmanyň göwnündäkisini beýle aç-açan aýtmagy onuň häsiýetiniň aýal maşgala gelişmejek taraplaryna şaýatlyk edýärdi. Emma men oňa sypaýylyk bilen jogap berdim.:
-Tapylaýmagy mümkin, seredip göreli, az-owlak içseňiz sowuklama peýda eder.
Ol inçe biline ellerini diräp, assa-ýuwaş maňa ýakynlaşdy. Ondan şeýle bir ýakymly ys kükedi welin, muňa başym aýlanyp, ýüregim endiräp gitdi. Bu ys hiç bir atyryň ysyna meňzemeýärdi. Eger gözelligiň ysy bolýan bolsa, şonuň özüdi. Men garşymda duran gözelligi hem görüş, hem ys biliş agzalarym arkaly duýýardym.
-Az-owlak içilse sowuklana peýda edýär diýseňizläň?!- diýip, ol ýaňsyly äheňde gürledi. – Näme köpräk içmek mümkin dälmi?
Beýle diýmek bilen ol kartyny açyp taşlan oýunçydan ugur alan ýaly etdi. Indi menem oýny açyk oýnabersem bolman durjak däldi. Emma ynsabym muňa ýol bermedi:
-Bagyşlarsyňyz, men köp içmegi halamok.
Ol maňa «Baý, arzyňy artdyrýaň-ow» diýen ýaly gaňrylyp seretdi-de, baryp diwanda oturdy.
Men aşhana baryp çaý goýdum. Sowadyjydan gowrulan eti alyp, gantdyr çörek bilen stola goýdum.
-Ynha, bary bilen bazar eýläberýäs- diýip, ýene-de aşhana gitdim. Çaý gaýnaýança şol ýerde garaşanymy kem görmedim. Beýnimde her hili pikirler at salýardy. Şeýle görmegeý gözeliň özüni beýle gadyrsyz tutmagy meni gaty geň galdyrýardy.
Çaý demläp eltdim. Ol diwanda meniň hereketlerimi synlap ümsüm otyrdy. Men serwantdan bir çüýşe konýak alyp stolda goýdum.
-Hany, çaýyň başyna geçiň, hormatly myhman.
Ol gelip garşymda otyrdy. Çäýnegi öňüne çekip, çaýy gaýtarýarka ýuwaşja dillendi:
-Bagyşlaň, sizi azara goýaýdym öýdýän.
-Aý, ýok-la, azary bolmaz-diýip, oňa siňe seretdim-de, konýagy elime aldym. Ol kellesini ýaýkap:
-Eger özüňiz içmeseňiz açyp oturmaň. Men içjek däl-diýdi.
-Näme üçin? Ýaňyja dür saçyşyňyz başgaçady-la- diýip, degşen kişi boldum. Ol:
-Aý, men-ä degşip aýdaýdym- diýdi. Soňra boş käsä çaý guýup, maňa uzadýarka, - Siziň adyňyz näme? - diýip sorady.
-Ahmet.
-Meniňki Aýjemal.
Şeýdip onuň bilen tanyşdyk. Emma indi onuň kimiň maşgalasydygyny, aňyrsynyň kimlerdendigini soramaga dilim baranokdy. Aýjemal çaý içip oturşyna maňa assyrynlyk bilen seredýärdi. Ýaňyja onuň näz-kereşmeden doly humarly gözlerinde, indi bolsa çagalaryňky ýaly ýöne bir bilesigelijilikden başga many ýokdy.
-Ahmet, siz bagtlymy?
Garaşylmadyk ýerden berlen, çagaňka meňzeş bu sada soraga şol pursadyň özünde jogap gaýtarmak aňsat däldi. Sebäbi bu hakda meniň özümem çynlakaý pikir edip görmändim.
-Bilmedim, bagtly bolsam gerek-diýdim.
-Bagtly bolsam gerek, diýmäňiz näme? Muny özüňizem anyk bilmeýän ekeniňiz-dä. Öň öýlenipmidiňiz?
-Ýak, aldyňow. Sen meni hakykatdanam sallah öýdýän bolmaga çemeli-diýip, men birden «sizden» «sene» geçenimi bilmän galdym.
-Häzir öýde ýok, diýsene- diýip, ol hem senlik ýöňkemä geçip, ýaňsyly güldi. – Meniň bilen «gizlenpeçek» oýnap oturmak näme gerek? Bir gije müň gije däl, «sallah ekeniň meni alaý» diýip, boýnuňdan asylmaryn, gorkma.
-Sen gaty ýalňyşýarsyň, uýam.
Sözümiň äheňimi ýa-da «uýam» diýen sözümmi, oňa düýbünden başgaça täsir etdi. Maňa synçy nazary bilen garap, ýuwaşja dillendi.
-Bagyşlaň!
Indi men öz nobatymda oňa sowallar berip, bilesigelijiligimi kanagatlandyrmagym mümkindi.
-Ýeri, Aýjemal, özüň nähili pikir edýäň, özüňi bagtsyz saýaňmy?
-Ýok, näme üçin men özümi bagtsyz saýmalymyşym?- diýip, maňa göni seretdi. - Bagt diýilýän zada her kim özüçe düşünýär.
-Sen nähili düşünýärsiň?
-Ahmet, özüň-ä sowatly, düşünjeli adama meňzeýäň. Beýle zatlary maňa garanda ýüz esse gowurak bilýänsiň-le.
-Men seniň pikiriňi bilmek isleýärin.
-Seniň pikiriňi? Meniň bu hakda hiç hili üýtgeşik pikirim ýok. Ýöne men şu halyma seretmezden «waý, gara maňlaýym, men nähili bagtsyz» diýip ýörýänlerden däl. Ine, şu gün seniň öýüňde başpena tapdym. Şunuň özi meniň üçin kiçijik bagt, eger ýolda sen sataşmadyk bolsaň, bir bagtsyzlygyň üstünden baraýmagym mümkindi.
Ol şeýle diýdi-de, gamgyn ýylgyryp, maňa gözüni süzüp seretdi.
-Diýmek, bagtyň çüwüp, men duşaýypdyryn-da?!
-Hawa.
-Sen häli ýolda-da şeýleräk manyda bir söz diýipdiň, Aýjemal.
Aýjemal meniň sypaýylyk bilen diýen bu sözlerimiň äheňindäki «Indi aýdyp berjek dälmi, näme bolanny» diýen manyny şol bada aňdy.
-Hä, sen sataşmadyk bolsaň, ärim yzymdan ýetip, öldüräýmegi mümkin, diýipdim. Düşünýän. Seni «Äriň biderek ýere öldürmekçi däldir» diýen sorag gyzyklandyrýan bolmaga çemeli.
Men geplemedim. Emma ol meniň dymyp oturşymda «Hawa, elbetde» diýen manynyň bardygyny düşündi. Uludan demini alyp, hasratly äheňde söze başlady.
-Meniň ykbalym birneme çylşyrymly. Täleýiň ters bolsa, şeýle bolýandyr-da. Iki gezek äre çykdym, birinjisi menden gaçyp gitdi. Ikinjisinden, ine özüm gaçdym.
Ol oýurganyp dymdy. Men gürrüňiň dowamyny eşitmek üçin ýerliksizrägem bolsa sorag berdim:
-Häzirkiden seni öldürmekçi bolany üçin gaçypsyň. Ää... öňkiň senden näme üçin gaçdy, ýa-da, senem ony öldürmekçi bolduňmy?
Aýjemal dertli ýylgyrdy.
-Ýok, men ony janymdan-da artyk söýýärdim. Ol meniň söýgimiň ýüküni göterip bilmän gaçdy.
-Gaty geň zat, söýgüden-de adam gaçarmy?
-Söýgi diýilýäni-de her hili bolýan ekeni, soň pikir öwrüp görsem, men oňa söýgim bilen azar baryny beripdirin. Men ony duzagyma ildiren guşum ýaly saklajak bolup çalşypdyryn. – Ol şeýle diýip aşaky dodagyny dişledi, soňra maňa müýnli seredip, sözüni dowam etdirdi. –Ol ajaýyp ýigitdi. Duldegşir goňşy bolup ýaşaýardyk. Öweý atam onuň bilen aragatnaşyk edenimi duýup, şeýle bir gazaba mündi welin, eger gaçyp gitmedik bolsak ikimizi-de soýardy.
-Bä, haýyp,.. janyňy howp astynda goýup, gowşan kişiňden aýyrylypsyň-da
-Alajyň näme. Durmuşda garaşylmadyk zatlar bolaýan ekeni. Kän kitap okadym. Emma durmuşdaky wakalar kitaplardakydan hasam çylşyrymly ekeni. «Gazma düşersiň, ýakma bişersiň» diýenleri ýaly, bu ärim maňa edil özümiň öňki ärime görkezen günümi görkezip başlady. Hetden aşa gabanýardy. Söýmedigiň gabansa-da gaty ýokuş degýän ekeni.
-Söýmedik bolsaň näme üçin bardyň?
-Täsin sorag berýäň, dünýädäki hemme kişiler söýşüp durmuş gurýandyr öýdýäňmi?... Seniň özüň aýalayňy söýýämiň?
-Men ony söýüp aldym.
-Ýalan aýdýaň. Öz aýalyny söýýän adam keseki aýala beýdip işdämen seretmeýär.
Men çym-gyzyl boldum.
-Bagyşlaň, men şeýdip seredýänmi? Göwnüňe alma, men ýöne bir...
Ol şoh gülki bilen sözümi böldi.
-Özüňi aklap oturmagyň hajaty ýok, dogrymy aýtsam, maňa şeýdip seretmedik bolsaň, göwnüme alardym.
Men gürrüňi başga tarapa sowmaga çalyşdym.
-Sen-ä sygan aýallary ýaly ýaman dilewar ekeniň Aýjemal. Sygan-a dälsiň-dä?
-Sygan bolup çykaýsam nätjek?- diýip, ol gözlerini mekirlik bilen güldürdi.
-Tapawudy ýok, sen kimem bolsaň meniň myhmanymsyň.
Ol ýeserlik bilen seretdi-de :
-Tapawudy ýok, bir sapar syganam bolsa-da bolýar, diýsene - diýdi.
Ýüzüm birden gyzyp, çym-gyzyl boldy, geplemän aýak üstüne galdym. Aljyrap nätjegimi bilmän, entek ýarysy-da içilmedik çäýnegi alyp, aşhana çykdym. Ol ýerde biraz oýlanmaga pursat bardy. Kelläm özüne çekiji jadynyň täsirinden daşyrakda parasatlyrak işlejek ýalydy.«Janlarym, bu niçik ahwalat boldy? Kime duşdum? Bu ýagdaýdan sag-aman sypaýsam är boldugym...»
Emma şol bir wagtyň özünde meni näbelli bir güýç onuň ýanyna itekleýärdi. Dogrusy, onuň bilen gürrüň edip otyrkam men özümi üýtgeşik bir syrly dünýäde ýüzüp ýören ýaly duýýardym.
Gazda gaýnap duran çaýdan elimdäki çäýnegiň üstüni doldurdym. Dolanyp otaga girenimde, özümde her niçik jadynyň güýjüne-de garşylyk görkezip biljek güýjüň bardygyny syzdym.
-Ine gyzgyn çaý getirdim.
Men mümkingadar özümi sypaýy hem salyhatly tutmaga çalyşýardym.
-Sag boluň, men bu gyzgyn çaýyňyzdan öňürti bir owurt konýak içenimi kem görmedim. Isleseň senem içäý-diýip, Aýjemal garaşylmadyk bir resmi äheň bilen gürledi. Seredip görsem, ortadaky konýak açylypdyr. Meniň öňümdäki bulgur doly. Özüniň öňündäkiniň bolsa içilendigi bulguryň düýbünde galan konýagyň galyndysy aýdyp durdy. Men oňa geňirgenip seretdim :
-Ýaňyja içjek däl diýipdiň-ä?
-Indi bolsa birugsat içipsiň diýýäňizmi?
-Ýok gürrüň rugsatda däl, orta çykarylan zadyň rugsady, birugsady bolmaz. Ýöne gönimden gelsem, men-ä saňa düşünemok, Aýjemal.
-Bu ýerde düşünmez ýaly şeýle bir çylşyrymly zat ýog-a. Ýaňy içesim gelenokdy, indi içesim geldi. Şonuň üçinem içdim. Görýäňizmi, adamyň ähli edýän hereketi onuň islegine bagly.
-Bä, gaty geň pikir- diýip, men oňa ýazgaryjy nazar bilen garadym. Onuň bu sözüni ýüze çykyp barýan gelşiksiz ýagdaýy düzetmek üçin peýdalanjak bolup çalyşdym :
-Eger özüň aýtmyşlaýyn, ähli hereketlerimiz isleglerimize bagly bolýan bolsa, onda isleglerimiz bizi nä küýlere salmazdy. Hatda ahlaksyzlyga-da baş urdurardy.
Aýjemal birden jakgyldap gülüp goýberdi. Ol şeýle şowhunly güldi welin, meniň bütin endamymda garynja ýörän ýaly boldy. Ol gülküsini bes edip, ýanyp duran owadan gözlerini meniň gözlerime dikdi.
-Ahyrsoňy seniň nämeden gorkýanyň belli boldy- diýip ol ýene-de güldi.
-Men nämeden gorkýamyşym?- diýip geňirgenip soradym. Dogrymy aýtsam, onuň näme diýmekçi bolýanyna birbada göz ýetirip bilmedim. Ol maňa ýaşajyk çaga seredýän ýaly hossarsyrap garady-da, şeýle diýdi:
-Häliden bäri meniň güman edip oturan zadym dogry bolup çykdy. Seniň gorkýan zadyň – ahlaksyzlyk.
-Hawa, dogry, sen näme ondan gorkaňokmy?
-Ýok.
-Ýok?
-Ýok, gorkamok, men ony ýigrenýän.
Men ýeňillik bilen dem aldym.
-Onuň ikisi-de bir zat ahyryn.
-Bagyşlarsyňyz, bir zat däl, gorkmak bilen ýigrenmek düýbünden başga duýgular.
Men ýylgyryp kellämi ýaýkadym.
-Bä, sen-ä gyly kyrk bölýänlerden ekeniň. Dogry, gorkmak bilen ýigrenmek sözleriniň manysy elbetde, başga-başga, ýöne men ikimiziňem ahlaksyzlyga bolan garaýşymyzyň meňzeşdigini aýtdym.
Aýjemal başyny ýaýkady:
-Ýok, gynansaňyzam meňzeş däl. Bir zatdan gorkmaklyk ondan ejizligi, ýigrenmeklik bolsa güýçlüligi bildirýär. Şeýle dälmi näme? Bir işi etmekden gorkýan adam, etmişiniň äşgär bolmajagyna gözi ýetse, ony edýär. Emma beýle işi ýigrenýän adam bolsa, ony hiç haçan etmeýär.
Aýjemalyň pikir öwrümleri logiki taýdan gaty berkdi. Şonuň üçinem onuň garşysyna gitmek kyn düşýärdi. Şeýle bolansoň, men onuň pikirini bir taraplaýyn bolsa-da, ykrar etmekden özge çäre tapmadym.
-Sen mamla, Aýjemal. Emma ol diýýänleriň maňa dahylly ýeri ýok.
Aýjemal ýeňiji nazar bilen seredip mylaýym ýylgyrdy.
-Näme üçin ýokmuşyn? Ýaňyja özüň «gorkýan» diýip, boýun aldyň ahyryn.
-Ýöne meniň gorkym bütinleý başga zatdan.
-Nämeden?
-Men sen aýtmyşlaýyn, etmişimiň äşgär bolmagyndan däl, öz wyždanymdan gorkýan.
Aýjemal ýüzüme seredip, birsalym dymyp oturdy. Soňra nazaryny başga tarapa sowup dillendi:
-Şeýle diýseňiz-le. Häli adamyň islegi hakynda gürrüň edenimizde, «Eger isleglerimize gulak asýan bolsak, onda islegler bizi ne küýlere salmazdy, hat-da her hili ahlaksyzlyklara baş urdurardy» diýmänmidiň? Ýeri, onda seniň göwnüňde ahlaksyzlyk etmek hakynda isleg döräninde wyždanyň nirde bolýar?
Ol meni aljyradyp barýardy.
-Sen gepi bulaşdyrýaň, Aýjemal- diýip, men gürrüňi başga tarapa sowmaga çalyşdym.
-Bulaşdyrýan däldirin, Ahmet. Men dogrusyny diýýän. Has dogrusyny diýsem, göwünde yhlas bilen dörän islegleri nämedendir gorkup amala aşyrmazlyk ahlaklylygy bildirmeýär.
-Diýmek, seniň pikiriňçe, göwnümiz nämäni islese, haýyrmy, şermi, edibermeli eken-dä- diýip, men birneme özümi ele aldym.
Aýjemal meniň gyzýanymy geňläpmi ýa-da sözlerime pisindi oturmanmy, kinaýaly ýylgyrdy.
-Ozaly bilen, ýagşy köňülde ýaman islegler döremeýär, Ahmet. Eger döreýän bolsa, onda seniň özüň ýaman adamsyň.
-Adamlaryň ýagşy-ýamany içki isleglerine däl-de, daşky hereketlerine garap kesgitlenilýär,aýym!-diýip, men gahar gatyşykly sesime bat berdim. Aýjemal hem menden pes oturmady:
-Adamlaryň daşky hereketleri olaryň içki isleglerinden gelip çykýandyr, ýagşy ýigit!
Men ýerimden turup, otagy bir aýlanyp çykdym, soňra onuň garşysyna gelip aýak çekdim-de:
-Bu gepiň umuman, dogry-diýdim. - Emma gowy adam özüniň ähli isleglerine ygtyýar bermeli däldir. Ol özüne erk edip bilmelidir. Seniň özüň hem janly adamsyň, Aýjemal. Seniň göwnüňde-de ýol berip bolmaýan islegleriň döremegi mümkin ahyryn, şeýle dälmi?
Aýjemal çalaja ýylgyryp bada-bat jogap berdi:
-Meniň göwnümde hiç haçan adam öldürmek, ogurlyk etmek, biriniň öýüne ot bermek ýaly ýowuz islegler döränok, Ahmet. Eger meniň göwnümde adamyň tebigatyndan gelip çykýan haýsy-da bolsa bir isleg döräýse, eger-de, men onuň ýürekden çykýan islegdigine göz ýetirsem, onuň käbir şertli düşünjelerimize ters gelýändigine garamazdan, ony amala aşyrmakdan gorkup oturmaryn.
Men aşaky dodagymy dişläp, näme diýjegimi bilmän, ýüzümi kesä sowdum. Ol bolsa sözleriniň mende nähili täsir galdyrandygyny bilmekçi bolup, synçy nazaryny menden aýyrman otyrdy. Aýal maşgala ýüzüňe şeýdip seredip otyrka, gözleriňi ondan gizlejek bolmagam bir gelşiksiz. Şonuň üçin menem merdemsiräp, oňa tiňkämi dikdim. Indi biz söz bilen däl, göreçlerimiz arkaly jedelleşýärdik. Onuň synçy nazary maňa göýä şeýle diýýärdi:
«Hany aýt, durmuş isleglere ymtylmakdan ybarat dälmi, ahyryn? Senem erkek kişisiň, seniňem meýilleriňi bilýän. Hawa, hawa, eýsem näme meniň jemalyma beýle meýmiräp seredýäň?! Seredişiňe seredýäň welin, emma göwnüňde dörän islegiñiň äşgär bolmagyndan gorkýarsyň. Sebäbi senem köpçülige meňzäp, bir wagtlar adamlar tarapyndan adat edilen şertli düşünjelere ters gelýän işi etmäge milt edip bilmeýärsiň».
Belki, bu göreçler başga zat diýýändir, belki, men ýalňyşýandyryn. Gönümden
gelsem, şol pursatda bu aýal meniň üçin düşünip aňyrsyna ýetip bolmajak bir düýpsüz dünýä ýalydy. Ol özüniň ajaýyp gözelligi, gönümelligi, erjelligi, pikir öwrümleriniň biçak nepisligi, şol bir wagtyň özünde-de ýeňleslige meýliniň ýok däldigi bilen köp gyranly gymmat bahaly daşa meňzäp, dürli reňkde öwşün atýardy. Men bu gyranlaryň reňbe-reň öwüşginine gözüm gamaşyp, daşyň bütewi şekilini anyklamakdan entek ejizdim.
Aýjemal ýerinden turup, ýuwaş ädimläp, howla bakýan penjiräniň öňüne bardy. Onuň perdesini çalaja galdyryp, daşaryk seretdi.
-Tüm garaňky gije...- diýip, öz-özüne aýdaýan ýaly güňlenç ses bilen dillendi. Ol şol durşuna esli wagt dymdy. Ol hatda häzir otagda meniň bardygymy-da unudan ýalydy.
-Aýjemal, belki, ýatyp dynjyňy alarsyň, ýadansyň?- diýip, men bu oňaýsyz ümsümligi bozdum. Aýjemal maňa tarap öwrüldi. Onuň ýüz keşbine gözüm düşüp, geň galmakdan ýaňa içimi çekenimi duýman galdym. Häzir onuň ýüzünde oýnap duran öňki wagtyhoşlukdan, gözlerindäki duýgy uçgunyndan nam-nyşan galmandy. Onuň tutuş keşbi birhili perişan görünýärdi.
-Kakam pahyr ýadyma düşdi. Ony ýatlanymda hemişe tukatlanýan- diýip, Aýjemal gamgyn dillendi. – Seniň nämäňdir kakama meňzeýär. Ýok, daşky sypatyň däl. Içki dünýäňizde birhili meňzeşlik bar ýaly. Ol örän görmegeý adamdy. Göwnüme bolmasa, ol işden geleninde öýümiz dolup, ýagtylyp giden ýaly bolýardy. O döwürde öýümiz gelim-gidimli, şagalaňly öýdi. Dost-ýary köpdi. Ejem bilen biri-birini gaty sylaýardylar. Men onuň iller ýaly: «Eý, heleý» diýip, gygyranyny hiç haçan eşidemok. Men on-oniki ýaşlarymdaka-da olar ýaňy duşuşyp ýören aşyk-magşuklar ýaly bolup oturýardylar. Men maşgalada ýeke çagadym. Ol meni juda eý görýärdi. Ol maňa «Sen meniň aý ýaly gyzym. Şonuň üçinem seniň adyňa Aýjemal dakdym» diýerdi. Hiç bir oslanmadyk wagty, ine şeýle adamdam aýryldyk. Ol tarpa-taýyn aradan çykdy. Onuň yzyndan menem ölerin, ýa dälirärin öýdüpdim. Ýok, hiç zadam bolmady. Bitmejek ýara, aýrylmajak agyry bolmaz ekeni. Wagt ejemem, menem köşeşdirdi. Şol arada ejem birhili özgerdi. Özüne timar berip başlady. Işinden gijiräk gaýdýan boldy. Günleriň birinde yzyna bir adamy tirkäp öýe geldi. Meni howla alyp çykdy-da: «Gyzym, indi şu adam seniň kakaň bolar. Onuň bilen mylaýym gürleş“ diýdi. Meniň gözümiň öňi ümezläp gitdi. Duran ýerimde doňup galdym. Bir haýukdan özüme gelip: «Ýok! Ol hiç haçan meniň kakam bolup bilmez! Indi senem meniň ejem däl!» diýip gygyrdym. Ejem meni gujaklap aglady. «Men nädeýin, gyzym. Biziň täleýimiz şeýle bolsa nätjek“ diýip, meni köşeşdirjek boldy. Emma men onuň göz ýaşyna-da, sözlerine-de ynanmadym. Şunuň bilen mende wepa, söýgi diýen zatlar hakyndaky düşünje-de özgerdi. Göwnüme dünýäde hiç bir mukaddes zat galmadyk ýaly bolup göründi. Indi oýlanyp oturýan- oturýan-da: «Meniň häsiýetime, ana şol wakalar biçak güýçli täsir eden bolsa gerek» diýip, oýlaýaryn.
(dowamy bar)..
Powestler