22:16 You speak English? | |
YOU SPEAK ENGLISH?
Türkmen dili
Kän-kän tejribeleriñ görkezişi ýaly döwlet dilinden daşgaryn azyndan bir halkara dili kabul eden ýurtlar halkyna ylmyñ möhüm ugurlaryny açyp berýär. Akşýa Saksena, "Los Angeles Review of Books" žurnalynda Hindistanyñ garaşsyzlygyndan soñ hemmeleriñ ýeke-täk bir dili saýlap almaly bolandygyny ýazýar: iñlis dili. Ýokary okuw jaýlarynyñ, ylmy-barlag institutlarynyñ, hususanam progresiñ dili iñlis dilidir. Lukman, aklawjy, inžener bolmak üçin hökman iñlis dilini bilmeli. Intelligensiýa we ýokary gatlaklar iñlis dilinde gürleýär. Şeýle ýagdaý ilkibaşda Liwan, Müsür, Siriýa, Yrak ýaly arap ýurtlarynda-da gaýtalandy. "Barhat" (mahmal) jemgyýetiñ dili iñlisçs bilen bir hatarda fransuzçady. Müsürde birgiden gatlak italýan, grek, iñlis dillerinde gürleýärdi. Aýratynam ýokary gatlagyñ dili fransuzçady. Taha Hüseýin ýaly birtopar progressiw alymlar kolonializmiñ soñuna nokat goýlandan soñ dilleri janlandyrmaga synanyşdylar. Emma kese ýerli jemgyýetleriñ köpçülikleýin göçhä-göçlügi beýleki dilleriñ ýeke-ýekeden ýitip-ýok bolup gitmegine sebäp boldy. Ýöne iñlis dili söwda we iş gatnaşyklarynda ulanylýan dil bolansoñ, belli bir derejede saklanyp galdy. Täsiriniñ ep-esli gowşandygyna garamazdan fransuz dili frankofon ýurtlarynda häzirem güýjüni saklaýar. Okuw programmasy, gazet-žurnallar, ýazyjylar syýasy, söwda we medeni alyş-çalşyklardan gözbaş alýar. Emma "lingua franca", ýagny, umumy dil iñlis dili boldy. Birnäçe ýyl öñ fransuz konsullygyna gidenimde, ýüz tutup gelýänleriñ işini añsatlaşdyrmak üçin diwarlardaky ähli bildirişleriñ we ýazgylaryñ iñlis dilinde goýlandygyny görüp geñ galypdym. Nakylda aýdylşy ýaly, "Dil - akyldyr". Siriýa "araplaşdyrmagyñ" ýetjek derejesine ýetende, Magryp ýurtlary munuñ düýpgöter tersine hereket edip zyýan çekdi. Gürleýän dillerine iki dilden daşgaryn fransuz dilini goşdular. Fransuz täsiri Fransiýada her bir ugurda durnukly Magryp barlygyndan ötri Liwandakydan has çuñ we giñden ýaýran. Kän-kän tejribeleriñ görkezişi ýaly döwlet dilinden daşgaryn azyndan bir halkara dili kabul eden ýurtlar halkyna ylmyñ möhüm ugurlaryny açyp berýär. Hindistan muña mysal. Ol häzir iñ ösen ýurtlaryñ deñine ýetdi. Ysraýylam şeýle. Silikon dünýäsinde ABŞ-dan soñ ikinji ýerde durýar. Emma ibrany dilinde däl, iñlis dili bilen. Dünýäniñ iñ saldamly, owadan we sada dilleriniñ biri bolan, emma ulanylyşy ýurdunyñ çäginden we Nýu-Ýorkuñ käbir raýonlaryndan aşmaýan italýan, rus ýa-da hytaý dilleriniñ däl-de, iñlis diliniñ ýene ençeme ýyllap halkara gepleşik dili bolup galjakdygy gutulgysyz hakykat. Akşýa Saksena Awtor Akşýa Saksena, Mahatma Gandiniñ iñlisçäni kolonializmiñ dili hökmünde ret edilmegini öñe sürendigini aýdýar. Emma iñlis diliniñ beýleki alty resmi diliñ hemmesinden has köp tapawutlylyklary we tutujylygy aradan aýyrýan dildigine göz ýetirildi. Indi sosial mediýa Twitterde iñlisçe sözleri ýalñyş ýazýan ýyldyzlaryñ üstünden gülýär. Şol bir ýagdaýda aryflaram beýleki ugurlarda jahyllary ýañsylaýar we olara "iñlis-hindili" diýýär. Semir ATAULLAH. Liwanly žurnalist. Anna, 29.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |