17:37 Yrak türkmenleriniñ folklor mirasy | |
YRAK TÜRKMENLERINIÑ FOLKLOR MIRASY Ata-babalaryndan galan gymmatly miras hökmünde aňynda ýaşap, gitdigiçe baýlaşyp, sünnälenip, timarlanan folklor eserleriniň gönezligini, daşary ýurtlarda ýerleşip galan türkmenleriň ata-babalarynyň, ene-mamalarynyň ata ýurtdan gidenlerinde hakydalary arkaly alyp gidendigi hemmä mälim hakykat. Olar ýurt tutunan ýerlerine kem-kemden uýgunlaşsalar-da, ata Watan elmydama olaryň aňynda bolupdyr. Olar özleriniň ýadynda galan eserlerini geljekki nesillerine ýetirmek, nesilden-nesile geçirmek üçin çalşypdyrlar, öz çagalaryna öwredipdirler, olar hem öz gezeklerinde nesillerine geçirmegiň hötdesinden gelipdirler, şeýle hem, täze-täze folklor eserlerini-de döredipdirler. Halkyň döreden dürdäne eserleri kalbyňdaky gam-gussany egismegiň, aýralyk dagyny çekmegi ýeňilleşdirmegiň, dynç almagyň, kalbyňy rahatlandyrmagyň gymmatly çeşmesine öwrülipdir. Edil beýleki ýerlerde ýaşaýan türkmenleriň döredijiliginde bolşy ýaly, Yrakda ýaşaýan türkmenleriň hem baý folklor mirasynyň esasy bölegi ata Watana bolan söýgini ýüze çykarmaklyga hem-de durmuşyň esasy temasy bolan yşk-söýgi meselesine bagyşlanandyr. Şeýle hem, öwüt-ündew häsiýetli, uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan täsin nusgalardan ybaratdyr. Watan, yşk-söýgi baradaky hoýrat –baýatylar Bu bentde gabat gelýän “Birleş gardaşlaryňa” diýen setirleri okanyňda, olaryň ata Watana birleşmek, ýakynlaşmak arzuwlarynyň gursaklarynda elmydama möwç urandygyny duýmak bolýar. “Ýükselmek” gadymdan gelýän şireli, owazly türki sözlerden, “beýgelmek” manysynda ulanylýar. Şular ýaly bentleri yrak türkmenleriniň folklor eserleriniň arasyndan isledigiňçe tapmagyň mümkinligi gözlegleri dowam etdirdigiňçe, has aýyl-çaýyl bolýar. Tam üstünde tamymyz, diyen türkmen monjugatdysy Kerkukda şeýleräk ýaňlanyar: Damdan dama damymyz, Türkmenleriň has köp ýaşaýan ýerleri bolan Kerkukda bu hili bentlere “hoýratlar” diyilyär. Bu hili bentleriň arasynda söýgi hoýratlary hem, başga mazmundaky, agy häsiýetli bentler hem gabat gelýär. Mysal alnan bentlerde diňe ses üýtgeşmeleri bolaýmasa, başga tapawut ýok diýen ýaly. Beýle bentler bolsa sanardan kän. Bu hili bentler ata Watandan göçülip gidilende ata-babalaryň, gepe çeper, dilewar ene-mamalaryň hakydalary bilen alyp gidip, nesillerine gowşuran bentleri bolsa gerek. Edil şu setirlerden dörän bent türkmen monjugatdylarynyň arasynda-da bar. Yrak türkmenleriniň döreden hoýratlaryna häsiýetli aýratynlygyň biri-de, olarda ýer-ýurt atlarynyň köp ulanylmagydyr. Olar, esasan, öz ýaşaýan ýerleriniň atlarydyr. Hurmatyda üzüm bar, Bagdat ýoly Genjedi, Biziň pikirimizçe, şular ýaly obalaryň atlary, şäher atlary agzalýan bentler, elbetde, ol ýurtlarda ýerleşenlerinden soň dörän bolmaly. Bu bentlerde öz ýaşaýan, doglan ýerleri hakda gürrüň edilýän ýaly, çünki, ynsanyň göbek ganynyň daman ýeri eýýäm onuň Watanyna öwrülýär diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Hanakaň biziň bolsun, “Hanaka” sözi geçmişimizde pirleriň, danalaryň hanakasy (ýaşaýan, din bilen meşgullanýan ýerleri, öýi) hökmünde giňden ulanylypdyr. Yrak türkmenlerin folklor setirlerinde hut şu günem gabat gelýär. Sona kölde bir ýüzdi, Galanyň bujagynda, Mysal alnan bentler çeperçilik taýdan şeýle kämil derejelere ýetipdir. Düşnüksiz sözler hem gabat gelenok, bentleriň köpüsi şular ýaly düşnükli setirler, diňe käbir sözlerde goşulma aýratynlyklary duşýar, bu hili goşulmalar ýerli türkmenleriň şiwe gepleşiklerinde hem duş gelýär. Mysal alnan ikinji bent bolsa türkmen monjugatdylarynyň arasynda şol durşuna diýen ýaly gabat gelýär. Täze dörän bentleri bolsa many-mazmunyndan aňlabermeli. ● Arzylar gider, Gambar – Arzylar gider. Bu setirlere “Gurt çagasyndan ekdi bolmaz” diýen türkmen halk nakylynyň manysy siňipdir. ”Arzy –Gambar” dessanyň gahrymanlary hem bu ýerde agzalýar. Şeýle bentler yrak türkmenlerinde hoýratlar atlandyrylsa-da, käbirleri türkmen monjugatdylaryny, agylaryny ýatladyp dur, diýmek, hoýratlar yrak türkmenleriniň folklor baýlygynda maýda şahyrana žanrlaryň ençemesini öz içinde jemleýän bolmaly. ● Ýüzde bir, Bu bendi ünsli okasaň, türkmenleriň wepaly dostluk baradaky nakyllary hakydaňa gelýär. Türkmen halkynda “Donuň täzesi, dostuň könesi” diýen nakyl bar. Kerkuk türkmenlerinde “köne” sözüne derek gadymy türki “esgi” sözi ulanylýar. Bir bendi mysal alalyň: Esgisini, Elbetde, türkmen halky dostuň könesini dostlukda taplanan, kimdigini bildiren hasaplaýar. Şonuň üçin-de parasatly pederlerimiz “Dost başyňa iş düşende tanalar” diýýändirler. Bu bentdäki “Babanyň ýoluny tut” diýen setirler bolsa Magtymguly Pyragynyň “Bu dünýade her kim gezer bir hile, ýörgün ata-baba ýorigen ýola” diýen pähime öwrülen setirleri bilen manydaş. Bu setirleri okanyňda türkmeniň meşhur “Gorkut ata” eposy ýadyňa düşýär, bir mysal: ”Bir gün hanyň öýünde oguz begleri ýygnandylar. Egrek olaryň üstleriunden basyp, töre geçmek isledi. Oguz ilinde Tersuzamyş diýen bir ýigit bardy. Aýdar: Kebaby köz öldürer, Ýa-da: Gül ýarasy, Türkmen halky ýörgünli ulanylýan nakyllarynyň birinde “Geçme, namart köprüsinden, goý, aparsyn sil seni” diýýär. Yragyň türkmenler ýaşaýan esasy şäheri bolan Kerkukda bu nakyl hoýrat bendine siňdirilipdir: Sübsäni, Hemedanda talaň bar, Ýerli türkmenlerde bu mysal alnan bendiň edil şuňa meňzeş gabat gelýäni hem bar, az-kem üýtgeşmä sezewar bolan nusgasy hem duşýar: Türkmen bagşylary halk aýdymlaryny aýdanlarynda, ýörite aýdyma täsirlilik berýän sanawaçlary aýdym tamamlanandan soňra, bentleriň yzyna tirkäp aýdýarlar. Mysal üçin: “Agalar men gurdy gördüm, ýar ýerinden turdy gördüm, men aglaman, kim aglasyn, ýarym göçen ýurdy gordüm” diýen ýaly setirler. Bu hili goşmaça aýdylýan setirlere folklory öwreniş ylmynda aýdym sanawaçlary diýilýär. Merhum bagşy Agamyrat Ýagmyrowyň aýdym sanawaçlarynyň arasynda şeýle setirleri diňlemek miýesser boldy: “Men nadeýin gendeýem, bir täleýsiz bendeýem, uwasyz baýguş kimin, günde bir Watandaýam”. Aýdym sanawaçlarynda sanalan bu setirlere kerkuk hoýratlarynyň arasynda şeýleräk görnüşde gabat gelindi: Bilmirem ne demdeýem, “Ýuwa” sözi ata Watandaky türkmenlerde “uwa” görnüşinde gepleşik dilinde gabat gelip, “höwürtge”,’hin”, “ketek, “öý“ manysyndadyr. Käbirleri hut şu günlerde-de özara gepleşip otyrkalar, “Haý, uwasy daganlar-a”, “Pylanyň-a halys uwasy dagapdyr” diýen ýaly söz düzümlerini “öýi daganlar” manysynda ulanýarlar. Bu bolsa bu sözüň gadymy türkmen sözüdigine şaýatlyk edýär. Bu irki döwürlerden bäri halk içinde ulanylyp gelen söz dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde oguzlaryň arasyndan toplanan söz hökmünde “uýa” görnüşinde ýatlanylýar. Bu daglar uly daglar, Bular ýaly bentleri biz türkmen halk döredijiliginiň agy, läle, monjugatdy ýaly žanrlarynyň arasyndan isledigimizçe tapyp bileris. Hatda durşy bilen meňzeşleri hem bar. Bu hili setirleriň köpüsi Watandan aýralygyň zaryny çekýän bentlerdir, şeýle hem yşk-söýgi baradadyr. Bu dagda, Azerbaýjanda neşir edilen “Kerkük baýatylary” atly kitap bilen tanyşmak bolsa iki halkyň baýatylarynyň tapawudyny birneme aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Kerkuk baýatylary hoýratlar bilen garym-gatym, şol bir bent hoýratlaryň arasynda-da, baýatylaryň arasynda-da duş gelýär, bu bentlere zarynlyk häsiýetli, azerbaýjan baýatylary bolsa, esasan, yşk-söýginiň waspyny ýetirýär. Käbir bentleri türkmen monjugatdylaryna örän ýakyn, hatda setirme-setir gaýtalanýar diýen ýaly. Bu ýagdaý, elbetde, goňşuçylyk gatnaşyklary, folklor ýordumlarynyň göçme häsiýete eýedigi bilen baglylykda ýüze çykan bolsa gerek. Birki bent mysala ýüzleneliň: Suw geler lüle-lüle, Türkmen monjugatdylarynyň arasynda many taýdan beýle ýakyn bentler sanardan kän, ýokarky bende kybapdaş ýeke bendi mysal almak bilen çäklenmekçi: Suw akar lüle-lüle, Ata ýurtdaky türkmenler bilen şeýle many meňzeşligi gabat gelýän bolsa, has ýakyn aragatnaşykda bolup, goňşuçylykda ýaşaýan halklaryň folklor baýlygynyň arasyndaky meňzeşlikleriň bolmagy tebigy ýagdaýdyr. Elbetde, azerbaýjan baýatylary bilen yrak türkmenleriniň baýatylaryny tapawutlandyrmak üçin iki halkyň hem arasynda bolup, düýpli iş alyp barmak zerurlygy döreýär. Şu agzalan bir oýnam setirden ybarat bolan yrak türkmenleriniň baýaty-hoýratlarynda hem, elbetde, yşk-söýginiň waspy kemlik edenok, ýöne şol bentlere täsin çeperçilik hem-de duýgurlyk bilen yzarlanyňda duýup bolýan gam-gussa häsiýetli. • Ýar gözünden. Al sürme, ýar gözünden. Armydym bag içinde, Şu mysal alnan bentleriň çeper gurluşy baýaty-hoýratlaryň özboluşly bolup çykmagyna sebäp bolupdyr. Aý çykar, uzak düşer, Yrak türkmenlerinde şular ýaly adaty dört setirli baýatylardyr hoýratlar hem kän. Bu ýönekeý bentlerde ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň sansyz pent-nesihatlary jemlenipdir. Özleri çeper goşgy setirleri bolsa-da, öwüt berijilik babatda atalar sözüdir nakyllary ýada salýan bu hili bentler yrak türkmenleriniň döredijiliginde ep-esli orun tutýar, özi-de many-mazmuny boýunça ata Watandaky bentler bilen ýakynlaşýar. Öwüt-ündewli, nakyllaryň manysy siňen bentlerden käbir mysallar. Janyň çyksa, jandiýme! • Kemanydyr, Gaş gözüň kemanydyr. Käbir bentleriň many-mazmunynyň bolsa ýerli türkmenleriň küştdepmelerinde jemlenendigini ýatlamak bolar. Mysal üçin: Iki guýy ýan-ýana, -diýen bendiň manysy göni gaýtalanýar, soňky setirler gös-göni şol durşunda, diňe “saňa süýt beren” diýen sözlere derek “seni dogran ene” diýlip gödegräk şekilde gaýtalanýar. Bular ýaly bentlerde umumylyklar hem kän, aýratynlyklar hem ýeterlik. Elbetde, folklor eserlerine bu häsiýetli ýagdaýdyr. “Ýokarda gürrüňi edilen üýtgeşik çeper gurluşy bolan, birinji setiri gysga, iküç sözden ybarat bentler kerkuk hoýratlary bolup, galan dört setirli bentleriň baýatylar bolmagy-da ahmal” diýen pikir ýüze çykýar. Emma belli bir netije çykarmak, elbetde, kyn, çünki yrak türkmenlerinden bolan alymlar hem, azerbaýjan alymlary hem bu meseläni çözüp bilmändirler. Bu mesele geljekde aýdyňlaşdyrylmaly möhüm meselelerden biridir. Oglum, daş dur ýalandan, Şu bentlerde hakyky türkmen durmuşy öz beýanyny tapypdyr. Ýaşulularyň ýaş kiçilere maslahat berşi, edep kadalaryny öwredişi bu sada setirlerde suratlandyrylýar. Suwakar, daşa deger, Döwür, ýaşaýşyň agyrlygy dogrusyndaky pikirlere hem bu ýönekeýje bentlerde duşmak bolýar. Halkyň paýhasa ýugrulan setirleri syýasatdan hem üzňe däl. Tümlügi şem öldürer, Beşik nagmalary – hüwdüler. Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiliginiň bir görnüşi bolan hüwdülere yrak türkmenleri beşik nagmalary diýýärler. Türkmenler çagany rahatlandyryp ýatyrmak üçin beşige, sallançaga salyp huwwalaýarlar, bu geçmişde-de şeýle bolupdyr, ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras bolup, biziň günlerimize-de gelip ýetipdir. Emma dünýä türkmenleriniň ata ýurdy Türkmenistanda beşigi ulanmak galyşypdyr diýen ýaly, ýöne käbir ýerlerde, ylaýta-da, Lebap welaýatynda häzirki döwürde hem ulanylýandygyny bellemek bolar. Beýleki welaýatdyr etraplarda, esasan, sallançagyň dürli görnüşleri giňden ýaýrandyr. Yrak türkmenlerinde bolsa beşik has ýörgünli häsiýetde ulanylýan bolara çemeli. Beşikde ýatan çagany huwwalaýan ene gudraty güýçli Biribardan çagasyna süýji uky, rahatlyk, jan saglyk dileýär. Goňşy halklaryň täsiri bilen bolsa gerek, yrak türkmenleri hüwdülere “leýla” diýýärler. Ata ýurtda “huwwa-huwwa” diýýän bolsalar, yrak türkmenleriniň eneleri “leýla-leýla” diýip huwwalaýarlar: Leýla, leýla ederem, Näneň leýla eýlesin, Şeýle sözler bilen hüwdi bentlerini döretmekleri olaryň dilewarlygyndan, şahyranalygyndan habar berýär.Yrak türkmenleriniň hüwdülerinde gyz çagany huwwalaýan setirler has çeper, meňzetmelere baý. Käbirlerini mysal getireliň: Gyzym gyzlar içinde, Gonagymsyň, gonagym, Bu setirlerde gyz çaganyň bäş günlük myhmandygy, oňa myhman hökmünde garalýandygy baradaky pikirler öňe sürülýär. Ata ýurtdaky türkmenler hem gyz çaga kişi maşgalasy hökmünde garap, ‘Gyzym, gyzym, gyz kişi, gyzyma geler müň kişi, müň kişiniň içinde, alyp gider bir kişi” diýip, kaýyllyk bilen hüwdi setirlerinde huwwalapdyrlar. Läle setirlerinde gabat gelýän “Degmäň gyzyň göwnüne, myhmandyr gonar gider” diýýän setirler hem ýokardaky pikirleri gaýtalaýar. Gögerçinhowadady, Ýagyşýagar, kölbolar, | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |