13:12 Yslamda içginiñ gadagandygy ruslary hristian etdi | |
YSLAMDA IÇGINIÑ GADAGANDYGY RUSLARY HRISTIAN ETDI
Edebi makalalar
Russiýa geçen aý Türkiýeden satyn alýan 160 müñ tonna gök önümi yzyna gaýtaranda meni bir pikir eýeledi: ruslar üçin iýme-içme näderejede möhüm? Bilşiñiz ýaly, iýme-içme medeniýeti jemgyýetçilik-syýasy taryh bilen ýakyndan baglanşyklydyr. Mysal üçin... M.Gorbaçýowyñ Russiýada ýigrenilmeginiñ esasy sebäbi onuñ SSSR-i dargadanlygydyr öýdýärsiñizmi? Azyk we egin-eşik dükanlarynyñ öñünde uzyn-uzyn nobatlar, dyknyşyklar emele geldi. Iñ uly nobatlar sarp edijilige çäklendirme girizilen arak üçindi! Leniniñ iñ halaýan içgisi piwody! Stalin gürji şerabyny içerdi! Meşhur ýazyjy Gogolyñ aýtmagyna görä, "aşgazan bedeniñ iñ esasy synasydyr". Hawa, bu ýekşenbe güni okyjylarymy ruslaryñ iýme-içme taryhyna gaýyhana syýahat etdirmekçi… • Sankt-Peterburgyñ "Воскресение Христа" buthanasy Ilki bilen... ruslaryñ hristian bolmalarynyñ sebäbini ýazaýyn... Rus taryhyndaky ilkinji döwlet bolan Kiýew Rusunyñ kökleri diýseñ bulaşykdyr we häzirem jedelli meseledir... Emma... mälim maglumatlaram az däl, 882-nji ýylda gurlan bu döwletiñ dini köphudaýly-paganistik ynançdy. Ýüz alty ýyldan soñ... 988-nji ýylda... Knýaz Wladimir dini ynançlaryny dogry düşündirip biljek ýekehudaýly üç diniñ (yslam, hristian we jöhit -t.b.) wekilini çagyrdy. Hemmeler ruslaryñ yslam dinine geçmegine garaşýardy. Musulmanlar "Altyn asyryny" ýaşaýardy. Geosyýasy taýdanam yslamy mantykly gördüler. Emma... Yslamda spirtli içgileriñ gadagandygy aýgytly kararyñ berilmegine täsiri ýetdi, knýaz ruslaryñ içgisiz oñmajagyny gowy bilýärdi! Çünki içgi ruslaryñ halaýan pişesidi! Içgini gadagan etmek onuñ häkimiýetiniñ soñuny getiräýmegi mümkindi. Ahyrynda... Knýaz Wladimir Wizantiýanyñ döwlet dini hristianlygy kabul etdi, Konstantinopol-Stambul patriarhlygynyñ emrine girdi we Russiýa wizantiýaly ýepiskoplar gelip başlady. Şeýdibem... Wladimir Russiýanyñ ilkinji "çokundyryjy" şahsy boldy. Hawa, Russiýanyñ jemgyýetçilik we syýasy taryhyny dogry seljerip bilmek üçin onuñ iýme-içme medeniýetini-de gowy bilmek gerek. Mysal üçin... Wladimiriñ hristianlygy saýlap almagyna sebäp bolan içgi meselesine ser salalyñ... • LENINIÑ NEMES IÇGISI Gürrüñsiz... Wladimiriñ döwründe ruslaryñ "milli içgisi" bolan arak (водка) ýokdy. Arak XV asyryñ ortalarynda çykdy. Ondan öñ çörekden edilen şerap, ýaşyl şerap, ýanyk şerap ýaly şerapdyr meýleri içýärdiler. Bu içgilerden soñ... "Вода" (suw) sözüniñ üýtgetmesi bolan "wodka" (arak) çykdy. Ruslar aragy diýseñ gowy gördüler. Aragyñ girdejisi rus sarlarynyñ (patyşalarynyñ) ünsüni çekdi: döwlet arak önümçiligini we söwdasyny monopoliýalaşdyrdy! Russiýada aragyñ neneñ-niçiksi sarp edilýändigine şu mysaly bersem ýeterlik bolar: XIX asyrda döwlet girdejileriniñ üçden birini içgi söwdasyndan alýardy. XX asyryñ başynda rus goşuny ýaponlara ýeñildi welin, rus patyşasy Nikolaý II munuñ sebäbini arak içýän esgerlerden gördi. Şonuñ üçin ol Birinji jahan urşy başlanda içgini gadagan etdi! Käbirleriniñ pikirine görä bu karar bolşewistik rewolýusiýanyñ gelmegine şert döretdi! Rewolýusiýanyñ lideri Leniniñ içgä o diýen meýli ýokdy. Aragy halamaýardy, sürgün ýyllarynda "Mýunhen Pilsen" piwosyny we ak şerap içýärdi. Ol hem içginiñ gadagan edilmegini oñaýlady. Gadagançylyk 1920-nji ýyla çenli dowam etdi. Gadagançylygyñ ýatyrylmagyna garşy gidenleriñ başynda Stalin bardy, ol agramly bölegi şäherli bolan bolşewiklere: "Sosializmi ak ellik geýip gurup bolmaz" diýýärdi!.. Beýik şahyr W.Maýakowskiý aýtmyşlaýyn, "kynçylyk çekip ölenden, arakdan öleniñ müñ paý gowudy." Ýurtda aragyñ medeni mite öwrülmegi Ikinji jahan urşy (Beýik Watançylyk urşy -t.b.) ýyllarynda boldy. Ruslar goşhaltasynda hemişe göterýän aragyny içip Gitleri ýeñdi! Aragyñ haý-haýly häkimiýeti M.Gorbaçýow gelýänçä dowam etdi. M.Gorbaçýow "Alkogolizme we arakhorluga garşy göreş" kanunyny çykardy. Sarp edijilige çäklendirmeler girizdi. Mysal üçin "iş ukybyny pese gaçyrýar" diýip, sagat 14:00-dan öñ içgi satuwy gadagan edildi. Käbir arak zawodlary we dükanlary ýapyldy. Henege meñzeş şu gep-gürrüñler dilden-dile geçip başlady: Arak nobatynda duranyñ biri gaty ses bilen Gorbaçýowa sögünip, "ony öldürjegime söz berýän" diýip, nobatdan bir gyra çekilip, nirädir bir ýere sumat bolanmyş. Az salymdan ýañky adam yzyna dolanyp: "Kremliñ öñünde ony öldürmek isleýänleriñ nobaty mundanam uzyn eken!" diýenmiş! Segseninji ýyllaryñ ikinji ýarymynda Russiýada muña meñzeş birgiden henekler döredi… Ruslaryñ "Горбатый" ("Bükür") lakamyny dakan M.Gorbaçýow diñe SSSR-i dargadanlygy üçin däl, eýsem spirtli içgilere çäklendirmeler girizendigi üçinem rus taryhynyñ iñ halanmaýan şahsyna öwrüldi! Russiýany araksyz göz öñüne getirmek mümkin däl, arak rus durmuşynyñ gany-damary. Arak sowuklamadan başlap ýokary gan basyşa çenli ruslaryñ barça kesellerine garşy iñ gowy melhemdi!.. • GOGOLYÑ JANYNA KAST EDIŞ ŞEKLI Rus iýme-içme medeniýeti-rus suprasy diýlende, ýadymyza diñe arak düşse, onda bu ýurduñ medeniýetine dogry düşünip bilmeris. Çünki iýip-içme medeniýeti jemgyýetçilik gurluşyny terjime edýän dildir! Şu makalany taýýarlap ýörkäm rus edebiýatynyñ eserlerini terjime edýän Mümtaz Idil bilen pikir alyşdym. Ol şeýle diýdi: "Dostoýewskiniñ 747 sahypalyk "Idiot" ("Budala") romanyny terjime edenimde kyrk dokuz gezek "nahar" sözi gecýär. Romanyñ bir ýerinde Ýepançinleriñ maşgalasy Mişkine sowal berýär: "Iýip-içeniñizde öñlük dakýarsyñyzmy?" Şeýle-de... 200 sahypa ýeteñkirleýän "Ýerastyndan hatlar" eserinde on bir gezek "nahar" sözi geçýär. "Humarbaz" romanynda Şweýsariýadaka "Bu naharlary ruslar iýmeýär" diýýän ýeri bar. Bu romanlarda "nahar" bilen baglanşykly sözler köplenç "iýip-içilýän stol" ýa-da "aşhana" görnüşinde-de köp duş gelýär…” Rus iýip-içme medeniýetini eserlerine siñdirenler başga-da az däl… Serediñ, rus patyşalarynyñ halaýan "kulebýaka" (balykdan taýýarlanýan nahar) Anton Çehowyñ satira ýugrulan "Deñiz gyzy" hekaýasynda nähili agzalýar: “Kulebýaka adamyñ agzyny suwartmaly, çuw-ýalañaç, utançsyz, başyñy-gözüñi aýlaýjy şekilde öñüñde süýnmeli. Oña göz gyparsyñ, ullakan dilim kesip alarsyñ we barmaklaryñy şobada üstünde gezdirersiñ. Agzyña atarsyñ, gözýaş deýin ýag damar, içi ýaglydyr, suwludyr. Ýumurtgasy, iç goşy, sogany boldur…” Ynha, Nikolaý Gogol... Rus edebiýatynyñ nijeme ussadynyñ onuñ "paltosynyñ" aşagyndan çykandygyny bilýäris. Kezzap Petrugyñ bir saçakdan beýleki saçaga böküşini beýan edýän “Öli janlar” romanynda segsen alty dürli naharyñ ady geçýär. Nähili ters geñ-tañsylyk!.. Gogol ruhy näsazlyk tapynyp, duz datman öz janyna kast etdi! Hawa... ruslary tanamak kyn, olaryñ ýazyjylaryny tanamak ondanam kyn… “Hekaýalaryñ seresi - aşgazan söýgüsi burundyr” diýen Wladimir Nabokow 1952-nji ýylda garaşylmadyk ýagdaýda iýip-içmekden ýüz dönderdi! Emma ol ýene ýigrimi bäş ýyl ýaşady, ýazyjy iñ halaýan pişesiniñ telewizorda futbola tomaşa etmek we piwodyr şerap içmekdigini aýtdy… Diñe döredijilik dünýäsinde däl. Iýip-içme edähedi XX asyrda daşary syýasatyñam diline "gastrodiplomatiýa" bolup girmegi başardy. • GÜRJI ZAPEKANKASY Lenin iýip-içme meselesine kän bir üns bermändir. Birnäçe günläp gury çörek iýse-de, sesini çykarman gezip bilýän eken. Sendwiçi gowy görüpdir, birem ejesiniñ bişirýan ýumurtgaly çöregini eý görüpdir. Stalin welin iýermendi, ol duzlanmadyk Dunaý ringasyny we dilimlenen sowuk çig balygy halapdyr. Ata ýurdy Gürjüstanyñ gök önümli we ot-çöpli desterhanyny hemişe öwüpdir. Uly gazançada badamjan, pomidor, kartoşka, garaburç, lawr ýapragy, koriandr we berre guzynyñ ýagsyz jylk eti garylyp taýýarlanýan nahara "aragwi" adyny beripdi, bu nahar hutma-hut gürji zapekankasyndan başga zat däldi! Stalin gürji şerabyny içipdir. Birem "Светское марка" şampanyny öñde tutupdyr. Ol miny ABŞ-na satmak üçin F.D.Ruzwelt bilen el gysyşanam bolsa, "Sowuk urşuñ" başlamagy bilen bu ylalaşyk amala aşman galdy. N.Hruşýow mekgejöweniñ aşygydy we ol jöweni ruslara halatmak üçin mobilizasiýa yglan etdi. Şonuñ üçin ruslar oña "Mekgejöwençi" lakamyny dakdy. Altmyşynjy ýyllarda "Hruşýowyñ jöwen çöreginiñ" önümçiligi ýola goýuldy. Birem… ol 1959-njy ýyldaky makalasynda Moskwada ABŞ-nyñ Prezidenti R.Nikson bilen geçiren "haýsy ýurduñ nahar enjamlary ýokary hilli" çekişmesi bilen meşhurlyga eýe boldy. Sowet taryhy boýunça aragy iñ gowy gören ýolbaşçy Brežnew boldy. Ol "Зубровка" diýilýän öküz otunyñ (gurtbogan, aconitum) tagamy berlen aragy içerdi. Aw etmegi halaýardy, awlaýan ýekegapanlaryny seleñ howada bişirip iýmegi gowy görerdi. A ýönekeý halk? • RUS SALADYNYÑ GELIP ÇYKYŞY Çagalar "Красный Октябрь" konditer zawodynyñ süýji-kökelerine kökenekdiler. Ulular bolsa "oliwýe işdäaçaryny" halaýardylar, ýagny rus saladyny!.. Ady näme üçin oliwýekä? Çünki bu salady ilkinji bolup "Ermitaž" atly kaşañ restoranyñ asly belgiýaly rus hojaýyny Lýusen Oliwýe XVIII asyryñ altmyşynjy ýyllarynda taýýarlapdy! Sowet ikonyna öwrülen "oliwýe saladynyñ" her ýyl ýörite güni bellenilip geçilýärdi. Bilýänsiñiz, "Sowuk uruş" döwründe Türkiýede bu saladyñ adyna "amerikan salady" diýildi. Iñ bolmanda "belgiýa salady" diýen bolsalar, mundan gowy bordy!.. Rus taryhçysy Kostomarow “Ýerli ýaşaýyş. XVI-XVII asyrlarda rus halkynyñ edim-gylymlary we ýörelgeleri” kitabynda rus desterhanynyñ sungata esaslanýandygyny öñe sürdi! Örän uly geografiki giñişlige ýaýylan rus desterhanynyñ dürli-dürlidiginu ýazdy Aşhana ýazyjysy A.Bremzeniñ "Sowet aşhana sungaty" ylmy işinde Odessa usulynda bişirilen gelfilte balygyny, rus usulynda taýýarlanýan gamburger kotleti, gürji usulynda bişirilen guzy etli zapekanka çanagy, ruslaryñ tradision borş çorbasy, bürünçli palawy we rus usulynda taýýarlanýan krep bilini ýaly naharlaryñ taýýarlanşy barada gyzykly maglumatlar bar… Russiýa diýlende, hökman ikrany-da ýatdan çykarmazlyk gerek... Häzirem iñ köp iýilýän balyk. Birnäçe ýyl öñ buthananyn et önünlerini gadagan etmeginde munuñ roly ýok däl. Ruslar çorba içmeýär, çorba iýýär! Duza ýatyrylan gök önümler (salýonny) bolsa duran ýerleri... Tarihçy I.Boltin XVIII asyrda sähralyk ýerlerde gyşyna dört, tomsuna bäş wagtyna iýip-içilýändigini ýazýar! Russiýa dürli medeniýetleriñ jemlenen ýurdy... N.W.Rýazanowskiý bilen M.D.Steýnbergiñ ýazan "Russiýanyñ taryhy" kitabynda müñlerçe ýyllap nijeme açlygy başdan geçiren rus halky her gezeginde açlykdyr horlugyñ hötdesinden gelip bilipdir… • RUS DESTERHANYNYÑ DÜZGÜNLERI Rus desterhany diñe köpdürliligi, baýlygy bilen däl, taýýarlanşy we saçak etikasy taýdanam gyzyklydyr. Ruslaryñ iýip-içme endikleri üýtgese-de, saçak etikasy kän bir üýtänok... - Saçagyñ başynda arassa eşikli oturmak hökmany şert; - Stoluñ başynda gaty ses bilen gürleşmejek bolmaly; - Nahar iýmäge stoldaky iñ garry kişi başlamaly. Garrylar ýangyn bolan ýagdaýynda ilkinji bolup çykyp bilsin diýio, olary nahar stolunyñ gapa iñ ýakyn ýerine oturdylýar... - Iýip-içip durkañ tirsegiñi stola diremejek bolmaly; - Iýip-içilýän wagty elleriñi görüp biljek derejede açyk tutmaly, aýagyñ üstünde durmaly däl; - Nahara öý eýesi başlamanka el uzadylmaýar; - Çorba başlangyç nahardyr (birinji nahar -t.b.). Agzyñy şapbyldatman iýmeli; - Tabagyñyzdaky nahar gutaransoñ, öý eýesine aýtdyryp durman, stoluñ başyny täzeletdirip, ikinji nahary getirdibermeli; - Nahar iýlende başgasynyñ tabagyna seretmek halanmaýar; - Stolyñ üstüne el uzadyp iýýän zadyñyzyñ tagamyny magtamak (ýagny, kompliment) nahary bişiren kişini hormatlamak hasaplanýar; - Supradaky çöregi sousa batyryp iýibermeli; - Bir gezekde ýuwdup boljak iýmitleriñ ikilenç kiçijik böleklere bölmek halanmaýar; - Öý eýesiniñ hezzet-hormatyndan hoşallygyñyzy bildirmek üçin tabagyñ düýbünde azajyk nahar goýmak däbe öwrülen gylykdyr; - Arak içilende tost aýdylman we bulgurlar biri-birine çakyşdyrylman içilenok. Rus supralaryna çykarylýan çüýşe gaply araklar bir ýuwdumlyk kiçijik bulgurlarda içilýär. Arak içenden soñ saçakdaky çöregi ysgamak endige öwrülen özboluşly häsiýetdir; - Eger oturşyk bir erkek bilen bir aýalyñ arasynda bolsa, aýalyñ içjek aragyny erkek guýýar; - Köp içilýän çaý hökmany suratda semewarda demlenýär we köplenç farfor çäýneklerde içilýär. • TOLSTOÝYÑ RESEPTI: "MEÝLISHANA AÝDA IKI GEZEK GIT!" Rus edebiýatynyñ beýik ýazyjysy Lew Tolstoý ýaşaýyş-durmuş kadalary hakynda köp zatlary ýazdy: - Aşa köp nahar iýme; - Süýjili iýmitlerden gaça dur; - Günde irden sagat bäşde tur; - Agşam sagat 22:00-dan gijä galman ýat; - Günortan iki sagat ýatyp dynjyñy al; - Her gün bir sagat ýöre; - Aýda iki gezek meýlishana (bordel, priton, jelephana -t.b.) git; - Kömegiñ ýetirip biljek adamlaryñy söý; - Jemgyýetiñ mantyga esaslanmaýan ähli garaýyşlaryny ýok saý; - Gereksiz ýere boş arzuw-hyýallara özüñi aldyrma; - Etjek zadyñy diñe bir gezekde et; - Içki duýgularyñy asla mälim etme; - Özgeleriñ sen hakynda näme diýýändigine üns berme; - Ýagşylyk etjek wagtyñ özgeleriñ ünsüni çekmän et; - Aýal-gyzdan gaça dur; - Islegleriñ üstünde köp işläp, olary kadaly ýagdaýa werziş etdir; - Özünden pes ýaşaýanlara kömek et... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 17.01.2016 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||