08:02 Ýüz prosent / satiriki hekaýa | |
ÝÜZ PROSENT
Satiriki hekaýalar
Arada etrap önümçilik birleşiginiñ baş agronomy Mätgylyjow bize şeýle gürrüñ berdi: - Gowaça bejergisini nähili geçirýäñiz diýýäñizmi?! Nähili bolar öýdýäñ: örän oñat. Güýçli depgin bilen alyp barýarys. Hä diýmänem gutararys. Şu hepdäni zarpçy hepde diýip yglan etdik. Duşenbe güni ähli kärendeçileri, otagçylady ýygnadyk, olar bilen uzakly gün seminar geçdik. "Haşal oty köki-damary bilen goparmasañ, ol ýene gögär" diýen temadan umumy leksiýa okadyk. Soñra seminara gelenleri aýry-aýry seksiýalara bölüşdirdik. Meselem, 4-nji daýhan hojalygymyzyñ daýhanlary "Gamşu gowşak tutsañ, eliñi gyýar" diýen seksiýada boldular. Çünki olaryñ ýeri gamyşlyk. Sişenbe güni "Gowaça bejergisi döwründe, ylaýta-da otag otalanda, ýangyndan ägä bolmaly" diýen temada gürrüñ geçirdik. Öl syrkyna nebit guýup, ony otlap, daýhanlar bilen praktiki iş etdik. Irden başlanymyzdan agşam iñrik garalýança ýangyn söndürmäge werdiş bolup dargaşdyg-ow. Çarşenbe güni çäş wagty ýene bir çärä başladyk. Ol çärämizem tüýs derwaýys mesele-dä. Onsuz bejergi geçirmek asla mümkinem däl. Şahsy gigiena barada, gastritiñ ýürege täsiri hakda, içdäki soguljanlar dogrusynda. Bu tema gaty uly ekeni. Çarşenbe güni ony gutaryp bilmedik. Ertesi penşenbe güni ony dowam etdirdik. Baý, daýhanlar sorag baryny ýagdyrdylar-a. Ine, bu günem anna güni. Alnymyzda aýdyñ mesele dur. "Inçe süýümli gowaçanyñ ykdysady taýdan peýdasy" diýen temadan uly gürrüñ geçirmekçi bolýarys. Ýogsam biziñ etrabymyz, hatda welaýatymyz hem inçe süýümli gowaça ekenok. Onda-da daýhanlar bilip goýsalar gowy-da. Ertir, ine, şenbe günüdir. Etmeli işlerimiz-ä kändir-ow. Ähliw aktiwistleri, kärendeçileri ýygnarys. "Pagta ýygymy zarpçy frontdur" diýen temadan gürrüñ geçireris. Entek gowaçalarymyz doly gögermände näme. "At almankañ, eýer al" diýipdirler. Biz düzen planlarymyzy iş ýüzüne geçirýänçäk, ýygym döwrem ýetip geler. Ýekşenbe günem-ä bardyr-ow. Şol gün-ä ertirden agşama çenli pelesañ kakmaly borus. "Haşal otlardaky gowaça zyýan beriji mör-möjeklere garşy aýgytly göreşe galalyñ" diýen temadan seminar bolmalydyr. Bagyşlañ, az salymlykça gürrüñimiziñ arasyny kesmeli boljak. Telefon jyññyrdaýan ýaly-la, diñläýin. Alo, alo, waleýkim essalam, saglykmy, bar bol, özüñ arma. Etrap bilim bölüminiñ müdiri?! Bo-how, sag boluñ. Ýüz prosent diýdiñmi?! Iş bitiripsiñiz. Biz okuwça kembaha garamaly däldiris. Eýýäm bejergimizi gutaraýdyñyzmy?! Onsoñam, näme... Seminar geçirýäs, şoña özüñem gatnaşaweri. Sebäbi ýygym işi mekdebe degişlidir. Sizde el köp. "El köpi işe, agyz köpi aşa" diýlipdir. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |