00:03 Ýüzbe-ýüz | |
ÝÜZBE-ÝÜZ
Goşgular
Ýüzbe-ýüz duşuş sen Dostlaryň bilen, Ýagşy niýetlerňi paýla baryna. Kalbyny çöwür sen olaň öňünde, Hile golaý gelmesin seň ýanyňa. Ýüzbe-ýüz duşuş sen Rakyplaň bilen, Olaryň gözüniň alnynda ulal. Ýylanam hininden çykarmyş hoş söz Ylalaşyk üçin bar güýjüň ulan. Ýüzbe-ýüz duşuş sen Duşmanlaň bilen, (Olaňam bolmagy mümkin her kimde). Bolanokmy?! Oňuşjagam bolma sen, Unutmagyn... söweş durandyr öňde. Ýüzbe-ýüz duşuş sen Zamanaň bilen, Döwür bilen bir otagda ýerleş sen. Sen onuň sesine goş-da sesiňi, Geçmiş hakda geljek hakda gürleş sen Ýüzbe-ýüz duşuş sen Namys-ar bilen, Ýöne mydam nogtaň eliňde bolsun. Göroglynyň algyr gyljyndan gaýram Zat algyn – paýhasam deňiňde bolsun... Ýüzbe-ýüz duşuş sen Tebigat bilen, Köp derdiňe em salgy biýr – lukmandyr. Oň bilen düşünşip bilýäňmi, diýmek, Seniňkem, dost, bagty çüwen ykbaldyr. Çekinme ýüzbe-ýüz duşuşmaklykdan, Gaýtam sen hemişe bolgun ilgezik. Diňe diňlemekdenem däl, synlamakdanam Köp zady okasyn, duýsun bu ýürek. * * * Şahyrlar çintgeýän bolsa bir zady, Goşgy kän ýazylýan bolsa şol hakda, Ýa-ha şol zat ör-boýuna galandyr, Ýa-da galyp ýörendir ol aýakda. Sebäbi, şatlygam, gaýgy-hasratam Şahyryň ýüregi duýýarmyş ilki. Kän ýazlyp başlandy kä zatlar hakda, Kim bilýär, zerurlyk dörändir, belki?! Dogruçyllyk hakda, päk ynsap hakda, Hak söze hak diýip durýanlar hakda, Diňe öz jübsüniň peýdasyn bilmän, Mydam il bähbidin arýanlar hakda; Abraýyn hem ýygnan sylag-hormaty Kimdir birin ýykmak üçin ulanman, Bir ýazyksyz bulaşdyrlan biçäräň Egninden galdyryp, hasam ulalýan; Her bir öňýetene gulak gabartman, Hakyky dostlaryn saýgaryp gezýän; Eýe, çykyp wadasyna, lebzine, Namysyn janyndan eý görüp gezýän, Ýigitler hakynda, gyzlar hakynda Kän goşgy döreýär soňky döwürde. Onuň sebäbini agtarmak gerek, Kelle döwmek aýyp däldir bu ýerde. «Parahatlyk, dynçlyk zerur bar zatdan, Asuda dem alsyn – diýip – bu zemin!..» Bilýäňiz, her günde, hawa, her günde Ýüzläp-ýüzläp goşgy ýazylýar welin, Howp abanýan bolaýmasyn bu dünýä... Şeýle bolsa, almak üçin oň öňün, Bilekleň çyzgalgy durmalydygy Hiç mahal ýadyňdan çykmasyn seniň! Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |