20:37 Zäherlenmäge dowam edibereliñmi?!. | |
ZÄHERLENMÄGE DOWAM EDIBERELIÑMI?
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
ABŞ-da bir mekdepde bagban bolup işleýän Dwaýn Jonson haşal otlary ýok etmek üçin ulanan himiki dermany sebäpli düwnük (rak) keseline ýolugandygyny öñe sürüp suda ýüz tutdy. Sud 2018-nji ýylyñ awgustynda bagbanyñ arzasyny kanagatlandyryp, düzüminde glifosat maddasy bolan "RoundUp" derman serişdesini öndürýän "Monsanto" şereketini 289 million dollar öweztölegini tölemeli etdi. Karar ýokary sud tarapyndanam oñlanyp, glifosatyñ kanserogen täsiriniñ bardygy anyklandy. Şeýle ýagdaýda Fransiýada hem sud "Monsanto"-ny haşal otlary ýok etmekde ulanylýan "Lasso" derman serişdesiniñ Paul Françoisyñ dem alyş ýollaryna girip zäherländigi üçin aýyplady. "Monsanto"-ny 66 milliard dollara satyn alan derman we himiki serişdeler şereketi "Bayer" ABŞ-da glifosat maddasynyñ düwnük keseline sebäp bolmakda aýyplap açylan dawalardan el çekmegi üçin şikaýatçylaryñ agramly bölegi bilen ylalaşyga geldi. "Bayer"-den berilen beýannamada 10 milliard 900 million dollara 125 müñ dawanyñ dörtden üçüsine seretmegiñ goýbolsun ediljekdigi mälim edildi. Dawanyñ merkezindäki “RoundUp” derman serişdesi dünýäniñ köp ýurdunda ulanylyşy ýaly biziñ ýurdumyzda-da giñden ulanylýar. Dünýäniñ iñ uly GMO-ly (Genetikasy üýtgedilen organizm) tohum öndürijileriñ arasynda ýer alan "Monsanto" şol derman sebäpli tebigaty goraýjy aklawjynyñ tagallasy bilen ýurdumyzda-da dawa turupdy. Ine, şol ýazgymyzyñ gysgaça mazmuny: Egeýiñ iki düşünjeli daýhany hem-ä GMO-ly tohum, hemem kanserogen oba hojalyk da ulanylýan derman serişdelerini öndürýän dünýä läheñi "Monsanto" kompaniýasyna garşy halkara hukuk göreşiniñ başyny başlady. Hamza Kural we Tahsin Sezer atly daýhanlar Bergama Tebigat platformasynyñ kömegi bilen aklawjy Senih Özaýy tapdylar. Çünki Senaý öñden bäri tebigat boýunça hak-hukuklary goramakda giñden tanalýan hukukçydy. Global läheñ "Monsanto"-nyñ düzüminde kanserogen glifosat bolan önümlerini ýurdumyzda arkaýyn satýandygyny öñe süren aklawjy Özaý birinji nobatda Ekerançylyk we Tokaý ministrligine ýüz tutdy. Ýewropada we Amerikada şereketiñ hem-de glofosatyñ garşysyna çykarylan kararlary ýatladyp, ministrligiñ azyk howpsuzlygy, jemgyýet sagdynlygy we ekologik howpsuzlyk üçin herekete geçilmegini talap etdi. Şikaýatnamasynda konstitusiýadaky we kanunlardaky maddalara goldanyp "Monsanto"-nyñ önüm köpdürliligi bilen glifosatly ekerançylyk dermanlarynyñ lisenziýasynyñ hem-de rugsatnamalarynyñ ýatyrylyp, satuwdan ýygnalmagyny, bu maddanyñ ekerançylykda ulanylýan derman önümçiliginde ee oba hojalyk ulanşygynda gadagan edilmegini talap etdi. Emma ministrlik şikaýatnama seretmek üçin kanuny möhlet bolan altmyş günüñ dowamynda hiç hili jogap bermedi. Şonuñ üçinem bu boýunça arz etmäge hukugy dörän Özaý daýhanlar Tahsin Sezeriñ we Hamza Kuralyñ adyndan Ankaranyñ 18-nji sebit adminstratiw suduna arz etdi. "Monsanto"-nyñ kanserogen önümleriniñ reseptsiz satylýandygy nygtalýan şikaýatnamada şeýle setirler bar: "Türkiýäniñem gol çeken halkara Rio şertnamasynyñ ätiýaçly çemeleşme prinsipinde bir işiñ daş-töwerege oñaýsyz netijeleri döredip biljekdigi meselesinde düýpli şübhäniñ orta çykan ýagdaýynda ylmy subutnamanyñ gelerine garaşyp durman öñüni alyş işleriniñ geçirilmegini göz öñüne tutýar. Ätiýaçly çemeleşme prinsipi göz önünde tutulmazdan ýerine ýetiriljek işler öwezini dolup bolmjak zyýanlaryñ bolmagyna, ekerançylyk bilen meşgullanýan daýhan ildeşlerimiziñ we hususanam dermanlanan oba hojalyk önümleri bilen iýmitlenýän ildeşlerimiziñ saglyk taýdan howp astynda ýaşamagyna sebäp boljakdyr. Kanunlara we dolandyryş edaralaryna görä dilerlerde reseptsiz ösümlik goraýjy önümi satmak bolanok, emma täsir ediji maddasy glifosat bolan rugstanamaly birnäçe ösümlik goraýjy önümi dozirowkasy kesgitlenmezden reseptsiz we gözegçiliksiz ýagdaýda ulanylýar…" Sud aklawjy Özaýyñ we daýhanlaryñ peýdasyna karar çykardy. Hem ekerançylyk bilen meşgullanýan daýhanlar, hem sarp edijiler arkaýynlyk bilen satylýan bu zäherden halas bolandyklaryna begenip durkalar, bu gezek derman serişdesiniñ zyýanly däldigini öñe süren "Monsanto" we ministrlik işi appelýasiýa berdi. Izmirde çykýan "9 Eylül" gazetiniñ žurnalisti Hakan Dirikiñ habar bermegine görä, appelýasiýa işi usullyk bilen bozansoñ, dawa täzeden 18-nji sebit adminstratiw sudunyñ garamagyna berildi. Emma has öñ aklawjy Özaýyñ we egeýli daýhanlaryñ peýdasyna karar çykaran sudyñ düzümi-de üýtgäpdi. Täze sudýalaryñ usullyk bilen bozulan işe seredişlerem üýtgeşik boldy. Olar işi tersleýin ele aldylar we başlyklarynyñ garşy çykandygyna garamazdan iki agzalarynyñ karary bilen zäherli himikatlary öndürýän "Monsanto"-nyñ we ministrligiñ peýdasyna karar çykardylar. Ýöne aklawjy Özaý göreşinden el çekerli däldi. Bu gezegem onuñ appelýasiýa beren işinde ekerançylaryñ we olaryñ ýetişdiren önümlerinden iýmitlenýän sarp edijileriñ peýdasyna karar çykarylmasa, halkymyz kanserogen glifosat bilen zäherlenmäge dowam eder!.. Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 01.10.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |