00:36 Zaratuştranyñ nutuklary: Lezzetler we hyjuwlar hakda | |
• Lezzetler we hyjuwlar hakda Dogan, eger sende bir hoşgylyk bar bolsa we bulam seniň özüňe mahsus bolsa, muny başga hiç kim bilen paýlaşýan dälsiň. Elbetde, oňa adyny tutup ýüzlenesiň, sypasyň, gulagyny emaý bilen towlasyň we onuň bilen wagtyňy hoş geçiresiň gelýändir. Bir seretse, hoşgylygyň adyny halkam halap, seniň hoşgylygyň bilen halkyň we süriniň parçasy bolansyň. “Ruhuma ezýet we lezzet berýän, içimiň özüne dartýan zady atsyz we düşündirip bolmajak zat” diýseň has gowy bolar. Hoşgylygyň atlaryň gizlinligine sygyşmajak derejede belent hem bolup biler we ol hakda gürlemäge mejbur bolarsyň, käkelemekden utanma. Şeýleräk käkele: “Şu – maňa-ha gowy, şuny halaýaryn we gowy görýärin, şuny ýeke özüm alasym gelýär. Şuny Hudaýyň kada-kanuny hökmünde göresim gelenok, şuny adamlaryň gözükdirmesi hökmünde göresim gelenok, şu meniň üçin-ä o dünýä we jennete barýan ýoluň görkezijisi däl. Meniň söýýän zadym dünýewi hoşgylyk – onuň düzüminde örän ujypsyz akyllylyk we has az umumy akyl bar. Ýöne bu guş höwürtgesini meniň ýanymda gurdy, ony şonuň üçin halaýaryn we bagryma basýaryn, şindi bolsa ýanymda altyn ýumurtgalarynyň üstünde oturýar”. Ine, şeýle käkelemeli we hoşgylygyňy öwmeli. Bir wagt hyjuwlaryň bardy we olary erbet häsiýetlendirýärdiň. Emma indi diňe hoşgylyklaryň bar, bular seniň hyjuwlaryňdan emele geldi. Iň belent maksadyňy şu hyjuwlara tabşyrdyň, şeýdibem şu hyjuwlar hoşgylyklara we dostluklara öwrüldi. Ha çalt öýkeleýänleriň, ha şöhwetlileriň, ha ynanç yňdarmalarynyň, ha kine saklaýanlaryň nebersinden bol, netijede ähli hyjuwlaryň aýry-aýry hoşgylyga we ähli şeýtanlaryň aýry-aýry perişdä öwrüldi. Bir wagt ýerzeminiňde ýarak itleri saklaýardyň, ýöne ahyrynda olaryň hemmesi aýry-aýry guşa we söýgüli aýdymça öwrüldi. Zäherleriňden öz balzamyňy ýasadyň, sygryň ýelni doly we häzir sen onuň asaldan datly süýdüni içýärsiň. Seniň içiňden indi erbet zat çykmaz, hernä, hoşgylyklaryň arasyndaky garpyşykdan erbetlik çykmawersin. Dogan, mümkinçiligiň bolsa, hoşgylygyň ýeke bolsun, şeýtseň köprüden has aňsat geçersiň. Hoşgylygyň köp bolsa erbedem däl, ýöne şol bir wagtyň özünde agyr ýük we köp kişi hoşgylyklaryň çaknyşýan ýeri bolmakdan ýaňa halys ýadandygy üçin ýekelige çekilip, öz janyna kast edipdir. Dogan, uruş we çaknyşyk erbetmi? Ýöne şulr ýaly erbetlik gereg-ä, hoşgylyklaryň arasyndaky gabanjaňlyk, şübhedir töhmetiňem gerekli ýeri bolýar. Hoşgylyklaryňdan her biriniň neneňsi belent maksada ýetmek isleýänine seret: hersi bogazyna sygdygyndan gygyryp, ruhuny tutuşlygyna eýelemek isleýär: gahar-gazapda-da, ýigrençde-de, söýgide-de güýjüni görkezmäge ymtylýar. Her hoşgylyk beýlekisini gabanýar. Gabanjaňlyk gorkunç zat. Gabanjaňlyk hoşgylyklaryňy-da ýok edip bilýär. Gabanjaňlyk ody kimi gurşap alsa, ol adam ahyrynda içýanlar ýaly zäherli neşterini özüne sanjyp dynýar. Ah, dogan, sen heý, bir hoşgylygyň öz-özüne töhmet atanyny we öz-özüni hanjarlanyny görmediňmi? Adam - üstünden aşylmaly närse. Munuň üçin hoşgylyklaryňy eý görmelisiň, çünki seniň ýoguňa ýanjagam şol hoşgylyklardyr. Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |