22:10 Zaratuştranyň nutuklary: Teni äsgermeýänler hakda | |
• Teni äsgermeýänler hakda Teni äsgermeýänlere aýtjak sözüm bar. Ne-hä täze zat öwrensinler, ne-de täze zat öwretsinler, diňe bedenleri bilen hoşlaşyp ümsümlige gömülsinler. Çaga “tenem meňki, ruham” diýýär. Nämüçin çagalar ýaly gürlemeli dälmişik? Oýa we bilýän kişi şeýle diýýär: Bu tutuşlygyna meniň bedenim, men başga hiç zat däl. Ruh bolsa, tenimiň bir parçasynyň ady. Ten uly akyl, ýeke manyly çaga, uruş we parahatçylyk, süri mal we çopandyr. Doganjygym, teniň guraly seň “ruh” diýip atlandyran kiçijik akylyň, uly akylyň bolsa guraly we oýunjagydyr. “Men” diýýän sözüň bilen buýsanarsyň. Emma ynanmagy ret eden teniň we teniň uly akyly mundan has uludyr, teniň uly akyly Men diýmeýär, emma oňa laýyk çemeleşýär. Duýgynyň duýuşynyň we ruhuň aňşyryşynyň öz içinde soňy ýok. Emma duýgy we ruh seni hemme zadyň soňudygyna boýun etmäge çytraşýarlar, olar şoň ýaly özdiýenli, kejeňek bolýar. Duýgy we ruh gural hem-de oýunjak ýaly bolýar, onuň yzyndan menlik gelýär. Menlik duýgularyň gözleri bilen gözleýşi ýaly ruhuňam gulaklary bilen duýýar. Menlik yzygiderli gulak gabardýar we gözleýär, menlik deňeşdirýär, agalyk sürýär, zabt edýär, ýykýar. Menlik höküm sürýär we ol Meniňem hökümdarydyr. Doganjygym, pikirleriň we duýgularyň arkasynda örän güýçli jenap, näbelli pähimdar bar. Onuň ady Menlikdir. Ol seniň teniňde oturýar, ol seniň hut teniň özi. Teniňde iň gowy pähimdaryňkydanam has köp akyl bar. Şeýle-de, teniň dolulygyna iň gowy pähimdarlygyňa mätäçlik duýup biljegini kim aýdyp biler? Menligiň meniňe we onuň buýsançly sypjyklygyna gülýär. Öz-özüne “pikirleriň şeýle sypjyklyga we gaýyp ýörmelere näme hajaty bar?” diýýär. “Bular meniň maksadyma laýyk gysga ýol. Meniň ýüplerini elinde tutýan we ony ölçerýän men”. Menlik maňa “Ezýet çek!” diýýär. Men ezýet çekýärin we ezýet çekmezlik üçin näme etmelidigini oýlanýaryn. Ine, oýlanmak şunuň üçin gerek. Menlik maňa “Lezzet al!” diýýär. Men lezzet alýaryn we has köp lezzet almak üçin näme etmelidigini oýlanýaryn. Ine, oýlanmak şunuň üçin gerek. Teni äsgermeýänlere bir zat aýdasym gelýär. Olaryň sylag-hormatyny döredýänem äsgermezlikleridir. Sylag-hormat bilen äsgermezligi, gadyr-gymmat bilen eradany ýaradan nämekä? Dörediji Menlik sylag-hormat bilen äsgermezligi, lezzet bilen ezýeti özi üçin döredipdir. Dörediji ten ruhy özüne eradasynyň eli hökmünde döredipdir. Siz teni äsgermeýänler, akmaklygyňyzyň we äsgermezligiňiziň içinde-de menligiňize hyzmat edýärsiňiz. Size öz menligiňiziň öljegini we durmuşdan ýüz öwürjegini aýdyp galaýyn. Iň köp edesi gelýän zady, ýagny, özünden öňkini döretmegi indi oňaranok. Iň uly joşguny, iň köp isleýän zady-da şudy. Eý, teni äsgermeýänler, ýöne indi munuň üçin giç. Öz menligiňiz ýok bolasy gelýär. Öz menligiňiz batasy gelýär, şol sebäpli siz teni äsgermedik bolduňyz. Çünki indi öz aňryňyzda bir zatlary döretmäge güýjüňiz ýok. Munuň üçin durmuşa we dünýä gaharlanýarsyňyz. Ownuk seredişleriň çaşşy nazarynda aňsyz gabanjaňlyk gizlenip ýatyr. Tenini kiçi hasaplaýanlar, Siziň ýoluňyzdan gidip biljek däl. Siz meniň üçin Kämil adama gurulan köpri däl. Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |