10:06 Zenanlar ― şirin zybanlar / ýomakçynyñ depderinden | |
ZENANLAR - ŞIRIN ZYBANLAR
Satiriki hekaýalar
Zenanlaryň sähelçe göwni bar diýilýär, şeýlemikä?! Köp söz geregem däl diýip, aýdýarlar. Dogrumyka?! Ýylda bir sapar «8-nji Mart baýramyňyz bilen gutlaýaryn!» diý, wessalam diýýärler. On iki aýda bir gezegem doglan güni bilen gutlamalymyş. Üç ýüz altmyş bäş günde iki sapar gül sowgat berseň olaryň göwün köşgünde şa bolýamyşyň. Bah, bazar ykdysadyýeti päsgel berýär-dä, ýogsam her günem sowgat alyp berip olary berendirjek-le. Zenan göwüniň sähelçe zat bilen göge göterilýäni belli-de, welisi bar-da. Gowusy ýylyň on iki aýynda zenanlara erkek hökmünde etmeli borçlarymyz barada aýdaýaýyn. Şonda şol «säheliň» nämedigine düşünersiňiz. Şol «sähelçe göwni bara» degişli zatlar ine, şular: Üç ýüz altmyş bäş günüň dowamynda öz aýalyny (ýa razy bolsa başga zenany) azyndan bir sapar Gara deňzine, tomsuň jokrama yssysynda «plýaža» alyp gitmeli. Howenäň eşiginde «güne» ýanyp ýatsyn, çopanyň gara kündügi ýaly bolup. Eger oňa mümkinçilik bolmasa, ýagny bazar ykdysadyýeti päsgel berse, ol «gara» bolmasa bu «gara» diýäkgetdäninim Mollagara alyp gidäýmeli. Näme, gara gara gurbanmy. Duzly kölde arkan düşüp, Artyknur Nohurowyň «Söýgi...» kitabyny okap ýatmaly. Gark boljak gümanyň ýok. Türkmeniň kurortlarynyňam melhemdir şypakerdemlikde kemini göremok, aklyk beribilseň. Hemme kurortam puly gowy görýär ahyryn. Meselem, ynha, aýdaly, Nalçik bar. Oňa alyp gitseňem bolýar. Putýowka tapdyrmadymy. Nalçik diýip kütgürip durma-da palçyk diýäý. Duzly palçyk, ýuwan palçyk, gara palçyk öz ilimizde gyt däl. Zeý suwlarymyzam özünden başga dert goýmaýar-a. Aşgabadyň golaýyndaky Gurtly kölem tomsuna gurt düşene dönýär. Senem biri bolaý-da. Ýokarda sananlarymyz erkegiň aýalyň öňündäki birinji borjy. Indi ikinji wezipesi barada söhbet açalyň. Olam birinjiden enaýy däl. Meselem, aýalyňy ýylda bir gezek biotokla ýykmak. Öýüňde tok ýokduram welin, biotokla hökman görkezäýmeli. Oňa soňky döwürlerde «bioenergiýa-da» diýýärler. Howply ýeri, indi erkek kişilerde-de «bioenergiýa» peýda bolup başlapdyr. Olar piliň, oragyň sapyny tutmajak bolýarlar. Aýallara-a «biotogym bar» diýişip indi hamyr ýugranoklar, aş kesenoklar, kir ýuwanoklar. Garaz el bilen edilmeli işiň golaýyna baranoklar-da, mugt görşenogam. Çagajygynyňam galpajygyny sypalanoklar, sebäbi ol neressejikde aklyk ýok-da. Indi üçünji problema ýüze çykýar. Ine, olam ynha şu: Bu martdan o marta çenli etmeli işlerimiziň birem aýalyňy palça eltip görkezmeli. Ýylda bir sapar Ferganaly «akýaglykly» gyzyň, ýagny Gyzlarhan Turdyýewanyň huzurynda peýda bolmalysyň. Bäri-bärde Özbegistan barmy, wagonda üsti-üstüne ýatyp gitmeli, onda-da ýer tapsaň. Soňky ýyllarda Gyzlarhanyň özi gelip bizi şol aladadan dyndyrýar. Garaz, ýylda bir gezek däli-porhan bolmaly-da, aglap içiňi boşatmaly. Arada Gyzlarhan Aşgabada gelende menem aýalymy yzyma tirkäp, stadiona alyp bardym. Bolmajysy bolduk. Aýalym stadionda sagatda 80-i görkezip ylgady. Gyzlarhan: «Gije öýüňde şeker, un, suw goý. Unda, şekerde aýak yzyny görseň, niýetiň kabul boljagy: Babalar gelendir» diýdi. «Äpişgäňizem, gapyňyzam açyk dursun» diýip, ol aýtdy. Diýşi ýaly etdik. Üşesek-de nätjek, doly açyp goýduk. Daňdan turup görsek, uçuň, şekeriň üstünde aýak yzyndan ýaňa barmak basara ýer ýok. Aýalym-a çaşdy. Dem-düýt ýok. «Babalar» beýdäýmeli däl ekenler. Öýi ýyldyrym urana dönderipdirler. Milisiýanyň ysgaw itini çagyrdyk. Janawar ugur tapman bir uwlady, bolany. Ýüzi suwluja zatlarymyzy «ýygnapdyrlar». Ogrular el ýalyjak hat goýup gidipdirler: «Ýaşa, Gyzlarhan hoşal, bizler han!» Oňandyr tüýs aýlar, gözüňiz çyksyn, tüntawlar!» Şol günden bäri aýalym keselhanada ýatyr. Sekizinji Mart güni baş wraçdan bir günlükçe diläp almakçy-ha bolýan öz-ä. Rugsat bererem öýdemok, reanimasiýada-da, biçäre. Ine, şunluk bilen üçünji punkt tamam. Indi kiçiräjik bir ― «podpunkt» bar. Ony özüm tapdym. Iliň nädýänin-ä bilemok weli, men birhili özümçe plan, programma düzündim. Indi baryş-geliş, gatnaşyk kynlaşýar. Öňler «gelip dur» diýerdik. Soňraklar «käte» sözüni goýduk. Indi «jaň ed-ow, sesiňi eşidip duraly» diýýäs. Bazar ykdysadyýeti diýýäs, ulag meselesi, garaz, gatnaşyk aňsat däl-dä. Şonuň üçin, men aýalymyň joralarynyň, boýdaşlarynyň biziňkä gezelenje, oturmaga, gümür-ýamyra, umuman gybat biçmäge gelmesini aňsatlaşdyrmakçy bolýan. Her hepdede biriniňkä, ýetişsek ikisiniňkä aýalymy tirkäp niýetim özüm baraýmakçy. Ideýamy neneň görýäňiz?! Aýalym-a «şu «podpunkty» ýazma, ilde ýeser köpdür, öňürdip biziňkä gelerler» diýdi. Goý, görgüliler diliniň haýryny görsünler, gytçylyk, gymmatçylyk diýýärlerem weli, öýüňden çyksaň horluk ýok-la. Men-ä iliňkä barsam gytçylyk göremok. Bar kyýamat öýümizde, türkmeniň gözi açyk bolsa, saçagy açyk bolar, buýsanýas! Men ýene bir hokga çykardym. Aýalymyň doglan güni bilen 8-nji Marty bir baýrama öwüräýdim. Özümçe perman çykardym. Ýylda bir sapar ýüzi suwluja köýneklik alyp berýänden boljakdyryn öz-ä. «Akyşyň sakalyny» söz bermekden dilimizi saklasyn. «Bally Hajynyň garny», pensioneriň çatarmy gurby, «Atabaýyň dişi», goparaýmagyň bardyr işi! «Annagülüň meňi», «Jemalyň burny», «Leýlaň zülpi», «Gülşiriniň gözi». Haýsysyny halasaň birini tut diýýän. «Baryna derek panbarhat alyp beräý» diýýär. Eý-ho, olam üç müň manat-da! Görmeli-dä!.. Aýalym ýyllyk programma bir zat girizjek boldy. Olan uçýan tarelkany görkezmek. On-a boýun almadym. Tomsuna daşarda ýataý diýýän. ― Alyp gitseler nädeýin ― Arkaýyn bolaý, altmyşdan geçenleri alyp gitmezler. Olaň gözünde kileň ýaş gyzlar ― diýýän. Aýalyň sähelçe göwni bolýa diýip başda aýdypdyk. Olam ýöne gürrüň däl. sen oňa asmandaky Ýedigeniň birini alyp berjegem bolma, nahar iýen gap-gajyňy özüň ýuwaý. Aýalyňy elde göterjegem bolup azara galma, dükandan birgiden ýüki göterip gelýärkä öňünden çyk-dajyk ýüküni elinden alaý. Başga-da ownukly-irili kada-kanunlar köpdür. Meselem, erkek kişem ýal bilen deň hukuklydyr. Senem 8-nji Mart güni dynç alyp bilýäň. Ýöne aýalyň bilen ilki düşünişmeli. Käte şeýle ýagdaýam ýüze çykýar. Bir gezek meniň durmuşymda şeýle bir waka boldy. olam düşünişmezlikden ýüze çykdy-da. Aýalym myhmançylykdan ýadaw halda geldi. Ol gele-gelmäne: ― Nahar atardyňmy? ― diýdi. Menem: ― Ýok ― diýdim. ― Köýnegimi ütüklänem dälsiň? ― Ýok, haýsy köýnegiňi? ― «Bally Hajynyň» garnyny-da! ― Ýok. ― Saňa şu gün bir zad-a bolýar, kakasy. ― O-how, keýwany, şu gün 8-nji Mart ahyry. Aýalynyň hyzmatynda 364 gün hozanak bolup işlän erkek kişi 8-nji Martda bir bilini ýazyp bilmezmi! Aý, garaz, aýalyň näzine, erkek kişiniň işine gutarma ýok-da. Biziň ýokarda aýdan zatlarymyzyň ählisi, hälki bir, aýallara golaýlaşmagyň bärkije bismillasydyr. Olaryň göwün köşgünde şa boldugyň bilen iş gutarmaýar. Gaýry ýurtlardaky hemme şany, daşary ülkelerdäki ähli prezidenti tutuş il, bütin ýurt halap duranog-a. Şonda-da olar kemim bardyr öýtmän, perman çykaryşyp işläp otyrlar-a. Umuman jemläp aýtsak, aýalyň bilen «intim» bolmaly. Men bu sözi bilgeşlän terjime etmedim. Gojalarymyz, ýeňňelerimiz halamaz ýogsam bu sözi «has ýakyn» diýip terjime etsek hem bolardy. Intim bolmak üçin garaşmak gerek. Sabyrly, kanagatly bolmaly. Garaşyber, garaşyber, ahyry gün batar, iňrik garalar. Ýene garaşyber, «Orbitaň» programmasy gutarar. Garaşyber, daň atar. Radioda «dutaryň owazy» ýaňlanar. Kirpigiňi gaýşart-da ýene garaşyber, «Çar tarapdan aýdym-sazly habarlar» programmasy gutarar. Garaşyber. Gyş geçer. Ysmanakdan göklärsiň. Ýen-de garaşyber. Ine-de bir gün «pensiýa wagtyň ýetdi» diýerler. Pensiýa çyk-da üç pasporta garawullyga dur, «Ak goýun» toýuňa-da ýetersiň. Ýene-de garaşmalysyň. Üsgürip başlarsyň. Garaşyber. «Tiz kömek» gerek. Emma aýalyň göwnüne ýetmeli «intim» pursatyň hiç haçan gelmez. Şonda-da garaşyber. Molla geler... 8-nji Mart baýramyňyz gutly bolsun, gadyrdan zenanlar. «Aşgabat agşamy» gazeti, 06.03.1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |