11:13 Zermama -2/ powestiñ dowamy | |
ZERMAMA
Mistika we fantastika
Häzir onuñ gözüniñ öñünde ýeke dikrary janlanýar. Onuñ syrdam boýy, okara ýaly garaja gözleri, edil el bilen çyzylyp çekilen ýaly gaşlary, naýza ýaly kirpikleri hiç seredip doýduranok. Ene ogluna serede-serede "Munuñ bir kemi gelin" diýägetdin, çykmazmy gelinlik gözlegine. Oglam näme oña ýyrş-ýyrş edip, ernj bir ýere gelenok. Begenýär. Enäñ öz ýüreginde beslän maşgalasyny "Häýt, şu gelnim bolaýsady" diýip ýörenini tapmak oña kyn däl. Hudaýa şükür, onuñ özi üstüne geläýdi. Şol aý ýaly gelnini toý edip almakçy bolanda welin (Goý, ykbaly meñzeş bolsa bolubersin) ýeke dikraryny ýitirim etdiler. Hatda toýam etdirmediler. Nämemişin, Soltana uruş üçin gerek bolanmyşyn. "Meniñ gelne guwanyp, agtyk söýgülemekçidigimden habarsyz bolan bolýarlar". Ine, indem toýy baş bardyrmadyk ýeke dikrary bu gün ger, erte ger diýip garaşyp, gözi ýolda... Bir günem "Gel, men Soltandan çagamy özüme alyp gaýdaýyn, beýdip garaşyp oturmaýyn" diýip, gitmezmi gala tarap... Ine, at gaýtaryp bolmasa-da, oñ bäri ýanny tutup ýatan meýdan. Özüne-de üç täk dagy geçäýipdir öýdýän, ondaky laýyñ basgylanyp ýörenine. Diñe owrat ýeri örtülgi garaýagyz görgülileñ ertirden agşama şol yssygan bolup, haýdaşyp ýörşi. Sogaşyp ýatan batgadan "Lors" etdirip, aýaklaryny zordan alyp, gara derlerini her näçe seçelendirselerem ümzükleri ileri. Anha, olar işlerini birbada boldum edip dem alşa çykdylar. La-ýa-da leññerli örküjinden aslyşyp ötägitmeli kepbe ýaly agta öküzleri saldy-ra, sürgüläberdi iki sany jahyl, şatyrdadyp. Maýsa mama bolsa, öz ýitigini dynç alyp oturanlaryñ arasyndan gözleýär. Ýiti-ýiti seredýär. Emma işläsi gelip duran hyk-çoksuz ýigitleri soraglap ýygnan ussa Atsyzdan başgasyny görenok. Älhepus, onuñ yzgar galtaşdygy mesge ýaly bolup barýan ýeri gözläp tapyşyny diýsene... Hon-ha, beýlede laýyñ içinde işleýän öküzler. Agyr göwräñ tygly toýnagy bir myjaýar welin hoşuñ gelsin. Laý bolup syñraga düşme, syparsyñ, ölümiñ öýünde... Öküzler ahyrym duran durana döndi welin bularyñ ýanyna bir kethuda geldi. Ol laýyñ ýagdaýyny görüp, hal-hözir soraşyp, birdenem, bir penje tylla teññäni boldum edilip goýlan laýyñ içine sepeläp goýberdi, tohum sepilen ýaly etdi-de. Ine, onsoñ ýañky batga garylan o pullañ gözlegine girişilmezmi gaýtadan. Basgylanyp, gözlenip-gözlenip şeýle bir işlendi welin, haýran galyp dodagyñy dişläbermeli boldy. Şol irginsizlik bilen depgiläp ýörüşlerine ilki biri, soñ beýlekisi çykyp, sähel salymdan jemlenmezmi ep-esli teññe. Onsoñ ony "Indi-hä, garalaşyp, sanma-san bolaýsañ gerek" hantamaçylygy bilen kethuda tutsalar "Entejik işläberiñ" diýip, göwni bir ýaly asyl. Ahyrym görmedigi görde galanlaryñ sütüni süýniberende laýa sepilen teññeler tapylyp-tükellendi. Şeýdip eýlemi ýeten laýa mazaly dem beribem kepje bilen birki sapar agdaryp, üstünden bir salkyny geçirişlerine, soñundan kertip-kertip, eneleñ hamyry kendirikde öýüşleri ýaly, her birini gulaç gowrak edip süýerler. Soñam olary palansyz gatyryñ gerşine setirläbem, uçlaryny ýere ýetmäñ bäri ýany edişlerine äkiderler. Ýolda-yzda ýañky laýlar üzülip gaçmaly däl... Ine, onsoñ gatyrlardan düşürilen laýam gözi damaly dañylgy garry göherdiñ jygyldyly juwazyndan geçirip, urup ugrarlar galyba. Kölegede guradylan kerpiçlerem ýandagyñ ýalynna kemsiz bişirerler. Şañkyldap duran, berk kerpiçleri görmäge göz gerek, onsoñ. - Näme üçin men adamlaryñ ýüzüni açyp bilemok? Hany, meniñ ýeke dikrarym? - diýip, bulary synlap duran Maýsa mama gygyryp ugrady. Ol öz gykylygy bilen perwaýsyz adamlaryñ ünsüni çekjek bolýardy. Emma ýa-ha onuñ sesi daşa gidenok, ýa-da adamlaryñ hiç zada eli degenok. - Kerpiçleriñ her müñüsinden onusyny çekip, soñam suwa atmaly, üç gündenem gaýtadan terezä basyp görmeli. Eger agramy bolmalysyndan artaýdygy günäkäriñ ýüzünden sypalanjak däldir - diýip, bir ýerden Soltan Sanjaryñ sesi gelýär. "Hä, sesem gelýär, özem gelse gerek. Geliber bakaly, senden arymy almasam meñem heleý bolmadygym" diýip, Maýsa mama pikir etdi. Emma, häki kerpiçleriñ golaýyna mör-möjekdir, derdi-belañ birem gelmez ýaly, olary çogan suwuna ýatyryp duran ýeke dikrary, Myratjany Maýsa mamanyñ pikirini añdymy nämemi: - Eje, men dir-ä, ar almak nämäñe gerek? - diýip, soraýar. Dogrudanam, ar almak nämäme gerek! Hon-ha, ogly diri gezip ýör, gujurly gollary bilen işleýär. Ýüzünden burçak-burçak der dökülýär. Özem onuñ ýanjagazynda dur. Begenäýmeli ýaly. Emma ýüregi birhili birahat. Onuñ sebäbi, beýnisi çogdurylan Soltan Sanjaryñ diri gezip ýörmegi. Ol onuñ ýeke dikraryna bir zyýanyny ýetirer. Şonuñ üçinem ogluny bu ýerden tizden-tiz alyp gitmeli. - Ýör, oglum, gaýdaly bu taýdan, öýümize. - Eje, men işleýän-ä. Göreñokmy? - Gideli oglum. Dokuzyñy düzüwläýin, ölmänkäm. - Ýagşam bir... "Heleýde akyl bolmazlaryny" etdi-ow, bu garra! Men häzir onuñ dokuzyny başgaça düzüwlärin... Sakçylar! - diýip, bir ýerden ýetip gelen Soltan Sanjar gygyrdy. Maýsa mama seretse, onuñ depesi oýulyp duran ýaly. "Hä, daş bilen uran ýerim oýulyp dur-ow. Şonda-da onuñ ölmän, it janlylygyny edip gezip ýörşüni diýsene... Ýa, ýañadanam bir ýelmäýsemmikän?! Öz-ä jaýdar golaýyma geldi". Şo barmaba ýetip gelen sakçylara, Maýsa mamañ ogluny tutup, diriligine laýa garmany höküm eden Soltan Sanjar: - Goý, her bölegi tike-tike bolup, laýa goşulsyn, beýlekilere göz bolar ýaly. Suwa atylan kerpiçleriñ agramy bolmalysyndan artýanlygy üçin, içi öýjükli boşañ-köwekleç kerpiki guýanlygy üçin Soltan şu hökümi çykarypdyr diýip halka ýaýradyñ - diýdi. Ine, sakçylar sen-men ýok onuñ oglunyñ elini-aýagyny sarap, alyp gitdiler-de, laý garyp ýören kepbe ýaly öküzleriñ aýaklarynyñ aşagyna taşladylar. Owadan, ýüzi-gözüni laýa gardyran oguljygy näçe çabalansa-da bolmady, ahyrym öküziñ syñraklary oguljygynyñ garnyndan basyp, içegesini çogdurdy-da, laýly aýagyna çolaşdyryp alyp gitdi. Içege her üzülende, gyzyl gan atylyp, Soltanyñ geýimlerine ýelmeşýär. Bu zatlara seredip duran Maýsa mama birden aç möjek ýaly bolup Soltan Sanjara topuldy-da, uly ili bilen gygyrdy... (dowamy bar)... Amanmuhammet NEPES. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |