ZERMAMA
(powest)
Powest mirasgär Ümür Eseniñ "Soltan Sanjar söhbeti" diýen işinden alnan täsirlenmeler esasynda ýazyldy, käbir söz düzümleri bolsa üýtgedilmän alyndy.
Gyzaryp-gyzaryp Gün ahyrym dogdy. Dogşuna-da ýiti şöhlesini ýaýradyp-gyzdyryp ugrady. Hawa-da, hemme zat, ähli janly-jandar onuñ şöhlesine-gyzgynyna mätäç-dä! Sebäbi ondan güýçli güýç älemde ýok. Ähli zat oña garanyñda körek görünýär.
Maýsa mama sandyraklaýan göwresini zordan saklap, Gün gyzaranda öýünden örüpdi. Ol obanyñ gumaksy köçesinden aýakýalañ, sessizje ýöräp barýar. Gije birneme salkynlap toprak onuñ heniz köwüş garasyny görmedik çorly aýaklaryna diýseñ hoş ýakýar. Ol ýolboýy sagyna-soluna garap:
- A-l, ýüzügaralar, günümizi dogurtmajak boluşyp, çäşerişip ýatmañ. Bejit turuñ! - diýip, gygyrýar. Indi oña halys öwrenşipdirlerem, oba adamlary-ha! Maýsa mama Hudaý gün berse ir bilen şu ýerden geçip gider. Uzynly gün ho-ol ýedi ýoluñ çatrygynda oturyp-oturyp agşamyna yzyna dolanyp gelýär. Biri oña "Akylyndan azaşan garry" diýse, beýlekisi "Ýok, ol Soltandan ogly üçin ar aljak bolýar" diýer. Ýene biri "Hudaý, bize onuñ gününi görkezmesin" diýer. Garaz, näme diýselerem, ol zatlar bilen Maýsa mamanyñ işem ýok, pişesem. Günüñ ataşly peýkamlarynyñ ýeriñ aýak ujundan tümlüginiñ yzyndan ýetişi ýaly, Maýsa mama-da öz pikir-hyýallarynyñ yzy bilen. Şonuñ üçinem özüne aýdylýan sözlere kän bir pitiwa bermez. Her zadam bolsa, ol "Ärini "Çüw, atym edýän", bagjygy çözülgi ýakasy egnine düşüp ýatan dolmaç gelniñ öýüniñ gabadyndan geçende heder etmänem duranok. Onuñ ýok ýerden tapaýýan şum habarlaryny diñlese, göwnüne bolmasa, Günüñ dogmasy togtaýjak ýaly. Gelin ýalançylygy kesp-kär hökmünde däl-de, özbaşyna bir sungat hökmünde garaýar. Ýöne, Maýsa mama öz abasyndan sogrulyp nirä gitsin? Diñlemezligiñem çäresi tapylsa tapylardy welin, adam diýeniñ kellesinde bolýa-da, heseriñ ýamany. Kime, nämä gulak gabardyp, kimi mamla saýjagyny, kime gol ýapjagyny biler ýaly boldumy? Soluñ sogap sajyñ ejap. Diliñe erk edip bilmeseñ bolsa, käte peýdasyndan zyýany kän-dä.
Maýsa mama ädimini ýygjamlatdy. Esli ýöräbem, obadan ses ýetimlik daşlykda, ýoluñ gyrasyndaky gowakdan özüniñ taýagyny hem-de daşy zyra-zyra goşaýumruk ýaly daşyny aldy-da, ýedi ýoluñ çatrygynyñ ortarasynda çöküne düşüp oturyberdi. Soñky wagtlar dañy garasyny görmedik çal saçly kellesi saññyldaýardy, ýumulgy dodaklary titir-titir edýärdi. Gözlerine seret! Gözleri gan guýmady. Bu alañ-açyklyk ony hasam eleşan sypata getirýärdi. Keşp owarram. Maýsa mama häzir o zatlaryñ pikirinden has daşdaky adam. Ol häzir ýañky ýedi gapyda ýerlemedik ärini "çüw, atym" edýän albassyñam kellesinden zyñyp taşlardy. Onuñ bar aladasy, bar ünjüsi ~ şol çar tarapdan gelip gidýän ýollara seredip oturmak. Şu çatryga gelensoñ başga aladasy, pişesi ýok. Elindäki taýagyny irginsiz ýere dürtüp, daşynam aýasynda gysymlap "Hany, ady ýitmiş, şo myrryh? Näme üçin ol bu ýerden geçenok? Geçsin-dä gaýraty bolsa! Hany, o meñ ýeke dikrarymy urşa äkidip, guma gargylan peläket, Soltan Sanjar! Meñ tohumymy tüketdi, o göri ýaman? Şony bir görkezseñizläñ, maña? Şu daş bilen beýnisini çogduryp, taýagym bilen ýençgiläp, içimi bir sowadaýyn-la, jan guzylam! Wah, wah! Men bagtygara tapypberiñ-dä şony" ~ diýip, hüñürdäp otyr. Ine, onuñ bar pişesi. Köp wagtdan bäri şeýle. Şu günem şeýle...
- Aý, waý, ene! Beýdip oýurganyp oturmasañyzlañ! O-la, gaýtam, adamlaryñ üstünde kökenek, senem ony öldürjek diýip hak-heläk! - diýen Mahmyt arabaçy hüñürdäp geçdi. Maýsa mama oña çal başynam galdyrmady. Gaýtam, önki endigine görä ýatlamalar ummanyna gark boldy. Töweregini unutdy...
- Hawwa, olam bir mahal tolkunlap, akyp ýatan derýanyñ sag kenaryny ýakalan obanyñ iñ bir edepli, iñ bir görmekli, iñ bir sarmakly maşgalasydy. Biriniñ ýekeje gyzydy özem. Kakasy bolsa obañ abraýly kethudasy. Näme diýse göwni görlen gyz gaty özdiýenlidi. Asla, öýde onuñ edenine däl diýýänem ýokdy. Sazyñ ölemen aşygy bolan kakasy nirä gitse, onam ýanyna alardy. Şeýle bolansoñ, gyzda birhili ýigitlere mahsus häsiýetler peýda bolupdy. Muny kakasy kän geñläbem duranokdy...
Hawa, Maýsa mama şo güni hiç ýadyndan çykaryp bilenok. Çykarmazam. Öläýmese ýadyndan çykarmaz.
Bir gezek Maýsa kakasy bilen toýa gitdi. Öz obasynyñ iñ bir edermen ýigdekçesi, Hökümdar Alp Arslanyñ nökeri öýlenýärdi. Bu toýa dürli ýerden bagşylar üýşüpdi.
Bagşy bilen bagşynyñ tapawudyny gowy saýgaryp bilýän Maýsa bir bagşynyñ inçeden-inçe, öwrümli nagşa gaýmalanan kakýan barmaklary görünmese-de, Maýsa ol barmaklaryñ uzyndygyny bilýär, dutardan çykýan şirin owazyñ pessaý zarñyldysy töwerekde pelpelläp giñişlige siñip gidýär. Sergin sähranyñ hoşmut howasynda sazyñ beýhuş ediji owazy seni çölüñ tez marallary ýaly keýerjekledip, bökjekledip alyp barýar. Şol-a, çala göwni bölegi alybam gidäýjek. Emma Maýsa buguny burugsadyp oturan toý gazanlaryñ gaýra gapdalyndaky sekiz ganat ak öýüñ daşyndan gidip bilenok. Nädip gitsin... Bu belent howada, eşidilmedik şirinlik, ony obañ gyzyl horazlary dañyñ golaýa gelenini buşlap jar çekinçäler bu ýere dañyp goýdy. Onuñ gyz ýüregi bir zady syzan ýaly iki ýana urunýar. Şeýle bir urunýar.
Ine, öz sazyndan hoşallygyñ meýmirediji täsirine gaplanan bagşynyñ göwresi göründi. Ol öýden çykyşyna şol gidip otyr. Maýsa-da onuñ yzynda...
- Hany, bagşy, bir aýak çek-le? - diýip, Maýsa özüniñ nädip seslenenini bilenok.
- Näme? Asyl, men başymyñ salgyna şol gidip oturypdyrym - diýip, ýigit aýak çekdi.
- Wah, bagşy! Sen şol salgyna gidilýän başyñ gurbany bolaýyn. Men bir şirin sazyña muşdak natuwan... Diñe bir sazyña däl, özüñe-de. Hawa, geñ görme, özüñe-de men muşdak.
- Bo-o-how! Sesiñ owazly çykýar diýdim welin asyl sen...
- Hawa, men natuwan. Özem indi etimi dogramlap çişe düzselerem yzyñdan galjak däl. Geñ görme, aýdýanlarymy. Gyz maşgalanyñ şeýdip, erkimi aldyrdym, meñ seniñ sazyña - özüñe gurban diýip, özelenip durmagyny geñ görme. Belki, bi öñde-soñda görlen, eşdilen zadam däldir. Geñem bolsa, nätselerem, ykbal bizi duşurdy. Indi, aýrylyşma ýok, bize. Indi meni ýanyñda goýma - diýip, Maýsa hunubirýan boluberdi.
- Eneñ-atañ näme diýer...
- Atama özüm jogabyny bererin. Asyl, ony gaýra goýman bererin - diýip, Maýsa gyz kakasynyñ iýen duzy aýra gitmeýän hemdeminiñ ýanyna ýigidi idekläp eltýär. Oña şeýle-şeýle diýip, bolan ýagdaýy düşündirýär. Ol bolsa öz gezeginde sypaýyçylyk bilen Maýsañ kakasyna:
- Wah, ol gözi gurmuş Maýsañ-a, dost ýañky ezber sazandañ muşdagy men diýip durandyr. Indi nätmeli bor? - diýmezmi.
Bir käse çaý içim salym, garalaç sakgalynyñ ujuny oýnap, pikir derýasyna çümen kakasy: - Aý, näme dost, eý diýýän bolsa Maýsañ gañryşyna gidip bilmen. Bu onuñ tüýs diýäýjek zatlary. Ýöne, olar bir-birlerini tanaýamykalar beri? - diýen.
- Şo bagşyñ ugrunda köýüp ýör, beýleki diýip gulagym-a çalaja degýädi.
- Eýle bolsa, dost, "Gyzy aşygyna ber" diýipdirler. Çagyr olary bäri. Özümem bir göwnümi barlap göreýin.
Şeýdip, aşyk-magşuklary alyp gelenlerinde: - Gyzym, seniñ şu ýigidi söýýänligiñ çynyñmy? - diýip, kakasy soran.
- Hawa, kaka, men bu ýigidi söýýän. Bu meniñ Myradym.
- Eýle bolsa, gyzym maksat-Myradyña ýet. Ýöne indi Myradyña-da bir sorag berjek.
- Iki gulagym sizde - diýip, bagşy dillendi.
- Eýle bolsa, jan ogul diñle. Menden ogul galmady. Ýeke dikrarym ~ şu gyzym. Ejesi ir ölüp gitdi. Menem garrap barýaryn. Şonuñ üçinem, kim gyzyma eýelik etse şol ýurduñam eýesi bolmalydyr. Sen şoña razymy?
- Hawa, men siziñ ogluñyzam, giýewiñizem bolmaga razy.
- Onda, ýeke dikrarym señki - diýen gija daşary çykyp, - O-how, adamlar, şu günden menem toýa başlaýandyryn-how - diýip, jar çekdiripdir.
Şeýdibem, Maýsa Myradyna ýetdi, Myrat Maýsasyna. Bularyñ bagty edil dagdan gaýdan sil ýaly joşdy. Maýsa öz durmuşyna, ykbalyna şeýle bir begendi, şeýle bir begendi... Ýöne, arman, Maýsa gaty begenäýdi öýdýän. Bir zada aşa begenmelem, guwanmalam däl ekeni. Deñiz daşgynynyñ soñundan gaýtgynynyñ bolşy ýaly, adam ykbalynda-da şeýle meñzeşlik bolar eken.
Myradynyñ bir kem tapynyp, tarpa-taýyn dünýesini täzelemegi Maýsa üçin ilki ýalan ýaly boldy durdy. Özem, bary-ýogy bir aý ýaşaşanlaryndan soñ... Haçan-da ýalanyñ çyndygyna akly ýetensoñ ol özüni öldürmek isledi. Emma, Myradyñ ölümine ýüregi çydamadyk kakasy birden ýan berdi-de gidiberdi. Az wagtyñ içinde iki ölüm, iki aýralyk ~ Maýsany dälilik kaddyna ýetirdi... Ol indi, hakykatdanam, öz kastyna çykypdy. Kakasynyñ kyrkyny sowan gününiñ ertesi ol öz pygylyny amala aşyrmakçydy...
Emma, şol günüñ agşamsy ol ýatyrka düýşünde Myradyny gördi. Ol "Maýsam, meniñ dutarymy ogluma bergin, goý, olam meñ ýaly bagşy bolsun" diýýärdi. Maýsa tisginip oýansa, böwründe bir zat gymyldan ýaly eli bilen töweregini sermeşdirdi. Hiç zat ýok. Az salymdan ol zat ýene-de gymyldady. Özi bilmän eli bilen içini tutdy welin ~ gymyldy içinden gelýän ýaly. Birden Myradyñ "Maýsam, dutarymy ogluma bergin" ~ diýenini ýatlap, begenjeginem bilenok, aglajagynam. Göwresinde çaga galypdyr. Myrady göwresinde galypdyr.
Aý, garaz, ölmän gezip ýörse kyn günlerem geçip gitjek ekeni. Maýsañ ogly boldy. Adyna Myrat dakyldy. Ogul ösüp ulaldy. Kakasynyñ dutaryna eýe boldy. Ökde sazanda bolup ýetişdi. Kakasy ýaly toýlaryñ bezegi boldy.
Bir gün Maýsanyñ ýanyna bir gyz geldi. Onuñ görk-görmegine, edep-gylygyna söz diýer ýaly däl.
- Ýürejigiñdäkini döküber, gyzym, menden çekinme ~ diýip, Maýsa gyza göwünlik berdi.
- Ýüregimde hasrat köp - diýip, ol gürrüñ bermäge başlady. - Men aýdym-sazyñ ölemen aşygy. Onsoñ men... Men... Siziñ ogluñyzyñ inçeden-inçe, öwrümli nagşa gaýmalanan mukamyny diñläp doýup bilemok. Ol nirede toýda bolsa menem şol ýere gidip diñleýärin. Sazyna aşyk bolşum ýaly, onuñ özüne-de... Indem, ýüregim mynçgalanyp duransoñ, näme etjegimi hem bilemok.
Maýsa gyzy diñläp öz ykbalynyñ gaýtalanyp, öwrüm berip başlandygyny, indi onuñ öz nesline geçip barýandygyny añyp howsala düşüberdi. Eýsem, howsala düşmez ýalymy? Ykbalynyñ oglunyñ üsti bilen gaýtalanmagyny ol asla islänokdy. Şonuñ üçinem bu gyzy daşlaşdyrmalydy.
- Keýgim, sazyna aşyk bolanyñ-a gowy welin, meñ Myradymyñ öz ýüreginiñ halanjasy bar-da. Men oña şony alyp berjek - diýip, Maýsa sypaýyçylyk etdi. Şeýle diýmek bilen ol özüniñ ýüreginde besleýän başga bir oba gyzyny göz öñüne getiripdi. Nesip bolsa, şoña söz aýdyjy hem barmakçydy. Hatda bir gezek barypdam...
- Myradyñ öz-ä ony diýenok - diýip, gyz geñ galyjylyk bilen Maýsa seretdi. - Men öz ýüregimiñ syryny pynhan ýerde oña aýtdym. Ol bolsa özüniñ göwneýändigini, ýöne onuñ üçin ilki bilen sizi göwnetmelidigimi aýdansoñ, ýanyñyza gelşim. Indem... Men siziñ aýagyñyza ýykylaýyn, Maýsa eje. Bize ak pata ber. Özem, indi etimi çişe düzselerem onuñ yzyndan galjak däl. Men onuñ üçin janymy gurban etmäge taýýar - diýýän gyz garaja owadan gözlerindem merjen däneleri ýaly syrygyp gaýdýan gözýaşlaryny eli bilen sylmalydyram öýdenok. Gyz beýdip duransoñ, başga bir tarapdanam ýürek howsalasy artansoñ, Maýsa nätjegini bilmän ýaýdandy. Ol ahyryn:
- Hany, oglum bilenjik özüm gürleşip göreýin. Sen arkaýyn öýüñejik gaýt - diýip, gyzy rahatlandyryp ugratdy.
Bu ykbalyñ oýnuna seretseñizläñ! Edil şol günem, toýda saz çalhp oturan ýerinden onuñ ogluny Soltan Sanjaryñ nökerleri urşa diýip alyp gidipdirler.
Şondan soñ Maýsa mama ogluny görmändi...
Birnäçe wagtsan soñ onuñ öldi habaryny alanda welin, Maýsa mama bir gijede ruhy ölen adama öwrüldi. Ýer ýumruklap öz ykbalyna gargyndy. Hudaýdan "Bu näme etdigiñ?!" diýip sorady. "Jan Alla, näne üçin obamyzy hökümdaryñ köşgüniñ golaýynda ýerleşdiripsiñ, ol gyssanan güni garry-gurty diýmän, ýaş-ýeleñ diýmän, bagşy-sazanda diýmän, urşa diýip alyp gidip dur. Bolmanda bir daşrakda ýerleşdirmeli ekeniñ, şonda meniñ ýeke dikrarym diri galardy. Hany jogap ber, indi men nädeýin?! - diýip sorady. Soragyna jogap tapmanam ýene-de ýeri ýumruklady. Şol ýeri ýumruklap oturyşyna:
- Salamälik! - diýip, bir ýerden çykan mylaýym, mahmal sesiñ gelen tarapyna bialaç başyny öwürdi. Görse, orta ýaşlaryndaky bir mapraç, nurana ýüzli aýal ýylgyrjaklap dur.
- Aman-saglykmy, jan jijim! Hemme gurgunlykmydyr? - diýip, Maýsa zordan dillendi, soñam onu tanadymy, nämemi: - Bagty ýatan, uýam, bu senmisiñ? Sen nire, gyz, bu ýerleri nire? -diýdi.
- Aý, näme, jan dogan, wagt kerweni soragsyz-idegsiz geçip barýa-da. Bizem garraýas. Hopba edip ezeneginden asan jigilerim epeý adam boldular. Bir jigim-ä, tüweleme, şa boldy, demi daş ýarýar.
- O-na, jan jiji, bilýäs - diýip, Maýsa mama elindäki daşy hasam beter gysdy. - Ýöne, naçar aýal doganyndan habar tutmaýandan, "Oña daraýan-zoraýan ýokdur-da, hernä" diýmäni başarmaýandanam bir dogan bolarmy?
- Beý diýme, ýeññe! Beý diýme! Onuñ ýeñsesini gaşamaga eli degýän däldir. Aýt-aýt bir öýüñ keşigine, gäbini azdyryp gelýär. Ol bolsa eýlesi-beýlesi gözýetmez ummasyz ülkä baş bolup otyr. Şoñ üçinem oñ bilen deñ bolma sen.
- Wah, şoñ ýüzüne köz degsin-le - diýip, Maýsa mama öz ugruna düşnüksiz hüñürdedi, soñam: - Ol senden alty aýdan-a däl, alty ýyldanam, öläýseñem habat tutmaz. Tapdyñ sen, hal-hözüriñi soratjak adamyñy.
- Wah, beý diýmeseñizläñ, ýeññe! Sen bir sanaç uny artyk iýen-ä! "Bir dogan dözmez, bir dogran" diýägetdin geläýmesin birden.
- Gelmez, jan jijim, gelmez. Şol geläýse menem beýdip oturjakgäl-ä... Men onuñ...
- Doganjygymy göresim geldi-dä - diýip, ol aýal Maýsa mamanyñ sözüniñ arasyny böldi. - Şoñ üçinem ine, sag-salamatlygyny soraýyn hemem törpüme tutup, azak-tezek iñirdäýin diýip, tünegimden çykdym-da.
- Señem eñegiñi dyndarmanyny añyp durun-la, aýtmasañam. Näme, duş gelse käýinäýjegemmi?
- Hawa, käýinjek. Onuñ ýollam atlysy meni üç öwra talap gaýtsa neneñ käýinmejek.
- Bu, neneñsi gürrüñ bold-a! Ol öz uýasyny ulturdyp ýörmi?
- Hawa-la, jan ýeññe! Her gezek iliñ galçagyny gazap, garzynyp, diş-dyrnak bolup ýygnanja ýüñjagazlarymu ýuwup, tüýdüp, darap, ýañy bir otaga ýaly sümek edýän welin, göz agyrysy ýaly bolup gelýä-dä, ýañky gara atlysy. Özem "Doganyñ Soltan Sanjar ýetiribilenok, şol sümekleriñi beräýmeseñ" diýýä, ol bedasyl, onsoñ garagyñ eräp diýen ýaly, bitirýän-dä, möhümini.
- Ýa, dogan jan-eý! Señ deri ýagy bilen deri eýläp, ýetde-gütde güzeran görýäniñi bilýän-ä men. Asyl, ol kellekeser senem çürkäp ýör diýsene! Wah, men bilýädim-le...
- Ýöne, bu ýerde başga bir syr, başga bir hikmet bat bolaýmasa. Ýogsam-a...
- Syrmy-sapalakmy, garaz, üç gezek atlysy añk garbadypdyr-da, ýer urup, ýerde galan uýasyny... Ine, şoña-da dogan diýjeksiñ - diýip, Maýsa mama öz ugruna hüñürdäp başlady. - Doganyny şeýdenden nämä garaşjak diýsene! Wah, onuñ eden günäsi kän, günäsi. Ýeke meniñ tohumymy tükedeni bilen oñmandyr ol. Aýal doganjygyny hem maýyna getirip ulturadyp ýören bolsa nätjek. Ýene sorasañ, özüniñkini delile getirenem bor. Gör-ä, özi etmän gara atlysyny iberip. Eýsem, naçardan zat almak halalmyşmy? Ol, ojagaz ýüñüñ nä azap bilen gazanylýanyny, hemem agzyny Alla ýyrtan bendelere gün aýlarlyk bolýanyny bilmeýärmişmi?! Häý, göri ýanan diýsänim. Senem, gyz, dogry duragetdin, onuñ ähli bolşuny ýüzüne aýdaýma-la! Näme, oña gaýratyñ çatmadymy? Señem meñki ýaly, eliñ-aýagyñ bagly däldir-ä. Hä... - diýip, öz sözüne delalat isleýän ýaly, Maýsa mama töweregine garady welin, ýañky aýaldan nam-nyşan ýok. Eýýäm, nirädir bir ýere gürüm-jürüm bolupdyr. - Bi, ýalançynyñ gowgasy kän-ow. Ýadyña-oýuña düşmejek zatlaram bolaýýar birden... Hudaý meniñ Sanjara gargynyo oturanymy bilip, onuñ naçar uýasyny ýanyma iberäýipdir, çaky. Ýa, bi, bolan gürrüñler meniñ düýşümmikän, gyz? Öz-ä gelşi ýaly, gidende-de, göze görünmän ýitirim boldy. Meñem gäbim azyp ýör öýdýän. Düýş-huş bulaşdy. Äh-h, ýalançy, ýalançy... Ýalançy dünýä bi. Öñler bizden has akylly, has gowy adamlar geçip gidipdir-ä. Olaryñ aýtmadygy ýok. "Zamana düzelmän, ýaman düzelmez" diýenleri. Bir ýerinde "Namartlar ötmez" diýlenem bar. Diýmek, bu dünýäde, ýalançyda bizden başga ötýän zat ýok ekeni. Ýamanlygam dowam etjek ekeni, erbetligem... Ol-a dogry. Ýöne, özüñ özüñ üçin durmany başarmasañ, kim seniñ ýüzüñe sereder?! Hiç kim. Ine, men başga bir naçara "Şo haram, göri ýanan Sanjardan arymy alyp ber" diýsem, nähili bor? Bolmaz. Diýmek, men öz başymy özüm çaramaly, öz duşmanym bilen özüm göreşmeli...
Maýsa mama bu zatlary kellesinde aýlap otyr. Gözem ýumuk. Düýş-huşunam garyşdyrdy. Ine, bir görseñ, ol taýagyny at edinip Merw galasyma ýetip barýar. Özem, uçup barýar. Hawwa, hawa, uçup barýar. Atynyñ üzeññisini çala basdygy, aty ýere golaýlaýar, goýberdigi ýokary galýar. "Şü-ýä kemje-kerdem däl, indi o göri ýanany tapmak maña añsat düşse gerek. Indi sen menden sypmarsyñ, sypmarsyñ". Ol şeýdip uçup ýör welin, özüni gaty erkin duýýar. Ähli zatlaryñ, jaýlaryñ, galalaryñ, derýalaryñ üstünden uçup, islän ýerine gonup bilýär. Köçelerem ýokardan seretseñ gyp-gyzyl, bir uçlaram, hol añyrda, gür baglygyñ içine siñip-ýitip gidýär. Ýöne, añyrda, o göri ýananyñ gümmeziniñ golaýynda bir hili gözüñi gamaşdyryjy şöhleler bar. Ana, şol welin, birneme çekindirýär... Ol ahyram galanyñ diwaryndan ötüp, bir bezegli jaýyñ depesime gondy. Şol ýerdenem merdiwan bilen assa-assa düşdi. Ähli ýerden gülüñ ysy gelýärdi. Ähli ýerde-de gözüñu gamaşdyryjy şöhleler. Lowurdap duran diwarlar... Ol bir jaýa girdi welin görse, ortarada öz gözlegi, beýle ýanynda bolsa, eli köneje gülli ýaglyga düwlen sümekli bir zybyk gara atly kişi dur.
- Ýañy-ýakynda aýal doganym gelip, şeýle-şeýle diýensoñ, ugruña çykdym-da, ýörite, señ bilen duşuşmakçy bolup - Soltan Sanjaryñ sesi eşidilýär.
- Meñ ony ýönelige etmeýändigimi añdyñmy?
- Hawa, biriniñ beýdip, patyşañ ady bilen oñ naçar doganyndan sümek äkitmejekdigini süññüm syzd-a, çalarak.
- Eýle bolsa, bir bäriñe gara! - diýen kişi başyndaky telpegini, gyrmyzy donuny aýyrsa, ine, ýanyp duran gözi göwher, süññi jöwher, halal gaşly, hünji dişli, metda huşly, ýumry döşli, käkil başly, badam gabak, ýuka dodak, alma ýañak, babyr bilek, eli ýiti, kalby ýagty, şirin zyban, pisse dahan, aýdan ary, günden dury, edil ýag çalyp ýuwdaýmaly gyzyl horaz ýaly asman perisi... Bu ýagdaýa çetde, bir eli daşly, bir eli taýakly syn kylyp duran Maýsa mama hem añk boldy. "Soltan Sanjar diýseler, edep-ekramdyr girim-çykymy, şan-şöhratydyr abraýyça barmyka?" diýip, perem bolsam, seni synlamaga geldim. Görsem hiç neneñ däl ýaly... Eger meñ şertime kaýyl gelseñ, señ zagypañ bolup, eliñe suw akydyşyma, derdime ýaramakçy" - diýip, ýañky peri näz-kereşme bilen Soltana golaýlaşdy. Şu ýerde Maýsa mama "Barma, onuñ ýanyna, ol meni tüwmaýak goýan ganhor, ony öldürmek gerek, söýmek gerek däl" diýip, näçe gygyrýar welin, sesini özünden başga eşidýänem ýok. Olar bolsa eýýäm äbede-jüýje.
- Bäý-bä! Eýýäm "perim" diýip eýläñe geçirişiñ, işdäñ-ä, edil sogan iýeniñki ýaly ekeni welin, hernä, soñy eýgilik bolsun-da - diýip, peri ýylgyrmasyny goýdy. - Şertiñi aýt diýýäñmi? Ygraryñda tapylarmyñ? "Adamyñ eti haramam bolsa, lebzi halal" diýsene. Onda meniñ şertim şeýle: Ýörämde yzymdan seretme, bu bir, başymy daraýşymy görjek bolma, bu iki, dogran çagalarmy nädýänim bilen ýekeje-de işiñ bolmasyn, bu üç. Şoña razymy?
- Bor, şu şertleññä bitirmek meñ bile - diýen Soltan Sanjar ýañky perini gujagyna gysyp-gowrup alyp barýar. Peri onuñ gollaryny bilinden aýryp: - Howlukma, Soltanym, gije uzak, ýuwunyp-ardynyp tämizlenmeli - diýip, näz edýär.
- Bolýa, menem nökerlerime degişli tabşyryklary bereýin - diýip, Soltan gyssagly çykýar.
Maýsa mama seretse, peri ýöräp däl-de, ýüzüp barýan ýaly, aýaklary ýere degmeýärmiş. Onuñ, ho añyrda, kellesini eline alagetdin şirmaýy darak bilen, saçyny daraýşyny görende-hä, ol tas gygyrypdy. Hernä, agzyny tutup saklanaýdy. "Hä, bü-ýä tüýs bolaýdy, saña şeýe gyrnak gerekdi, Soltan. Sen indi, öz duşmanyñy tapansyñ... Ýöne, men näme üçin beýdip durun-a? Men näme üçin bi ýere geldim? Şu zatlary synlamak üçinmi ýa-da Soltandan ar almak üçin? Ýok, men gowsy Soltan Sanjary tapaýyn, onuñ beýnisini owradaýyn" diýen Maýsa mama ýañy iki ädim ädip ätmänkä, Soltan Sanjaryñ hut özi pere-pet gabat geläýmezmi! Bolsa-da, Soltan ony görenok, Maýsa mama bolsa görýär... Soltanyñ görk-görmegi, boý-syraty ilki aljyratdy, tas pälindenem el çekdiripdi. Bolsa-da, ýeke dikrarynyñ bagyr awusy aýgytly hereket etmäge iterdi. Ine, Soltan Sanjar ýylgyryp edil onuñ öñünden geçip barýar, zatdan habarsyz. Diñe elini aýlaýmaly. Diñe eliñi aýlaýmaly... Diñe eliñi aýlaýmaly. Ýaýdana-ýaýdana, Maýsa Mama gözüni ýumup, daşly elini Soltan Sanjaryñ kellesinden urdam welin, uly ili bilen gygyrdy... Şeýdibem ukusyndan oýandy. Irkiläýipdir. Oýanyp, töweregine garanjaklady. Seretse, edil gözüniñ öñüni bir gara tutup dur. "Bä, henizem oýanmadymmykam, janlarym, soñky günlerde beýle ýagdaý mende köp gaýtalanyp başlaýar-la... Ýa, başym çaşyp ýörmükä gyz" diýip, Maýsa mama hüñürdedi.
- Ýok-la, entejik seniñ başyñ çaşmaly-ha däl. Entek "Eden işiñ nusgalyk, gepiñ güwälig-ä señ" diýip, edil çat mañlaýynda orta boýly, at ýüz, şar gara saçlary seçelenip, egnine düşüp duran bir adam onuñ üstüne abanyp dur.
- Enweri şahyr jan, bi senmi? Sesiñ-ä şoñky.
- Edil özüdir, mama jan!
- Mamany görmäge geläýdiñmi, guzym!?
- Soltanyñ haýyşy üçin köşk gurmaga ussa gözleýän. Onsoñ geçop barýadym-da...
- Oña öñki köşkleri azlyk edýändir...
- Ýok, ol bu köşgi şol peri aýaly üçin gurdurýar. Ol peri ölmänkä "Meni, balalañy göresiñ gelýäniñ çynyñ bolsa, onda heniz görülmedik, kaşañdan belent bina saldyr, şarñyldap duran, özüne-de, depesi deşik bolsun oñ. Onsoñ pygyldyr päliño dogry tut-da, her juma güni öýländen soñ şol jaýyñ içinde garaş. Eger Hudaý halasa, biziñ kepderi ýasawynda gelägetdin, şo jaýyñ depesindäki deşikden saña didarymyzy görkezip gidäýmegimizem mümkin - diýip gidipdir. Soltan Sanjaram edil buýrulyp ýasalan ýaly guýumy dürdäne mañyzly maşgalasyndan aýrylansoñ, haly harap halda bagryny dilim-dilim edip, oñ zaryny çekip ýörkä, maña duşup ýüregindäkini dökdi. Menem "Onuñ ýaly bolsa, göwün melegiñdäki zatlary bitirmek biz bile" diýip, gurulmaly görülmedik kümmetiñ ähli tarakgasyny boýnuma çekäýdim. Şeýdip, onsoñ çykmazmyñ ussa gözlegine. Ilki men aýram-jöwrem bir ussa duşdum. Ol ýokdan bar edýän ussa ekeni. "Günde näçeräk kerpiç goýýañyz, örýän jaýyñyza?" diýsem "Alty ýüz" diýdi... Menem "Onda siz biziñ ussamyz däl. Bize sünnäläp-syntgylap, aýry gitse, ýüz elli-iki ýüz çemesi kerpiç örýän uçursyz çulum ussa gerek. Sen güne alty ýüz kerpiç goýýan bolsañ "Köp eden hyb" ederlige ýetip, pesinden altmyş ýerde harsallyga ýol berýänsiñ. Bize bolsa bäş gün däl-de, pesinden bäş müñ ýyl durjaj desga gerek. Şonuñ üçinem ýüz otdan yssam bolsa, sen öýkeleme. Biz özümize laýyk atlyrak bir ussa tapjak" diýdim. Şeýdibem, ussa gözläp ýörkäm Muhammet Ibn-Atsyz as Sarahsa gabat geldim. Oña "Siz eliñizden dür dökülýänleriñ iñ naýbaşysy, ussaçylygyñyza ýekeje-de söz diýen tapylmaz, ony aýny hata bilýän. Ýöne bir towakgam, Soltanyñ adyndan, kümmete gerek boljak kerpijem özüñ guýdur. Perwançylygyny pugta edägetdin, gumuny nirden alsañ al-da, küre gurap bişir kerpijiñi, oña çenlem näme, Soltan bilen o kümmeti nirede, nägeñsiräk edip gurmalydygynam gepleşip goýaryn - diýip gaýtdym. Indem, Soltana bu barada hoş habary ýetireýin diýip howlugyp barşym, mamajan. Ussañ özem yzymdan ýetip gelýändir.
- Howlugyp barýan bolsañ ýoluñdan galma. Bejit git. Ýöne Soltanyña-sa bardygyñ aýt: deri ýagy bilen deri eýleýän adamlaryñ elinden keçelik iñ soñkuja sümeklerini almanynda-da oññudy ýeterlikdir-ä, oñ. "Güne bir uşlyp gatlanan öý bitmezem, ýitmezem". Sen şuny Soltanyña aýt! Ýene-de Soltanyña aýt, onuñ nökerlerini yrýa edip zyñan çaññalakly ýüñ-şatragyndan, bagryñy oýkabermeli, otaga ýaly ýüñ taýýarladym. Birki sany ender kysmy keçe-de etdim ondan. Soltanyñ özi ýaly dimfik durandyr özem, asyl. Garyp düşen bolsa şolarmam berip biljek.
- Beý diýmäñ, garry mama! Eger ol adamlaryñ elindäki iñ soñkuja sümeklerini alýan bolsa şeýle goşgy goşarmydy!? Ine, diñläñ!
Paýhas eýeleri ~ ýaşuly neslim,
Men bendeden bir nesihat alsynlar.
Haçan döwlet ýoldaş bolan wagtynda
Garyplary goldaýanlar bolsunlar.
- Goýaweri guzym, goýaweri. Bulary özüñjik ýazyp berýänsiñ oña. Patyşa bolsañ seni şahyram edýärler, akyp duran akylam.
- Ýok, garry mama! Görýän weli, onuñ şahyrlygyndan siziñ habaryñyz ýok ýaly. Ine, diñläñ, men bir goşgusyny aýdyp bereýin:
Tygym dünýäni aldy,
Gürzim galalar saldy,
Oñ zarbyndan älem maba boýundyr.
Teniñ akyla boýun
Bolşu ýaly. Elimiñ
Yşaraty galalary geýindir
Otly köýnege. Aýak
Urşum syndyrar kimi...
Emma haçan ölüm hüjüm edende
Hiç zat kömek etmez,
Diýeniñ bitmez,
Hudaý alar janyny bu bedende.
Sebäp ~ müdümilik,
Ýaşaýyş, şa ~ mülk
Ählijesi degişlidir Hudaýa!
Degişlidir Biribara, Hudaýa!
- Aýdylanda many ýogam däl ~ diýip, Maýsa mama ylalaşdy. - Ýöne, beýle goşgular dili duzly, zehini daş ýarýan, meýlislerde Soltanyñ göwnüni awlaýan Mehseti hanymda gyryñ daşy ýaly.
- Onyñyz-a dogry, garry mama! Ýöne, goşgyñ Soltanynkydygyna kelläm bilen jogap berip biljek. Mehsetiniñ zehini barada aýdylanda bolsa, men öz gözüm bilen gören wakamy size gürrüñ bereýin. Arada Soltan at münüp, awa gitmegi niýet edindi. Ýyly otagda oturansoñ, onuñ howadan habary ýokdy. Şonda ol Mehsetiden daş çykyp, howañ ýagdaýyny bilmegi haýyş etdi. Mehseti köşgüñ eýwanyna çykyp seretse, gar ýagyp, ýeriñ ýüzüni ap-ak eden. Bu ýagdaý, elbetde, patyşanyñ islegine garşy bolansoñ, Mehseti dolanyp geldi-de, Soltanyñ göwnüni götermek maksady bilen:
Şahym, pelek bagt atyny eýerläpdir,
Patyşalar arasynda seni öwgüläpdir.
Tylla nally atyñ ýörän mahaly,
Aýak palçyk bolmaz ýaly, kümüş sepeläpdir ~
diýip, ýüzüniñ ugruna goşgy goşup goýberdi welin, köşk emeldarlary haýrana galdylar. Ýöne şygyr düzmekde Soltandan ussat bardyr öýdemok.
- Il arasynda "Soltan Enwerä uly hormat goýýanlygy üçin, birnäçe gezek onuñ öýüne pyýadalap barypmyşyn" diýen gürrüñ bar. Siziñ biri-biriñizi arşa çykarmakdan başga iş-pişäñiz ýok. Ondan-a, halka serediñ, halka!
Enweri esli salym sesini çykarmady, soñam:
- Garry mama, rugsat berseñiz men-ä gaýtjak - diýdi.
- Bolmanda-da indi gaýdarsyñ! Gaýtsañ, bar-da Soltanyña aýt! "Garry mamaña sende ary bar!" diý. Geçsin şu ýerlerden gaýraty bolsa.
Enweri garrynyñ sözüne kän bir pitiwa edip hem durmady-da, (sebäbi ol Maýsa mama beletdi) öz ezberlerini tellemäñ ugruna ýumlugaýdy.
Maýsa mama bolsa öz pikir ummanyndan gulaçlap ýüzüp barýar...
(dowamy bar)...
Amanmuhammet NEPES.
Mistika we fantastika