13:41 Zyýarat -11/ romanyñ dowamy | |
Ol Bibini garsa gujaklajak boldy-da, nirädir bir ýere güpürdäp gitdi.
Romanlar
– Boldy, indi başlaberiň! – Bu ses onuň gulagyna kerweniň janynyň düňňürdisi ýaly bolup eşidildi. – Nämä başlamaly?! Bibi! Nämä başlamaly?! – Ony galdyrdylar. Ol gözüni açanda süýji dumanyň içinde sülçiniň hem-de ýene iki adamyň gaýyp ýörenini gördi. Emma Bibini görmedi. – Hany Bibi? – Häzir, birki minutdan gelýär. Daşarda garaşyp dur. – Sülçi gyssandy. – Gurban, Bibem senden haýyş edýär, sen boýun alýaň gerek?! Gurbanguly süňňündäki süýji ýeňilligiň badyna yrandy. – Boýun alýan! – Gol çekýäňmi? – Gol çekýän! Sülçi elindäki kagyzy onuň burnunyň astyna gysdyrdy. – Ine, şu ýere gol çek! Gurbanguly görkezilen ýere goluny goýdy. Sülçi diplomatyndan kiçijik diktofon çykardy. Ony gyssanmaç stoluň üstünde goýdy. Soň onuň düwmesini basdy. Parahat gürläp başlady. – Sapargulyýew, sen özüňe bildirilen günäni boýun alýaňmy? – Alýan! – Indi gyssanmas-da gürrüň beriň, bu nähili ýagdaýda boldy? Gurbanguly häli aýtmaly däl diýip özüne söz beren, ýöne oýlanyp-ölçerip goýan pikirleriniň urusyny açdy. – Gara Garaýew garyndaşym. Ol meni aýalym bilen öýüne göçürip getirdi. – Soňra? – Soňra aýalyma azar berip, ony gorkuzyp, onuň bilen gezip başlady. Namysyma degdi. Namysyma degseler, dädem gabyrdan çykyp gelse-de çydajak däl. Men aýalymy onuň bilen tutdum. – Hawa, soň? – Soň aýalym bilen aýrylyşdym. Emma namys ody içimden çykmady. Soň ony öldürjek boldum. Bolmady, tutup bilmedim. Soň daçasyna gitdim, tutaryn öýdüp. Gapydaky paltany alyp, ikinji etaža çykdym. Özi ýok eken. Ogly Garaýew Çary ýatan eken. Onuň kellesine palta bilen berdim-de, gan hala damasyn diýip, kellesini köýnegim bilen pugta daňdym. – Ýüpi nireden aldyň? – Şol ýerden tapdym. – Soň?.. – Soň äkidip, hapa guýulýan çukuryň çoýun gapagyny aýryp, meýdi şoňa taşladym. Täşliýew bu adamyň ýazyp beren tekstinden çykman gürleýşinden razy boldy. Ýöne onuň bu soragy has berkidesi geldi. – Sapargulyýew, sen bu işde başga kimi garalap biljek? – Diňe özümi! – Seni gören, saňa kömek eden, ýa bolmasa «beýtme» diýen bolmadymy? – Bolmady. – Sapargulyýew, seniň bilen sorag gutardy. Sülçi diktofonyň düwmesini dabara bilen basdy. Gurbanguly soragyň çaltrak gutararyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Çünki häzir onuň irkilesi, ýaňy bolup geçen üýtgeşik pursaty gaýtadan göresi gelýärdi. Bibiniň garaşyp duran didaryna gaýtadan gowşasy gelýärdi. Ol milisionerleriň öňüne düşüp barsa-da, göwni ganat gerip, uçup ýören ýalydy. Ol ýerine geçip, guş, ýaly uklady. Ony daňdan Han aga oýardy. – Tur-aýt, hany, hoşlaşaly! Gurbangulynyň ýerinden galasy gelenokdy. Ol oýandy-da, ýene beýlesine öwrülip ýatdy. Emma gözüne uky geler ýaly däldi. – Han aga! – diýip, ol ýuwaşja gürledi. – Näme diýdiň? Han aga begençli gürledi. – Men-ä nesip bolsa, goýberäýjekler gürrüňi bar. Ýöne bularda messep barmy? Milise bilen biziň direktorymyza günüň galmasyn. Gurbanguly agyrydan ýaňa şatylap duran kellesini iki eli bilen tutup, onuň narasyna geçdi. – Agam, bagtym ýatdy. – Näme, boýun aldyňmy? Gurbanguly gyzyl wawwa bolup duran elini görkezdi. – Nämedir bir zat sançdylar. Ýöne samrap otyryn. – Ol eňredi. – Gurbanyň bolaýyn, Alla jan, sadagaň bolaýyn Şyblan baba jan, eziz şehitler, meni şu beladan dep ediň! Adyňyza döneýin, ýetişiň... – Hany, goý! – diýip, Han aga dözmän, Gurbangulynyň başyny galdyrdy. – Sen beýdip, loly heleý ýaly iriňli iňläp oturma. Gel, oýlanaly, kimiň bar? – Haýsy hossaryň bar, degerliräk?.. Gurbanguly çatlap barýan başyny iki dyzynyň arasyna salyp, elenip oturyşyna: – Hossar ýokdur, agam! – diýdi. – Ýerden ýeke çykanmy? – Hawa! Hakykatdan hem ol bu dara-direde-hä däl, uzak gün oýlananda-da degerli hossar tapyp biljek däldi. Eýsem, ile gürrüň bolup, munça ýyl görüşmedik agasyna «Men türmededirin, halas etsiň» diýip habar ýollasynmy? Ýa Patmadan, Anýadan delalat islesinmi? Ýa kölegesinden gorkup ýören redaktoryndan kömek hantama bolsunmy? – Degerli hossarym bolan bolsa, meni şeýdermidiler? – Beý-be! – Ýaşuly ýigidiň alaçsyzlygyna gynandy. – Etmedik zadyňa «men etdim» diýip oturyberdiňmi? – Alaç galmady. Ýaşulyny başyny ýaýkady. – Gara bagtymy özüm ýatyrdym diýsen-e. – Ol bir salym oýa batyp oturdy-da, başga hörpden gopdy. – Aý, hawa-da, alaçsyz bolsaň, başga näme edersiň?! – Itiň alaçsyz bolmasyn. Bular sen boýun almanyňda-da janyňy jähenneme iberip biljek. Men öň şeýle diýseler, gaty bir ynanyp baramokdym. Öz başyma düşdi, beter eken, beter... Gurbangulynyň kellesi açylyşyp başlady. Ol birden ýerinden turdy. – Han aga, şäherde Gastello diýen köçäni taparmyň? Jygyldygyň köçesi! Ýaşuly onuň ýüzüne garady. – Nesip bolsa, şu ýerden bir salymy saýlap bilsem, Meskewännň Gastelle köçesinem taparyn, saňa gerek bolsa... Gurbanguly ýuwdundy. Şol köçäniň jygyldyga direýän ýerinden gündogarlygyna gara! – Garadym. – Üç sany jaý bardyr. – Aýdyber, şol ýerde Göki molla diýip sylaýan adamymam oturýar... Gurbanguly ýaşulyny gujaklady. – Sag bol, agam! Şol Göki molla meniň ýagdaýymy aýt. Pelek işidir. Meni atyp goýberseler, olam eşitse: «Ol-a bir haramzada eken» diýmesin. Men onuň saçagynyň başynda iniharamam oturan däldirin. Lebzimem öň nähili bolsa, häzirem şonuň ýalydyr. Meniň beýle haýynlyga elim barmaz. – Gurbanguly diýjek zadyny diýip bilmän eňredi. – Meni ýamanlykda ýatlamasyn. Iki dünýäm razydyr ondan... Han aga ony saklady. – Bor, oglum, görýäň-ä, menem bir biçäre. Direktorymyz Çaryýew meni öňem bir halap baranokdy. Seniň makalaň gazetde çykandan soň, meni din duşmany saýdy. – Sowhozdan gümüňi çek! Ýogsa, ataňy-babaňy gözüň öňünde oda köýdürerin diýdi. Aýdanyndan hem beter etdi, gurrumsak. Skladymy otladylar. Döwletiň nijeme zady, iliň nijeme yrsgaly harama çykdy. Aý, gurrumsak, seniň näme kastyň bolsa mana et. Il-günüň yrsgy bilen näme işiň bar seniň?! Meni getirip bäri dykdylar. Meniň näme günem bar diýsen-e?! Men ol gün Aşgabada, biriniň belli gününe gidipdim. Ýanypdyr, sönüpdir, habarym ýok. Ýekşenbe güni agşamsy eşidip galdym. Meniň bolsa anna güni gaýdyşym... Ýaşuly gaharly nazaryny kameranyň penjiresine dikdi. Soň, birhaýukdan gussaly pyşyrdady. – Mert bol-da, inim. Men başga neme diýeýin. Mert bol, ärler-pirleri çagyryber. Belki, Hudaý... Şondan köp wagt geçmänkä Gurbangulyny başga türmä geçirdiler. Özünem ýeke adamlyk kamera saldylar. 26. – Bissimilla! – diýip, Gurbanguly maşynyň gazyna basyp ugrady. Sumbar jülgesiniň sapaly demi göwnüňe ganat bitireýin diýýärdi. Maý aýynyň başy bolansoň, howa heniz beýle bir yssy däldi. Düýn bu ýerlerde ýagyş ýagana çalym edýärdi. Derelerden bulaklar buldurap, belentden aşaga inýärdiler. Daglaryň ýüzüniň ýaşyly heniz gaýtmandy. Aýyň üstündäki daglar ýaly bolup oturan depeler görenleriň aklyny haýran edýärdi. – Diňe Garrygalada duş gelýär. Dünýäniň başga ýerinde ýok – diýip, Sopyýew Çaryýew tarapa gaňrylyp-gaňrylyp aýtdy. Gurbanguly käkiligiň sesini eşitdi. – Ine, indi hakyky Sumbar boldy – diýip, ol sähel mümkinçilik tapdygy gaýalary, gasmaklary gözleri bilen eleýärdi. – An-a, käkilik! – diýip, kimdir biri seslendi. Gurbanguly ol käkiligi görmedi. Ýöne şol täsin guşa gözi gitdi. Ol-a ynsan bolup, öz dogduk diýaryndan alysda entäp ýör. Käkilik bolsa guş! Şonda-da öz dogduk diýaryndan göçüp gidenok. Gurbangul-a nirädir bir ile güm bolup gitmeli. Ol guşam mähriban deresinde galmaly. Onsoň, kim haýwan, kim ynsan! Ol gama batdy. «Käkilik ýaly wepaly guş ýokdur. Öler welin, doglan deresinden gitmez. Ölse-de çyn, mert awçynyň okundan öler. Henize çenli bir awçam käkiligi tilki-şagalyň alanyny ýa-da zawlaryň aždarha çykan ýylanlarynyň käkilik awlanyny gören däldir. Onsoňam, ýeke çykan käkilik görmersiň. Ýanynda kowumlary, hiç bolmanda, taýy bardyr. Şolardan azaşsa ol gaýalary ýaňlandyryp zaryn saýraberer. Zaryn saýradygam, görseň, beýleki käkilikler oňa garşy ýorgalaşyberer, saýraşyp: «Biz bardyrys!» diýýän ýaly. – Eti ýaman süýji bolýar-ow! – diýip, Gara Garaýew Çaryýewe ýalynjaňlyk bilen ýylgyryp aýtdy. – Ylaýta-da palawa atsaň... – Netikaza – diýip, Gurbanguly gaharly oýlandy. – Ne gözel ilde, şu gözelligi synlap, kellesine garnynyň gaýgysyndan başga pikir gelýän däldir-dä! Gaýanyň ýüzüne Magtymgulynyň goşgusynyň beýdi ýazylypdyr: «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen, Namart özün gözlär myhman ýoluksa!» «Aklyňa döneýin, eziz babam, garyp ogluň saňa zyýarata barýar. Medet ber, sag-aman baryp geleliň. Egnimde näçe adam, sana umyt baglap, seniň ruhuňa köňül baglap barýar. Ýol ber, güýç ber ogluňa... Ýol Etrege tarap sowuldy. Garrygala gelýän, Etrege gidýän asfalt ýol soňky ýyllarda edilen gowy işleriň biridi. Bu ýollardan maşyny keýpine sürüp oturmalydy. Gurbanguly maňlaýyndaky uly aýna garady. Adamlar rahatdy, bagtyýardy. Olar häzir magnitofon lentasyna ýazylan sazlaram, süýji-süýji aýdymlaram diňlänokdy. Olar häzir öz köňülleri bilen ýeke-täk galypdylar. « – Aý, köşek, häzir özüň utanman orta çykyp bilseň, il seni göterjek. Saňa «şu edýäniň nädogry» diýjeg-ä tapylmaz» diýip, Göki aga aýtmaýarmydy, näme?! Dogrudan hem, şu wagt magnitofonda islendik sazy goýberiber, «How, bu ýerler pygamber nazary düşen ýerler. Şu ýerlerde bir öz göwnümizi diňläliň-le» diýjek tapylmaýar. Gaýta, gowy saz diýerler. Bu adamlaryň arasynda Göki aganyň ýoklugyna Gurbanguly gynandy. Ýogsa, çyn ynsaply, lebzi täretli Magtymgulynyň gubruna zyýarata gitmeli bolsa, ilki bilen şolar ýaly adamlar gitmel-ä... «Wah, sen oba gitmeli däldiň, Göki aga. Sensiz meniň daragtym solan ýaly boldy...» Göki aga Wasda gezip ýörkä-de ýöne ýatanokdy. Ol geçen gyş söwda gelenlerden bir halta tüwi, bir depbe künji ýagyny, ýarym halta mäşi Gurbangulynyň öýüne iberipdir, görgüli... «Nesip bolsa, zähmet rugsadyna çyksam, ýanyňa barar gaýdaryn, atam!» – Sen Göki mollanyň nämesi? – diýip, Göki aganyň berip goýberen zatlaryny alp gelen sorady. – Hä, näme boldy? – Aý, ýok-la, Aşgabadyň pylan ýerinde oglum bar, şona gowşur diýdi, ýaşuly. Şondan soraýan. Myhmanyň göwnünde zat ýokdy. Şonuň üçin Gurbangulam göwünjeň jogap berdi. – Hawa, men şonuň ogly!.. Myhman bir iňkise gitdi. – Ogly ýok, öýlenen badyna ýogalypdyr diýdiler-ä, dagy. Göki aga çagalary barada gürrüň bermezdi. Ýöne ol göçmeli güni zatlaryny wagona saldy-da, daş çykdy. Soňam bir çüňkde oturyp, tebärek okady. – Balalarymy saňa goýup gidýän, Aşgabat! – diýdi. – Göýä, olary sende jaýlamaga getiren ýaly boldum-da. Razy bol, başlaryny ynjytma. Ýa nesipdir, indi ýa gelerin, ýa gelmerin... Ol bozuldy-da, gözüni tutdy. Onuň barmaklarynyň arasyndan syrygyp gaýdan damjalar ýere şarpyldap düşýärdi. – Iki oglum, bir gyzym bardy, gelenimde. Gyz-a ýaş üstünden gitdi. Uly oglumy öýerdim. Öýlenen gijesi bir dert tapdy-da, bir hepdä ýetmän, bizi taşlap gitdi. «Jaýyňda al-arwah bar» diýdiler. Nebir howlymy mekiriň jaýyna çalyşdym. Iki ýyldan soň kiçimi öýerdim. Olam öýlenen gijesiniň ertesi: «Eje, men düýşümde aždarha öldürdim» diýip gygyryp oýandy. Asyl, aždarha diýip bogup ýatany, agşam nika gyýlan gelni bolsa nätjek. Gelnini öz eli bilen şeýdenini bilibem, aklyndan azaşdy, neresse. Dälihanada iki ýyl ýatybam, bu-da gitdi bizi taşlap... O jaýdan hem göçdük. Gelip şu jaýy gurundyk. Köşek, sen maňa gürleme diý. Gürlesem içim doly dertdir. Bu ýer durşuna çagalarymyň mazarydyr. Iç bolsa tütäp durandyr. Indi, ata-babamyň ojagy meni ýylytmasa, ýüregim buza döndi, gitmesem...» Ýaşulynyň Gurbangula iň soňky sargydy: «Mert bolgun, daş bilen urany aş bilen urgun!» bolupdy «Biri sag ýaňagyňa urjak diýse, çep ýaňagyňam tutup bergin. Hudaý bardyr, Hudaý bardyr...» Göki molla diýseň, oňa her hili göwnüýetmezçilik edýände bardy. Ýöne ol Gurbanguly üçin Hydyr atady. – Sen eşidýänmi? – diýip, kimdir biri Gurbangulynyň ýatlamalarynyň arasyny böldi. Ol alynky aýna garady. Ýeňsesinde Sopyýew durdy. – Men seni işe aljak diýýän. Aşgabada barsak. Seni özüme işe alýan. Men seni taparynam, alarynam. Gurbanguly ýylgyrdy. – Öň-ä dynyp bilseň müňde-bir razydyň menden. Indem meni akademiýa işe aljakmyşyn...» «Dogrudan hem, instituta işe gel diýip dursa, näme diýerkäm? Dissertasiýam-a taýýar dur. Indi näme, iň baryp bolmaýan Eýrana ýol açyld-a. Meniň temamyň hem çilesi açylaýady-da. Kandidatlyk minimumlarym tabşyrylan. Makalalarym, onda-da nähili makalalarym çap edildi. Awtoreferatym taýýar. Ýöne goraýmaly, Sopyýew adamçylyk edip, Hudaý hem «Lepbeý!» diýse, bolany dälmi?» Sopyýew onuň hoşwagt ýylgyrýanyny görüp: «Bolýarmy?» diýýän manyda baş atdy. Gurbanguly hem şol ýylgyryş bilen «Bolýar!» diýen görnüşde baş atdy. Soňam institut baradaky süýji ýatlamalaryna gark bolanyny duýman galdy. 27. Türmeden gaýdan soň Gurbanguly redaksiýa bardy. – Ýo-ok, ýok, men beýle gepleşmändim! – diýip, redaktor başyndan gum sowrup başlady. – Koneçno, ol ministr, men ony sylaýan. Ýöne kanun meniň üçin esasy zat! Redaktor ony dekabryň ahyryndan däl-de, birinji noýabrdan işden çykarjak bolýardy. Gurbanguly Muhammedowa jaň etdi. Şondan soň ol ýaşulynyň özi redaksiýa geldi. Şeýdibem, Gurbanguly birden bäş ýüz manatly boldy oturyberdi. – Meni hiç bolmanda, mekdebe ugradyň. Men redaksiýada işläp biljek däl – diýdi. Emma işiň, okuwyň ortarasynda, üstünden ýyl ýarym geçen naprawleniýäni bir ýerlere ibermegi prorektor kyn gördi. Şu döwürde Gurbangulynyň ugrundan ýaşlaryň birnäçesi aspirantura alnypdy. Prorektoryň bu tarapdan hem müýni ýok däldi. Ol Gurbangulyny bir ýerlere ýerleşdirse razy boldy. – Hany, ertir bir gel, men institutlardan habar tutaýyn! – diýip, ol gürrüňi janlandyryp goýberdi. Gurbanguly lapykeç halda öýüne bardy. – Bolmasa, Golýazmalar institutyna baraýsan-a – diýip, Göki aga maslahat berdi. Iň bolmanda, arapçany, Magtymgulynyň diwanlaryn-a öwrenersiň. Gurbangulynyň häzir iş dannawy ýokdy. Golýazmalar instituty bolsa onuň huşunda-ha däl, düýşünde-de ýetip bilmeýän arzuwydy. Göki aganyň özem käte bu institutda güýmenen bolýardy. Alymlar haýsydyr bir golýazmanyň setirini okap bilmeseler, manysyny çigitläp bilmeseler, Göki agany çagyrýardylar. Onsoňam, Göki aganyňky ýaly hat bu etraplarda hiç kimde ýokdy. Ol arap hatynyň ähli ülňüsi boýunça aýdyp-diýip bolmajak derejede owadan ýazýardy. «Eýrandan, Duşenbeden, Kairden Golýazmalar institutyna gelen myhmanlar Göki aganyň ýazan nusgalyk hatyny görenlerinde haýran galmadan ýaňa içlerini çekiberýär» diýip, institutda gürrüň edýärdiler... Razy bolsaň, men oglanlar bilen gürleşeýin. – Wah, gürleşsen-e, jan aga! Ýaşuly ertesi gowy habar bilen geldi. – Sen direktoryň ýanyna barsan-a. Gurbanguly şol wagt ugrady. – Instituty nähili gutardyň? – Gyzyl diplom bilen! – Arapça ýazyp bilýänmi? – Ine! – Gurbanguly arzasyny onuň öňünde goýdy. Direktor gözlerini gaýta-gaýta gyrpyldatdy. Soň kagyza gorkuly garady. – Düşünmedim! Düşünmedik zadyma düşünmedim diýerin! Bu näme?! – Meniň işe alynmagymy sorap ýazan arzam. – Gurbanguly begençli aýtdy. – Dogry, hä, indi düşnükli boldy. Sen, hälki, direktora göz görkezeýin diýipsiň-dä. Arzaňy arap hatynda ýazypsyň-da... Ol gözlerini ýumjukladyp kagyza garady. – Gözüm görmejek bolýar. Bu-ha, arza. Diýmek, nirede galdyk?! – Ol elindäki kagyza ýene bir gezek garady-da, başyny ýaýkady. – Hatyň-a gowy eken. Gurbanguly Sopyýewiň hoşamaýlygyndan onuň özüni işe alaýmagynyň mümkindigini aňyp galkynyp gürledi. – Arapça ýazyp bilýänimi soradyňyz. – Dogry, okabam bilýäňiz. Bu ekzamendenem geçdiňiz. Ine, indi aýdyň, uniwersitet sizi nirä ugratdy? Gurbanguly direktoryň köne saman sowrup başlamagyny gowulyga ýormady. Ol şu ýerde oýlanyşykly jogap bermeseň, bu adamyň özüni sapana salyp, uçuryp goýberjegini aňdy. – Uniwersitet meni aspirantura galdyrdy. – Onsoň? – Aspirantura-da meniň ugrumdan ýer berlenok. – Kim ýer berenok? – Gosplan. – Onsoň? Ol wagtlaýynça «Sowetleriň sesi» gazetiniň redaksiýasynda işländigini, indem garaşmakdan halys bolandygyny, özüniň gazet işine däl-de, ylma baş goşasynyň gelýändigini aýtdy. Direktor şatyr-şutur trubka ýapyşdy. – Men Sapargulyýewi işe alsam, öýkeläp durmarsyňyz-la, Mämmet jan! – Ol ýylgyrdy. – Özüň ýaly gowy oglan haýyş etdi. Gowy işgäriň hemme kişä gerekdigini bilýän. Ýöne öýkeleme. Ylma has gowy işgärler gereg-ä. Ol gara dere batyp trubkany goýdy. – Beh, seni gaty öwýär-läý. Zordan razy etdim. Ýa soň göz öňünde tutarsyň?! – Ol arzany iki barmagynyň arasyna alyp galdyrdy. – Han-ow, seniň aspirantura iberilen hatyň ýok-la?! – Men ony redaksiýa beripdim. Direktor uniwersitetiň prororektoryna ilgeziklik bilen jaň etdi. Ol ýarym sagada golaý gepleşdi-de, trubkany goýdy. – Bäh, seni ýaman öwýärler-läý. Ol Gurbangulyny işe almaga razy boldy. Oňa iki sany arza ýazdyrdy. – Birin-ä kiçi ylmy işgärlige ýaz, birinem umumy ýaşaýyş jaýdan bir otag sorap... Gurbanguly uniwersiteti tamamlanda-da munça begenmändi. «Eý, Allam, munça-da bir şatlyk bolarmy? Meni ahyrsoňunda şeýle şatlyga duçar etmek üçin jebir baryny görkezen ekeniň-ow. Indi, nesip bolsa, janym bilen işlärin. Ömrümi ylma sarp ederin. Nesip bolsa, ine, sanlyja ýyldan: «Han-a, şol barýan gaty uly alymmyşyn!» diýdirerin. Meniň dawa bilenem, plan bilenem, kemçilik bilenem işim ýok. Redaksiýa, Patma, Gara Garaýewiç maňa sapak berme kemini goýan däldirler. Indi bir mana rowaçlyk ber. Alla jan!» Ol Göki agalara garşy pyýadalap barşyna, aldygyna samyrdaýardy. Adamlar, gözlerini ýaşardyp, samyrdap barýan bu ýigide geň galşyp garaýardylar. Gurbanguly bolsa häzir dünýäsini undupdy. Onuň agramyny häzir diňe şu şaýol duýýardy. Mundan birnäçe aý öň eginlerinden dag asylan ýaly bolup, ýegşerilip barýan ýigit, häzir ýelgamak ýalydy. Ol bu wagt ýola agram salanokdy. Gaýta, ýoluň ýükünem alyp barýardy. Ol öň hasratyny egismek üçin pyýada ýörese, bu gün şatlygynyň ömrüni ýene-de sähelçe uzaltmak üçin şaýola pyýadalap düşüpdi. Öň dünýäniň derdi onuňky bolsa, häzir älemiň ähli şatlygy onuň bilen bile barýardy. «Meni instituta işe aldylar!» Bu süýji habar her sekuntda onuň kalbyndan petde-petde şatlyk çemeni bolup atylýardy. Şatlyk şerbeti bulak bolup onuň depesinden eňterilýärdi. – Meni instituta işe aldylar! – Ol öýe girenden soň bu sözlemi bir deminde aýtdy. Özem heziller edip güldi. Megerem, Göki aganyň bu öýi gurlaly bäri şeýle gülkini, şeýle şatlanan adamy görme-dik bolsa gerek. Amansoltan ýeňňe aňyrky otagdan ýüregi ýarylan ýaly bolup geldi. – Eýgilikmi, jan ogul?! – Meni instituta işe aldylar. – Wah, balam, bolaýypdyr! 28. Iş Gurbangulynyň göz öňüne getirişindenem müň esse gyzyklydy. Beýlekiler hepdede iki gün, sişenbe hem-de anna güni işe gelýärdiler. Gurbanguly welin, rugsat berseler gije-de institutda ýatmaga razydy. Ol golýazma bölüminiň müdiri Müdris aga bilen çaňa bulaşyp ýatan diwanlaryň bir ýanyndan girip ugrady. Bu bölümiň iki otagy durşuna hazynady. Onda heniz ady-sory bilinmedik, gaty açylmadyk diwanlar ýatyrdy. Oglum, munda Adam atanyň hatyndan Körmollanyň diwanyna çenli, ähli ylym bolmaly diýip, ýaşuly her bukja açylanda, üsgürip-asgyryp aýdýardy. Tutuş institut bolup, onda-da segsendenem köp adam işläp, şu golýazmalaryň, iň bärkisi, ýazgy-katalogynyň hem bolmazlygy Gurbangulyny az geňirgendirenokdy. Institut institut dagy däldi. Konferens-zaly, ýedi otagdan ybarat sergi zaly, dikeldiş kompleksi, köpeldiş, surata düşüriş, filmoteka bölümleri, çapa taýýarlaýyş, çaphana ugurlary hem şonuň içindedi. Olardan başga-da dürli döwri öwrenýän on bölüm bardy. – Şunça bölüm, şunça işgär bolup, kartotekanyň bolmazlygyna haýran galýaryn – diýip, Gurbanguly içindäki oýuny daşyna çykardy. Müdris aga çygly ýerzeminde köpräk otursa titräp başlaýan barmaklaryny owkalaşdyryp oturyşyna: – Wah, kim etsin? – diýip, geň sowal berdi. – Şeýle görseň, hemmesi işli bularyň. Işleri düşse oda gelen ýaly bolşup: «Müdris aga, pylan hili golýazma gerek, çaltrak tapyp bereweri» diýýärler. «Bar, özüň alaý» diýseňem duranja ýerleri. Gaýta, bulaşdyryp, bu günüňdenem edýärler. Onsoň, garagyň akan ýaly, özüň gözlemeli. Men bir ýarawsyz adam. Indi bu ýere girip kän durubam bilemok. Görýäň-ä, bu diwanlardan kagyzyň tozany turýar. Bu diwanlaryň biri metjitden, biri öwlüýäden, biri otuz ýedide gömlüp, soň tapylan, biri guýudan, beýlekisi gowaklardan tapylyp, şu ýere getirilen. Olar gün-günden çüýräp barýar. Kagyzam häzirkiler ýaly berk kagyz däl. Ýazgysynyň syýasam ot-çöpden ýasalan. Onsoň, şolar birleşip tozaýar welin, edil demligimden tutulyberýän. Oglanlykdan öýkenim dertli. Iki sagat şu ýerde otursam, damagym gijäp, bagrym awaberýär... – Senden önkülere näme bolupdyr? – Şolary goý, oglum. – Ýaşuly başyny gaharly ýaýkady. – Şolar agzalsa, janym ýanyberýär Menden öňküleriň eden oýnuny agzasam, dodaklaryň uçuklar. Gurbanguly ýazyp oturan hatyndan başyny galdyrdy. – Biziňkiler tarap-tarap bolmasa, çöregini gury iýen ýalydyr. – Ýaşuly bir diwany aldy. – Ine, şu Zeliliniň diwany. Şunuň «Zelili» diýen ýerini başam barmagy bilen sürtäkgetdin, soň «Kemine» diýip goýberipdirler. Onsoň, ol Zelilimi, Zynharymy, Keminemi, düşünjek gümanyň ýokdur. Özünem bilýän, düşünýän adamlar edipdir. Biri-birlerine ýamanlyk edip, nebir diwanlary äkidipdirler. Indem olaryň ýeri boş dur. Kitaplarda ady bar. Emma bu ýerde ýok. Şolar ýaly adamlar biri-birini çürkänsiräp, tutuş türkmen küllüýatyna kast edipdirler. Biz ýaş wagtymyz Zeliliniň uly diwany bardy. Seýdi hojanyň küti diwany bardy. Şolaram ýog-a. Olaryň gezip ýören kolhozça geregi bardyr diýip biljek däl. Kitap bolan-da, elbetde, okalar, ýöne arap dilinde ýazylan, daşy tüýdülip giden diwany kim näme etsin?! Ol diwanlary biz adamlar alýarlar. Biri-birini utmak üçin alýarlar. Şeýdibem, tutuş halkyny masgara edýärler. – Şol diwanlary kim alypdyr, soramadyňyzmy? Belki, indi beriň yzyna getirip bererler?! – Wah, näsini aýdýan, beýle etseler, adamçylyk edilmejekmi. Menem onda zar-zelil bolup oturmazdym-a. «Pylan wagt alypdym, taňryýalkasyn» diýip getiräýseler, «Ömrüň uzak bolsun» diýip, alkyş aýdylmajakmy... Ýöne, hany, oň ýaly adam... Gurbanguly çaphana baryp, iki müň sany, edil eliň aýasyna barabarrak, dörtgyraň kartoçka kesdirdi. Müň sany bukja ýasatdy. On sany ammar hasap-hesibi ýazylýan žurnal aldy. Soňam fonduň iň gadymy diwanyny alyp, «1-nji bukja» diýip ýazylan bukja saldy. Her bukjanyň daşyna içindäki diwan barada giňişleýin maglumat berýän ýazgy ýazdy. Dürli döwürlerde göçürilen, çap edilen «Gurhanlaryň» elli dördüsini aýry-aýry bukja saldy. Olaryň göçürilen, çap edilen ýylyny, kim taraýyndan, haýsy ýylda göçürilenini, olaryň arap hatynyň haýsy nusgasynda ýazylanyny bukjanyň daşyna ýazyşdyrdy. Her bukja üçin ýörite kataloga bolsa, ýene şol maglumatlary ýazdy. Olaryň baryny jemläbem, «Gurhan» diýen ýaşige ýerleşdirdi. Ýaşigiň daşyna hem «Gurhan» we haýsy diwanlardygy barada gysgajyk maglumat ýazyp ýelmedi. Soňra «Gurhan» edebiýatyny yzarlap ugrady. Diňe «Gurhany», şerigatyň kanunlaryny, kowahady düşündirýän diwanlaryň, muhteserleriň özi ýüz elli sany boldy. Arap, Gündogar poetikasyna, matematika, logika, filosofiýa, taryha degişli diwanlaryň ýüze golaýy, aýry-aýry şahyrlaryň diwanlarynyň iki ýüze golaýy kartoçka salyndy. Soňra ol sopuçylyk edebiýatyna degişli diwanlary, şygyrlary tertibe saldy. Abu Sagtyň, Omar Haýýamyň, Hemedanynyň, Ferdöwsiniň, Nyzamynyň, Hafyzyň, Jelaletdiň Rumynyň, Nowaýynyň, Baburyň, Baýramhanyň, Saadynyň, Hakanynyň, Afsalyň, beýleki sopuçylyk edebiýaty bilen baglanyşykly, sopuçylyk ylymlaryna degişli golýazmalar müňden hem geçdi gitdi. Gurbanguly türkmen edebiýatyna degişli diwanlary aýratyn yhlas bilen saýhallaýardy. – Netikazalar, Mollanepesiň goşgularyny Magtymgula berip, Magtymgulynyňkyny Magrupa, Zenuba berip ýörler. Oglum, gözüň ýiti, zehiniň dury, seljereweri! – diýip, Müdris aga fonduň tertibe münüp barýanyna iki bolup bilmän, gaýta-gaýta sargaýardy. Gurbanguly üçünji aý diýlende ýadawlyk duýup başlady. Ýöne ol henizem ölerini-galaryny bilmän işleýärdi. Ol arap hatyndan gowy baş çykaryp bilmäýänini bada-bat aňypdy. Şonuň üçin onuň maňlaýynyň diregi Müdris agady. Bu ýaşulynyň ikirjiňlenäýýän ýerlerinem baryp Göki agadan soraýardy. Ol şonda Göki aganyň diýseň sowatly, diýseň ýetişen adamdygyna haýranlar galýardy. Ol adam durşuna bir institutdy. Bu ýaşuly islendik diwany eline alyp, bir sapar gözüniň alnyndan geçirse besdi. Diwanyň awtorynyň kimdigini, eseriň manysyny çigit çigitlän ýaly edip berýärdi. Näçe setir, näçe bölüm, her bölüminde näme barada gürrüň edilýär, haýsy hatda ýazylypdyr?! Bularyň baryny bir demde aýdyp bilýärdi. – On ýedinji, on sekizinji, on dokuzynjy asyra degişli diwanlar hem müňden gowrak bukja ýerleşdi. Ol Magtymgulynyň ýetmiş diwanynyň bardygyny görüp hem begendi, hemem haýran galdy. Ýetmiş kitap, özem her haýsy başga-başga awtor tarapyndan göçürilen. Daşbasmalar hem aýry-aýry. – Jemi alty müň üç ýüz on sekiz bukja! – diýip, Müdris aga ýöne papka-papka bolup, ýerzeminiň tekjelerinde hatarlanyşyp duran diwan-golýazmalara garap, begenji bar ýaly bolup aýtdy. – Ömrüň uzak bolsun, oglum, iş bitirdiň! – Näçe aýda gutardyg-aý? – diýip, Gurbangulam arkasyndan dag aýrylan ýaly bolup sorady. Ol şu işleri gaýtadan etmeli bolsa, güýjüniň ýetmejekdigini duýup, şony wagta saljak bolup soraýardy. – Şu gün başlanymyza dört aý on iki gün! – Ýarym ýyl diýsen-e! Ýaşulynyň hem egni ýazylan ýaly boldy. – Indi, oglum, ussanam çagyryp, gowy tekje-de etdirsek, onsoň iş bitirýäs, Gurbanguly ýaşulynyň teklibini goldasa-da, başga bir gepiň başyny agyrtmak üçin oňa sowal berdi. – Tekjäni şu ýerden etdirelimi? – Dagy nireden bolsun? Gurbanguly oturgyja çökdi-de, hor elleri bilen sap-sary ýüzüni howlukman sypalady. – Ýok, Müdris kaka, beýtmäli. Şu gyzgyny bilen bu golýazmalary häzirki göründen ýalança çykaraly! Ýaşuly ynamsyzlyk bilen ýylgyrdy. – Wah, oglum, sen giň ýeriň gürrüňini edýäň. Hany oňa jaý? Gurbanguly biljilik bilen ýaşulynyň ýüzüne garady. Onuň ýylpyldaýan göreçlerindäki çyraz kalbyndaky ýalkymly habary buşlaýan ýaly boldy. – Sen meniň diýenimi edermiň? Müdris aga näme diýjegini bilmedi. Ýöne ol beýle bir garşy bolup durjaga-da känbir meňzänokdy. – Edip-etmez ýaly sen näme diýjek? Gurbanguly neresse çaga ýaly günäsiz ýylgyrmasyny dowam etdi. – Etjek diý! – Bolýa, ýeri, näme? Gurbanguly önlerinde desse bolup ýatan bukjalaryň birini eline aldy. Soň ony uçýan ýaly edip ýokary göterdi-de, soňam gapan boldy. – Ine, şeýdip şu fondy ýokary çykarmaly! Onuň üçinem sen Göki agany alyp, hut şu günüň özünde Akademiýanyň prezidentiniň ýanyna barmaly. – Nä-me?! – Hawa, hawa, Akademiýanyň prezidentiniň ýanyna! – Aý, ýog-a! – Ýaşuly ýaýdandy. – Men adam ýamanlap bilmen. Ömrümde eden işim däldir. Ýöne Sopyewiň ýanyna bar diýseň, onyň başga gürrüň. – Wah! – diýip, Gurbanguly janygyp düşündirmäge başlady. – Jan agam, Sopyýewden wadadan başga aljak zadyň bolmaz. Ol indi on iki ýyl bäri direktor diýýäň-ä, özüň. Etmek ýüreginde bolsa, şu on iki ýylda bu fondy tylla bilen jezwerlärdi. Ýaşuly öz diýenini etdi. Ol Göki mollanam alyp, Sopyýewiň ýanyna gitdi. Emma direktor olara wada-da bermändir. – Gül ýaly jaýy bar. Salkyn. Gözden-dilden çetde. Men size gowy tekje edip bereýin. Şondajyk goýuberiň, näçe bukjaňyz bolsa. – Direktor «Iş hoş ýakmaza ýumuş buýursaň, ataň-enäň bermedik öwüdini berer» diýenlerine tutdy. – Onuň ýaly gymmatly zady känbir il gözüne görkezjek bolup durmaly däldir Olary bejerjek bolsaňam, peýdalanjak bolsaňam, ýeriň asty bilenjik edibermelidir. Ýogsam, göräýseler, «Ol biziňki, bu siziňki däl» diýip, beýleden azerbaýjanly çykar, beýleden özbekler ýapyşar, bu tarapdan täjikler geler, nebir zadymyz, Artygyň harmanyna döner gider... Ýerzemine seki-de, gowuja tekjelerem edildi. Kataloglary salar ýaly goşmaça ýaşiklerem gurnaldy. Sözüň ahyry, fonduň bukjalary görmedigini gördi. – Aý, indi gül ýaly – diýip, Müdris aga razy bolup aýtdy. – Indi haýsy eser, haýsy diwan, haýsy goşgy näçinji bukjada, köre hasadyr. Açdajyk görüber. Tekjelerdäki bukjalar hem tertiplijedir. Muňa indi hiç kim elem garyp bilmez. Bir uly žurnalam tutalyň. Kim haýsy eseri, haýsy golýazmany alsa, gol çeksin. Şu ýerdejik okap, yzyna-da gaýtaryp bersin. Beren wagtyňam, golýazmany yzyna alan wagtynam barladajyk al. Ahyrsoňy bize-de tertip geldi, oglum... Gurbanguly direktoryň öz teklibini ret etmegine, ýaşulynyň bolsa bu golýazmalaryň şu halyna-da begenip oturyşyna gahary gelip durdy. Şonuň üçinem ol birhili kineli gürledi. – Hawa-la, tertibe-de mündi, gül ýalam boldy. Indi işli-işimiz bilen bolubermeli... – Munça-da däld-ä öň, oglum! Bulam seniň yhlasyňdan şu ýagdaýyna ýetdi. Sen muny az görme, türkmen goşy dura-bara diýipdirler... Gurbanguly gaharyny şunça saklajak bolsa-da, saklap bilmedi. – Jan agam, giden hazyna toza öwrülip barýar, siz bolsa şujagaz işem kän görýäňiz. Institutyň ady näme? Ol şujagaz hazynanyň barlygy üçin ýaşap ýörenokmy? Emma onuň howa garylyp barmagy hiç kimiň azaryna däl-ä. Şularyň ýekeje setiri ýitse, milliard manat bereniňde-de dikledip bolmaýar ahyryn. Biz häzir giden hazynany weýran edýäris ahyryn... Ýaşuly ony köşeşdirjek boldy. – Hany, oglum, gyzyberme, hemmesi ýuwaş-ýuwaşdan düzeler. Birden bire howlugyberme. Beýdip gygyryp ýörsek, olar-a pylança ýylda fonduň çala tozanyny kakdylar welin, indi ili gepletmejek bolýarlar diýerler. Begenjiňem, gaharyňam içiňde bolsa ýagşydyr... Emma Gurbanguly köşeşer ýaly däldi. Ol gaharyna bäs gelip bilmän barşyna: «Ölerin welin, şu fondy ýokary çykardaryn...» diýip, çykyp gitdi. * * * Kemine köçesindäki umumy ýaşaýyş jaýy Gurbanguly üçin jennetdi. Bu jaý onuň özbaşdak ýaşaýan ilkinji öýüdi. Gyşyň gazaplydygyna garamazdan, içeri ýyljakdy. Çaý goýasyň gelse, göwnüň nahar islese, aşhanada gaz lowurdap ýanyp dur. – Tüweleme, allanäme, içi ogully-gyzly bolsun-da, Hudaýym! – diýip, Amansoltan eje üç keçe, iki ýorgan, düşek, beýleki gerek-ýarak zatlary getirip, Gurbangulynyň jaýyny gutlap gidende aýdypdy. Gap-gaç getirildi. Göki aga bolsa Gurbangulynyň öz ulanyp ýören şifonerini berdi. – Öýüm-ä gurat! – diýip, Gurbanguly içki begenjini daşyna çykaryp bilmän, aýdym edip aýdyberesi gelýärdi. Ol magazinden radio, telewizor satyn aldy. Krowat, elektrik çäýnek, elektrik peç, bir stol, iki sany oturgyç, stol lampasy ýaly zatlary maşyna ýükläp alyp geldi. – Bulary nirä goýjag-ow? – diýip, bu goşlary ikinji etaža çekip ýören goňşy oglanlar degişýärdiler. Sen bu ýere alym bolmaga däl-de, ýaşamaga gelýäň öýdýän?!. – Adam boljak bolaweri, beýdip ýörmän! – diýip, degşip, guduraýanlar hem bardy. Dogrudan hem kiçiräk otaga munça zat salnansoň ol darrak göründi. Içerde bir keçe ýazarlyk ýer galdy. «Zyýany ýok» diýip, Gurbanguly munça bolanyna içinden şükür edip ýördi. «Eý, Hudaý, bigünä basylyp giden bolsam, nirelerde çüýrär galardym...» diýip, ol gorkuly oýlanýardy. Ol Müdris aganyň ýanyňdan gaýdansoň, hiç ynjalyp bilmeýärdi. «Näme etmeli?» diýjek pikir ony öz erkine goýmaýardy. Oýlanyp-oýlanybam belli karara gelip bilenokdy. Ýöne bir ýagdaý ony birneme rahatlandyrýardy. Şol günüň ertesi Sopyýew ony ýanyna çagyrdy. – Ine, şul oglan – diýip, ol öz ýanynda oturan adam bilen Gurbangulyny tanyşdyrdy. – Gurbanguly, atasynyň ady hem Saparguly... Ol ýaşuly iki gabagynyň arasynda monjuk goýlan ýaly bolup ligirdäp duran gözlerini töweregine ýörmeletdi-de, getirip Gurbangulynyň alnynda togtatdy. – Berekella, är işini bitiripdir. Boljak oglan bogundan belli. Bog-a erbet däl. Indi elinem görsek, onsoň belli bir zat aýtmaly bolar... – Hawa, hawa – diýip, direktor hem alyp göterdi. – Şu oglanyň inisiatiwasy şol. Biz Leningrada, Moskwa stažirowka telim adam iberdik. Gidýärlerem, gelýärlerem, onsoň: «Bu fondy tertipleşdirmek üçin ol gerek, bul gerek» diýip, dünýede ýok zadyň, ýok harajadyň gürrünini edýärler. Onsoň bizem oturyberýäs. Ine, şujagaz oglan welin, ähli zady sähel salymyň içinde, mugtja edip berdi. Indi şol kataloglary özbaşyna kitap edäýsegem boljak... Ýaşuly başyny atdy. – Ajaýyp iş. Özem diňe bir türkmen dilinde däl, iňlis, rus, arap, pars dilinde hem çykarmaly. Goý, dünýä biziň golýazmalar fondumyzyň agramyny bilsin. Belki, beýleki halklara gerek golýazmalar bardyr... Direktor begençli ýylgyrdy. – Aý, indi näme etsek edibermeli. Hemme zat elimiziň aýasynda ýaly aýdyň. Elli ýyllap şu fondda näme baryny bilmän geldik ýogsa... Ýaşuly baş atdy. – Gurbanguly şol fondy ýokary çykaraly diýibem bizi günümize goýanok. Onam geljek ýyldan oýlanyşybereris. «Türkmen goşy dura-bara» diýipdirler... – Ajap iş! – diýip, ýaşuly her wagt bir söz oklap otyr. – Ýag-şy! Direktor Gurbangulynyň ýüzüne garady. – Bu ýaşula professor Garryýew diýýärler. Tanaýaňmy? Ýakynda Akademiýamyzyň hakyky çleni edilip saýlandy. Köp ýyllap Moskwada işläp, ýakynda Türkmenistana geldi. – Soň tanşybereris – diýip, ýaşulynyň özem bu meseläni orta atmaga döwtalap däldigini aýan etdi. – Bolýar, men indi esasy gürrüňe geçýän. – Direktor kagyzlaryny tertipleşdiren boldy. – Men ýaşulyny tema meselesi boýunça çagyrdym. Ine, şul oglan bize işe gelen ýarym ýylynda uly ýagşylyk etdi. Biz-ä, walla, şu fondy elli ýylda-da tertibe salyp bileris öýdemzokdyk. Geldi-de, gül ýaly etdi oturyberdi. – Ol akademigiň ýüzüne ýylgyryp bakdy. – Ynanyň, owadan stol goýupdyrlar. Stol lampasy, kagyz, galam, gül ýaly kabinet. Walla, özüm begenjime şol ýerde iki sagat oturyp gaýtdym. Öň işigine barar ýaly däldi-how! Bar zat tozap ýatyrdy. Şeýle ýagşylyk eden adamy bizem sylasak diýýäs. Oglana tema bermeli. Akademik Garryýewi-de ýolbaşçy bellemeli... – Bažalusta! – diýip, akademik rus sözlerini ýoýubrak aýtdy. – Ajap iş, bažalusta. Biz taýýar... Direktor ýaýdandy. – Ýoldaş akademik, nähili tema alsa gowy bolarka? – Ol ýene-de oturyp bilmedi. – Men-ä öz ugrumdan gitse gowy bolar diýjek. Meniň doktorlyk temam «Türkmen edebiýaty we sufizm». Bu ýigidem «Magtymguly we sufizm» diýip tema alaýsa nähili bolarka? Akademigiň gözleri ligirdedi. – Ajap bolar! – Siz ýolbaşçy bolarsyňyzmy? – Bažalusta, ajap bolarys... Direktor Gurbangulynyň ýüzüne seretdi-de, gözüni gypdy. – Ajap bolar, menem onda oglanlara şol temany Sapargulyýewiň adyna berkidiň diýip aýdaýjak. Direktor gürrüňiň gidişinden razydy. Ol ähli meseläni Garryýewe, Gurbangula derek özüniň çözýändigine, bularyň bolsa alnynda seslerini çykarman oturyşyny, akademigiň «ajap bolar» diýip durmasyny özüne mertebe saýdy. Ol bulary agzyna has aňkartmak isledimi ýa-da özüniň aladasyny etdimi, täsin pikirleri orta atyp ugrady. – Sluşaýte, soňky döwürlerde biziň käbir alymlarymyza bir döw çalyp başlapdyr. Oglan, her kim-ä özüniň klassygyny öz döwrüne ýakynlaşdyrjak bolýar. Onuň eserlerinden täzäniň uşlybyny agtarýar. «Nowaýy we häzirki döwür» diýen temadan özbeklerde iki sany doktorlyk dissertasiýasy goraldy. Emma biz «Magtymguly we häzirki döwür» diýen temadan doktorlyk-ha däl, kandidatlyk dissertasiýasynam goradyp bilemzog-a. Sebäbi, biz ölüp-galyp, Magtymgulyny köne etjek bolýarys. Ony barypýatan dindar etjek bolýarys. Magtymgulyny häzirki zamana ýakynlaşdyrmak üçin onuň eserlerindäki sufistik hasaplanylýan düşünjeleri kül-peýekun etmeli. Magtymguly hiç haçan sufistik şahyr bolan däldir. Bolubam bilmez! Ol häzirki zaman şahyry. Häzir sosializm gurulýar, kommunizme gadam goýulýar. Ol bizden galanog-a. Ol sufizm döwründe galmandyr-a. Biz Magtymgulyny özümiz bilen kommunizme äkitjek bolsak, onda ondan sufizm diýen düşünjäni güm etmeli. Eger sufizm döwründe galdyrjak bolsak, onda başga gürrüň... Akademik esräp ugrady. Ol direktoryň gürrüňini diňlemeýän ýalydy. Sopyýew ony duýdy. Şonuň üçinem ol akademigiň adyny tutdy. – How, jan-a! – diýip, Garryýew ukuly gözlerini oňa garşy agdardy. – Alymlarmyzyň arasynda «Näme sen?» diýen goşgy Hudaý barada diýen hyşy-wyşy bar. Şony siz nähili görýäňiz? Akademik ör-gökden geldi. – Men aýdamok ony, men aýtmaryn... Direktor ony goldady. – Elbetde, siz aýtmarsyňyz. Sebäbi ol bir akylly adamyň aýtjak zady däl-ä. Heý, Meňli ýaly gyzy söýer-de, Magtymguly Hudaýa «ýarym» diýermi?! Meňli ýaly gyz barka, ol hyýaly güýje, Hudaýa «Bilbilmi sen, gülmi sen» diýermi? Men onuň şygyrlarynyň ählisinde gözi ýaşly Meňlini agtarýandygyny görüp durun. Heý, akly ýerindäki adam, onda-da Magtymguly ýaly akyldar Hudaýa «Sahypjemal» diýermi?.. Ol akademigiň öz sözüne hä bererine garaşdy. Ýaşuly welin hiç zat diýmedi. Gaýta, oturan kreslosynyň iki erňegine ýapyşdy-da, ýüzüni sallap ýerinden turdy. Men size meşaýt etmäýin. Sag boluň, ajap bolar!.. Akademik çykyp gitdi. Göwnüne bolmasa, ýaşuly bir zatdan kine saklap, ýeňsesini tüňňerdip giden ýaly boldy. Muny direktor hem şeýleräk kabul etdi. Onuňam ýüzi üýtgedi. – Haramzada, garry göhert! – diýip, ol ýuwaşja, ýöne gaharly aýtdy. – Henizem içi düzüw däl. Görýänmi, dogrusyny aýtsaň, halanok. Ozalynda uly baýyň ogly. Edip bilse sosializme ýamanlyk etjek. – Ol ýerinden galyp penjireden daşary seretdi-de, gelip oturdy. – Mäti Köse diýdi, Garryýew diýdi, tas opurypdylar-a bu döwleti. «Däde Gorkudyň kitaby» diýip bir ylhanady tapdylar. Oh-oh-oh! Içi möý-içýandan doly. Diňe milletçilik, diňe uruş, gan döküşiklik. Olara geregi şol. Olar şeýdiň, gan döküň, ýene-de garyp-baý döwrüne geleliň diýip edýärler. Oçen grýaznyý! Oçen, oçen! Hernä wagtynda öňüni aldylar. Ýigrimi bäş ýyl berdiler ýaňky mahluga! Ýedi ýyl oturdy. Ýene sümsünip geldi. Bular-how, nirä iberseňem geläýýär. Ýeri, geziberd-ä, feldşerligiňi etde. Ýene sosializme ýük, ýene partiýa ýük, alybilmez galalaram partiýa bilen sosializm. Ýene partiýa goldady. Gelen badyna akademik etdiler. Mana galsamy, Türkmenistanyň ýedi ýanyndanam getirjek däl... – Ol Gurbangula janygyp garady. – Özüň gördün-ä, häzirem içi düzüw däl... Sopyýew uzak oturyp bilmedi. Gahary gözlerine çykdy. – Şular, şular ýalylar bizi bulaşdyran. Bularyň gözünde ot ýakmaly. Bular edip bilseler Magtymgulydan hem sufist ýasajaklar. Hudaý diýip ýatan etjekler. Hany, Magtymgulynyň golaýyna bir gelsinler göreýin. Magtymgulynyň açary meniň elimdedir. Ýekeje setirini mensiz çykarsynlar göreýin... Ol ýumruklaryny düwüp, stoluň üstüne urdy. – Birinjiden, Magtymgulynyň dini goşgularyny ýok etmeli. «Näme sen?», «Gördüňmi?», «Istärem», neme, ol atyň ady näme, hawa, «Byragyň», ine, şu goşgular nämä gerek? Kim okaýar şolary? Ol goşgular Magtymgulynyň abraýyny gaçyrýar. Olary sosializm gurujy ýaşlar okasynmy? Ýa partiýamyzmy? Ýa kommunizm gurýan mähriban halkymmy? Leninmi, ýa beýik rus halkymy? Biziň çelgimiz Moskwa! Şonuň üçin Magtymgulyny şol zatlara ýakynlaşdyrmaly. Bar-a onuň «Aýryldym», «Mala seretmez», «Dag saýar», «Har eder seni», onsoň, «Bellidir» diýen ýaly, kommunizm gurujynyň moral kodeksiniň äheňinde ýazylan gül ýaly goşgulary. Şolary çap ediber. Şol goşgulary kommunizmde okasaňam ýüzüň gyzarmaz... Ol ýerine geçip oturdy. – Ýaňky ýaly bozgaklar bar aramyzda! Olar aramyza düşen möýler. Derrew ilişen adamlarynyň daşyna tor aýlaýarlar. Erbetlik şolardan gaýdýar. Şonuň üçin sen ör-rän ostorožno bol, ýaňkydan... Ahmal bolsaň, ganawa gapgararlar... Direktor elleriniň barmaklaryny biri-biriniň içinden geçirip, stoluň üstünde goýdy. – Men ýaňkyny saňa ýolbaşçy belläýin. Ýöne gaty berk dur. Sen bir zada düşün. Magtymgulyda sufizm bolmady, bolubam bilmez. Sen şundan ugur al. Men öz doktorlyk dissertasiýamda-da şu täzeçilligi açmaga bir bölümi bagyşladym. Senem öz dissertasiýaň-da şu pikiri berkit. Men doktorlygymy saňa okadaryn. Men «Magtymguly sufist däl» diýsem, senem ony gowy edip tassyklasaň, yzymyzy alyp götererler. Edebiýatda, ylymda esasy zat, toparlaýyn pikirdeşlik ýeňýändir. Şol hem alnyp göterilýändir. Kim ilkinji diýse, soňkyny alga alyp barýan däldirler, düşündiňmi? Şeýtsek, partiýany, edebiýaty, hökümetimizi goldadygymyz bolar. In esasysy, Magtymgulyny goradygymyz bolar. Düşündiňmi? Gurbanguly ýerinden turdy. – Sag boluň, gowy maslahatlar berdiňiz! – Ol kellesine gelen sözi aýdyp goýberdi. – Nesip bolsa, görübereris! Direktor monça boldy. – Hawa-la, ikimiz bir birleşeli, olary onsoň görübereris! – Ol işigiň agzyna gelip, oňa ýene-de pyşyrdap başlady. – Seresap bolgun, seresap bolgun, garry möýdür... Gurbangulynyň böwründäki öňki sanjy aýrylmanka, bu gün ýene-de bir bükgüldi emele geldi. «Beý, dogrudan hem Magtymguly sufist dälmikän-ä?» diýen pikir ony öz erkine goýmaýardy. Göki molla oňa ýekeje pikir aýtdy. – Dinsiz-ä Magtymguly, Magtymgulysyzam din ýokdur. Magtymgulynyň goşgulary Kuranyň süreleriniň türkmençe düşündirilişi diýen ýaly ahyryn. Kuranyň sürelerine türkmeniň durmuşyndan, namys-aryndan, edep-terbiýesinden tymsal alnyp berçinlenendir, ol goşgularda. Gurbanguly ynjalyp bilmedi. Kellesinde diňe: «Magtymguly! Sopuçylyk! «Näme sen?» diýen ýaly owazdan başga zat ýokdy. Ol şolardan başga zadyň pikirini edibem bilenokdy. Sebäbi, Magtymgulynyň dini goşgularynam, sufizmiň nämediginem, onuň Magtymgulynyň goşgularyndaky ýagdaýynam bilenokdy. Şonuň üçin ol kitaphana bardy. Sufizme degişli kitaplaryň altysyny, Kraçkowskiniň terjimesindäki «Gurhan» kitabyny, Ýe.E.Bertelsiň «Sufizm we sufistik edebiýat» diýen kitabynam aldy. Soň Müdris aganyň ýanyna bardy. – Baý-buw, oglum, kitaby ýaman kän alypsyň-la?! Näme, alym boljak bolýaňmy? Gurbanguly ýaşulynyň degişmesine ýylgyryp jogap berdi. – Adam-a bolup bilmedim, Müdris kaka, indi alym bir boljak bolup synanyşaýyn-da. – Enşalla, ikisem bolarsyň, oglum, gaýrat ediber. Gurbanguly ýaşuludan bolmajak zady haýyş etdi. – Müdris kaka, bir-ä, maňa Magtymguly işanyň dini goşgularyny ber. Onsoňam meni bir hepdeläp boşat! Ýaşuly onuň iki dileginem geň gördi. – Sen näme, okasaň şujagaz ýerdejik okaber Magtymgulynyň dini kitaplaryny. Onsoňam bir hepdeläp näme etjek ekeniň? Gurbanguly ýaşulyny hasam haýran galdyrdy. – Men şol dini goşgulary, şu kitaplary okap-okap, arwahlarymy dargydaýmasam, olar meni halys alyp ýatjaklar. Öýde bolaýjakdym-da... Ýaşuly onuň sözüni eşidip, mys-mys güldi. – Aý, oglum, Gurbanyň bar bol-a. Men-ä, asyl, öýlenjek diýermikäň diýipdim. Häli seni «Gurhan» bölüminiň gyzlaram iki gaýta sorap gitdiler. Men, asyl, şolaryň birini tutaýdyňmykan diýipdirin. Häzir Gurbangulynyň ýadyna aýalam, gyzam düşenokdy. Ol kitaphanada Ýe.E.Bertelsiň kitabyny ysgaşdyryp görüpdi. Indi hem şol kitaby çaltrak okasy gelip, ýüregi üzülip barýardy. – Aý, bor-la, onuň ýaly bähbitli işiň bolsa, bir hepde däl-de, bir aý otur. Juda gereklenseň, birini iberip, habar tutduraýaryn... Gurbanguly yzyna garaman gitdi. * * * Gurbanguly «Sufizm we sufistik edebiýat» diýen kitaby konspekt ýazyp okady. Bertels Gündogaryň läheň şahyrlaryny sufizm nazarýetinden derňände, ol Magtymgulyny göz öňünde tutýan ýaly bolup durdy. Ol bu kitabyň ahyryna çykansoň, «Baý-buw, bu kitaby okasaň-a Magtymguly sufizmden başga şygram ýazmandyr» diýäýmeli» diýen netijä geldi. Soň ol «Gurhany» okap başlady. – Asyl, Gündogar edebiýaty diýlenleriň – ählisiniň çeşmesi «Gurhan» eken-ow?! Ol haýranlar galyp okaýardy. Şonuň üçin-de bu gadymy kitaby üç günde waraklap çykdy. Magtygulynyň goşgularyna salnan rowaýatlary belleşdirip aldy. Gerekli süreleriň sahypalaryny göçürişdirdi. Ol şu kitaby okap çykandan soň, ýene bir zada düşündi. «Gurhan» dini kitap bolsa-da, ol Gündogar, ýok, adamzat paýhasynyň, genji-hazynasydy. Ol poetik pikirlerden düzülen müň gülli çemene meňzeýärdi. Haýran galmaly ýeri, ol şeýle sada dilde ýazylandy. juda düşnüklidi. Kitabyň kä ýeri, ylaýta-da «dört aýal alyň», «aýallary ynjytmaň» diýýän ýerleri Gurbanguly üçin gülkünçdi. Her sürede Allanyň adynyň getirilmegi hem ony ýadadýardy. Ine, şular bolmasa, bu kitaby okany üçin oglanyň başy gök diredi. «Adamlar, men «Gurhany» boýdan-başa okap çykdym» diýip gygyryberesi geldi. Ol Bertelsiň kitabyndan sopuçylygyň basgançaklaryny belleşdirip aldy. «Yslam» ensiklopediýasyny boýdan-başa waraklap çykdy. – Şerigat, hakykat, tarykat! – Ol süýji oýlara çümüp, Magtymgulynyň agramyny ölçejek boldy. – Bende, haýsy basgançaga galdykan? Gündogarda hakykata ýetenler «Men Hudaý!» diýipdirler. Käbiri «Men Hudaýy gördüm!» diýipdir. Nesimi şahyram «Enel Hak!», «Men Hak!» diýipdir-ä. Magtymguly bolsa «Seni senden isterem!» diýipdir. «Meniň Sahypjemalymy gördüňmi?» diýipdir. «Bag içinde bilbilmi sen, näme sen?» diýipdir. «Men ýaryň adyny her bir predmetden gözledim» diýipdir. Diýmek, ol hakykata ýetmändir. Ol sopuçylyga agram beripdir. Sopuçylygyň hem orta basgançagyna barypdyr. Öz-ä görüp bilmeýän bolsa, özem gözleýän bolsa, onda ol sufizmiň orta basgançagyna, tarykata ýetipdir. Onsoňam, Bertelsiň aýtmagyna görä, sopuçylykda Hudaýa bolan höwes dile, ýürege geçýärmişin... Ine, şu zatlardan çen tutanyňda, Magtymguly näme üçin sufist bolanokmyşyn? Ýa direktorymyz meni oýnap ýörmükä? Ony diýseň, akademik Garryýew hem bard-a meniň ýanymda... Işik çalaja kakyldy. Gurbanguly edil bir Magtymgulynyň özüni görüp, sopudygyny sorap, direktoryň alnyna dikäýjek bolýan ýaly oýlara gark bolupdy. Häzir onuň işigi kakylman, aňyrsynda direktor oturan işigi özi kakýan ýalydy. Işik ýene kakyldy. Ol essine aýlandy. Işigiň kakylýandygy aňyna ýetdi. Sagada garady. Sagat öýlän dört! – Giriberiň, wiý, duruň, açaýyn! «Müdris aga gelendir!» diýen ýaly bir ýakymly duýgy onuň öňem joşup duran kalbyny gaýnadyp goýberdi. – Jan agam, beg agam, mähriban agam, häzir açaýyn... Ol işigi şakyrdadyp açdy-da, birden doňup galdy. – Wiý, neme, geliň! – Mümkinmi? – Aňyrda aljyrap duran gyz ýüzüni nar ýaly edip ýylgyrdy. Gurbangulam aljyrady. Ol aýagyndaky ala-mula pižama, egnindäki kirliräk köýnege, jorapsyz aýagyna birlaý seretdi-de, ýene gyza garady. – Gelin, giriň-ä, näme beýdip... – Şunça mürähet etse-de, myhman giribermedi. Gurbanguly gyssandy. – Näme beýdip dursuň?!. Ol gyz Gurbangulynyň halys aljyranyny duýdy öýdýän: – Waý, bu oglany, işigi saklap dursuň-a iki eliň bilen, onsoň nädip gireýin? – diýip goýberdi. – Wiý, neme, men nememikän öýdüpdirin, neme aga! Wiý, Müdris aga... Gurbangulynyň bulaşdyryp oturyşyna ol gyz ýylgyrdy. – Şeýdip işigi bir açaweri, meniň ýoldaşymam bar-a. Gurbanguly hasam aljyrady. – Wiý, şeýlemi, seniň ýoldaşyňam barmydy? Çagyr, ýa özüm çagyraýynmy, geliň ahyryn... Işigiň daş ýüzünden boýnuny uzadan gyzy görüp, onuň derisi hasam giňän ýaly boldy. – Weý, boldy, öz gyzlarymyz eken-laý! Geliň. gyzlar! Ol özüni tutdy. Abraýlyrak eşiklerini alyp kuhnýa bakan ylgady. Eşiklerini geýip dolanyp geldi. Gyzlar oturmaga ýer tapman, aýak üstünde ýylgyryşyp durdular. Sebäbi, krowatyň üstünden başlap stoluň üstüne, ýere çenli, ähli ýerde açyk kitaplar pytrap ýatyrdy. – Wiý, men otur diýýän, ýerem ýokmy? Häzir, derrew ýygnaşdyraýyn... Ol kitaplary ýygnaşdyryp başlady. Ilki gelen gyz sypaýyçylyk etdi. – Azara galman, biz sizi barlap gaýtmaga geldik. Müdris aga iki gün bäri haýyş edip goýanok. Biz oturmalyň, ol garaşýandyr. Gurbanguly birhili çynlakaý keşbe giren boldy. – Hawa, şuwatjyk Müdris aga jaň etdi. Iki sanny gyz barjakdyr. Şolary gaýrat et-de, tizräk yzyna iber, men garaşyp otyryn diýip. Baryň, onda, gaýdyberiň. Hoş, sag boluň! Ilki gelen gyz sesini çykarmasa-da, soň geleni ýeserje ýylgyrdy. – Sizde telefon ýog-a! Gurbanguly ör-gökden gelen boldy. – O nähili telefon ýokmyşyn? Bizde iki telefon bar, biri howadan alýar, beýlekisem kosmosdan. – Aldama! – Bolýar. – Gurbanguly elektrik çäýnegi toga çatdy. – Edil, bäş minut garaşyň, häzir howa telefony bilen restorana jaň etdim. Eýýäm taýýar diýdiler. Häzir gidip alyp geläýmeli! Ilkinji gyz garaçyny bilen ynandy. – Waý, indi azara galyp, restorana gitjekmi? – Beýleki gyz onuň ýeňinden çekdi. – Oýun edýä-le, Gyz, eýwançada holodilnigi bar-a, şoňa diýýär-le. – Wiý, şeýlemi, men restorana gidiberjekmikä diýýän-de... Gyzlar geçip oturdy, Gurbangulynyň dilem, keýpem açyldy. Ol hem gürleýärdi, hemem towuk, kolbasa çykaryp, elektrik peçde haýdan-haý saryýag guýup, gowruşdyrýardy. Gyzlar bolsa: «Biz gitjek, howlugýarys» diýen bolup, ony köşeşdirjek bolýardylar. Gurbanguly ýene şoh gürrüňe başlady. – Howluksaňyz, «Müdris kaka, bular juda howlugýas diýýärler» – diýip telefon edäýjek! – diýip goýberdi. Gyzlar biri-birine bakyp ýylgyryşdylar-da, jaýly oturdylar. – Ana, gör, onuň özem gelýär! – Kim? – Müdris kakam! Ilkinji gelen gyz ýerinden laňňa galdy. – Aldaýaň! – Hawa, aldaýan, Näme, siz aldanyňyzda men aldap bilmez öýtdüňizmi? Ol gyz Gurbangula ynanman eýwana garşy ümzük atdy. Emma gapdalyndaky onuň ýeňinden çekdi. – Degişýär-ä, otursan-a! Gurbanguly saçak ýazyp, eýýäm taýýar bolan nahary orta getirdi. Gowrulan towuk, kolbasa, pirožny, dürli konfetler, çörek, mesge agzyňy suwardyp dur. – Gyzlar, siz-ä restorana geldiňiz, menem ofisant, näme hyzmat bolsa aýdyp oturyň?! Konýakmy, bugdaý aragymy, şampan şerabymy, kofemi, çaýmy? – Çaý! – Çaý! – Maňa-da çaý! Gurbanguly gyzlara çaý demläp berdi. Onuň hasam degşesi gelýärdi. Ýöne bu gyzlary känbir tananokdy. Dogry, ol bu gyzlaryň institutda işleýänini bilýärdi, ýöne olar haýsy bölümden, näme ugurdan işleýärler, atlary näme, şol oňa nätanyşdy. Şonuň üçin ol bu gyzlar bilen tanyşmagy müwessa bildi. – Hawa, gyzlar, men size pal atyp bereýin! – Ol işigi ilki kakan gyza garady. – Sen-ä «Gurhan» bölüminden. Sebäbi, «Gurhan» kitabyna juda yhlasly garaýaň. Dogrumy? – Dogry! Ol gyz boýun aldy. – Adyňam Tawus! – Näme üçin? – Näme üçinimi? Tawus Hudaýyň adynyň biri. Onsoňam, sen tawus guşy ýaly owadan. Ol gyz owadan diýilmegine begense-de, syryny saklap bilmedi. – Meňli meniň adym. – Wah, huşum gursun! Menlidir-ow, seniň adyň. Dilimiň ujundady welin, uçup gitdi-dä – diýip, ol kellesine pitiklän boldy. Soň beýleki gyza seretdi. – Sen «On ýedinji asyr bölüminde» işleýän. Adynam Sülgün! Olam Hudaýyň bir ady. – Ýok, ol-a Jemal! – diýip, Meňli saklanyp bilmän aýtdy. – Özem aspirant... Jemal elini agzyna ýetirdi. – Waý, ýarym ýyl bile işläbem adymyzy bilmese, naýynsap! – diýip, başyny ýaýkan boldy. – Biz bolsa muny soramaga gelýäs. Ol Menliniň ýeňinden çekdi. – Tur, gyz, gideli! – Menli elindäki pirožny bölejigine seretdi de, agzyndakyny howlukmaçlyk bilen ýuwutmaga çemlendi. – Oýun edýär-le, gyz! Heýem, biziň adymyzy bilmezmi? Ol günem ýer belläp, oňa naharam aldyg-a. Şonda-da fonda baryp çaý içeliň diýmedimi. Gurbanguly ýylgyrdy. – Oýun edýän. Heý, menem sizin adyňyzy bilmenmi? Birazajyk degşeýin diýýän... Jemal Gurbangulynyň ýadaw ýüzüne nebsagyryjylyk bilen garady. – Näçe gün bäri öýden çykmadyň? – On gün bäri! – Waý-eý, biz-ä bir ýyl dagy ýatdyňmyka diýdik. Haçan barsaň ýog-a sen. Gurbanguly bu gyzlaryň öz öýüne gelmegine serhoş ýaly bolupdy. – Bir ýyllyk zat okadym. Belki, tutuş ömre ýetjek zatdyr! – «Gurhanmy?» – diýip, Meňli elini süpurdi-de sorady. – Hemmesem bar, esasan, sufizme degişli zatlar. – Sufizm baradam-my? – diýip, Jemal has içgin sorady. Soň gaşlaryny näzlije çytyp zeýrendi. – Meniň temamam şondan. Men-ä arapça okabam bilemok. Onsoň heniz hiç zat edemogam. – Temaň näme? – «Hoja Ahmet Ýasawynyň türkmen klassykasyna täsiri». – Ýolbaşçyň kim? – Sopyýew! – Sopyýew türkmen klassyk edebiýatynda sufizm ýok diýýär-ä. Jemal janlandy. – Ol «Magtymgulyda sufizm ýok» diýýär. Beýlekilerinde bar diýýär. Jemal turmakçy boldy-da, ýaýdandy. – Gurban, maňa arapça okaşaý-da. Magtymgulynyň dini goşgularyny, Sopy Allaýary, Hoja Ahmet Ýasawyny... Gurbanguly monça boldy. – Okaşaýyn, gerek bolsa dini däl goşgularyny-da. Gyzlar birsalymdan turdular. Içeri boşap galdy. Şondan soň Gurbangulynyň kitabyň ýüzüne garasy gelmedi. * * * Sopyýew Gurbangulyny ýene çagyrdy. – Ýolbaşçyň bilen gürleşdiňmi? – diýip, ol haýsydyr bir golýazma işlisirän bolup garap oturyşyna sorady. – Ýok. – Direktor ony howlukdyrdy. – Gaty gaýym tut. Wagt gaçyp barýan keýik ýalydyr. Garryýewi derrew tap. Planyňy düz. Temany alymlar sowetine hödürledik. Basym sowet boljak. şonda tassyklarys. – Ol böwrüni diňledi. – Sluşýaý jaýyňa gelinler, gyzlar barýamyş-a. Çynmy şol? – Meňli bilen Jemal-a baryp gaýtdy. Sopyýew Gurbangulynyň sözüne gözlerini ýumjukladyp, köpmanylyja ýylgyrdy. – Şonuň ýalyda direktoryňy hem ýatdan çykarmagyn-ow. Ol ýylgyrdy. Gurban, sluşaý, günortan öýüňe barýaňmy? – Ýok, bärde naharlanaýýan, näme? Direktor ýerinden turdy-da, baryp işigi açdy. Diňläp duran adamyň ýokdugyna göz ýetirensoňam, Gurbangulynyň ýanyna geldi. – Käwagt, diňe diýen wagtym jaýyňa goýberersiň-dä! Günortanyna irkilip turaýmam bardy. Öýe gitmesem, bormy?! – Bor-la. Gurbanguly göwnüne zat getirmän aýtdy. – Gerek wagty aýdaý. Direktor ýaýaplap gepledi. – Ýöne gep ikimiziň aramyzda galsyn, bormy? – Bor! Direktor ony ýene-de başky meselä dolady. – Hut ertir gör, Garryýewi! Planyňam maňa görkez! | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Duman daganda: Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr - 05.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |