21:24 Zyýarat -13/ romanyñ soñy | |
* * *
Romanlar
Direktor ýüzüni sallasa-da, Gurbangulyny görenden her zady görenini ýagşy görse-de, golýazmalar giň, ýagty, ýyly otaglara, «Gurhan» bölümi bilen «Başlangyç döwür» bölümleriniň kabinetlerine geçirildi. Ol indi fonda meňzeýärdi. Gurbanguly fonda her girip çykanda kalby ýagtylyp gidýärdi. Onda bu mukaddes golýazmalaryň, hiç bolmanynda, öz ömrüne çenli ýaşajagyna ynam oýanýardy. «Nesip bolsa, kandidatlyk dissertasiýamy gorap, şu ýere ýagşy ornaşsam, bar yhlasym, aladam şu golýazmalar bolar. Baryny bolmasa-da, köpüsini diafilme aldyrarys. Suratyny aldyryp köpelderis. Beýleki respublikalarda Golýazmalar institutlary Ministrler Sowetiniň garamagyna alnypdyr. Belki biziňkem şeýle bolaýady-da! Şeýdilse, olary täzeden dikeltmegem, çap edip ile ýetirmegem aňsatja çözüler... Onuň kandidatlyk işini gorajak wagty indi daş däldi. Iki makalasy çapdan çykypdy. Üçünji makalasynyň hem korrekturasyny okapdy. – Nesip bolsa, apreliň on bäşine işim seksiýada ara alnyp maslahatlaşylýar – diýip, ol begenjini gizläp bilmän, Müdris aganyň ýanynda aýtdy. – Berekella, köşegim! Bu ýatanlaryň hersi bir öwlüýädir. Her haýsy bir «omyn» diýse, maksadyň hasyl bolar... Aprel aýynyň onudy. Gurbangulyny direktoryň çagyrýanyny aýtdylar. Dogrusy, Gurbangulynyň şol adamyň ýüzüni göresi gelenokdy. Ýöne ondan gorkusam az däldi. Özüni işe alanam, Garryýew bilen tanyşdyryp, ylym ýoluna ataranam şoldy. Şeýle-de bolsa, durmuşyň prinsiplerini terezä goýanda, Magtymguly, onuň ynsançylyk ynanjy boýunça-da bu adam bilen ylalaşmak mümkin däldi. Gurbanguly bu adam özüniň kandidatlyk işini, makalalaryny okasa özi bilenem onuň hiç haçan ylalaşmajagyny aňýardy. Gepem şondady. Ol adam ýöne bir ylalaşman galdyrjak adam däldi. Onuň ylmy prinsipine Gurbangulynyň ylmy prinsipi, ylmy garaýşy ters gelýärdi. Ol adam – institutyň direktory, Magtymgulynyň poeziýasynda sufizmiň ýokdugy barada bu gün-erte doktorlyk dissertasiýasyny goramalydy. Gurbanguly – kiçi ylmy işgär bolup, özem şu institutyň iň kiçi işgäri bolup, bu gün-erte Magtymgulynyň tutuş on iki süňňi bilen sufisdigi barada kandidatlyk dissertasiýasyny goramalydy. Ýene-de bäş günden onuň işi seksiýada ara alnyp maslahatlaşylmalydy... Onsoň Sopyýew ony ýanyna hökman çagyraýmalydy. Gurbanguly aslynda boljak gürrüňleriň hörpünem aňýardy. Sopyýew juda bolmanda: «Han ogul, işiňi sektordan geçirseň geçir, ýöne menden soň goramaly bolarsyň!» diýmelidi. Gurbanguly ýaşkiçilik etdi. – Salawmaleýkim! Sopyýew telefonda gepleşip oturyşyna, ona oturgyçda oturmagy mürähet etdi. Ýöne telefonda-da gepleşip ugry bolmady. – Gurbanguly! – Ol indi näçe aý bäri onuň adyny ilkinji sapar dogry tutdy. – Men seniň işini okadym. Makalalaryňam okadym. Sowatly ýazylypdyr. Ýöne, men dogrymy aýdaýyn, seniň bilen ylalaşyp biljek däl. – Ol ýerinden turdy. Özümem alym hökmünde-de, şu ugurdan belli spesialist hökmünde-de, institutyň ýolbaşçysy hökmünde-de seniň bilen ylalaşyp biljek däl. Onuň üstesine-de adam hökmünde-de, Magtymgulyny çyny bilen söýüp okaýan okyjy hökmünde-de ylalaşyp biljek däl... – Şeýle-de bolmaly! – Gurbanguly oturyp bilmän aýtdy. – O nähili şeýle bolmalymyşyn?! – diýip, direktor ör-gökden geldi. Gurbanguly, göýä, özüne hiç zat aýdylmaýan ýaly, arkaýyn gürledi. – Hawa-da, «şeýle bolmaly» diýýänim, ylymda hemme kişi deň pikir etse, ondanam bir ylym bolarmy? Biri beýle pikir etmeli, beýlekisi başgaça. Jedel hakykaty açmaly... Sopyýewiň gözüne gan indi. Ol hasyrdap ýerinden turdy. – Eý, sen! – Ol titräp başlady. – Sen, sen, han ogul, agzynda aş gatyklama! Men seniň eýle-beýle pikirleriňem, jedeliňem bilmen. Seniň meýliň porsy. Meýliň hapa. Sen kollektiwiň arasyna pahna urjak bolduň. Sen prowokator. Sen indi direktory abraýdan düşürjek bolýan. Sen direktoryň mertebesini, ylmy azabyny depelejek bolýaň. Başarmarsyň. Men diri bolsam eşit! – Ol şaňňy sesi bilen gygyrdy. – Eşit, men diri bolsam, öz siňegimi, Magtymgulynyň abraýyny goraryn. Senem, şu dissertasiýaňy gorasaň, maňa ärlik etdigiň. Bar, ugra, alan galan özüňki. Sen Sowet döwletine eden hyýanaty üçin ýigrimi bäş ýyl iş kesilen şol bozgak ýolbaşçyňa buýsanýansyň. Bar, ikiňiziň hem alan galaňyz özüňiziňki... Gurbanguly oňa gep düşündirip bilmedi. * * * On bäşinji aprelde sessiýanyň maslahaty juda dabaraly geçdi. Ilki Garryýew, soň beýleki bölümleriň müdirleri, Müdris aga, Göki aga, aspirantlar çykyp geplediler. – Gurban jan, eden ýagşylygyňa Magtymguly işan göründe garysyna bir galandyr. Elbetde, ol saňa «Taňryalkasyn» diýib-ä bilmez. Ýöne şony men aýdaýyn. Magtymguly işanyň gursagynyň ýükün-ä ýeňletdiň. Seniň şerigaty, taryhaty, hakykaty derňeýşiňe-de, ony Magtymguly işanyň goşgulary bilen jaýba-jaý tymsallaýşyňam göwnüme ýarady. Bir aýtjak zadym, işini kitap etdir. Onsoňam, çaltrak gora. Işiňi Alla oňarsyn... Bu maslahatyň ahyrragynda Sopyýew hem gelip ýetişdi Ol ýüzüni sallap, hiç zat aýtmanam turup gitdi. Gurbangulyda soňky günler birhili süňňiýeňillik emele geldi. Ol dissertasiýasyna edilen bellikleri düzetdi. Zerur dokumentleri jemledi. Awtoreferat taýýarlap, ony alymlar, akademik Garryýew bilen okaşdy. Indi institutyň alymlar sowetinde dissertasiýa goramagyň güni, aýy, resmi opponentler bellenäýmelidi. Ýöne öňde ýekeje köpri bardy. Olam alym sekretara dokumentleri kabul etdirmekdi. Munuň üçin bolsa direktordan rugsat gerekdi. – Baý-buw, Gurban han, bar-da direktora gol çekdir, dokumenti kabul etmäniň gürrüňi bolmaz diýip, alym-sekretar Kümüşliýew ony her görende bal kölüne batyrýardy. Gurbanguly näçe ýaýdansa-da, dokumentleri goramaga kabul etmegi haýyş edýän arza ýazyp direktoryň ýanyna bardy. Sopyýew gözüni-gaşyny çytyp, her näçe buruljyrasa-da, ahyrsoňunda jogap bermeli boldy. – Entek howlukma. Senden öňräk başlanlar bar. Nobatyna garaş!.. Institutda bu gün-erte gorajak bolup ýören, nobata garaşyp ýören ýokdy. Gatnaý-gatnaý, ol paltasy daşa degensoň, Müdris agany onuň üstüne töwella iberdi. Ýaşuly gaty hapa bolup gaýdyp geldi. – Häk, köşek, zyndana düşen oguşýan. Ol kişiniň päli-u-niýeti düzüw däl. Sen häki, birneme howlukma. Olam adamdyr, birneme köşeşsin, ýumşasyn – diýip, ol ýerde näme gürrüň bolanyny aýdybam oturmady. Gurbangulynyň içini it ýyrtyp ugrady. Öýde işde, ýatsa-tursa özüniň şeýle kemsidilmesi wawwa bolup ýüregine batdy durdy. Ol ýüzüni garanka tutup Göki agalara eňdi. Ýaşuly ýaraman ýatyrdy. Ýaşulynyň beýle hala düşenini Gurbanguly ony tanap, görenokdy. Onuň meňzi sargaryp, dodaklary gyzgyndan ýaňa gowrulyp gidipdir. – Namazynam oturan ýerinde okaýar. Bu dert molla agaňy halys etdi – diýip, Amansoltan ýeňňe gözüne ýaş aýlady. Dogtaram «meýmunly» çaýjagaz içsin diýdi. Ýylyň bu wagty meýmuny nireden tapjak?.. Gurbanguly sesini çykarmady. Ýöne aňynda limonyň nirelerde bolaýjagyny çak edip oýlandy. Ýaşuly bilen birki käse çaý içdi. – Işiň nätdi? – diýip, ahyry endamyna birneme çyg ýörän Göki aga ysgynsyz sorady. – Nobatyňa garaş-a diýýärler – diýip, Gurbanguly ýarawsyz ýaşulynyň ýanynda öz derdi üçin aglap oturmazlyk üçin gysgaça jogap berdi. Ýaşuly bolsa gepiň düýbündäki çöpi çeýnedi. – Nobatyňa garaşar ýaly, onuň öňi kim eken? – Bilemok, şu wagt gorajak bolup duran-a ýok. – Ýolbaşçyň näme diýýär? – Garryýewem sesinä çykaranok. Özüm gepleşerin-ä diýdi. Ýaşuly ondan artyk oturmaga mejaly ýetmän ýassyga gyşardy. Soň sesini çykarmady. Amansoltan ýeňňe Gurbangulyny ugradanda alada bilen: – Seniňem-ä meňziň soluk, bala. Beýle bolar ýaly näme aladaň bar? Wagtyndajyk bir iýip-içýäňmi? – diýip zynharlady. – Men gowy-la! – diýip, Gurbanguly ýylgyryp hoşlaşdy. * * * Göki mollanyň Müdris agany yzyna tirkäp gelmegi Sopyýewiň Gurbangula bolan gaharyny soňky pellesine ýetirdi. Ýaşuly başyny tutup oturyşyna birden ýaryldy. «Mal semrese eýesini deper» etme, Sopy kilwanyň ogly. Men seniň ýedi arkana beletdirin. Asyl, bugdaý nan iýse, şol gün goňşusy bilen gepleşmän ýören anryň bardyr. – Aňrym bilen işiň bolmasyn!.. Sopyýew ýaşulynyň sözüniň önüni gahar bilen gabsalady. Ýaşulam çekinip durmady. – Baýam bolar, işim. Meniň aňrymy depelediňmi, menem gidişerin seniň bilen. Sopyýewiň bady birneme peseldi. – Men haçan ýetdim seniň arkaňa?! Göki aga ysgynsyzlykdan, gahar-gazapdan ýaňa garader bolan ýüzüni galdyrdy. – Gurbangulyny näme üçin entedýäň? Näme, bereniňi iýmedimi? Sopyýew Göki aganyň ýüzüne garamaga çekinip, Müdris aga garap ýylgyran boldy. – Indi seniň aňryň Gurbanguly boldumy?! Ýaşuly titir-titir etdi. – Hawa, olam, beýleki garyp-gasarlaram, ähli ejizlerem meniň aňrym. Şolaryň horlanan ýerinde menem harlanýandyryn. Sygryň şahyna ursaň, sugunyň süňňi titrär diýenleri... – Sygryň süňňi, sugunyň diýeniň ýalňyş... – Onçany bilemok, ýöne şol oglan işini goramasa, meniň elim seniň ýakaň bolar. Sen diýen etmeseň, ýurdy alahekge soranok. Prezidentem bardyr. Ýadyňa düşmeýän bolsa ýatla, seni ýaşulularyň ýanyna baryp, uly boýumy kiçeldip, özüm direktor belledipdim. Gerek bolsa, ýene gider-de aýyrdyrar goýbererin... Sopyýewi tok uran ýaly boldy. Akademiýanyň prezidentinden çekinişi ýaly ol aýalyndan hem çekinenokdy. Ýogsa sähel serhoş bolsa: «Aýalymdan gorkuşym ýaly Hudaýdan hem gorkamok» diýen bolýardy. Häzirem ol birden gowşady-da, ýaýaplap ugrady. Ol Göki molla diýen adama-da beletdi. Bu adamyň bir zady küý etse, şony alyp ýatmasa ynjalmaýandygyny ol özüniň direktor bellenişinden bilýärdi. Ýaşuly şonda: «Öz oglanymyz, ýuwaş-ýumşak, kollektiwiň içinden çykan, şolam ýolbaşçy bolmaly» diýip tutdam, öz diýenini gögertdem. – Göki aga, jan agam, men ol oglana gorama diýemok. Onuň bilen temamyz meňzeşräk... – Bolsun, bolanda näme? Ýaşulynyň sesinde gaýnap duran gahar henizem bildirýärdi. – Dünýäde meňzeş zat kän... – Ol dogry! Ýöne onuň bilen pikirimiz çaprazrak, düşünýäňmi? Ol kandidatlyk goramaly, özem «Klassykada sufizm bar» diýýär. Men bolsa «Klassyka döwrüň ruhuna ýakyn, şonuň üçin klassyk edebiýatda dini ynanç bar bolsa-da, görnetin sufizm ýok» diýýäň. Düşüniň, onuňky kandidatlyk iş, meniňki doktorlyk! Menden öňinçä maňa garşy iş goralsa, maňa näme diýerler? Emma men doktorlyk goranymdan soň, ol öz temasyny arkaýyn gorabermeli. Gaýta meniň özüm kömek etjek. Düşün, men şu tema ömrümi sarp etdim, ol bolsa ýaňy geldi ahyryn. Gelenine heniz bir ýylam bolanok... Müdris aga bir gysymjyk bolup, çüňkdäki oturgyja çümüp oturyşyna, az-kem dikeldi. Son emelsizje üsgürinen boldy. – Onuň işem hele-müçek däl, ogul. Seniň azap edeniňe sözüm ýokdur welin, ol oglanam az azap etmedi. Özem, onuňky bir agza-burna gelen zat. Bolmasa, özüňiz dil tapyşaýsaňyz bolmaýarmy? Beýdip, hile edip ýörenden. Sen bir il adamsy ahyryn, geçirimli bolaýmal-a. Direktoryň ýüzünden gar ýagyp başlady. – Ýaşuly, men pyrlampaç däl, ertir kybla bakyp, öýlän sörtüge öwser ýaly. Näme, doktorlyk ýazmak oýun işmi? Geçirimli bolsa, goý, ol bolsun. Ýaş oglan, kandidatlyk işini iki aýda ýazyp bolýar. Meniň welin, wezipäm doktor bolmagy talap edýär. Ertir gelip: «Sen doktor däl, kürsiňi boşat» diýseler. şol oglan meniň çagajyklaryma iki kilo kolbasa getirip berermi? Menem çaga ekleýän. Onuň ne maşgalasy bar, ne öýi-öwzary. Henizem men oňa ýagşylyk edip, bir otag berdim... Göki aga ýerinden turdy. – Görýän welin, sen, han ogul, töwella aljaga meňzemeýärsiň. Sopyýew gazanyň arkasy ýaly bolan ýüzünde sallanyp duran dodaklaryny howlukman ýygnady. – Men lebzimden-ä dänip biljek däl... Ýaşulular seslerini çykarman turup gitdiler. Sopyýew penjireden Akademiýanyň prezidiumynyň işigine bakan ep-esli garap durdy. Ýaşulularyň prezidentiň ýanyna gitmändigine göz ýetiribem sekretar gelni çagyrdy. – Sapargulyýewi çagyr, aýagy ýere degmän gelsin! «Ýok, bujagaz ýeksurunyň gümüni çek diýsen-e. Hut häziriň özünde öňüne çöp atmaly. Öz arzasy bilen gitse-hä gitsin, bolmasa-da gidermeli...» Sekretar gelin Gurbangulynyň institutda ýoklugyny aýtdy. – Ol nirä ýok bolupdyr?.. – Men-ä bilmedim. Direktor ol gelne azgyryldy. – Bar, bil-de, näme, indi özüm sorap geleýinmi? Öýlän Gurbangulynyň indi birki gün bäri işe gelmändigi belli boldy. Direktoryň orunbasary bolsa, onuň Moskwada entäp ýörendigi baradaky habary getirdi. Sopyýew salymyny bermän profsoýuz komitetiniň başlygyny, Müdris agany çagyrtdy. – Ýaşuly, özüň-ä onuň arkasyny tutup, meniň ýanyma getirmesiz adamy getirýäň. Özüňem arkasyny alýan adamyň nirelerde entäp ýörenini bileňok. Bu nähili bolýar? Men-ä seni pygamber ýaly görüp, pensiýa ýaşyň dolsa-da işlesin diýip ýörün, senem meniň aýagymyň astyny köwleýänlere hemaýat edýäň, bu nähili bolýar? Ýene-de direktor günäkär? Ine, şeýdip meni däl-de, özüňizi ýüňsakgal edýäňiz... Müdris aga gözlerini ýumjukladyp, inçejik, hassanyňky ýaly solgun ýüzüni turşadyp oturyşyna tutuksy gürledi. – Nirede bolanda-da ol adam erbetçiligiň ugrund-a däldir. Men şoňa kepil geçip biljek. Kitaphana, beýleki diýip gidibermesem bardyr oň... – Kitaphana gitse aýdyp gidende, agzyndan kireý isleýärmi? Biz bu ýere garantgy bolsun diýlip goýuldykmy? Ýaşuly sesini çykarmady. Gurbangulynyň gününi gaýgyrdy. «Saglyk bir bolawersin-dä. Başyna ne hekaýat gopup ol ýerlere düşüp ýörkä?» Ýaşulynyň oýuny profsoýuz komitetiniň başlygy bozdy. – Işin-ä taşlap gitmesi bolmaýar onuň. Ýöne özi ýokka beýdip, gybatyny eden ýaly bolup oturmalyň, geler, düşündiriş alarys. Käýýeris... – Hawa-la. Beýtmesi bolanok. Aýdyp gidibermel-ä... Direktor bu oturanlaryň geleňsizligine çydam edip oturyp bilmedi. – Hawwa-lasy bolmaz oň. Iň soňky müddet ertir. Ýa-ha ebgarlygy barada wraçdan hat getirsin. Bolmasa-da, garasyny saýlasyn institutdan... Gurbanguly ertesem gara bermedi. Profsoýuz komitetiniň başlygy närazy bolsa-da, direktor öz diýene tutdy. Gurbangulyny zähmet düzgün-nyzamyny gödek bozany üçin işden çykarmaklyk gaýybana karar edildi. – Eger hytdy-pytdy etjek bolsa, KZOT bilen kowaryn. Onsoňam, bir göreýin, edaradan edara entäp gözleýşini... * * * – Dirimiň, jan ogul? – Diri-le! – diýip, Gurbanguly agyr muşakgatyň bardygyny duýýan ýaly, göwünsiz, ýadaw halda aýtdy. – Moskwa gitmeli boldy. Göki aga wraçlar limon içmeli diýipdirler. Aeroporta barsam bilet bar eken. «Moskwada limon barmyka?» diýsem, «bar» diýdiler. Onsoň bilet aldym-da gidiberdim. Yzyma bilet ýok. Otly bilen gaýtmaly boldum. Olam üç günümi aldy... Ýaşuly başga zat soramady. – Özüňiz nähili, meni idän däldirler-le?! Müdris aga ýüzüni galdyryp bilmedi. – Oňarmansyň, oglum, aýdyp gitmeli ekeniň. Özüň-ä ýagdaýa düşünip dursuň, bularda näme, adamçylyk galdymy?! Işden gitsin diýipdir... Ýaşuly soň hakyky bolan wakany jikme-jik gürrüň berdi. Gurbangulynyň ýadaw süňňi lagşady. Ol «Az-kem dynç alaýyn» diýip, bolýan otagynyň işigini açan badyna, oňa otagy boşatmalydygyny aýtdylar. Bu urgular oňa öňküleriň çeni bolmady. Göki aganyň gideni, gaýtadan töwella-tagsyr edeni, prezidentden edilen haýyşlar peýda bermedi. Ýaşuly lapykeç bolup gaýdyp geldi. Onuň Gurbanguly üçin getiren bir ýakymly habary: «Meňli diýen bir maşgala eken. Şol naçar biz gaýdýançak gözýaş döküp galdy. «Gynanmasyn, aýdyň!» diýip galdy» bolupdy. Ol şeýdip, Golýazmalar instituty bilenem bolupdy. 30. – Serhet görünýär! – diýip, awtobusyň içinde oturanlar gozgalaň tapyp başladylar. Bu ýagdaý Gurbanguly üçinem kem bolmady. Ol hasratly ukydan aýanan ýaly bolaýdy... – Şu ýerler «Çat» diýilýän ýerler bolmaly. Zeliliniň watany – diýip, başga biri gygyrdy. – Hawa, Zelili şu ýerlerde ýaşapdyr. Han-a serhetçiler hem dur. Ahyry ýetdik öýdýän... Uzagrakda, ýoluň gyrasynda üýşüp duran adamlar göründi. Adamlar Etrek sähralarynyň päkize deminden ganyp, göterilen ýaly boldular,. Her kim Garry mollanyň, Magtymgulynyň gubruna zyýarata barýandygy, ömürboýy ýat, «ýowuz duşman» hasaplanyp gelip çet ýurda gadam gonýandygy baradaky begençli duýgy bilen töweregine garanjaklaýardy. Ho-ol öňde, ýaraglarynyň tygyny hem-de papaklarynyň alnyndaky jäjegi güne ýaldyradyp duran serhetçileriň, raýon wekilleriniň ýanyna uçup ýetäýsem galkynjyraşýardylar. Gurbangulynyň welin göwni döwlüpdi. Hälki ýatlama onuň bagryna bir gysym iňňe guýlana dönüp, onuň içini sanjydan doldurypdy. Ony har eden, ony aýak astyna salan, mynjyradan, çagalygyny, ýigitligini, kämilligini, zehinini talan durmuşyň, ony har edenleriň yzasy häzir Ezraýyl bolup demligini gysýardy. Onuň gany birden depesine urdy. Ol bir wagt ilkinji söýgüsine talaň salnanda urulan şarpykdan ak düşen görej-ä däl, dürbi ýaly görejem dünýäni gyrmyzy gana boýap görkezdi. «Neme begenen bolýaňyz?!» Ol Gara Garaýewiçiň bagtyýarlykdan tisginip-tisginip gidýän lopbuş duluklaryny, şol gar göherdiň gysmyljyramasyna maýyl bolup oturan Patmanyň gözlerindäki bagtyýarlygy, Sopyýewiň neresse çaga kimin begenişini görüp durup bilmedi. Onuň gazaby kükregini böwserli göründi. «Adamlarda utanç galmandyr! – diýip, ol sag gözüni derli aýasy bilen owkalap oýlandy. Ýöne munuň bilen gözüniň awusy aýrylmady. Gaýta çep gözi hem awuşap başlady. – Meniň bagtymy, ömrümi elimden gaňryp alan, meniň ýalylaryň gör, näçesiniň bagtyna gara çekenler Magtymguly ýaly päkize ynsanyň gubruna barýanyna begenip uçaýjak bolýarlýar. Olar hapa pälleri, hapa niýetleri, hapa elleri bilen nädip ol perişde ýaly adamyň alnyna baryp biljekler?! Hapa aýaklary bilen nädip ol äriň ýatan öwlüýäsine gadam goýup biljekkäler?.. Wah, olaryň diňe özleri hapa bolup, ugurlaryna gezip ýörseler boljak, olar meniň ýalylary hem bagtygara etdiler. Olar ýalylar gör, näçe ojagy gömdüler?! Olar sebäpli näçe öýüň çyragy söndi?! Olar ynsabyň käbesini weýran edip, indi başga bir mukaddesligem weýran etmäge barýarlarmyka? Olar üçin kişiniň köňli, kişiniň bagty, kişiniň ojagy oýnawaja öwrüldi. Indi olar Magymgulynyň gubrurynam oýnawaja öwürjek bolýarmykalar?!.» Ol awtobusy saklady. – Düşüp bir çilim çekeliň! – diýişip oruranlar ýerlerinden turup başdadydar. Hemmesi delegrasiýanyň ýolbaşçysy Çaryýewe seredişýärdiler. Çaryýew äwmän, özüniň epeýligini, hökmürowanlygyny güjeňläp, ulygyz ýaly sallanyp awtobusdan düşdi. Onuň yzyndan Gara Garaýew, Sopyýew dagy sürrenekleşip düşüp başladylar... Ministr daş çykmady-da, Gurbangulynyň ýanyndaky oturgyja çökdi. – Arma, Gurban jan?! – Bar boluň, özüňňizem armaň?! Ministr onuň ýadaw, ejiz ýüzüne ýylgyryp garady. – Ýadadyňmy? Gurbanguly ýüregindäki agyr daşy eredip bilmese-de, ýeňiljek ýylgyran boldy. – Ýadalar ýaly däl-le! – Sag-aman bir barsak! – diýip, Gurbanguly çynlakaý görnüşe girdi. – Men düýün-öňün aýlanyp gaýdypdym. Etrek çaýyna eňilýän ýer gaty erbet. Elli metre ýetýän çuňdan aýlaw erňek bar. Juda dik. Hudaý-Alla bilen düşmeli. Partlatmasaň çökerer ýaly däl. Partlatmaga-da serhetçiler rugsat berenok. Öň seniňki ýaly awtobus ondan aşak düşüp görenok. Şondan bir düşüp bilsek, aňyrsy ýagşyrak. – Ministriň ýüzi has aladalandy. – Şol ýerde bir gaýrat et, gardaş. Şol eňaşak üçin seni bimaza etdik. «Juda ezber, ynsaply» diýdi, oglanlar. «Maşyny-da täze» diýdiler. Görýäň-ä, respublikanyň ketdeleri, kileň... Gurbanguly aýrybaşga özüniň bu ýola alnyp gaýdylmagynyň sebäbini indi bilip galdy. Ol özüne ynam edilmegine hem begendi, hem kemsindi. «Görýäňmi, gyssaga düşenlerinde bulara asyllylyk, ynsaplylyk gerek. Emma durmuşdan paý almady bolanda, kürsä, wezipä ýetmeli bolanda bularyň ýadyna ynsap düşenok. Özler-ä ynsaply, asylly boljak däller. Ynsaplynyň, adamkärçilikliniň zähmetindenem eňeklerini basyp içjekler...» Awtobus ugrady. Öňden barýan harby maşyn Çatyň günbatar ýüzündäki tekizlikden günortalygyna garşy tutdurdy. Barybam Etrek çaýynyň pelegiň agzy ýaly diýilýäni ýaly bolup ýatan çuňňur hanasynyň kertiniň depesine gelip saklandy. Maşynyň duran ýerinden çaýyň düýbüne çenli ýüz metrräk dik çuňluk bardy. Bu töwereklerde geçere ýol bolmansoň, şu ýerini buldozer bilen boldugyça peseldip, ýagdaýlyrak ýol ýasalypdyr. Eňňit juda howludy. Ýöne Gurbangulynyň çeni boýunça awtobusy aşak düşürip boljakdy. Ýöne juda sak hemem çalasyn bolmalydy. El, aýak tormozlary ýerli-ýerinde ulanmalydy. «Maşyny yza berip, ýüz metrräk ýerden birinji tizlikde gelip, bir eliňi el tormozynda saklap, aýagyň bilenem ortaçarak tormozda saklansaň, ilkinji elli metre-hä ýetip boljak. Soňam ýigrimi metr ýaly ýer galýar. Olam tormoz üzüläýende-de gorkuly däl. Juda bolmasa, maşyny göni goýberäýmeli bolar-da...» Gurbanguly hyýalynda ýoly, öz etjek hereketleri bilen utgaşdyryp, hasaplap gördi. Soň birneme ýüregi düşüşdi. – Ýer-ow, şopur, şu eňaşakdan düşmäge «hywa» tarapyňda gaýrat barmydyr?! – diýip, Çaryýew bir hili göwnüýetmezçilik bilek degşen boldy Gurbangulynyň öňem ýüzi ganjaryp duran köňül ýarasy sorkuldap başlady. – Mende bolmasa, gaýratlyňy getirde oturdaý! – Ol ýüzüni eňşidip jogap berdi. Çaryýew dodagyny çöwrüp, Sopyýewe garady. – Näm-aý, onyňyz ýarak it ýaly jabjynyp durlaý, düzüwlirägini tapmadyňyzmy? Gurbanguly bir-ä: «Maşynyň bilen seniň...» diýip, awtobusdan düşüp gidibereýinem diýdi. Ýene öz-özüne basalga berdi. Ona çenli Hojaberdi Gurbangeldiýewem onuň gapdalynda gondy. – Gurban jan, gardaş, göwnüňe zat alma. Magtymgulynyň haky üçin giň bol. Sesiňi çykarma. Ýuwaşjadan ugrabereli... Hojaberdiniň egnine elini goýup, mysapyrsyrap, özelenip durşy Gurbangulyny ýumşatdy. Ol awtobusy yza bakan aýlady. – Nirä-how? Gurbanguly jany ýanyp «Hany, oturyberseňizläň» diýen terzde salona garady. – Hany, otursaňyzlaň, adamlar! – diýip, Gurbangeldiýew oňa derek dillendi. – Näme, indi oturmagam oňaraňzokmy? Hiç kişiden ses çykmady. Awtobus ýüz elli metr töweregi yza gidip, ýene-de çaýa garşy öwrüldi. Soň onuň bady birinji tizlige geçip, usulluk bilen ýöräp ugrady. Gurbangeldiýew şofýoryň niýetine indi düşündi. Gurbangulynyň aňyna welin, gaharyň ýyrtyjy çaýkelleri gelip urlup-urlup gidýärdi. «Ýok, olar rahat oturyp bilmez. Olaryň ynsaby guduz açan. Heý, beýle ynsabam Magtymguly ýaly älemiň gubruna kesekini, ejizi çeýnemän baryp bilermi? Olar mukaddes zat goýmadylar-a. Nebir günümiz, nebir yrsgalymyz, nebir ýurdumyz bardy. Bary omruldy. «Ony ykdysady gahatçylyk ýumurdy» diýýärler. Ýo-ok, ýok, ýalan. Ony Gara Garaýew, Sopyýew ýalylar omurdy. Ynsap, ynsap diýen bolýas, olaryň sahawatyndan tamakin bolan bolýas. Olar bolsa öz bähbitleri üçin dogran eneleriniň göwsüni kesip gitjek ahyryn...» Awtobus agyr iňläp eňip başlady. «Olar öz bähbitlerini doýrup, özlerine ynanylan döwleti düňderdiler. Olar öz oturan kürsülerini aýap-aýap, tutuş döwleti opurdylar. Olar öz dogan-garyndaşlaryny ýokary göterjek bolup, tutuş halky gara derýa gark etdiler. Olar tutuş bir halkyň dinini, ynanjyny, ynamyny, messebini, yrsgalyny elinden alyp, getiribem, ol halky ymgyr çölüň içinde hendege gapgardylar. Heý, eliňe-de döwlet berler-de, onam bir ownujak, kümsüjek bähbidine çalşyp bolarmy, naýynsaplar...» Birdenem Gurbangulynyň gözüne gan inen ýaly boldy. Ol dişlerini jygyrdatdy. «Han-a, şol oturanlar. – Ol Çaryýewiň hyrsyz keşbini gözleriň gyzyly bilen ýuwutdy. – Ol oturan kemçin, ýanyndaky hemşeri, ol oturan ýezit Sopyýewiň ýylmanak ýüzi onuň aňyna ot bolup çabyrady. – Şular ýaly kezzaplar ynsabymyzy opuryp, döwdetimizi weýran etmedilermi?! Menem häzir awtobusy şu uçutdan goýbereýinmi, öz elimde diýip! Şeýtsem, hem-ä özüm dynardym bu jebirlerden, hem halky şu netikazalardan dyndarardym. Onsoňam, Magtymgulynyň gubruna munça hapa aýak basmazdy. Goýbereýin maşyny, goý, gapgarylsyn...» Ol gazap bilen gaza basdy. Agyr awtobus ýolbars dek arlap silkindi... – Aý, ýuwaşrak!.. – Waý, gitdi!.. – Waý!.. – Wa-aý!.. Gurbanguly aýylganç gykylygy eşidip özüne geldi. Soň tisginip gitdi. Onuň agzyna gelen: «Şyblan babam, Magtymguly atam, ýetiş!» diýen söz boldy. Soň ruly howlukman çalaja burdy-da, el tormozyny çekdi. Awtobus silkindi-de, ýene ýoluny dowam edip, ýuwaşlyk bilen düşüp başlady. * * * Serhet zastawasynyň derwezesiniň golaýynda üýşüp duran adamlaryň gürrüňi zabt edilen kert ýol baradady. – Çäge düşäpdirler, şol maşynyň yzywy typdyryp goýberdi... – Ýok-how, kert boş gum bolansoň, şol opuryldy Ýöne şofýor juda ökde eken, aldy çykaýdy... – Çöregimiziň bitin ýeri bar eken. Ol kertden düňderilip gaýtsa, awtobusyň içindäkileriň her tikesi gulagy ýaly bolardy-la, Hudaý sowdy... – Men hudaýýoluna bir tamdyr çörek aýdandyryn... Gurbangulynyň özem bu gudrata haýran galdy. Ol öwlüýäleriň gudratyna özüne töhmet edilip, zyndana dykylyp ýatyrka, iki sany gurrumsagyň erkeklik namysyny basgylajak bolup sürnüp durkalar hem göz ýetirildi. Şonda-da bir gudrat ony namysyň elinden alypdy. Bu günki gudrat bolsa, has üýtgeşik bolupdy. Ol gaharyna näme etse edäýmeli ekenine indi göz ýetirýärdi. Adamyň gazabynyň güýjüne indi ynanyp başlady. Emma şol gudrat oňa abraý berdi. Ýogsa, ol häzir bir topar bendäniň ganyna galan adam bolmalydy. Ol özüniň bu betlagam pikirinden indi gorkup, utanyp başlady. «Näme, häzir özbaşdak döwlet bolduk, bu erbetmi? Öz elimiz, öz ýakamyz bolduk, bu erbetmi? Gül ýaly ýigit, türkmen halky diýip ölüp-öçüp duran öz oglumyzy prezident saýladyk, bu erbetmi? Türkmeni tutuş dünýä özbaşdak döwlet diýip doly ykrar etdi, bu erbetmi? Sen, Gurbanguly, ejize ganym birki sany gurrumsagyň gürrüňini edýäň, giňräk bol, türkmen halky beýle-beýle abraýlara öň ýetenem däldir. Diýýän uly döwletiň lagşamadyk bolsa, ol ýurt tozmadyk bolsa, beýle bagta hiç haçanam ýetilmezdi. Diýipdirler-ä, «Dok çaýkanman, aç doýmaz» diýip... Onuň kalbynyň düýbünden bir owaz ony köşeşdirip başlady... – Ho-ow, awtobusyň yzyny görseň, biz diri galmaly däl. Ýarysy uçuda gitd-ä. Gurbanguly garaçyny bilen Haka sygyndy. – Eý, gurbanyň gideýin, Hudaý jan, men ýaňky oýlaryma puşman etdim. Günämi geç. Ýöne, jan Allam, ärler, pirler, Çaryýew, Gara Garaýew, Sopyýew, Patma ýalylaryň aýagy Magtymguly atamyzyň gubrunyň töweregine düşmez ýaly bir edeweri... Kimdir biri Gurbangulynyň egnine elini goýdy. Gurbanguly dartgynly oýlarynyň duzagyndan zordan çykyp, ýalt edip yzyna garady. Owadan gara tüýleri buýralanyp duran silkme telpekli, çal sepen sakgally, bäbegiňki ýaly näzik ýüzi pygamberiňki deý nurana ýaşuly oňa garap ýylgyryp durdy. Ol ýaşulyny tanamady. Ýaşuly welin, edil eziz doganyny gören ýalydy. – Gurbanguly jan, doganym, salawmaleýkim! Gurbanguly ony ilki agasy Amangulydyr öýtdi. Emma bu adam Amanguly däldi. – Tanamadym! – Tanamadyňmy? Men Allak, men «Waska»! – Gurbanguly ony täzeden gujaklady. – Allak aga, jan agam, barmyň? Ýaşuly begenjine bozuldy. – Bardyryn, inim, bardyryn. Bu gün meniň hajym gowuşdy. Enemem, atamam, käbämem sensiň. Ömrüň uzak bolsun, inim, meniň hajym gowuşdy... Ýaşuly ýene bozuldy. Onuň töweregini gallap duranlaram bu pygamber sypat ýaşulynyň bolşuna geň galyp seredýärdiler. Olaryň köpüsi bu ýagdaýy awtobusyň sag-aman galmagyndan görýärdiler. Gurbanguly Allak aga bilen hal-ahwal soraşdy. Öz ýagdaýlaryny aýtdy. Saçly ejeden salam gowşurdy. Soň bolsa ýüregine sygdyryp bilmän duran ynjysyny daşyna çykardy. – Allak aga, men hudaýlygymy aýdaýyn, Gara Garaýew ýalylaryň Magtymgulynyň gubruna zyýarat etjekdigine bir ölüp bilemok. Olar öň ölen adamy ýene öldürmäge barýarlar. Men... Allak aganyň ýagty ýüzüne kölege düşdi. Ol sesini çykarmady. Häzir ol geplese, bu eýmenç adamyň adyny diline alsa täreti bozulaýjak ýalydy. Onuň öz kalbynam, agzynam hapalasy gelmeýäne meňzeýäni bildirip durdy. Ýöne Gurbangulyny jogapsyz goýmaly däldigine düşünýärdi. – Awtobusyň gapysyny açsan-a! – diýip, kimdir biri gygyrdy. Ýaşulynyň egninden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. «Wah, häzir Göki aga-da bolan bolsady. Pahyr, juda begenerdi» diýip, ol ýaşulular bilen gürleşip duran Allak agany synlap oýlandy. Birdenem göwni Aşgabada, öýüne uçup gitdi. «Saçly ejäniň haly neneňkä? Naharyny-çaýyny bir iýip-içdimikä? Jygalybeg gelip, azar berip ýörmese ýagşydyr...» Şol öý, şol içeri, ol aýal Gurbangulynyň gözüne öňkülerden has yssy göründi. Häzir ganat baglap Aşgabada uçup barasy geldi. Öýünde aýagyny uzadyp dynç alasy geldi. Şol içeriniň süýji ýatlamalaryna gark bolup galasy geldi. Ony Golýazmalar institutyndan kowansoňlar, öýde bir hepdeläp daşary çykman ýatypdy. – Oglum, beýdip ýatma, hany, merdräk bol – diýip, instituta telim baryp gelen Göki aga ona dözümli daraşdy. – Iş-güýjüň aladasy bilen bol... Ýaşuly Gurbangulynyň göwnüne ýaraýjak işleriň ikisi barada gürrüň etdi. – Ilerki mekdepde mugallymçylyk bar diýdiler. Mekdebem bir arassa iş. Halalja iş, bize gidip, gelip ýörseň bolany... Gurbanguly oýlandy-oýlandy, ýöne göwnemedi. – Ýok, ata, men, men mugallymçylyga gitmäýin... – O näme üçin? – Meniň kalbym hapalandy. Mugallym bolmak üçin päk, arassa bolmaly. Men welin adalatsyzlykdan, biynsaplykdan hary-zar boldum. Köňlümde galan zat bir-ä arman, birem şol adalatsyzlyga ýigrenç. Gahar-gazap. Beýle ýürek bilen çaga okadyp bilmen. Birde çykmasa, birde çykar şol hapalyk. Çaga okatmak üçin başgarak bolmaly... Ýaşuly bu pikiri oňlasa-da, sesini çykarmady. Ol ikinji işi Gurbangulynyň derejesinden pes gördi. Ýöne dile geldi, bile geldi etdi. – Başga näme diýeýin, goňşymyz awtoparkyň dispetçeri. Şol ýerde garawullyk bar diýýär. Olaryň bu işem birhiliräk-dä?! Gurbanguly gobsundy. – Şofýorlyk ýokmuka? Ýaşuly Gurbangulynyň ýüzüne geň galyp garady. – Hä, näme? – Şopur bolup bererdim-dä. Ýaşuly gobsundy. – Onuň okuwyny okamasaň, öň görmeseň, şopur bolup boljakmy?.. Gurbanguly soňky günlerde ilkinji sapar ýylgyrdy. – Uniwersitetde okatma kemini goýmadylar. Sürmäge hukuk berýän dokumentem berdiler. Häzir maňa maşyn berseler, men-ä başga işem diýjek däl. Ýaşuly bu söze ynanjagynam-ynanmajagynam bilmän: «Wah, maşynyň ýarasy ýeňille» diýip, goňşularyna gaýtadan gitdi. Şeýdibem, şol gije Gurbangulynyň şopurçylyk nesibesiniň nikasy gyýyldy. Ol şu öýde başga bir täsin wakanyň hem şaýady bolupdy. Göki aga göçüp gidenden soň, geçse bir ýyl geçendir. Gurbanguly işden gijräk dolanypdy. Ol howla girip-girmän Saçly ejäniň bolýan tamyndaky gykylygy eşidip, içeri urduryp girdi. – Näme, näme boldy? Ol doňup galdy. Bir wagtky şa gyzy ýaly owadanja, näzenin Anýa saçlaryny ýaýyp, hünübirýan aglap otyrdy. – Eje, eje jan, maňa rehimiň insin! Men, men... – Gurbangulyny görüp, olam gözlerini petredip ýerinden turdy. Saçly eje bolsa Gurbangulynyň ýüzüne ýüzi düşenden hasam ekezlenip, sesine bat berdi. – Bar, bar, ugra! Seniň ejeň bir wagt ölendir. Garaňy saýla şu içerden. Meniň çagam bolmaz. Oglumam, gyzymam şu ýetim oglan. Çyk, güm bol, salaty... Ol agyryly aýagy bilen Anýany jalkyldadyp depip goýberdi. – Çyk, bar, şu wagta çenli nirede gezen bolsaň, gidiber... Anýa urgynyň badyna atylyp işige degdi. Soň içeri girjegem bolmady. – Men, men, ejem diýip geldim... Men... Saçly eje hasam janagyryly gygyrdy. – Bar diýdim, bar, ugra. Ejeň bolmaz. Gaýdyp garaňy salma şu öýe. Anýa gitdi. Saçly eje Gurbangula tutunyp aglady. – Uly gyzym ýaňky. Nähililer edip ekläp-sakladym. Atasyzlygyny, ýetimligini bildirmedim. Ýetişensoň, ol ärden ol äre bary-yp, eje bardyr öýtmedi. Ana, indi äri biri bilen tutup, öýünden it kowan ýaly kowansoň, muňa eje gerek. Ejesi bolmaz, olar ýalynyň. Ejesi bir wagt öldi onuň... Gurbanguly bu ömrüne Anýanyň kiçeleninem, onuň gözýaş dökeninem görerin öýtmeýärdi. Hudaý oňa onam görkezdi. Özi-de hut öýüne, işigine getirip görkezdi. Awtobusyň işigi şarkyldap açyldy. Gurbangudy oýundan açylyp bilmän bärsine bakdy. – Girmek bolýarmy? Gurbanguly bu gelene seretjeginem, ona jogap berip-bermejeginem bilmedi. Işikde Patma uýaljaň ýylgyryp durdy. Iki gözem Gurbangulynyň ýüzünde-di. Ol alynky oturgyja geçdi. – Gurgunmyň? Ýagdaýlaryň nähili? Gurbanguly Soňudagynyň belent başyna, Etrek sähralaryna, kowçum-kowçum bolup, serhetden aňry haçan goýbererlerkä diýşip, mesaýy gürrüňleşip, garaşyp duran adamlara garap ýuwaşja jogap berdi. – Hudaýa ýüzde-müň şükür. Patma şondan soň oňa garap bilmedi. Ýöne dymybam oturmady. – Öňki agşam seni düýşümde görüpdirin. Tisginip oýandym, soň hiç ukym tutmady. Güni bilen ýadyma düşdüň durduň. – Ol birhaýukdan soň ýene gürledi. – Görüşjegimiz bar eken... – Patmanyň sesi gyryljak çykdy. – Men seni kän sapar gördüm. Ýanyňa baryp bilmedim, çekindim. «Günämi öt» diýjek boldum. Indi düşünýäňem, öz etiňi özüň iýýäňem, näme, giç-de... Birdenem, şu wagt onuň ýadyna Patma öýlenen agşamy Süleýman diýen bir görmegeý adamyň: «Häk, kömekçiň köp bolaýmasa» diýen sözi düşdi. Gurbanguly başyny ahmyrly ýaýkady. – Sen, dogrudanam, «weli» ekeniň, agam. Ýöne men «Sen bolmasaň, Senem jan» edip bilmedim. Bolanok. Gara Garaýew bilen Sopyýew awtobusa girdiler. Patma şonda-da ýerine geçmedi. – Gün günortan boldy. Bular bizi daňyp goýdular – diýip, Gara Garaýewiç awtobusyň salonyna girenden soňam hors-hors etdi. Sopyýew bolsa gözlerini Patmadan aýryp bilmän, gelip Gurbangulynyň egnine elini goýdy. – Meniň seni işe aljagym çynymdyr... – diýip, ol ýoldaky gürrüňine dolanyp geldi. Gurbangulynyň ýüregi ýene-de süýjüje urup başlady. Institut, kandidatlyk, ylmyň gyzykly dünýäsi, Meňli, Müdris aga, syrly golýazmalar hakyndaky ýatlamalar şeýle şirinligi bilen onuň kalbyny gaplap aldy. Ol Sopyýew doktorlygyny gorap, belent derejelere ýetensoň köňlüne rehim inip, ýalňyşyna düşünendir öýtdi. Öz ýanyndan ondan minnetdar boldy. Sopyýew bolsa Gurbangulyny begendirjek habary indi aýtjak ýaly bolup dabaraly gürledi. – Bize täzeje «Ikarus» awtobusyny berdiler. Seni şoňa şofýor edip aljak. Bormy?!. Gurbangulynyň dünýäsinde kyýamat gopdy. Ol gözlerini petredip, dälirän ýaly bolup awtobusdan düşüp gitdi. Soňam giç öýläne çenli özüni dürsäp bilmedi. Namazynam nähili okanyny bir Hudaý bilýärdi. * * * – Ugralyň! – diýip, Hojaberdi Gurbangeldiýew lapykeç halda Gurbangulynyň ýanyna gelip aýtdy. – Nirä? – Yza, Aşgabada... – Hä, näme boldy? – Eýrana geçmäge rugsat berenoklar. Erbet epidemiýa ýaýrapdyr. Bir aýlap geçmek bolanokmyş... Gurbangulynyň dünýäsi giňän ýaly boldy. Diýeniniň bolanyna, onuň tanaýan käbir adamlarynyň hapa dabanynyň mukaddes gubura, onuň ýatan topragyna degmejegine çaga ýaly begendi. Birdenem başyny gynançly ýaýkady. – Wah, günäliň oduna bigünälerem ýanmaly boldy-da. Ol başyny dik tutup, awtobusa bakan gadam urdy. Soñy. Oktýabr, 1991 ý. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |