22:42 Zyýarat -2/ romanyñ dowamy | |
3.
Romanlar
Awtobus şäherden saýlandy. Gurbanguly tizligi üýtgedip, «bismilla» diýip, gaza basyp ugrandan üýtgeşik ruha gark bolup başlady. Dogrusy, ol her sapar maşyn ugranda, ony özüniň sürüp barýanyny duýanda mydama-da ýeňiljek joşgunly duýgyny başdan geçirýärdi. Käte ýadyna düşen aýdymlardan hiňleniberesiniň gelýän çaglary hem bolýardy. Ondan oňa selpäp ýa-da bir meselede oňuşman, ganyny jeýhun eýläp, janyny ýaka-ýaka maşyna münende-de, şeýle ýagdaýy başyndan geçirip, ähli derdi saban ýaly bolýardy. Beýleki şofýorlar «maşyn sürmeden irdim. Endam-janyňy kül-owram edýär. Babasili heläkleýär, oturmakdan diýip gan aglaýardylar, emma Gurbanguly welin iliň tersine. Ol maşyna münse köşeşer. Adalatsyzlyk üçin biriniň agzyna kese giren bolsa-da, birini ynjydan bolsa-da, ur-tut puşman eder. Ol awtobusyna atlansa eden, indi etjek günäsi üçinem ötünç soramaga, gerek bolsa aýaga ýykylmaga-da taýýardy. Hut, häzirem ol ministriň ýanyna baryp, oňa öz syryny açanyna, öz derdini aýdanyna ökünip otyrdy. Bir wagt bile ýaşap, kysmaty ters gelip aýrylyşan aýalyna kine bilen garanyna utanyp otyrdy. Onuň süňňüne ýene-de rahatlyk ornady. Saçly ejäni razy edip, onuň göwnüni ýykman gaýdanyna, öýle namazyny irgözinden okanyna begendi. «Hudaýa şükür, şu gün-ä bir haka bolmasa, ile-bendä algym-bergim ýokdur. – Ol ýene-de birden örtenip başlady. – Algym-bergim ýokdur diýen bolýan welin, ýany dälmidi illere gyýgymy ajadyp oturanym. Näme, Patma, Garaýew, Sopyýew saňa degdimi? «Öýümi ýykan» diýmäm näme bir nätanyş adamyň ýanynda? Ol adam men barada, olar barada nähili pikir eder? Maňa-ha «uýatsyz, sakgalyňdan ak girse-de, aň girmedik bende» diýip düşünse, olara-da meniň öýümi ýykan hökmünde garasa ýagşymy? Görýän welin, men oňaljak däl öýdýän. Her günde hyz-haram duýgular bilen agzymy, ýüregimi çaýkap durmasam halys boljak däl öýdýän,..» Ol alnyndaky aýnadan salona garady. Adamlar irkiljireşip, meýmiräp, töwereklerine garanyşyp otyrdylar. Patma bolsa Gara Garaýewiçiň egnine owadan başyny goýup, dünýäden bihabar halda ýatyr. Gara Garaýewçiň ýüzi aladaly. Onuň ýüzündäki gasynlar çuňalypdyr, edil gaty damar ýaly bolup, tutuş ýüzüne ornapdyr. Gurbanguly gözlerini ýene-de ýola dikdi. Agaçlar, baglar, telegraf, elektrik sütünleri, garşydaş barýan maşynlar duşundan zymdyrylyp geçip dur. «Durmuşyň özi ýaly-da ýol hem – diýip, Gurbanguly pyşyrdanyny duýman galdy. – Meniň obadan çykanyma ýigrimi ýyla basalyk bolupdyr. Ýigrimi ýyl! Ýekeje salym görmesem ýüregim üzülere gelen agamy, ýekeje sagat görmesem dünýäm düňderilen Bibi jany görmänime ýigrimi ýyl bolupdyr. Eý, Alla jan! Barysy düýn bolup geçen ýaly... Onuň kalby ersip gitdi. «Bibi jan!» diýen owaz gitdigiçe onuň tutuş dünýesini lerzana getirdi. Hatda tekiz ýol bilen barýan awtobus hem sarsyp giden ýaly boldy. «Bibi jan, mähribanym!» Onuň garyp könlüne ýatlamalaryň patyşalyk hazynasynyň tyllaýy röwşeni çaýylyp başlady. Eli maşynyň ruluny tutup, gözleri ýumşakdan tekiz ýoly saýlap, aýagy gazyň pedalyny basyp barsa-da, ol indi başga ýerde, baryp-ha allowarradaky kiçijik obadaky gögele oglanyň ruhuna girip ýördi. * * * Ol Bibini baryp ikinji klasda okap ýörkä halapdy. Ol Gurbangulynyň ejesini oba adamlarynyň tabyda salyp, tabydam eginlerine göterip alyp giden ýylydy. Gurbanguly şonda ejesini keselhanadan getirişlerinem, özüni onuň ýakyna goýbermän duruşlarynam, ejesiniň üstüne ak çargat ýapylgy durşunam, aýallaryň aglaşyp oturyşynam, erkekleriň bolsa «hany, goýuň» diýşip, gyňyr ses bilen käýeýişlerinem ýadyndan çykaranokdy. Ýöne ol şonda-da aglamandy. Onuňam iki sebäbi bardy. Onuň ejesi öňki mähriban, gujagyna gelseň gapyp duran eje däldi. Owdan indi ejäniň däl-de, dermanyň erbet ysy gelýärdi. Ýene bir sebäbem, ejesi öň ýaramaýan wagtynda-da aýallar: «erkek oglan aýalyň ýanyna girmeli däl, bar, git-de oýnaber» diýip, ony daň bilen yzgydyp, başga biriniň öýüne eltip, halys bezikdiripdiler. Soňam ejesi gaty köp wagtlap keselhanada ýatyp, ogly ondan, olam oglundan sowaşypdy. Keselhanada halys dert büren aýalyň jan-jan öz jany bolupdy Ogla, gyza eli deger ýaly haly galmandy. Şol günem aýallar aglaşsalar-da, Gurbangulyny gujaklap: «Gara bagtyň ýatdy-la, bala, gününe gar ýagdy-la, bala!» diýseler-de, ony içeri goýberäýenokdylar. Ol penjireden içerik seredip, ejesiniň edil törde, öňküje ýatan ýerindedigini görüp köşeşdi. Soňam bu agy-ebganly, ys-kokly irew-de-birewli içeriden daşlaşasy geldi. – Gurbanguly! Ine şol ses Bibiniň sesidi. Bu ses oglanjygyň (hawa, ol heniz oglanjykdy) tutuş täleýinde oýanyşyň zaňynyň kümüş owazy bolup galypdy. – Gurbanguly! Gurbanguly sesini çykarman saklandy. Tä Bibiniň özi ýanyna gelýänçä, onuň ýüzüne naçar didelerini balkyldadyp, çagajygyň, kalbyndaky hasraty gözleri bilen süzüp alýança garaşdy. Soňam, hawa, soňam tä on üç ýaşyna çenli ondan aýrylyşmady. Bibi bilen Gurbanguly ekiztaýy, ýok, edil aşyk Garyp – Şasenem ýaly bolup ösdi. Olar biri-birinden ýekeje pursatam aýra düşenokdylar. Gurbangulynyň dünesinde diňe agasy Amanguly bilen Bibi bardy. Amanguly ýigit çykyp, murty tabansoň okuw diýmedi. Kolhoz işine ulaşdy. Oňa beýtme, «oka» diýenem bolmady. Güzerany-da dolama gerekdi. Ile «bular ýetim» diýdirmeli däldi. Amanguly muňa has ýaşlykdan düşündi. Ýok, ony düşünmäge durmuşyň özi mejbur edipdi. Ol okuwynam gapdaldan goýmady. Raýona hepdede iki sapar gidip, agşamky mekdepde okaýardy. Özem zehinli okaýardy. Okuwynyň birje sapagynam sypdyrman okaýardy. Gurbanguly bolsa yra-darady. Ol jan ýaly agasyna haýranlar galardy. Amanguly içerini-daşaryny gül ýaly saklaýardy. Sygry mähetdel etmän sagyp, gijelerine panusyň ýagtysyna tamdyra çöregem ýapýardy. Ýanlygam ýaýýardy. Nahar dagy bişirende, eli bal ýalydy. Dili ondanam şirindi. – Eý, köşejik! – Ol inisiniň adyny tä on üç ýaşyna çenli «köşejiksiz, köşeksiz» tutan däldir. Ol muny ejesiniň ýorasy bolany üçinmi, ýa inisini şeýle eziz göreni üçinmi, şeýdip tutýardy. – Hany, tur, hany, oýan, beýdip ýatma ahyryn. Han-a, saňa süýdüň köpügini, gaýmagyny goýdum. Gör, ap-akja guşjagaz çüňkjagazyny gyzardyp «Jüýk, jüýk, menem süýt içjek» diýýär. Turmasaň şol içer gider, tur, hany... Gurbanguly böküp turýardy-da, agasynyň boýnundan gujaklaýardy. – Süýdi kim bişirdi? – Ejem jan! – Çöregi kim bişirdi? – Ejem jan! – Sygrymyzy kim sagdy? – Ejem jan! – Aldama. – Çypbakaý çynym. – Hany onda ejem? – Ejem jan gün dogmanka gideýin diýip, uz-aklara gitdi. – Näme üçin? – Ony aýtmady. – Ol mundan aňry geçmezdi. – Hany, çaýyňy iç, gel, eljagazyňy ýuwaly. Soň ap-akja polotensa bilen gowuja edip süpüreli. Ana, boldy. Al, süýdem, gaýmagam edil bal goşulan ýaly bolupdyr. Ana, Bibi janam saňa garaşyp dur... Amanguly ony müň owaz bilen söýse-de, şirin-şerbetler içirse-de, Bibiniň ady tutulsa Gurbangulyny saklap bilmezdi. Ol çaýdan, çörekden bizar bolardy. – Gidiberme, entejik çaýyňy-çöregiňi iý ahyryn. Bibi jan garaşar, köşejik. – Ýok, men Bibilere barjak. Okuwdan gijä galýan... Ol Bibileriň işigini alar oturardy. – Waý-eý, nalaç edeýin, doganlar, bu oglan daň bilen işigimizi alyp otursa, gyzyň çyksyn diýip, – Bibiniň ejesi Orazgül daýza degişme bilen aýtsa-da, düýbüniň çöpi bardy. Ol-a okuw günleri eken, dynç günlerem Gurbanguly iýmçi tokly ýalyjak bolup, Orazgül daýzanyň işigindedir. Bibem Gurbanguly diýseň durup bilmezdi. Gurbanguly üçin, bileje tirkeşip ýörüşleri üçin käýelmesin diýip içerini, daşaryny gelinli öýden arassa saklardy. Önüň azaryny, aladasyny ejesine ýetirmez. Sygryny sagar, süýdi bişirer. Hamyr ýugrar. Gyz halyna bir tamdyra girmez. Ýöne onam diňe ejesi çörek ýapaýmalyja eder goýar. Tamdyra ot goýberip, çörek ýasar. Iň bärkisi, kiçijik okarada suwam eltip goýar. Çörek bişerem welin, iň owadanyny, iň ulusyny kesegini gyryp, gyralaryny çalyp Gurbangula berip goýberer. Saý-sebäp bilen Gurbanguly bolmaýanda-da özi eltip, olaryň saçagyna dolar gaýdar. Bir gün, gyzy kir ýuwanda Orazgül daýza simden asylgy del köýnekleri görüp geň galdy. – Bibi, a gyz, Bibi, bu kimiň köýnegi? – Gurbangulynyňky! Ol hiç zat diýmedi. Ýöne içinden toba etdi. «Wah, balam, ýetimlere rehimdarlygyň-a gowy welin, Allam seni ýetim bakmaly bir etmesin-dä» diýdi. Soň daşyndan welin başgaça gürledi. – Bibi gyzym ýalkansa şol ýetimlere yhlasy üçin ýalkanar. Çagajygym şolara gezek galsa şeýle dözümsiz. Edil ejesine çekendir-dä... Aý-gün geçip dur. Bir günem... Hawa, ol bir günem... Düýşünde Bibi bilen bileje tirkeşip gelýär. Baharyň ýüpek ýaly howasy, paşyrdap, sözläýjek-söýläýjek bolup, pynhan pyşyrdaşyp oturan gül gunçasy olary hüwdüläp dur, Bibi ýylgyrýar. Ol parlap akýan boz bulaklaryň goýnuna özüni urýar. – Waý, bu suwuň gowudygyny!.. Gurbanguly gyradan oňa tomaşa edip dur. – Üşäýme! Bibi suwdan ýylgyrjaklap çykýar. Özem şeýle bir owadan, şeýle bir näzik, şeýle bir mähriban. Ýukajyk ýüpek köýnek suwa ýagşy ezilensoň nowjuwan gyzyň tutuş didary buldurap, lowurdap dur. Gyzyň ýaňyja nowça bolup düwen endamy Gurbanguly üçin açylmadyk älem bolup terpenip dur. – Waý, Gurbanguly, üşeýän! Gurbanguly her näçe uýalsa-da, gyzy gyzgyn, lowlap duran gujagyna gysanyny duýman galdy. Bibiniň şetdat kimin kamaty onuň süňňünde eräp, ýigdekçäniň bedeninden üýtgeşik bulak bolup çogup gitdi. Ýaş oglan beýle lezzeti, beýle şirinligi şu ömründe duýmandam, görmändem, eşitmändem. Ol şindi-şindi oýlananda-da şol şirikligiň lezzetini hut kyrkyna çenlem görmändigini boýun alýardy. Ol üýtgeşik duýgudy. Ynsan oglunda ýekeje sapar bolup geçýän duýgudy. Gurbanguly ömürbaky şol şirinligiň derýasyna gark bolup galmaga taýýardy. Ýöne ol şonda tisginip oýananyny duýman galdy Ýanynda ne bulak bardy, ne-de Bibi. Ol oýanandan soň özünde bir üýtgeşikligiň bolandygyny derrew duýdy. Adam oglunda şeýle duýgularyň bolup biljegine ynanmajak boldy. Şol ýitiren duýgusyna ýetmek üçin, Bibini gujagyna gysmak üçin ol ömrüni bermäge taýýardy. Ýöne hany Bibi, hany o duýgy! Ertesi onuň süňňüni üýtgeşik bir haýa gaplap aldy Onda Bibini gujaklany, gyz gujagynyň şirinligine çümenligini tutuş il-gün duýandyr diýen bir pynhan duýgy döräp başlady. Şonuň üçin düýnki baran işigine indi arkaýyn barmaga çekindi. Onda eziz görlüp ýörlen öýüniň iň mukaddes zadyny ogurlanyňky ýaly bir utanç möwjäp galýardy. Bu duýgular ony Bibileriň işigine barmaga-ha däl, onuň gözüne görünmäge-de çekindirýärdi. Irden mekdebe onuň ýekeje özi gitdi. Gözleri welin Bibiniň ýolundady. Okuw başlanjak-başlanjak-da Bibi aldyrany bar ýaly bolup, gözüne ýaş aýlap geldi. – Bu gün sana näme döw çaldy? Nämeden göwün etdiň? Näme üçin maňa garaşman gaýtdyň?.. Bibiniň gözlerindäki ýaşy görüp Gurbanguly hem bozuldy. Emma ol kalbynyň harasadyny ýigitlik telwasyny açyp bilmedi. Ol Bibiniň ýüzüne garasa-da, gözlerine garap bilmedi. Ýöne ol Bibiniň öňki sadaja, daşynda kebelek bolup, perwaz urup ýören gyz däldiginem duýdy. Bibi üýtgeşik bir nura gaplanyp lowurdap, dury çeşmeleriň kümüşsöw suwy ýaly buldurap durdy. Bibi gaýgylananda Aýyň ýüzünde ap-akja bulut gaýmalan ýaly bolýardy. Ol ýylgyrsa, Gün bulutdan lowurdap çykan ýaly duýulýardy. Gurbanguly uly gözlerini balkyldadyp, gyzy gözleri bilen hüwdüläp duranyny duýdy. – Men öýkelämok – diýip, ol pyşyrdap aýtdy. – Onda näme üçin garaşman gaýtdyň?.. – Men, men, neme... Ol ýagdaýyny düşündiribem, ýalan sözläbem biljek däldi. Klasa girmäge bolan jaň ony bu ýowuz jezadan halas etdi. Bibi ondan iki klas ýokarda okaýardy. Onsoň onuň Gurbangula bu ýetim çaga eýemsiremäge-de, ona käýemäge-de haky bar hasap edýärdi. Tutuş mekdep Bibini Gurbangulynyň hakyky hossary hasap edýärdi. Gurbanguly üçin welin bu gün başga gündi. Bibem indi onuň üçin öňki «hossardan» has başgarakdy. Gurbanguly okuwdan çykyp, öýe gaýdyp barýarka haýsydyr bir öýüň gapdalyndan geçende, günortanyň ot-yssysyny duýman zaryn aýdýan bagşynyň: Yşk dagyn atsalar gögüň boýnundan. Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi – diýip, radiodan gygyrýan aýdymyny eşidip galdy. Ol bu aýdymyň manysyna känbir düşünip barmasa-da, «owf» diýenini özem duýman galdy. * * * – Şu ýerde saklaweri! Gurbanguly awtobusyň badyny gowşatdy. Ministr onuň arkasyna kakdy. – Berekella, inim. Tüweleme, ýüpek ýaly ýumşak sürýäň. Şu ýerlerde çeşme bolmaly. Adamlar düşüp, el-ýüzüni ýuwsunlar. Suw içsinler. Dag çeşmesiniň suwy dermanmyş. Özüňem düş... Gurbanguly işikleri açdy. Ýöne awtobusdan düşesi gelmedi. «Ýa agşam namazyny okaýsammykam?» diýip, namaz okaýar ýaly pynhanja ýer agtardy. Ýöne bu tekiz meýdanda, intelligentsiräp ýören adamlaryň öz üstünden güläýmeginiň ahmaldygy baradaky duýgy ony saklady. «Namaz ýaly mukaddes zady gyssagara okamaýyn...» diýdi. Onuň gözi Gara Garaýewiň goltugyndan goluny geçirip, oňa gysmyljyrap barýan Patma düşdi. Indi olaryň bolup barşy oňa başda görendäkisi ýaly ýakymsyz görünmedi. Ol Patmany indi näçe ýyldyr ilkinji sapar görýärdi. Şonda-da bu aýal onda hiç hili gyzyklanma, täsir döretmedi. Ol Patma üçinem şeýledir diýip oýlandy. Patma diýlende onuň ýadyna Saçly eje düşdi. Dilinden özge güýji galmadyk, ene yhlasy, umydy zähere dönüp, bagrynda uýan naçar aýalyň zeýrençleri, iňirdileri, igençleri gulagyna eşidilip başlandy. Ony ýalňyz taşlap gaýdanyna gyýyldy. – Näme, çilim çekeňokmy? Gurbanguly ministrem bolsa şeýle sada, rakyp, özüne ýakyn durmaga çalyşýan, hälki aýdan sözleri üçin göwnüne gubar çökendir diýip oýlanýan bu adamy halady. Onuň Gurbangula ýakyn durup, onuň göwnüni götermäge, derdini paýlaşmaga çalyşjak bolýandygyna düşündi. Soň awtobusdan düşüp, onuň ýanyna bardy. – Özüň nireden bolarsyn? – diýip, ministr hylyzsyz, garaçyny bilen sorady. – Garrygaladan. – Hä-ä, öz obama barýan diýsen-e. Gurbanguly ministriňki ýaly owadan bolmasa-da, özüne gelşip duran ýylgyrmasyny etdi. – Obam bolsa-da, on bäş-ýigrimi ýyl bäri gara beremok. Ministr Gurbangulynyň sag görejindäki aga tiňkesini dikdi. – Şol gaýdanyňda agardymy? Ýa dogamy? Gurbanguly bu adamyň duýgurlygyna, ünslüligine haýranlar galdy. «Bäh, bu adam içiňdäki pikiriňi okap otyr öýdýän. Gözüme ýigrimi ýyl mundan öň ak düşenini bu nireden bildikä? Şu wagta çenli mana gözüňdäki ak näme diýen bolmand-a. Ýa men daşymdan şeýle ejiz görünýärmikäm?» Ol soňra kem-kemden köşeşdi. «Adamlaryň ruhundan onuň ýagdaýyny bilip oturmasaň seni o ýaşda ministr etjeklermi diýsene». 4. Maşyn ugrady. ...Gurbanguly Bibisiz ýaşap bilmejegine ymykly göz ýetirdi. Bu güni onsuz sag-aman geçirdim diýse, Bibä bolan telwas, onuň didaryna zarlyk ertesi düýnküden müň esse güýçlenip kalbyna urýardy. Bibi onuň üçin jennetdi. Musurman bendeleriniň arasynda, jennetiň nämedigini men bilýän, ol şeýle eken diýibiljegi ýokdur. Şeýle-de bolsa, jennete sygynmaýan, ony arzuwlamaýan musurman ýok bolsa gerek. Jennet – telwas, jennet – bakylyk, jennet – baky rahatlyk, jennet – ömür – ine, musurman bendesiniň jennet baradaky düşünjesi. Gurbanguly üçin welin jennet – Bibi! Onuň tutuş süňňi ýanyp tutaşan öňsüz-soňsuz oduň, gözlerindäki umman bolup çyrpynyp ýatan zaryň, gursagynyň başyna dykylyp, ömrüniň pursatyny ölçäp duran eletmez didaryň melhemi – Bibi. Ol säher bilen silkinip ýerinden turdy. – Turduňmy, köşek? Amangulynyň inisiniň irdenjik turanyna begenýändigini, inisi bilen bileje, syrlaşyp ertirlik edinesiniň gelýändigini Gurbanguly onsuzam bilip durdy. Ol ýuwnup gelende içeriniň, daşarynyň tämizligine haýran galdy. Saçagyň üstünde bolsa ýaňyja tamdyrdan çykan nan ýaýradylgy durdy. Çöregiň akymly ysy içeriki gaplap alypdy. Ol «turdum» diýip çalaja aýtsa-da, oýy-pikiri bu içerde, agasynyň ýanynda däl-de, Bibiniň didarynyň gözlegindedi. «Bibini görerin!» diýen ýakyp-ýandyryjy yhlas ony bu dünýe sygdyranokdy. Ol häzir Bibiniň didaryny görmek üçin ol-a ertirlik çaýy eken, ömrüni açlykda geçirmäge taýýardy. – Gel, bileje çaý içeli. Men häzir gitmeli. Giç gelerin. – Ol çörekleri saçaga dolady. – Tamdyra somsa ýapandyryn. Okuwdan geleniňden soň aç bolmagyn. Süýt bar, gatyk bar. Garynjygyňy doýurgyn. Bormy?.. Gurbanguly agasynyň sesini eşitse-de, onuň näme diýýändigini aňşyrmaýardy. Asyl, häzir onuň işdäsi zadam aljak däldi. Soňky günlerde okuwdan gelenden soňam iýip-içip ugry boluberenokdy. Muny Amangulam aňypdy. Ol şonuň üçin saçakda çörek baram bolsa inisi iýsin, inisi yhlasyny duýsun, ol hor bolmasyn diýip täze çörek ýapypdy. Ýagly etden elin dograp somsa bişiripdi. «Bibi turdumyka? Okuwa gidip, men gijä galan bolaýmaýyn! Men çaý-çörege güýmenip oturmaýyn. Bibi gidendir...» – Çaý içesim gelenok. Mekdebe ir barmaly... Amanguly inisiniň mekdep diýip bagry girýanlygyna begendi. «Men güzeran diýip okap bilmedim. Inim bir okasyn. Belki, Hudaý goldap, erte il-günüň alnyndan dirän ogul bolaýady-da...» – Päpgäňe birje somsa salaýsan-a. Mekdepdejik iýersiň... Gurbanguly sesini çykarman, agasynyň dolap beren somsasyny sumkasyna saldy-da, öýden howlukmaç çykyp gitdi. Amanguly inisiniň soňky döwürdäki boluşlaryny özüniň on üç-on dört ýaşlaryndaky boluşlary bilen deňeşdirip hem gyýylýardy, hem begenýärdi. «Wah, ejem, dädem aýatda bolanlygynda beýle bolarmydy diýsene. Neressejigiň çagaka göwün ganaty gyryldy-da. Ata mährini görmedi diýseň, ejem pahyram bizi ir taşlap gitdi. Ne ata mährini, ne ene mährini gördi. Iýjek wagty bişmedi, geýjek wagty tikilmedi. Menem-ä onuň bagtyndan sör-söbe garantgy. «Jan inim» diýip, derdini paýlaşyp, syryny syrlaşyp bilemok. Beýle-de keçje adam döretjek eken Hudaý». Ol inisiniň halyny göz öňüne getirende özüni çeýnäp, onuň göwnüni awlamak üçin her ýola özüni atyp görýärdi. «Ýa öýlensem şuňa ýakyn durjak, şuňa garaşyk etjek maşgala getirsem, belki, ony ykbal gaýtadan ýalkaýdy-da. aýal adam, näme diýseňem, çaga mähriban bolýar-a...» Ol ýigrimi ýaşynyň içinde bu oýlara diňe soňky iki aýyň içinde baş urupdy. Dogrusy, aýal hakda öýlenmek hakda oýlanmaga onuň elem degenokdy. Gündiz-ä «bissimilla» diýip turandan kolhoz işi, işden sütüni süýnüp gelenden soňam içeri-daşary, biş-düş, mal-gara. Nahar-şora-da zordan eli ýetýärdi. Birki agyz garbanansoňam, başyny ýassyga goýýardy. Kolhoz işinde-de işleýär, ýaş oglan, güýji bar diýip, agyrdan-agyr ýüki şoňa urýardylar. Onuň bolsa heniz adam ogluna «ýok, etjek däl, men başarmaryn» diýen ýeri ýokdy. Indi welin inisiniň bolşy ony diňe bir öýde däl, kolhozyň agyr işinde-de alada goýýardy. Agyr iş bir ýaňa, inisiniň bolşy bir ýaňady. Ol inisine hossaryň gerekdigini duýup başlapdy. Ol duýdansyz halda inisini günden gorap, ýelden ýelpäp, özünden hem artygrak saklajak maşgala barada oýlanýardy. Obanyň gyzlaryny ýekän-ýekän törüne geçirip görýärdi. Emma hany, beýle maşgala! Gurbanguly Bibiniň bir bölek gyz bilen mekdebe tarap barýanyny gördi. Ýöne garry erik agajynyň astynda oturan ýerinden çykyp, olara goşulyp bilmedi. Bibi bolsa, iň bärkisi, onuň oturan tarapyna gözüniň gytagynam aýlamady. Gurbangulam oturan ýerinden ýoldan ötüp barýanlara görnenokdy. Bibi häzir Gurbanguly şu erigiň aşagynda oturandyr diýip ýatsa-tursa oý edibem biljek däldi. Ýöne Gurbanguly başga zada ýandy. Bibi görünmese-de, Bibiniň ýaşaýan öýi Gurbangulynyň ýüreginiň töründe gor ýaly lowurdap durdy. «Eger şu agajyň astynda Bibi oturan bolsa men duýmazmydym?!» diýip, ol öýkeli oýlandy. Emma Bibi duýmady. Gurbanguly pynhan kineden, näumytlykdan, kalbyndaky alawdan ýaňa dodaklaryny çawladyp, gözlerini balkyldadyp otyrdy. Ol gyzlar geçip gidenden soň ýerinden galdy. Emma aýaklary ädilmedi. Bibiniň didary ýene-de onuň gözlerine perde bolup gerildi. Tozanly ýoldan geçip barşyna, ol kalbyndan çogup çykýan gyzgyn dem bilen şol didaryň ýüzüni süpürdi. Ol ýandygyça, örtendigiçe Bibiniň didary oňa has dury, has ýagty görnüp başlady. Hatda, gyzyň gözlerini balkyldadyp, enaýyja ýylgyryşam şeýle janlydy, şeýle, asyl, hakyky Bibiniňkidi. – Bibi! – Jan! Gurbangulynyň ýüregi ýagtylyp gitdi. Ol Bibiniň janly, jadyly sesini eşidip guwandy. – Bibi, men ertirden bäri erigiň aşagynda saňa garaşyp otyryn-a. Sen näme, meni görmediňmi? Sen näme, indi menden gaçyp ýörmüň? – Bibi mähribanlyk bilen ýylgyrdy. – Waý, bu oglany, men näbileýin seniň bu ýerlerde oturanyňy?! Men görmändirin-ä. Gören bolsam, heý, menmi sesimi çykarman geçjek, mähriban! – Bibi, Bibi jan! – Gurbangulynyň süňňünde goruň täze akymy çarp urdy. Ol «jan» diýenine öz ýanyndan utandy. Birhili gorkdam. – Jan-a! – diýip, Bibi-de didaryna röwşen çaýylyp, didelerini şapaga boýap oňa garady. – Bibi jan! – Gurbanguly hem dözümli, hem batly gürledi. – Men indi näçe gündür seni görüp bilemok. Men seniň zaryňy çekip ýörün. Men sensiz ýekeje dem hem oňup bilemok. Sensiz maňa bu ömür nämä gerek, Bibi jan?! Sen bolsaň, meni görmän geçýäň. Bibi uýaljaň ýylgyrdy. – Saňa näme bolýar, mähriban? Sen öňki Gurbaguly däl. Sen nämeler diýip dursuň? Ýok, sen öňki Gurbangula meňzäňok... Gurbanguly Bibä derdini diýip, içini döküp, halyny aýdyp barşyna özüniň kalbyndaky ynjynyň awusynyň kiparlaýandygyna, alawly goruň közleriniň küle öwrülip barýandygyna düşündi. Gurbanguly Bibiniň dünýä ýaly owadan didaryna garap pyşyrdady. – Bibi jan! – Jan! – Men sensiz ýaşap bilemok. – Beý diýme. Garasar ýaly bolup, okuwa barýan çagalar Gurbangulynyň yzyndan ýetdiler. Ýöne Gurbanguly olara garyşyp bilmedi. Olardan yzyraga galyp, öz maýdalyna ýöränini kem görmedi. Eger häzir ünsüni, pikirini başga ýana sowsa, Bibiniň didarynyň gözünden gaýyp boljakdygyny ol bilip durdy. Onsuzam ol bu pursata nädipler ýetdi. Ol, dogrusy, bu didarsyz ýaşap biljek däldi. – Näme, ýaraňokmy? – diýip, Soltan mugallym ikinji sagatda onuň bolşuny halaman aýtdy. Emma Gurbanguly sesini çykarmady. – Uly arakesmä çykylanda ol daşary çykdy. Bibini görerin öýtdi. Emma görüp bilmedi. Onuň klasyna baraýyn diýse utandy. Barybir, Gurbangulynyň didelerine galyp bolan didardan aňry garabam biljek däldi. Soltan mugallym dördünji sagat gutaran badyna ynjalman ýene-de klasa girdi. – Gurbanguly, ýagdaýyň nähili? – Ol dözmezçilik bilen ýigdekçäniň maňlaýyna elini goýdy. Soň bolsa onuň ýüzüne ýiti-ýiti garady. Ol gorkuly pyşyrdady. – Aý, oglan, saňa näme bolýar? Sen öz essiňde däl-ä. Sen ýanar oduň içinde-le. Ol baryp direktory, ýene-de birki sany mugallymy alyp geldi. – Indi bäş-on gün bäri şeýdip, huşy gaçan ýaly bolup otyr. Häzirem ýanar oduň içinde... Gurbangulyny okuwdan boşatdylar. – Sen gaýt, bar-da obaňyzdaky doktora görün. Agşam özümem aýlanyp gaýdaryn – diýip, Soltan mugallym dözmezçilik bilen ony ugradyp barşyna aýtdy. Gurbangulynyň ýene-de diýeni geldi. Ol açyk meýdana çykandan soň, özi duýmazdan pyşyrdap gepläp başlady. Onuň bu pyşyrdysynyň belli bahasy ýokdy. Häzir Bibi onuň ýanyndady. Bibi häzir onuň aýrylmaz bölegidi. Bibi ýanyndaka oňa hiç döwem çalanokdy. Ondan sag adam ýokdy. Ol häzir Bibä aýdyp bilmejek zatlarynam bu «Bibä» aýdyp bilýärdi. Iň erbet ýeri, oňa adamlar Bibi bilen bileje ýörmäge päsgel berýärdiler. Uly ýoldan ýörese okuwçylar, ýoldan ötüp barýan maşyn, ýolagçy adamlar oňa päsgel berýärdiler. Şeýdibem ol Bibiden aýra düşýärdi. Emma onuň Bibiden bir minutjyk hem aýrylyşasy gelenokdy. Gurbanguly başga ýoly saýlap aldy. Ol obadan mekdebe barýan uly maşyn ýolundan däl-de, bakjalygyň, källeriň içi bilen gidip, edil mekdebiň gapdaljygyndan çykyp başlady. Bakja goraglydy. Källerem bir wagt ekilip, soňam sil gelende gorp atany üçin taşlanandy. Ýylandan, içýandan ätiýaç edýän adamlar tekiz asfalt ýol barka, ol ýerlerden geçjegem bolşup duranokdylar. Gurbangula geregem şoldy. Ol bu çolalyga öwrenişeni üçin känbir pyşyrdap oturanokdy. Açylýardy. Erkindi. – Bibi jan, saklan! – diýip, özi bilen deňje barýan gyzyň öňüne geçip durdy. – Men saňa bir zat aýtjak. – Bibem garşylyk görkezmedi. – Aýt! Gurbanguly ýuwdundy. Soňam aýtjak bolýan sözüni aýdyp bilmedi. – Aýt-da! – Bibi ony näz bilen gyssady. Ol Bibiniň nury çogup, çeşme bolup gaýnap duran gözlerine garap bilmedi. – Men aýdyp bilemok, Bibi jan. Bibi ýylgyrdy. Dünýäde aýdyp bolmaýan söz barmyka? – Öýkelemezmiň? – Erbet söz bolsa, elbetde, öýkelärin. Gurbanguly süňňünden çogup çykyp, bokurdagynda düwün bolup, gursagyny ýaraýyn diýen sözüň agramyny saldarlamaga durdy. Bu agyr, özi üçin çekip çydardan agyr ýüki Bibiniň näzik gerdenine bermäge dözmedi. Şeýle-de bolsa, kalbynyň çuňlugynda täsin söweş başlandy. Bir owaz «aýt» diýse, başga bir owaz «ýok, aýtma» diýip zaňňyrdady. Ol bu iki owazyň haýsy birine gulak gabartjagyny bilmän jowrandy. Bibi bolsa sabyrsyzlyk bilen «garaşýardy». Ahyrsoňy ýigidiň ganynda çarp urup duran ataş ody lowlap tutaşdy. Ol Bibiniň gözlerine garady. Göreç göreje düşende söz artykmaçlyk edýärdi. Şeýtmese ol, barybir, şol gözleriň nuruna erejekdi. Häzir söz ýatda galar ýaly pursat däldi. Bibi bu ýigdekçäniň dodaklarynda terpenip duran duýgulara çyrpynýan, ýöne welin ganat ýaýyp bilmeýän sözleri eşidýärdi. Ol sözler mawy köle gonan, şondan soň ganaty gyrlyp uçup bilmän asmana biderek telwas urýan ak guwlara meňzeýärdi. Barybir, ol «guwlara» uçma ýokdy. Ol «guwlar» bu mawy asmany, onda kerwen gurup barýan ak guwlary diňe umytda görüp oňmalydylar. Şonuň üçinem ol ejap bilen sözledi. – Gurbanguly, biz ýolda beýdip barmaly. Ana, mugallymlarymyz bize garaşyp dur. Okuw bireýýäm başlanypdyr... Oglan tisginip gitdi. – Ýok, Bibi, Bibijan, men saňa häziriň özünde aýtmaly ony. Erte giç bolar ol. Bibi diňlemedi. Ol gözden gaýyp boldy. Kimdir biriniň lagyr-lagyr sesi ony uçuryp goýberdi. Bagdan bir uçan tarlaňy gaýtaryp getirmegiň kyndygyna Gurbanguly her kimçe düşünýärdi. – Saňa diýilýär?! Ol ilki bu ses Bibiniň sesidir öýtdi. Çünki, onuň kalbynda, oglanlyk dünýäsinde häzir Bibiniň adyndan özge zat ýokdy. Onuň kalby başga zady kabul ederem öýdenokdy. Ýöne çawup gelen gazap ony pynhanlygyň süýji äleminden alyp, çyn dünýäniň daşly kenaryna taşlap goýberdi. Ol gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýan mugallymynyň gyňyr ýüzüni görüp galdy. – Näme, gulagyň kermi? Okuwa näme üçin gijä galyp geldiň diýilýär? Gurbanguly sesini çykarmady. Mugallym welin köşeşer ýaly däldi. – Häzir sapaga bar. Okuw gutaransoň ýanyma gelersiň... Emma arakesmä ýetmek ona miýesser etmedi. Matematika mugallymy dergazap bolup klasa girdi. – Mundan mekdep bolmaz, adamlar. Her kim edenini edip ýör. Baş başa, jan jana. Her kim kylanyny kylyp ýörse, ondanam bir düzgün bolarmy, aýdyň?! Beýik pedagog Uşinskiý näme diýipdir: «Tertipsiz mekdepden suwsuz degirmen» diýipdir. Ine, tertip näme – tertip – degirmeni ýöredýän suw! Käbir okuwçy ýarym sagat gijä galyp mekdebe gelýär. Ýarym sagat, emma hiç kim sesini çykaranok. Näme üçin ol ýarym sagat ir geläýenok? Näme üçin onuň kakasy ýaly mugallym ýarym sagat ir gelmeli-de, ol gelmeli däl, ýa-da ýarym sagat giç gelmeli? Barysy direktordan. Men bir direktor bolaýyn, ol-a ýarym sagat eken, ýarym minut gijä galyp görsün. Gözünde ot ýakmaýanmy... Gurbanguly gürrüňiň özi barada barýanyny gowy bilýärdi. Ol bu gürrüňiň has ula ýazaýmagyndan hem gorkman duranokdy. Matematika mugallymy näme üçindir ony halamaýardy. Onuň sebäbem ýokdy. Gurbanguly matematika, algebra gezek gelende iň ökdesidi. Ol edebiýata düşünse-düşünmese-de, matematika gowy düşünýärdi. Geçen sapakda-da mugallym žurnala goýan bolsa bäşi bolmalydy. Ol taýýarlanman gelende-de gorkup oturanokdy. Gözi sana kaklyşdygy, eýýäm jogabyny aýdyp bilýärdi. Käte mugallym säginjek bolaýanda-da ol pert-pert aýdyp, netijäni çözýärdi. Häzirem geçen saparky sapak-ha däl, indiki geçiljeginem aýdyp berip biljekdi. Käte ol jedel edip, okuwyň ahyrynda geçilmeli meseleleri-de çözüşdirip goýberýärdi. Okuwçysynyň şeýle bilşine mugallym begenmeli ýalydy. Emma matematika mugallymy begenenokdy. Onda ary bar ýalydy. Ol häzirem gürrüňiň «mus-musyny» getirip Gurbangula diredi. – Hany, sen-eý, çyk tagta! Gurbanguly sesini çykarman aýdylany etdi. – Öýe näme berildi? – Dört ýüz on ikinji mysal. – Hany, işle. Gurbanguly ters aýlandy. Ne hek bardy, ne-de tagtany süpürer ýaly esgi. – Mugallym hek ýok! Matematika mugallymyň arwahlary zynjyryny üzdi. – Ugraşyň biri ugraş, näme, heki indi saňa men getirip bermelimi? Bar, ýok bol, gözüme görünme, iki! Gurbanguly sen ýok-men ýok, klasdan çykdy-da, beýleki klaslaryň biriniň işigini açdy. – Hek berseňizläň! – Okuwçylar gülüşdiler. Geografiýa mugallymy hem ýylgyrdy. – Wah, inim, hek çykarýan zawodymyz işlänok-da, ýogsam-a seni boş gaýtarmazdyk. – Men hek soraýan, azajyk... Geografiýa mugallymy ýene-de ýylgyrdy. – Jan dogan, bar bolsa alaweri! Hek bilen bizi boşatsaň, biz razy-la. – Okuwçylar ýene-de gülüşdiler. – Men-ä şu gyzlaryň birini ber diýermikäň diýip gara janym galmady, bat bilen girdiň welin, hek bilen gaýtsaň, müňde-bir razy-la. Gurbanguly ýylgyryp oturanlara garşy garady. Birdenem onuň gözi Bibiniň didaryna garady. – Bibi! Klasdakylar ýene-de gülüşdiler. Mugallymyň ýuwaşja sesi ony özüne getirdi. – Men aýtdym-a, hek bilen sypsak razy diýip. Gurbanguly klasa girende direktor okuwçylaryň depesinden nagarasyny dökün durdy. – Bir adamy terbiýeläp bilmeseňiz... Ol sesini kesdi. – Sen nirede gezýäň? – Hek gözledim! Direktor dişini gyjyrdadyp, hemle atdy. – Sen näme, heki okuw başlamanka gözlemelidigini şu gün bilmelimi? Gurbanguly ýygryldy. – Men nobatçy däl, ýoldaş mugallym. Mugallym meni tagta çykardy. Görsem hek ýok, gidip getirdim. Ýoldaş mugallym hem «hek ýok» diýsem, bilmeýändir diýip ikilik goýýar. Men bilýän. Ine, sizem görüň, meniň işläp bilýänimi-bilmeýänimi. Gurbanguly tagta kasty bar ýaly edip ýazyşdyryp başlady. Direktoryň özem matematikdi. Şonuň üçin bu ýigidiň mesele işleýşi onuň üçinem gyzykly bolan bolsa gerek. – Işläber! – diýip, klas žurnaly duran stola bakan ýöneldi. Soň başyny žurnala egdi. Gurbanguly elindäki hek bilen çalajadan tagtany tyrkyldadyp, ýazyp gidip otyrdy. Ol birsalymdan hatar-hatar sanlaryň yzyndan nokat goýdy. Direktor başyny galdyrdy. – Bolduňmy? – Bu öýe berleni. Aýt diýseňiz, şu günki geçiljek sapagy-da, soňky geçiljekleri-de aýdyp bereýin. Direktor tagta üns bilen äňetdi-de, ylalaşyjylyk bilen baş atdy. – Berekella! Bäşlik! – Ol yzyna garaman çykyp gitdi. Matematika mugallymy elini serip galdy. Direktordan soň ol ýüzüni sortduryp ýerine geçdi. – Ýok, men öz goýan bahamy ol-a direktor eken, Balyş Öwezow gelse-de üýtgetmerin. Işlese işläbersin, meniň hem öz talabym bar. Meniň goýan bahamy üýtgetmäge adam oglunyň haky ýokdur. Ol kim eken... Gurbanguly sesini çykaranokdy. Ol oturan badyna hyýaly ýene-de Bibä bakan süýnüp gitdi. – Bibi – diýip, ol çalaja pyşyrdady. Bibiniň garaluw gözleri oňa gülüp bakdy. – Men häli saňa ýüregimi açyp bilmedim. Bibiniň öçügsi didary kem-kemden aýna ýaly durlandy. Onuň balkyldaýan gözlerinden ýene-de röwşen çogup başlady. Gurbanguly pynhanlyk bilen gyssandy. «Häzir pursaty elden bersem, soň giç bolar» diýen howsala ony agyr labyry bilen basmarlady. – Men seni halaýan! – Ol öz batyrlygyna haýran galyp ýetişmänkä, gulagynyň düýbüne güýçli degen zarbanyň awusyna gorkuly tisginip gitdi. Ol ýer yranandyr öýtdi. Gorky bilen ýerinden turdy. Gözlerini töweregine gorkuly aýlabam, bolşuna haýran galdy. Diňe şonda özüniň klasda oturanyny duýup galdy. Klasdaşlarynyň gyzyl-gyran bolşup gülüşýändiklerini-de, ýanynda Bibiniň ýoklugyny-da. onuň bolup bilmejekdigini-de, bolaýanda-da hälki sözleri aýdyp bilmejekdigine-de ýaňy düşünip galdy. Gazaba münen matematika mugallymynyň öz üstüne aýy bolup atylyp gelýänini görüp, zähresi ýarylana döndi. Gyra sowlup zordan ýetişdi. – Näme diýdiň, haramzada? – Matematika mugallymy ony dazanakladyp öňe çykardy. – Näme diýdiň? – Men seni halaýan diýdim. – Kime? Gurbanguly sesini çykarmady. Mugallym bolsa möwç alyp galdy. – Sen meniň üstümden gülerçe kim bolupsyň? Sen maňa «Halaýan...» diýerçe kim bolupsyň? Maňa pitjiň atarça kim bolupsyň diýýän men saňa? – Ol klasa ýüzlendi. – Gördüňiz dälmi, okuwçylar?! – Ol Gurbangulyny uly ýigrenç bilen görkezdi. – Bu-la düýnki jüýje, menem sowet mugallymy, direktoryň ýanynda ýeke mysaly dogry işledim diýip, indi maňa gyjyt beren bolýar. Men muňa gowy, gaty gowy düşünýän. Ýoo-ok, meniň klasym dälihana däl. Sen mysal işlemän, professor bolanyňda-da, öz sagadymda hymmy-symmy etdirmerin. Onda-da ýurtda galan ýetimçä... Ol birden aýgytly gazaba mündi. – Çyk klasdan! Gümüňi çek! Gaýdyp seni sapagyma goýbersem, atamyň ogly bolmadygym... Gurbanguly klasy taşlap çykyp gitdi. | |
|
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |