01:11 Zyýarat -4/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
...Ol beýle bolar öýtmedi. Indi niçe ýyldyr didaryna zar bolup ýören Bibisi ýanyna geldidejik oturyberdi. – Bibi, Bibi jan!.. – Ýuwaş, gaçgak, sen menden nirä gaçaryn öýtdüň? Gurbanguly aglady, güldi. Özüni aklamaga çalyşdy. – Men senden gaçamok. Meni aldadylar. – Näme diýip? – Sen maňa däl-de, agama durmuşa çykýar diýdiler. Men seniň kejebäňi gördüm... – Ol seniň düýşüňde bolaýmasyn... – Belki, şeýle bolsun-da, janym. – Şeýle, şeýle. Heý, menem senden özgä göwün bererinmi? «Ölsem ýeriňki, galsam seniňki!» Gurbanguly üçin bagtly çaglar başlandy. Bibi birden oňa näzli, şeýle ýakymly gysmyljyrady. Onuň eli Bibiniň bedenine degip gitdi. Ol düýşünde bu ýagdaýyň düýşde däldigine göz ýetirdi. Ol batyrlandy. Indi näçe ýyllap zarlap ýören didaryny ýitiräýmekden heder edýän ýaly bolup, gyzy bagryna basdy. Gyzyň mahmal ýaly demi onuň ýüzüne çawup gitdi. – Ezizim! – Jan! – Mähribanym! – Jan! Bibi birden keýerjekledi. – Ýöri, bu ýerden gideli... – Nirä? – Ýadyňa düşýärmi? Ho-ol, ikimiziň suwa düşen güzerimize... Ol ýeri çola. – Kimem bolsaň, düş! Goýber meni... Ol ýagşy aýňaldy-da, ýalaňaç aýalyň satanlarynyň birigýän ýerine münüp oturandygyny gördi. Aýal ýalbardy. – Ýene bir sapar, mähribanym! Soň düşeýin... Ol aýalyň göwsi Gurbangulynyň kükreginiň üstünde ýazylyp ýatyrdy. Bu ýerde Gurbangula bagly jinnek ýaly zat ýokdy. Häzir ygtyýar ol aýalyň elindedi. Gurbanguly her näçe çabalansa-da, bu bihaýany üstünden düşürip bilmedi. Gaýta onuň bihaýa oýnuna meçew berdi. Gurbanguly birdenkä aýal teniniň, aýal mähriniň yssygyna eräp barýanyny duýdy. Ol zenan deminiň yssylygynamy, ýa aýal teniniň ýakymlylygynamy, öz sünňündäki güýzüň şirin-şerbet lezzete öwrülip, damarlaryndan inip barýandygyny alasarmyk ýagdaýda duýup galdy. Ol beýle lezzeti ömründe görmändem, eşitmändem. Şonuň üçin depesini tütedip barýan lezzete berlip samranyny, dişlerini gyjyrdadyp essinden çykyp dyzaýanynam duýmady. Ol özüni unutdy. – Bibi, Bibi jan!.. – Jan, mähribanym!.. Sähel salymdan lezzet beren müddet uçup gitdi. Ol aýal goluny Gurbangulynyň boýnundan alyp, burnuny onuň goltugynyň aşagyna tutup ep-esli ýatdy. Soň çalaja pyşyrdady. – Seniň süýjüjedigini?! Men seniň oglanlygyny alaýdym öýdýän! – Ol çalaja güldi. Gurbanguly bolsa utançdan ýaňa ýere giräýjek boldy. Ol näme diýjegini bilmän samrady. – Näme üçin beýtdiňiz? Utansaňyz bolmadymy? Ol aýal heziller edip güldi. – Näme üçin utanaýyn? Tök ärimdenmi? Kertilip barýan ömrümdenmi? Bu dünýäniň eşretinden mahrumlygymdanmy? Ol aýal hyklap beýlesine öwrüldi. Düýn sen aýtdyň-a: «Seni Hudaý iberdi» diýip. Senem meniň üçin Hudaý iberipdir. Seniň bilen şu gijäniň lezzetini dünýe malyna çalyşjak däl. Ol başyny galdyrdy. Tü-fu! Bary owarra gitsin... Ol aýal haşlady. Ep-esli salym sesini çykarman ýatdy. – Meni näme üçin öýüňe getirdiň? Şunuň ýaly haram zat etmek üçinmi?!. Ol aýal gorjandy. Oglanyň ýowuz sowaly ony gozgalaňa saldy. – Gorkma! Men seni hemişelik oýnaş edinmerin. Hudaýa şükür, oýnaş kemim ýok. Ýöne senem nesibämde bar ekeniň. Nesibeden gaçyp gitjek ýeriň ýok. Seniň ýerinde häzir başga biri ýatmalydy. – Ol zeýrençli gürledi. – Haram, ýerçeken, gelerin diýipdi, gelmedi. – Adamyňyzmy? – Oýnaşym! – Aýyp dälmidir? Gurbanguly hem ol aýalyň gözçykgynçlygyna öwrenişiberen ýaly boldy. Onuň ýygralygy kem-kemden ýukalyp barýardy. Ol ekabyrlandy. – Aýyp bolanda näme? Ölüm aýyp dälmi? Näçe aýybam bolsa adam ölýär ahyryn. Ölümden başgasynyň çäresi bar. Bu-da bir ölüm ýaly zat. Ölüm-ä özüňe bagly. Bu iş bolsa kesekä bagly. Özüňe bagly däl zadam bir günä bolarmy? Ol uludan demini aldy. Wraça bardym. Öýlenmedik oglan bilen bol diýýär. Seniň dermanyň şol diýýär. Gurbanguly gorkdy. – Ertir meniň pasportymy beriň! Ol aýal göwnübir gepledi. – Indi sen bal bolsaňam maňa derkar däl. Ýedi tarapyň açyk. Ol aýal gidensoňam Gurbangulynyň gözlerine uky gelmedi. Ol öz täleýinden nalap daňyny atyrdy. «Ýigrimi bir ýaşap, özümi bir neresse, bigünä gyza bagyşladym edip, görjegim şumydy, eý, Alla?! Sen meni açylmadyk gunçanyň yhlasy bilen aldap, açylmadyk gunça ymsyndyryp, gör, kimiň eline berdiň?! Şol boldumy meniň paýym? Şol boldumy meniň bagtym? Beýle boljak bolsa, namys-ar, söýgi özüňi aýamak, aslynda ýaşamak nämä gerekdi?! Bir wagt ölüp-ýitip gitsem bolmaýarmydy?!.» Ol ertesem melul bolup gezdi. Ruhy azaplar, erkek halyna özüniň iň mukaddes zatlaryny bir loly aýala parçalatmagy ony otdan alyp, oda salýardy. Bir göwni aspiranturasynam, Aşgabadynam terk edip, gözüň gören ugruna başyňy-aýagyňy al-da git diýýärdi. Ýene-de oturyp, oturyp: «Kimiň bar? Nirä gitjek?» diýýärdi. Ol şeýdip ikindine çenli bagryny ýassyga berip ýatdy. Soň welin çydap bilmedi, ol aýalyň işigini çekdi. – Gel, janym! – diýip, Anýa bellisini etmäge gelen ýigidi şelaýyn garşylady. – Turduňmy, ine, ýoldaşymam geldi... Gurbangulynyň ini düýrügip gitdi. – Çekinme. Indi çekinip, utanyp, bizden aýrylyp gitjek ýeriň ýok. Hany, otur. Ol wanna kabul edýär. Häzir çykar... Gurbangula oturmakdan başga alaç galmady. Birsalymdan soň iňňeden çykma pežama geýnen epeý adam aşhana geldi. – How-wa, köşek, gurgunmyň? Tüweleme, Anýa gelnejeň hemmesini gürrüň berdi. – Ol adam sowutgyçdan daşy derläp duran bir çüýşe suwy alyp, agzyny açdy-da, bir bulgura guýdy. Soň bulgury elinde saklap Gurbangula ýüzlendi. – Garyplyk, ýetimlik aýyp däldir. Şona boýun synmak aýypdyr... Meniň ýaly. Anýa aşhana girdi Ol üýtgeşik näz bilen sözledi. – Bakyň, bakyň, bu adama bir bakyň hany, öz-ä ýaňyja ýyljak wannadan çykdy. Indem eline garaň, buz ýaly suw içjek bolýar. Ýeri, muňa näme diýip, näme aýtjak? Çaga bolsa, çekgesine çalsaň... Ýaşuly bulgury ýerde goýdy. Sonam ýorgalap aşhanadan çykan aýalynyň yzyndan buýsanç bilen garady. – Wot, ine, şular ýaly, şular ýaly mähriban, şular ýaly wepaly. – Ol bu sözi hetjikläp, dabara gatançly buýsanç bilen aýtdy. Wepaly, durumsyz, wo-ot, durumsyz, dözümsiz aýalyň bolsa almajak galaň bolmaz. Aýal tyl! Berk tylyň bolmasa-da, duşmanyň aldyrjak gümany bolmaz. Alyp bilmersiň, bilmersiň, bilmersi-iň!.. – Lew Tolstoý aýdypdyr. – Wo-o! Men partiýanyň işi diýip öýüme myhman. Bir gün Moskwada, bir gün Amerikada, daňdanam Kubadan gaýdyp geldim. Hasap et, öýde bolmanyma kyrk üç gün. Ertirem Neftezawodskä gitmeli üç günlük! Bolgar hem rumyn spesialistleri şol ýerde zawod gurup berjekler. Şertnama baglaşmaly, ýerini bellemeli. Kim biler, dört günde gutarsa-da, telpegiňi göge zyňyber! Öýi kim saklamaly? Aýal. Nähili aýal?! Düşünýäňmi?!. Ýaşuly sözüni gutarmanka Anýa geldi. – Huw, sen ýene gitmelimi? – Ol özüni juda hopugýan, bialaç görkezmäge çalyşýardy. – Diýýän gepiň näme? Biz seniň didaryňa zar bolup ýörmelimi? Ýaşuly Gurbangula gözüni ümledi. – Wot, şunuň ýaly bolmaly! Gördüň dälmi?.. Anýa gutararly däldi. – Öňem «haçan gelersiň» diýip elli günläp garaja gözüm ýoluňda galdy. – Elli däl! Kyrk üç gün, maralym! – Goý, goý, ondan öňem Krasnowodskide plenum giçirjek diýip alty gün bolup geldiň. Onsoňam, pylança gün diýen bolma. Ol saňa pylança gün, meniň üçin her gün bir ýyla deň... Ýaşuly gözüni ýene-de Gurbangula ümledi. – Wo-ot! Nahar diýseň dabaraly geçdi. Ýaşulynyň özem içdi, aýalyna-da, Gurbngula-da içirdi. Soňam nutuk sözledi. – Gurban jan, inim, sen gowy adamlaryň eline düşdüň. Gelnejeň ikimiz zada zar däl. Sen öýde bol. Bize seniň işiň derkar däl. Gelnejeňe höwür bolsaň meni goldadygyň, maňa ýagşylyk etdigiň. Men seniň ýagşylygyňy ýerde goýmaryn. – Ol aýalyna ümledi. – Getir! Anýa gül bolup açyldy. Ol bu gün diýseň ýeňil gopýardy. Şadyýandy. Ol çykyşyndanam çalt dolandy. Elinde bolsa täzeje pakete dolangy zat bardy. – Gowşur! diýip, ýaşuly özünden şeýle göwnühoş halda ýylgyrdy. – Bolgar kostýumy! Komplekt! Gurbanguly näme diýjegini bilmedi. Elinde, paketiň içinde asyl eşikdigi bildirip duran sowgady beýlede goýdy. – Taňryýalkasyn! Ýöne muny beýtmäň, onsuzam eden ýagşylygyňyzyň aşagyndan çykar ýaly bolmady. Nesip bolsa, bu gün bolmasa-da, ertir eden ýagşylyklaryňyzy ýerine salaryn... Ýaşuly bulgura ýene arak guýdy. – Bolýar, ýagşylygy soňa goýaly. Sebäbi, sebäbi, biz seniň ýagşylygyňa mätäç däl. Ýagşylygy biz ederis. Ýöne, Anýa gelnejeň näme diýse, şoňa boýun synmaly bolarsyň. Seniň ýagşylygyň, şu eziz zenanyň göwnüni awlamak. Şony onarsaň, sen biziň söwer oglumyz bolarsyn. Anýa – ejeň, men – kakaň!.. Onsoň seniň gözüň näme görýär! – Ol Anýa göz gypdy. – Hany, maralym, öz planlaryňy aýt! Ol bulgury başyna çekdi-de, çarşagyny tabagyň düýbüne aýlap, oňa näme ilenine-de garaman agzyna ýetirdi. – Dawaý, aýt! Anýa owadandan müýnli ýylgyrdy. – Biz agaň bilen maslahat etdik. Gurban bir ýetim oglan diýdik. Ene, ata, garyndaş-dogan ýok. Bizde-de bir öýermeli oglan, çykarmaly gyz ýok. Eger Gurban razy bolsa, gowuja gyzlar bar. Öýereliň diýdik... Gurban bu bolýan zatlara haýran galmakdan ýaňa özüni ýitireňkirledi. «Eý, Allam, gelenim ýaňy, beýle hezzet-hormat nämäniň alamatyka? Ýa bular meni gapana iterjek bolýarmykalar? Ýa gadym ertekilerdäki ýaly, kyrk gün garnymy doýrup, bir gün işletjek bolýarmykalar?» Ol oýlandyksaýy özüniň laýa batyp barýandygyny duýdy. – Men, men, entejik bir... diýip sakanaklady. – Howlukma, hemmesem bolar. Aspirantura diýseň aspirantura bolar, uniwersitet diýseň uniwersitet bolar. Ýöne sen aýdylana bor diý. Başga zadyň gürrüňini etme... * * * Şol günüň ertesi agşam Anýa «gelnejäniň» çakylygy boýunça olara on-on bäş adam üýşdi. Gelenleriň arasynda üç-dört gyzam bardy. – Wot! – diýip, ýaşuly ýanyndaky görmegeýden şelaýyn ýigidiň golundan tutup gelşine, Gurbangula ümledi-de, soň owadan ýylgyryp duran ýigidiň böwrüne dürtdi. – Süleýman Durdyýewiç, neneň görýäň?! – Ol saçy depesine diýseň owadan timarlanan, ak ýüzli gyzy görkezdi. Özüm-ä şony tutardym, ä! Görmegeý. Göwsüne dagy bir seret giň gujakly diýleni. Şonuň ýalylar gaýratly bolýandyr... Ol Süleýman Durdyýewiçi «ýagşyja gürleş» diýen manyda Gurbanguly bilen ikiçäk galdyryp, myhmanlaryň täze tapgyryny garşylamaga çykdy. – Sypdyrma! Süleýman Patmadan gözüni aýryp bilmän durşuna, hesretli sözledi. – Seni Hudaý ýalkapdyr, ýöne soňy kyn bolaýmasa. Kömekçiň-ä az bolmaz. Sen ýöne zady gaýgy etme. Şu günüňi bil. Eger soň buýtar-suýtar etse, «Sen bolmasaň Senem jan et!» Ýöne häzir sypdyrma. Soň meni ýatlarsyň... Häk, weli eken diýersiň... Gurbanguly üçin bularyň bary oýun ýalydy. Süleýman bulary degişmek üçin aýdýan ýalydy. Edil dilleşilen dek boldy. Ol gyz hem sähel bahana bolsa, gözlerini Gurbangula tarap aýlaýardy. Ýaşuly ýene geldi. – Gowuja gyz, özem taýýarlaýyş ministriniň gyzy. Sen gelnejeň bilen oýun etme. Ol gowy gyz bolmasa golaýyna barmaz. Adam tanaýandyr. Onsoňam se bir zady bek belle. Sypdyrma. Şeýdip, tylla halka girersiň. Ýokary adamlaryň halkasyna. Saňa häzir goldaw gerek. Şol adamlar sana arka bolar... Anýa bir aýlawda ol gyzy Gurbangulynyň ýanyna alyp geldi. – Gurban jan, tanyş boluň! – Özi bolsa myhmanlary garşylamak bahanasy bilen çykyp gitdi. – Patma! – diýip, ol gyz bir garyş bolup duran barmakly elini uzatdy. Gurbangulam elini uzatdy. – Gurbanguly! Ol gyz enaýy ýylgyrdy. – Haýsy sazy gowy görýän? Gurbanguly näme diýjegini bilmedi. – Mylly aganyň «Bibi jan» diýen sazyny gowy görýän... – Waý-eý... Öz oýlary bilen gümra bolup oturan ýigit bu gyz diňarkan gaýdandyr diýip, zöwwe ýerinden galdy. – Näme boldy? Patma hezil edip güldi. – Ýok, žazmy, şeýkmi, walsmy? Sowremennyý... Gurbanguly ýylgyrdy. – Hä, onda «Gonurbaş mukamy»... Ol bolmasa, «Humarala», «Nar agajy»... Patma näz bilen ýüzüni turşatdy. – Baý, bu oglanyň kesirdigini. «Bibi jan» diýip alaýdyň-la. – Ol dabaraly wals sazlarynyň birini radioda goýdy. – Al saňa, «Bibi jan»! Gurbanguly Patmanyň degişmesini halady. – Ol-a Ştrausyň «Güýz» diýen walsy. Özem ikinji bölümi! Patma dodagyny çöwrüp, gözüni güldürdi. – Baý, oýnajak adamyňy tapdyň-ow! Hany, onuň ikinji bölümi, onsoň... Gurbanguly gyzy utanyna begendi. – Beýle ýüzüni göräý, ynanmasaň. Patma içerä süňňüýeňillik çaýan bu sazyň gutararyna-da garaşman, plastinkany agdaryp, ýazgysyny okady. – Hawa, Ştraus! «Güýz». Ikinji bölüm. Baý, bujagazyň köpbilmişdigini! Şondan soň oturylyşyk başlandy. Bilgeşleýin diýen ýaly, Patma bilen Gurbangulyny bir ýerde oturtdylar. Şagalaň ýagşy gyzyşansoň, Patma Gurbangula gysmyljyrap, onuň gulagyna pyşyrdap başlady. – Men saňa ýaraýanmy?! Gurbanguly baş atdy. – Senem maňa ýaraýaň – diýip, ol öz bulgury bilen Gurbangulynyň bulgurynyň böwrüne kakyp goýberdi. Gurbanguly şol arada Süleýmanyň otlukly nazaryny duýup galdy. 12. – Baý, Gurban jan, seniň bu gürrüň berýän zatlaryň bir roman-la! Şulary gowy edip ýazyp, kitap edip çykaraýsaň-a, il-gün hezil edip okardy. Hojaberdi sagadyna garady. Soň ýerine geçdi. – Ýygnaşdyralymy? Gurbanguly stoluň üstündäki nygmatlara birlaý göz gezdirdi. Men häzir... – Aý, azara galmasan-a, belki, häzir oglanlar geler! Onsoňam, ýene üç-dört sagatdan ugramal-a biz. Ýola ugramankak çaý gaýnadyp, geçeris daşyna. Gurbanguly çyranyň ýagtysyna lowurdap duran awtobusyna penjireden garady. – Menem ýerime giräýjek. – Birsalym dynç alaly. – Hojaberdi oýa batdy-da, soň hälki gürrüňiň süýjüligini küýsedi. – Onsoň öýlendiňmi ol gyza? Gurbanguly başyny ýoldaşyna tarap edip gyşardy. Soň ýassygyny kükreginiň astyna gysdy. – Hawa, öýlendimem. Meni «Sowetleriň sesi» gazetine şol gün işe-de ýerleşdirdiler. – Aspirantura bolmadymy? – Bolmady. – Gurbanguly başyny ýaýkady. – Gatnaý-gatnaý çarygym tozdy. Ahyram: «Sen şäherde bir ýere işe ýerleş. Aspirantura gosplan ýer berse, seni özümiz taparys...» diýdiler. Bolmajagyny bilemsoň, ýaşula ýagdaýy aýtdym. Olam şol bada redaksiýa jaň etdi. Ol wagtlaram redaksiýa işe ýerleşmek ministr bolandan aňsat däldi. Iş ýok. Özüme-de bir gowy ýerden kwartira tapyp berdiler. Bäş otagly, şarňyldap duran jaý. – Jaý alýançaňyz ýaşaberiň. Hakyňyz-heşdegiňiz gerek däl – diýdiler. Hojaberdi gürrüňi has gyzdyryp goýberdi. – Eýesi ýokmy? Gurbanguly sakyndy. – Ýaňky awtobusda oturan adamyň üçünji kwartirasy. Öz howlusy bar. Aýalynyň adyna jaýy bar. Oglunyň adyna-da bir kwartirasy bardy. – Be, şol Gara Garaýewiçmi, söwda ministri?!. – Edil özi... – Ol siziň özleriňizden, Garrygaladan bolmal-a?!. – Hawa-la, bir aýlawda garyndaş hem çykýarys. – Onda nähili saňa kast edip bilýär ol? Gurbangulynyň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Ol ýüzüni sypajak-supajak etdi. – Aý, sen sorama, menem aýtmaýyn. Başga ýagyn bolmasa, babadaşyň ýokmudy boldy meniňki. Hojaberdi sagadyna garady. – Öz-ä täsin-ow. Adamlaryň başyna düşmeýän gün ýok öýdýän. Seniň gününi dagyny göreňde, biz dagy gürlemelem däl. Nesip bolsa, seniň gürrüňleriňi bir gün oturyp, hezil edip diňläris-dä... – Nesip bolsa. Çyra öçse-de, Gurbangulynyň gözlerine uky gelmedi. * * * Redaksiýanyň kollektiwi Gurbangulyny gowy kabul etdi. Salamly, edepli, agras kollektiwiň işine, durmuşyna ornaşyp gitmek onuň üçin beýle bir kyn bolmady. Ýöne ýazmak welin, gaty kyn düşýärdi. Ylaýta-da onuň berkidilen senagat bölümi üçin material ýazmak juda kyn bolýardy. Täze çatynja bolansoň, öýe hemme zat gerekdi. Ýene Patma zor çykdy. Ol ejesinden aldy, Anýa gelnejesinden aldy. Gara Garaýewiçlerden aldy. Asyl iki otagy gül pürkülen ýalyjak etdi-de düzdi oturyberdi. Ýaş çatynjalar bäş otagyň ikisini eýelediler. Galan üç otag boşdy. Käwagtlar Gara Garaýewiç geläýmese, olara päsgel berýän adam ýokdy. Patma işlänokdy. Ol öň haýsydyr bir uçilişede kadrlar boýunça inspektor bolup işläp, okamadyk adamlara diplom bermekde eli bolany üçin işden çykarylypdyr. Ýöne ol bu wakany çintgäp gürrüň bermekden kes-kelläm boýun gaçyrýardy. In bärkisi, Patmanyň doganlaram bu öýe gelenokdy. Olar Gurbangulyny ýat görýärdiler. Patma welin hakyny gideräýenokdy. Ol ejesiniňkä gidip, islän zadyny alyp gelip bilýärdi. Gurbanguly işden aryp gelende öýde nähilidir bir süýjüje zat bolýardy. – Muny nireden aldyň? – Ejemlere baryp geldim. Magazinlerde azyk harytlary beýle bir elpe-şelpelik däldi. Onsoňam bir adamyň alýan ujypsyzja aýlygy bilen gün göräýmek aňsat däldi. Patma Gurbanguly bilen gowuja ysnyşypdy. Ol nahar bişirmäge-de diýseň ökdedi. Adamsy gelýänçä süýjüje nahar taýýarlap, haçan gelerkä diýip oňa garaşar oturardy. – Geldiňmi? – diýip, ol Gurbanguly gelende enaýyja ýylgyryp, ony garşy alýardy. Nahar iýip otyrkalar öz iş-aladalary barada bolşuna göre gürrüň bererdi. Gurbangulynyň redaksiýada bolup geçýän zatlar baradaky gürrüňlerini gyzygyp diňleýärdi. – Ejemlere gitdim. Olarda künji ýagy bilen daşhowuz tüwüsi bar eken. Şolardan alasym geldi. Işbil bar eken, gowy kolbasa bar eken. Gurbanguly gelniniň gürrüňlerine haýran galýardy. Ol bu gürrüňleriň özenine hiç düşünip bilenokdy. Soň sowala tutýardy. – Onam aljak, munam aljak diýseň ejeň gahary gelenokmy? Adamsynyň sowalyna Patma ondanam beter haýran galýardy. – Öz öýmüz-ä. Onsoňam ejemiň habaram ýok. – O nähili habary ýok? Sen onuň öýünden alyp gaýdýansyň-a bu zatlary! – Ýo-ok, men bu zatlary öýden däl-de, skladymyzdan alyp gaýdýan. – O nähili skladyňyzdan? Patma garaçyny bilen düşündirmäge başlaýardy. – Biziň, wiý, papamlaryň bir jaýy bar-a... – Hawa, jaýy bar... Patma garaçyny bilen düşündirjek bolýardy. – Ýok, olaryň jaýy kö-öp. Şolaryň biriniň içinde produkta... Gurbanguly bälçiren boldy. – Azyk önümleri diýsene. – Hawa, azyk önümleri saklanylýar. – Men oňa düşünýän. Ýöne şol önümlerem öýdäkileriň biri satyn alyp, magazinden getirýändir-ä. Patma düşündirip bilmeýänine jany ýanyp başlady. – Ýo-ok, ony pul berip magazinden getirenoklar. Satynam alanoklar. Papamyň işgärleri getirýär. Gurbanguly ýene düşünmedi. – Şolar getirse-de, ol ahyr bir gün gutarýandyr-a? – Gutarsa ýene getirýärler. Şol skladyň içine gir-de, näme gerek bolsa alyber. Seniň sumkaňy barlap duran, ýa puluňy töle diýýän ýok... Aýalynyň aýdýan zadyny Gurbanguly göz öňüne getiribem bilmedi. Patma welin özündenem, öýlerindenem razydy. Ol gün-günden owadanlaşýardy, Gurbangula öwrenişip, ysnyşyp, sagatsaýyn ýakynlaşýardy. Şol günleriň birinde Gurbanguly işden gelende öýde Anýa «gelnejäniň» garaşyp oturandygyny gördi. Gurbangulam bu aýalyň öýe gelenine begense begenendir welin, Anýa-da az begenenokdy. – Naýynsaplar, özüňiz baraýaňzok! – diýip, ol zeýir-zeýir etdi. Ýaşuly bar bolanda-da, alyp barýan galasy ýok welin, olam başyny-aýagyny alyp, on günlük gitdi. Indi ýeke özüm baýguş ýaly bolup otyryn. – Bizde boluberiň! – diýip, Gurbanguly ýüregindäki begenjini daşyna çykardy. – Hem-ä Patma bilen hümürdeşer oturarsyňyz, hemem bize hormat etdigiňiz bolar... Gurbangulynyň öňürtileýäniniň özüne ýetik sebäbi bardy. Ol bu aýaldan çekinýärdi. Özüni Patmanyň öňünde wejera ederinden gorkýardy. Ol bu aýalyň özüne her hili ýagşylyklar etse-de, ýeri gelende, her hili azgynçylykdan gaýtmajagyny aňýardy. Ol muny öz egni bilen çekip görüpdi. Bu aýal Gurbangulyny masgara edeni üçin hiç hili müýnem duýanokdy. Onsoň beýle adamdan daşrakda bolanyň ýagşydy. Çaý içişlik, nahar iýişlik şeýle dabaraly boldy. Gülşüp hezil etdiler. Anýa her hili gülküli gürrüňler tapýardy. Ýöne soňabaka Anýa gorsanyp başlady. – Gurbançik, öýde ýeke özüm. Patma jany alyp gidäýeýin! Ertir bilenjik gaýdyberer, bormy?! Gurbanguly Anýanyň bu teklibine begendi. – Gidibersin, görgüli men işden gelýänçäm öýde ýekeje özi oturýar. Göwni açylar. Ýöne geleniňize görä oturyň-da! Anýa hoşamaý ýylgyrdy. – Öýem ýeke. Häziriňem nähilidigini bilýän-ä. Özüň içindekäň içeriňi dargatjak bolup durlar Biz gideli. Gurbanguly sagadyna garady. – Gijem bolupdyr, maşyn tapylarmyka? Anýa arkaýyn gürledi. – Häli Gara Garaýewiç bard-a. Äkider-dä, şunuň ýalyda peýdasy ýetmejek bolsa, haçan etsin?! Dogrudanam, Gurbanguly işden gelende işikde täzeje «Wolganyň» keserip durandygyny göreni indi ýadyna düşdi. – Ol-a hasam gowy. Aýallar «Wolga» münüp gitdiler. Gurbanguly bolsa şu gün tikin fabriginden alan faktlarynyň daşyna geçip başlady. «Göwher Geldiýewa tikinçi. Ol gahryman ene. Kyrk ýyl bäri şu kärhanada işleýär. Planyny ýüz elli prosent doldurýar...» Ine, onuň bar fakty şulardan ybarat. Ýene-de: «1. Fabrik. 2. Kollektiw planyny doldurýar...» diýip ýazypdyr. Ol oýlanyp başlady. «Näme ýazmaly? Näme diýmeli?» Ol işden gelýärkä eden pikiriniň yzyndan ýetdi. Kagyza planyny ýazyp başlady. «1. Fabrik. 2. Kollektiw köpmilletli. 3. Tygşytlylyk. 4. Önde baryjylar. 5. Göwher Geldiýewa. 6. Onuň maşgala ýagdaýy. 7. Adamsy bilen obadan gaýdyşy. 8. Rus aýalynyň halypalygy. 9. Indi özi halypa. 10. Tejribesi. 11. Gyzy uniwersitetde okaýar. 12. Jemleme..» Ol ak kagyzyň ýüzüni terslin-oňlyn hatdan doldurdy. Ýene-de başga forma gözledi. Ahyram aralygrak edip ýazmagy ýüregine düwdi. «Jümjüme gülli köýnekli gyz» diýen sözbaşy goýmagy dogry bildi. Soň ýene oýlandy. «Şäheriň arassa prospekti bilen owadan, jümjüme gülli köýnekli gyz barýar. Ol gyza göreniň gözi gidýär. Onuň geýen köýnegi gyza aýratyn zynat, görk berýär. Tikilişi, formasy gowy. Garra, ýaşa gelişjek köýnek eken. Iki sany student gyz ony saklaýar. «A gyz, şeýle köýnegi nireden tapyp alyp bolarka?» Gyz owadan ýylgyrýar. «Birinji tikin fabriginden». Soň görlüp oturylsa, ol Göwher Geldiýewanyň gyzy bolup çykýar». Gurbanguly iň ahyryna çenli ol gyzyň Göwher Geldiýewanyň gyzydygyny okyjy bilmeli däl» diýip görnükli edip ýazyp goýdy. Ol yhlas bilen ýazyp başlady. Şeýle forma tapanyna juda begendi. Oçerkiniň ahyryny göresi geldi. «Gözel Aşgabadyň tämiz säheri...» Işik çalaja tyrkyldady. Ol birsalym diň salyp durdy-da, ýerinden turdy. Baryp işigi açdy. – Weý, Anýa, hä, näme boldy? Hany Patma? Anýa töweregine bir garandy-da, içeri girdi. Soňam: «Hüş, ýuwaş!» diýip pyşyrdady. Gurbanguly zowzanaklap durşuna ýene-de gorkuly sorady. – Hany Patma? Patma näme boldy? Anýa sumkasyny oturgyjyň üstüne zyňdy-da, gelip Gurbangulyny gujaklady. – Gurbançik, Patmany it iýesi ýok. Ol öýde, gyzlar bilen galdy. Men sensiz ölýän. Meni mähriňden gandyr. Halys guran ýanlyk ýaly gatadym... Ol Gurbangulynyň köýneginiň iliklerini açyp başlady. Sonam däli-diwana bolup ony ogşap ugrady. – Çykaryn! Gurbanguly yza çekildi-de, Anýanyň ot ýaly ýüzüni kükreginden itip goýberdi. – Anýa, gel gürleşeli. Munymyz adamçylyga sygjak zat däl. Ol aýal ony gepletmedi. Gurbangulynyň dodaklaryndan ogşap başlady. Titreýän elleri bilen Gurbangulynyň jalbaryny sypyrdy. Sonam öz eşiklerine ýapyşdy. Gurbanguly her näçe haýa etse-de, elinden erkini aldyrdy. Ol gapdalynda hasylap ýatan aýalyň sesini birsalym diňledi-de, sosam hasyr-husur geýinmäge başlady. Eşiklerinden ugur-utga tapmanam baryp çyrany ýakdy. – Ýakma! Men häzir gidýän. Soň ýakarsyň... Anýa ine-gana geýnip, agaç ýuwdan ýaly sör-söbe bolup duran ýigidiň köýneginiň ýakasyna nämedir bir zat gysdyryp çykyp gitdi. Anýa öýden çykan badyna Gurbangulynyň ýadyna Patma düşdi. Ol goňşy otaga geçip olara jaň etdi. – Alo, alo! Ol Gara Garaýewiň sesini tanap, trubkany ýerinde goýdy. «Nejis heleý, öz ýigrenji matlaby üçin başyňa nämeler getirjek? Ol haram keýpi üçin meniň maşgalama daş zyňýar. Meniň özümem bir lellim haramzada. Näme üçin önden kowmadym? Näme üçin garşylyk görkezmedim? Özüme hoş ýakýar haramylyk. Öz aýalymy şeýdäýseler, nähili görerdim? Ýok! Ol tisginip gitdi. Ýok! Patma beýle däldir. Ol meniň bilen deň bolup bilmez. Ol päkdir...» Gurbanguly köşeşip bilenokdy. Öwürdi, çöwürdi özüni çeýnedi. Soň Patmany kötekläp başlady. «Patmada-da akyl ýok. Ýa gitjek däl diýmeli, ýa özi bilen gaýtmaly. Ýat adamyň ýanynda özüne ýer tapman oturandyr indi...» Ol gijäniň bir çakyna çenli otursa-da, galamyna elini batyryp bilmedi. Ol gaharyna köýneginiň içinden çykan bäş sany ýüzlügi eplem-eplem edip, gapdala taşlap goýberdi. 13. – Haçan aýlyk alýaň? – diýip, işe ugrajak bolup durka aýaly Gurbangula geň sowal berdi. – Aýlygy näme etjek? – diýip, Gurbanguly ondanam beter geň sowala tutdy. Patma düşnüksiz ýylgyrdy. – Daşary ýurduň köwşi bar. Gyzlar getiripdir... – Haýsy gyz? Patma ilki bir kürtdürdi-de, ýuwduna-ýuwduna jogap berdi. – Sen ony tanaňok. Klasdaş gyzym. Ýetmiş bäş diýýär. Gowy köwüş. Abraýly aýakgabym ýok. Gurbangulynyň kyn görmäge, geň görmäge haky ýokdy. Ol Patma bilen ýarym ýyla golaý bile ýaşasa-da, aýalynyň puldan, eşikden göwnüni soramandy. Patma gyz wagtyndaky eşiklerini geýip ýördi. Käteler «ejem berdi» diýip, üýtgeşijek mata getirip, köýnek tikinäýmese, Gurbangulydan oňa «şuny özüne pylan zat al» diýip pul beren ýokdy. Ýöne Gurbangulynyň özem bir elpe-şelpe gazanyp baranokdy. Aýlygy ýüz ýigrimi manat. Onuň hem on bäş manady kesilýär. Eline alýan ýüz bäş manadynyň on-on bäş manadyny günortan nahar iýmek üçin alyp galýardy. Galan puluny ol köpüjeginem yrýa etmän, aýalyna getirip berýärdi. Redaksiýada, gazet işinde düşewünt ýogam däldi. Onda ýigrimi-otuz ýyl işleýänler eýdip-beýdip, aýyň on birine, ýigrimi altysyna (gonorar berilýän günler) kassanyň öňüne barar ýaly edýärdiler. Emma Gurbanguly welin, näme ýazjagynam bilenokdy. Onuň «Jümjüme gülli köýnekli gyz» makalasynam: «Ýöne 1-nji tikin fabrigi bolup dur. Bu gazet 1-nji tikin fabriginiň gazeti däl. Golaý bolansoň şoňa ylgaşyp dursuňyz...» diýip, redaktoryň orunbasary yzyna gaýtarypdy. Gaz apparaturalary zawodyndan ýazan reportažynam: «Aşgabatdan material köp» diýen bahana bilen sekretariat gaýtarypdy. Aýyň bolmasa, «Geografiýasyna seretmeli, Ýöne Aşgabatdan bolup durmaly däl» diýýärdiler. Aýlyga çenlem bäş-alty gün bar. Gurbanguly aýalyna näme diýjegini bilmedi. Onda Anýanyň goýup giden bäş sany ýüzlügi durdy. Ýöne ol bu puly haram hasap etdi. Arassa içerisine, bigünä aýalyna haram puly ýokdurasy gelenokdy. Ondan başga-da Patmanyň: «Onça puly nireden aldyň?» diýmegi mümkindi. Iň bolmanda: «aýlygyny menden gizläp ýören eken» diýip oýlanmagy mümkindi. Ol giňgöwrümlilige salan boldy. – Alsaň oňarypsyň, pul tapylar-la. Haçana gerek? – diýip, ynjysyny zordan gizläp sorady. – Bolsa ertire, birigüne... – Bolar!.. Gurbangulynyň özi işde bolsa-da, küýi ertirki gürrüňdedi. «Nireden birneme puljagaz tapyp bolarka? Ýa ýene bir ýere garawul dagy bolup işe giräýsemmikäm? Ýa ýaşulularyň birinden karz alaýsammykam? Aý, ýok, bir gowy oçerk ýazmaly. Indi näçe aý bäri redaksiýada işläp ýörün, şonda-da süwitli bir zat ýazyp bilemok. Meni komandirowka-da iberenoklar. Näme ýazmaly? Kimden haraý soramaly?» Ol näme etjegini bilenokdy. Üç-dört günüň içinde pulam tapyp bilmedi. Patma sesini çykaranokdy. Ýöne sesini çykarmasa-da, ol her sapar ýüzüne garanda, Gurbanguly bir ýere girenokdy. «Ömrümde bir köwüşlik pul soradym, şonam tapyp berip bilmediň seniň är bolaýşyňy» diýýän ýaly garaýşy ol aklynyň ýüzünden okap duran ýalydy. – Bolmasa men Gara Garaýewiçden karz alaýaýyn?! – diýip, Gurbanguly çykgynsyz ýagdaýdan inçejik ýapyşalga tapan ýaly bolup aýtdy. – Alaýsan-a, joram «ýa puluny ber, ýa köwşi gaýtar...» diýip sorap dur. Men ony birki ýere geýäýdimem-dä... – Nirä? – Magazine, çörek almaga. Patma ýaýdandy. – Aýalyma, köwüş üçin pul gerek diýäýme, ýöne.„ – Aý, ýok-la... Gara Garaýewiçiň gelerine gabatlap, ol onuň otagyna bardy. – Salawmaleýkim! Gara Garaýewiç ýaşyna gelişmeýän ýeňillik bilen ýerinden galdy. – Bo-how, žurnalist, gel, gel! Ol baryp telewizory öçürdi. Hany, gel, obadaş, neme, garyndaş, bir öýde bolsagam duşuşyp bilmän geçýäs... Ol kiçijik stoljugyň üstüne çeh piwosyny, konýak, bulgur, alma, şokolad goýuşdyrdy. Iki sany üýtgeşik konserw bankasyny goýdy. Külbike barmagyny galdyryp, barmaklarynyň birindäki galyň tylla ýüzügine ildirip piwolaryň gapagyny haýran galmaly çaltlykda açdy. Konýagyň dykysyny kiçijik çakgyjyk bilen gowşadyp, onam barmagyndaky ýüzüge ildirip goýberdi. Depejigindäki burmalaryny towlan badyna konserw bankalarynyň öz-özi açyldy. – Hany, gel! Ol bulgurlara konýak guýdy. Hany, dawaý, janymyz sag bolsun! Bulgurlar üç sapar boşandan soň, Gara Garaýewiçiň ýüzüne der inip ugrady. – Nädýä gazet?! – diýip, mylaýymdan ýumşak äheňde sorady. – Sen haýsy bölümde? Gurbangulynyň hem göwni açyldy. Başy dumanlady. «Meniň özüm akmak. Şunuň ýaly obadaşym, garyndaşym barka zady gaýgy etmelimi?! Gelmel-ä ýanyma. Ine, şu adam barada oçerk ýazmaly». Onuň özüni kiçeldesi gelmedi. – Senagat bölüminde, häzirlikçe! Basym söwda bölümine geçersiň diýýärler. – Ol öz matlabyny orta atdy. – Gara aga, men sen barada oçerk ýazsam diýip ýördüm. Nähili... Gara Garaýewiçiň gözleri ýylpyldap gitdi. – Ýaz, ýöne Emin aga-da bir zat ýazdym diýip ýördi. Onuň Emin aga diýýäni gazetiň baş redaktorynyň orunbasarydy. «Jümjüme güllinem...» gaýtaran şoldy. Emma Gurbanguly orta ýolda galmak islemedi. – Men başga gazete beräýerin. – Bor-la. – Özüňiz nirede işleýäňiz? – Importtorgyň direktory. – Magazinmi? – Baza. – Hä-ä! Gurbanguly ol zatlaryň düýbüne ýetjegem bolmady. Ol häzir importtorg bilen başga bir bazanyň aratapawudynam seljerip biljek däldi, Şonda-da ol özüne «Sen agzy sary jüýjejik!» diýdiresi gelmedi. Gürrüňi jemläsi geldi. – Men Emin agadan ýuwaşjadan sorap göreýin. Eger basym çykarmajak bolsa, men siziň bilen ha barlaşaýaryn. – Bor-la! – Gara Garaýew çykyp barýan oglanyň yzyndan göwünsizrägede gygyrdy. – Gelip dur-ow... Gurbanguly nämüçindir karz pul soramady. – Aý, men-ä sorap bilmedim, gerek bolsa özüň soraýsan-aý – diýdi. Dogrusy, onuň hörpi gaty ýokary obadaşynyň öňünde kiçelesi gelmedi. * * * Aý-gün geçip dur. Gurbanguly bilen Patmanyň durmuşy göze ilmän aýlanyp dur. – Beh, durmuş guranymyza bir ýyl bolaýypdyr! – diýip, Gurbanguly wagtyň şeýle çalt geçişine haýran galyp oýlandy. Ýyla-da salym ýok. Şu döwürde onuň eli galama öwrenişip başlapdy. Aspiranturadan bolsa habar ýokdy. Onuň özem habar tutjak bolup baranokdy. Redaksiýanyň işi ony özüne barha dartýardy. Iş gyzyklydy. Ýazanja zadyň gazetde çykyp dursa pulam bolup durdy, özüňden göwnüňem hoşdy. Häzirem respublikada pagta ýygymy uly joşgun bilen dowam edýärdi. Gazetler diňe pagta ýygymyny beýan edýärdiler. Şu döwürlerde beýleki bölümlerden känbir material hem gidenokdy. Senagat bölüminiň işgärleri has hem boşlagrak bolýardylar. Umuman, şu ýyl Gurbanguly üçinem erbet ýyl bolmandy. Onuň ona golaý irili-ownukly makalasy gazetde çap bolupdy. Ýigidiň agzy gonorardan tagam tapypdy. Patmanyň bergilerini üzüpdi. Oňa ýene iki sany köýneklik mata alyp berdi. Häzirem üç-dört makalasy sekretariatda ýatyrdy. – Pagta ýygymyndan zat bereňzok! – diýip, her planýorkada bölümleri gyssap başladylar. – Bileniňiz-biteniňiz senagat kärhanalary. Häzirki syýasata düşüneňzok... – diýip, redaktoram igesini sürtüp, bölüme kakdyryp aýdýardy. Gurbanguly bu gepleriň bir ujuny özüne dartyp alýardy. Çünki käbir ýazuw-pozuw bilen ugry ýoklar: «Ölüp-öçüp barýar» diýip, ol barada hyşy-wyşy gürrüň edýärdiler. – Menem pagtaçylyk raýonlaryna komandirowka ibersene! – diýip, ol bölüm müdiri Hojaýewden telim sapar haýyş edipdi. Emma bolanokdy. – Öz bölümimizi oňardyk-da, beýleki bölümiň işi galdymy? – diýip, bölüm müdiri beterine tutýardy. Şol günleriň birinde Aýýa Soltanowna onuň bilen nobatçy boldy. Ol aýal bölüm müdiri bolansoň, birinji nobatçydy, Gurbangulam ikinji... – Nähili, täze öýlenen gul? – diýip, ol aýal Gurbanguly bilen degşip başlady. – Täze gelinden basylaňok gerek? – Aý, ýok-la. Ol Gurbangula bir käse çaý bilen gowurma hödürledi. – Nämejik ýazýaň? Ol Gurbangulynyň iň agyryly ýerine dürten ýaly boldy. Ýöne ol redaksiýadan, bölüm müdirinden öýkesini aýtmagy uslyp bilmedi. – Ýazýan zadym ýok-la. Ýazmasam gowy görýärler. «Gonorar diýip ölüp-öçüp barýar» diýýärler. Aýýa Soltanowna-da zeýrenip başlady. – Işgärim ýaranok. Bizem zat ýazaňzok diýip goýanoklar. Pagtaçylara medeni hyzmatdan material gerek. Naýynsap, sen ýaş ýigide meňzeş däl. Öz bölümiňizden ýazdyrmasalar, biziň bölüme kömek edäýmel-ä. Gurbangula geregi şoldy. – Wah, janym bilen. Ýöne nädip kömek edeýin? Öz bölümmizde-de iş kekirdekden. Komandirowka-da iberenoklar... Aýýa Soltanowna degişdi. – Goýsana, oglan, gowusy, ýaş gelniň gujagyndan sypyp bilemok diý-de gutar. Ýogsa, ine, «Iskra» sowhozy bar, iki ädimlikde. Şoňa otduh güni gidip-gelip bilýärsiň-ä. Bar, aýlan. Hem meýdan görersiň. Hemem meniň haýyşymy bitirersiň... Bu teklip Gurbangulynyň janyna melhem ýaly ýakdy. Şonda-da ol begenýänini duýdurmady. – Otduha çenli alty gün bar, oýlanaýyn. Aýýa Soltanowna diýseň talapkär zenandy. Ol bir sözi boýnuna goýdugy, alyp ýatmasa ynjalýan adam däldi. Ol seniň buýtar-suýtarlygyňa, sypjyklygyňa ýer goýýanlardan däldi. Ol şodan soň her gün Gurbangulyny igeledi durdy. Oňa nähili material gerekdigini, ony nähili ýazmalydyny, nämä üns bermelidigini ýanjap ýanjap iňirdeýärdi. Fakty kimden amalydygyna çenli salgy berýärdi. – Gaty sypjykdyrlar. Tetirräk durgunyň. Agzyňy öweldip, aýdanlaryna hawwa diýip ýörseň, eşege ters mündürip, suwluja äkidip suwsuzja getirerler... Gurbanguly yryldy. Heniz «Iskra» sowhozyna gitme däl, eýýäm ýatlanyndan şähti açylyp başlady. Çagalygy ýadyna düşdi. Bir wagtlar, ol heniz kiçijekkä Garrygalada-da gowaça ekilýärdi. Şonda ejesi ony çarşow bilen arkasyna dakardy-da, daň bilen işe alyp giderdi. Harmanyň ýanynda ýasli bolardy. Günorta arakesmesi mahaly aýallar şol ýere üýşerdiler. «Wah ol günlermi?» – diýip, Gurbanguly öýe gaýdyp barýarka gussa bilen oýlandy. Birdenem göz öňünde ejesiniň didary dikelip gitdi. Ol süňňi bilen elendi. Näçe ýyllar bolmadyk bu gudrat onuň süňňüni lagşatdy. Solgun setinden alyndaňyly, horja aýal edil bir kinonyň kadry ýaly bolup aňynda süýnüp gitdi. Onuň kalby ýylan ýaly boldy. Gurbanguly öýe diýseň şadyýan geldi. – Patma, armaweri! – diýip, içeri girip-girmän gygyrdy. Patma tikin maşynyna güýmenip otyrdy. Ol keýpsiz halda ýerinden turdy. – Nämä gygyrýaň, öýde ker bar ýaly?!. Gurbanguly begenjini dabara bilen beýan etdi. – Men dynç güni «Iskra» sowhozyna makala ýazmaga gidýän... Patma sesini çykarmady. – Eşidýäňmi? Pagtaçylaryň arasyna! Oba! Patma gygyny ajytdy. – Ýuwaş-la. Beh, iliň öýünde ýaşaýanyňy unutma? Utanman gygyryp dursuň. samsykmyň... Gurbanguly sesini peseltdi. – Näme, persiň üýtgeýýär-eý, men gygyramok, gidýänimi aýdýan. Şonda samsyk bolýanmy? – Gitseň gidipsiň-da?!. Gurbanguly Patma nämedir bir arwahyň çalanyny aňdy. Ýöne onuň gaňryşyna gaýtmady. – Näme, ýaraňokmy? Gep ýakanok welin. Halymsyraýaň-la? Ol baryp aýalyny gujaklajak boldy. – Idi ty... – diýip, Patma ony tutuş ýigrenji bilen itip goýberdi. Soň ýersiz-ýere aglap başlady. Gabra git. Men irdim senden. Nenawižu! Nireden sataşyp ýören nejis... Gurbangulynyň ýüregi ýarylara geldi. – Näme boldy? Men saňa näme diýdim? Patma, sana näme bolýar? Bagyşla, bir zat diýen bolsam... Patma öňküdenem beter däli-diwanalyga tutdy. – Sen maňa bir zat diýjekmidiňem? Hany, diýibem bir gör! Sen kim? Meni itiň hory edip saklanyň azmy? Gör, ony! «Näme diýdim?» diýen bolup. Gedaý. Iýmäge ýok, geýmäge ýok. Swoloçyňky! Ol şerraý aglaýşyny edip, şifonerdäki köýneklerini ýere taşlap başlady. – Ýeke günem durjak däl. Öýüň başyňa ýumrulsyn. Ol egin-eşiklerini ullakan sumka salyp, öýden çykyp gitdi. – Patma! Gurbanguly haýalçyrap durýança, soň yzyndan ylgaýança Patma ýere giren ýaly boldy. * * * Soňky wagtlarda Patma yrsaramany çykarypdy. Özem arada hiç zat ýok ýerden, düşnüksiz bahanalar üçin yrsaraýardy. Öz-özi gargynyp, aglap köşeşýärdi. Bu gün beýdip gitmesi welin, Gurbangulynyň ýüregini üzülene dönderdi. «Menem-aý, gygyryp gelip, görgüliniň ýüregini ýaraýdym öýdýän. Kim bilýär, aýal adamdyr-da. Ýeke özi gorksa gorkup oturandyr-da» diýip, Gurbanguly elini maňlaýyna diräp oturyşyna gaýgyly hüňürdedi. Işik açyldy. – Patma! Gurbanguly işige bakan atylyp çykdy. – Patma-ha däl, gynansagam! – diýip, Anýa ýylgyryp içeri girdi. Ol az-kem içene meňzeýärdi, öçügsi yşyga görünse-de görünýändir, onuň gözleri öňküden süzgek, ýüzi bolsa has beter ýaldyraýardy. – Içiň gysýarmy? – Ol Gurbangulynyň boýnundan gol saldy. Gurbanguly onuň elini silkip goýberdi. Anýanyň azaryna-da däldi. Ol gaty arkaýyndy. Baryp işgiň iç ýüzündäki zülpesini urdy. Çyrany öçürdi. – Hany, gelsen-e! – Gurbanguly çyrany ýakdy. – Hany, däliremäň! Patmanyň gaýdyp gelerine tamakinçilik bilen garaşýan Gurbanguly işigiň zülpesinem aýyrdy. Anýa welin hälki gepi ýüzüne alar ýaly däldi. Ol açyk işige garady-da, elini silkip goýberdi. Işige golaý duran Gurbangulyny içeri itip saldy. Soň bihaýa pyşyrdady. – Gel, meni bir gandyrsan-a. Halys guradym... Bu aýalyň ýigrenji talaby Gurbangulynyň aňyrsyny bärsine getirdi. Ol gazaplandy. – Men size bes ediň diýýän! Ol aýal diýýärmisiňem diýenokdy. Baryp ýene-de çyrany öçürdi. Garaňky içerde elewräp duran ýigide ýapyşdy. Gurbanguly onuň deminden serhoşdygyny gowy aňdy. Bu bolsa onuň öňki gazabynyň üstüne urna boldy. – Bes ediň diýýän! Gazaply çykan sesiň bady Anýanyň gulagyna ildi öýdýän. Ol elini Gurbangulynyň boýnundan aýyrdy. Soň duýdansyz hüžžerildi. – Nämä gygyrýaň, erkejik?! Uwlama-da diýleni et! Sypyr eşigiňi! Gurbanguly yza tesdi. – Şol-a edilmez! Anýa öz eşiklerini sypyryşdyryp başlady. – Maýmyn öz erkine oýnaýan däldir. Diýleni et! Bol! – Ol sähel salymda çyp-ýalaňaç boldy. Soň ýalbaryjy äheňe meňzeş seslendi. Bolsan-a! Gurbangulynyň ýüregi endiredi. Ol diwana çökdi. – Meni öz günüme goý. Anýa ýanyp duran aýalaryny Gurbangulynyň egnine goýdy. – Sen diýleni etjekmi, ýa-da ýok? Gurbanguly ony köşeşdirjek boldy. Emma Anýanyň ýüzi awuna atygsaýan ýolbarsyňka dönüpdi. Ony haram pälinden diňe düşek gaýtaryp biljekdi. Garaňky içeride onuň gözleri lowurdap ýanyp durdy. Gurbanguly welin raýyndnn gaýtmak-ha däl, öldürilse-de bu aýaly indi golaýyna getirip bilmejegine göz ýetirdi. Ol janyýangynlyk bilen samyrdady. – Özüňiz-ä oglum diýip ýörsüňiz. Onsoňam bu bir adamçylyga sygjak zatmy? Emma häzir Anýa zat eşidenokdy. – Sen maňa ýok diýýärmiň? Sen meniň badymy gaýtarýarmyň? Eşit, sen erkejik, gaýtmyşym etseň, günäňi geçerin. Men mertdirin, bolmasa, bolmasa öýüňi ýykaryn... Bol! Gurbanguly guraksy, ysgynsyz seslendi. – Ýok, şol-a bolanok. Ol ýal gaýrarak çekildi-de, sag eli bilen Gurbangulynyň ýaňagyna çekip goýberdi. – It ogly! Gurbangulynyň gözlerinden şowurdap ot çykdy. Ol nämeniň näme bolanyny anyklap ýetişmänkä, ýüzüne ýene-de ýumruk degdi. Şol ikarada-da tylladan ýaňa lowurdap duran agaç gapanyň haçjasy ýaly bolup bir açylyp, soň ýapylyp gidenini görüp galdy. – Öýüňi ýykaryn. Öz eljagazym bilen diken öýümi ýykaryn. Üstüňe düňdererin öýüňi. Aýalyňy kemçinhanadan idederin. Eşek, gadyr bilmez eşek! Ol yzyndan ýagy gelýän ýaly bolup eşiklerini geýdi. Soň şerraý ses bilen gygyrdy. Aýryl ýolumdan, it ogly. Ýuwusga ýaly bolup... Gurbanguly urgudan ýasa bu ýowuz sögünçleriň şerebesini aňybam bilmedi. Ol lowlap duran ýüzüni etegine salyp buruldy. Anýa gidensoň ýüregi sallanyp ýere ýetäýjek bolsada, öz üstünden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. «Her zat etse-de, ynsabymyň öňünd-ä arassa galdym.Öňkülere näme diýjegimi bilmän ýördüm. Meni öldürdäýsin, ýöne özümi şonuň haram keýpin-e şärik etmen...» Bu duýgy onuň ýüküni hasam ýeňletdi. Onuň biline kuwwat gelen ýaly boldy. «Nejis aýal, Patma bir erbetlik etmese-de ýagşy...» Ol gorkdy. Bu aýaldan her zada garaşaýmalydygyna düşündigisaýyn gorky ony sandyradyp başlady. «Men beýdip gazarylyp oturmaly däl-de, Patmany tapmaly. Aýagyna ýykylmaly, Öýe getirmeli. Anýadan her hili pislik çykar. Dynç günem Patmany ýanymdam goýman alyp gideýin. Hudaý jan, şony Patmadan bir daş edeweri...» Ol şeýle duýgular bilen daş çykdy. Taksi tutubam gaýynlarynyň öýüne bakan eňdi. – Patma gelen däldir? Patmanyň ejesi keltejik boýuna gelşip duran näzik ýüzüni nämüçindir gamaşdyryp, göwünsiz jogap berdi. – Gelenok, barar-da. Gurbanguly howsalaly gepledi. – Patma ýersiz ýere öýkeläp gaýtdy. Maňa Patmany tapyp beriň. Ol hökman gerek maňa. Patmanyň ejesi çaý içip oturan käsesini patladyp stoluň üstüne goýdy. – Gygyr-maýt! Meniň gyzym ýersiz-ýere öýkelemez. Adam bolýan dälsiň. Özüň adam bolsaň, meniň gyzymam adam bolar... Gurbanguly sesini ýumşatdy. – Bolýar, men adam bolaryn. Patma gelsin, men gürleşip, gaýdaýyn. Ol aýal oturan ýerinden sesini titredip, azmly gepledi. – Näm-gyw, bu adam serhoşmy? – diýip, elini howada çalgylatdy. – Näme, meni oýnajak bolýarmy, gyz?! Ýok diýsem «ýok» bolar-da. Hany, ugra şu ýerden! Onsuzam Gurbanguly bu ýerde Patmanyň ýokdugyny aňdy. Ol serhoş ýaly elenip köçä çykdy. Mytdyldap ýöräp barşyna, hanjak ýöreýänini unudana döndi. Häzir onuň öýe gaýdasy gelenokdy. Gaýynlarynda, öýde bolmadyk aýalynyň nirelere barjagy barada oýlandy. Yra-dara bolup Anýalaryň howlusynyň golaýyna bardy. Ol ýerde Gara Garaýewiçiň «Wolgasyny» görüp serhoşlykdan açylana döndi. Göwnüne Patma şulara gelen ýaly boldy durdy. Öýe giresi geldi. Emma Anýanyň hälki nejisliginden soň öýe girmäge bogny ysmady. Garaşdy. Içerden ne Gara Garaýewiç, ne-de bir başga adam çykdy. Öýe gaýtdy. Içerde Patmanyň buruljyrap ýatanyny görübem ynjalan ýaly boldy. Içinden begenmänem durmady. Aýalynyň akylyna aýlananyna iki bolup bilmedi. Aýaly barada ýaramaz zatlary pikir edenine utandy. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |