01:19 Zyýarat -5/ romanyñ dowamy | |
14.
Romanlar
«Iskra» sowhozy şäherden ýüz otuz-ýüz kyrk kilometr gündogarda ýerleşýärdi. Ol Aşgabat oblastynda gowaça ekýän ýeke-täk sowhozdy. Özem kiçeňräk bir raýonyň berýän pagtasyny berýärdi. Gurbanguly säher bilen alan gazetinden bu sowhozyň kollektiwiniň ýyllyk planyny ýüz on prosent ýerine ýetirendigi baradaky hoş habary okady. Ol muňa bir tarapdan begendi, ikinji tarapdan bolsa, gynandy. Begenmesi, planyny dolan hojalyklaryň adamlary gadyrdan bolýardy, sahy bolýardy. Bu gün olaryň žurnalist ýigidi güler ýüz bilen garşylamagam ähtimaldy. Gynanmasy bolsa, planyny dolak hojalyklar baradaky materialy itiň güni bilen çykartmalydy. Sowhozyň kontorynda ony birhili göwünsiz garşyladylar. – Direktor pagta bazadadyr! Şony görmeseňiz fakt berip bilmeris – diýip, oňa göwnübir halda aýtdylar. Umuman, žurnalistleriň işinde bu bir ýoň bolup giden ýagdaýdy. Ilki direktory görmelidir. Direktoryň idini bolmasa fakt almak tamaň tala daňlan ýalydyr. Direktor hakykatdan hem pagta harmanynyň ýanynda eken. Ol uly bassyrmanyň goýry kölegesinde, ullakan owadan halynyň üstüne atylan düşegiň üstündäki ýassyga bagryny berip çaý içýärdi. – Hä, habarçy diýsen-e. Sen bar-a, biziň zawhozymyz bardyr, Han diýýändirler, şony tap. Şol seni gowaça aýlar... Gurbanguly direktoryň käsesindäki gyrmyzy reňk çaýa gultuna-gultuna garady. – Zawhozyňyz nirede bolmaly? – Baryber, sklatdadyr. Direktor ýigidiň göwni üçin onuň giden tarapyna gaňrylybam bakmady. Gurbanguly bolsa ýykylan göwnüne teselli berip, gumak ýoldan kirşene batyp-çomup yzyna garşy ýöredi. Baryp hojalyk bölüminiň müdirini tapýança, olam gargynyň ulag gözleýänçä gün günorta boldy gitdi. – Ýör-ow, ýagy gelýänem bolsa, bir käse çaý içeli! Halys ölüdüm! – diýip ýaşuly tükezzibana tutýardy. Özüni asmandan asyp, iňirdi bilen onuň üstüni gömýärdi. Ol öýüne baransoňam müň gepiň başyny agyrtdy. – Senem, walla, ýazjak diýip, pozjak diýip, ili azara goýup ýörsüň. Ýazanyň bilen iş düzelýän ýal. Ýazma köpeldi-de, iş bulaşdy. Hat ýok wagty dünýä düzüwdi. Hat, hatdat köpelip dünýäni bulaşdyrdyňyz. Bu gün bir dynç güni. Hudaý diýip öýüňde oturmal-a. Hem özüň görgä galýaň. Hem ili görgä goýýaň. Çaý sähel giç geleni üçinem aýalyna agzyna gelenini pürküp başdady – Ýaşmagyňy piserdedip, güni bilen ýuwudýanymyz-a bir şu porsy suw, şony dagynam sen gurultaý çagyryp gaýnadýaň. Şu dünýäde taýzaryp duran maşgalany arzuw edip, diri ýanyp geçdim. Haçan görseň ýaşmagyna çolaşyp ýör, pisini aşyryp... Han jalaý gepiň öýjügine meňzeýärdi. Gurbanguly sowhozyň direktory özüne göwni ýetmeýäni üçin, şu gögeldäniň işini ymykly görsün-le diýip, öz ýanyna bilgeşleýin goşandyr diýip oýlandy. Ýöne ol her zat etse-de, häzir Han jalaýa öz awuny berjek däldi. Aýýa Soltanowanyň sapaklary onuň gulagynda galypdy. – Han aga gidesiň gelmese aýdaý, barardajyk direktoryňyza: «Han aganyň gidesi gelenok» şoňa azar bermäň, şofýor ýigit bilen aýlanaryn» diýip elinjek aýdar gaýdybererin diýip – Gurbangulam sypaýyçylyga salyp Han jalaýyň nasyna degip goýberdi. Ýaşuly içip oturan käsesindäki çaýyny işige jalkyldadyp serpip goýberdi. – Şu çaýy çykaran ölsün! Şonuň bir ölenini görsedim, üstüne garatiken ýapar gaýdardym. Öňi bisimillasyz, yzy tebirsiz bir porsy suw! Munam hil bir zatsyradyp öňüňde goýuşlaryny diý. Bu-how jan algyç. Her ýuwdumyň bir leňňeç bolup içiňi dyrmalap dur. – Ol aýalynyň oturan otagyna bakan gygyrdy. Heý sana diýilýär,ýok et şunyny! Äkit-de kanalyň asyrsyndaky jara dök. Onuň agzyndan soň çykan sözleri kagyza ýazar ýalam däldi. Ol esgi ädigini geýip durşuna, kasty bar ýaly edip Gurbangulynyň ýüzüne garady. – Senem, inim, içagyry dagy bolan bolsaň, degdigiň alardyň, tüweleme. Bolmanyň gowy bolupdyr, iliň-günüň maňlaýyndan. «Özüm giderin» diýip... Seniň nemäň yssyja ýerden çykýar. Seni şopur bilen goýberip, şu öýdäki enesi ýalamadyklary toprak bilen ekläýinmi? Seniň direktiriňe näme nama okaýyn? Ýedi çaga ýedi ýerden «çöç-jeý!» diýip, şu ýykylmyşyň kanturyna bakyp aglaýar. Sen maňa ýagşylyk eden bolup, şolary çörekden kesjeksiň. Seniň düşünilmeýän gepiň ýok, ýaşam bolsaň, okuwyň ýetik eken... Köneje «GAZ-69» ýola düşdi. – Haýsy ugra sürmeli? Han jalaý saçy düşüp ugran başyny, hor çekgelerini ynjy bilen sypalaşdyryp oturyşyna geleňsiz sorady. Soň papakly eli bilen günbatar ugry görkezdi. – Sürüber! Ýygymçylaryňka bir degip geçeli. Üç-dört kilometr geçilenden soň on gektara golaý gowaça plantasiýasynyň gapdalynda öňi hyşa bilen basyrylan çalamydarrak bassyrma göründi. Onuň deňesinde bolsa iküç sany pagta ýygýan kombaýn kökerilgi durdy. – Sür şolaryň bassyrmasyna. Howanyň yssysy ýetjek ýerine ýetipdi. Bassyrmanyň astyna ýazylan atkeçäniň üstünde ikibir, üçbir bolup, on-on bäş adam nahar iýip otyrdy. – Bo-how! – diýip, Han aganyň gözi açyldy. – Gör-ä bulary, hezillig-ä bärde ekeni. Ol Gurbangulynyň böwrüne hürsekledi. Şu gün täzeje ölen janly iberdim, hany, oturaly... Alýumin jama guýlup getirilen çorba hem gyzgyn, hemem diýseň tagamsyzdy. Onuň üstesine-de alýumin çemçe nahary eltmänkäň dodagyňy gowrup taşlaýardy. – Hany, uruber! – diýip, Han aga başyny galdyrman nahara başlady. – Ýoldaşyň kim-ow, jalaý? – diýip, aşpez janyny barlamak üçinmi ýa-da geňräk görüpmi, sorady. Han aga elindäki alýumin çemçäniň üstündäki omaçany çanaga taşlap goýberdi. – Sen jöwlan, pederiňe nälet bolsun-da. Işdäjigimiň gyzyny üwrediň-dä. Sen ýaly doňzy gazanyň golaýyna elteniň öýi üstüne ýykylsyn, wah... Ol başyny ahmyr bilen ýaýkady. Aşpez gözlerini mölerdip, onuň tabagyna düşaýjege meňzedi. – Hany, oglan, men saňa şu gün bir janlynyň täzeje etini iberdim-ä! Bu etiň-ä aňkap dur. Şundan çorba bişirmäge ynsabyň nädip çatýar seniň?.. Aşpez onuň gapdalyna gelip ýekedyzyna çökdi. – Öňden bäş-üç kile etim bardy. Goýsaň zaýalanyp barýar. Bu jöwzada mundan zyýat durmasyn diýip, şony ataraýdym-da. O-da, gurbany gitdigim, atarmankam-a beýle-de däldi, gazana girensoň ysy hasam ötüşäýipdir. Ol nahar iýip oturanlara gözüniň gytagyny aýlady. Oglanlar-a sesini çykarman iýip otyr. Sen bolrak tapýaň öýdýän... Ol Han jalaýyň arkasyna kakdy. Swežiý et iýerin diýseň ertir geläý... Han aganyň myrryhy atlandy. – Bar, bar, arabaňy aňyrrakda şakyrdat, bu gün et goýup, ertirki guýruk bilen allalajak bolma. Ertirki swežiňi, bar, kanaldan aňyrky jara dök. Ol ters öwrülip oturdy. – Adamlar, şu ýigit Aşgabatdan habar çöplemäge gelipdir. Näme habaryňyz bolsa berip duruň. Neresse azap edip gelipdir, gepsiz, gybatsyz gitmäwersin... – Haýsy gazetden? – Näme, biziň ýagdaýymyzy özi görmän durmy? Gulçulyk döwründe-de adamlary mundan hor, bigadyr saklan däldirler. Başga näme diýeliň?! – diýip, bir ýaş oglan ýangynly gürledi. – Ýagdaýyň näme kemi barmyşyn, senem-äý, murt, mydam närazy-ýaý. – Murt närazy bolsa, menem närazy – diýip, başy syrylan daýanykly ýigit öňe omzady. Sowhozyň plany ýüz ýigrimi prosent doldy. Emma biz pagta ýygýan adamlar itçe-de görlemzok. Iýýäs porsy çorbamyzdan zawut ýagynyň ysy aňkap dur. Şu gurtly nahary iýseň içiň towlaberýär. – How, jan dogan, han-a gawun, hana garpyz! Aňyrrakda-da pomidor çüýräp ýatyr. Şol gawun-garpyzdan şäheriň garny kädilileriniň ählisiniň öýüne maşynlap daşaýarlar. Bize welin, aryp gelenimizde, göwnüň isläp, derman diýsesem berenoklar-a. Kombaýnyň üstünden görüp durus-a, günde telim maşynlap wezipeliräk adamlaryň öýüne daşaýarlar. Plansyz ekilen gawun şol... Başga biriniň zeýrenji hasam janagyryly çykdy. – Ýaňy elim zynjyryň arasynda galdy. Ganyny duruzara hasa ýok. Dermanhanajyk goýuň diýip dilimiz syrylyp gitdi. Emma işledende gul ýaly işledýärler. Emma sen şeýdip işleýäň diýýäni ýok. – Biz nädip dolýarys plany, gije ýatman, gündiz oturman. Biziň hem janymyz iki däl. Biri şu jöwzaly yssyda jaýrylsa-da, zapaskoýy bar, ýa dünýeden bir janymyz gitse, ikinjisi bilen ýaşabir ýaly diýmäge. Emma şeýdip işlesegem itde gadyr bar, bizde ýok... «Gadyrlynyň gadryny bilmeli!» diýip, Gurbanguly bloknotyna sözbaşy goýmaly sözlerini ýazdy. Bu Sowhoz barada gör, näçe öwgüli makalalar ýazyldy. Sowhoz direktorynyň mahabatly suraty çap edilmedik merkezi, respublikan gazet-žurnal galan däldir. Emma bu adamlaryň welin, zeýrenjini eşideniňde, gulaklaryň şaňlaberýär... Bu zeýrençleriň bärkijesidigini Gurbanguly aňýardy. Çünki türkmen kesekiniň ýanynda juda janyndan, jigerinden ötmese zeýrenip oturýan halk däl. Awtomagazin gelip, düşelgäniň günorta ýüzünde saklandy. Gurbanguly makala fakt bolar diýip begense, Han jalaý nämedir bir üýtgeşigräk haryt alaryn diýip begendi. Ol ilden öňürti maşyna tarap ýöneldi. – Nämäň bar-ow, Işan aga?! – Kirze ädigim bar... – Başga nämäň bar? – Başga bir üýtgeşik zat ýok-la. Ýaglyk bar, Çärjewiňki, heleýleriňize alaryn diýseniz... Han aganyň jany ýandy. – Tüf-füw, Işan aga, seniň dükançy bolaýşyňy! – Aý gurbany boldugym, tomsuň ortaky aýynda kirze ädigiň kime gerek?! Oglan, sen «Aýagyňyz-a kirze ädik geýip, başyňyzy-da ýaglyk oranyp eňiberiň, erkekler» diýip, biziň üstümizden güljek bolýarsyňmy? Awtomagaziniň müdirem müýnürgedi. – Barym-da, jan dogan, bermeseler, men gazyp alaýynmy? Baryny beren uýalmaz diýipdirler. Il-ä pagtaçyň üstüne-de çykanok. Men jan durmazlyk edip aýlanyp ýörün. Han aganyň gözleri hanasyndan atylyp çykara geldi. Boýnunyň damarlary başam barmak ýaly bolup galdy. – Aý, gurbanyň bolaýyn, şu adamlar ölüp işden gelende çaý bilen içer ýaly köke alanyňda bolanokmy? Şu adamlar nahara çykanda gözüne deger ýaly ýumşajyk çörek alanyňda bolmadymy? Hanna, olar alýumin tabak çemçede nahar iýjek bolşup, dodaklaryny gowruşyp otyrlar. Çemçe, tabak alsaň bolmadymy? Iň bärkisi, gant bilen çaýyňam ýok... Gurbanguly awtomagaziniň şofýorynyň adyny, atasynyň adyny belläp aldy. Maşynyň nomerini belledi. «Işan» aga diýilýän adam ýeňsesini tüňňerdip başlady. – Jalaý, bar, arabaňy aňyrrakda şakyrdatsan-a. Senem bu gün keýwanysyraýaň-ow. Haý, gutaran. Indi, gel-gel, sen öwretmelimi, näme satyp, näme goýmalydygyny maňa, gutaran diýsäni?! Ugra, şu ýerden, gutaran... Han jalaý bir utançly ýeri bar ýaly bolup myssardy. – Ýok-how, Işan aga, meniňki ýöne aýtmak, jan agam, göwnüňe alma! Diýmedigim, günämi öteweri, jan agam! Işan aga hem ýumşaýmady. – Bar, bar, gutaran... Awtomagazin dünýäni tozana bulap budur gitdi. Onuň silkinip-silkinip barşy, şofýory bilen bir hörpden gopýana çalym edýärdi. – Howul bela, howul bela, mal eýesine çekmese şumluk, howul bela... Oglanlar Han aga degip başladylar. – Jalaý, sen şu Işan agadan-a basylýan-ow. Biz-ä gepledeňok welin, şony görseň diliň tutulyberýär... Han aga olaryň degişmesini eşitmeýän ýaly bolup, sesini çykarman maşyna mündi. – Bularyň haýsysyny görmeseň şol gowudyr. Indi nirä sürmeli? – Kontora bir baraly... Sowhozyň kontorynyň ýanynda maşyny sakladan Han jalaý ajymtyk ýylgyrdy. – Döwletliňki nep gözlär, bidöwletiňki gep diýip, seniňkem aňsat däl, inim. Gaýrat et... – Familiýaňyz näme, Han aga?.. Han aga gaharyny sowatman ýüzüni Gurbangula tarap öwürdi. – Han jalaý diýseň, dünýäniň ýüzünde meni tanamaýan bolmaz... Ol şeý diýdi-de, köne çadyryndan gum dökülip duran maşyndan atylyp düşdi-de, sklada bakan yzyna garaman gitdi. Sowhozyň medeniýet işleri baradaky orunbasary Ýowşanow Gurbangulynyň sowallaryna geň galdy. – Indiden soň medeni hyzmatyň planyny sorap ýörsüňizmi? Biz planymyzy doldug-a. Plany dolmak üçin medeni hyzmat edýäs-ä. Plan dolansoň, ol zatlaram gutarýar-a. Ýa siz obalaryň ýagdaýyny bileňzokmy? Gurbanguly onuň bu düşündirişi bilen kanagatlanyp biljek däldi. – Nähili bolanda-da, planyňyzy bir göreýin! Ol ýigit rus maşynkasy bilen ýazylan grafigi alyp geldi. – Ine, plan, günde agşam kino görkezýäs. – Nirede? – Iş üstünde, başga nirede bolsun? Harmanda ýa-da... Gurbanguly ony gabady. – Şu wagt men pagtaçylaryň üstünden gelýän. Kino görkezilýärmi diýsem, «wah, kinodan geçen-le, agyr işden soň öýe ýetip, bir käse çaý içmäge ýaramzok» diýdiler. Ýowşanow gönüsinden geldi. – Ol-a şeýle-le. Kino äkidýäsem-de, ýene görkezip bilmän gaýdýas. – Kinomehanigiňizem kursdamyş-a. Onsoň kinony kim görkezsin diýsen-e. Orunbasaryň jany ýanaýdy. – Hawa-laý, olam gelmän geçdi. Ýylyň şu wagtam bir kurs bolarmy diýsene?! Aý, soň görkezeris-dä. Direktor: «Kino, konsert diýip, adamlaryň ünsüni işden sowmaň, borçnamany bir dolduralyň, gerekleri kino bolsun...» diýdi. Ýygymyň başynda. Ýolbaşça görä bolmaly-da. Bu ýerlerde ýaşajak bolsaň... – Konsertem görkezilenokmy? – Konsertmi? Orunbasar bir kürtdürip durdy-da, soň müýnli ýylgyrdy. – Şol-a, dogrusyny aýtjak, bizde ýok. Raýonyňkylar hem «pagta ýygymyna päsgel bermäliň» diýip, heniz gelenok. Indi plan doldy, gelseler gelibermeli. Howa gyzyp, iň ahyrky çägine ýetipdi. Bir wagtyna gelýän awtobusam öwrülip gidipdir. Gurbanguly ot yssyda meýdanda galdy. Içi eljuk diýip, bokurdagy ýanyp barsa-da, onuň barara gapysy, sowulara öýi ýokdy bu sowhozda... Ol bir öwrümde Aýýa Soltanowna gargynsa, bir öwrümde özüne käýinýärdi. Zeýir-zeýir edibem, gününi batyryp öýüne geldi. Gapynyň gulpludygyny görübem, zynjyrlaýmaly boldy. Ýöne dadyny kime aýtsyn! Özi ýandy, özi öçdi... * * * Patma gijäniň bir wagty Gara Garaýewiçiň maşynyndan düşdi. Gurbanguly ömründe ilkinji sapar diýen ýaly, maşgalasyna azgyryldy. – Nirä ýok bolýaň?! – Özüň nirä ýok bolýaň? Patmanyň ýigrenji gahara ýugrulansoň, onuň sesi äriniňkiden azmly çykdy. Gurbanguly giden ýerini düşündirmäge başlady. Arada bir düşünişmezlik galmasyn diýdi. Sesini gataldany üçin özüni müýnli duýdy. – Indi meniň näme diýenimem unutdyňmy? Men saňa aýtdym-a, «Iskra» sowhozyna gidip, gazet üçin fakt alyp geljek diýip... Patma şatyr-şatyr gepledi. – Seniň kimden nähili fakt alýanyňy ähli goňşy bilýär. Sen mesligine çydap bileňok. Gül ýaly içerimi oýnaşhana edip... Gurbangulynyň bogunlary sarsyp gitdi. Şonda-da ol syr bildirmejek boldy. Anýanyň jadysynyň bu aýala-da ýörap başlandygyny ol derrew aňdy. Anýa bolan zatlary aýtsa, Patmanyň ýüreginiň ýarylaýmagynyň ahmaldygyny hem duýdy. Şonuň üçin ol sesini peseltdi, – Hany, diliňi sakla. Men gaty ýadap geldim. Janyma jaý tapamok... Maşynyny ýapyşdyryp, içeri girip barýan Gara Garaýewiç boýnuny içerä uzatdy. – Han-eý, ýuwaşrak boluň, köçede gygyryşyp durman... Gurbanguly saklap oturan nagarasyny onuň üstünden eňterdi. – «He-eý!» diýen bolup, bu ýerde heleýiň ýok seniň. Sen obadaş bolup aga-ini bolan bolup, bu azgyny ýoldan çykarýaň. Bilinmeýändir öýtme, baryny bilýän, baryny... – Han-eýt, bes!.. – Bu gün sen «Wolgam» bar, men baý, men skladyň direktory diýip, meniň aýalymyň ýeňilliginden peýdalansaň, başga bir «Wolgaly» baýyň seniň ýetişen gyzyňy ýoldam çykarjagyny unutma... Gara Garaýew atylyp geldi-de, Gurbangulynyň ýakasyndan ebşitläp tutdy. – Eý, ýetimçe, dilini sala goýberme, otuz ikini kül edip, gan ýalan ganjyga dönderäýerin seni. Deriňi soýup, itleriň öňüne läşiňi atamda-da, ganyňy sorajagyň ýokdur... Ol hapa, ýigrenji demini jygyrdap duran tylla dişleriniň arasyndan çogduryp goýberdi. – Özüňem şu gyza bir zat diýäýseň, amanadyň meniň elimdedir. Edil bajyňy s... garnyňy çogdyryn... Gurbanguly bu sözleri eşidip özüni unutdy. – Senjagaz, duruber, meni hossarsyzdyr diýip horlajak bolýansyň, seniň bagryňy otlaryn, bagyrjygyňy... Sen entejik kime degýäniňi baý, bilersiň-ä. – Ol aňyrsynda buruljyrap, hil bir eýe tapynan ýaly, eselip duran Patma barmagyny çommaltdy. – Ol-a häzir meniň nikaly aýalym, bolmanda-da. türkmen kowmunyň maşgalasy seniň ýaly azgyna duçar bolmasyn. – Ol aýalynyň elinden bat bilen silkdi. – Gir, öýe... Patma içeri girdi, Ol çyrany ýakmanka Patma tarap bir ylganyny duýup galdy. Patma şerraý sesi bilen iki sapar ses etdi... Çyra ýandy. Gurbanguly iýmän-içmän ýerine geçdi. Ol ertir ýerinden turanda içerden Patmany tapmady. * * * Öz ykbalynyň, durmuşynyň beýle çigin düşmesine Gurbanguly bir ölüp bilenokdy. Patma-da indi näçe gündür öýe gara berenokdy. Soraýyn diýse, Gara Garaýewiç hem bu jaýyna gara berenokdy. Onuň bir otagynda ogullary Çary bilen Bäşim ýaşaýardy. Olar hem men diýen ýetginjek bolany üçin tä daňdana çenli magnitofonda ýewropa sazlaryny diňleşip geçirýärdiler. Ýanlaryna gelmeýän oglan hem ýokdy. Açary, gulpy bolmany üçin Gurbangulynyň ähli ýeri açykdy. Ähli azygyny sowatgyja salyp goýýardy. Ol oglanlar bolsa Gurbanguly ýok wagty onuň barja iýmek-içmegini alyp gidýärdiler. Näme sorasaňam: «Men-ä göremok» bolaýýardy. Gurbanguly azyk bilen sypsa razy boldy. Ol ýetginjekler gözünden ala döküşip, gabady gelse onuň çaňyny kakmadanam gaýtmajaga meňzeýärdiler. Sebäbi biri-birlerine gypynç etmän, şeýle bir sözler aýdýardylar. Adam ogly beýle sözleri eşiden bolmaly däldi. Gurbanguly bularyň barynyň öz daşyndaky duzakdygyny aňýardy. Gara Garaýewiç bu ýigidi şu ýerden gaçyrmak üçin şu hilelere ýüz urýan bolmalydy. Sebäbi Bäşim her gün irden diýen ýaly: – Çary-eý, biz nämüçin bärde bolýas-aý?! – diýip, ulili bilen gygyryp soraýardy. Beýlekisem: – Pahan: «Şol durrak öýi otlaýmasyn» diýýär-ow – diýip jogap berýärdi. Gurbangulynyň içi-bagry ot alyp ýanýardy. Ýöne bir belanyň üstünden baraýmaýyn diýip sesini çykaranokdy. Olar başga bir gije bolsa biri-birine «pul tap-ow!» diýip gygyryşýardylar. Pul nire, onsoň: «Ýör-eý, şu durakdan kwartira pulumyzy alaly. Ol bir ýyl bäri mugt ýaşap ýör-ä...» diýip eşitdirip gygyryşýardylar. Gurbanguly başyny alyp gitmäge ugur tapanokdy. Megerem, şondan bolsa gerek, «Gadyrlynyň gadryny bilmeli» makalasy juda dişli çykdy. Ol ähli gazabyny, zäherini şol makala döken ýaly boldy. «Adamlar ömrüni, zehinini goýup, şirin janlaryndan geçip sowhoz işinde işleýärler. Olaryň yhlasy bilen sowhozyň plany ýüz elli prosent doldy. Emma şol eziz adamlaryň gadry gowaçanyň ýapragyça-da görlenok. Bir tonna pagta guma garylsa, tutuş oblastyň ýolbaşçylary oda düşýärler. Emma men diýen mehanizatoryň elini pagta ýygýan maşynyň zynjyry çeýnände, onuň ýarasyny daňyp, ganyny saklara hasa tapylanok welin, hiç kimiň piňine däl...» Şeýle äheňde ýazylan bu makalany okanlar gaty gowy gördüler. Makala heniz gazetde çykmasa-da, Gurbangulyny gutlanlar az bolmady. Ýöne çap etmäge welin, hiç kimiň bogny ysanokdy. Iş has çataklaşyp başlady. Redaktoryň orunbasary Emin aga Gurbangulyny ýanyna çagyrdy. Ol hem makalany okandygyny aýdyp, ony öwdi. – Şular ýalaky makalany köfräk bermeli. Ýöne redaktor züwwetdin gorkak. Titir-titir edip otyr. – Ol asgyran-üsgüren boldy-da, gepiň ugruny başga tarapa üýtgetdi. – Gara Garaýewiç bilen näme onuşmaýan zadyň bar? Gurbanguly köwşüniň burnuna garady. – Hem garyndaşyň, hem obadaşyň, oýlan, il-ä onuň ýaly tanyş tapanok, sen bolsa... Oňşubermel-ä. «Gelenok», «öýkeledi» diýdi. Ol Gurbangulynyň ýüzüne ýalym-ýulum edip garady. Sen, asyl taýýarlaýyş ministriniň gyzyna öýlenen ekeniň-ow?! Olar ýaly garyndaşyň bolsa, bize-de kömegiň degmel-ä gaýta. Gurbangulynyň derdi dertleşerden agyrrakdy. Ol bu adama öz syryny açyp biljek däldi. Ýöne sypaýyçylygam elden bermedi. – Aý, Gara Garaýewiç diýse diýýändir, meniň-ä erbet niýetim ýok. Olar bir uly adamlar, «gel» diýseler geläýýän, çagyrylmadyk ýerime barjak bolubam duramok... – Maladis, maladis! Emin aga has gadyrsyran boldy. Oňarýaň. Menem aýtdym, ol gaty gowy oglan diýdim. Özüm käýýärin diýdim. Ýaşulularyňka barmak gerek... 15. Gurbanguly indi makalany yzyna alaýyn diýip ýördi. Sebäbi sowhoz pagta ýygmak planyny iki ýüz prosent ýerine ýetirdi. Ýöne ol soňky niýetine ýetişmedi. Makala ýalpyldap gazetde çap bolup çykdy. Ony gaty kän adam gutlady. Jaň edip gutlanlar hem boldy. Ýöne howsala bilen jaň edenlerem boldy. – Sowhoz iki ýüzdenem geçd-ä, beýle makala näme gerekdi?!. Makalanyň çykan güni Gurbanguly nobatçydy. Ol öýlän sagat üçe redaksiýa geldi. Keýpi kökdi. Patmanyň öýe gelenine üç-dört gün bolupdy. Ol Patma käýedem, ýalbardam. Ahyrsoňunda ýaraşdylar. – Düşün, Patma, dünýäniň ýüzünde senden özge hossarym ýok! Ykbal ikimizi bir söý bilen birikdirdimi, ynsaply, arly, namysly ýaşaly. Men beýlede duraýyn, sen kimiň gyzydygyňy bir bil ahyryn. Seniň namysyň ilki şolara degýär ahyryn. «Pylany ministr bolup ýör, gyzy bolsa aýrylyşypdyr adamsyndan» diýseler gowumy, kakaňa? Sen meniň aýalym. Meniň illerden näme kemim bar? Saňa näme ýetenok? Patma misli garny doýan öýkelek çaga ýaly dommarylyp oturyşyna, göwünsiz jogap berýärdi. – Hemme zadam ýetýär! – Onda näme üçin şol haramzadanyň maşynyna münüp, şonuň göwnüni awlajak bolup garabagyr bolup ýörsüň? Düşün, men binamys bolanym üçin geçirimlilik edemok, men ilkinji ojagymyzy ýykmajak bolýaryn, Patma! Şol ojagy ýyksak, bize ýalkanmak ýokdur, Patma!.. Patma güldi. – Nämä gülýäň? – Ojak diýeniň gaz pejimi? Gurbangulynyň bagry içinden tütedi. Gaharlandy, ýalbardy, düşündirdi. Patma-da: «Düşündim, indi etmerin, bagyşla-da» diýdi. Patma nähili çalbeýni bolanda-da Gurbangulynyň aýalydy. Durmuş bolsa ýeke günlük däl. Özem şol günler ýüklüje geçýär. Onuň heniz eli bilen tutan zady ýokdy. «Bir haramzadanyň maşynyna mündi» diýip, gül ýaly maşgalasyna gara sürtübermägede bogny ysanokdy. Gaýta il dil ýetirjek bolsa, maşgalasyny goramak onuň borjudy. Aýaly başdan... diýişleri ýaly, ýanýoldaşy öz werzişiňe görä öwrenişdirmelidigini Gurbanguly bilýärdi. Başgasy hiçdi, Patmanyň öýde bolmagam Gurbanguly üçin düne malydy. «Patma niredekä?» diýen sowal ýüregini penjeläp duranokdy. «Nähilem bolsa höre köşe etmeli. Muny giderdiň-dä, indiki geljek mundan gowy boljakmy?»... Ol oýlanýardy hem-de aýalynyň öýdeligi ýadyna düşende içi ýylap gidýärdi. «Ýa Emin agadan «Gara Garaýewiç şoňa ýüz bermesin» diýip haýyş edäýsemmikäm? Ýa Gara Garaýewiçiň özüne: «Meniň maşgalamy dargatma!» diýip ýalbaraýsammykam?..» – Seni «Iskra» sowhozynyň direktory sorap geldi! – diýenlerinde, Gurbangulynyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Öz-ä ýaman gaharlydy... Gurbanguly her näçe özüni arkaýyn tutan bolsa-da, ýüreginiň başy lowlap, süňňüne galpyldy eňterip durdy. Ýöne welin, her näçe galpyldasa-da, ýüregi, ynsaby ýagtydy. Ol ýalan zat ýazmandy. Dogry, sowhoz planyny iki ýüz prosent doldurdy. Ýöne şol iki ýüz prosent iş bitiren adamlaryň gadryny bilmeli dälmi? Şolaryň ýagdaýynyň üýtgemänine ol her zatdan ant içip biljekdi. Üýtgän bolsa, berekella! Olam Gurbangulynyň mertebesi. Geljek ýyl hasam çuslanarlar. Şu ýylky tankydy sapak edinerler. Biz plany näme üçin iki ýüz prosentläp dolýarys? Gowy ýaşamak üçin dälmi? Elbetde, biz plan dolmak üçin işläp-işläp, «pensiýä çykanymyzdan soň ýaşarys, has gowy ýaşarys» diýmeli däl. Biz her günem, işleýärkägem, işlemeýärkägem gowy ýaşamaly. Oňaryp dynç almaly. Goý, gelsin, direktor, hakyky sözi menden eşitsin...» Ol oýlandygyça özüni rast saýýardy. Ýöne şol yzgytsyz adamyň gazaply ýüzüni görüp, onuň öňünde özüni aklap oturmagy ýokuş görýärdi. «Men diýjek zadymy makalamda diýdim. Ýalňyşan bolsam, baryp suda beribersin. Ýa-da ýüzüme bassynlar-da, işden kowsunlar...» Ol ýaňy dördünji polosany okapdy. Emin aga ýüwrüp geldi. – Hany daşary çyk. Seni soraýarlar. Balagyňa goýberipsiň öýdýän... Hakykatdan hem işikde «Iskranyň» direktory Muhammedoraz Çaryýew ýüzüni hassanyň ýüzi ýaly edip durdy. Howa çigrekli, şemally bolansoň, onuň depesinde gulpaklanyp duran saçy hasam pytrap, ýeňsesinden gaşyna çenli ýüz bolup durdy. Jozzuk ýüzi bolsa juda hyrsyzdy. Galyn dodaklary göm-gök bolup, häzir salam almaga ýaramajak ýalydy. – Salawmaleýkim! Ol Gurbangulynyň salamyny almady. Munuň özi düzüwliligiň alamaty däldi. – Şu günki makalany sen ýazdyňmy? Gurbanguly üçin bu sowallar eýýäm berlipdi. Mundan beterräk sowalyň jogabynam taýynlap ýördi. Ýöne ol sypaýyçylygam elden bermejek bolup kösendi. – Hawa, men ýazdym! – Faktlary kimden aldyň? – Özüňiz gowy bilýänsiňiz, faktlary kimden, nireden alandygymy. Ol «owf» etdi-de, başyny arman bilen ýaýkady. – Aý, haramzada, seniň neneň ynsabyň çatdy, bizi beýle pohlamaga? Gurbanguly bu adamyň «haramzada» sözüni, onuň titrekläp durmasyny edepsizlik hasap etdi. – Ýaşuly, aýtjak sözüni bilip aýt. Men haramzada däldirin... Direktoryň galyň dodaklary erbet titredi. Ol gaharyna gözleri bilen töweregini sermenekledi. Şol dodaklary böwsüp çykan sözler öňküniň dagy çeni bolmady. – Sen haramzadanyňam baryp ýatany! Sen it ogly... Seniň bajyňy s... Seniň doganyňy s... Gapdalda üýşüp duran adamlar ajaýyp bir waka tomaşa edýän ýaly, uly hyjuw bilen, şu ýerde aýdylýan sözleriň ýekejigini sypdyrmajak bolýan ýaly bolşup, göze, gulaga öwrülişip durdylar. Gurbanguly öz işdeş ýoldaşlarynyň bihaýa geleňsizlgine namys etdi. Bu adamyň adam agzyndan çykmajak hapany öz depesinden eňterip durşuna gahary geldi. Onuň haýsydyr bir şerraý üçin kollektiwiň arasynda kiçelesi gelmedi. – Bes et, gurrumsak diýse azmly gygyrdy. – Häzir haram diliňi gömeýininden sogrup, maňlaýyna bererin... Ol adamda haýa ýokdy. Ol iki eli bilen satanynyň arasyny tutdy. – Me, muny maňlaýyma ýelmärsiň! Ol redaksiýanyň daşky derwezesini görkezdi. – Gaýratyň bolsa çyk beýläk, haramzada. Seniň damagyňy çaldyraýyn... Gurbangulynyň harçaňlaşasy gelmedi. – Ugra şu ýerden wagtyň barka. Ýogsa, ýaňky diýenleriňi özüm başyňa getirerin. Çaltrak ugra, özünem ýaňky aýdan sözleriň üçin jogap bermeli bolarsyň. Gurbanguly yzyna gaýtdy-da, kabinetine girdi. Barybir, penjire açyk, ähli gepler eşidilip dur. – Oňarmandyr, ýaňy menem käýedim. Diýen edenok. Duraklygyny edýär – diýip, ony «juda dişli makala ýazypsyň» diýip, üç sapar dagy öwen ýaşuly žurnalistleriň biri direktory köşeşdirjek bolup gara azardy. – Hawa-laý, samsyk makala-laý! – Beýdäýmek bolmaz-a... – Öz essinde däl ol oglan... Näme işiň bar kolhoz-sowhoz bilen. Oba hojalyk bize degişli, biz» gaýta öwjek bolýas. Ählisi öz türkmenimiz-ä. Aňyrdan Emin aga tasanjyrap geldi. – Hapa bolma, Muhammedoraz, hapa bolma. Haýsy üýren ite daş oklap ýörjek. Redaktor geldi. Ýanyna baraly, ol agzy sary parazitiňmi... Üýşüp duranlar direktory uly dabara bilen redaktoryň jaýyna bakan ugratdylar. * * * Bu işiň ula gitjegini bilse-de, Gurbanguly beýle-beýle bolar öýtmändi. Redaktor bada-bat redkollegiýa çlenlerini ýygnady. Şol ýere Gurbangulynam süýräp getirdiler. Redaktor oturanlary tanyşdyrdy. – Ýoldaşlar, ine, biziň myhmanymyz, Aşgabat raýonynyň raýkomynyň birinji sekretary, samyý-samyý uwažaýemyý çelowek, meniň jan ýaly, şirin jan ýaly söwer dostum Galy Galiýew... Galiýew ýüzüni sallap oturyşyna, sizden her zat çykar» diýýän ýaly, gözlerini töweregine kineli aýlap goýberýärdi. – Ikinjisi, ikinjisi «Iskra» sowhozynyň ady dünýä belli direktory, zamanamyzyň gahrymany, pagta planyny iki gezek dolan, sözüň doly manysynda stahanowçy, kommunist ýoldaş Muhammedoraz Çaryýewiç Çaryýew. Üçünjisi obkomyň üçünji sekretary Tagan Mürrükow... Men siziň adyňyzdan, ýagny redkollegiýanyň adyndan we kollektiwiň adyndan, soň bolsa redaktoryň adyndan bu eziz, mähriban adamlara «hoş geldiňiz!» diýýärin... Şol wagt telefon jyňňyrdady. – Ýoldaşlar! – diýip, redaktor keltejik boýuna gelişmeýän ýeňillik bilen ornundan turdy. – Hökümet telefony, bagyşlaň. – Soň bolsa trubkanyň bir ujuny gulagyna, bir ujunam bagryna basyp gürledi. – Merkezi Komitetden, bagyşlaň. Sekretar SK-a. Üçünji sekretar. – Ol kelteden dolmuş göwresiniň üstüne ullakan başyny egdi. – Salawmaleýkim! Şükür! Çagalar, öý-içeriler gurgunmy? Özümizem gurgun! – Ol böwrüne doňuz diňini salýan ýaly bolup birsalym durdy. Soň biynjalyk bolup başlady. – Hawa, hawa. Ine, şu wagtjyk şonuň gürrüňini etjek bolup üýşüp otyrys. Men-ä bada-bat redkollegiýany çagyrdym. Olaram çagyrdyk. Indi meseläni bilelikde çözeris. Bor, bor, gatnaşanlaryň birem temmisiz sypmaz. Bor berk, gaty berk bolar. Soňmy, bolýar. Häzirjik maslahatlaşaryn, soňa goýmaryn. Özümjik oňararynam, size dalažit ederinem. Saglygyňyz, saglygyňyz. Ýagşy, hoş, ýagşy... Ol trubkany usullyk bilen ýerinde goýdy. – Sekretar, oba hojalyk boýunça Merkezi Komitetiň sekretary! Ine, biziň öňümizde durýan mesele barada jaň etdi. Indi bize meseläni nähili çözmelidigi aýdyň. Gynanypdyr, gaty gynanypdyr. «Nähili beýle boldy?» diýdi. Gördüňiz-ä, menem gynanýandygymy aýtdym. Ol häli-şindi meniň bilenjik maslahatlaşyp durýar. Gaty gowy adam, ömri uzak bolsun! Gaty gynanypdyr... Ol ýerine geçip oturdy. Soňra redkollegiýa çlenleriniň ýüzüne birlaý garady. – Ýoldaş redkollegiýa çlenleri, sizden haýyşym, kim şu günki gürrüňi ediljek ýazgyny okamady? Gurbanguly beýle bir mahabatlandyrmajak bolup, badyny gaçyrjak bolup, redaktoryň öz makalasyna «ýazgy» diýýändigine düşünip otyrdy. – Okadyk. – Tüweleme, gaty gowy makala, okadyk! – Okadyk-la... Muhammedoraz Çaryýew bilen Galiýewiň gözi edil bir kasty bar ýaly bolup, oturanlaryň arasyndan parran geçip: «Gowy makala» diýip pert-pert aýdan adama bakan gönükdi. Ol Aýýa Soltanownady. Ol hem ýagdaýyň hele-müçük däldigini aňan bolsa gerek. Ýüzi aladaly görünýärdi. Zerur bolsa, häzir şu ýerde oturan erkekleriň islendigi bilen göreşe çykyp biläýjek ýalydy. Redaktor «okadyk» diýlenine kanagat etmän, makalany gaýtadan okap başlady. – Onda, ýoldaşlar, diňläň. Ol gazeti eline alyp ornaşykly oturdy-da, äýnegini burnunyň üstüne geýdirdi. Soň endikli ýapyryldy. – Hawa, okaýan. Sözbaşy: «Gadyrlynyň gadryny bilmeli!» – Ol başyny galdyrdy. – Neme, Emin aga, şu ýerde ýüzlenme belgisi bolmalymy ýa tersotur, toýst, nokat?! Ýok, ýüzlenme bolmaly. – Ýok-la, tersotur, toýst, nokat gerek. Redaktor oturanlaryň barynyň ýüzüne äýneginiň astyndan garady. – Onda näme üçin ýüzlenme goýlupdyr? – Ol närazy halda äýnegini gazetiň üstüne taşlap goýberdi. Görýäňizmi, ýene ýalňyş. Özüň okamasaň, sähel habaryň bolmasa, ine, şeýle bolýar, bezobraziýa... Ol ýene-de okap başlady. – «Respublikamyzda pagta ýygymy...» Şeýle-şeýle! Na-na-na! Şu ýerden okaýaýyn? Girişi boljak. «Aşgabat raýonynyň «Iskra» sowhozynyň zähmetkeşleri döwlete pagta satmak baradaky plany iki ýüz prosent ýerine ýetirdiler. – Berekella! – Ol ýene-de okap başlady. – Hojalykda tejribeli ýolbaşçy, uly alym Muhammedoraz Çaryýewiň ýolbaşçylygynda hasyl kemala getirilipdir. – Ol gobsunjyrap, soňam Çaryýewiň gaharly ýüzüne ýylgyrjyklap garady. Çaryýew hem ýyrş etdi-de, başyny birneme göterdi. Onuň ýüzi açylan ýaly boldy. Redaktor ýene okap başlady. – Bu ýerde, respublikamyzda iň ýokary sepgide ýetmek üçin ähli mümkinçilikden peýdalanylýar. Sowoz zähmetkeşleri sosialistik zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Olaryň alyn derini synlap, olary alkyşlasyň, agyr, kyn zähmetden soň olaryň medeniýetli dynç almagy üçin bar-ýok yhlasyňy gaýgyrmasyň gelýär. Çünki olar biziň döwrümiziň gahrymanlary. Çünki olar gara dere boýalyp, ýok ýerden bar edip, plany iki ýüz prosent berjaý etdiler...» Redaktor ýene-de ýüzüni galdyrdy. – Şu ýerler-ä erbedem däl. – Ol ýene-de okap başlady. – «Emma bu ýerde pagtaçylara, şol altyn daglaryny ýasaýan, alyn derlerini derýa edip akdyran, günüň jöwzasyna, agyr zähmete billerini segredip, ömrüniň bir bölegini ene topraga peşgeş goýup gaýdýan pagtaçylara edilýän medeni hyzmatdan welin, göwnüň suw içenok...» Redaktoryň duluklary sallandy. – Makalany ýazan kim? – Şol oturan! – Direktor barmagyny gahar bilen Gurbangulynyň oturan burçuna uzatdy. Redaktor Gurbangula ýüzlendi. – Sen haýsy bölümde işleýäň? – Senagat bölüminde! Redaktor haýran galmak bilen: «Ony sen pagtaçylykdan ýazmaga iberdiňmi?» diýen manyda senagat bölüminiň müdiriniň ýüzüne seretdi. Senagat bölümiziň müdiri ziňkildäp ýerinden galdy. – Ýog-eý, dogan jan, meniň gowaça bilen işim bolmaz. Han-a, oba hojalyk bölümi! Hana-da, makalany ýazan, iberdi diýip aýdyp bilmez. Oba hojalyk bölüminiň müdiri-de ýüzüni ak tam edip ýerinden turdy. – Men-ä çakyzam tutup dohtora gidipdim. Wap-şe habarym ýok... Redaktor ony sypjyklyk edýändir öýdüp, gepinde tutjak boldy. – Sen haçan doktorda bolduň? – Wah, bu içigara meni sypdyrmansoň, şol gatnap ýörşüm... Redaktor ony burça gabap bilmejegini aňdy. – Býulleteniň barmy? – Redaktor äýneginiň sapy bilen stoly tyrkyldatdy. – Wraça barandygyň barada hatyň barmy? Bölüm müdiri aljyrady. – Neme, men gidýän, gelýän, nomer bilem baglanşykly materiallary okaýan. Wagtym bolsa ýene gidýän. Onsoň olar: «Saňa býulleten ýazaly» diýselerem edemok. Men... Redaktor erbet gaharlandy. – Siz iki sany uly bölüm bolup, haçan görseň býulletende. Haçan görseň çakyzaly. Siz şeýdip çakyzalaşyp ýörkäňizem käbir parazitler etjegini edip gidýärler. Ýok, siz oturyň, siziň bilen esasy gürrüň soň bolar. – Bagyşlan! – diýip, Galiýew üsgürinjiräp howlugýanyny duýdurdy. Biz gaty gyssagly. Azajyk gysgaldaýsaňyz... Redaktor aljyrady. – Temadan çykaýdykmy? – Ol Gurbangula ýüzlendi. – Seni kim zadaniýe bilen iberdi? Kim saňa pagta ýygymyndan material ýaz diýdi? Senden başga adam gyryldymy redaksiýada, material ýazjak bolsa. – Ýeri, näme bolupdyr, şol oglan-a mem iberdim?! Bu ýerde gowaça bazary ýok, makala ýazanyň üstüne sürrenekleşip gelip. Näme, ýalanmy? Näme diýjek bolýaňyz? Indi plan doldy diýip tankyt etmeli däl diýjek bolýaňyzmy? – Ol redaktora ýüzlendi. – Sen redaktor, arz edip geleni gaýtarman, olara meçew berýäňmi? Gazetiňde brigadirden ýokaryny tankyt etdirmäge gaýratyň çatanok. Neneňdir, sowhoz tankyt ediläýdi welin, galdyraberdiň. Ine, medeniýet bölümi size baýrak, şoňa bir diliňizi ýetiriň, baryňyzam çagyrtmaly ýerine çagyrdyp, hasap soradaryn. Ýurdy alahekge soraýandyr öýtmäň. Redaktoryň hälki demi peseldi, ol ýaýaplap gürledi. – Ýoldaş Soltanowa, gyzmaň, biz sizi sylaýas. Siz aýal-gyzlaryň arasynda ilkinji uly žurnalist. Siziň iki kitabyňyz neşir edildi. Gowy ýazýaňyz. Ýöne düşüniň, bular plany iki ýüz prosent doldurypdyrlar-a. Respublikamyzda planyny dolup bilmeýän hojalyklar hem kän ahyryn. Pagta planyny dolmadymy, şol ýerde partiýa işi-de, medenýet-de, syýasat-da ýokdur. Şoňa düşüniň. Pagta temasam türkmenler üçin edil Watan temasy ýaly baky temadyr. Çaryýew oturyp bilmän ýerinden galdy. – Ýoldaşlar, siz maňa dogry düşüniň. Men tankyt edilenimiz üçin redaksiýa gaýtjak däldim. Çaryýew bu ýerde özüniň başky syýasatynyň ýer almajagyna düşündi. Onuň garaýşyça, redaksiýanyň özünde it eýesini, pişik bikesini tanamaýan bolmalydy. «Wah, meniň sowhozymda işläbem, şeýdip maňa pert-pert harçaň atsadyň, seniň sülsadyny kanaldan geçirip taşlardym» diýip ol oturan ýerinden Aýýa Soltanowna diş çalýardy. Işgärleriniň arasynda agzyndan sözüni gaçyryp oturan redaktora hyrçyny dişläp garaýardy. Ol ahyr soňunda gepi özi alyp gitmese bolmajagyny duýdy. – «Aý, bir ýaş oglan, bilmezlikden tankyt edendir» diýdim. Emma tankytly gürrüň asmana galyp barýar. Sowhozyň ýaşululary, ýaşlary, mehanizatorlary, gahryman eneler uruş weteranlary topar-topar bolup üstüme dökülip başladylar. «Siz biziň abraýymyzy saklamasaňyz, özümiz topar tutup Merkezi Komitete gitjek» diýýärler. Adamlaryň gaty gahary geldi... Oba hojalyk bölüminiň müdiri dulukman ýaňagyny müňküldedip oturyşyna direktor bilen ýürekdeşdigini bildirjek bolup oda-köze düşäýjek bolýardy. Ahyry olam oturyp bilmedi. – Elbetde, gahary geler! Men bilýän-ä oba adamlarynyň psihologiýasyny Moskwada, partşkolda bolanymyzda şoňa üns beriň diýip öwretdiler. Oba adamlary namysjaň bolýar. Namys diýen sözüň manysyny aýdyp bereýin size... Başga biri oňa namys diýen sözüň manysyny aýtmaga gezek bermedi. – Elbetde-how, iki ýüz prosent dagy bolansoň, adam bir hoşamaý söze garaşýar-a... Çaryýew oýkanjyrap: «Ýene-de bir aýtjak zadym bar!» diýen manyda elini galdyrdy. Elbetde, myhman sylagy üçindir-dä, ýa-da ilki arzaçyny diňlemeli diýip halys adamlaryň gulagy gandyrylanyndan, ol elini göterenden geplejek bolup dodaklaryny müňküldedip oturan adamlar ýoldan sowuldylar. – Onsoňam, jan adamlar, bir zada düşüniň. Sowhoz adamlarynyň ählisi gelmişek. Ondan-mundan ygyp-sagyp gelenler. Olara sähel meçew berseň, ot alyp galjak. Gazet olary ýolbaşçylara garşy goýmaly däl-ä. Gaýta jebisleşdirmeli... Geplejek köpeldi. Ýöne redaktor olara idin bermedi. Ol Galiýewiň ýüzüne garady. Galiýew ýüzünden daş asylan ýaly bolup oturyşyna, ýuwaşjadan burnuna salyp gepläp başlady. – Men ýekeje zada gynanýan. Şu sowhoz biziň boýnumyzdan sokudaşy bolup asylyp gelýärdi. Bagtymyzdan Çaryýew çykdy. Sowhozy batgadan alyp, tutuş ýurda tanatdy. Bu ýyl bolsa pylany iki ýüz prosent doldurdylar. Begendik. Bu ýigidi geroýlyga ýazdyk. «Ýokardan sbor» diýdiler. Sowhozy Bütinsoýuz göçme Gyzyl baýdaga ýazdyk, ýokardan «bor» diýdiler. Hojalyga on sany ýeňil maşyn, on sany ýük maşyn diledik. Ýokardan «bor» diýdiler. Pagtaçylary ýylda kötekläp ýörüs, şu ýyl bir sylag-serpaý edip, göwünlerini awlalyň diýdik. Ýolbaşçylar «bor» diýdi. Emma bu makala hojalygyň bagtyna atylan gara daş boldy. Bar umydymyzy puç etdi. Ine, ýoldaşlar, metbugatyň güýji! Ony biz zähmet çekýän adamlara garşy ýarag edip ulanmaly däl. – Ol redaktora garady. – Indiki netije siziň reşeniýäňize görä bolar. Görüň, ýoldaşlar, reşeniýä Merkezi Komitet garaşýar. Ol sözüni soňlap turmak bilen boldy. Çaryýew hem turdy. – Indi näme, biz kötek ýassygy bolup galybermeli boldukmy? Redaktor olaryň turubermesine aljyrady. – Ýok, ýok, ertir komissiýa ibererin. Ertir barar. Ýalňyşymyzy düzederis. – Ertir çitka bar – diýip, jogapkär sekretar närazylyk bildirdi. – Gaýta, üç-dört gün geçirip barsalar gowy bolmazmy? Redaktor gollaryny alaçsyzlyk bilen gerdi. – Maslahat sizden. Nädeli diýseňiz men bar... Çaryýew hem oýurgandy. Ol «nädeýin?» diýen sowal bilen Galiýew tarapa garady. Emma ondan özüne delalatyň ýokdugyna düşündi. – Dördünji gün irden maşyn ibereýin. Hoş! Olar çykyp gidenden soň redaktoryň gazaby has hem möwjedi. Ol ähli gazabyny, ýigrenjini jemläp Gurbangula garady. Emma gözünde oky bolmany üçin ony tükgerdip bilmedi. Şonuň üçinem degene gözüm menden däl etdi. – Ine, netije! Ine, baýramçylyk! Gazeti her hili nejislikden, her hili hapaçylykdan goraýan diýsem, beter bolýar. Aýýa Soltanowna söz berilmese-de, ýerinden turdy. Ol Gurbangulynyň gara başynyň goragsyz galanyny görüp durdy. Bu adamlar öz başyny goramak üçiň onuň ýaly ýaş oglany siliň öňüne oklamaga taýýar göründi. Indi diňe özi Gurbangulynyň öňünde döş gerip biljekdi. Çünki bu oglanyň dek başyny depirjek äre bereniň özüdigine, eger bar bolsa onuň günäsine özüniň hem deň şärikdigine düşünip durdy. – Adamlar, bu bolşuňyz bolanok – diýip, ol oba hojalyk bölüminiň müdiriniň üstaşyry senagat bölüminiň müdirine garady. – Direktor hem, birinji sekretar hem makala garşy söz aýdyp bilenog-a. Makala gaty güýçli. Şu makala üçin bu ýigide sag bolsun aýtmanyň deregine, oňa igämizi sürtýäris. Biz makala üçin ötünç sorap, olary öwmek üçin komissiýa ibermän, makala jogap soramaly. Özünem, jogap ber diýip obkoma hat ibermeli. Redaktoryň gözi tas hanasyndan çykypdy. – Hany, duruň, duruň, hany! Ýany men size aýtmadym. Hut birinjiniň özi gyzyklanýarmyşyn. Sekretar meni tas iýipdi, olaryň ýanynda syr bildirmedim. Siz-ä etjegiňizi edýärsiniz, ähli kötegem gelip meniň maňlaýyma degýär. Siziňki hezil, agzyňyza agam gelse, gara-da gelse, urup oturmaly. Maňa bolsa: «Makalany ýazan adamy şu günüň özünde işden boşadyň» diýýärler... Gurbanguly başyny aşak egdi. Ony gören Aýýa Soltanowna oturyp bilmedi. – Başyňy aşak egme, mert bol. Diýen-aýdan köpdür. Hany, ýanyňa bir gelsinler. Redaktor galpyldap başlady. – Aýýa Soltanowna, sen meseläniň beýleki tarapyndan alyp gör. – Ol etlek ýumrugyna keltejik barmaklarynyň birini ýumdy. – Birinjiden, ol senagat bölüminde işläp, näme üçin pagta ekýän hojalyga gidip makala ýazýar? Senagat bölüminiň müdiri habarsyz, oba hojalyk bölüminiň müdiri habarsyz. Ikinjiden, – diýip, ol ikinji barmagyny ýumrugyna düwdi. – Ikinjiden, ol näme üçin aýry-başga planyny iki ýüz prosent dolduran hojalygy biziň gazetde tankyt edýär? – Ol üçünji barmagyny düwdi. – Näme üçin imenno, biziň gazetde çykardýa, şol pohly makalasyny? Bu ýerde gara pygyl bar. Munuň özi ýöne-möne pygyl däl. Ol bir okda birnäçe towşany awlapdyr. Birinjiden, Çaryýewi, onuň hojalygyny wejeralaýar, ikinjiden, «Sowetleriň sesiniň» duşmanyny artdyrýar, oňa halkda ýigrenç döredýär, üçünjiden, «Sowetleriň sesiniň» redaktoryny topa tutýar, dördünjiden, Merkezi Komitetiň Býuro çlenlerinde «Sowetleriň sesem», onuň redaktoram halka, partiýa garşy diýen bet düşünjäni emele getirýär. Aý, aýdyp oturmaýyn, sanasaň sogaby köp. Bu ýerde şeýle reaksion dildüwüşme, gizlin syýasat bar. Özem, bu syýasat bujagaz oglanyň işi däl. Ol öz köküni has çuňrakdan alyp gaýdýar. Şeýle bihaýa syýasaty diňe respublikanyň birinji sekretarynyň ýagny, partiýanyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretarynyň, respublikanyň ganym duşmanlary tapyp biler. Şeýle ýykgynçylykly dildüwüşmäniň bardygy bolsa maňa gizlin däl. Ine, seniň şol makalaňdan gelip çykýan netije, bilmeseň, bilip goýda, indikiňe sapak bolsun. Redaktor çykyş etmekçi bolýan adamlaryň badyny gaýtaransoň sözüni hasam çyna berimsiz haýbatlandyrdy. – Ýoldaşlar, men ýene bir sapar duýdurýan, häzir bizde şeýle duşmanlar bar. Ony maňa aýtmaly ýerinden duýdurdylar. Ägä boluň... 16. Gurbanguly gije sagat on birde, gazete gol çekmän öýüne ugrady. «Bu ýene bir ýykgynçylyk edäýmesin?» diýendirler-dä, onuň ýanyna partiýa durmuşy bölüminiň müdirini nobatçy goýdular. Aman Bagyýew salyhatly adam bolany üçin diýseň sypaýyçylyk edýärdi. Ol her öwrümde Gurbangulynyň göwnüni awlajak sözleri tapjak bolýardy. Redaktoryň bolup ýörşünden utanýandygy onuň ýüzünden-gözündenem bildirip durdy. «Onuň okan sahypalaryny özüň ýene bir sapar okagyn. Onuň ýanyndan aýrylmak bolmaz!» diýip, redaktor ona pugta tabşyrypdy. Mundan başga-da ol adam metbugatda döwlet syrlaryny gorap saklaýan edaranyň işgärine-de gazet polosalaryna pugta gözegçilik etmegi sargapdy. Onsoň bu ýerde Gurbangulynyň artykmaçdygy bildirip durdy. Bagyýew ony aýdyp bilenokdy. – Sen oturyber, jigi, özüm okaryn. Görüp otyryn, gaty gaharyň geldi. Şunuň ýalyda ahmal bolsaň, ýaş oglan-da, ýalňyş gidegen bolýandyr... Gurbanguly üçünji polosanyň ahyryna gol çekip, ýaşula berdi. Bagyýew onuň çykaran ýalňyşlaryny täzeden barlady-da, gaýtadan okamaga başlady. Gurbangulynyň özüne ynamsyzlyk edilýänini görüp oturandygy baradaky duýgy oňa ynjalyk bermedi. – Bolmasa, sen gaýdyber. Özüm gol çekerin. Ol goşuny düwüp duran ýigide ýene-de göwünlik berdi. Sen mert bol. Işleýäniň gazet boljak bolsa, onça-munça gepi eşitmeli bolarsyň. Hiç zady gaýgy etme. Ýaş başyň bar, ähli görjegiň öňüňde ahyryn. Gurbanguly öýüne barýarka edil bir gaýadan aşaklygyna goýberilen ýaly boldy. Hälki gürrüňler, onuň şeýle tämiz, mukaddes yhlasyndan garalyk, çirk gözlenilip ýörlüşi ýigidi otdan alyp suwa saldy. Häzir onuň ýaşasy gelmeýärdi. Öýüne alyp barýan nobatçy «Wolga» göýä, onuň meýdini alyp barýan ýalydy. In erbet ýerem, öz meýdini, ölüp ýatyrka-da öz ähli agyry-ynjysyny bilip barýan ýaly elhenç duýgy Gurbangulyny saýgylap durdy. «Nätmeli?» diýip, ol bagryndan turýan ot-ýalyna bokurdagyny çawladyp pyşyrdady. – Nämäni nätmeli, inim?! – diýip, şofýor daýy ony gorjalap gördi. – Näme problemaň bolsa aýdyber. Heleý tapmalymy, arak tapmalymy, piwo tapmalymy... Gurbanguly üçin dünýäniň lezzeti berbat bolupdy. Ol şol lezzet diýlen zadyň nämedigini öňem bir bilip baranokdy. Häzir-ä onuň ähli duýgusynyň gözbaşy gömükdi. Ol oýlanýardy, oýlandygyça-da alnyny getirip sowuk daşa urýardy. Ol özüni henize çenli şeýle alaçsyz duýmandy. – Bolmasa ertir Merkezi Komitete gideýin. Derdimi aýdaýyn. Menden içaly ýasajak bolýarlar. Men ölenimde ilime-günüme dönüklik etjekmi? Kimdir biriniň gepine gidip, çörek iýýän ýerime hyýanat etjekmi men? Ertir baraýyn-da baryny aýdaýyn. Men faktlary ýazanymy, çişiren, ýoýan zadymyň ýokdugyny aýdaýyn. Juda ynanmasalar, sowhoz bir daş ýer däl, komissiýa düzsünler, maňa ýagdaýy aýdan adamlar ölmändir, gürleşsinler. Men asmandan hiç zat alamok..» Merkezi Komitetde ýekeje tanşynyň hem ýokdugy onuň ýadyna düşdi. Birden onuň ýadyna Anýa, ýaşuly düşdi. – Neme, agam, maşyny Lenin bagyna garşy sowsan-a. – Şofýor geň galdy. Öýüň gündogarda ahyryn... Gurbanguly başyny çaşyryp oturyşyna: – Gerek diýip mydyrdady. Ýaşuly ýadyna düşende onuň kalbynyň çyrasy ýanan ýaly boldy. «Ýalbararyn. Ýagdaýymy aýdaryn. Gerek bolsa, Anýadan ötünç soraryn...» Ol şol tanyş howla geldi. Işigi kakdy. – Kim? – Men, Gurbanguly! – Kim gerek? – Anýa gelnejem! Işik açyldy. Ak ýüzlüje, çyranyň ýagtysyna perişde ýalyjak bolup görünýän gyzjagaz ýylgyrdy. Ol-a ýok... – Gurbangulynyň ýadyna ýylgyrma düşenokdy. Gyzyň ýumşajyk näzem onuň gözüne görünmedi. – Be, nirä gitdikä? Haçan gelerkä? Gitjek ýerini aýtmadymy?.. Gurbanguly howlugýardy. Häzir bir alaç etmeseň ertir iş işden geçäýjek ýalydy. Eger Anýanyň giden ýerini bilse, ol şol aýalyň yzyndan barmaga-da taýyndy. Ol gyz eýjejik, başga bir wagt bolsa ýadyňda saklap ömrüň boýuna süýjülik bilen ýatlap ýörmeli ýylgyrma bilen jogap berdi. – Häli Süleýman Durdyýewiç, Gara Garaýewiç hemem Patma diýen aýal bilen çykyp gitdiler. – Süleýman! – Hawa, Süleýman aga, SK-da işleýär-ä. Ol öňem kän gelýär-ä. Gurbangulynyň derdiniň üstüne dert goşuldy. Patmanyň ody onuň ýüreginiň başynda lowlap başlady. «Bu ýerde Patmanyň nä köri barka? Ol maňa şol haramzadanyň ýanyna barman diýdi ahyryn...» – Ýaşulam ýokmy? – Ýaşuly Hytaýa, bir aýlyk komandirowka gitdi... «Bar zat tersine. Ähli ýollar gapyşsyn! Düňderil dünýä. Seniň şu ýetim oglandan başga awuň ýokdur. Çeýne, iý meni. Menem bir ýalançynyň azabyndan dynaýyn...» Ol tisginip gitdi. – Näme? Haçan geljek diýdiňiz? – diýip, ses gelen tarapa gaňrylyp garady. – Ýok, men oturyp çaý içip gidiň diýdim... – Sag bol! Gurbanguly taksi tutup öýüne geldi. «Çyra-ha ýanýar» diýip, ol begençli oýlandy. Ýöne, ikindinara Patmanyň Gara Garaýewiçiň «Wolgasyna» münüp ýörmesine jany ýanyp, demligini tütetdi. «Meniň häzir namartlap ýörşüm bolýar-da. Ýogsa, sen haram ganjyk, seniň bilen bellisini etmeli pursat-a geldi welin. Gül ýaly adamyň bar, öýüň bar, abraýly ataň-eneň bar. Saňa näme ýetenok, haram gyrnak? Ýa men saňa agyr-artyk söz aýtdymmy? Ýa men sana pylan zady al, pylan zady alma diýdimmi? Ýa iliň aýaly ýaly biliňi agyrdyp işläp, boýnuňy süýndürip öýe geldiňmi? Ýa güzeranyň agramy bilini ezdimi?..» Ol ertirki boljak harasatdan hem gorkýardy. Özem erbet gorkýardy. Özüni «watan dönügi» derejesine ýetirensoňlar, galan zat gutarýardy. Gorkmazça däldi. Çaryýew diýilýän adamyň agramyny bilýärdi. Raýkomyň sekretary, obkomyň ýolbaşçylary, redaktor öňünde ýaýaplap duransoň, bu habarçyjyk dagy nämejikdi! Ol adam sowhoza direktor bolandan soň, iki eli respublikanyň şäherde ýaşaýan ketdeleriniň agzy diýýärdiler. Merkezi Komitetiň, Ýokary Sowetiň, Ministrler Sowetiniň, ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň öýüne gawun-garpyz, tamdyra ýakar ýaly gowaça çöpi, mallaryna berer ýaly ot-iým, baýramçylyk günleri dürli sowgat serpaýlar daşamakdan başga işi ýok diýýärdiler. « – Inim, dodajygyňy etene guşuň saryja çüňki ýalyjak açyp sen etmeli däl işiňi eden bolaýma! Sen-ä bokal-sokal zady ýazýarsyň. Bu adam bolsa üstünden guş geçse, şonuň kölegesine pyçak çenäp ýörenlerdendir... – Gorkma, Han aga, arkamda Kommunistik partiýa barka, men bular ýaly býurokratlaryňdan gorkmaryn. Ýa-ha sowhozda medeni hyzmat düzeler, ýa-da şol adam kellesini ýalaňaçlap jogap berer şonuň üçin... – Sen, han ogul, görýän welin, gaty sada-how, gaty sada. Partiýa diýeniň syrty kädililer dälmi? Olaryň merki bir maşyn gawun... – Sen, agam, partiýa dil ýetirme. Partiýa seniň bir maşyn gawunyňa özüni oýnatjak partiýa däldir. Ol Leniniň partiýasydyr, ol Gitleriň sülsadyny dargadan partiýadyr. Ol partiýa öwlüýä ýalydyr, oňa dil ýetirmek günädir. – Han jalaýyň bolmajysy boldy. – Meniň-how, mahaw inim, şolaryň öýüne teleşkeläp gawun bilen goýun daşamakdan başga näme işim bar?! Men indi Han jalaý halyma, seniň ýaly agzy saryja guşuň önünde ýalan sözleýändir öýdýänmi? Gurbanguly Han aganyň Çaryýewi mahabatlandyryp aýdan sözlerine öň ynanmasa-da, indi alagöwün bolup başlady. «Iýen agyz uýalar» diýenleridi. «Çaryýew, baryny ekläp oturan Çaryýew! Onuň ýanynda men kim? Iň bärkisi, redaktor hem çyn bilen ýalanyň aňyrsyna ýetjek bolup duranok ahyryn. Şol hem Çaryýewe raýkeş bolup gepläp dur-a...» Aýýa Soltanownany ýatlanda onuň ýüregine azajygam bolsa sowuklyk aralaşan ýaly boldy. – Şu bela bir başymdan sowlup, işimde aman-sag galaýsam, soň beýle-beýle belalaryň ýan-golaýyndan gelmerin-le. Sowhozy-da, onuň gowaçasy-da, medeni hyzmaty bilen bilelikde jähennemiň aňry teýine gitsin diýsen-e. Çaryýewe gerek bolmadyk, munuň raýkomyna, obkomyna, Merkezi Komitetine, redaktoryna gerek bolmadyk medeni hyzmat meniň nämäme gerek diýsen-e?! Özüm akmak... Ol işige gelip saklandy. – Ýok, göreşmeli. Men beýle diýsem, ol beýle diýse, ýurdy kim goramaly?! Bu ýurt, bu respublika, bu hojalyk biziňki ahyryn. Olaryň ýerine ertir özümiz gelmeli ahyryn. Göreşmeli. Ertire çenli bir özümi dürsäýin! Redaktoryň dedesini ýakaryn. Näme üçin namartlamalymyşym? Anýa-da, onuň äri-de öýünde bolmany üçin sag bolsunlar. Olar meni namartlykdan goradylar. Olar meni peslikden halas etdiler Tas tüýküren tüýküligimi gaýdyp ýalapdym. Göreşerin. Gaty berk çykyş ederin. Makalamy, özümi, prinsipimi goraryn. Hany, işden çykarybam bir görsünler... Ol ýeňlän ýaly boldy. Ýeňillik bilen sekä çykdy-da, işigi itdi. Işik açylmady. Ol eýwany kakdy. Gaýta, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, häli içerde ýanyp duran yşyk hem öçdi. – Patma, Patma! Açaweri! – Onuň sesine goňşular ýokardan, gapdaldan boýunlaryny çykaryşyp üşerişdiler... | |
|
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Derbi dagyn: Morozka - 22.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -4: romanyň dowamy - 13.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Dirilik suwy -10: romanyñ dowamy - 08.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |