13:17 Zyýarat -6/ romanyñ dowamy | |
17.
Romanlar
Işik kakylanda Patma Gara Garaýewiç bilen är-aýallygyň süýji eşretine gark bolup ýatyrdy. Patma indi adamsynyň nobatçylykdan haçan gelýändigini bilerçe bolupdy. Ol arkaýyndy. Gurbaguly nobatçy wagtynda onuň Gara Garaýew bilen ikiçäk galyp aýşy-eşretde bolany diňe şu sapar däldi. Patma Gurbangulyny erbedem görenokdy. Ýuwaş, ýumşak. Ýöne ony diýseň sada görýärdi. Gowşak görýärdi. Onuň özi şäher ýerinde önüp-ösen gyz. Özem kimiň gyzy, ministriň gyzy! Ol çagalar bagynda rusça terbiýe alypdy. Orta mekdebi rusça tamamlapdy. Bu gyzyň ýaşlygy jennet höziri bilen ötüpdi. Iýmek, içmek, sowalga barada gürrüňem ýokdy. Ol eýýäm altynjy klasda özi ýaly, özünden ulurak gyzlar bilen barlara baryp bilýärdi. Ne ejesi, ne doganlary ondan: «Hany, sen haçan gitdiň, haçan geldiň?» diýip jogap sorapdy. Sebäbi olaryň özlerem erkindi. Patma indi näçe ýyldyr, kakasy bilen gürleşip gören adam däldi. Kakasy çagalary oýanmanka işe gidip çagalary ýatansoňam işden gaýdyp gelýärdi. Gidip barýarka ýa-da gaýdyp gelýärkä gabat gelişäýýän wagtlaram seýrek bolýardy. – Akja gyzym, ulalýarmysyň? – diýip, şonda-da onuň bir gyzynyň ýagdaýyny bilmek aladasy ýokdy. Käte-käte Patma: «Kakam meniň adymy bir bilýärmikä?» diýibem gümana gidip oýlanýardy. «Mama, papam meniň adymy bilýärmi?» diýip, ejesinden soraýan wagtlaram az bolanokdy. Onuň kakasy dogrudan hem, il-gün bilen bir serli adam däldi. Onuň tanaýan, gatnaşýan adamlary-da barmak basyp sanaýmaly, özem kileň wezipeli kişilerdi. Emma Patmanyň kakasyny welin, tanamaýan az-azdy. Ol adamyň özi başagaý bolsa-da, ady rowaçdy. Muňa Patma çagalygyndan göz ýetiripdi. Mekdepde mugallymlar ony eliniň aýasynda saklaýardylar. – Patma jan! – diýip, mekdep direktory-da, klas ýolbaşçysy-da onuň daşynda hozanakdy. Kakaň gurgunmy, ejen sagmy? Bizden salam aýdaweri! – diýýärdiler. Mekdep direktory Sergeýenko onuň bilen baryp bäşinji klasdan dostdy. Baýramçylygyň ön ýanlary ýa-da zerur hasap eden çaglary ol Patmany kabinetine çagyrardy. – Patma jan, seniň bilen bir maslahat bar, kyn görmeseň... Patma mekdepde-de, hatda klas ýolbaşçysynyň, direktoryň ýanynda-da özüni edil öýdaki ýaly, erkin alyp barýardy. – Aýdyň, çekinmän, Petr Gawrilowiç, bizden çözüljek zadyň gürrüňi bolmaz. – Iki halta kanada tüwüsi, bir haltajygam astrahan uny gerekdi Özem juda zerur, Patma jan. Neme, işbil bilen zeýtun ýagy soňam bolsa bolar, ýöne gowy saryýagdanam on kilo hökman gerek, janym... Patma bu meseleleri şol wagt çözerdi. – Siz, näme gerek bolsa ýazyp beriň, soňa goýman, nireden almalydygyny ertir aýdaryn. Direktor ýazyp bilen zadyny ýazýardy-da, okuwçysynyň eline berýärdi. Ertesem sargan zatlaryny baryp alýardy. Onsoň klas ýolbaşçysam direktordan kem galanokdy. Öýde bolsa Patma üçin müşgil iş ýokdy. Ol kim näme sorasa, şonuň hatjagazyny ejesine eltip berýärdi. – Maman, direktorymyza ine, şu zatlar gerek, tapyp ber! – Soň onuň bu ýazgy bilenem, beýleki bilenem işi ýokdy. Ministriň aýaly üçin bolsa çagalarynyň aýdany aýdan, diýeni diýen kanundy. Ol aýal nirä, kime jaň etmelidigini bilýärdi. Eger Patma bir gyt zat satyn almaly bolsa, özem köp pul bilen baglanyşykly bolsa, onda ol başgaça çemeleşýärdi. Öz eli bilen hatjagaz ýazyp, kakasynyň işe geýjek penjeginiň sag jübüsine salyp goýýardy. Ministriň ýedi penjegi bardy. Ol her gün birini geýmelidi. Eger ol ýazgy şu gün eline düşmände-de, erte ýa birigün eline gelýärdi. Soň: «Pap, maňa garaköli possun, sroçno, 46 razmer, 450 rub. Patma» diýen ýazgyny okap, «Ýaşlaryň talaby güýçl-äý» diýip, skladçylaryň birine berip goýberýärdi. Şeýdibem mesele çözülýärdi. Şonuň üçin gyzlarynyň näme geýýänini, nireden olary alýanyny käte ejesiniň özem bilmän galyberýärdi. Bu öýde Patmany aýratyn eziz görýärdiler. Bu onuň ekiztaýynyň ýaňyrak sarylamadan ýogalanlygy üçinem däldi, Patma olaryň dilini tapardy. Olara ýakyndy. Ejesi ekiztaýy gyzlary çyrçykly bolup, olar üçin gaty köp azap edeni üçin, özüne ýakyn saýyp, bu öýde Patmanyň diýenine «ýok» diýmeýän bolsa-da diýmeýärdi welin, şu içerde bir şu gyzyň özüne hamraklygy üçinem ony aýratyn gowy görýärdi Onsoňam bu gyz eýjejikje Äşejigi ýatladyp durdy. Äşejik bol-elin, şeýle dokmäde içeri üçin juda uly ýitgidi. Onuň orny içeride bildiripjik durdy.. Patma ýedinji klasa baranda «Zöhre» diýip atlandyrylýan barda işleýän ermeni ýigidi ona aşyk bolupdy. Patma-da ony gowy gördi. Ine, şonda kimdir biri: «Gyzyň ermeni oglan bilen söýüşýar...» diýip ejesine duýdurypdy. Ol oglany gidip Patmanyň ejesem görüp gelipdi. Otuz ýaşlaryndaky görmegeý, geýnüwli ýigit müşderilerine kofe bilen konýak guýup berip durdy. Bu aýal näme diýsin?! «Aý, ýaşlaryň özi biler!» diýil gaýdypdy. Gyzyna-da diýen zady: «Ol seni almaz. Ol owadan, sen bolsa beter ýaş şindi...» boldy. Patma-da ondan kem oturmady: «Özümem barjak bolup ölüp baramok, gyzlaryň gözi gitse bolýar-da.» diýipdi. Emma iş gözi gitmekden geçipdi. Patma okuwyny taşlap, güni bilen, hatda gijelerine-de şol oglanyň ýanynda bolmany çykarypdy. – Mam, men söýýän, düşünýäňmi? Ministriň aýaly gyzyna dözmedi. Onda-da ýüregine dowul düşe-düşe ýaş ýigidiň ýanyna bardy. – Sen meniň gyzyma ýa öýlen, ýa-da azar berme! – diýdi. Soňra oturyp oňa ýalbardy. Ýaş ýigit bolsa onuň bilen gepleşmek hem islemedi. – Meniň aýalym, çagam bar, gyzyňa aýt, meniň ýanyma gara salmasyn – diýdi. Bu söz ejesini ynjytsa-da ynjytdy welin, Patma has beter täsir etdi. Ol beýle ýokuş sözden soň ol ýigidiň ýanyna barmady, başga bir oglan bilen aşyk-magşuk bolup söýüşdi. Şeýdibem ahyry orta mekdebi tamamlady. Iller egzamen tabşyrýan mahaly, nähilidir bir kesel bilen aýallara göz-gulak bolunýan keselhana düşdi. Şeýdibem, okuwa girip bilmän galdy. Soň kakasynyň ministrligine degişli bir uçilişäniň kadrlar bölüminiň inspektory bolup işledi. Ýöne bu ýerde işlemek hem oňa nesip etmedi. Bu uçilişede okamadyk adamlara attestat satylandygy barada SSSR Professional-tehniki bilim baradaky döwlet komitetine arza düşüp, şol ýerden gelen barlagçylar on bäş sany attestatyň gürüm-jürüm ýitendigininiň üstüni açdylar. Ol attestatlar hem Patmanyň garamagynda bolup çykdy. Şonuň üçin onuň işi suda geçrildi. Ýöne illäp-günläp, kakasynyň aladasy bilen ony suddan alyp galdylar. Patma kömek edenleriň birem Gara Garaýew bolupdy. Ol mundan on ýyl öň ministriň şofýory bolup şu ministrlige geçipdi. Onuň beýle geçişiniň hem özboluşly taryhjagazy bardy. Ministriň aýaly ýaşdy, owadandy. Ol iki adamlyk putýowka haýsydyr bir jorasyny alyp, Truskawes sanatorisine dynç almaga gidipdi. Şonda ol Gara bilen tanşypdy. Gara güni ýetmezrägem bolsa, bu aýala hyzmat edip bilipdi. Onuň komnatyna hoz diýmän, maňyzdyr kişmiş-kişde diýmän daşabilipdi. Birki sapar bu iki jorany restorana alyp barypdy. Ine, şeýdibem olaryn tanyşlygy barha çuňlaşypdy. Gara ministrlikde şofýor bolup köp işlemedi. Ministr özüniň öýüne eliniň degmeýänini, bu ýigidiň çagalaryna ýakyn durup, olaryň azyk-owkadyna seredişine göwni ýetip, ony un skladyna haryt öwreniji edip geçiripdi. Şol ýylyň aýagyna ol eýýäm şol skladyň direktorydy. Ýene bir ýyldan tutuş bazany eline aldy. Şol döwürde ministriň aýalynyň kurorta Gara bilen baranyny hem bilýän adamlar bardy. Ýöne olar hem bu syry ýaýratmadylar. Soňra ministriň aýaly Anýa bilen jora bolup, kurorta şonuň bilen gitmäni çykardy. Olar Gara Garaýewiçi ýanlary bilen äkitmäge, birneme durugşan görýärdiler. Gara Garaýewiç welin, şolar üçin janyny bermäge taýýar ýaly görünýärdi. Olaryň kurort şaýy-ha beýlede dursun, öýlerinem azyk, beýleki gerek zatlar bilen üpjün edýärdi, çagalaryň geýjek eşigi, daşary ýurtlaryň her hili delje matalary şonuň boýnunady. Şonuň üçin Gara Garaýewiç bu öýde iň arzyly adamdy. Hatda bu ýekdäki çagalaryň gulagy hem şol atdan gangyndy. «Gara Garaýewiç geler», «Gara Garaýewiç getirer», «Gara Garaýewiçe aýdarys». Beýle sözler ministriň içersinde günde telim sapar ýaňlanýardy. Saý-sebäp bilen bu adamyň özi öýe düşäýse-de, içeri Hudaý düşen ýaly bolýardy. Ony nirede otudyp, nirede turuzjaklaryny bilenokdylar. Patma-da bu daýaw, gür gara saçy yzyna gaňtarylan, lopbuş ýüzli adama ýakyn duranyny kem görenokdy. Başyna iş düşende Gara Garaýewiç onuň ynamyna has çuň girip bilipdi. Her gün näme edýändigini, kimiň näme diýändigini, netijäniň nähili bolandygyny gelip habar berýärdi. Agşam kimi görjekdigini, ertir kimiň ýanyna barjakdygyny, kimden nähili kömegiň gerekdigini ýaltanman aýdyp gidýärdi. Gözi gaty gorkan gyza bu adam hakyky hossar bolup göründi. Öz ýanyndan ony söýdi. Ýöne söýgüsini açara mahal bolmady. Uniwersiteti ýaňy gutaran oba oglanyna durmuşa çykmagy Patma üçin garaşylmadyk ýagdaý bolupdy Anýa-da, ejesi-de ony sähel salymyň içinde yrdylar oturyberdiler. Anýa gepi daşdan aýlajagam bolup oturmady. Ol «maslahat bar» diýip, ejeli-gyzy çagyryp getirenden soň, niýetini göni aýtdy. – Bir-ä gyzyň başy daňylan hasabyna gider. – Ejesi düşünse-de, Patma bu sözüň manysyna düşünjegem bolmady. – Ýogsa, bu gyzyň baş kakyşmadygy barmy?! Keselhananyň gürrüňem heniz iliň ýadyndan çykanok. Bu oglan bolsa ýer ýaly ýetim oglan. Açsa aýasynda, ýumsa ýumrugynda. Ýer urup ýerde galan. Anýa güldi. Gaýyny-da men bolsam, gyzyna başga merk gerekmi? Patmanyň ejesi ýylgyran bolsa-da, ýüreginde harasat gopdy. «Wah, men illäp-günläp, abraýly ýere çykarjakdym. Gara bagtyma, bu gyzyň hem ýagdaýy meňki bolsun diýer ýaly däl bolara çemeli. Anýa bir zady bilmän aýtmaz...» Ol ikelläp razy boldy. «Zöhrede» işlän ýaş ýigidi ýatlady. Onsoň gyzynyň bagtynyň açylýanyna iki bolup bilmedi. «Seniň kör düýäň köprüden bir geçsin, onsoň aýryl-da geläý...» diýip, gyzyna «ene» maslahatyny berdi. Toý geçenden soň, nämüçindir, agra Garaýewçiň Patma bolan eýemsiremesi güýjedi. Anýanyň niýeti Gurbanguly bilen Patmany öz howlusynda ýaşatjakdy. Olaryň hyzmatyny görjekdi. Onuň Gurbangulyny elinden sypdyrasy gelenokdy. – Gowy bolaýdy, girsem-çyksam ýanymda oba ba ýaly-da – diýip, gelene-gidene begenji bar ýaly gürrüň berýärdi. Gara welin, onuň bu işini oňlamady! Onuň käýarym-käýarym Anýanyň ýanyna gelip, pynhan-pynhanja oturyp-turşaýmasy bardy. Eger täze çatynjalar bu ýerde bolsa, onuň öňki mazasy boljak däldi. Ol toýdan soň Patmada pynhandan-pynhan timisgenmäni duýdy. Patma onuň üçin ertekilerdäki hüýr-meleklerdenem gözel, mähriban bolup göründi. «Tutuş bazany bagyş ederin welin, göwnüni taparyn...» diýip, ünsüni bu eýjejik maşgala dikip oýlanyp başlady. Gara Garaýewiň pikiriçe, Patmany bu howludan çykarmasaň, ony girä salmak mümkin däldi. Eger olary şu howludan çykaryp bilse, Gara bir okda bäş towşan awlap bilýärdi. Ol Anýanyň ýanyna erkin gelip biljekdi. Eger göwnüni tapsa, Patmanyň ýanyna- -da baryp biljekdi. Mikroraýonda bäş otagly jaýy boş durdy. Bulary şoňa salsa, hem-ä jaýy eýeli boljakdy, hemem Patmanyň ata-enesiniň ýanynda, ýaşulynyň ýanynda abraýly boljakdy. Şonuň üçin Anýanyň taryna kakdy. Onuň üçinem oňa iki sany pereň anbaryny, hemem keltejik amerikan possunyny sowgat getirdi. – Aniçka, meniň obadaşyma, garyndaşyma eden ýagşylygyň üçin. Eden hyzmatyň Hudaýdan gaýtsyn... Anýa soňky wagtlarda Garadan birden doýupdy. Ýogsa, özi jaň edibem ony tapardy. – Ýaşulyňyz gitdi, heý, habar tutma niýetiňiz ýokmy? – diýerdi. Emma soňky aýda ol juda dökmäde görünýärdi. Şonuň sebäbini bilmek Gara diýseň gyzyklydy. Anýanyň adamsynyň özi üçin sarsmaz gaýadygyna, ministr bilenem obadaş bolup, olaryň iýeniniň aýra gitmeýändiginem, şolarsyz işlemesiniň juda kyn boljakdygynam gowy bilýärdi. Ol bu iki äpediň öýüni üpjün etse-de edýärdi welin, özünem hor eder ýaly däldi. Iň barypýatan ýeri, şol iki adamyň aýaly Garadan razydy. Şol adamlara-da aýallarynyň razylygy dünýe malyna deň zatdy. Anýa Garanyň sowgatlaryny görüp begendi. Ol Garanyň öňünde özüni eletmez görkezjek bolýardy. Garasyzam oňup bilýändigini duýdurjak bolýardy. – Indi ynandyň dälmi, Anýa gelniň zorlugyna?!. Gara kiçi dilden bärde hahaýlap güldi. – Ynanman, men näme, aňkawmy, körmi? Il ynanmaýarka-da men seniň men-men diýen ärlerden rüstemdigini bilýärdim. Ýöne seniň şeýle ynsaplylygyň öňünde başymy egýän. Il öz çagasyny öýerip bilenog-a. Sen bolsaň, köçede gezip ýören bir ýetimi tutup, ony gözli-başly edip, il hataryna goşup goýberýäň. Ol ýalandan elenen boldy. Özümiz-ä edip biljek däl. Hudaýa şükür, malam, harjam bar. Emma seniň ýaly duýgur, mert ýürek gerek. Gara Anýanyň elinden gutdy. – Aniçkam men gowy konýak getirdim. Şondan birje owurt dadaly. Seniň saglygyňa. Onsoň men bir zat diýjek... Wenger şokolady bilen pereň konýagy açylyp, rýumka ýuwdulandan soň, ol has hem paýhaslysyran boldy. – Aniçkam, sen är işini bitirdiň. Gel, indi menem ýaşlara azajyk ýagşylyk edeýin. Mikroraýonda meniň şarňyňlap duran jaýym bar. Goý. wagtlaýynça şonda ýaşasynlar... – Ýo-ok, men olary öz ganatjygymyň astynda saklajak. Hakykatda, Anýanyň Gurbangulyny eliniň astyndan çykarasy gelenokdy. Ol birki ýyllykda aýal ugrundan operasiýa düşüpdi. Şondan sok onuň wraçy oýun eden bolup: – A gyz, mydam garrylar bilenmi, gyz, sen? Ýatgyň ýaman gowşak-la içini daş ýaly edip berjek juwanlar bardyr-la diýip, Anýanyň egnine kakypdy. Şol gürrüňler Anýanyň gulagynda galypdy. Başga bir doktory bolsa: «Ýaş ýigidiň tohumy hem-ä ýaş görkezýär, hemem bedenini berkidýär» diýip, ony juwanlygyň gözlegine atarypdy. Şol arzyly juwana gowşansoň ony öz eli bilen gandallansoň, onuň awuny aňsat sypdyrasy gelenokdy. Anýa üçin Patma alada däldi. Gurbangulyny ýumrugynyň içinde saklamak üçin, ony günde bir gyza öýermäge-de taýýardy. Onsoňam, ol mundan beýläk ýaş-ýeleňe kowalaşyp ýörmäge adyndan, abraýyndan hem çekinmän duranokdy. Näme diýseňem, respublikada in uly adamlaryň biriniň maşgalasy ady bardy. Täze çatynjalar ýanynda bolsa, Patmany ejesiniň öýüne ýa-da magazine iberibem islegini bitirip biljekdi. Öz eli bilen abraýly ýeriň maşgalasyna öýerensoň ony köçeden «oglum» diýip ýygňanson, adamsyda, il-günem Anýa betgümançylyk gözi bilen garap biljek däldi. Bu ugurdan heran-haçan Anýanyň dili uzyn boljakdy. Şonuň üçinem ol awuny elnden alynjak bolunýan gürji güjük ýaly jyzyrdady. – Sen, Gara jan, näme diýseň diý, ýöne ýaňky gürrüňi maňa diýme. Ýaşulam berk sargap gitdi. Ol şunuň bilen gürrüňiň soňuna teble uraryn öýtdi. Emma Gara hem bir zada düşündi. «Anýanyň ýaşlary gowy görýäni gara çyny!» Şonuň üçin hem ol dag basan tilkiligini etdi. – Bor-la, Aniçka, seniň göwnüň ýykylandan şeýtanyň boýny synsyn. Seniň göwnüňi ýykyp bolmaz. Ýene men seniň abraýyňy götereýin diýdim. Ýogsa menem öz jaýyma ogullarymy öýerip, şolary salmagy niýet edinip ýörün. Gaýta gowy boldy, öz jaýjagazyma öz oglum girse gowy-da. Şeýle dälmi? – O nämäniň abraýy? – Neme!.. – Gara Anýanyň golaýjygyna süýşdi. – Il diýenem bir ýagy bar. Bir zada düşün, il bar-a, seniň ýagşyňa çapmaz. Gözlese aýbyny agtarar. Eýýäm maňa: «Näm-ow, Anýa gelneje olara yhlaslyja ýapyşýar-la!» diýse, başga biri: «Anýa öýdeniçer gyrnak bilen gapygul gerekdir. Ol on bäş adam ýygnap, restoranda toý eden bolup, iliň gözüni gapandyryn öýdýär. Niýeti belli-le...» diýip, ýürek bulanyjy sözlerini aýdyp durlar. Başga birem: «Şol aýaldan her zada garaşaýmalydyr. Adamsy ýok wagty şol oglan bilen sürüp ýören bolsa näbilýäň?» diýýärler... Anýa gorkan boldy. – Waý-eý, waý-eý, kim diýýär şony, diline otbaş çykanlar! Gör, ýagşy niýet bilen eden işiňi deňeýän zatlaryny, haram ölmüşleriň. Hudaý saklasyn... Gara pursaty elden bermedi. – Sen olaryn kimdigini sorama. Sen şolaryň aýdýanynyň janynyň bardygyny bil. Bu ilden her zat çykar. Men olar kim bolanda-da, sendenem berkiräk jogap berdim. «Utanmadyňyzmy, eýmenmediňizmi?» diýdim. Ol aýal perişde ýaly adam diýdim, garasaý, birine düşündirýän, ikisine düşündirýän, üçünjisine, onunjysyna düşündirýän, ýöne uly ile nädip düşündirjek, sizem, tüweleme, uly il tanaýar. Ýöne gör, gürrüň-e bar. Özem gowy gürrüň-ä däl, galanynam özüň bil. Meniň hiç hili bähbidim ýok, şol ýerde. Men gowy görnen bolup saňa bu zatlary aýtmanam bilýän. Ýöne ynsabym edenok. Seniň abraýyny men goramasam kim gorasyn... Anýa kän oýlanmady. Gaýta Gurbanguly ýanynda bolanyndan, başga bir ýerde bolsa amatly bolaýjak ýaly göründi. Şeýdibem razylyk berdi. Gara salym geçmän olary täze jaýa göçürdi. * * * Täze jaýa baransoň Patmanyň içi gysyp başlady. Adamsyny işe iberip, özi öýde ýeke galmaly bolýardy. Ýöne muňa-da soň-soň öwrenişip ugrady. Sagat bire çenli Gara Garaýewiçiň öýünde bolup soňam işe gitmesine-de öwrenişip başlady. – Patma jan, otyrmyň? – diýip, ol adamyň salyhatlylyk bilen salam berşi, kelç-külçsizligi Patmanyň hoşuna gelýärdi. Bir wagtky pynhan duýgusy hormata, sylaga öwrülip, Patmanyň ýüzi gül öwsüp gidýärdi. Hany, bir käse çaý içeňzokmy? – diýende dagy, Patmanyň aýaklaryna ganat bitip, oňa çaý demläp berýärdi. Onsuzam işsiz oturan Patma öýe ýaňy düşen gelniň höwesjeňligi bilen däl-de, bu adama bolan yhlasyny gizläp bilmän, uly begenç bilen çaý demläp, oňa eltip berýärdi. Gara Garaýewiç bu gelinde özüne bolan ymtylyşy duýsa-da, oňa bada-bat batyrynybermäge çekinýärdi. Sebäbi ýaşuly tarapy hem, kakasy tarapy hem ony çekindirýärdi. Mundan başga-da bu adamyň özüne bolan garaýşyny gelniň ejesine ýa-da Anýa duýduraýmak howpam bardy. Ol bolsa Gara Garaýewiç üçin ahyrzaman gopan bilen barabarrakdy. Ol daşary ýurt köwüşleriniň iki sanysyny, şokolad gaplaryny, pereň anbaryny Patmanyň gözüniň düşäýjek ýerinde goýýardy. «Aýal gözi hemişe üýtgeşik zatda bolarmyş» diýenleri çyn bolup çykdy. Patma ilkinji günler-ä bu zatlara känbir üns bermeýän ýalam görünse, soňky gün şol köwüşleri görüp, içini çekenini duýman galdy. – Gara Garaýewiç, bu näme? – Köwüş! – Gara Garaýewiç gülümsirän boldy. – Waý-eý, özem hakyt italýanskiý! Gara Garaýewiç çaýyny gaýtaran bolup oturyşyna Patmanyň özüni alyp barşyna tomaşa edýärdi. Patma dünýäni undupdy. – Geýip göräýeýinmi? – Gör! Patma aýagyna şaplaşyp duran bu ajaýyp, eletmez köwüşleri, pereň anbaryny bagryna basyp bökjekläberesi geldi. – Gara Garaýewiç, munuň artykmajy ýokmy? – Näme? – Ol käsäni eline alyp, hiç zat duýmaýan ýaly, dünýäden habarsyz ýaly bolup ýassyga gyşardy. – Aýagyňa bolýarmy? – Wah, edil aýagyma laýyjak-da. Ikisem meniň tüýs halaýan köwşüm eken-dä. Mamama «Papam tapyp beräýsin» diýip günde aýdýan. Joralarymda bar. Mende welin ýok-da. Bular näçedenkä?.. Gara Garaýewiç az-kem dikeldi. – Ikisi ýüz elli manat! Alaý, aýagyňa bolýan bolsa, men başga biri üçin alypdym. Indi sen soradyň badyny gaýtaryp bolmaz, ak gyz. Ajyrak edip çaý demläp berersiň-dä... Patma bökjekledi. Sen ýok-men ýok, baryp Gara Garaýewiçiň derçiräp duran dulugyndan ogşabam goýberdi. – Sag bol, Gara Garaýewiç, indi içjegiň çaý bolsun!.. Pul tapmak kyn bolmady. Ol ejesinden ýüz manat alyp, Gara Garaýewiç bilen üzlüşdi. Ertesi düýnki köwşüň duran ýerinde ýapon ponbarht parçasy durdy. Patma oňa gözüni näçe aýlamajak hem bolsa bolmady. Çäýnegini ýerde goýup, şol matany boýuna deňäp görenini duýman galdy. – Jygyldyk bahasy üç ýüz. Saňa ýüze beräýerin. Patma bu parçany uly höwes bilen alsa-da, onuň puluny tapmagyň pikiri ony uly ünjä goýdy. «Gyzlaryň birinden alaryn-da...» diýip oýlandy. Bu matany ur-tut biçimçä äkidip berdi. Soň öýe gelip, ejesininkä gidermen boldy. – Nirä gitjek? – diýip, Gara Garaýewiç geýnen bolup durşuna sorady. – Ejemlere! – Ýöri, ýolugruna taşlar ötägiderin... Bir hepdäniň içinde Patmanyň Gara Garaýewiçe bergisi müň manatdan hem geçdi. Ol adamsyny näçe gyssasa-da, näçe oýlansa-da pul alar ýaly, hiç bolmanynda, karza girer ýalam ýer tapanokdy. Adamsyna müňden gowrak puly gazanmak üçin tutuş ýyl işlemek gerekdi. Iýmek-içmek, içerä ony-muny almak üçinem şonçarak pul gerekdi. Patmanyň gyssagy özi bilendi. Ol alan zatlaryny geýmek-hä däl, adamsyna görkezibem bilenokdy. Diňe köwüşleriniň birini, ponbarht köýneginem birini görkezmäge het etdi. Olaryň hem jemi bahasy iki ýüz manatdan geçýärdi. Ýöne onam iki ýüz manat diýip aýtdy. Gurbanguly şol berginem juda agyr gördi. Indi ol nätjegini bilenokdy. Gara Garaýewiçiň bolsa aňyrsynda hazynasy bar ýalydy. Her gün bir täsinje zat getirýärdi. Patmanyň şol zatlara garaýan gözleri gaýnap dursa-da, indi alajy ýokdy. Ol zatlara batyrynyp bilmedi. Göwün bolsa eýýäm almaga öwrenipdi. Ol seniň diýeniňe boýnam bolup baranok. – Patm-a! – diýip, Gara Garaýewiç çaýy goýup, getiren zatlaryna el urman çykyp giden gelniň yzyndan ýuwaşja gygyrdy. Bergisi soralar öýdüp gara jany galmadyk gelin işikden ýygrylyp girdi. – Näme, olary halamadyňmy?! Patma gözlerini balkyldadyp, näzik boýnuny burdy. Gelniň şeýle naýynjarlygy, şeýle naçarlygy ony şeýle näzik görkezýärdi. Bu näzik didary görüp, Gara Garaýewiç saklanyp bilmedi. Ol oturan ýerinden laňňa galanyny, baryp algysy soralmasa her zada kaýyl bolup, tolgunyp duran gelni nädip gujagyna dolap alanyny duýman galdy. Patma garşylyk görkezmedi. Şonuň üçinem ol gelniň gülüň ýapragy ýaly lowurdap duran ýaňagyndan soň bolsa buldurjyrap duran dodagyndan kasty bar ýaly ogşap başlady. Has-has edip durşuna-da, özüni bilmän pyşyrdady. – Al, hemmesi seniňki! – Men bulary... – Hasaplaşar ýöreris. – Gara Garaýewiç ony ýene-de ogşap başlady. Garşy bolmasaň, meniň diýenimi etseň, «Imlorttorg» seniňki! Näme isleseň taparyn. Ol stoljugyň üstünde duran üýtgeşijek gutulary Patmanyň gujagyna berip, ony üýtgeşik hyjuw bilen ogşap başlady. Soňam ony öz maýdalyna itenekläp, otaglaryň birine alyp gitdi. * * * Şol günden soň Patmanyň ruhy açylan ýaly boldy. Onuň bir wagtky aga-ýana durmuşy, «ötdi» diýip pynhan-pynhan ýatlan döwrany gaýdyp gelene döndi Ol Gara Garaýewiçi halys ýürekden söýdi. Gurbanguly onuň üçin gün-günden biganalanyp barýardy. Gelin onuň bilen bolanda ähli duýgularynyň tapbat bolýanyny duýýardy. Diňe äri bolany üçin onuň bilen bir düşege girýärdi. Emma onuň bilen bir düşekde ýatyrka-da onuň ähli yhlasy Gara Garaýewiçde-di. Onsoň, adamsy ony gujaklap ýatyrka-da, gelni Gara Garaýewiç gujaklaýan ýalydy. Ol özüni gujaklaýanyň Gara Garaýewiç däldigini duýanda, onuň dünýäsi düňderilýärdi. Ol äriniň hem özünden bizarlygy duýýan ýalydy. Ärem özi bilen ýatanda kimindir biriniň pikirini edýän ýalydy. Ony sowuk görýärdi. Käte bolsa adamsyny itden beter ýigrenýärdi. Birki ýyllykda onuň bir jorasy durmuşa çykypdy. Iküç aý ýaşabam ol adamsy bilen aýrylyşarman bolupdy. Şonda Patma-da durmuşa çykmagyň höwesindedi. Jorasynyň şeýle owadan, gazançly ýigitden aýrylyşmasyna geň galypdy. – Nämesi göwnüne ýaranok? – diýip, ol bir sapar kimindir biriniň dissertasiýa goraýyş banketinde ondan sorapdy. – Hemme zadam gowy. Ýöne ýorgana girdigi başga zat barada pikir edýär – diýipdi. Şonda Patma gülüpdi. «Ýorgana girende nämäniň pikirini edýärka, aýalyndan başga?» diýipdi. Ine, Patmanyňky «Alty ýaşda gülseň, altmyş ýaşda alnyna geler» diýenleri boldy. Altmyş ýaş beýlede dursun, şondan bir ýyl geçmänkä onuň geň göreni alnyna şapylap degdi. Emma onuň üçin Gara Garaýewiç başgady. Ol ömürboýy başga zat barada pikir edip ýörse-de, Patmany gujagyna alansoň, maýa argaşan göherde dönýärdi. «Onuň eli gowy. Ähli duýgularyny gaýnadýar!» diýip, ol adamsy bilen Gara Garaýewiçi deňeşdirende oýlanýardy. Gara Garaýewiçiň gyzgyn gujagyny heziller edip ýatlaýardy. Gara Garaýewiçiň göwnüni tapsa, ol ertesi gelni üýtgeşik sowgatlar bilen begendirýärdi. Onuň bilen bolanda, Patma ertir bir gowulygyň boljagyny duýýardy, onsoň onuň duýgularam begenjine görä hyruçlanýardy. Onuň gujagynda bolanda ony söýýärdi, ereýärdi, ýaşaýardy. Emma Gurbangulyny görme, onuň gujagyna girme däl, ony ýatlanda, göz öňüne getirende ähli duýgusy doňup, adamsyna bolan ýigrenje öwrülýärdi. Adamsyndan güzeranyň ysy gelýärdi. Onuň ýüzünden azabyň eýmenç didary jyklap durdy. Patmanyň dünýäde ätiýaç edýän ýekeje adamsy bardy. Olam Anýady. Anýa nämüçindir Patmany halamaýardy. Patma ony aňýardy. Ol Anýany ýatlanda, bu aýalyň öz üstüne gyryp, saçyndan çekip, ýüzüni dyrnaçaklaberjek ýaly bir duýgyny başyndan geçirýärdi. Bir sapar, Patmanyň on ýedi ýaşy dolanda, onuň doglan gününi belläpdiler. Şonda olaryň maşgala bolup gatnaşýan adamlary çagyrylypdy. Sowgat bary üýşüpdi. Bu çakylyga ýaňyrak işinden garalanyp aýrylan bir ministriň aýaly hem gelipdi. Anýa şol aýal bilen salamlaşjak bolupdyr. Emma äri işden kowulan aýal Anýa dodagyny çöwrüp, geçip gidipdir. Şowhun birneme gyzyşyberensoň, şampan şerýabynyň ýylysy ýöräp başlansoň, Anýa ýerinden turup, salamyny alman geçen aýaly ýanyna çagyrypdyr. – Ol, ýurdy ekläp ýören kemçiniň ýanyna it barsyn! – diýip, hälki aýalam soňky jogabyny aýdypdyr. Ine, şonda bolan wakany ýatlanda Patmanyň injikleri henizem saňňyldaberýärdi. Anýa ol aýalyň arkasyndan baryp, ilki bilen-ä eliniň tersi bilen ýaňagyna, ýüzüne ýelmäpdi, soňam hanjar ýaly dyrnaklary bilen ol bendäniň ýüzüni pers-ala edipdi. Erkekler ýetişip, ol aýaly Anýanyň elinden zordan alypdylar. Bu wakany Patma boýdan-başa görüpdi. Henize çenlem şol wakany aňynyň bir ýerinde gorky tümmejigi edip, gömüp goýupdy. Ol Gara Garaýewiçiň, hatda ejesiniň hem Anýadan çekinýändigini bilýärdi. Şonuň üçin Gara Garaýewiç bilen öz söýgüsiniň pynhan bolanyny isleýärdi. – A gyz, sen şu gije sagat ona çenli ejeňlere bar, Gurbanguly bilen bir gürrüňim bar. Ýaşuly haýyş etdi – diýip jaň etse, Patma üçin aýdylany kanundy. «Ol nämäniň gürrüňi?», «Ol nämäniň gepi?» diýip soramak-ha beýlede dursun, jyňkyny çykarmaga-da, «bolýar» diýmäge-de gaýraty çatmaýardy. Dogrusy, Anýa Gurbanguly bilen ile sygmaýan bir iş edýändir diýen pikir-ä onuň kellesine-de gelmeýärdi. Anýanyň öýe jaň edip, Gara Garaýewiç bilen gel diýmegi Patmanyň başyna dünýäni düňderip, ýüregine bir gysym gor guýupdy. Anýa Patmany Gara Garaýewiçiň «Wolgasynda» şäherde birki gaýta görüpdi. «Anýa eýýäm aýdandyrlar!» diýip, Patma gorkuly oýlandy. «Näme diýsemkäm? Iş gözledik diýerin. Işe girmesem oňşuk kyn diýerin. Soňam, köýnegimi tikdirmäge barýarkam, tötänden gabat geldi diýerin...» Ol aljyrady. Ýagdaýy Gara Garaýewiçe duýdurdy. Onuňam ýüzüni sary saman seçilene dönderdi. – Ostorožna bolmadyk-da. Bir bahana taparyn sen bolsa sesiňi çykarmagyn... Anýa olary diýseň hoşamaý garşylady. – Garaýewiç, Patma janyň ýüregini gysdyrmaweri – diýibem goýberdi. Nahar wagtynda olaryň gürrüňi garaşmadyk ugrundan gopdy. – Jan doganlar, ol meýid-ä bizi içerimiz bilen masgara edip ýör! Her gün bir gepi gelýär. Hiç kime aýtmasaň welin... – Ol ýalandan gülen boldy. – Içiň ýansa, hakyt güler eken adam. «Men Patmany halamok, Anýany söýýän!» diýýärmişin-dä. Men ony nähili etdim?!. Bagrymdan önenden kem etmedim. Elýetmez öýüň eletmez maşgalasyny gujagyna saldym. Nähili işe ýerleşdirdim! Indem, gören ýerinde: «Anýa pylan, Patma pylan!» diýip, gepimizi edip ýörmüşin. Az-owlak iýlip-içilenden soň, ol öz matlabyny aýtdy. – Patma jan, men seniň bagtyňa badak salyp biljek däl! Gara Garaýewiç hem onuň sözüniň üstüni ýetirdi. – Wah, Aniçka, «Ýetim owlak saklasaň agzyň-burnuň ýag eder, ýetim oglan saklasaň, agzyň-burnuň gan eder» diýipdirler-ä. Sen özüňi aýdýaň, meniň üstüme sürnüşini bir görsediň, edil bir kasty bar ýaly. Men-ä: «Ýuwaş-ow, men seniň diýýän adamyň däldi- rin...» diýip zordan köşeşdirdim Bu görgül-ä onam diýip bilenok. Men muňa-da azar berýänini aňýan-la. – Ana, ana, men şol boldum. Şol ýerçekeniň uwlanyny görmesem, bagrym köýer, bagyrjygym kö-ýe-er!.. Bu gürrüňlerden Gurbangulynyn habary ýokdy. * * * Gara Garaýewiç Anýanyň bu gürrüňinden soň, Patmany öz ýanyna geçirdi. Anýanyň sözünden: «Siz näme isleseňiz ediberiň, meniň arymy alyp berseňiz bolýar. Siziň towugyňyza tok diýen bolmaz!» diýen many ogurlady. Ol indi arkaýyndy. Şonuň üçin ogullaryny howlusyna eltip, özi ýene-de Patmanyň ýaşaýan jaýyna geldi. ...Bu gün ol diýseň arkaýyndy. – Nobatçy! – diýip, Patma ony arkaýyn etdi. Gije sagat ikiden bärde gelmeýär... Olar bileje nahar iýdiler. Soň diwana geçip, göwünleri näme küýseýän bolsa, şonam etdiler. – Maňa sensiz durmuş ýok – diýip, Patma içki eşiklerini geýip durka gara çyny bilen aýtdy. Gara Garaýewiç bolsa erkek ýolbars güneşlän ýaly, güberilip, eşiklerinem geýmän, diwanda ullakan polotensany ýapynyp, çäşerilip ýatyrdy. Onuň üçin Patmanyň kümüşiň sesi ýaly ýakymly sesine gark bolup ýatmakdan uly lezzet ýokdy. Eýýäm elliden geçendigine garamazdan, keýik owlagy ýalyjak gelniň näz-kereşmelerine juwanlyk höwesi bilen berilýärdi. Işinde-de, öýünde-de, ýedi çaganyň enesiniň ýüzüne garap oturyp bilenokdy. Aýaly-da adamsynyň ir gidip, giç gelmesine, birküç günläp köwlenmezligine öwrenişerçe bolupdy. Illeriň aýaly adamsy sähel işden gijiräk gelse, oda-köze düşüp, Hudaýy çagyryp, «Näme bolduka, sag-aman gelewersin» diýse, Gara Garaýewiç sähel irräk baraýsa aýaly: «Jan Allam, soňy haýyr bolawersin-dä, eýgilikmikä?» diýip eleniberýärdi. Gara Garaýewiç içersini zada zar edenokdy. Uly ogly, ortanjy ogly maşynlydy. Olaryň öýüni hasap etmäniňde-de, şäheriň her çetinde syrçaly jam ýaly dört-bäş otagly kwartirasy bardy. Eli uzadan ýerine ýetýärdi. Şonuň üçin ol ärini boýunturyklap, gelen-giden ýerini hasaba aljak bolup oturanokdy. Aýalynyň bu häsiýeti Gara Garaýewiçe hoş ýakýardy. Patma duşaly bäri bolsa, ol ýany öýlenen oglana dönüpdi. Ýapon magnitofonly, içi täzeje, hiç kimiňkä meňzemeýän ponbarht daşly oturgyçly maşynynyň içinden hemişe gülüň ysy gelýärdi. Ol Patma bilen bir ýere çykjak bolanda maşynynyň oturgyçlaryna pereň anbaryny gysganman sepýärdi. Ýap-ýanam Anýalara degip, soňam Patma bilen şäheriň daşyna gezim edip gaýdany üçin üst-başyndan üýtgeşik anbaryň ysy kükäp durdy. Bu ys, bu tutum ona diýseň hoş ýakýardy. Onuň bolup ýatyşy Patmany däli-mejnun edýärdi. – Işik kakylýarmy? – diýip, ol birden, böwrüne doňuz diňini salyp ugrady. Soňam, aljyraňňy halda otagyň içinde şol ýalaňaçlygyna iki baka alakjady. Soň baryp çyrany öçürdi. Içeri gözedürtme boldy. Ol eşiklerini çöpleşdirip ýörşüne, büdredi-de erbet ýykyldy. – Entek açma diýip, hyklap durşuna howsalaly aýtdy. – Ýakaýynmy? – Ýok, indi ýakma, men gitdim... Eýwanyň işigi ýene-de şakyrdady. – Patma, aç, bu men, Gurbanguly!.. Daşardaky güpürdi garanky içerde has hem gohly eşidilýärdi. – Aç diýilýär... Patma ýene-de birsalym garaşdy. Soň baryp daşky gapyny açdy. – Näm-aý, açaňok? – Ýatyryn, sagat näçe?.. Gurbanguly aýalynyň ýöne ýere özüni irikgä edip goýmagyny, ýanyp duran çyrany öçürişiniň bir çöpüniň bardygyna işigi kakyp durka-da düşünipdi. Şonuň üçinem ol içeri kürsäp girdi. Çyrany ýakdy. Onuň algyryňky ýaly ýiti gözleri diwanyň gapdalynda bulaşyp ýatan ullakan polotensa hem-de aýagujyrakda tersligine çöwrülip ýatan kirli, ýat maýka düşdi. – Bu näme? – Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup, aýagynyň ujy bilen ony dyzynyň deňine galdyrdy. – Bu näme? Aýalynyň bihaýa gözleri, utançsyz ýüzi, hemem nämedir bir zatlar diýip aldajak bolýan, onuň hem ugruny tapman gelşiksiz tirpildeýän dodaklary onuň bagryndan naýza bolup geçip» şu günki ähli gaharyny sil süren ýaly sürdi-de ganyny depesine garşy däli derýa edip çogdurdy. – Aýt diýýän, bu näme, haram ganjyk, jelep haramzada! – Ol kirli, tultuklanyp duran maýkany, misli bir ýigrenji zady göteren ýaly edip, aýalynyň depesinden saýgylap başlady. – Aýt diýýän! Aýt jelep! Patmanyň şerraý sesi ony öýe essinden aýyrdy. Ol agyr ýumruklaryny aýalynyň çem gelen ýerinden salyp başlady. Onuň bagrynda näçe wagtlap towlanyp-towlanyp, zähere dönen gahar-gazap birden böwsülip, onuň urdukça urasy, öýüni, ojagyny, halalja duzuny harama öwren, oýnaşyny öýüniň törüne getirip, onuň bilen oýunabazlyk edýän aýaly öldürip dynmak islegi möwç urdy. Ol urdukça goh, galmagal asmana çykdy. Oňa çenli nämedir bir agyr zat ony sermaňňaldak gaýtardy. Ol ýene-de çyra öçendir, büdräp bir agyr zada degendirin öýtdi. Özüni tijäp, emedekläp turdy. Gözüniň öni ýagtylyp başlady. Bu garankylykdan soň onuň gören ilkinji sudury Gara Garaýewiçiň bir gujak bolup titräp duran tumşugy hemem onuň ýekegapanyň ýüzi ýaly eýmenç gara ýumrugy boldy. Soňky ýumruk ona ýetmedi. Gurbanguly onuň çak edişi ýaly ýerinden galmady-da, emedekläp, ol adamyň satanynyň arasyna girdi. Soňam kellesi bilen bu pyýadanyň ýere ýeteýin diýip duran inegine süsdi. Äpet göwre süssenekläp gitdi. Gurbanguly hasyr-husur turdy-da, Gara Garaýewiçiň satanynyň arasyna depdi. Ol adamyň waýkyryp ýatanyny görübem, hälki maýkany köýneginiň içine goýberdi. Soň bolsa burlup ýatan pyýadanyň tumşugyny galdyrdy. – Haramzada, sen-ä etjegini etdiň, meniňem edişime seret, indi. Seniň bagryň tütär ýaly, men ýadyňa düşende öýüň yranar ýaly ederin! Ol şeý diýdi-de, ortada meýde dönüp ýatan pyýadanyň aýagyndan süýräp, koridora taşlady. Soň işigi ýapyp, sary sadylla bolup, titräp duran aýalynyň ýanyna geldi. – Men seniň ganyňy içerin. Haram ganjyk! – Ol ylgap baryp, magnitofonyň ses ýazýan düwmelerini basyşdyrdy. – Hany, aýt, sen şol haramzada bilen bolduňmy?! Patma sesini çykarmady. Gurbanguly guduz açan gözlerini onuň içinden parran geçirip, aýaly magnitofonyň golaýyna itip goýberdi. – Jogap ber, bolduňmy? Bolduňmy, şonuň bilen?!. – Hawa! – Azar berdimi? – Ýok! – Özüň guýruk buladyňmy, jelep? Patma sesini çykarmady. Gurbanguly jynssyz gygyrdy. – Aýt! Aýt diýýän, men sa-aa... – Hawa! – Patma birden özüni tutdy. – Onuň günäsi ýok. Men özüm! Men, men, hawa! Öldür, öldür! Ýöne seniň bilen ýaşajak däl! Men seniň bilen ýaşap biljek däl! Gurbanguly baryp magnitofony öçürdi-de, kassetany sogrup alyp jübüsine saldy. – Güm bol şu öýden! – Patma sömaýak duran ýerin-de işige bakan okduryldy. Gurbanguly birsalymdan soň öz essine geldi. Çyrany öçürdi-de, burça gyssyrylyp oturdy. – Nätmeli? – Onuň aňyna gelen şu keçje sowal boldy. Özem şol sowal onuň depesinden gamçy bolup saýgylaýardy. – Nätmeli? Ol özüniň gazaply girdaba düşendigini duýup galdy. Onuň ne ýapyşalgasy, ne-de gaçyp gidere ýeri, ne-de bir arzyny diýere, hemaýat hantama bolara arkasy bardy. Iň bärkisi, syr alyp, syr berişýän dostam ýokdy. «Işdäki işdäki diýsem, öýdäki näme diýsen-e? Eý, Hudaý, sen meni şeýle bidöwlet ýaratdyňmykan? Ýa men şeýle bagtygara namartmykam? Bu aýala näme gerek? Onuň nämesi ýetenok? Bir aýda iki köwüş, iki köýnek alyp berýän. Men bolsam, student döwrümdäki eşiklerim bilen gezip ýörün. Azajyk kanagatly bolanda näme bolýarmyşyn? Bu haramzadanyň haramdan ýygnan odur-buduryna agzynyň suwuny akdyryp... Tfu-uw! Bary gutardy... Bir ýyllap çeken jepam biderek boldy Bir ýyllap ýykmajak bolup, halal saklajak bolup yhlaslar eden ojagym weýran boldy... Ol silkinip-silkinip aglady. Soňam alasarmyk, agyryly yza bilen azy dişiniň goparylandaky ýaly ýowuz ýüregine sanjyp düýtmeläp barýan duýgynyň girdabyna gapgarylanyny duýman galdy. – Me şu täzeje eti öýüňe alyp git! – diýip, gündizki bolan goh-galmagaldan habarsyz, ýüzi-gözi röwşen atyp duran Anýa jylka, heniz gany-da damyp duran eti onuň eline berip goýberdi. – Baryp nahar bişirip iýersiňiz. Patma-da garaşyp oturandyr. – Munyň gany sarkyp dur-a, bir gap bersen-e. – Gazete dolaý. – Ol ýorgalap, «Sowetleriň sesini» alyp gelýär. Gurbanguly eti gazete dolap durka: «Ine, şu nomerde meniň makalam bar. Ady: «Gadyrlynyň gadryky bilmeli!» diýip, begençli aýtdy. Soňam gan ýoky degen gazetiň sahypalaryna garap, haýran galdy. – Ýaňam diridi welin, redaktorymyz öläýipdir. Ine. gynanç çykypdyr. Haçan öldükä. bende? – Ol baş redaktoryň daşy gara çyzyk bilen jezwerlenen suratyny, onuň aşagyna ýazylan gara haty okajak boldy. Emma etiň gany gazeti eýýäm zaýalapdyr. Şonda-da ol eti gazete dolaýar. Özem: «Be, men muny nädip öýe alyp giderkäm? Gany damyp dur-a» diýip oýlanyp durşuna, ne goýup bilýärdi, ne-de göterip. Awtobusa münesoiňam adamlar oňa seredip, bir zatlar pyşyrdaşýardylar. Ol bolsa utanjyndan ýaňa ýere girip bilenokdy. Gurbangudy öýüne gelende işigi Gara Garaýewiç açýar. Ol şeýle owadan, şeýle şadyýan. Özem, edil, agşamky gürrüňler bolmadyk ýaly, şahandaz. – Eý-hoý. Gurban jan, inim, eliňdäki etmi? Et, özem tazeje, gany damyp duran et-le. – Ol şeýle üýtgeşik ýalbardy. – Jan gardaşym, şu gün Çary janyň doglan güni. Tutuş Aşgabady elek etdim, ýöne hiç ýerdenem ganlyja et tapmadym. Maňa bersen-e, hä! Başyňa döneýin, ýerine näme dilesek bereýin. Gurbanguly munça ýoldan getiren azabyna gynansa-da, syr bildirmedi. «Aý, jähenneme gitsin-le, munça ýoldan ganyny sarkdyryp gelenim azmy, bir gün et iýmän ekenik-dä» diýip oýlandy-da, eti oňa berdi. «Biz garyp bolsagam baýlaryň dilegini bitirýändiris» diýen görnüşde ýylgyrdy. Gara Garaýewiçiň begenäýşini diýsene. – Eý, muna sered-eý!.. – Muňa Gurbangulynyň özem haýran galdy. – Etden şapyrdap gan akýardy. – Görseň-eý, muny! – Ol başam barmagyny görkezdi. – Wo-o! Gurbanguly eliniň ganyny ýuwmak üçin krana tarap ugrady. Birdenem gözüni açdy. Ellerine garady. Ne et bardy, ne-de gan. Ol özüniň düýnküje ähli derdi, hasraty bilen öýüň burçunda eşiklerinem çykarman, çugutdyryp ýatyp galandygyna düşündi. Düýnki ýagdaýlar ýene-de ynja öwrülip, bagryny gurçuk bolup iýip başlady. – Näme etmeli? Redaktoryň ýanyna baryp ötünç soramalymy? «Men ýetim, meniň arkam, barara gapym ýok. Işden bir kowmaň, eger işden kowsaňyz, özüme kast edäýmesem, başga alajym ýok...» diýmelimi? Maşgalamam şeýle-şeýle diýip, bolan ýagdaýlary aýtmalymy? Maňa indi ynanarlarmyka?! Ol salyny sile aldyryp, iki jahan owarrasy bolup oturdy-oturdy-da, ýuwunman zat etmän işe ugrady. 18. Redaksiýanyň kollektiwiniň profsoýuz ýygnagy sagat onda başlandy. Oňa Merkezi Komitetden kelteräk boýly, ýüzi eliň aýasy ýalyjak bolup duran, bir göräýeniňde agzy gemmik, ýöne ýüzüne şeýle gelşip duran ýaş ýigit gatnaşýardy. Profsoýuzlaryň respublikan Sowetinden saçy edil depbe ýaly edilip başyna juda owadan düýrlenen zenan gelipdi. Redaktor misli surata düşjek bolýan ýaly, iňňeden çykma kostýum, täzeje galstuk dakynypdy. Köýnegi welin şol önküdi. Ol öz kreslosynda gelenlere başyny atyp, salykatly otyrdy. Merkezi Komitetiň wekili bilen Sowetden gelen aýal bolsa, başlarynagaý bolup nämäniňdir bir zadyň gürrüňini edýärdiler. – Gelişdilermi?! – Geldiler! – diýip, profsoýuz komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Kakaly Lollyýew dabara bilen yglan etdi. Profsoýuz komitetiniň başlygy hat-habarlar bölüminiň müdiridi. Bölüm müdirleriniň birnäçesi häzir Daşkentde ýokary partiýa mekdebinde bir aýlyk kurs geçýärdiler. – Hany, Kakaly, geç ýeriňe! – diýip, redaktor ornuny oňa berdi. – Oturybersen-e! – Ýok, ýok. Ýygnagy özüň alyp bar. Sen başlyk ahyryn. Kakaly redaktoryň ýerine geçdi-de, aljyraňňylyk bilen boýurganyp töweregine garady. Soňam elindäki ýazgysyny okap başlady. – Ýoldaşlar, şu günki profsoýuz ýygnagynyň gün tertibinde iki mesele durýar. Birinjisi, respublikanyň hojalyklarynyň gyşa taýýarlygynyň gazetde, beýan edilişi, ikinji mesele, redaksiýanyň kollektiwiniň içerki tertip-düzgüni barada... Ol başyny galdyran badyna äýnegini eline aldy. – Goşjak, aýyrjak meseläňiz barmy? – Prezidium saýlamaly. – Myhmanlar bilen tanyş etmeli. Lollyýew aljyrady. – Wiý, içigara, men başlaberipdirin-ow. – Ýok, dogry alyp barýaň. Gidiber, gül ýaly... Oturanlaryň köpüsi hezil edip gülüşdi. Olaryn hersi Lollyýewe bir gep atýardy. Ýeriň giňi bolsa, hezil edip, gülşüp oturmalydy. Emma Gurbangulynyň daşy rahat görünse-de, içinden ýalyn öwüsýärdi. Ol häzir öz üstünden döküljek şumlugyň agramyny ölçärden ejizdi. Onuň üstesine-de agşamky waka, köýneginiň içindäki eplenip ýatan kirli maýka, sähel gymyldasa jübüsinden şakyrdap duran kasseta onuň derdiniň üstüne dert goşýardy. Köne ýarasynyň ýüzüni dyrnaçaklap, oňa duz bolup basylýardy. Häzir onuň ýadyna gülki düşer ýaly däldi. Ilkinji sözi redaktoryň orunbasary aldy. Ol bir gujak kagyzy bir ujundan agdaryp başlady. Gurbanguly welin onuň näme diýýänini eşidenokdy. Ol el galdyrmaly bolsa-da il ugrunady, ýylgyrmaly bolsa hem il ugrunady. Birden onuň ýadyna agşamky düýşündäki ganly et düşdi. «Gan gazanç bolmaly. Et nämekä? Ýa başyma mundanam beter bir bela süýşüp gelýärmikä?..» – Düýşüňde çig et näme bolýar-aý? – diýip, ol gapdalyndaky oturanlardan sorady. – Bilemok, diňle. Gaty erbet zat bolmaly öz-ä. Diňle, redaktor seredip dur... Gurbanguly uludan demini aldy. Ol her gezek dem alanda, ody ölçerilen ýaly bolýardy. Onsoň, şol uludan demini alyp otyrdy. Bölüm müdirleri gezekli-gezegine ýerinden turup, «Ony ederis, muny ederis» diýip umumy wadany sahylyk bilen paýlap dur. «Söze bitýän bolsa, ýazylyp, tassyklanylýan planlara bitýän bolsa, şu gazet «Prawda» gazetinden hem ýokary bolmaly» diýip, Gurbanguly gaharly oýlandy. – Azrak gürleseňizläň, jan doganlar! – diýip, senagat bölüminiň müdiri oturan ýerinden gygyrdy. – Entek ikinji mesele-de agzy-burny bilen dur-a. Gurbangulynyň başlygynyň ýüzi Merkezi Komitetden gelen adamyň eňşäp duran ýüzüne düşdi. Wekil nämedir bir zatdan nadyl ýaly bolup otyrdy. – Ýoldaşlar, hany, ýygnagy jygyldyk bazaryna döndermäliň-le... – Ýuwaş, myhman bar how – diýip, kimdir birem içýakgyç gürledi. Gurbanguly ýere garap, diňlän bolup oturyşyna, ikinji meseläniň çaltrak gelerini, bu apa-sapalygyň çaltrak sowlaryny dileýärdi. «Belki, maňa hiç zat diýmezler! Özüm ýersiz ýere howsala düşýän bolaýmaýyn?» Birinji mesele sag-aman sowuldy. – Indiki mesele boýunça gazetiň redaktoryna söz berilýär... Gurbanguly redaktoryň ýüzüne garap bilmedi. Asyl şol adamyň oturan tarapy, durşuna şonuň ýüzi bolup, Gurbangula garap, ol nirä garasa-da şol ýüz ony tutup duran ýalydy. Redaktor, edil, yzyndan ýagy gelýän ýaly gürläp ugrady. – Gaty görmäň, kollektiw gowy, kollektiw agzybir, kollektiw tertipli diýe-diýe, adamlary depämize çykardyk. Indi käbir adam, edil çüwdämize urup başlady. Bir adam-haw, bir adam beýleki adam bilen sögüşibem, ondan ötünç sorabam biler. Emma gazeti öz gara niýetiň üçin, käbir betniýetli toparyň betniýetli, azgyn pygly üçin ulanmak, ol leninçilik syýasata gara ýöňkemekdir. Gynansagam, hawa, gynansaň hem şeýle faktar bar. Ýoldaşlar, biziň gazetimiz ýüz müň ekzemplýar tiraž bilen çykýar. Ýüz müň! Statistikanyň maglumatlaryna görä, her gazeti üç adam okaýar. Şeýle bolsa biziň gazetimizi üç müň adam okaýar, toýst, üç ýüz müň adam okaýar. Bir parazitiň informasiýasyny üç ýüz müň adam okap, ýüregini bulaýar. Indi daşary ýurt barada! Biziň gazetimiziň üç ekzemplýary daşary ýurda gidýär. Ony ýörite institutlar yzarlap «Şunda Sowet Soýuzyna bir gara çyrşalmaýarmyka?» diýip okaýar. Biz näme edýäris?! Urýarys patarrakyny. Bir-biregiň ýüzüne çalýarys garany. Ine, biziň bitirýän işimiz Ine, biziň kollektiwimiziň bitirýän işi. Redaktor esasy meselä geçmezden öň kollektiwi esasy matlabyna taýýarlaýardy. – Indi, ýoldaşlar, esasy meselä geçeýin. Ine, ýakynda biziň gazetimizde... Gurbangulynyň gulaklary gapyldy. Ol indi hiç zat eşidenokdy. Onuň gözleri agyzlaryny lakga balygyň agzy ýaly açyp, redaktoryň sözlerine başlaryny ýaýkap oturan adamlary görýärdi. – Ynanyň, heý, adam ogly şeýle gabahat iş edip bilermi? «O nähili işkä?» diýip, Gurbanguly gaharly oýlandy. «Men ilden çykar ýaly näme gözçykgynç iş edipdirin?» «Baryp, sizde şeýle kemçilikler bar» diýip, sowhozyň direktoryna ýumruk çenemändirin, ýa biriniň maşgalasyna kast etmändirin. Adam öldürmegem il içinde ýok zat däl-ä.» – Respublikamyzyň mertebesi, namysy, ary, hojalykçylygyň ýüzi bolup duran adamlara, plany iki ýüz... – Iki ýüz otuz!.. – diýip, gapdaldan biri gygyrdy. – Hawa, iki ýüz otuz prosent dolduran adamlary tankyt etmek, bu ýoldaşlar, partiýanyň, döwletiň hem syýasatyny opurmakdyr. Olar yssa, jöwza döz gelip, azap edip, plany dolduryp, bizem bu salkyn jaýlarda oturan ýerimizden olary tankyt etsek, munuň özi partiýany halka garşy goýmakdyr. Sebäbi halk gazete partiýanyň sözi diýip düşünýär, ýoldaşlar... «Eý, Hudaý-eý, meni bir, basymrak höküm çykaryp, atyp dynaýsadylar – diýip, indi ýüregi az-kem giňän Gurbanguly ýigrenç bilen oýlandy. Näme, dünýäniň ýeke-täk işi redaksiýamy? Ejem-kakam redaksiýada işläp gün görüpmi? Gider alty aýlyk şopurçylyk kursa girerin. Işlär ýörerin...» Dogrusy, bu pikir onuň küýüne birden kürsäp urdy. Ol uniwersitetde okap ýörkä şofýorçylyk etmäge hukuk alypdy. Emma şofýor bolup işlärin diýip oýlanan adam däldi. Ýöne bu ýyly owaz onuň kalbyny ýagtylandyryp gitdi. Hut häziriň özünde başyny-aýagyny alyp, bu ýerden gaçyp gidesi geldi. Redaktor sözüni jemläp başlady. – Diňe ol oglan däl, şol makalanyň gazetde çykyp, üç ýüz müň okyja ýaýramagyna tutuş kollektiw günäkär. Şonuň üçinem, şu gün kollektiw şu erbet, juda erbet, aýdyp bolmajak derejede erbet işden berk netije çykarar, şeýle hem bu hili ýagdaýlaryň soňuna çykar diýip, men Merkezi Komiteti ynandyrýaryn. Redaktordan soň oba hojalyk bölüminiň müdiri çykyş etdi. – Walla, çörek kessin, habarym ýok. Redaktor aýdandan soň bilip galdym. Men, men Moskwanyň partiýa, onda-da ýokary partiýa mekdebini gutaran, gaty köp ýere işe çagyrylan bolsamam gitmän, şu ýerde, eziz redaksiýamda galan adam, beýle bisowatlyga ýol berip bilmerin. Men partiýany, onuň ideologiýasyny şirin janym bilen deň görýärin. Ýöne, indikile beýle zat etmäliň. Adam bir kilo pagta ýygmak üçin on üç mün sany çaňňalagyň pagtasyny almaly. Pikir ediň, özümiz-ä şony edip biljek däl. – Ol sowhozda pagta maşyn bilen ýygylýar-a! – Nu çto, nu çto, bagyşlaň, men, men oba hojalygy bolüminiň müdiri bolup şony bilemokmy? Men, rusça aborot berýän welin, özüm türkmençäniň rusça bilen garyşdyrylmagyna woobşe garşy. Ana, ýene bolmady... Bagyşlaň, men indi bes etdim... – Gysgaldyň-how! – Men-ä beý diýseňiz, geplejegem däl, dogruda walla! – Sag bol-a! Senagat bölüminiň müdiriniňki hasam gysga söz boldy. – Men näme diýeýin, dogan jan, senagat bolsa başga gürrüň. – Ol burnuny çekdi. –Ýöne, hawa-da, nemä gerek. – Ol eli bilen howada goşmak ýasady. – Şeýdip, çyzyp goýbermek. Gylyçlaşmanam ýaşamal-a. Nämä gerek?!. Redaktor bölüm müdiriniň näme diýjek bolýanyna düşünmedi. – Senagat bölümi şu makalany goldaýarmy, goldamaýarmy? Bölüm müdiri ýerinden turdy. – Men, dogan jan, näme diýeýin?! Goldanok diýäýmesem... – Ana, bize şol gerek! Beýleki bölümleriň müdirleri makalanyň eheňini kötekläbildiler. – Gazetde tankyt bermeli. Gazet bolsa tankyt bermän oňulmaz, ýöne düşüniň maňa, ýoldaşlar, geliň beýle etmäliň. Adamlaryň azabyny ýere çalmalyň. Meniň bir garyndaşym «Iskrada» ýaşaýar. Agşam öýe geldi. Ýagdaý gaty erbet. Eger biz belli çäre görmesek, olar topar tutup MK-a geljek bolýarlar. Olar biziň aýgytly netijämize garaşýarlar, ýoldaşlar. Men-ä, kak, jogapkär sekretar hökmünde makalanyň awtoryna iň soňky çäräniň görülmeginiň tarapdary. – Wo-ot! – Redaktor ýerinden turdy. – Adamlaryň tolgunmasy hakynda menem aýdaýyn. Maňa, gazetiň baş redaktoryna müň ýerden jaň geldi. Adamlar gaty gaharly. Aýdyberiň!.. Aýýa Soltanowna ýerinden turdy. – Siz-ä erkekler, muny oňaraýdyňyz. Hany, erkek bolsaňyzlaň, tutuş redaksiýa bolup ýumruk ýalyjak oglanjygyň üstüne ýumruk çeneşip durmasaňyzlaň. Makala erbet makala däl ahyryn. Iň esasysam, bu ýyl gaty görseler, indiki ýyla sapak edinerler. Beýtmäliň, ýaş oglan, düşüner. Men-ä oňa iň soňky çäre görülmegine düýpden garşy... Redaktor başlyklyk edijä: «Hany, sese goý» diýen manyda gözüni ümledi. – Ýoldaşlar, profsoýuz ýygnagynda iki teklip boldy. Kim makalanyň awtoryna iň soňky çäräni, ýagny, işden çykarmak çäresini görmeli diýse... – Han-ow, Gurbangulynyň özüne bir söz bereliň-dä... – Iň soňky sözüni... Başlyk oturanlary köşeşdirmek üçin bir topar sözüň başyna ýetdi. – Myhman bar-ow diýip, ol halys bolmansoň, iň soňky delilini diline aldy. – Günäkär, söz seniňki diýibem goýberdi. Gurbanguly howlukman ýerinden turup, orta geçdi. – Men näme diýeýin, adamlar. – Ol ýuwdundy. – Siz maňa düşünmediňiz. «Tankyt etmeli, biziň sosialistik jemgyýetimize ýat bolan ýagdaýlary berk tankyt etmeli!», «Leninçilik ideologiýany berk berjaý etmeli!» diýseňiz, menem siz çyn ýürekden aýdýansyňyz diýip, janym bilen ynanypdyryn. Men siziň diliňizde bir zat, ýüregiňizde bir zadyň bardygyny näbileýin. Ýöne, ýoldaşlar, men Watana-da, partiýa-da, halka-da, Merkezi Komitete-de hyýanat etjek bolan däldirin. Gaýta men şolara arka diräp. «Arkamda şolar bar, şonuň üçin islendik býurokrat bilen ýaka tutuşyp, rüstem gelerin» diýip tankyt etdim. Men tankyt etdim. Öz graždanlyk borjumy ýerine ýetirdim. Indi söz sizden. Gaýratyňyzy bir göreli! Näme, partiýanyň Merkezi Komiteti býurokratiýany, gözboýagçylygy, halky närazy edýän ýagdaýlary tankyt etme diýýärmi? Açyň, islendik Plenumyň kararyny: «Berk, adalatly tankyt ediň!» diýmeýärmi? Men partiýanyň sözüne ynanyp tankyt etdim. Olam meni oda ataryp, soňam gorap bilmeýän bolsa, sag bolsun. Ýöne, käbir kommunistler ýaly, dilimde bir zat diýip, ýüregimde bolsa başga bir zat diýip ýaşap biljek däl. Men beýle kollektiw bilen işleşibem biljek däl. Eger, meni söweşe iberip, gelenimden soňam gorap bilmejek bolsa, ol komandiriň hem ýüzüne köz degsin. Gurbanguly ýerine geçip oturdy. Başlyklyk ediji oturyp bilmedi. – Bu nähili bolýar-aý, ol gaýta, biziň özümizi günäkärleýär-le. Ýo-ok, han ogul, partiýa iki ýüz prosent dolduran hojalygy tankyt et diýenok. Sana bizem diýen däldiris. Onsoňam, biziň komandirimiz seni iberenok... Sen öz günäňi partiýa bilen redaktorymyzyň üstüne atjak bolma. – Menem birki agyz aýdaýyn! – diýip, Merkezi Komitetden gelen wekil şeýle gysga görünýän elini göterdi. Ol söz berlerine-de garaşman ýerinden turdy. – Men size bu oglany işden çykaryň, çykarmaň diýip biljek däl. Makala gowam, erbedem diýjek däl. Ýöne bir zady aýdaýyn. Şol makalany ýaşulylar halamandyr. «Nämä gerek?!» diýip, birinjiniň özi aýdypdyr. Onsoň ýene bir zady diýeýin, men Lenini gaty köp okaýan. Şonuň aýdýan bir gowy sözi bar. «Kesekiniň zähmetini sylamaly!» Meniň bu ýerde sitatatany nädogry getirýän bolmagymam mümkin, ýöne manysy şol. Kesekiniň, onda-da meýdanda zähmet çekýän kesekiniň, näme, men «keseki» diýsem ters düşünip, kesä çekip oturmaň, birki sany oglan ýylgyrýar-daraý, şokuň üçin diýýän, öz kesekimiziň zähmetini sylamaly. Biz siziň gazetiňizi gowy görýärýis. Öz stili, her kime hoşamaý söz aýtmak däbi bar. Men-ä birhili, resko tankyda geň galdym. Siz onuň ýaly zady bereňzog-a. Ýaşulularam şony geň görüpdirler... Ol sözüni gutaransoň, Sowetden gelen aýal söz aldy. – Tak, men bu ýigidiň semennoý žizini barada, näme diýseň, ol maşkalasynda gyk-bagy köp edýär. Gowusy, men rusça aýdaýaýyn... Ol aýal Gurbangulynyň iň gorkýan zadynyň üstünden bardy. Häzir maşgala barada söz açmak, Gurbangulyny gurruk guýa taşlamakdy. Ol aýal bolsa häzir sesini iň ýokary perdä basyp, «mi» notasy bilen şol mesele barada gürrüň berýärdi. Beýlekiler beýle owadan aýalyň şeýle ýakymsyz sesiniň bolýandygyna geň galyp, ýygnagyň boş gürrüňler bilen juda uzaga çekýändigi, nahara çykmaly wagtyň bir wagt bolandygy, her kimiň mün işiniň bardygy barada oýlanyp, bu gürrüňçiligiň özenini yzarlap bilmeseler-de, özüne degişli bolany üçin Gurbanguly gepi yzarlap, baryna düşünüp otyrdy. «Ol aýal bu maşgalany ýakyndan tanaýar. Gurbangul-a juda nejis, onuň aýaly bolsa perişde. Şol aýala Gurbanguly azar berýär, şonuň üçin oňa berk temmi bermeli...» – Wot-wot! – diýip, redaktor äýnegini galgatdy. Ine, biziň ýatdan çykaran uçastogymyz! Gurbanguly oturan ýerinden gygyrdy. – Ýaňky sözleriňi subut edersiň. Bolmasa men seni töhmetiň üçin suda berjek. – Ol ýygnagyň prezidiumyna ýüzlendi. – Aýdanlaryny protokola bellemegiňizi haýyş edýärin... Ol aýal oturan ýerinden jyzyrdady. – Ýesli nužno, obýazatelno naýdem. Ty kto takoý?.. Ýygnak belli-külli gowşady. «Ýygnak gutardym-aý?» diýip ýerinden turup, çykyp gitjek bolup duranlaram boldy. – Oturyň-how! Beý, özümiz-ä tertip hakynda ýygnak edýäris, ine-de, tertibimiz. Lollyýew äýnegini gözüne bir geýip, bir çykaryp gatyrgandy. Bir karara gelinmeli ahyryn, içigara galmyş! Ol ýene-de oturanlara haý-küş edip, teklipli meseläni orta atdy. – Onda iki teklip boldy. Birinjisi, birinjisi, makalanyň awtoryny işden çykarmaly. Ikinjisi, oňa käýinç berip, önki işinde goýmaly. – Ol oturanlaryň garma-gürme gürrüňe güýmenen bolup oturyşlaryndan ýeserlik biden peýdalandy. – Kim ikinji meselä razy bolsa, elini galdyrsyn! Hiç kim elini galdyrmady. Ol uly dabara bilen: – Kim beýlekä razy bolsa, elini götersin! – diýdi. Hemmeler elini göterdi. – Garşy, saklanan ýokmy? Biragyzdan... Muňa, dogrusy, Gurbangulynyň özem begendi. Ol ikinji mesele özüni işde galdyrmaly diýip el galdyrylandyr öýtdi. Kollektiwden razy boldy. – Onda, ýoldaşlar, makalanyň awtory işden çykarylýar... Adamlar serpmeden gaýdan ýaly boldy. – O nähili? – Nähilisi şol, soňky el galdyranyňyz şol mesele ahyryn. – Düşnüksiz-laýt! – Çaşynyň gözüne sereden ýaly boldy bu-ha! Başlyklyk ediji ýeň berer ýaly däldi. – Näme, ýygnak size oýunjakmy? El galdyrdyňyz, gutardy. Şunuň bilen, ýoldaşlar, redaksiýanyň profsoýuz ýygnagy gutardy. – Ýok, biz razy däl! – Täzeden sese goýmaly! Adamlar redaktoryň kabinetinden çykman, birsalym durdular, emma netije bolmajagyna gözeleri ýetenden soň, olar hem gozganjyrap başladylar. – Sagat ikiden işleýär, hany, ýerli-ýeriňize baryň! Adamlar kabineti boşatmak bilen boldular. * * * Gurbanguly şu ýygnakda, ondan soň hem bir zada düşünip galdy: adamlar kişi ykbalyna şeýle geleňsiz, biperwaý! Tankydy makala ýazany üçin ony işden çykaryp goýberdiler. Asyl, ol hiç kimiň perwaýyna hem däl. Bu adamda göwün-garyn bar-ow, bu adamyň ertirki güni nähili bolar-ow diýip pikir edýän ýok. Emma şeýle günüň özleriniň başyna-da düşmegi mümkin-ä. Eger özleriniň başyna şeýle gün düşse nätjekkäler?! Ol ýene bir zada düşündi. Onuň ykbalynyň, bagtynyň ýene-de bir işigi ýapyldy. Onuň umytlarynyň ýene-de bir ojagy gömüldi. «Heý, bir günde-de iki ojaga gömülme bolarmy, Hudaý?! Heý, beýle-de bidöwlet, bagtygara bolma bolarmy? Beýle bolar ýaly, meniň näme etmişim bar? Men saňa näme ýamanlyk etdim, Hudaýym?» Ol bu namartlygyň, adalatsyzlygyň öňünde kiçelip, boýun sunup barýandygyny duýdy. «Mert bolmaly, syrymy bildirmeli däl» diýip, özüne göwünligem berdi, emma bolanokdy. Iki sany yssy beren ojagyň gömüler-de, eňremezmiň! Diňe binamys, namart adam eňremez oňa... Ol häzir özüne hossar küýsedi. Derdini aýdyp, özüni aklap, tutunyp, silkinip-silkinip aglara aga küýsedi. Emma namartlan çagyň, başyňa iş düşen-de tutunar ýaly, hä diýeniňde aga tapdyryp durmy diý. Gurbanguly şol aljyraňňylygy bilen redaktoryň kabulhanasyna bardy. – Sagat üçden soň boljak, näme, birinji gezek bilmelimi onuň nahara gidýänini! – diýip, öňem profsoýuz ýygnagynyň nahara çykmaly wagtyny alanyna jany ýanyp duran sekretar aýal jabjynyp aýtdy. Gurbanguly ýene-de bir zat sorajak boldy. Emma ol aýalyň sesi hasam azmly çykdy. – Sluşaý, öň-ä seniň duraklygyňy ara alyp, giç çykyldy. Indem özüň çaý-çörek iýmäge berenok... Ol daş çykdy. «Näme etmeli?» Bu sowal onuň aşgazanyny leňňeç bolup gazap başlady. Şonuň üçin ol ýene-de az-kem onda-munda güýmenen bolup, profsoýuz komitetiniň başlygynyň ýanyna bardy. Adamlar küşt oýnap otyrdylar. Küşdüň bir gapdalynda Lollyýewiň bir özi ala-gykylyk edip otyrdy. – Mäň, ýene geliň! – Onuň pýýadasy perzilige dalaş edýärdi. Şonuň üçinem ol jany-teni bilen şony goraýardy. Beýleki tarapyň çöpi seýrekläp, güýji asgynlapdy. – Ýabyňy göç, ýabyňy! – diýip, kimdir biri kinaýa bilen «maslahat» berýärdi. – O diýeniň baýtaldyr, baýtal. Baýtallajak bolmaň. Hany, gelibilseň gel, ikini islemez ýaly edeýin... Beýleki tarapdan çykan ses hem ynamlydy. – Hany, dur-la, şoňa baýtalmy, atmy, görkezeýin-le... – Ä-m! – diýip, Lollyýew pyýadanyň çöpi bilen dişine tyrkyldatdy. Birdenem gözi Gurbangula düşdi. – He-he, bary gutardy, aldap aldyk, ýogsa sen eýgertjek däl... – Aldaýmarsyň, hany, göç. – Ýene bizi günäkärlejek bolýar-a, zaňňar. – Lollyýew bir zat barada, beýleki tarapda oturan bolsa, başga zat barada aýdýardy. – Günäkär diýde saklan, «lejegi» aýyr! Seniň günäkär kemiň ýokdur. Ine, indi boýun aldyň dälmi, günäkärdigini? – Günäkär bolup bolmaz! – Me, bolmasaň! – Häk! – At gelip, pyýadanyň girisine düşjek öýe gondy. – Görmändirin, Dur, dur! – Duruň bolmaz, şa! – Aý, bolmady. Nebir oýnum bardy, puja çykdy. Küşt oýny gutardy. Adamlar jübülerinden çilim gaplaryny çykaryşyp, koridora bakan çykyp başladylar. Gurbanguly häzir etmeli däldigine düşünse-de, alajy ýetmän Lollyýewi saklady. – Kakaly Lollyýewiç, indi meniň ýagdaýym nähili bolarka? Işden gidibermelimi? Siz näme diýýesiz? Lollyýew kükürdiň çöpi bilen dişleriniň arasyny synçgalap durşuna badyhowa gürledi. – Seňki, wsýo! Gidibermeli. Profsoýuz ýygnagy, kollektiw çözenden soň gep gutarýar. Wessalam. Ol Gurbangulynyň badyny gowşatmak üçinmi ýa-da özüni aklamak üçinmi, öwüt berip başlady. – Özüň dur-rak, özüň. Heý, beýdäýme bolarmy? «Güýçlüden gül ysy gelermiş» diýýärler-a. Güýçlä-de bir degip bolarmy? «Dek gezen dok gezer». Han-a, özüň ýaly oglanlar gezişip ýör-a. Gowaça bilenem, tankyt bilenem işi ýok... – Men indi haçan gitmeli? – Hot, şu gün! Gurbanguly aýgytly karara geldi. – Onda maňa on gün azar bermäň. Men Ýokary, «Prawda» gazetine, SSKP Merkezi Komitetine arz etjek... Lollyýew agzyndaky çöpi gabat gelen ýere taşlap goýberdi. Ýöne birneme peselip gepledi. – Ol oz işiň. – Onuň öňki badyhowalygy ýokdy. – Kime dadyňy ýetirjek, profsoýuz ýygnagy ýok diýensoň... Gurbanguly beýleki wagt beýle, bir batyr däldir welin, häzir onuň dili açylypdy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |