Всего материалов в каталоге: 4
Показано материалов: 1-4

BAHADYR ÝENIŞEHIRLIOGLY

Bahadyr Ýenişehirliogly, tanymal türk ýazyjysy, aktýor.

Bahadyr Ýenişehirliogly 1962-nji ýylda Türkiýäniñ Akhisar säherinde doguldy. Ol Izmir şäher munisipialetiniñ başlygy Ýenişehirli Ahmet efendiniñ agtygydyr.
Gelejekki ýazyjy liseýi tamamlandan soñ emperessionizmi içgin özleşdirmek üçin Pariže gitmekçi bolýar. Şonda ejesiniñ "kesik gulakly Wan Gog ýaly bolasyñ gelýärmi?" diýip igeneni üçin gitmegi goýbolsun edip, hukuk ugrundan bilim almagy niýetine düwüpdir.
Bahadyr Ýenişehirliogly 1985-nji ýylda Türkiýäniñ 9-njy sentýabr (Dokuz Eýlül üniversitesi) uniwersitetiniñ hukuk fakultetini tamamlandan soñ erkin aklawjy bolup işläp başlaýar. Şeýle-de bolsa ylma-bilme höwesek ýazyjy diñe aklawjylyk käri bilen çäklenmändir. Ýazyjy antropologiýa, sosiologiýa, dolandyryş hukugy, ýurisprudensiýa ýaly ylmy ugurlar boýunça barlaglar geçirmek maksady bilen Hytaý, Fransiýa, Ispaniýa, Şweýsariýa, Italiýa, Germaniýa, Awstriýa, Belgiýa, Angliýa, Gollandiýa, Bosniýa-Gersegowina, Çernogoriýa, Horwatiýa, Marokko, Tunis, Müsür, Eýran, Päkistan, Ysraýyl, Saud Arabystany, Iordaniýa, Siriýa, BAE, Bahreýn, Azerbaýjan ýaly ýurtlarda boldy.
Aklawjylyk kärini taşlap 2011-nji ýylda çeper döredijilige ymykly baş goşan ýazyjy soñky wagtlaryñ iñ köp okalýan ýazyjylarynyñ hataryna girmegi başardy. Döredijilik işiniñ daşyndan aktýorlyk bilenem meşgullanan ýazyjy häzir Paýtagt. Abdylhamyt teleserialynda Osmanly soltany Abdylhamyt II-niñ iñ wepaly dosty we baş kätibi Tahsin paşanyñ roluny janlandyrýar. Paýtagt. Abdylhamyt teleserialyndan öñem Ýedi ajaýyp adam (Yedi Güzel Adam) teleserialynda Ysmaýyl begiñ, Söýgi guşuñ ganatlarynyñ arasynda (Sevda Kuşun Kanadında) teleserialynda Hüsni sagatçynyñ, Direniş Karataý çeper kinofilminde Ratip Albaýyñ, Wejihi Hürkuş kinofilminde Alpdogan begiñ rollaryny oýnan ýazyjy aktýorlyk işinde hasam öñe gitjekdiginiñ yşaratyny berýär.
Ýazyjy döredijiligini özüniñ www.yenisehirloglu.com edebi saýtynda muşdaklary bilen paýlaşýar.
Birnäçe edebi baýragyñ laureaty Ýenişehirliogly maşgalaly we iki çagaly.
Мои статьи | Просмотров: 330 | Author: Bahadyr Ýenişehirli | Добавил: Hаwеrаn | Дата: 11.10.2019 | Комментарии (0)

AGAGELDI ALLANAZAROW

Agageldi Allanazarow, tanymal türkmen ýazyjysy, şahyr.

A.Allanazarow 1948-nji ýylda Tagtabazar etrabynyñ Marçak obasynda doguldy. Ol şol obadaky orta mekdebiñ 8-nji synpyny gutaryp, Mary şäherindäki 2-nji peduçilişede okuwyny dowam etdirýär. Ony tamamlap, bir ýyl Mary şäherindäki 6-njy orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işleýär.
1969-1971-nji ýyllar aralygynda ol Litwada desantçy goşun bölüminde gulluk edýär. Harby gullukdan soñ Moskwantñ A.M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutyna okuwa girýär we ony tamamlap, 1976-njy ýylda Aşgabada gelip, "Türkmenistan" neşirýatynda redaktor bolup, işe başlaýar.
1971-1983-nji ýyllar aralygynda Agageldi Allanazarow Türkmenistan Ýazyjylar birleşmesiniñ Çeper edebiýaty ýaýradyjy edarasynyñ başlygy bolup işleýär. Soñra 1988-1992-nji ýyllar aralygynda "Türkmenistan" neşirýatynda baş redaktor bolup işleýär. 1992-nji ýylda ol Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ ýanyndaky neşir işleri boýunça Komitetiñ başlygynyñ orunbasarlygyna bellenilýär. 1995-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli "Türkmenistan" neşirýatynyñ başlygy bolup işleýär. 2001-nji ýylda Türkmen döwlet kitap palatasynyñ başlyklygyna bellenilýär. Häzirki wagtda ol Türkmen döwlet neşirýat gullugynyñ neşir ulgamynda işleýär.
A.Allanazarow döredijilik işini mekdepde okaýan ýyllarynda başlaýar. 1964-nji ýylda onuñ "Ussanyñ jogaby" atly goşgusy we "Lageriñ sährasy" atly hekaýasy "Mydam taýýar" gazetiniñ şol bir sanynda çap edilýär. Maryda okan ýyllary onuñ goşgulary metbugat sahypalarynda ýygy-ýygydan peýda bolup ugraýar. Agageldini Moskwanyñ institutyna getiren hem onuñ şol eser ýazmak arzuwy bolýar.
Institutyñ soñky kursunda okap ýörkä Aşgabatda onuñ "Günüñ öýi", Moskwada "Çal, tüýdügim" atly çagalara niýetlän kitapçalary bir ýylda çap edilýär.
Häzir Agageldi Allanazarow "A" ýazýan", "At gaýraty", "Üç murtlak kapitan", "Ertekiler", "Şadyýan harplyk", "Şol bir gezek uçan it", "Çölüñ deñiz günleri" ýaly çagalara niýetlenip döredilen, şeýle hem "Ýedi däne", "Iner ýüki", "Çat açan menzil", "Söýgi pursatlary", "Ýoldan gelen hat", "Gyratyñ howalasy", "Kalvyma we alysa syýahat", "Ojak" ýaly türkmen dilinde neşir edilen 50-ä golaý kyssadyr goşgular kitaplarynyñ awtory. Onuñ eserleri dünýä halklarynyñ hem ençemesiniñ dilinde neşir edildi.
A.Allanazarowyñ "Ýedi däne", "Çat açan menzil" powestleriniñ esasynda iki sany çeper film döredildi. Onuñ "Tilkiniñ doglan güni" pýesasy teatrlaryñ ençemesinde goýuldy.
Мои статьи | Просмотров: 447 | Author: Agageldi Allanazarow | Добавил: Hаwеrаn | Дата: 04.07.2019 | Комментарии (2)

ANNATATAN NURGELDIÝEW

Annatagan Nurgeldiýew, belli türkmen ýazyjysy, şahyr, mirasgär, pedagog, jemgyýetçilik işgäri.

Annatagan Nurgeldiýew 1946-njy ýylyñ 23-nji noýabrynda Balkan welaýatynyñ Esenguly etrabynyñ Madaw obasynda dünýä indi. Ol 11 ýyllyk oba mekdebi tamamlandan soñ ýokary bilim aldy we oba mekdebinde türkmen dili we edebiýaty dersinden okatdy, soñra şol mekdepde direktor boldy.
Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soñky ýyllarda birnäçe ýyllap oba arçyny bolan Annatagan Nurgeldiýew soñra Balkan welaýatynyñ oba ilatyny agyz suwy bilen üpjün edýän edaranyñ başlygy bolup işledi.
Döredijilik dünýäsine baryp mekdep okuwçysyka başlan Annatagan Nurgeldiýewiñ "Wesýetli nazar" atly ilkinji goşgusy heniz 7-nji klasda okap ýörkä "Mydam taýýar" gazetinde çap boldy.
Dürli ýyllarda ululy-kiçili "Bäş käkilik", "Gaplañ çagasy", "Bedew takdyry", "Azat bilen atasy", "Gara biý", "Baýram han" ýaly kitaplary neşir edildi we ol kitaplaryñ hemmesi hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy, gowy baha berildi.
Annatagan Nurgeldiýew detektiw žanrynda-da eserleri döretdi. "Günäsiz günäkär", "Sygan", "Töwekgelçilik"... ýaly detektiw powestler onuñ galamyndan çykan şowly eserlerdir.
Ömrüniñ soñky ýyllaryna çenli öndümli işlän ýazyjynyñ "Balkan", "Watan", "Edebiýat we sungat", "Garagum" ýaly gazet-žurnallarda powestdir hekaýalary we taryhy şahsyýetlere bagyşlanan oçerkleri, halk döredijiliginden dürli žanrlaryndan toplan nusgalary yzygiderli çap edildi.
Döredijilik işini türkmen taryhy bilen baglanyşdyran watanperwer ýazyjy "Baýram han", "Aba serdar", "Çarhypelek" ýaly taryhy romanlary türkmen edebiýatyna miras goýup gitdi.
Annatagan Nurgeldiýew 2006-njy ýylyñ 23-nji dekabrynda aradan çykdy.
Мои статьи | Просмотров: 465 | Author: Annatagan Nurgeldiýew | Добавил: Hаwеrаn | Дата: 03.06.2019 | Комментарии (0)

FRANS KAFKA

Gelip çykyşy boýunça ýewreý bolan dünýä belli nemes ýazyjysy.
1883-nji ýylyñ 3-nji iýulynda eneden doglan Frans Kafka XX asyr dünýä edebiýatynyñ iñ görnükli wekilleriniñ biri hasaplanýar. Realistik däpleri fantastiki elementler bilen utgaşdyran ýazyjynyñ eserleri birgeñsi ýa-da sýurrealist çemeleşmeler we barlyşyksyz sosial-býurokratik güýçler bilen garşyma-garşy galan izolirlenen obrazlar bilen doly, bigäneleşme, günäkärlik we bolgusyzlyk temalary işlenýär.
"Die Verwandlung" ("Öwrülme" / "Превращение"), "Der Process" ("Proses) we "Das Schloss" ("Kilit" / "Замок") ýazyjynyñ iñ gowy eserleridir.
Ýazyjy 1924-nji ýylyñ 3-nji iýunynda kyrk ýaşynda inçekesel keselinden aradan çykdy.
Мои статьи | Просмотров: 349 | Author: Frans Kafka | Добавил: Injener | Дата: 03.06.2019 | Комментарии (0)