14:08 Ah, dünýe... | |
AH, DÜNÝE...
Goşgular
Ah, dünýe! Men seni nädip söýmäýin: Mähriňden ganmak ýok, Yşkyňdan doýmak. Ak gyşyň — pähimdar, Baharyň — şahyr, Aý-aýdyň gijäň — süýt, Säheriň — gaýmak. Ah, dünýe! Men seni niçik söýmäýin: Gözümde nur gögelekäm görenim, Näçe gezek kesesinden syn etdim, Kak suwuna inen süri jereniň! Ah, dünýe! Men seni niçik söýmäýin: Bu çuňňur çöketler, Bu belent daglar... Daňdan alty ganat öýüň içinde Ýagşyň sesin diňläp ýatylan çaglar! Ah, dünýe! Men seni nädip söýmäýin: Ak gar basan çöle çykarsyň awa... Bir-birini kesip geçer ýodalar, Ýer ýodaň aňyrsy obadyr oba! Tüňçäni dolduryp garyň suwundan, Owkalap-owkalap awuşan eli, Ojaryň oduna ýüzüňi çoýup, Guşdyrnak gök çaýyň içýänsiň weli — Durnaň gözi ýaly asmana garap, Duýmarsyň aýdyma hiňleneniňi. Ýagly murty sypalaplar, içiňden Rüsteme, Görogly deňleniňi. Ah, dünýe! Men seni neneň söýmäýin: Buýra saçlarymdan galmady derek. Özüň bolan bolsaň meniň ýerimde Möňňürip-möňňürip aglardyň gerek! Men seni nämüçin söýmäýin, dünýe — Sende öý tutundym, Öwzarly boldum. Enemiň ak süýdün ýere çalmadym, Atamyň ýurduna ygrarly boldum. Ýeri, seni neneň söýmäýin, dünýe: Men bäş gezek garşylap Luw ýylyny, Dadyp altmyş güýzüň naz-nygmatyndan, Ysgapdyryn altmyş ýazyň gülüni. Ýetim goýup, Gidip barýar dost-ýarlar... Hiç kimiňem baky däldigi mälim. Bu ýerde hemme zat düşnükli ahyr: Ah, dünýe! Men seni nädip söýmäýin! Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |