16:49

Ata igenji

ATA IGENJI

Bolup ýörşüñ hiç mañzyma batanok,
Käýýäp ýörmäge-de ysanok bognum.
Saña akylam-a gelerçe boldy,
Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!

Öz diýeniñ tutup ýörsüñ elmydam,
Päkmikäñ öýdýärsiñ hemmeden beter.
Ýaşlygyñdan şeýdip ýörseñ girrelip,
Düşewüntli iş başyny kim tutar?

Menem ýaş bolupdym. Ýöne başlygym
Un diýse un çekdim, gum diýse-de gum.
Sen nireden boýnyýogyn doguldyñ,
Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!

"Onuñ tutýan ýoly, päli nädogry,
Ol özünden başga bardyr öýdenok!"
Muny diýmek señ paýyña düşüpmi?
Näme üçin başga biri aýdanok?

Saña başda edep-ekram öwredip,
Sypaýy terbiýe bermekçi boldum.
Saña diýdilermi - ýerine ýetir,
Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!

"Ol adam itdenem beter ýaranjañz,
Duşsa uly kärlä guýruk bulaýa".
Ýeri, seniñ näme işiñ diýsene,
Señ özüñ ýaranjañ bolmasañ bolýa.

Işiñ bilen bol-da, dogruja ýaşa,
Senden tamakin däl köp zady göwnüm.
Işiñ şowuna bor, horluk çekmersiñ,
Hemme kişi ýaly bolaýsañ, oglum!

Siz ýaşlar ýa barypýatan iş ýakmaz,
Ýa ýürekde päklik ýokundyñyz kän.
...Wah, ýene öýkeläp gitdi peläket,
Diýmesiz sözleri diýäýdimmikäm?

Gurbannazar EZIZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 358 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Saňa duşmazdan ozal / Goşgular - 27.01.2023
Abdalyň oýy / Goşgular - 10.01.2023
Dost / Goşgular - 23.01.2023
Üzärlik / Goşgular - 06.01.2023
Февраль / Goşgular - 31.01.2023
«Не ревновать и не клясть…» / Goşgular - 21.01.2023
"Ýanwarda - gardan soñ durlanan asman..." / Goşgular - 12.02.2023
Зеркало / Goşgular - 10.02.2023
«Мы преклонились у завета…» / Goşgular - 18.01.2023
Встреча / Goşgular - 12.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
1
1 Adalat19  
3
Kunfu Panda multfilimdan:

Şifu:
—Men bu agajyň miwesiniň gaçmagyny isledim we miwe gaçdy. Miwäň şänigini islän ýerime ekjek, buny men çözýän.

Pyşdyl:
—Ýöne sen näçe isleseňde bu şänikden erik agajy ösüp çykar. Hawa sen alma agajyny ösdürmek isleýänsiň, ýöne barybir erik ýetişer.

P/S: Köpräk multfilm görüň..)))

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]