08:42 Azerbaýjanda geçirilen kitap ýarmarkasy | |
AZERBAÝJANDA GEÇIRILEN KITAP ÝARMARKASY
Düýn Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Baku EXPO Merkezinde geçirilen IX halkara kitap ýarmarkasyna TÜRKSOY guramasy hem täze neşirleri bilen gatnaşdy. Ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirilen we şu ýyl Azerbaýjanyň milli lideri Haýdar Alyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan bu kitap ýarmarkasynyň açylyşyna Azerbaýjanyň Medeniýet ministri Adil Kerimli, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Ord. Prof. Habsa Habibbeýli, Ombudsmen Sebine Aliýewa, mejlis agzalary Nizami Çeferow, Azerbaýjan Ýazyjylar birleşiginiň wise-prezidenti Reşad Mekid, ylym we medeniýet ulgamynyñ wekilleri, şeýle hem kitapsöýüjileriñ giñ köpçüligi gatnaşdy. 11-den gowrak ýurdy, 30 halkara guramasyny we 110 ýerli neşirýaty öz içine alýan sergä gatnaşan TÜRKSOY-yñ ýörite stendinde täze neşir edilen kitaplaryň, žurnallaryň we beýleki neşirleriň sergileri bar. Kitap ýarmarkasynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Adil Kerimli, şu ýylky ýarmarkanyň Azerbaýjanyň merhum prezidenti Haýdar Alyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanandygyny aýtdy we milli Lider Alyýewiň kitaplara, ösüşe hemişe uly ähmiýet berendigini aýtdy. Kitap pudagy we okamak medeniýetiniň ýaýramagy Medeniýet ministrligi we Azerbaýjanyň milli kitaphanasy bilen hyzmatdaşlykda Ermeni basyp alyşyndan azat edilen ýerleriň janlandyrylmagynyň çäklerinde kitap gaznasyñ artdyrylmagy, "Kitaplar bilen Garabaga gideliň" ýaly taslamalaryň möhüm goşant goşýandygyny Kerimli belläp geçdi. Taýýarlan: Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |