23:55 Birine gysgajyk häsiýetnama | |
BIRINE GYSGAJYK HÄSIÝETNAMA
Bile bir obada önüp-ösmedik, Okamadyk on ýyllap bir mekdepde. Aşgabatda, uniwersitetde sataşdyk, Soň ýolumyz aýra düşdi messepde. Il bähbidi däldi onuň gaýgysy, Kürsi diýip inkär etdi Hudaýy. Päli onuň öňe düşdi nebisden, Ýol ýörese göz görmedi gedaýy. Köp oturdy özi bilen ikiçäk, Ýazardy goşgy-da, drama, powest. Çykdy kitaby-da yzly-yzyna, Tagam-tagsyry nist, derejesi nist. Ine, birden döwür-döwran üýtgedi, Döwür bilen üýtgäp gitdi gahryman. Ýaranjaňlyk bilen şaýlanyp gitdi, “Şan-şöhrata” tarap bakdy mähriban. Imdi ol öz obamyzyň ymamy, Hem dilinden düşürmeýär Hudaýy. Ýaranjaňlyk aýrylmaýar kalbyndan, Ýol ýörese göz görmeýär gedaýy... 03.03.2023. | |
|
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |