17:55 Çuñluk | |
ÇUŇLUK Süýji suwly takyrlaryň çetinde, Kän guýy gazypdy guýy ussasy. Syn ederdik örümleriň setirne, Dik gazylşy ezberligiň nusgasy. Köpügören gojalaryň öwdügi — Kändi onuň ýetişdiren şägirdi. Emaý bilen düşürende çöwlügi, Köp kişileň nazarlary sägindi. Ýer astyndan çykaryp kän topragy, Gazyp, gazyp gidip barýar çuňluga. Ussaň agyr işde ýeňil gopmagy, Çalym edýär duşan ýaly humluga. Paýhas çuňlugyna telwas edýän dek, Gidip barýar Zemin çuňlugna sary. Ýetmese-de suwuň akymna entek, Kuwwat berýär urpak çägäň yzgary. Düşünýär ol, şol çuňluga çümmese, Tapylmajagyny suwly akymyň. ...Çuňluklary syrdan doly dünýäde, Her bir işde çuňluklara gatylyň! Akmyrat REJEBOW. | |
|
√ П. И. Вейнбергу / Goşgular - 08.01.2023 |
√ На смерть Якубовича / Goşgular - 25.01.2023 |
√ Снег / Goşgular - 14.01.2023 |
√ В горах / Goşgular - 12.02.2023 |
√ Гимн Атону / Goşgular - 24.01.2023 |
√ Lukmanym sähra / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «Седым и низким облаком дол повит…» / Goşgular - 08.02.2023 |
√ Бунтовщик / Goşgular - 25.01.2023 |
√ «Нет, правды не оспаривай…» / Goşgular - 08.02.2023 |
√ «Я сходил в стремнины горные…» / Goşgular - 07.02.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |