23:39 Dag oýlanmasy | |
DAG OÝLANMASY
Janyma aram tapmadym, Halymy soran tapmadym. Gijeler ýatmazdan burun Çagalygymy ýatladym. Ýelligaýany ýatladym, Çynar – saýamy ýatladym. Hem uzak gije ýatmadym, Hüwdüleri gulagymda. Janly-jandar – bary mährem, Ot-çöpleri derde melhem. Joşjak bolsaň joş sen ylham, Joşgun bolsa ýüregiňde. Dag ogly men, aslym dagdan, Janym-tenim – neslim dagdan. Dag degresindäki tagdan Ýanmaz ussaň körüginde. Arçalary ne enaýy, Arçalarnyň bolmaz taýy. Görüpdir ol niçe gaýy, Şonda-da dur öz ornunda. Dagym, dagym, eziz dagym, Geldim saňa gamly çagym. Diýdiň: "Eşitmäýin agyň!“ Tebip bolduň ýeldirgäne. Adamlary ýalandan däl, Ýalandan däl, ýanandan däl. Ýagşylary ýamandan kän, Taplady sal-küreginde. Aşyp menzilden-menzile, Eşitmersiňiz zenzele. Sen perzent, ol mährem ene, Rahatlygyň goragynda. Hoşroý ysy çeşme-çaýyň, Deresinde gülden paýyň. Jeren dur. Gezeme ýaýyň, Geldim men şoň soragynda. Oglany men altmyş ýaşyň, Çalarypdyr gara başym. Atam-enem, sen gardaşym, Ele durmuş eleginde. 31.07.2007 | |
|
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |