02:52 Dilber | |
DILBER
Eý, sulhum alany göwne ýaramlym, Owal derde galdym, sen duýman dilber. Takat elden gitdi, ýürek aramlym, Görsem diýip, bagrym başy gan dilber. Seretmäýin diýýän, bakýan barybir, Gözlemäýin diýýän, görýän barybir, Diýmäweri maňa, «Köp berýäň azar», Rehmiň insin, aşygyňa jan dilber. Günde görsem, hem guwansam görküňe, Pikir etme, aşyk däl men her kime, Hakym ýokdur, güýjüm ýetmez erkime, Sadyk guluň, ber permany han dilber. Döşüň ýumrularyna gözlerim oýnar, Gözleriňe baksam, ýüregim gaýnar, Haçan, ak gollaryň boýnumy boýlar, Özüň bilip, heý, bermezmiň ýan dilber. Aşyklar kän, özleriçe söýýän bar, Ýar derdiňe il duýmazdan köýýän bar, Bagt bilgin, ýürek syryny diýýän bar, Ine, saňa menden bir nyşan dilber. Nobatly dünýädir, bizden hem geçer, Gaýratyň, höwesiň, hem görküň gaçar, Zerre-zerre lezzet duýgyň kim açar? Menden gelsin, şöhrat saňa şan dilber. Hiç utanma taňry şeýle ýaradan, Erkek-aýal, saýlap akdan, garadan. Eçil mähriň, haýa gitsin aradan, Al, mährimi ine-gana gan dilber. Illi sözlär, armanym sen zarym sen, Şu ömrümde göwün söýen ýarym sen. Nä göwnüm bar, hyýal edýän barym sen, Jahyllykda seniň bilen san dilber. | |
|
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |