00:27 Maňa magşuk bolmazmyň | |
MAŇA MAGŞUK BOLMAZMYŇ
Sekunt sypman ýatlap ýörün dildarym, Saý-sebäpden heý bir ýada salmazmyň? Çemen bogsam, ýygyp-ýygnap gül baryn, Yhlasymy duýup, dada gelmezmiň? Gözlem seni gözlär, özgä seretmez, E1 çekerme erkim eýemsiretmez, Başga ugra aýaklarym ýöretmez, Boşdur göwräm, öwezini dolmazmyň? Syratyňy synlap, dogumyň gördüm, Ýöräňde bedeniň çogumyn gördüm, Dil-lebde şirinlik tagamyn gördüm, Bir sözüm bar, kabul edip almazmyň? Ahmyrym uly bor, bilmesem gowşup, Gözüme zat ilmez, bu zemin gapşyp, Yşkyň harasatyn deň şärik sowşup, Takga janym aman alyp galmazmyň? Saklan, söz diýmekden merkimi berip, Ilmämmet gönensin, görküňi görüp, Saňa mahsus ugur tapsam eýgerip, Makul bilip, maňa magşuk bolmazmyň? | |
|
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |