18:30

Diri ýaşasym gelýär

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 637 | Добавил: Jeksparro | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 30
0
1 Jeksparro  
405
Hydyr Amangeldiniň şahsy akyl satyp ýazan makalasy şu, okaň!

0
2 Hyýalkeş  
752
Hydyr agañ tas her gürrüñinde diýen ýaly Gurbannazary agzamagy (şahyry gowy görýändigime garamazdan) bimaza edip başlady.

0
3 mango  
651
Musulmançylykda iň erbet görülýän zat, özüňi öldürmek. Ol geçilmeýän üç günäleriň biri.

Bu prinsipe başga tarapdan gowy yşyk tutupdyr Hydyr aga.
Annasoltanyň mysalynda.
Ýa özüňi, ruhuňy “öldürip” köpleriň edişi ýaly ýaşamaga dowam etmeli.
Ýa-da diri ýaşamak üçin özüňe kast etmejek bolmaly, soňy dälihana bolsa-da…
Annasoltan diri ýaşamagy saýlady. Ol özüne kast etmedi.
Allah merhemet etsin. Hakyny iýenlerden hakyny alyp bersin.

0
4 Jeksparro  
405
Şu makalany kondisionerli kabinetde utanman ýazana meňzeýär Hydyr AMANGELDI...

0
5 Sygyrmusdagy  
894
Bu makalany öñem - şol ýyllar okadyk. Birhili täzeçe öwüşgün alan yaly boldy.

0
6 Haweran  
411
Hydyr aganyñ dini duýgularynyñ güýçli kakýanyny öñem bilýärin. Gowy zat. Emma kimdir biriniñ dini duýgusy başga birini biynjalyk etmeli dälmikä diýýärin, eger ol Allanyñ gatynda hakykatdanam takwa biri bolsa....
Annasoltanly gürrüñ bir tarapa, meni makalada geçýän şu jümle biynjalyk etdi:

"...hristianlarda Isa, musulmanlara Muhammet, dinsizlere Marks..."

Hristianlar oña hernäçe üç hudawy ruhyñ biri hökmünde çokunsa-da, Kuranda agzalýan 25 pygamberiñ biri bolan Hezreti Isa (a.s) musulmanlaryñ hem pygamberidir! Hezreti Muhammet (s.a.w) bolsa, musulmanlaryñ pygamberi däl, ol ähli adamzada, ynsanlara, jynlara (ynsa-jynsa) ugradylan iñ soñky pygamberdir!
Ynha, halklaryñ, jemgyýetleriñ arasynda bölünişik salýan pikirler şular ýaly bilip ýa-da bilmezden gurulan jümlelerden çykýar.
Hydyr aga Marksy ilik-düwme okap gördümikä? Ýa-da öz dinini, musulmanlary Marksça tanaýarmyka? Belki, bilýändir, belki bilýän däldir. Kepil geçip biljek däl.
Baryp, 1882-nji ýylda Alžire giden Karl Marks gyzy Laura Lafarga Alžirden ýazan hatynda şeýle diýipdi: "Musulmanlar üçin boýun egmek diýen zat ýokdur."
Musulmanlar şondan bir ýyl öñ Sidi eş-Şeýhiñ liderliginde fransuzlara garşy baş galdyrypdylar. Fransuz kolonial hökümeti hernäçe zorluk-süteme ýüz urup, gan dökse-de, musulmanlar boýun egenokdy...
Marks hatynda "deñsizlik - hakyky musulman üçin iniñi tisgindiriji-ýigrenji zatdyr, emma belent duýgulara rewolýusioner hereket goşulmasa, soñy bibatlykdyr" diýipdir.

Togsanynjy ýyllarda täze režime ýaranjak bolup, Marksy, Engelsi, Lenini garalap bilşine garaladylar, ýaka tutup gargyndylar, zakaznoý makalalary ýazdylar, hudaýsyzlykda aýypladylar, taryhyñ gören iñ beýik şahsyýetlerini täze nesle ýalñyş tanatdylar. Iñ gynandyryjy ýeri bolsa, bularyñ aglabasynyñ onlarça ýyllap şolary wasp edip gelen adamlar bolmagydy. Bu yrgalar olary ýetmiş ýyllap öwýärkälerem, soñ özleri sebäpli jemgyýetde dörän ähli nogsanlyklary olaryñ üstüne atyp gargynýarkalaram Marksy, Engelsi, Lenini hakyky manyda tananokdylaram, bilenokdylaram... Haýp.
Islesegem, islemesegem, biziñ ýetmiş dört ýyllyk taryhymyz şu adamlar bilen baglanyşykly we täze nesil bulary, bularyñ ideologiýalaryny doly we dogry bilmäge, tanamaga borçly.
(Gelejekde Marksyñ, Engelsiñ, Leniniñ we başgalaryñ türkmen dilinde öñ çykan makalalaryny kitapçy saýtynyñ okyjylaryna ýetirjekdigimizi hem şu ýerde aýtmak isleýäris.)

0
11 Jeksparro  
405
@Haweran, ýazan synlaryň üçin sag bol halypa! Şu makalany ýazasymam gelmedi welin seň üçin göçürmeli boldum. Bolmasa dişimi gysyp zordan e-görnüşe geçirip aňyrsyna çykdym...
Kemine şahyr diýýär-ä ''Ýagşa ýagşy diýr men ýamana, ýaman''. Ine Annasoltan Kekilowa aga-ak, gara-gara diýip bilen gönümel zenan. Ol biziň namysymyz-arymyz.
H.Amangeldi düşünjek bolupdyr Annasoltan Kekilowa daga. Sen oňa düşünjegem bolma! Sen intek onuň şol okadym diýýän kitapçasyndaky goşgularyna düşünmänsiň! Düşünen bolsaň bu makalada öleniň yzynda beýle ynjydyjy zatlary ýazmazdyň!

0
7 Revo  
484
Ýazyjy halky duýgur bolýarmyka diýipdim.
Annasoltan Kekilowanyň döredijiligi we ömür ýoly bilen tanyşan her bir ynsan onuň haýsy howadan dem alandygyny kynçylyksyz aňlasa gerek. Şahyryň:

Söýemok men bu jahanda
Ýaraňjaklap gün görmäni.
Ýagşy görýän beýle günden
Öz ajalma jan bermäni.

Niçik bolar şemal ýaly,
Çar tarapa öwsüp dursam?
Ýan bermeli bolar onda,
Garşymda gaý, tupan görsem.

Dönmerin öz pikirimden,
Atsalar-da ýanar oda.
Ömrüm boýy hyzmat etjek
"Ynsan" diýen belent ada!

diýen şygrynyň özem Hydyr aganyň Annasoltanly oýlanmalaryna jogap bolup bilerçe bar. Adalatlylyk duýgusy bilen ýugrulan, azat-erkin saýramany ýeg gören, halal lebizli, gaýduwsyz zenanyň, ýokary synpyň wekilleriniň eden-etdiliklerine, parahorluklaryna, wezipeparazlyklaryna, halkyň öňüne düşüp ýoluny arçamaly adamlaryň ýerine dost-ýardyr tanyş-bilişlerinden ybarat iş oňarmaýan adamlary çekmelerine, kemsidilýän gatlagyň nägileliklerine göz ýumulmagyna, oturyp çydam edip bilmezligi adaty zat. Ýöne, awtor beýle ýagdaýda-da iki tarapyň güýji deň bolmadyk, deňýansyz söweşe baş urmaklyga, öz janyňa meýletin kast etmeklik diýip düşünipdir. Öz janyňa kast etmeklik bolsa, musulmançylykda geçilmeýän günäleriň biri. Eýse, hakykatyň, adalatyň dikelmegi üçin deňýansyz söweşe girmeklik, bu, öz janyňa meýletin kast etmeklik bolýarmyka?! Onda, Yslam fundamentini guýan ilkinji ynsanlaryň ykballary bilen Annasoltanyň ykbalyny deňeşdirip görülse, aralarynda tapawut uly bolardymyka?! Olaram hak ýola uýýanlyklary üçin, hakyň tarapdary bolandyklary üçin, agdyklyk ediji topar tarapyndan ýanalyp, yzarlanyp, Annasoltanyň aklyna gelmejek zulumdyr, sütemleri çekip, köp halatlarynda bolsa janlaryndan el üzmeli bolupdyrlar ahyry. Meň pikirimçe beýle däl. Annasoltana zulum edenleri ýazgarman, Annasoltanyň öz ykballyna özüniň eýe çykmanlygy, aýamanlygy üçin, onuň özüni ýazgarmaklyk dogry däl. Ine, Hydyr aga, halk näme üçin Annasoltany gowy görýär. Okaýar we onuň özüne hem-de döredijiligine sarpa goýýar. Sebäbi, adamlar özleriniň ejizlik edip aýdyp bilmedik zatlaryny dogry durup aýdyp bileni, özleriniň baş goşup bilmedik bilmejek gowgalaryna zenan bolup baş goşany, adalat ugrunda iň soňky demine çenli göreşeni we ýolundan sowulmany, ejizlemäni üçin. Onuň ykbaly barada gyzyklanmalar bolsa, şeýle edermenliklere baş goşmana itergi beren güýjüň nämeden ybaratdygyny bilesi gelýändikleri üçin bolup biler. Ýöne, şu makalada doly açyp görkezilmedik ýene bir hakykat bar. Näme üçin Annasoltanyň döwürdeşleri, ýazyjy-şahyrlar, öz kärdeşiniň tarapynda durmadylar. Oňa kömek goluny uzatmadylar. Ýogsa, ol döwürler türkmen edebiýatynyň Altyn asyry hasaplanýar ahyry. Dürli ugurlardaky edilýän para-pujurlyklar, dürli temalardaky edilýän ýaman işler, adam ahlagyna laýyk gelmeýän edähetler ýazgarylýardy ahyry. Ine, şu temada pikirlenilse, oýlanylsa, dogry boljak. Hakykaty aýtmaýan, hakykat ugrunda göreşmeýän, öz döwrüniň gowgaly meselesine öz sesini goşmaýan ýazyjy-şahyra, hakyky ýazyjy-şahyr ýada halk ýazyjy-şahyry diýip bolarmy?!

0
8 mango  
651
Şer işleriň öňünde ...ýeňilenimizi boýun alan günümiz ... ruhumyz ölýär. Annasoltan Kekilowa ...şuňa düşünendir.
Maňa wezipe-de personal maşynam, haýbatly möhürem, ýalan şöhradam gerek däl diýende, belki ol ruhynyň diriligini ähli zatdan ileri goýandyr? Öz-özüňi öldürmegi red edendir?
Musulmançylykda iň erbet görülýän zat, özüňi öldürmek. Ol geçilmeýän üç günäleriň biri.

dýübinden ters düşünipsiňiz...
Annasoltan özüni, ruhuny öldürmedi, şo sebäplem dälihanada öldürildi.... diýjek bolan ýalyla.
"lepbeýçilik" bilen ruhuny öldürmegi islemändir, ol diri ýaşamak isläpdir, ruhuny öldürmändir, ruhunyň diriligini saýlapdyr..... diýýän ýalyla.
"..ruhynyň diriligini ..ileri goýdy, öz-özüni öldürmegi red etdi" diýýär-a...
---
ýa men ýalňyş düşündimmi?

0
9 Елена_Прекрасная  
462
Hawa, A.Kekilowanyñ öldürilen bolaýmagynyñ ähtimallygy hakyndaky çaklamalary köp eşitdim.

0
10 Jeksparro  
405
@Ýelena Prekrasnaýa, goldaýan A.Kekilowanyň özüni asyp-asmandygy intek çözülmedik welin H.Amangeldi ony özüni asan edip goýupdyr makalada... Iki gepiniň birem ''Musulmançylykda özüňi asmak geçilmeýän günäleriň biri''

0
12 Hydyr  
1025
Sag boluň okanyňyz üçin, bellikleriňiz üçin. Men makalada Annasoltan özüni öldüripdir ýa-da janyna kast edipdir diýip ýazmadym. Beýle pikirimem ýok. Akyl satmak diýilýän zadam, öz pikirini aýdan islendik adama ýöňkäp bolýar. Şol döwrüň şahyrlaryny dymandyklary üçin aýplaýarsyňyz, siz ýazyjylaryň ýa-da şahyralarynyň dymman arka duran ýerini maňa aýdyň. Men munuň näme üçin şeýledigini bilemok, ýöne hemişe şeýle. Haýýarlyk, ýasama batyrlyk görkezmek aňsat, ýöne Magtymguly Galyňky ýaly Sahy bagşyň arkasynda durup, "türkmeniň bilbili kapasadaka..." diýip, dutaryny birinji sekretaryň kabinetinde goýup gitjek bolan ýazyjyny, şahyry görmedim. Özümem şony edip bilmedikleriň biri. Şonuň üçin hiç kimi "dymdy" diýip günäkärlemäge hukugymam ýok. Hawa, Gurbannazaryň adyny köp tutýanymy bilýän, köp gezek ýazan ýerlerimi pozdumam, ýene-de azaldaryn. Marksly, Leninli gürrüň - gany gyzgynlykdanmy ýa-da olary has gowy bilýäniňi bildirmek üçinmi meň aýdanlaryma dogry düşünmänsiňiz. Gürrüňi kesä çekip, gum sowursaň, gumdur-da sowurarsyň netijesi bolmaz. Gep uzaldyp, näme diýjek bolanymy gaýtalasym gelenok. Ýene bir gezek size sag bolsun aýdasym gelýär. Düşnüksiz ýazýanymy bilýän, nädeýin, başaryp bilişim. Siziň ýalňyş düşünen ýerleriňize-de özümiň düşnüksiz ýazýandygymyň sebäpkärdigini bilýän. Muny maňa köp aýtdylar, aýdaýalaram. Siziň gaharyňyzy getirenim ýa-da şoňa meňzeş ýakymsyz duýgularyňyzy oýaranym, birahat edenim üçin ötünç soraýan. Alla bizi azaşdyrmasyn.

0
13 mango  
651
Hydyr aga hoş geldiňiz. saýtyňyzda siz bilen söhbete girmek mümkinçiligi barka.... bärde arkaňyzdan.... (yzyny näme diýjegimi bilemok)...
diýmek isläniňizi gidiň özüne aýdyň, saýtynda soraga jogap berýänligiňizi maslahat berip ýazasym geldi.... çekinip saklandym.
size duýduryp jogap bermegiňizi islejegem boldum, ýene saklandym.... şer gözläp ýören ýaly bolmaýyn diýip...
ine-de gowusy boldy. özüňiz seslenmeleri okadyňyz, jogabynam berdiňiz....
size bu ýerik hoş geldiňiz diýjegimem bilemok, diýmejegimem....
ýöne nämede bolsa hoş geldiňiz....
janyňyzy aýaň.
saglyk dileýän.

0
14 Haweran  
411
Hydyr aga, Salawmaleýkim, ilki bilen-ä "Hoş geldiñiz!" diýesim gelýär. Dogrymy aýtsam-a, üns berseñiz, Annasoltanly gürrüñe goşulmandymam, bu babatda sizi aýyplaýanlaryñam, goldaýanlaryñ pikirine-de ugurdaş gopup biljek pikirimiñ ýokdugyny bilmegiñizi isleýärin. Ol öz janyna kast edipdirmi-etmändir, dogrusyny Alla bilýär. Hiç kim ol naçaryñ gününe düşmek betbagtçylygyny ýaşamasyn, ylaýym.
Gürrüñimi umumy dilde beýan etdim, gönümel size gönükdirilen pikirimiñ ýokdugyny sözme-söz, harpma-harp delillendirip hem bilerdim, emma teswir gereginden artyk uzajak.
Dogrusy, sizden has giñiräk düşündirişe garaşypdym. Döredijilik adamlarynyñ köpüsine mahsus bolan öýkelegräk we ynjygrak häsiýetler Sizde-de bar oguşýan, göryän welin...
Kimdir biriniñ Gurbannazary köp agzaýañ diýeni bilen öñ ýazyp okyja hödürlän zatlaryñy üýtgetjek bolup ýörme, agam. Utanar ýaly zat ýazañzok.
Marksly gürrüñde hem hiç kimden hiç zady artyk bilýändigimizi mazamlajak bolmadym. Hemme zady hemme biler. Diñe döwrümiziñ intelligensiýasynyñ öñem, häzirem yrgadygyny, ýel haýsy tarapa öwüsse şo tarapa eglip durandygyny ýañzytmak isledim. Muny bizden gowy Siziñ özüñiz gowy bilýänsiñiz.
Annasoltanly gürrüñe dolanyp geler bolsak, özüm-ä hiç haçanam ondan režime garşy baş galdyran beýik göreşiji ýasajak bolmalaryna ynanamok. Wakalara şol döwri bilmeýän, görmedik soñky nesil tarapyndan yñdarmalyk bilen garaýarlar. Dogrudanam, siziñ aýdyşyñyz ýaly ýasama haýýarlyk edýärler. Siziñ makalañyzyñ hem gaýtadan şu ýerde berilmegine Akmyrat Gürgenliniñ "Annasoltan Kekilowa hakda" makalasynyñ 7-nji çykgydynda:

"...şеýle-de ''Ýаş kоmmunist'' gаzetiniñ 1991-nji ýуlyñ 20-nji iýunуndaky sаnynda Нydyr Аmangeldiýew ''Diri ýаşasym gеlýär'' diýеn mаkalalary çap еdildi. Н.Аmangeldiýew bihаýalyk bilеn Аnnasoltan Кekilowanyñ hаmana öz jаnyna kаst edеndigini, munuñ musulmаnçylykda uly günädigini ýаzdy."
http:// kitapcy.com/news/ annasoltan_kekilowa_hakda/ 2021-01-07-13165

- diýen jümlesi sebäp bolupdy. Okyjylar hemmetaraplaýyn erkin pikir alyşsynlar diýen pikir bilen makalany paýlaşan agzadan Siziñ makalañyzy hem paýlaşmagy haýyş edipdim. Bolany.
Adatça oppozision pozisiýada durýan ýazyjy-şahyrlarymyzyñ aglabasy gozgaýan islendik meselesine köplenç näbeletlik bilen ýazýarlar. Muña mysal edip, ýokarda ady geçen awtoryñ "Ferdöwsiniñ "Şanamasy" türkler hakynda näme diýýär?"
http:// kitapcy.com/news/ ferdowsinin_sanamasy_turkler_hakynda_name_diyyar/ 2020-12-14-12863 -
makalasy we oña garşylyklaýyn goýlan we onuñ orta atýan milletçilikli pikirlerini püçege çykarýan Mehmet Mazlum Çeligiñ "Eýranyñ milli ruhuny bina eden Ferdöwsi türk duşmanymy?"
http:// kitapcy.com/news/ eyranyn_milli_sahyry_ferdowsi_turk_dusmanymy/ 2021-12-03-18525 -
makalasyny görkezip bileris.
Annasoltanly gürrüñde meselä düýpden seredip başarsak, köp zady aýdyñlaşdyryp bolsa gerek. Şu ýerde uzynragam bolsa, Tirkiş (Jumageldiýew) aganyñ makalasyndan alnan bölek muny çöp döwen ýaly edermikä diýýärin:

0
15 Haweran  
411
"Biziň uly arzuwymyz ýazyjylar soýuzyna agza bolmakdy. Jemgyýetiň seni ýazyjy diýip tanamagy üçin iň degerli tutaryk soýuza agza bolmakdyr öýderdik. Saňa gowşurylýan gyzyl bilediň ýüzüne uly harplar bilen “Soýuz pisateleý SSSR” (“SSSR Ýazyjylar soýuzy”) diýlip ýazylandy. Ol pasportdan hem ileridi, isleglidi. Onuň bilen serhet ýakasyna-da baryp bolýardy, samolýota-da münüp bolýardy.
Ilki seniň ýazyjylyk bilediňe, soňam ýüzüňe ýakymly garardylar. Bu alamata monça bolardyk, gabarylardyk, gomparardyk.
Ýazyjylar soýuzy biziň arkadagymyzdy. Kitabyň neşir edilmegini, maşgalaňa anjaýyn jaý berilmegini, döredijilik öýlerine, sanatorilere mugt ýa-da arzan putýowka berilmegini talap etmäge haklydyk. Soýuza bölünip berilýän ýeňil maşynlary satyn almak umumy nobata durandan aňsatdy, çaltdy. Pul kömegi-de berilýärdi. Aprel aýyndan başlap, tä gyşa çenli soýuzyň Pöwrize jülgesindäki salkyn, sapaly daçasyndan özbaşyňa otag hem alyp bolýardy.
Maşgalaňa berkidilen doktorlar bardy, olara haky soýuz töleýärdi. Ýokary wezipedäki emeldarlaryň gapysy ýazyjy üçin hemişe açykdy. Heý-de, beýle eşretden soň ideýa taýdan yrga eser ýazyp bolarmy?!
Soýuzlar ýazyjylaryň ýaşaýyş taýdan üpjünçiligini ýola goýmak üçin döredilipdi diýilýän gepiň, belli bir derejede jany ýok däldi. Eger soýuz bolmasa, ýokarda sanalan hyzmaty nireden aljak?!
Sowet ideologiýasyna çapraz gelýän eser ýazmak üçin dünýägaraýyşyň giňligi gerek ekeni, söz azatlygy diýilýän gymmatlygyň ýazyjy üçin zerurlygyna, onsuz dogruçyl eserler ýazyp bolmajagyna göz ýetirmeli ekeni. Biz beýle zerurlygy duýmaýardyk.
Goý, söz azatlygy, adam mertebesiniň belentligi üçin kapitalizmiň zulmunda ýaşaýan bagtygara adamlar göreşsinler diýýärdik.
Biziň arkadagymyz ýazyjylar soýuzy, onuň hözirini görüp, uzak ýaşamak bize nesip etsin diýýärdik.
Soýuzymdan aýlanaýyn! Bu ýerde biz bir maşgala. Häli-şindi birek-birek bilen duşuşyp, didarlaşyp durýarys, dabaraly ýygnaklar, ýubileýler, duşuşyklar geçirýäris, baýraklar, hormatly atlar alýarys. Partiýanyň öňde goýýan möhüm wezipelerini halka mazalyja düşündirmek üçin topar tutup ýerlere, öz gahrymanlarymyzyň arasyna gidýäris, munuň üçin bize birgiden pul töleýärler! Döredijilik komandirowkasy diýip gitseň, gije-gündiziňe iki esse köp tölärdiler. Galamdaşlarymyzyň golýazmalaryny ara alyp maslahatlaşýarys, olary redaksiýalara, neşirýatlara hödürleýäris.
Hezillik! Bu hezillikden daşda galanlar kemsinýärdiler. Biziň ýazýan eserlerimiz ýazyjy diýilýänleriňkiden artyk bolmasa kem däl, näme üçin biz gyrada galmaly diýýärdiler.
Çynymyzy aýtsak, Paýzy Orazowyň, Annasoltan Kekilowanyň dawasy şu meseleden başlanypdy. Men ol döwre belet, janly şaýat. Meni soýuza aldyranok diýip, Paýzy Orazowyň başlyk Beki Seýtäkow bilen darkaş gurap ýörenini bilýärin. Beki Seýtäkowyň kabinetine baryp, seni ol gözüňdenem dyndararyn diýip topulanyny Paýzy häli-şindi buýsanç bilen aýdyp bererdi. Beki Seýtäkowyň garşydaşlary ony has-da gižželeýärdiler.
Beki Seýtäkow wezipesine görä hökümet adamydy, ýokary sowete deputatdy, özüniň belent mertebesine kast edýän adama çäre görmegi talap edýärdi. Paýza bozgak hökmünde garap başlapdylar.

0
16 Haweran  
411
Annasoltan Kekilowanyň dawasy soýuzyň başlygy Berdi Kerbabaýew bilen başlanypdy.
“Berdi aganyň razylyk bermeýändigi üçin men soýuza agzalyga alynmaýaryn” diýip, açyk aýdýardy, arz edýärdi. Şol wagt olaryň töwereginde bolýan gep-gürrüň olaryň eserleriniň sebäbine döremändi. Olaryň eserlerinde sowet ideologiýasyna ýa-da sowet sistemasyna garşy zyýanly diýer ýaly pikir aýdylmaýardy. Olara dissident diýip boljak däldi. Eger başda olar hem soýuzyň agzalygyna dawasyz alnaýan bolsadylar, meniň pikirimçe, galmagal ýatmalydy.
Paýzyňam, Annasoltanyňam eserleri agzalyga alynýanlaryňkydan pes däldi, köpüsiniňkiden ýokarydy. Şonuň üçin hem olar kemsinipdiler, emeldarlar bilen dawa ýüz urupdylar. Tertibi bozýanlar hökmünde jeza çärelerine sezewar edilipdiler. Özleri babatdaky adalatsyzlyk soňra olarda jemgyýetçilik protestiniň döremegine getiripdi.
Sowet häkimiýeti, onuň emeldarlary protestden öler ýaly gorkýardylar. Protestçiler bada-bat jemgyýetden çetleşdirilýärdi. Paýzy-da, Annasoltan-da şu gazaba duçar edilenlerdi.
Ýazyjylar soýuzyndaky, onuň gazet-žurnallaryndaky wezipeli orunlardan başga-da, oňa degişli Edebiýat fondunyň emlägi birgiden adamyň işdäsini açýardy.
Bäş ýyldan geçirilýän gurultaý golaýlaşdygyça ýazyjylaryň arasynda hyşy-wyşy gürrüňler artýardy. Munuň bir sebäbi-de soýuzyň ýolbaşçylary gurultaýda ýapyk ses berilşik arkaly saýlanýardy. Ýazyjylar guramasynyň ýönekeý agzalarynyň elinden gelýän zat barmydy diýen sowala “ýokdy” diýip jogap bermek bolmaz. Olaryň ygtyýary juda çäkli-de bolsa, gizlin ses berilşige gezek gelende olar ekezlenýärdiler, başlyklyga hödürlenjek adamyň ykbalyna öz sesiniň täsir edip biljekdigine buýsanç döreýärdi.
Ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolmaly adamy partiýanyň merkezi komiteti hödürleýärdi. Merkezi komitet ony gös-göni öz adyndan hödürlänokdy, mekir syýasata ýüz urýardy. Ýazyjylar soýuzy jemgyýetçilik guramasy, başlyk bolmaga ynam bildirilýän adamy, goý, onuň agzalary hödürlesin. Bu ýerde agza diýlende öňi bilen partiýanyň agzalygynda duran ýazyjylar göz öňünde tutulýardy. Olar soýuzyň agzalarynyň üçden iki bölegini tutýardylar. Kommunistleriň köplügine garamazdan, “gudratyň” ýüz berýän mahaly-da bolýardy, juda seýrek hem bolsa, bolýardy."
http://kitapcy.com/news/arkadagym_soyuzym/2021-01-11-13214

Hydyr aga, dogry düşünensiñiz diýip umyt edýäris. Ýazan we ýazýan eserleriñizi biziñ saýtymyzda hem paýlaşyp, okyjylaryñyzy begendirip dursañyz, köp hoşal bolardyk.
Hormatlamak bilen.

0
17 Елена_Прекрасная  
462
Berdi Kerbabayew näme ücin Annasoltan Kekilowany yazyjylar soyuzyna kabul etmändir?? SEBABI näme üçin???

0
18 Hydyr  
1025
Tirkiş aga dogry, düşnükli ýazypdyr. Hakykatdanam her kim "çlen" bolmagy dereje bilýärdi. Ýöne Annasoltan öz ajalyna ýogalýar. Elbetde, oňa edilen däri-dermanlar saglygyna täsir edendir, emma hiç kim ony asmandyram, bogmandyram. Günde-günaşa sanjym edilýän aýaly öldüresiň gelse, muny sepi bilinmez ýaly etmek kyn däldi. Dälihanada-da "buýnyý", töweregine azar bolup, goh-galmagal edip ýörmändir. Gyra çekilip, özbaşyna, kän adamlar bilen goşulyp-garyşman ýaşapdyr. Muny maňa Gökdepäň dälihanasynda bagban bolup işlän ýaşuly gürrüň berdi. Ony wraçlaram erbet görmändir. Edilen dermanlar, megerem ony "ýuwaşadypdyr". Göwnüme, çykaryp goýberen bolsalaram, ol zada goşulman ýaşardy. Annasoltana Woznesenskiý, Ahmadulina, Ýewtuşenko dagylaryň güýçli täsir eden bolmagam mümkin.

0
19 Revo  
484
"Näsaglap gutulan Şeker A. şeýle gürrüñ berýär: "Men Annasoltan bilen bir aýyrak bile boldum... Ol görgülini garawullap saklaýardylar. Käte oña ukol edýärdiler. Bir gezek ukol edenlerinde iki ýana ylgady. Şu günki ýaly ýadymda. Keselhanada goşgy ýazardy. Onuñ ýazan goşgularyny käte doktorlar ýyrtyp goýberýärdiler. Men 1973-nji ýylyñ fewralynda keselhanadan çykdym. 1979-njy ýylda medinsitutda okaýan gyzymyñ öli adamy görüp akly üýtgedi. Biz ony şol ýere ýerleşdirmeli bolduk. Şonda men tötänden Annasoltany gördüm. Onuñ saçy çalarypdyr, garrapdyr"."

Hydyr aga, Mämmetgurban Mämmetgurbanow "Dyza çöküp ýalbarmaryn" makalasynda Annasoltana lukmanlaryň başgaça garranlygy bellenýär. Käbir okan başga maglumatlarymda bolsa, Annasoltan bilen dällihananyň personallaryna we hassalaryna gürleşmeklik gadagan edilendigi ýa-da Annasoltanyň aýdan sözüni yzynda gaýtalap (akyl, aň binýady sarsdyrmak üçin) ýörülendigi ýaly ýagdaýlaryň hem bolanlygy görkezilýär. Elbetde, sistema duşmany edilip, öýünde, ojakda bal ataryp oturka, ýedi erkek kişi bolup, gygyrdyp, maşyna dykylyp, dälihana ýerleşdirilenden adama (sag, sagdyn adama) başgaça garamaklyklary mümkinem däldir.

0
20 Елена_Прекрасная  
462
Name üçin Annasoltan Kekilowa yazyjylar soyuzyna alynmandyr? Sebabi name yene bir gezek sorayan?

0
22 Revo  
484
Haýsy hem bolsa bir işe alynmazlygyň sebäbi, şol işi oňarmaýanlygyňyz ýa-da şol işiň sistemasyna (ugruna, ýöredýän ideologiýasyny) boýun bolmaýanlygyňyzdandyr,Ýelene hanym. Annasoltanyň welin öz işini oňaranlygyny diňe biz däl, Ata Atajan, Italmaz Nury, Gurbannazar Eziz we Kerim Gurbannepes ýaly, öz döwürdeş kärdeşlerem tassyklapdyr hem-de döredijiligine uly baha berip, ýyly seslenipdirler.

0
24 Елена_Прекрасная  
462
Öz işini oñarýan bolsa onda näme ùçin Annasoltan Kekilowa işe alynmandyr soyuza? Yagny agzalyga alynmandyr?

0
25 Елена_Прекрасная  
462
Öz aydyan zadyña özuñ garşy gidyäñ. Işi oñaryany alyan bolsalar, onda Annasoltan Kekilowany hem alardylar-a şeyle dälmi?

0
26 Елена_Прекрасная  
462
Ýada ideologiyany bahanalap, öz şahsy duşmançylygyny ederler, şeyle dälmi?

0
27 Revo  
484
O-da bir hasap. G. Ezizowam şeýle hasaplaryň biriniň pidasy bolan bolmagy ähtimal. Bolmasa, G. Ezizowyň ölümi, soňky minutlary, jenaýatkäriniň düşündirişi (priznaniýe) we oň düşündirişine döwürdeşleriniň garaýyşlary hakda doly maglumatlary we dürli pikirleri alardyk.

0
29 Елена_Прекрасная  
462
Munuñ özi işi oñarýan adamyñam işe alynmaýanlygynyñ meselemi bolup çykýar

0
30 Елена_Прекрасная  
462
Ýöne näme üçin?? Ine ullakan sorag. Haysy sebabe görä молодая и красивая женщина удостоилась такой учести??

0
21 Елена_Прекрасная  
462
Sag halyna dalihana yerleşdirilmegiñ eyyäm bogmakdan asmakdan agyrdygyny bilmeyärsiñmi? Ony 12 yyllap öldüripdirler, diyen jümle örän ayylganç. Yone bu Annasoltan Kekilowanyñ hic hacan unudylmajkdygyny, onuñ hakynyñ entek dikeljekdigini añladyar

0
23 Myhman0430  
778
Soýuza çlen etmändikleri ũçin däldirlaý.

O ol ýere agza bolmagyñ müñ bir ýolunyñ birini tapardy. Iñ bolmanda agalarynyñ kömegi degerdi. Belki şolaryñ bir jañyna düzelýändir. Tirkiş agañ özi aýtmyşlaýyn o wagtyñ meşhur ýazyjylary köp ýere ýüz tutup bilýän eken dämi?

Agza etmezlikleri bolaýsa sebäpleriñ iñ kiçileriniñ biridir.

0
28 Bagabat  
43
“Iň kyn zat – garaňky otagda gara pişigi tutmak, hasam ol şo otagda ýok bolsa”.

“Самое трудное – это поймать кошку в темной комнате, особенно тогда, когда ее там нет”.

Konfusiýniň adyna ýöňkelýän aforizm.

Amerikan esseçisi Klifton Feýdimanyň “Men ynanýan”(1939) atly kitabynda ylahyýetçi bilen pelsepeçiň söhbeti getirilýär:
“-Pelsepeçi, garaňky otagda ýok gara pişigi gözleýän kör pisintdir.
-Ylahyýet bolsa şol pişigi tapýar”.

В книге американского эссеиста Клифтона Фейдимана «Я верю» (1939) приведен диалог богослова с философом:
«– Философ подобен слепцу, который ищет в темной комнате черную кошку, которой там нет.
– А теология эту кошку находит».

“Diňe hiç zada ynamly bolup bilmejegiňe ynamly bolmak mümkindir”.

Uly Pliniý

“Можно быть уверенным лишь в том, что ни в чем нельзя быть уверенным”.

Плиний Старший

Одно из самых обычных заблуждений состоит в том, чтобы считать людей добрыми, злыми, глупыми, умными. Человек течет, и в нем есть все возможности: был глуп, стал умен, был зол, стал добр, и наоборот. В этом величие человека. И от этого нельзя судить человека. Какого? Ты осудил, а он уже другой. Нельзя и сказать: не люблю. Ты сказал, а оно другое..

Лев Николаевич Толстой

Истина — это лишь заблуждение, которое просуществовало столетия. А заблуждение – это истина, просуществовавшая лишь минуту.
Карл Людвиг Бёрне

Ни в чем не ошибаться — это свойство богов.
Демосфен

Падает тот, кто бежит. Тот, кто ползет, тот не падает.
Плиний Старший

Закройте дверь перед всеми ошибками, и истина не сможет войти.
Рабиндранат Тагор

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]