18:03 Diýarym | |
DIÝARYM
Köñle gussa çöküp, dert bassa bir gün, Arka diräp sygynanym, islänim. Neresse çaga dek barýan ýanyña, Beýniñ bekän ýeri, Türkmenistanym. Mährem ene ýaly ýarym sözümden, Sen maña düşünýäñ, sen maña belet. Dost söýgüsi bilen söýüldim ýördüm, Düzleriñ owadan, daglaryñ belent! Çölüñ dünýäsinde gül açan baglyk - Mähre ornap, göwün öýüme ýetendir. Gadymy döwürden galan aryklar Rowaýata meñzäp, akyp ýatandyr. Gaýratly pälwan dek güýç berýäñ maña, Bitmejek iş, ýetilmejek menzil ýok. Uly ýagşylyga meñzeş diýarym, Seniñ bilen bize bagtsyz günler ýok. Anatoliý GRAÇEW. Türkmen diline geçiren: Baýram JÜTDIÝEW. | |
|
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |