00:18 Diýmäň asla: "Ýanypdyr bu neresse..." | |
"DIÝMÄÑ ASLA: "ÝANYPDYR BU NERESSE..."
Diýmäň asla: "Ýalňyzlygňy ýeňmeli...", Aýby ýog-a ýeke-ýalňyz gezmäňem! Ýaralarym päk söýgüniň tegmili, Gynanç bilen duýgularmy ezmäňem! Diýmäň asla: "Ýanypdyr bu neresse...", Ýazgarsaňyz, ýazgaryň men biweji! Bir ummanyň jümmüşinde ýer etseň, Duýup bilmez akwarýumyň leňňeji. Köp iýilen zatdan doýsa-da mäde, Tagam duýulanok göreniň bilen. Bir tarap çyn bilen söýse-de, käte, Söýdürip bilmersiň söýeniň bilen. Mekgä yssy gerek, şala-da çyglyk Maňa bolsa "Ýeke-tägiň" söýgüsi. Gelsin şonuň bilen kalbyma giňlik, Gelsin şonuň bilen dünýäň gaýgysy. | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |